Кosmos işini meýletin ätiýaçlandyryş

Kosmos işini amala aşyrýan, kosmos tehnikasyndan peýdalanýan ýa-da olaryň buýurmasy boýunça kosmos tehnikasyny döretmegi we peýdalanmagy amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslara kosmos tehnikasynyň ätiýaçlandyryşyny, ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleriniň işgärleriniň şahsy ätiýaçlandyryşyny, şeýle hem üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna ýa-da emlägine ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkärçiligiň ätiýaçlandyryşyny teklip edýäris.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

Emlägi ätiýaçlandyrmak boýunça şertnamada görkezilen kosmos işiniň islendik tapgyrynda ätiýaçlandyrylan emlägiň bölekleýin ýok bolmagyndan (zeper ýetmeginden) we/ýa-da ýitirilmeginden (doly ýok bolmagyndan); Şahsy ätiýaçlandyryş boýunça ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektinde hünär borçlary ýerine ýetirilýän mahalynda işgäriň şikes, maýyplyk almagyndan ýa-da aradan çykmagyndan; Raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen kosmos işini amala aşyrýan mahalynda üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna, emlägine zyýan ýetirilmeginden ätiýaçlandyrýarys.

Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?

Haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (derňew, kazyýet, işeri işler ýa-da başga edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli

  • Arza bilen bilelikde şu resminamalar (ýa-da olaryň nusgalary) berilmelidir:

  • kosmos işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama

  • kosmos tehnikasynyň laýyklyk sertifikaty

  • kosmos işiniň obýektiniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy hakynda şahadatnama

  • ätiýaçlandyrmak üçin hödürlenen kosmos obýektleriniň sanawy

  • kosmos obýektiniň degişliligine (eýeçilik, hojalygy ýöretmek, dessin dolandyryş hukugy) we onuň hakyky bahasyna güwä geçýän resminamalar

Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?

  • a) emläge zelel ýetirilen halatynda: arza; ätiýaçlandyryş şahadatnamasy; zelel çeken ätiýaçlandyrylan emlägiň sanawy; ätiýaçlandyrylan emläge bolan emläk bähbidiniň bardygyny tassyklaýan resminamalaryň nusgalary; bilermenler guramalary we ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen resminamalar, şol sanda hadysanyň bellige alnandygy hakynda resminamalar; tölenýän çykdajylaryň möçberini tassyklaýan resminamalar.

  • b) ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleriniň işgärlerini şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça: arza; ätiýaçlandyryş şahadatnamasy; önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysa hakyndaky ykrarnama; saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berlen № 195 görnüş boýunça delilhat; şahsyýetini tassyklaýan resminama; maýyplyk ýagdaýynda, toparyny görkezmek bilen, hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň maýyplygy bellemek baradaky delilhatynyň tassyklanan nusgasy; ölüm ýagdaýynda, ölüm hakyndaky şahadatnamanyň döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan nusgasy; döwlet notarial edarasy tarapyndan berlen mirasa bolan hukugy hakyndaky şahadatnamasy.

  • ç) raýat-hukuk jogapkärçiligiň ätiýaçlandyryşy boýunça: arza; ätiýaçlandyryş şahadatnamasy; saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berlen № 195 görnüş boýunça delilhat; üçünji tarapyň ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan nusgasy; Ätiýaçlandyryja zyýanyň öwezini dolmak barada bildirilen talabyň, eger jedele kazyýet tertibinde seredilen bolsa, kazyýetiň degişli çözgüdiniň nusgasy; şahsyýetini tassyklaýan resminama. ygtyýarly edaralaryň emlägiň zaýalanandygy ýa-da ýok bolandygy, abatlaýyş-dikeldiş işleriniň gymmaty baradaky resminamalary we beýlekiler; zyýanyň ýetirilendigini we onuň möçberini tasssyklaýan resminamalar; ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy, onuň sebäpleri we ýagdaýlary we ýetirilen zyýanyň möçberleri baradaky resminamalar.

Giňişleýin maglumat almak üçin Size amatly bolan usul arkaly bize ýüz tutup bilersiňiz