Howply ýükler daşalanda üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy

Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän howply ýükleriň daşalmagyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly üçünji taraplara ýetirilen zyýan netijesinde ýüze çykýan borçnamalar bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrýanyň şahsy we emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

Howply ýükler daşalýan mahaly heläkçilik hadysasynyň netijesinde üçünji taraplaryň janyna, saglygyna, emlägine we/ýa-da daşky gurşawa ýetirilip bilinjek zyýan (zelel) üçin ýüze çykýan ätiýaçlandyrýanyň raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrýarys.

Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?

Haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (derňew, kazyýet, işeri işler ýa-da başga edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar

  • arza

  • ýuridik şahs hökmünde hasaba alnandygy barada resminama

  • hususy telekeçi hökmünde hasaba alnandygy barada resminama

  • howply ýükleri daşamaga ygtyýarnama

  • kesgitlenen tertipde berlen, ulag serişdesine howply ýükleri daşamaga rugsat berýan şahadatnama

  • daşama haýsy döwletiň çägine/çäginden geçýän bolsa şol döwletiň ygtyýarly edarasy tarapyndan döwletara ylalaşyklaryň esasynda berilýän ýörite we köptaraplaýyn rugsat, eger, hereket edýän kanunçylygynyň esasynda howply ýükleri daşamak üçin rugsadyň (ygtyýarnamanyň) bolmagy hökmany bolsa

Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?

  • a) üçünji tarapyň saglygyna zyýan (zelel) ýetirilende: ätiýaçlandyryş halaty barada arza; ätiýaçlandyryş şahadatnamasy; ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmagyň talap arzasy; saglygy goraýyş edarasynda bejeriş üçin dermanlary satyn almak bilen eden çykdajylaryny saglygy goraýyş edarasynyň tassyklaýan resminamalary; ygtyýarly edaralar tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyny, tassyklaýan resminamalary.

  • b) üçünji tarap aradan çykan ýagdaýynda: ölüm hakyndaky şahadatnamanyň döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan nusgasy; döwlet notarial edarasy tarapyndan berlen mirasdarlyk hakynda şahadatnamasy; aradan çykany jaýlamak üçin edilen çykdajylary tassyklaýan resminamalary; ygtyýarly edaralar tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyny, tassyklaýan resminamalary.

  • ç) üçünji tarapyň emlägine zyýan (zelel) ýetirilende: ätiýaçlandyryş halaty barada arza; ätiýaçlandyryş şahadatnamasy; ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini doldurmagyň talaby; ygtyýarly edaralaryň emlägiň zaýalanandygy ýa-da ýok bolandygy, abatlaýyş-dikeldiş işleriniň gymmaty baradaky resminamalary; ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyny, onuň sebäpleri we ýagdaýlary we ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberlerini tassyklaýan resminamalary.

  • d) daşky gurşawa zyýan ýetirilende: ätiýaçlandyryş halaty barada arza; ätiýaçlandyryş şahadatnamasy; ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini doldurmagyň talaby; ätiýaçlandyrýan tarapyndan, edilen çykdajylary tassyklaýan resminamalary; ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyny, onuň sebäpleri we ýagdaýlary we ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberlerini tassyklaýan resminamalary.

Giňişleýin maglumat almak üçin Size amatly bolan usul arkaly bize ýüz tutup bilersiňiz