Maýa goýumlary meýletin ätiýaçlandyryş

Ätiýaçlandyrýanyň maýa goýum işi amala aşyrmak bilen bagly emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar. Maýa goýum işiniň obýektlerine hojalyk işiniň ähli pudaklarynda we ugurlarynda täzeden döredilýän hem-de döwrebaplaşdyrylýan (täzelenýän) esasy gaznalar we dolanyşyk serişdeleri, gymmatly kagyzlar, belli maksada niýetlenen pul goýumlary, ylmy-tehniki önümler, intellektual gymmatlyklar, beýleki eýeçilik obýektleri, şeýle hem emläk hukuklary girýär.

Hasaplaň

Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

Maýa goýum subýektleri bolup durýan ätiýaçlandyrýanyň batmagyndan; ätiýaçlandyrylan maýa goýum taslamasy amala aşarylýan wagtynda ätiýaçlandyrýanyň hyzmatdaşlary, potratçylary, üpjün edijileri tarapyndan öz borçnamalaryň ýerine ýetirilmezliginden; heläkçiligiň, ýangynyň, partlamanyň, tebigy betbagtçylyklaryň netijesinde önümçiligiň (bir aýdan ýokary) togtadylmagy ýa-da maýa goýum obýektinde işleriň möçberiniň azalmagyndan; heläkçiligiň, ýangynyň, partlamanyň, tebigy betbagtçylyklaryň netijesinde maýa goýum obýektleri bolan binalaryň, desgalaryň, enjamlaryň, esasy serişdeleriň, beýleki maddy baýlyklaryň ýok edilmegi ýa-da zaýalanmagyndan.

Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda haýal etmän, ýöne 7 (ýedi) iş gününden gijä galman ýazmaça ýa-da elektron görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde ýüz tutmaly

  • Ätiýaçlandyrylýan emlägi gözden geçirtmek üçin görkezmeli

Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?

  • 1) ätiýaçlandyryş halaty barada arza

  • 2) ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy)

  • 3) ätiýaçlandyryş halaty barada Ykrarhaty;

  • 4) ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny tassyklaýan ygtyýarly edaralaryň resminamasy

  • 5) ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrýanyň kazyýet çykdajylaryny tassyklaýan resminamasy (kazyýet çykdajylary ätiýaçlandyrlan bolsa);

  • 6) ýangyna garşy gulluklaryñ delilnamalary;

  • 7) Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň gidrometeorologiýa barada gullugynyñ netijenamalary

  • 8) zaýalanan (ýok edilen) obýektleriň sanawy

Giňişleýin maglumat almak üçin Size amatly bolan usul arkaly bize ýüz tutup bilersiňiz