Suw ulag serideleriniň utgaşdyrylan meýletin ätiýaçlandyryş

Suw ulag serişdeleriniň utgaşdyrylan ätiýaçlandyrylşy emläk taýdan ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, suw ulag serişdelerine eýeçilik etmek, ondan peýdalanmak we oňa ygtyýarlyk etmek bilen baglanyşykly emläk bähbitleri onuň obýekti bolup çykyş edýär. Ätiýaçlandyryş obýektleri: - emläk bähbitleri, şol sanda maşynlar, enjamlar, takelaž, gäminiň içerki timarlanmasy, korpusy, hereketlendirijileri, enjamlary we esbaplary, ýöne ýangyç-çalgy ýaglary we beýleki harçlanyş materiallary muňa girmeýär. Gämi eýeleri, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň polisini satyn alyň we öz gämiňizi dürli ýakymsyz ýagdaýlardan goraň. Şeýlelikde, olary dikeltmek üçin harajatlary kemeldiň.

Hasaplaň

Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

ýok bolmak we zeper ýetmek üçin jogapkärçiligini; zeper ýetmegi üçin jogapkärçiligini; diňe gäminiň doly ýok bolmagy üçin jogapkärçiligini, halas etmegiň çykdajylaryny içine almak bilen; diňe gäminiň doly ýok bolmagy üçin jogapkärçiligini; zeper ýetmegi üçin jogapkärçilik bolmazdan, diňe çakyşmak halatlary muňa girýär; hususy heläkçilik üçin jogapkärçiliksizligini.

Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?

haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (derňew, kazyýet, polisiýa ýa-da başga edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli

  • suw ulag gämisini gözden geçirmek üçin görkezmeli

Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakda arzany

  • ätiýaçlandyryş şahadadatnamasyny (polis)

  • ätiýaçlandyryş halaty boýunça delilnamany

  • ulag talapnamasyny (delilnama, hasap, konosament, baş ykrarnamasyny, derňewiň ykrarnamasyny)

  • suw gämisiniň žurnalynyň ýazgylaryny

  • zeper ýeten bolan suw gämisiniň suratlaryny

Giňişleýin maglumat almak üçin Size amatly bolan usul arkaly bize ýüz tutup bilersiňiz