Edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakynda DÜZGÜNNAMA
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
K A R A R Y
«18» fewral 2016 ý. № 14613 Aşgabat ş.
Ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, №2, 3984-nji madda)
«Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky» we «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan edara görnüşli taraplaryň, şol sanda daşary ýurt edara görnüşli taraplaryň emlägine hem-de ýangyn sebäpli üçünji taraplara ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiligine ätiýaçlandyryş goragyny üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:
1. 2016-njy ýylyň 1-nji martyndan başlap, Ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan edara görnüşli taraplaryň Sanawyna girizilen Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan edara görnüşli taraplar (Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän edara görnüşli taraplar muňa girmeýär), şol sanda daşary ýurt edara görnüşli taraplar (mundan beýläk - edara görnüşli taraplar) üçin ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyny girizmeli.
Edara görnüşli taraplar 2016-njy ýyl üçin ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyryş şertnamalaryny 2016-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli baglaşmaly.
2. Edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyny amala aşyrmagy Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň üstüne ýüklemeli.
3. Edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnamany;
Ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan edara görnüşli taraplaryň Sanawyny;
Edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyryş gorlaryny emele getirmegiň we harçlamagyň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).
4. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi edara görnüşli taraplaryň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmagyna gözegçilik etmeli.
5. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen ylalaşyp, edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça özara hasaplaşyklaryň Tertibini taýýarlamaly we bellenen tertipde tassyklamaly.
6. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Içeri işler ministri I.Mulikow, Türkmenistanyň Maliýe ministri M.Muhammedow, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory A.Amanmedowa we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjow gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda
çykaran 14613-nji karary bilen tassyklandy
Edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji
taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan
zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan
hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakynda
DÜZGÜNNAMA
I. Umumy düzgünler
1. Edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakynda Düzgünnama (mundan beýläk - Düzgünnama) Ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan edara görnüşli taraplaryň Sanawyna girizilen, Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan edara görnüşli taraplaryň (Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän edara görnüşli taraplar muňa girmeýär), şol sanda daşary ýurt edara görnüşli taraplaryň, (mundan beýläk - ätiýaçlandyrýanlar) edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy (mundan beýläk - hökmany ätiýaçlandyryş) bilen bagly ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
2. Ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan edara görnüşli taraplaryň Sanawyna girizilen ätiýaçlandyrýanlar edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyny amala aşyrmaga borçludyrlar.
3. Ätiýaçlandyryjy hökmany ätiýaçlandyryş boýunça iri töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrýar.
4. Şu Düzgünnamada ulanylýan esasy düşünjeler:
ýangyn - adamyň janyna we saglygyna zyýan, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine maddy zyýan ýetirýän gözegçiliksiz ot;
ýangyn howpsuzlygy - şahsyýetiň, emlägiň, jemgyýetiň we döwletiň ýangynlardan goraglylygynyň ýagdaýy;
ýangyn howpsuzlygynyň talaplary - ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygy, kadalaşdyryjy resminamalary ýa-da ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenen durmuş we tehniki häsiýetdäki ýörite şertler;
ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň bozulmagy - ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirilmezligi;
ýangyna garşy düzgün - ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň bozulmalarynyň öňüni almagy we ýangynlary söndürmegi üpjün edýän, adamlaryň özlerini alyp baryş düzgünleriniň, önümçiligi guramagyň we jaýlary (çäkleri) saklamagyň tertibi;
ýangyn howpsuzlygynyň çäreleri - ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, şol sanda ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça hereketler;
ýangyna garşy gulluklar – ýangynlaryň öňüni almagy we olary söndürmegi, şunuň bilen baglylykda ilkinji nobatdaky heläkçilikden halas ediş işlerini geçirmegi guramak üçin bellenilen tertipde döredilen dolandyryş edaralarynyň, ýangyn howpsuzlygynyň düzüm birlikleriniň, güýçleriniň we serişdeleriniň, şol sanda ýangyna garşy düzümleriň jemi;
ýangynlary söndürmek - adamlary, emlägi halas etmäge we ýangynlary ýok etmäge gönükdirilen söweşjeň hereketler;
ýangyn söndürmek bilen baglylykda ilkinji nobatdaky heläkçilikden halas ediş işleri - ýangynlarda adamlary, emlägi, eýeçiligi halas etmek we howpsuz ýere çykarmak, ejir çekenlere lukmana çenli kömegi bermek boýunça ýangyna garşy gulluklaryň hereketleri;
ýangyn-tehniki önüm - ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin neýetlenen ýörite tehniki, ylmy-tehniki we başga önümler, şol sanda ýangyn tehnikasy we enjamlar, ýangyn esbaplary, ot söndüriji we otdan goraýjy jisimler, ýörite aragatnaşyk we dolandyryş serişdeleri, elektron hasaplaýyş maşynlary we maglumatlar gorlary üçin maksatnamalar, şeýle hem ýangynlaryň öňüni almagyň we söndürmegiň beýleki serişdeleri;
ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy - ätiýaçlandyryjyny ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) boýunça ýangynyň howply täsiri netijesinde, şeýle hem ony söndürmek hereketleriniň netijesinde ätiýaçlandyrýana ýa-da üçünji taraplara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga borçly edýän, ýagny ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi göz öňünde tutýan edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň görnüşi;
ýangyn howpsuzlygy boýunça öňüni alyş (duýduryş) çäreleri - ýangyn döremek howpuny peseltmäge we onuň netijesini çäklendirmäge gönükdirilen durmuş we tehniki häsiýetdäki aýratyn şertleri ýerine ýetirmek boýunça hereketler;
ätiýaçlandyryş halaty - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;
ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi - ätiýaçlandyryş şertnamasyna we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;
ätiýaçlandyryş pul möçberi - ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçilikleri) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;
ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) - Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenýän pul möçberi;
ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlanlyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek boýunça borçnamany çekýän tarap;
ätiýaçlandyryş nyrhy - ätiýaçlandyryş gatanjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň birliginden ýa-da ätiýaçlandyryş obýektinden alynýan, ol ätiýaçlandyryjylarda ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) töleglerini geçirmek, ätiýaçlandyryş ätiýaçlyk gaznalaryny, öňüni alyş çäreleriniň gaznasyny we başga gaznalary döretmek üçin, şeýle hem alnyp barylmagy we ätiýaçlandyryjylaryň ösdürilmegi boýunça çykdajylaryň ödelmegi üçin ýeterlik maliýe serişdeleriniň emele gelmegini üpjün edýän möçberlerde bellenilýän ätiýaçlandyryş töleg haky;
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy - ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan resminama;
emläk - şahsy we edara görnüşli taraplaryň eýeläp, peýdalanyp we ygtyýar edip bilýän hem-de çäklendirilmedik möçberde edinip bolýan, kanunda gadagan edilmedik ýa-da ahlak kadalaryna garşy gelmeýän islendik zat;
üçünji taraplar - hökmany ätiýaçlandyryşdan gelip çykýan amallara çekilen hem-de ýangynlar sebäpli janyna, saglygyna we emlägine zyýan ýetirilen, şu Düzgünnama laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) alyjy bolup durýan hukuk gatnaşyklarynyň subýektleri;
ätiýaçlandyrýanyň raýat-hukuk jogapkärçiligi - ätiýaçlandyrýanlaryň ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde, üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen borçlary.
II. Hökmany ätiýaçlandyryşyň obýekti
5. Ätiýaçlandyrýanlaryň emläk bähbitleri we ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.
6. Ätiýaçlandyrýanlaryň emlägi birnäçe ýerlerde ýerleşip, dürli salgylar boýunça bellige alnan ýagdaýynda, onda hökmany ätiýaçlandyryş her bir emläk toplumy boýunça aýratynlykda geçirilmelidir.
III. Hökmany ätiýaçlandyryşyň maksady we esasy ýörelgeleri
7. Ätiýaçlandyrýanlaryň emläk bähbitlerini ýangyndan goramak, şeýle hem ýangynlar sebäpli üçünji taraplara ýetiriljek zyýanyň öwezini dolmak hökmany ätiýaçlandyryşyň maksady bolup durýar.
8. Şu aşakdakylar hökmany ätiýaçlandyryşyň esasy ýörelgeleri bolup durýar:
ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy kepillendirmek;
taraplaryň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek;
hökmany ätiýaçlandyryş amala aşyrylanda kanunçylygy berjaý etmek;
ýangynyň öňüni almagy ykdysady taýdan höweslendirmek.
IV. Hökmany ätiýaçlandyryşa degişli bolmadyk obýektler
9. Ätiýaçlandyrýanyň emläginiň hökmany ätiýaçlandyryşy aşakdakylara degişli däldir:
milli we daşary ýurt pul serişdelerine;
paýnamalara, obligasiýalara we beýleki gymmatly kagyzlara;
golýazmalara, meýilnamalara, çyzgylara we beýleki resminamalara, hasaphana we iş kitaplaryna;
modellere, maketlere, nusgalara, görnüşlere we beýlekilere;
gymmat bahaly guýma metallara we gymmat bahaly gapsyz (reňkli) daşlara;
kompýuter ulgamlaryndaky tehniki maglumat saklaýjylara, hususan-da, magnit plýonkalara we kassetalara, magnit disklerine, ýatbloklara we beýlekilere;
markalara, suratlara, heýkellere, beýleki kolleksiýalara, sungat eserlerine;
hereket ediji gurluşyk, oba hojalyk ulaglaryny, ýeňil, ýük, awtobus we beýleki ulaglary goşmak bilen awtomobil ulag serişdelerine;
ätiýaçlandyrýana degişli bolmadyk emläge;
oba hojalyk ekinlerine, köp ýyllyk agaçlara we mallara;
heläkçilikli ýagdaýdaky binalara we olaryň içindäki emläklere.
V. Ätiýaçlandyryş pul möçberi
10. Hökmany ätiýaçlandyryş boýunça emlägiň ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylýan pursatyndaky emlägiň balans ýa-da bazar bahasyndan ýa-da bilermenleriň berýän bahasyndan ugur alnyp, taraplaryň ylalaşmagy boýunça şu baha çenli möçberlerde kesgitlenýär, ýöne şunda emlägiň ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan senesinde Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdaryň 1000 essesi möçberden az bolmaly däldir. Eger-de, emlägiň balans bahasy görkezilen möçberden az bolsa, onda emlägiň balans bahasyndan ugur alnyp kesgitlenýär.
11. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenen ätiýaçlandyryş pul möçberi emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyndan ýokary geçýän bolsa, onda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň emlägiň ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan pursatyndaky bahasyndan ýokary geçýän bölegi hakyky däl diýlip hasap edilýär. Taraplar ätiýaçlandyryş pul möçberiniň ätiýaçlandyrylan emlägiň bahasyndan ýokary geçýändigi ýüze çykarylan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberini we degişlilikde, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) azaldyp bilerler.
12. Hökmany ätiýaçlandyryş boýunça raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryş pul möçberi taraplaryň ylalaşygy bilen ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilýär, ýöne şunda ätiýaçlandyryş pul möçberi aşakdakylardan ybaratdyr:
ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna zyýan ýetirilen halatynda ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan senesinde bir adam üçin Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 100 essesi möçberinden az bolmaly däldir;
ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň emlägine zyýan ýetirilen halatynda ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan senesinde Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 1000 essesi möçberinden az bolmaly däldir.
VI. Ätiýaçlandyryş nyrhy
13. Ätiýaçlandyrýanyň emläginiň hökmany ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 0,11 göterimini düzýär.
Ýangyna garşy her bir talaplaryň bozulmalary üçin ätiýaçlandyryş nyrhyna ulanylýan koeffisiýentleriň möçberi, esasy nyrh möçberine köpeltmek arkaly ulanylýar:
binalarda ot söndüriji serişdeler bilen doly üpjün edilmedik ýa-da olaryň ulanyş möhleti geçen ýagdaýynda bolanda - 1,2;
binalarda ýangyn habar beriji awtomatiki ulgamy gurnalmadyk ýa-da olar näsaz ýagdaýynda bolanda - 1,6;
binalarda awtomatiki ýangyn söndüriji ulgamy gurnamagy talap edilende, onuň bolmadyk ýa-da olar näsaz ýagdaýynda bolanda - 1,6;
binalarda tüsse aýyryjy ulgam gurnalmadyk ýa-da olar näsaz ýagdaýynda bolanda - 1,6;
daşky we içki ýangyna garşy suw üpjünçilik (kranlar, gidrantlar, suw howuzlar) ulgamy gurnalmadyk ýa-da näzas ýagdaýynda bolanda - 1,6;
binalarda halas ediş ýollarynyň bolmadyk ýa-da düýpli ýapylan ýagdaýynda - 1,4;
çig maly we materiallary saklamagyň şertleriniň bozulan ýagdaýynda - 1,4.
14. Ätiýaçlandyrýanyň ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna zyýan ýetirilmegi netijesinde ýüze çykan borçnamalar boýunça raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryş nyrhy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 0,20 göterimini düzýär.
Ätiýaçlandyrýanyň ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň emlägine zyýan ýetirilmegi netijesinde ýüze çykan borçnamalar boýunça raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryş nyrhy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 0,20 göterimini düzýär.
VII. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)
15. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) hasaplamagyň we tölemegiň tertibi ätiýaçlandyryjy tarapyndan bellenilýär. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde geçirilýär.
Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş nyrhlarynyň esasynda ätiýaçlandyrýanyň emläginiň hökmany ätiýaçlandyryşy boýunça we ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine zyýan ýetirmek halatyna ätiýaçlandyrýanyň raýat-hukuk jogapkärçiligi boýunça aýratynlykda hasaplanylýar.
Ätiýaçlandyryş şertnamasyny bir ýyldan az möhlete baglaşylanda (1-nji ýanwardan soň döredilen ätiýaçlandyrýanlar ýa-da emlägiň eýesi çalşylanda), ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi 365 güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyrylan güne köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.
16. Yzygiderli 3 ýyl we ondan hem köp möhlete ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşan we şol möhletiň dowamynda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmadyk we ýangyna garşy talaplaryň bozulmalary bolmadyk ýagdaýynda, ätiýaçlandyrýanlaryň indiki möhlete täze ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda hasaplanan ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) ýyllyk möçberinden 3 ýyldan soň 10%, 4 ýyldan soň 15%, 5 ýyldan we şondan-da köp möhletde 20% indirim almaga hukuklary bardyr.
VIII. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi
17. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň bellenilen görnüşdäki ýazmaça arzasynyň esasynda baglaşylýar. Arzada ätiýaçlandyryşa hödürlenilýän emläkler barada ähli zerur maglumatlar bolmalydyr. Ätiýaçlandyryjy arzany bellenilen tertipde bellige alýar.
Eger ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň wekilleri tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ýangyn howpsuzlygynyň talaplary ýa-da şoňa meňzeş beýleki talaplar bozulan ýagdaýynda, ätiýaçlandyrýan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirligi (mundan beýläk - Ýangyn howpsuzlygy müdirligi) tarapyndan düzgün bozulmalar boýunça berlen talapnamalary ätiýaçlandyryja bermäge borçludyr.
Ätiýaçlandyryjy Ýangyn howpsuzlygy müdirligi tarapyndan berlen talapnamalaryň esasynda ätiýaçlandyryşa hödürlenilýän emläkleriň töwekgelçiligine baha berýär.
18. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryjydan ätiýaçlandyryşyň bu görnüşiniň düzgünlerini we şertlerini düşündirmegini talap etmäge hukugy bardyr.
19. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşa kabul edilýän emlägiň töwekgelçiligine degişli ähmiýeti bolan, özüne belli ýagdaýlar barada habar bermäge borçludyr. Şeýle-de, ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrylýan emlägi gözden geçirmäge mümkinçilik bermäge we ätiýaçlandyrylýan emläk babatda ätiýaçlandyryjynyň öz öňünde goýan ähli soraglaryna jogap bermäge borçludyr.
20. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýandan hökmany ätiýaçlandyryş boýunça öň baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamalary hakynda doly maglumat soramaga hukugy bardyr, ätiýaçlandyrýan bolsa soralýan maglumaty bermäge borçludyr.
21. Ätiýaçlandyryş şertnamasy 1-nji ýanwardan 31-nji dekabr aralygyna bir senenama ýyly üçin baglaşylýar. 1-nji ýanwardan soň döredilen ätiýaçlandyrýanlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan gününden başlap, degişli ýylyň 31-nji dekabry aralygyna ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar.
Geljek ýyl üçin ätiýaçlandyryş şertnamasy dowam edýän ýylyň 1-nji oktýabryndan 31-nji dekabry aralygyndaky döwürde baglaşylýar.
Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töländen soň ätiýaçlandyryjy oňa bellenilen tertipde resmileşdirilen, gol çekilen bellenilen görnüşdäki ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny gowşurýar.
22. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen halatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýanyň arzasy esasynda, oňa ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň öwezligi berýär. Öwezligi berlenden soň ozalky ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy hakyky däl diýlip hasap edilýär we ozalky ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy boýunça öwezini doluş tölegleri geçirilmeýär.
IX. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň öwezi dolunmaýan bölegi (franşiza)
23. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bir böleginiň (franşizanyň) öwezini dolmaýar, ony ätiýaçlandyrýan töleýär. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň öwezi dolunmaýan bölegi emläk boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 0,5 göterimi möçberinde şertsiz franşiza bellenilýär. Şunda ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zyýandan aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär.
X. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyrýanyň çalşyrylmagy
24. Ätiýaçlandyrýan - edara görnüşli tarap ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe üýtgedilip guralan halatynda onuň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça hukuklary we borçlary hukuk oruntutaryna geçýär.
25. Gozgalmaýan emläk eýeçiligine geçen şahs şu Düzgünnamada göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde eýeçilige kabul edilen gününden başlap bir aýyň dowamynda hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasyny täzeden resmileşdirmäge borçludyr.
XI. Ýangyn howpsuzlyk talaplarynyň bozulmagy
26. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylandan soň ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň wekilleri tarapyndan ätiýaçlandyrylan emläge Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen ýangyn howpsuzlygynyň, tiz ot alýan we partlaýjy maddalaryň we zatlaryň, jaýlaryň we gymmatlyklaryň gorag talaplary, arassaçylyk-tehniki howpsuzlygyň, işleri geçirmegiň howpsuzlygynyň talaplary we ölçegleri ýa-da şulara meňzeş beýleki talaplar bozulan ýagdaýynda (berjaý edilmese) ýa-da talaplaryň bozulmalary ätiýaçlandyrýanyň ygtyýar bermeginde amala aşyrylan ýagdaýynda, ätiýaçlandyryjynyň bozulmalar barada özüne belli bolan pursatdan soň bir aýyň dowamynda anyklanan bozulmalar düzedilýän pursatyna çenli ätiýaçlandyryş şertnamasyny togtatmaga hukugy bardyr.
27. Eger-de ätiýaçlandyryş halaty ýangyn howpsuzlyk talaplarynyň bozulmagy bilen bagly Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden doly ýa-da bölekleýin ýüz döndermäge haklydyr.
XII. Ätiýaçlandyrýanyň hukuklary we borçlary
28. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:
ýetirilen zyýanyň möçberine baha bermek üçin garaşsyz bilermeni çekmäge;
ýangynyň ýüze çykmak howpuny we (ýa-da) ondan emele gelip biljek zyýanyň möçberini peseldýän kadalaşdyryjylardan başga ýangyna garşy çäreleri geçirmäge;
ýetirilen zyýanyň möçberine baha bermegiň netijeleri we ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) ätiýaçlandyryjy ýa-da garaşsyz bilermen tarapyndan geçirilen hasaplamalary bilen tanyşmaga;
ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden doly ýa-da bölekleýin boýun gaçyrmak barada ätiýaçlandyryjynyň çözgüdi babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen tertipde şikaýat etmäge.
29. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:
ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrylan obýekt boýunça borçnamalara baha kesmek üçin özüne mälim bolan möhüm ähmiýeti ýagdaýlaryň ählisi barada, şeýle hem ätiýaçlandyrylan emläk bilen bolup geçen islendik düýpli özgeriş (oňa bolan eýeçilik hukugyny hem goşmak bilen), şonuň ýaly-da onuň zaýalanmak ýa-da ýok bolmak howpunyň artýanlygy barada ätiýaçlandyryja habar bermäge;
ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) bellenilen tertipde tölemäge;
hökmany ätiýaçlandyryşa degişli bolan emläk bähbitlerini we üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmaga.
30. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň wekili şulara borçludyr:
ýangyn ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy hakynda haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyryja habar bermäge;
Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugyna ýüze çykan ýangyn barada haýal etmän habar bermäge;
ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan üçin jogapkär adamagaýdymlaýyn (regres) talaby bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň sebäplerini, ýagdaýyny we netijelerini anyklamak üçin ähli mümkin bolan çäreleri görmäge;
ätiýaçlandyryş halatyna degişli bolan derňew, kazyýet we beýleki işleriň netijeleri barada ätiýaçlandyryja habar bermäge;
eger ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş halaty sebäpli ätiýaçlandyrýanyň bähbitlerini hemme ugurda goramak üçin özüniň wekilini bellemegi zerur hasaplasa, onda ätiýaçlandyryja bu işde ýardam bermäge;
ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşman üçünji taraplara ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemezlige, ätiýaçlandyryş halaty sebäpli bildirilen talaplary doly ýa-da bölekleýin boýun almazlyga, şeýle hem bu talaplary düzgünleşdirmek üçin hiç hili borçnamalary kabul etmezlige.
XIII. Ätiýaçlandyryjynyň hukuklary we borçlary
31. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bardyr:
ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyrýandan şu Düzgünnama laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak üçin zerur bolan maglumatlaryň, şol sanda öňki ätiýaçlandyryş şertnamalary, ätiýaçlandyryş halatlary we ätiýaçlandyryş pul möçberleri (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri) hakyndaky maglumatlaryň berilmegini talap etmäge;
degişli ygtyýarly edaralaryndan olaryň ygtyýarlyklaryndan ugur almak bilen, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyny, emläge we üçünji taraplara ýetirilen zyýanyň möçberini tassyklaýan resminamalary sorap almaga;
ätiýaçlandyrýandan bolup geçen ätiýaçlandyryş halatynyň sebäpleri, möçberleri we getiren zyýanly netijelerine baha bermek üçin zerur bolan doly hem-de ygtybarly maglumatlary almaga;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäplerini we ätiýaçlandyrýanyň emlägine we üçünji taraplara ýetirilen zyýanyň möçberini anyklamaga;
zerurlyk ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ätiýaçlandyrýanyň emlägine we üçünji taraplara ýetirilen zyýanyň möçberine baha bermek hem-de ätiýaçlandyryş pul möçberlerini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemek üçin garaşsyz bilermeni çekmäge;
ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama gaýdymlaýyn (regres) talaby bildirmäge.
32. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:
ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyş etmäge;
ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir;
ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenenden soň ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny bermäge;
ätiýaçlandyrýanyň ýa-da onuň wekiliniň ýazmaça arzasy boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ýetirilen zyýanyň möçberine baha bermäge, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) hasaplamasyny görkezmek bilen ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhatyny düzmäge;
ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada bellenilen möhletde ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;
ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly zyýanyň öňüni almak ýa-da ony azaltmak maksady bilen ätiýaçlandyrýanyň çeken çykdajylarynyň, şeýle hem hapalanan çäkleri arassalamak we ony kadalaşdyryjylara laýyk gelýän ýagdaýa getirmek boýunça çykdajylaryň ätiýaçlandyrýana öwezini dolmaga.
XIV. Emlägiň hökmany ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberlerini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş
töleglerini) tölemegiň şertleri
33. Emlägiň hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş halaty bolan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyrýana tölenilýär.
34. Ätiýaçlandyrýana, onuň bilen zähmet gatnaşyklarynda bolan taraplaryň emlägine ýangynlar sebäpli ýetirilen zyýan üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenmeýär.
35. Ätiýaçlandyryş pulunyň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi ýangynyň emläge ýetiren zyýanyň resminamalaýyn tassyklanan möçberinde, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolmadyk möçberde tölenilýär.
36. Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ätiýaçlandyryjy tarapyndan öwezi dolunmaga degişli bolan zyýan ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan ätiýaçlandyryjy tarapyndan ýa-da degişli guramalar tarapyndan düzülen hasaplamanyň esasynda kesgitlenilýär.
XV. Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberlerini (ätiýaçlandyryş öwezini
doluş töleglerini) tölemegiň şertleri
37. Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda janyna, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bolan zyýan çeken üçünji taraplara tölenilýär.
38. Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde üçünji taraplaryň janyna, saglygyna ýetirilen, beden taýdan şikes ýetmegi bilen baglanyşykly bolan zyýan üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi “Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemeginiň Tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine we saglygy goraýyş edarasynyň delilhatyna laýyklykda ýetirilen şikesiň derejesine baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberinden ugur alnyp tölenilýär.
(Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2020-nji ýylyň 01-nji aprelinde çykaran 1732-nji karary bilen üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi).
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan birnäçe adam aradan çykan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) olaryň her biri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 100 essesi möçberinde tölenýär.
Eger ätiýaçlandyryş halaty birnäçe adamyň maýyp bolmagyna ýa-da saglygyna başga hili zyýan ýetmegine getirse, şonda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) saglygyna zyýan ýetmeginiň derejesine baglylykda, olaryň her birine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 100 esse möçberiniň çäklerinde geçirilýär.
39. Maýyplyk bellenilen halatynda ejir çekene ätiýaçlandyryş pul möçberi şu aşakdakylar ýaly kesgitlenýär:
maýyplygyň I toparyna - Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 80 essesi;
maýyplygyň II toparyna - Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 60 essesi;
maýyplygyň III toparyna - Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 40 essesi.
Eger ätiýaçlandyryş halaty ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilenden köp adamyň aradan çykmagyna, maýyp bolmagyna getiren bolsa, şonda umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi olaryň her birine deň paýlanýar.
Öň ätiýaçlandyryş pul möçberini alan üçünji tarapyň ätiýaçlandyryş möhleti tamamlanmanka saglyk ýagdaýy ýaramazlaşanda (maýyplyk bellenende ýa-da saglyk ýagdaýynyň agyrlygy boýunça maýyplygyň beýleki toparyna geçirilende) ýa-da ol aradan çykan halatynda ätiýaçlandyryjy degişli resminamalaryň esasynda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň gaýtadan hasaplamasyny geçirmäge borçludyr. Şunda öň tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberlerini tutup galmak bilen ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenýär.
40. Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde üçünji tarapyň emlägine zyýan ýetirilen ýagdaýynda öwezini dolmak hakyndaky talaplar boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberleri (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri) ýetirilen zyýanyň we ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde tölenýär.
41. Iki ýa-da ondan köp üçünji tarapyň emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky talaplar boýunça tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberleri (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri) ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolan ýagdaýynda umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi olaryň her birine deň paýlarda tölenilýär.
42. Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu aşakdaky halatlarda tölenilmeýär:
ätiýaçlandyrylan binada ýangyn döremegi sebäpli, ätiýaçlandyrýana degişli bolmadyk emläge ýetirilen zyýan üçin;
ätiýaçlandyrylan binada ýangyn döremegi sebäpli, ätiýaçlandyrýan bilen zähmet gatnaşyklarynda bolan taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýan üçin;
ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilmedik binada (desgada) ýangyn sebäpli ýetirilen zyýan üçin.
XVI. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini
doluş tölegini) tölemegiň tertibi
43. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak hakyndaky üçünji tarapyň talabyna (arzasyna) bellenilen tertipde we möhletlerde talabyny we ýetirilen zyýanyň möçberini tassyklaýan resminamalary goşmak bilen, bellenilen görnüşdäki ýazmaça arzany ätiýaçlandyryja berýär.
44. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyrýan tarapyndan zerur bolan ähli resminamalar tabşyrylandan soň, on bäş iş gününiň dowamynda ätiýaçlandyryjy tarapyndan tölenýär.
45. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Düzgünnama we beýleki degişli kadalaşdyryjy hukuk namalara laýyklykda tölenýär.
46. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmak baradaky çözgüt kabul edilen halatynda, şol çözgüt kabul edilen gününden başlap ol barada bäş iş gününiň dowamynda ätiýaçlandyrýana boýun gaçyrmagyň sebäplerini görkezmek bilen habar berilýär.
47. Ähli ýagdaýlarda tölenýän ätiýaçlandyryş pulunyň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden geçmeli däldir.
XVII. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden boýun gaçyrylmagy
48. Eger ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada şu Düzgünnamanyň 30-njy bölüminde görkezilen möhletde habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halatynyň şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndürmäge haky bardyr:
ätiýaçlandyrýanyň ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatynda ulanylmaýar;
ätiýaçlandyrýan tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin ol jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;
ätiýaçlandyrýan hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;
ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanyşykda durýan bolsa.
49. Üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýan ätiýaçlandyrýanyň ýa-da onuň resmi wekiliniň günäsi sebäpli bolan bolsa, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýanyň üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň töwekgelçiligi boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boşadylmaýar.
50. Şu aşakdakylaryň, ýagny:
ýangyn wagtynda ogurlanan emlägiň;
ýangyn sebäpli önümçilikde we söwdada bökdençligiň ýüze çykmagy bilen elden gidirilen peýdanyň;
ätiýaçlandyrylan emlägiň ýanan resminamalarynyň gaýtadan dikeldilmegi bilen bagly çykdajylaryň;
ýadro partlamasynyň, harby hereketleriň we beýleki harby çäreleriň, şeýle hem gozgalaňlaryň, köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň netijesinde ýüze çykan zyýanyň öwezi dolunmaýar.
XVIII. Ýetirilen zyýan üçin jogapkär adam babatda ätiýaçlandyrýanyň hukuklarynyň ätiýaçlandyryja geçmegi
51. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ýetirilen zyýan üçin ätiýaçlandyrýanyň ýa-da üçünji bir şahsyň öňünde jogapkär adamdan gaýdymlaýyn (regres) talap etmek hukugy şol pul möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölän ätiýaçlandyryja geçýär.
Eger ätiýaçlandyrýan görkezilen şahsa talaplary bildirmekden ýa-da şol talaplaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän hukuklardan boýun gaçyrsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň ol şahsdan tutulyp alynjak bölegini tölemekden boşadylýar.
52. Eger ätiýaçlandyrýan ýa-da peýdasyna ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi geçirilýän şahs ýetirilen zyýan üçin jogapkär şahsdan zyýanyň öwezini doluş tölegini doly alan bolsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini amala aşyrmakdan boşadylýar. Günäkär tarapyndan zyýanyň öwezi bölekleýin dolunan ýagdaýynda ätiýaçlandyryjy, onuň günäkärden alan pul möçberini hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini geçirýär.
XIX. Halkara şertnamalary
53. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Düzgünnamada bellenen kadalardan başgaça bellenen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.
XX. Jogapkärçilik
54. Şu Düzgünnamanyň kadalarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.
XXI. Jedellere garamagyň tertibi
55. Hökmany ätiýaçlandyryş boýunça taraplaryň gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedellere Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde garalýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda
çykaran 14613-nji karary bilen tassyklandy
Ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna degişli
bolan edara görnüşli taraplaryň
Sanawy
Senagat pudagyna degişli önümçilik kärhanalary;
Nebitgaz we energetika pudagyna degişli önümçilik kärhanalary;
Ulag we aragatnaşyk kärhanalary;
Saglygy goraýyş ulgamyna degişli kärhanalar;
Oba hojalyk kärhanalary (suw hojalygyndan, howuzlardan, balyk hojalygyndan başga);
Söwda kärhanalary;
Düzüminde bazarlar we ammarlar bolan kärhanalar;
Bilim edaralary;
Medeni - tomaşa edaralary: teatrlar, sirkler, muzeýler we beýleki edaralar;
Düzüminde ýapyk münberli sport binalary bolan kärhanalar;
Düzüminde sergi toplumlary bolan kärhanalar;
Düzüminde myhmanhanalar, umumy ýaşaýyş jaýlary, restoranlar, kafeler bolan kärhanalar;
Çelekler toplumynyň göwrümine garamazdan, nebit ammarlary we awtoulaglara ýag-ýangyç guýujy beketleri bolan kärhanalar;
Gaz guýujy basyş (kompresor) beketleri bolan kärhanalar;
Kilowat kuwwatyna garamazdan, elektrostansiýalary bolan kärhanalar.