Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakynda DÜZGÜNNAMA
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
K A R A R Y
«11» noýabr 2016ý. № 14993 Aşgabat ş.
Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet
ätiýaçlandyrmasy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, № 11-12, 4296-njy madda)
«Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek we ätiýaçlandyrýanlary ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek hem- de Türkmenistanyň çäklerinde awtomobil ulag serişdeleri dolandyrylýan mahaly üçünji taraplaryň bähbitlerini (ömrüni, saglygyny we emlägini) ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).
2. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy we awtomobil ulag serişdelerini bellige almagy amala aşyrýan beýleki döwlet edaralary awtomobil ulag serişdeleri bellige alnanda, bellige alnyşa üýtgetme girizilende we tehniki gözegçilikden geçirilende awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň şertnamasyny baglaşmagyna gözegçilik etmeli.
3. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri 1 aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
4. «Awtoulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki graždan jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda çykaran 3361-nji kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň 1997-nji ýyldaky 9-10-njy ýygyndysynyň 5983-nji maddasy) 4-nji we 5-nji bölümlerini güýjüni ýitiren hasap etmeli.
5. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary B.Hojamämmedow, S.Satlykow, R.Bazarow, Türkmenistanyň Içeri işler ministri, Türkmenistanyň Maliýe ministri, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministri, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministri, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2016-njy ýylyň 11-nji noýabrynda
çykaran 14993-nji karary bilen tassyklandy
Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň
öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet
ätiýaçlandyrmasy hakynda
DÜZGÜNNAMA
1. Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakynda Düzgünnama (mundan beýläk - Düzgünnama) awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň), ýagny Türkmenistanyň eýeçiligiň görnüşine garamazdan edaralarynyň, kärhanalarynyň, guramalarynyň (Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän hem-de umumylykda peýdalanylýan awtomobil ulag serişdeleriniň hyzmatlary üçin nyrhlar döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän edara görnüşli taraplar muňa girmeýär), daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşli taraplarynyň, olaryň şahamçalarynyň, wekillikleriniň hem-de şahsy taraplarynyň, şol sanda daşary ýurt raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň (mundan beýläk - ätiýaçlandyrýanlar) awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy (mundan beýläk - hökmany ätiýaçlandyryş) bilen bagly ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
2. Hökmany ätiýaçlandyryşyň maksady ätiýaçlandyryş halatynyň (ýol-ulag hadysasy) netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyny üpjün etmek bolup durýar.
3. Ätiýaçlandyryjy hökmany ätiýaçlandyryş boýunça iri töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrýar.
4. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda bellige alnan awtomobil ulag serişdeleri Türkmenistanyň çäklerine gelende, olarda Türkmenistan tarapyndan ykrar edilen halkara ätiýaçlandyryş resminamasy bolan ýagdaýynda hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmakdan boşadylýar.
5. Hökmany ätiýaçlandyryşa degişli bolan ätiýaçlandyrýanlar Türkmenistanyň çäklerinde dolandyrylýan ähli awtomobil ulag serişdeleri boýunça üçünji taraplaryň öňündäki öz raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmaga borçludyrlar.
Könelme (amortizasiýa) möhleti geçen awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) awtomobil ulag serişdeleri boýunça üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi hökmany ätiýaçlandyrylmaga degişli däldir.
Hökmany ätiýaçlandyryşa degişli bolan ätiýaçlandyrýanlar hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmasalar, awtomobil ulag serişdesini ulanmaga ýol berilmeýär.
6. Şu Düzgünnamada ulanylýan esasy düşünjeler:
ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýan tarap;
ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) - Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenýän pul möçberi;
ätiýaçlandyryş halaty - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we ätiýaçlandyryş şertnamasyna ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;
ätiýaçlandyryş nyrhy - ätiýaçlandyryş gatanjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň birliginden ýa-da ätiýaçlandyryş obýektinden alynýan, ätiýaçlandyryjylarda ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) töleglerini geçirmek, ätiýaçlandyryş ätiýaçlyk gaznalaryny, öňüni alyş çäreleriniň gaznasyny we başga gaznalary döretmek üçin, şeýle hem işiň alnyp barylmagy we ätiýaçlandyryjylaryň ösdürilmegi boýunça çykdajylaryň ödelmegi üçin ýeterlik maliýe serişdeleriniň emele gelmegini üpjün edýän möçberlerde bellenilýän töleg haky;
ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi - ätiýaçlandyryş şertnamasyna we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;
ätiýaçlandyryş pul möçberi - ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçilikleri) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsa berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan resminama;
awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleri (gatnadyjylar) - awtomobil ulag serişdelerini özlerine degişli bolan eýeçilik hukugy, ýa-da kanunçylykda göz öňünde tutulan beýleki esaslar boýunça ulanýan edara görnüşli we şahsy taraplar;
awtomobil ulag serişdesi (mundan beýläk - ulag serişdesi) - hereketlendiriji bilen herekete getirilýän we ýolagçylary, ýükleri ýa-da ýörite enjamy daşamak, şeýle hem işiň başga görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin niýetlenilen ulag serişdesi (ulag serişdeleriniň biri ýa-da birnäçe birliklerden durýan düzümi);
ätiýaçlandyrýanyň raýat-hukuk jogapkärçiligi - ätiýaçlandyrýanlaryň ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde, üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen borçlary;
üçünji taraplar - hökmany ätiýaçlandyryşdan gelip çykýan amallara çekilen hem-de ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde, ömrüne, saglygyna we emlägine zyýan ýetirilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) alyjy bolup durýan hukuk gatnaşyklarynyň taraplary;
emläk - şahsy we edara görnüşli taraplaryň eýeläp, peýdalanyp we ygtyýar edip bilýän hem-de çäklendirilmedik möçberde edinip bolýan, kanunda gadagan edilmedik ýa-da ahlak kadalaryna garşy gelmeýän islendik zat.
ýol-ulag hadysasy - ulag serişdesi ýolda hereket edýän mahaly we onuň gatnaşmagynda ýüze çykyp, adamlaryň heläk bolmagyna ýa-da ýaralanmagyna, ulag serişdelerine, ýüklere, desgalara maddy zyýanlaryň ýetirilmegine sebäp bolan waka;
7. Ätiýaçlandyryş halatynyň (ýol-ulag hadysasynyň) netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi hökmany ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.
8. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ulag serişdesiniň çakyşmagy, basmagy, urulmagy, ýykylmagy, agdarylmagy, öz-özünden ýanmagy (ýangyn), partlama netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine zyýan ýetirilmegi ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.
9. Ätiýaçlandyryş halatynyň (ýol-ulag hadysanyň) netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna zyýan ýetirilen halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberi ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň çäginde ýa-da onuň çäginden daşyndan bellige alnandygyna garamazdan, hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 100 essesi möçberinde bellenýär.
10. Ätiýaçlandyryş halatynyň (ýol-ulag hadysasynyň) netijesinde üçünji taraplaryň emlägine zyýan ýetirilen halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberi aşakdakylardan ybaratdyr:
Türkmenistanyň çäginde bellige alnan ulag serişdeleri babatynda, hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 100 essesine çenli möçberde;
daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşli taraplaryna, daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara degişli bolan, Türkmenistanyň çägine 15 güne çenli möhlet bilen gelýän ulag serişdeleri babatynda, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen durmuş tölegleri we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 62,5 essesinden 250 essesine çenlidir, şeýle hem 5 güne çenli möhlet bilen gelýän ulag serişdeleri babatynda, degişlilikde 20 esseden 200 essä çenlidir.
11. Türkmenistanyň çäginden daşynda bellige alnan ulag serişdeleriniň eýeleri (gatnadyjylar) ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) ýurda giren mahaly tölemäge borçludyrlar. Eger Türkmenistanda bolýan möhleti ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş möhletinden köp bolsa, ulag serişdesiniň eýesi hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletini uzaltmalydyr we ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tassyklanylan nyrhlara görä hasaplamak bilen, özüniň bolýan möhletine baglylykda goşmaça tölemelidir.
Türkmenistanyň çägine wagtlaýyn gelýän daşary ýurt ulag serişdeleriniň eýeleri (gatnadyjylar) Türkmenistanda bolýan döwrüniň ähli möhleti üçin hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar.
12. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ulag serişdesiniň kysymyna, jogapkärçiligiň möçberine, bellige alnan ýerine (ýurtda ýa-da onuň çäginden daşarda) we Türkmenistanyň çäginde bolýan döwrüne baglylykda tapawutlandyrylyp, nagt däl hasaplaşyk ýa-da nagt görnüşlerinde bir gezekde geçirilýär.
Bir awtomobil ulag serişdesi üçin ýyllyk ätiýaçlandyryş tölegleriniň möçberleri goşunda laýyklykda durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdaryndan hasaplanylýar.
Hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylanda ýyllyk ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi 365 güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyrylan gün sanyna köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.
Hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly jogapkärçilik çäginiň 10 göterimi möçberde franşiza bellenilýär (franşiza - ätiýaçlandyryjynyň belli bir möçberden geçmeýän ýitgileriniň öwezini dolmakdan ätiýaçlandyrma şertleri boýunça boşadylmagy). Şonda ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçýän zyýan üçin jogapkärçilik çekýär.
Beýleki döwletleriň Türkmenistanyň çägine gelýän awtomobil ulag serişdeleriniň eýelerine (gatnadyjylara) awtomobil ulag serişdesiniň her bir kysymy üçin 300 amerikan dollary möçberinde franşiza bellenilýär.
13. Hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň bellenen görnüşdäki ýazmaça arzasynyň esasynda baglaşylýar. Arzada ätiýaçlandyryşa hödürlenilýän ulag serişdeleri barada ähli zerur maglumatlar bolmalydyr. Ätiýaçlandyryjy arzany bellenen tertipde bellige alýar.
14. Hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy 1-nji ýanwardan 31-nji dekabr aralygyna bir senenama ýyl möhleti bilen baglaşylýar. 1-nji ýanwardan soň Türkmenistanyň çägine getirilen ulag serişdeleri üçin olar bellige alnan gününden başlap, degişli ýylyň 31-nji dekabry aralygyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylýar.
15. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy we awtomobil ulag serişdelerini bellige almagy amala aşyrýan beýleki ygtyýarly edaralary ulag serişdeleri bellige alnanda, bellige alnyşa üýtgetme girizilende we tehniki gözegçilikden geçirlende ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany ätiýaçlandyryşyny baglaşmagyna gözegçilik edýär.
Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölän pursatyndan ätiýaçlandyryjy oňa bellenen tertipde resmileşdirilen, gol çekilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny gowşurýar.
16. Geljek ýyl üçin hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy dowam edýän ýylyň 1-nji oktýabryndan 31-nji dekabry aralygyndaky döwürde baglaşylýar.
17. Yzygiderli 3 ýyl we şondan hem köp möhlete ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşan we şol möhletiň dowamynda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmadyk ulag serişdesi heläkçiliksiz ulanylan ýagdaýynda, ätiýaçlandyrýanlaryň indiki möhlete täze ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda hasaplanan ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) ýyllyk möçberinden 3 ýyldan soň 10%, 4 ýyldan soň 15%, 5 ýyldan we şondan köp möhletden soň 20% indirim edilýär.
Şu bölüminiň birinji bölüminde beýan edilen döwürlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryja hökmany ätiýaçlandyryş barada baglaşylan şertnamalar boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) tölemek hakynda arzalaryň berilmedik halatynda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmadyk hasaplanýar.
18. Maýyplaryň hususy eýeçiligindäki ulag serişdeleri üçin hökmany ätiýaçlandyryş şertnamalary baglaşylanda ätiýaçlandyrylýan ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) 50%-ni töleýär.
19. Ätiýaçlandyrylan ulag serişdesi satylan, çalşylan, sowgat edilen, ýa-da başgaça aýrybaşgalanan halatynda bu barada ätiýaçlandyryja habar berilýär, ätiýaçlandyrýanyň hukuklary we borçlary ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda şol ulag serişdesini alan adama geçýär.
20. Ätiýaçlandyrýanyň şulara:
hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy ulag serişdesine eýelik etmek (ondan peýdalanmak) hukugynyň bes edilmegi ýa-da onuň ýitirilmegi bilen bagly möhletinden öň bes etmäge;
ätiýaçlandyrýan ulag serişdesini çalşyran mahaly ätiýaçlandyryş pul möçberini täzeden hasaplatmaga;
hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly ulag serişdesiniň eýesi ätiýaçlandyryşyň şu görnüşiniň şertleriniň we hereket etmeginiň tertibiniň düşündirilmegini ätiýaçlandyryjydan talap etmäge;
ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden doly ýa-da bölekleýin boýun gaçyrmak barada ätiýaçlandyryjynyň çözgüdi babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen tertipde şikaýat etmäge hukugy bardyr.
21. Ätiýaçlandyrýan şulara:
ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) bellenen tertipde tölemäge;
ulag serişdelerini howpsuz saklamagyň we ulanmagyň kadalaryny berjaý etmäge;
hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly, öň baglaşylan hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy baradaky maglumatlary ätiýaçlandyryja habar bermäge;
ätiýaçlandyryş halaty (ýol-ulag hadysasy) ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan bu barada ätiýaçlandyryja haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyryş halatynyň (ýol-ulag hadysasynyň) bolan ýerini, wagtyny we ähli ýagdaýlaryny görkezip habar bermäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň (ýol-ulag hadysasynyň) ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge, şeýle hem ejir çekenlere kömek bermäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň (ýol-ulag hadysasynyň) ýüze çykandygy hakynda ygtyýarlyklaryndan ugur almak bilen, degişli edaralara (polisiýa, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyna, döwlet ýangyn howpsuzlyk gullugyna we beýleki ygtyýarly edaralara) habar bermäge;
eger howpsuzlygyň bähbitlerine ýa-da zyýanyň azaldylmagyna ters gelmeýän bolsa, zyýan ýeten emlägi ätiýaçlandyryjy gözden geçirýänçä ätiýaçlandyryş halatyndan soňky görnüşde saklamagy üpjün etmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri görmäge;
ätiýaçlandyryjynyň zyýan ýeten emlägi bökdençsiz gözden geçirmegi we barlamagy, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäplerini, ýitginiň möçberini we beýleki ýagdaýlary anyklamagy üçin mümkinçilik bermäge;
ätiýaçlandyryja ähli zerur maglumatlary, gerek bolsa ýazmaça görnüşde bermäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halatynyň (ýol-ulag hadysasynyň) ýüze çykmagynyň ýagdaýlaryny we zyýanyň möçberini anyklamak üçin zerur bolan resminamalary bermäge;
zyýan ýetirilmeginiň ätiýaçlandyryş halaty (ýol-ulag hadysasy) boýunça ygtyýarly edaralaryň hereketleriniň başynda (derňewe başlamazdan, kazyýete çagyrmakdan we şuňa meňzeşlerden öňürti) ejir çekeniň resmi nägilelikleri (raýat-hukuk jogapkärçiligi), şeýle hem onuň ýazmaça beren ähli nägilelikleri hakynda ätiýaçlandyryja, mümkin boldugyça gysga möhletde, habar bermäge;
zyýanyň möçberini kesgitlemegiň meselelerini düzgünleşdirmek boýunça ätiýaçlandyryjy bilen geňeşmäge borçludyr.
Hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyrýanyň Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän beýleki borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
22. Ätiýaçlandyryjynyň şulara:
ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyş etmäge;
zyýan ýeten emlägi gözden geçirmäge gatnaşmaga;
ätiýaçlandyrýanyň günäkärdigi we günäsiniň derejesi bilen baglanyşykly maglumatlaryň berilmegini ygtyýarly edaralardan soramaga;
ulag serişdesiniň eýesi (gatnadyjy) hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak hakynda arza bilen ýüz tutan mahaly hökmany ätiýaçlandyryş hakynda ozal baglaşylan şertnamalar hakynda doly maglumat berilmegini ätiýaçlandyrýandan soramaga hukugy bardyr.
23. Ätiýaçlandyryjy şulara:
ätiýaçlandyryş halaty (ýol-ulag hadysasy) ýüze çykan mahalynda hökmany ätiýaçlandyryş şertleri göz öňünde tutulan ähli zerur bolan resminamalar jemlenenden we tabşyrylandan soň 7 (ýedi) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge (ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) bilen baglanyşykly jedellere kazyýet tertibinde garalýan halatlar muňa girmeýär);
ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilende ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny bermäge;
ätiýaçlandyryş halaty (ýol-ulag hadysasy) hakynda habar alnandan soň 3 (üç) iş gününiň dowamynda ykrarhaty düzmäge;
zerur bolan halatlarda ykrarhatyny düzmäge gatnaşmak üçin emläge zyýan ýetirilmeginiň sebäplerini we derejesini, şeýle hem onuň bahasyny kesgitlemek maksady bilen, degişli ygtyýarly edaralaryň bilermenlerini çagyrmaga;
ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, (Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir) borçludyr.
24. Ätiýaçlandyryş halaty (ýol-ulag hadysasy) üçünji taraplaryň aradan çykmagyna, maýyp bolmagyna ýa-da olaryň saglygyna başga bir görnüşde şikes ýetmegine, şeýle hem olaryň emläginiň zaýalanmagyna ýa-da ýok bolmagyna getiren halatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde töleýär.
25. Ätiýaçlandyryş halatynyň (ýol-ulag hadysasynyň) netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna ýetirilen beden şikesi bilen baglanyşykly bolan zyýan üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi “Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine we saglygy goraýyş edarasynyň delilhatyna laýyklykda ýetirilen şikesiň derejesine baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberinden ugur alnyp tölenilýär.
(Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2020-nji ýylyň 01-nji aprelinde çykaran 1732-nji kararynyň “Türkmenistanyň Prezidentiniň üýtgetmeler, goşmaçalar girizilýän we güýjüni ýitiren diýip ykrar edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawy.)
26. Emläk zyýany üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ýetirilen zyýanyň möçberinde tölenýär, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden geçmeli däldir.
27. Iki ýa-da şondan köp üçünji tarapyň emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky talaplar boýunça tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberleri (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri) ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolan ýagdaýynda umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi olaryň her birine deň paýlarda tölenilýär.
28. Ätiýaçlandyryş halatynyň (ýol-ulag hadysasynyň) netijesinde oňa gatnaşyjylaryň öz ýetiren zyýany üçin günäkärligi özi tarapyndan ýa-da Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy tarapyndan, derňew we ygtyýarly edaralar tarapyndan ykrar edilmegi arkaly anyklanýar, çaprazlyklar bar mahaly kazyýet tertibinde kesgitlenýär.
29. Ätiýaçlandyryş halatynyň (ýol-ulag hadysasynyň) netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine zyýan ýetirilen ýagdaýynda zyýanyň möçberi ätiýaçlandyrýanyň üstüne kazyýetiň çözgüdi esasynda ýüklenen möçberi bilen ýa-da ätiýaçlandyryjy tarapyndan saglygy goraýyş, derňew we beýleki edaralardan alnan maglumatlaryň esasynda kesgitlenýär.
30. Hökmany ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek ätiýaçlandyrýanyň jogapkärçiligini anyklan kazyýetiň çözgüdi güýje giren ýa-da ätiýaçlandyrýanyň üçünji taraplaryň öňündäki jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryjy bilen deslapdan ylalaşyp ykrar edilen we töleg hakyndaky meseläni çözmek üçin zerur bolan ähli resminamalar alnan gününden başlap 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda amala aşyrylýar.
31. Emläge zyýan ýetirilen mahaly ýitgileriň möçberi zyýan ýetirilen emlägi dikeltmegiň bahasyndan ýa-da aýry-aýry şaýlary we bölekleri abatlamak boýunça zerur çykdajylaryň möçberinden ugur alnyp kesgitlenýär.
Dikeltmegiň bahasy we çykdajylaryň möçberi ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan pursatynda ulanylýan bahalardan ugur alnyp düzülýän hasaplamalar esasynda ýa-da gurluşyk, abatlaýyş we beýleki ygtyýarly edaralar tarapyndan düzülen hasaplamalar esasynda kesgitlenýär.
Zerur bolan mahaly ätiýaçlandyryjy dikeltmegiň bahasyny kesgitlemek ýa-da zyýan ýetirilen emlägi dikeltmek üçin hasaplamalaryň barlagy üçin garaşsyz bilermenleriň hyzmatlaryndan peýdalanýar.
32. Ejir çekeniň emlägine ýetirilen zyýan üçin hökmany ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça degişli öwezini doluş töleglerine garamazdan tölenýär, ýöne ejir çekeniň ähli ätiýaçlandyryş guramalaryndan alan ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň umumy möçberi hakyky zyýanyň möçberinden köp bolmaly däldir.
33. Ýetirilen zyýan üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ejir çekene ýa-da onuň mirasyna pensiýa ätiýaçlandyrmasy, döwlet saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy ýa-da beýleki ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça ejir çekene ýa-da onuň mirasdarlaryna tölenilmeli ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerine garamazdan tölenilýär.
34. Kazyýet, derňew, saglygy goraýyş, edaralary ýa-da degişli ygtyýarly edaralar hökmany ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin zerur maglumatlary ätiýaçlandyryja bermäge borçludyrlar.
35. Eger üçünji taraplaryň saglygyna we emlägine şu aşakdaky görkezilen halatlardan zyýan ýetirilen bolsa, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemeýär:
ulag serişdesi ýüklenilýän ýa-da düşürilýän wagtynda;
ýangyna garşy howpsuzlygyň, zäherli, ýagny howply we partlaýjy maddalary daşamagyň we saklamagyň kadalary bozulanda;
ulag serişdesiniň eýesi ony jenaýatyň guraly hökmünde ulananda;
daş-töwerekdäki tebigat hapalananda ýa-da ol zaýalananda;
ätiýaçlandyryş halaty (ýol-ulag hadysasy) bilen baglanyşykly bolmadyk jemgyýetçilik tertipsizliklerinde, harby dawa-jenjellerde, tebigy heläkçiliklerde, ok-därileriň partlamagynda;
gadymy gymmat bahaly we örän seýrek duş gelýän zatlar, gymmatly metallardan, daşlardan timarlanyp ýasalan gymmatly, ýarym gymmatly zatlar, din ybadatlaryna degişli zatlar, kolleksiýalar, suratlar, golýazmalar, pullar, gymmatly kagyzlar zaýalananda;
ätiýaçlandyryş halatyna (ýol-ulag hadysasyna) üçünji tarapyň gatnaşmagy resminamalary bilen tassyklanylmadyk ýagdaýynda;
ýokary derejedäki howpuň çeşmesine barabarlykda ulag serişdesiniň eýesi hökmünde ätiýaçlandyrýanyň jogapkärçiligi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen aradan aýrylýan ýagdaýlarda;
Ruhy zyýanyň we üçünji tarapyň elden giderilen peýdasynyň, şeýle hem ejir çekeniň harytlary eltmegiň ýa-da işleri ýerine ýetirmegiň (hyzmatlary etmegiň) möhletlerini, şertnamalar boýunça beýleki borçnamalary bozmagy sebäpli ýüze çykan ýitgileriň (jerimeleriň, jerime tölegleriniň we şuňa meňzeşleriň) hem öwezi dolunmaýar.
36. Ätiýaçlandyryş şertnamasy aşakdaky ýagdaýlarda:
ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti tamamlananda;
ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;
şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenmedik ýagdaýynda;
edara görnüşli tarapyň işi togtadylanda, bes edilende ýa-da ýatyrylanda “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 22-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaý muňa degişli däldir;
ätiýaçlandyrýan aradan çykanda “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 22-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan borçlary berjaý edilmedik ýagdaýynda muňa degişli däldir;
ätiýaçlandyrýan tarapyndan “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan borçlary berjaý edilmedik ýagdaýynda.
37. Zyýan çekene hökmany ätiýaçlandyryş boýunça öwezini doluş tölegini tölän ätiýaçlandyryjy aşakda görkezilen halatlarda regress talabyny etmek hukugyna eýedir:
eger kazyýet seljermesiniň barşynda ulag serişdesiniň zyýan ýetirene mälim bolan ýa-da oňa mälim bolmaly bolan tehniki näsazlyklar sebäpli ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy anyklanylan bolsa;
eger zyýan ýetiren hadysanyň bolan ýerinden gaçyp giden bolsa;
ulag serişdesini dolandyrmaga hukugy bolmadyk ýa-da serhoş ýagdaýynda ýa-da neşe serişdelerini, psihotrop, zäherleýji we beýleki seri dumanladyjy maddalary ulanan sürüji tarapyndan awtomobil ulag serişdesi dolandyrylan bolsa;
ulag serişdesi onuň tehniki häsiýetlerine mahsus däl maksatlar üçin ulanylan bolsa;
awtoulag serişdesini bikanun hereketler bilen ele salan adamlaryň hereketleri bilen zyýan ýetirilen bolsa.
38. Şulara:
ulag serişdesiniň eýesinde hakyna tutma boýunça işleýän sürüjä;
ulag serişdeleriniň eýesiniň onuň bilen bilelikde hojalygy ýöredýän maşgala agzalaryna;
ulag serişdesiniň eýesi bar mahaly dolandyran adama regress talaby bildirilmeýär.
39. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň we arzanyň nusgalary Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan bellenen tertipde tassyklanylýar.
40. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Düzgünnamada bellenen kadalardan başgaça bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.
41. Şu Düzgünnamanyň kadalarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilige eltýär.
42. Hökmany ätiýaçlandyryş boýunça taraplaryň gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedellere Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde garalýar.
Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň)
üçinji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň
hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakyndaky
Düzgünnama goşundy
Bir awtomobil ulag serişdesi üçin durmuş töleglerini we beýleki tölegleri,
salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdaryndan
hasaplanylýan ýyllyk ätiýaçlandyryş tölegleriniň
MÖÇBERLERI
1. Üçünji tarapyň ömrüne, saglygyna zyýan ýeten halatynda aňryçäk jogapkärçilik durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary ýygymlary hasaplamak üçin binaýatlik möçberiniň 100 essesine barabardyr.
2. Zyýan ýetirilen ýa-da ýok edilen emlägiň öwezini dolmak boýunça aňryçäk jogapkärçilik şu aşakdakylar boýunça kesgitlenilýär:
Ýük çekýän we ýörite awtomobil ulag serişdesi
Ýük göterijiligi |
Emläge zyýan ýetirilmegi üçin jogapkärçiligiň möçberi durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk möçberiniň ortaça essesi |
||||
|
25 |
37,6 |
50 |
62,5 |
100 |
(durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň göterimlerinde) |
|||||
1 tonna çenli |
78 |
86 |
94 |
102 |
122 |
1,1-8 tonna |
84 |
93 |
100 |
109 |
129 |
3,1-15 tonna |
92 |
100 |
103 |
116 |
114 |
8,1-15 tonna |
96 |
105 |
120 |
126 |
152 |
15,1-20 tonna |
99 |
109 |
121 |
130 |
160 |
20 tonnadan köp |
113 |
124 |
135 |
146 |
180 |
Bellikler:
1. Çekiji üçin ätiýaçlandyryş töleginiň möçberi awtoulag serişdesi üçin ätiýaçlandyryş nyrhynyň 100 göterimine, tirkeg üçin - awtoulag serişdesi üçin ätiýaçlandyryş nyrhynyň 10 göterimine barabardyr.
2. Partlaýjy, aňsat ot alýan maddalary daşaýan awtoulag serişdeleri üçin ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi 50 göterim, gaz, ýangyç daşaýanlar üçin 25 göterim, gan daşaýanlar, rentgen barlaghanalary, ýangyn söndüriji, zibil toplaýjy ulaglar we ýol ulaglary üçin - olaryň kuwwatyna baglylykda 50 göterime çenli artýar.
Ýeňil awtomobil ulag serişdesi
Görnüşleri |
Emläge zyýan ýetirilmegi üçin jogapkärçiligiň möçberi durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň ortaça essesi |
||||
|
25 |
37,6 |
50 |
62,5 |
100 |
(durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň göterimlerinde) |
|||||
Ähli kysymlary |
75 |
80 |
90 |
95 |
115 |
Bellik: Gulluk awtomobil ulag serişdesi üçin ätiýaçlandyryş töleginiň möçberi 30 goterim, taksiler üçin - 20 göterim, sport awtomobil ulagy we sürmegi öwretmek üçin awtomobil ulag serişdeleri üçin 15 göterim artýar.
Awtobuslar
Görnüşleri |
Emläge zyýan ýetirilmegi üçin jogapkärçiligiň möçberi durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň ortaça essesi |
||||
|
25 |
37,6 |
50 |
62,5 |
100 |
(durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň göterimlerinde) |
|||||
11 orna çenli |
75 |
81 |
88 |
100 |
125 |
11-19 orunly |
88 |
100 |
113 |
119 |
138 |
20-29 orunly |
94 |
113 |
119 |
125 |
156 |
29 orundan köp |
113 |
125 |
138 |
150 |
181 |
Bellik: Eger awtobus talyplary, mekdep okuwçylaryny ýa-da gullukçylary gatnatmak üçin ulanylýan bolsa 15 göterim möçberde ýeňillik berilýär.
Motosikller
Görnüşleri |
Emläge zyýan ýetirilmegi üçin jogapkärçiligiň möçberi durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň ortaça essesi |
||||
|
25 |
37,6 |
50 |
62,5 |
100 |
(durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň göterimlerde) |
|||||
Gozakly |
25 |
26 |
28 |
31 |
38 |
Gozaksyz |
19 |
25 |
26 |
28 |
34 |
Bellik: Sport motosiklleri üçin ätiýaçlandyrma töleginiň möçberi 30 göterim artýar.
Türkmenistanyň çägine 15 güne çenli möhlet bilen gelýän daşary ýurtlaryň
edara görnüşli taraplarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy
bolmadyk adamlaryň ulag serişdeleri üçin:
Awtomobil ulaglarynyň görnüşleri |
Emläge zyýan ýetirilmegi üçin jogapkärçiligiň möçberi durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň ortaça essesi |
|||
62,5 |
125 |
200 |
250 |
|
Amerikan dollarynda |
||||
Ýük awtomobilleri |
70 |
100 |
125 |
150 |
Ýeňil awtomobilleri |
50 |
65 |
80 |
100 |
Awtobuslar |
60 |
80 |
100 |
125 |
Motosikller |
20 |
30 |
40 |
50 |
Türkmenistanyň çägine 5 güne çenli möhlet bilen gelýän daşary ýurtlaryň edara
görnüşli taraplarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk
adamlaryň ulag serişdeleri üçin:
Awtomobil ulaglarynyň görnüşleri |
Emläge zyýan ýetirilmegi üçin jogapkärçiligiň möçberi durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň ortaça essesi |
|||
20 |
80 |
140 |
200 |
|
Amerikan dollarynda |
||||
Ýük awtomobilleri |
50 |
80 |
105 |
150 |
Ýeňil awtomobilleri |
35 |
50 |
65 |
85 |
Awtobuslar |
45 |
65 |
85 |
110 |
Motosikller |
15 |
25 |
35 |
45 |