Hünär jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş
Hünär jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş şahsy ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilen zelel onuň obýekti bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň polisini satyn alsaňyz, size işlemek ýeňil düşer hem-de ertirki güne ynamly bolarsyňyz.
HasaplaňBiz nämeden ätiýaçlandyrýarys?
Hünär işiniň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine zyýan ýetirilmeginden.
Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?
Haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (derňew, kazyýet, polisiýa ýa-da başga edaralara) habar bermeli
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar
-
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli
Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?
-
ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis)
-
ätiýaçlandyryş halaty hakynda arzany
-
ätiýaçlandyryş halatynyň bolmagynyň sebäbi hakyndaky ygtyýarly edaralaryň netijenamasyny
-
ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykandygy barada ykrarnamany
-
abatlamagyň ygtyýarly guramalar tarapyndan düzülen dikeldiş hasaplamasyny
-
(şikes ýeten ýagdaýynda) bejeriş edarasyndan delilhat
-
(aradan çykan halatynda)üçünji tarap aradan çykandygy hakynda şahadatnamasynyň kepillendiriş tertibinde güwä geçilen nusgasyny
-
mirasa bolan hukuk hakyndaky şahadatnamasyny