Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda DÜZGÜNNAMA

14.09.2022

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

 

«11» sentýabr 2020 ý.                 № PP-721                                        Aşgabat ş.

 

 

«Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa ulagynyň ekipažlarynyň agzalarynyň, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet strahowaniýesi hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň

1995-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda çykaran 1646-njy Permanynyň käbir

böleklerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

 

 

«Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 31-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

«Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa ulagynyň ekipažlarynyň agzalarynyň, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet strahowaniýesi hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda çykaran 1646-njy Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň 1995-nji ýyldaky 9-njy ýygyndysynyň 2789-njy maddasy) ikinji, üçünji, dördünji we bäşinji böleklerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

 

 

Türkmenistanyň                                                         Gurbanguly

    Prezidenti                                                              Berdimuhamedow

 

 

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

K A R A R Y

 

«11» sentýabr 2020 ý.                 № 1899                                        Aşgabat ş.

 

 

Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň

hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda

 

Türkmenistanyň Howa kodeksine, Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine, «Awtomobil ulagy hakyndaky», «Demir ýol ulagy hakyndaky» we «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda hökmany döwlet ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylaryny, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalaryny we demir ýol ulaglarynyň işgärlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy bilen ylalaşyp Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärlerin hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlyk gorlaryny emele getirmegiň we harçlamagyň Tertibini bellenen tertipde tassyklamaly.

3. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy, «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

 

 

Türkmenistanyň                                                         Gurbanguly

    Prezidenti                                                              Berdimuhamedow

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda çykaran 1899-njy karary bilen tassyklandy

 

Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň

hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda

DÜZGÜNNAMA

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Şu Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda Düzgünnama (mundan beýläk - Düzgünnama) Türkmenistanyň Howa kodeksine, Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine, «Awtomobil ulagy hakynda», “Demir ýol ulagy hakynda” we «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Düzgünnama ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy (mundan beýläk - hökmany ätiýaçlandyryş) boýunça ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

3. Hökmany ätiýaçlandyryş:

1) demir ýol, awtomobil, deňiz we derýa ulaglarynyň şäherýaka gatnawlarynyň;

2) gezelenç we syýahat ugurlarynda hem-de geçelgelerde deňiz we derýa ulaglarynyň;

3) şäheriň ýolagçy ugurlarynda awtomobil ýolagçy gatnatmalarynyň;

4) şäher elektrik ulaglarynyň ýolagçylaryna we işgärlerine degişli däldir.

4. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylary, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalary we demir ýol ulaglarynyň işgärleri howa, deňiz, derýa, awtomobil we demir ýol ulaglaryna münmek yglan edilen pursatyndan başlap, olar düşýänçä ätiýaçlandyrylan hasaplanylýar.

5. Ulagda tölegsiz gatnamak hukugy bolan ýolagçylar ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemezden ätiýaçlandyrylýarlar.

6. Üstaşyr geçýän ýolagçylar menzilleriň çäklerinde garaşýan ýa-da howa, deňiz, derýa gämilerine, otlulara, awtobuslara mündürilýän bütin wagtynyň dowamynda ätiýaçlandyrylan hasaplanylýar.

Üstaşyr geçýän ýolagçylaryň menzilleriň çäklerinden giden mahaly olaryň ätiýaçlandyrmasy öz-özünden ýatyrylýar we dolanyp gelenlerinde ýene-de dikeldilýär.

7. Hökmany ätiýaçlandyryşy geçirmek Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalarynyň üstüne ýüklenilýär.

8. Şu Düzgünnamanyň maksatlary üçin ulanylýan esasy düşünjeler:

1) ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) - Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenilýän pul möçberi;

2) ätiýaçlandyryş nyrhy - ätiýaçlandyryş gatanjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň birliginden ýa-da ätiýaçlandyryş obýektinden alynýan, ätiýaçlandyryjylarda ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) töleglerini geçirmek, ätiýaçlandyryş ätiýaçlyk gaznalaryny, öňüni alyş çäreleriniň gaznasyny we başga gaznalary döretmek üçin, şeýle hem işiň alnyp barylmagy we ätiýaçlandyryjylaryň ösdürilmegi boýunça çykdajylaryň ödelmegi üçin ýeterlik maliýe serişdeleriniň emele gelmegini üpjün edýän möçberlerde bellenilýän töleg haky;

3) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi - ätiýaçlandyryş şertnamasyna we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;

4) ätiýaçlandyryş pul möçberi - ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

5) ýolagçy - petek esasynda ýa-da başga kanuny esaslarda ýolagçy ulag serişdesinde gatnaýan fiziki şahslar;

6) ekipaž agzalary - Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslarda ulag serişdesinde daşamagy amala aşyrýan we ýolagçylara ulag serişdesinde hyzmaty ýerine ýetirýän fiziki şahslar;

7) demir ýol ulagynyň işgärleri - gatnaw häsiýetli işde bolýan, otlularda gözegçilik-barlag wezipelerini ýerine ýetirýän demir ýol ulagynyň işgärleri, şeýle hem harbylaşdyrylan goragyň düzüm  birlikleriniň işgärleri.

 

II bap. Ätiýaçlandyryşyň obýekti

 

9. Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ýolagçylaryň, ekipaž agzalarynyň we ulag işgärleriniň (mundan beýläk-ätiýaçlandyrylan şahs) ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan pursatyndaky ömrüne, saglygyna we zähmete ukyplylygyna ýetirilen şikes bilen baglanyşykly şahsy bähbitleri hökmany ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

10. Ätiýaçlandyrylan şahslary betbagtçylykly hadysalardan goramak, şeýle hem betbagtçylykly hadysalar sebäpli ätiýaçlandyrylan şahslara ýetiriljek şikesiň öwezini dolmak hökmany ätiýaçlandyryşyň maksady bolup durýar.

11. Şu aşakdakylar hökmany ätiýaçlandyryşyň esasy ýörelgeleri bolup durýar:

1) ýetirilen şikesiň öwezini dolmagy kepillendirmek;

2) taraplaryň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek;

3) hökmany ätiýaçlandyryş amala aşyrylanda kanunçylygy berjaý etmek;

4) ulaglaryň betbagtçylykly hadysalarynyň öňüni almagy ykdysady taýdan höweslendirmek.

 

 

 

III bap. Ätiýaçlandyryş halaty

 

12. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ulaglarda betbagtçylykly hadysalaryň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahslara şikes ýetmegi ýa-da olaryň aradan çykmagy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.

Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen, ätiýaçlandyrýanda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýa-da onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalaryna degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçnamalary berjaý etmek boýunça talap bildirmek hukugy, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda ýa-da onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalarynda bolsa, bu barada degişli borçnama döreýär.

Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň subutnamasy degişli resminamalar we dogrulygyna şübhe döretmeýän beýleki maglumatlar esasynda, kazyýetleriň, derňew we beýleki edaralaryň çözgütleri bilen, şeýle hem zerur bolan halatlarda bolsa, bilermenleriň netijenamalary esasynda bellenilýär.

 

IV bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

13. Hökmany ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi petegiň satyn alnan senesinde Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 100 essesi möçberinde bellenilýär.

14. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda hökmany ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi), ätiýaçlandyrylan şahslara ýa-da olaryň mirasdarlaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslar boýunça, şol bir hadysalar bilen baglanyşykly puluň tölenendigine garamazdan tölenilýär.

 

V bap. Ätiýaçlandyryş nyrhy we ätiýaçlandyryş gatançlary

(ätiýaçlandyryş baýraklary)

 

15. Hökmany ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş nyrhy şu aşakdaky möçberlerde bellenilýär:

1) howa we deňiz ulaglary ugurlarynda bileti satyn alnan senesinde Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 1 göterimi möçberinde;

2) derýa, demir ýol we awtomobil ulaglarynyň ugurlarynda petegiň satyn alnan senesinde Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 0,5 göterimi möçberinde.

16. Ätiýaçlandyrylan şahslaryň tölemeli ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ýolagçy gatnatmalaryny amala aşyrýan guramaçylyk hukuk görnüşine garamazdan, edaralar, kärhanalar we guramalar, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler (mundan beýläk - ulag kärhanasy) tarapyndan şu Düzgünnamanyň on bäşinji böleginde bellenilen möçberlerde alynýar.

17. Ätiýaçlandyrylan şahslaryň tölemeli ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ulag kärhanalary tarapyndan petekleriniň bahasyna goşulyp alynýar.

18. Ätiýaçlandyrylan şahs bolup durýan ekipaž agzalary we işgärleri üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ulag kärhanasy tarapyndan şu Düzgünnamanyň on bäşinji böleginde bellenilen möçberlerde tölenilýär.

19. Daşary ýurt döwletleriň ätiýaçlandyrylan şahslaryndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ulag kärhanalary tarapyndan milli puluň ýolagçy petekleriniň satyn alnan günündäki hereket edýän hümmeti boýunça daşary ýurt pulunda şu Düzgünnamanyň on bäşinji böleginde bellenilen möçberlerde alynýar.

20. Ulag kärhanalardan buýrulyp alnan (kärendä alnan) ulag serişdelerinde petekleri satyn almazdan gatnadylýan buýrujynyň (kärendeçiniň) ätiýaçlandyrylan şahslar buýrujynyň (kärendeçiniň) serişdeleriniň hasabyna hökmany ätiýaçlandyryşa degişlidir. Şolar boýunça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) şu  Düzgünnamanyň on bäşinji böleginde bellenilen möçberlerde alynýar.

21. Ätiýaçlandyrylan şahslardan alnan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ulag kärhanalary tarapyndan aýratyn kömekçi hasapda toplanylýar we şu Düzgünnamanyň ýigrimi ikinji böleginde görkezilen tertipde geçirilýär.

Ulag kärhanalarynyň ätiýaçlandyrylan şahslardan alýan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ulag kärhanalaryň býujet bergisine, şeýle hem beýleki töleglerine we çykdajylaryna gönükdirilip bilinmez.

22. Ulag kärhanalary her aý üçin milli puldaky ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) şondan soňky gelýän aýyň 5-inden gijä galman şu tertipde geçirýärler:

1) raýat awiasiýasynyň we demir ýol ulaglarynda daşamak işleriniň çygrynda işleri amala aşyrýan ulag kärhanalary Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hasaplaşyk hasabyna;

2) awtomobil ulagynda, deňiz we içerki suw ulaglarynda ýolagçylary daşamak işleriniň çygrynda işleri amala aşyrýan ulag kärhanalary portuň, menziliň ýerleşýän ýerleri boýunça Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalarynyň hasaplaşyk hasabyna.

Daşary ýurt pulunda alynan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiyaçlandyryş baýraklary) ulag kärhanalary tarapyndan şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen möhletde Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň daşary ýurt pulundaky hasabyna geçirilýär.

23. Geçen ýylda ätiýaçlandyrylan şahslardan alnan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalaryna doly geçirilende her ýylda bir senenama ýyly üçin ikitaraplaýyn gol çekilen Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary tarapyndan tassyklanan bellenilen görnüşdäki ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ulag kärhanalaryna berilýär.

24. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda olaryň töledilmegi Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

VI bap. Taraplaryň borçlary

 

25. Hökmany ätiýaçlandyryşy geçirýän ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk-ätiýaçlandyryş guramalary) şulara borçludyr:

1) ulag kärhanalary tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) dogry alnyşyna we olary degişli ätiýaçlandyryş guramalarynyň hasabyna öz wagtynda we doly geçirişine ýylda bir gezek barlag geçirmäge;

2) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) şu Düzgünnamanyň otuz dördünji böleginde bellenilen möhletde tölemäge;

3) ätiýaçlandyrylan şahslaryň ýa-da onuň mirasdarlarynyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenmegi baradaky arzasyny bellenilen tertipde hasaba almaga we şu Düzgünnamanyň ýigrimi ýedinji böleginde görkezilen resminamalaryň doly we dogry resmileşdirilişini barlamaga.

26. Ulag kärhanalary şulara borçludyr:

1) ätiýaçlandyrylan şahslardan alnan we ätiýaçlandyrylan şahs bolup durýan ekipaž agzalary we ulag işgärleri üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) şu Düzgünnamanyň ýigrimi ikinji böleginde bellenilen möhletde degişli ätiýaçlandyryş guramalaryna öz wagtynda geçirmäge;

2) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman degişli ätiýaçlandyryş guramalaryna habar bermäge;

3) ulagda bolup geçen betbagtçylykly hadysa barada «Önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalary derňemegiň we hasaba almagyň Tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 20-nji maýynda çykaran 14780-nji karary bilen tassyklanylan Önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalary derňemegiň we hasaba almagyň Tertibinde kesgitlenen tertipde we möhletde B-1 görnüşdäki ykrarnamany (mundan beýlä - B-1 görnüşdäki ykrarnama) düzmäge we onuň nusgasyny degişli ätiýaçlandyryş guramalaryna bermäge.

 

VII bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin zerur bolan resminamalar

 

27. Ätiýaçlandyrylan şahslar ýa-da mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama alan adamlar ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek baradaky meseläniň çözülmegi üçin aşakdaky resminamalary resmileşdirýärler we degişli ätiýaçlandyryş guramalaryna berýärler.

1) ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan ýagdaýynda:

a) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada bellenilen görnüşdäki arzany;

b) ätiýaçlandyrylan şahsyň ölümi hakynda şahadatnamanyň nusgasyny;

ç) döwlet notarial edarasy tarapyndan berlen mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamanyň nusgasyny;

d) B-1 görnüşdäki ykrarnamanyň nusgasyny.

2) ätiýaçlandyrylan şahs şikes alan ýagdaýynda:

a) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada bellenilen görnüşdäki arzany;

b) görnüşi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýan, delilhaty (mundan beýläk - saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty);

ç) B-1 görnüşdäki ykrarnamanyň nusgasyny.

 

VIII bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini

doluş tölegini) tölemegiň tertibi

 

28. Ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) onuň mirasdarlaryna şu Düzgünnamanyň ýigrimi ýedinji böleginde görkezilen resminamalaryň esasynda doly möçberde tölenilýär.

29. Ätiýaçlandyrylan şahs betbagtçylykly hadysalaryň netijesinde şikes alan ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) «Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň        2019-njy ýylyň 8‑nji aprelinde çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan, Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine we şol Tertibe goşunda - Ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tablisasyna laýyklykda we saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty esasynda kesgitlenilýär.

30. Eger ýeten şikes boýunça bejeriş hakyndaky saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty boýunça ýeten şikesiň agyrlyk derejesiniň gutarnykly göterimini kesgitlemek mümkin bolmasa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) deslapky kesgitlenen göterimden ugur alnyp tölenilýär. Şeýle ýagdaýlarda gutarnykly göterim betbagtçylykly hadysa bolan gününden üç aý geçenden soňra kesgitlenilýär we saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty gaýtadan doldurylýar.

31. Eger ulag hadysasy netijesinde şikes alan ätiýaçlandyrylan şahs ýeten şikesiň agyrlyk derejesinden ugur alnyp bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) wagtynda alman aradan çykan bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi onuň mirasdarlaryna tölenilýär.

32. Şol bir betbagtçylykly hadysanyň netijeleri üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) umumy möçberi bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden geçmeli däldir.

33. Daşary ýurt döwletleriň ätiýaçlandyrylan şahslaryna ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) milli puluň ýolagçy petekleriniň satyn alnan günündäki hereket edýän hümmeti boýunça daşary ýurt pulunda tölenilýär.

Eger ätiýaçlandyrylan şahs ýa-da onuň mirasdary ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenmegi barada arza bereninden soň, ony öz wagtynda talap etmedik bolsa, onda ol soňky gezek ýüz tutanynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) gaýtadan hasaplanmaýar we töleg barada ilkinji gezek arza beren günündäkä laýyk gelýän möçberde tölenýär.

34. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) degişli ätiýaçlandyryş guramalary tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň hakykatdygyny tassyklaýan ähli zerur bolan resminmalar alandan soň 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda tölenilýär.

Eger ätiýaçlandyryş halaty boýunça derňew geçirilýän bolsa, onda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek ýa-da tölemekden ýüz döndürmek baradaky mesele deslapky derňew edaralaryndan jenaýat işi boýunça önümçiligi togtatmak ýa-da jenaýat işini ýatyrmak hakynda karar alnandan soň, iş kazyýete geçirlen halatynda bolsa, kazyýetiň çözgüdiniň, höküminiň kanuny güýje giren gününden soň 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda çözülýär.

 

IX bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini

doluş töleginden) ýüz döndürmegi

 

35. Eger ätiýaçlandyrylan şahslara şikes ýetmegi ýa-da olaryň aradan çykmagy aşakdaky ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolsa, onda ätiýaçlandyryş halatyna degişli däldir:

1) ätiýaçlandyrylan şahs ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Bu kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;

2) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykda durýan bolsa;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.

36. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden ýüz döndürmek barada netije çykarylan gününden soň, 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda degişli ätiýaçlandyryş guramalary ýüz dönderilmegi sebäbini görkezmek bilen, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da onuň mirasdaryna ýazmaça habar berýärler.

 

X bap. Taraplaryň jogapkärçiligi we jedellere garamagyň tertibi

 

37. Şu Düzgünnamanyň talaplarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

38. Hökmany ätiýaçlandyryş boýunça taraplaryň arasynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.