Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş
Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryşy jogapkärçilik ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir. Ätiýaçlandyrýanyň kanunçylykda göz öňünde tutulan esasda eýeçilik hukugyna degişli bolan haýwanlara eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýarlyk etmek bilen bagly raýat-hukuk jogapkärçilik bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar. Ätiýaçlandyryşyň şertleri boýunça haýwanyň üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna zyýan ýetirmegi; haýwanyň üçünji taraplaryň emlägine zyýan ýetirmegi; üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine haýwanyň ýetiren zyýany bilen baglylykda ätiýaçlandyrýanyň (jogapkär tarapyň) kazyýet çykdajylary ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.
Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen haýwanyň duýdansyz we (ýa-da) agressiw özüni alyp barşynyň netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine zyýan ýetirlende ätiýaçlandyrýanda ýüze çykanýan borçlardan.
Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?
Haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar
-
Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmak barada arzasy
-
haýwanlaryň weterinar pasporty
Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?
-
arza
-
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy
-
arza berijiniň şahsyýetini tassyklaýan resminama
-
zyýanyň möçberini we göwrümini tassyklaýan resminamalar, ygtyýarly edaralaryň netijenamalary
-
zyýan çekeniň saglygyna zyýan ýeten ýagdaýynda-zyýan çekene ýetirilen zyýanyň hakykylygyny tassyklaýan saglygy goraýyş we beýleki ygtyýarly edaralaryň resminamalary, şeýle hem zyýan çekeniň saglygyny bejermek üçin edilen çykdajylarynyň möçberini tassyklaýan resminamalar (saglygy goraýyş edarasynyň bejeriji lukmanyň netijenamasy, hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň şypahana edaralarynda bejergi almaklygyň zerurlygy barada netijenamasy, maýyplyk bellenilen ýagdaýynda hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň maýyplygy bellemek barada güwänamasy) ýa-da saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty
-
zyýan çeken ölen ýagdaýynda-ölüm hakynda şahadatnamanyň nusgasy mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamanyň nusgasy