Hususy notariusyň hünär jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy
Hususy notariusyň hünär jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy jogapkärçilik ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir. Ätiýaçlandyrýanyň notarial hereketlerini amala aşyrmagyň netijesinde üçünji taraplara ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykýan hünär jogapkärçiligi ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.
HasaplaňBiz nämeden ätiýaçlandyrýarys?
Hususy notariusyň «Hususy notariusyň hünär jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş Kadalarynyň» ýedinji böleginde görkezilen notarial hereketleriniň netijesinde üçünji taraplara tötänleýin ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykýan hünär jogapkärçiliginden.
Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?
Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda 3 (üç) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryja ýazmaça ätiýaçlandyryş halaty barada arzany bermeli ýa-da elektron görnüşinde habar bermelidir.
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar
-
1) döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde ýüz tutmaly;
-
2) soňky üç ýylyň dowamynda notarial hereketleri bilen baglanyşykly üçünji taraplaryň bildiren talaplarynyň nusgasyny;
-
3) notarial edarasynyň notarial işini amala aşyrmak hakyndaky ygtyýarnamanyň nusgasyny;
-
4) notarial edarasynyň işgärleriniň notarial hereketlerini amala aşyrmaga hukuk berýän hünär synag topary tarapyndan hünär synagyndan geçenligi barada resminamasyny.
Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?
-
1) ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş halaty barada arzasy;
-
2) ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätýaçlandyryş şahadatnamasy);
-
3) ätiýaçlandyryş halaty barada ykrarhaty;
-
4) jebir çeken üçünji taraplaryň öwezini dolmak baradaky talap arzasy;
-
5) ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny we zyýanyň möçberini tassyklaýan ygtyýarly edaralaryň resminamasy;
-
6) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga hukugy bolan şahsyň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy.