Ätiýaçlandyryş babatyndaky işi ygtyýarlylandyrmak hakynda DÜZGÜNNAMA

15.09.2022

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

K A R A R Y

 

«21» awgust 2015 ý.                    № 14385                                       Aşgabat ş

 

Ätiýaçlandyryş babatyndaky işi we Gymmatly kagyzlar bazarynda

hünär işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamalary

tassyklamak barada

 

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015ý. № 8, 3767-nji madda)

 

«Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky», «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» we «Gymmatly kagyzlar bazary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Ätiýaçlandyryş babatyndaky işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany;

Gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

2. «Audirtorçylyk işini, Ätiýaçlandyrmak babatyndaky işi we Gymmatly kagyzlaryň bazaryndaky hünär işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamalary tassyklamak barada» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 14-nji awgustynda çykaran 10595-nji kararyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2009-njy ýyldaky 8-nji ýygyndysynyň 442-nji maddasy) güýjüni ýitiren hasap etmeli.

3.Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Hojamämmedow, Türkmenistanyň Maliýe ministri M.Muhamedow hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri Ý.Şeripow gözegçlik etmeli.

 

 

    Türkmenistanyň                                                         Gurbanguly

        Prezidenti                                                           Berdimuhamedow

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2015-nji ýylyň 21-nji awgustynda çykaran

14385-nji karary bilen tassyklandy

 

 

Ätiýaçlandyryş babatyndaky işi ygtyýarlylandyrmak hakynda

DÜZGÜNNAMA

 

I.Umumy düzgünler

 

1. Şu Düzgünnama «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky» we «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda ätiýaçlandyryş babatyndaky işi ygtyýarlylandyrmagyň tertibini belleýär.

2. Ätiýaçlandyryş babatyndaky işi ygtyýarlylandyrmagyň maksady Türkmenistanda ätiýaçlandyryş bazarynyň kadaly işlemegine we geljekki ösüşine gözegçiligi üpjün etmek, şeýle hem işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi amala aşyrylanda ätiýaçlandyrýanlaryň hem-de dowletin hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak bolup durýar.

3. Şu Düzgünnamada aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ätiýaçlandyryş babatyndaky iş - ätiýaçlandyryjylaryň, gaýtadan ätiýaçlandyryjylaryň we ätiýaçlandyryş dellallarynyň ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaranyň ygtyýarnamasy esasynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrýan ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamalaryny baglaşmak we ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly iş;

2) ätiýaçlandyryşyň görnüşi - ätiýaçlandyryjy tarapyndan işlenip taýýarlanylýan we ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak arkaly hökmany (döwlet) we meýletin (döwlet däl) ätiýaçlandyryşyň çäginde ätiýaçlandyrýana berilýän ätiýaçlandyryş önüm;

3) ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny esasynda ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçi edara görnüşli tarapy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

4) gaýtadan ätiýaçlandyryjy - degişli ygtyýarnamanyň esasynda gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmak we ýerine ýetirmek tertipnama işiniň esasy bolup durýan telekeçi edara görnüşli tarap (gaýtadan ätiýaçlandyryş guramasy);

5) ätiýaçlandyryş dellaly - degişli ygtyýarnamanyň esasynda ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş meseleleri barada maslahat beriş hyzmatlary boýunça işi, şeýle hem öz adyndan we ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) tabşyrygy boýunça ätiýaçlandyryş we (ýa-da) gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmak boýunça araçylyk işini amala aşyrýan, Türkmenistanyň telekeçi edara görnüşli tarapy;

6) ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply şahsy ýa-da edara görnüşli tarap;

7) gaýtadan ätiýaçlandyrýan - özi tarapyndan kabul edilen ätiýaçlandyryş töwekgelçiliklerini (jogapkärçiligini) gaýtadan ätiýaçlandyryşa berýän ätiýaçlandyryjy ýa-da gaýtadan ätiýaçlandyryjy;

8) gaýtadan ätiýaçlandyryş - ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça kabul edilen ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleriniň (jogapkärçiliginiň) ählisiniň ýa-da olaryň bir böleginiň soňra gaýtadan ätiýaçlandyryjy bilen baglaşylýan gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda berilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan iş we onuň bilen baglanyşykly gatnaşyklar;

9) ätiýaçlandyryş kadalary - ätiýaçlandyryjy tarapyndan tassyklanan we ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara bilen ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga tertipde ylalaşylan, ätiýaçlandyryşyň belli bir görnüşi boýunça ätiýaçlandyryşyň şertlerini kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk resminamasy;

10) prudensial ölçegler - tölege ukyplylygyň we maliýe durnuklylygynyň, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan bellenilýän we ätiýaçlandyryjylar (gaýtadan ätiýaçlandyryjylar) tarapyndan berjaý edilmegi hökmany bolan ölçegler;

11) ätiýaçlandyryş şertnamasy - ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasynda baglaşylan şertnama, oňa laýyklykda belli bir wakalar (ätiýaçlandyryş halatlary) ýüze çykanda ätiýaçlandyryjylar tarapyndan ätiýaçlandyrylan pul möçberleriniň we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenilmegini ýa-da şertnamada görkezilen başga bir hereketi ýerine ýetirmek maksady bilen, ätiýaçlandyryjylara töleýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasabyna şahsy we edara görnüşli taraplaryň emläk we beýleki bähbitleriniň goralmagynyň tertibi we şertleri bellenilýär;

12) ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi (jogapkärçiligi) - ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň ýüze çykma mümkinçiligi.

 

II. Ygtyýarlylandyrmagyň subýektleri

 

4. Özleriniň guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, ätiýaçlandyryjylaryň, gaýtadan ätiýaçlandyryjylaryň we ätiýaçlandyryş dellallarynyň Türkmenistanyň Maliýe ministrligi (mundan beýläk - Ygtyýarlylandyryjy edara) tarapyndan berilýän ygtyýarnamanyň esasynda ätiýaçlandyryş babatyndaky işi amala aşyrmaga hukugy bardyr.

Ygtyýarlylandyryjy edara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaranyň hukuklaryna we borçlaryna eýedir.

5. Ätiýaçlandyryş babatyndaky işi amala aşyrmaga hukuk degişli ygtyýarnamanyň alnan pursadyndan başlap ýüze çykýar we ol hukuk ygtyýarnamanyň möhletiniň tamamlanmagy bilen ýitirilýär.

6. Ygtyýarnama almazdan ätiýaçlandyryş babatyndaky işiň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

 

III. Ygtyýarlylandyrylýan işler

 

7. Ätiýaçlandyryş babatyndaky işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnama ätiýaçlandyryşyň şu görnüşlerini ýerine ýetirmäge ygtyýarnamala hukuk berýär:

l) diňe şahsy bähbitleriň döwlet tarapyndan we döwlet tarapyndan bolmadyk ätiýaçlandyrmasy, emläk bähbitleriniň ätiýaçlandyrmasy, jogapkärçilik ätiýaçlandyrmasy;

2) täzeden ätiýaçlandyrma, ätiýaçlandyrma boýunça dellalçylyk işi.

8. Şu Düzgünnamanyň güyji döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna degişli däldir.

9. Ätiýaçlandyryş babatyndaky işiň görnüşleriniň düzümi ygtyýarnamada Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 13180-nji karary bilen tassyklanan, Ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawy hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberleriniň «Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda ygtyýarlylandyrylýan işiň kiçi görnüşi» diýen sütüniniň şertli belgilerine (kodlaryna) laýyklykda görkezilýär.

10. Ätiýaçlandyryş babatyndaky işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnama 5 ýyl möhlete berilýär. Bu möhlet kanunçylykda bellenen tertipde gysgaldylyp ýa-da uzaldylyp bilner.

 

IV. Ätiýaçlandyryş babatyndaky işi ygtyýarlylandyrmagyň

guralyşyna bildirilýän hökmany talaplar

 

11. Ygtyýarnama bermek, ygtyýarnama goşmaça girizmek baradaky arzada ygtyýarnamanyň dalaşgäri özüniň amala aşyrmagy maksat edinýän ätiýaçlandyryş işiniň görnüşini (görnüşlerini) görkezýär, şeýle hem ätiýaçlandyryş babatyndaky işi ygtyýarlylandyrmagyň we amala aşyrmagyň tertibini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen tanşandygyny habar berýär we olary ýerine ýetirmäge borçlanýar.

12. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri ätiýaçlandyryş babatyndaky işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamany almak, ygtyýarnama goşmaça girizmek üçin, Ygtyýarlylandyryjy edara berýän arzasynyň ýanyna «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan resminamalardan başga şular goşýar:

1) esaslyk maýanyň iň pes möçberiniň doly tölenendigini (täze döredilýän ätiýaçlandyryjy, gaýtadan ätiýaçlandyryjy, ätiýaçlandyryş dellaly üçin), öz maýasynyň zerur bolan möçberine degişli Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen talaplaryň ýerine ýetirilendigini (hereket edýän ätiýaçlandyryjylar (gaýtadan ätiýaçlandyryjy we ätiýaçlandyryş dellaly) üçin) tassyklaýan resminamalary;

2) ätiýaçlandyryş amallaryny ösdürmek meýilnamasyny (Ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan bellenen prudensial ölçegleri hasaba almak bilen, meýilnamalaşdyrylýan ätiýaçlyk amallarynyň görnüşleri we möçberleri, gaýtadan ätiýaçlandyryş goragyny guramak);

3) ätiýaçlandyryşyň görnüşlerini amala aşyrmak boýunça ätiýaçlandyryş kadalarynda (ätiýaçlandyryjy üçin) şular görkezilmelidir:

a) ätiýaçlandyryşyň şu görnüşiniň aýratynlyklary barada umumy düzgünler;

b) ätiýaçlandyryş subýektleriniň toparyny (ätiýaçlandyrýanlar, ätiýaçlandyrylan taraplar) kesgitlemek we ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak boýunça çäklendirmeler;

ç) ätiýaçlandyryş obýektlerini kesgitlemek;

d) ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlyk tölegleri (esasy we goşmaça şertler) boýunça jogapkärçiligi ýüze çykýan ätiýaçlyk halatlarynyň sanawyny kesgitlemek;

e) jogapkärçilik çägi (limiti) (ätiýaçlyk pul möçberi);

ä) ätiýaçlyk tölegleriniň (baýraklaryň) tarifleri (möçberleri);

f) ätiýaçlandyrmagyň aňryçäk (iň az) möhletleri;

g) ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmagyň we ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölemegiň tertibi;

h) ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça taraplaryň özara borçnamalary we ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça tölegi tölemekden boýun gaçyryp bolýan ýagdaýlar;

i) ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça nägileliklere garamagyň tertibi.

Kadalaryň ýanyna ätiýaçlandyryş şertnamalarynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamalarynyň), gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamalarynyň görnüşleriniň nusgalary goşulmalydyr;

4) ätiýaçlandyryş nyrhlarynyň hasaplamasy (hasaplama usuly);

5) ätiýaçlandyryş guramasynyň ýolbaşçy işgärler wezipesine saýlanýan (bellenýän) adamlaryň hünär taýdan laýyk gelýändigi barada şu maglumatlar görkezilýär:

a) hünär derejesi barada maglumat, onda ýokarda görkezilen adamlaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, pasport maglumatlary, wezipesi, bilimi hakyndaky maglumatlar (diplomyň belgisini, kim tarapyndan berlendigini we berlen senesini goşmak bilen), iş döwri (hünäri boýunça), şeýle hem Ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan bellenen görnüş boýunça zerur bolan beýleki maglumatlar;

b) ýokary bilimi hakyndaky diplomyň bellenen tertipde tassyklanan nusgasy;

ç) zähmet depderçesiniň bellenen tertipde tassyklanan nusgasy;

6) ygtyýarnamanyň dalaşgärinde, ygtyýarlylandyrylýan işi amala aşyrmak üçin oňa eýeçilik hukugy esasynda ýa-da başga bir kanuny esasda degişli bolan jaýlaryň bardygyny tassyklaýan resminamalaryň bellenen tertipde tassyklanan nusgalary.

13. Ygtyýarlylandyrylýan işiň düzüminde şulary amala aşyrmagy niýet edinýän ygtyýarnamanyň dalaşgäri şu Düzgünnamanyň 12-nji bölüminde görkezilen resminamalary arzanyň ýanyna şu tertipde goşýar:

1) ätiýaçlandyryşy amala aşyrmagy - şu Düzgünnamanyň 12-nji bölüminde görkezilen ähli resminamalary;

2) gaýtadan ätiýaçlandyryşy amala aşyrmagy - şu Düzgünnamanyň 12-nji bölüminiň 1, 2, 4-6-njy kiçi bölümlerinde görkezilen resminamalary;

3) dellalçylyk işi amala aşyrmagy - şu Düzgünnamanyň 12-nji bölüminiň 1-nji we 5-nji kiçi bölümlerinde görkezilen resminamalary.

Ätiýaçlandyryşyň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmaga ygtyýarnamasy bolan we ätiýaçlandyryşyň ygtyýarlylandyrylmaga degişli goşmaça görnüşlerini etmek maksadyny yglan edýän ätiýaçlandyryjy - şu Düzgünnamanyň 12-nji bölüminiň 1-3-nji kiçi bölümlerinde görkezilen resminamalary goşmaça goşýar.

Ygtyýarnama ätiýaçlandyryş babatyndaky işiň ygtyýarlylandyrylýan täze görnüşi bellenen tertipde goşulyp bilner.

Şunda ätiýaçlandyryşyň ygtyýarlylandyrylýan belli bir görnüşi boýunça täze ätiýaçlandyryş kadalarynyň bellenen tertipde tassyklanmagy we olaryň öň berlen ygtyýarnamanyň goşundysy bolup durýan ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň sanawyna girizilmegi ätiýaçlandyryşyň bu görnüşini amala aşyrmak üçin zerur we ýeterlik şert bolup durýar.

14. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berilýän resminamalardaky maglumatlar ýa-da ygtyýarnamaly tarapyndan işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişi barlananda, Ygtyýarlylandyryjy edaranyň şu halatlarda goşmaça seljeriş işlerini geçirmegiň zerurdygy barada çözgüt kabul etmäge hukugy bardyr:

1) berlen resminamalar boýunça ygtyýarnama bermek, ony gaýtadan resmileşdirmek, hereketini uzaltmak ýa-da dowam etdirmek, ygtyýarnama ätiýaçlandyryş babatyndaky işiň goşmaça görnüşlerini goşmak barada anyk çözgüt çykarmaga mümkinçilik bermeýän çaprazlyklar we laýyk gelmezlikler ýüze çykarylan halatynda;

2) ygtyýarnamanyň dalaşgäri (ygtyýarnamaly) ätiýaçlandyryş babatyndaky işiň yglan edilen görnüşini amala aşyrmagyň kadalaryny bozandygy barada gözegçilik edýän edaralaryň, ätiýaçlandyrýanlaryň ýa-da ätiýaçlandyrylan taraplaryň ýazmaça habarnamalarynyň esasynda;

3) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşine ozal berlen ygtyýarnama onuň ygtyýarnamanyň talaplaryny we şertlerini bozandygy sebäpli ýatyrylan bolsa.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri goşmaça seljerişiň bellenmegi bilen ylalaşmadyk halatynda, onuň ygtyýarnama gözegçiligi edarasyna şikaýat etmäge hukugy bardyr.

15. Ygtyýarlylandyryjy edara ygtyýarnama bermekden, ygtyýarnama goşmaça girizmekden, ony gaýtadan resmileşdirmekden, hereketini uzaltmakdan ýa-da dowam etdirmekden ýüz döndürse, ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň (ygtyýarnamalynyň) ygtyýarnama gözegçiligi edarasyna ýa-da kazyýete şikaýat etmäge, şeýle hem garaşsyz seljeriş geçirmegi talap etmäge hukugy bardyr.

Bilermenleriň zähmet tölegleri bilen bagly çykdajylar, şeýle hem garaşsyz seljerişi geçirmek bilen gönüden-göni baglanyşykly goşmaça çykdajylar ygtyýarnamanyň dalaşgäri (ygtyýarnamaly) tarapyndan tölenýär.

16. Ätiýaçlandyryş babatyndaky işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnama Ygtyýarlylandyryjy edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilýär we Ygtyýarlylandyryjy edaranyň möhri basylýar.

 

V. Ygtyýarlylandyrmaga bildirilýän talaplar we şertler

 

17. Ygtyýarnamanyň dalaşgärine bildirilýän ygtyýarlylandyryş talaplary we şertleri şular bolup durýar:

1) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň amala aşyrylmagyny düzgünleşdirýän ölçegleri we kadalary berjaý etmek, şol sanda şu Dügünnamanyň 18-nji bölüminde kesgitlenen prudensial ölçegleri berjaý etmek;

2) ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjy, ätiýaçlandyryş dellaly) işgär wezipe düzüminde işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini alyp barmak üçin zerur bolan bilim derejesi we hünär taýýarlygy bolan hünärmenleriň bolmagy;

3) ätiýaçlandyrmagyň we ätiýaçlandyrylan taraplaryň bähbitlerini goramagyň ýokary derejesini üpjün etmek;

4) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini ygtyýarnama berlenden, ygtyýarnama goşmaça girizilenden soň bir ýyldan gijä galman amala aşyrmak;

5) ätiýaçlandyrýanlaryň, ätiýaçlandyrylan taraplaryň, Ygtyýarlylandyryjy we beýleki gözegçilik edaralarynyň talaby boýunça ygtyýarnamany ýa-da ygtyýarnamanyň nusgasyny görkezmek.

18. Ygtyýanamaly tarapyndan berjaý edilmegi hökmany bolan prudensial ölçegler şular bolup durýar:

1) ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) kabul edilen borçnamalar bilen olaryň geçginliligini hasaba almak arkaly aktiwleriniň arasyndaky gatnaşyk ölçegleri hökmünde bellenýän we berjaý edilmäge degişli tölege ukyplylyk görkezijileri:

a) şahsy bähbitleri ätiýaçlandyrmak boýunça, ömri ätiýaçlandyrmakdan başga - esaslyk maýanyň we ätiýaçlyk gorunyň pul möçberiniň 40 essesinden ýokary bolmadyk möçberde;

b) emläk bähbitlerini ätiýaçlandyrmak boýunça - esaslyk maýanyň we ätiýaçlyk gorunyň pul möçberiniň 40 essesinden ýokary bolmadyk möçberde;

ç) jogapkärçiligiň ähli görnüşlerini ätiýaçlandyrmak boýunça -esaslyk maýanyň we ätiýaçlyk gorunyň pul möçberiniň 30 essesinden ýokary bolmadyk möçberde;

d) gaýtadan ätiýaçlandyryş boýunça - esaslyk maýanyň we ätiýaçlyk gorunyň pul möçberiniň 30 essesinden ýokary bolmadyk möçberde;

2) maliýe durnuklylygynyň berjaý edilmegi hökmany bolan esasy görkeziji ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) şahsy töwekgelçilik (şahsy töwekgelçilik boýunça jogapkärçilik) boýunça (diňe meýletin ätiýaçlandyryşda ulanylýan) borçnamalarynyň aňryçäk möçberi bolup durýar, ol esaslyk maýanyň we ätiýaçlyk gorunyň pul möçberiniň 10 göteriminden ýokary bolmaly däldir.

Öz üstüne esaslyk maýanyň we ätiýaçlyk gorunyň hasabyna ýerine ýetirilmegi mümkin bolmadyk möçberlerde borçnama alan ätiýaçlandyryjylar (gaýtadan ätiýaçlandyryjy) ätiýaçlandyrmak boýunça öz borçnamalarynyň bir böleginiň üstüni dolmagy beýleki ätiýaçlandyryjyda ýa-da gaýtadan ätiýaçlandyryjyda üpjün etmelidirler.

19. Ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň aşakdaky ýaly bozulmagy Ygtyýarlylandyryjy edara üçin ygtyýanamanyň hereketini togtatmaga esas bolup durýar:

1) ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmak ýa-da ony gaýtadan resmileşdirmek üçin arzanyň öz wagtynda berilmezligi;

2) ygtyýarnamada göz öňünde tutulmadyk ätiýaçlandyryşyň görnüşiniň ýa-da beýleki hyzmatlaryň amala aşyrylmagy;

3) ätiýaçlandyryş amallarynyň möçberiniň ätiýaçlandyryjynyň mümkinçiliklerine laýyk gelmezligi;

4) ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) batyp galmak töwekgelçiligi;

5) ätiýaçlyk gorlaryny emele getirmek we peýdalanmak bilen baglanyşykly düzgün bozmalar;

6) ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýanlaryň we ätiýaçlandyrylan taraplaryň öňündäki borçnamalarynyň yzygiderli ýerine ýetirilmezligi;

7) ygtyýarnamaly tarapyndan şu Düzgünnamada we ätiýaçlandyryş babatyndaky işi ygtyýarlylandyrmagy we amala aşyrmagy düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda oňa bildirilýän şertleriň we talaplaryň ýerine ýetirilmezligi, şu Düzgünnamanyň 21-nji bölüminde bellenenler muňa girmeýär;

8) ätiýaçlandyryş ulgamynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly döwlet edarasyna degişli maglumatlary bermezligi.

20. Ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylan döwründe:

1) ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň, ätiýaçlandyryş dellalynyň) ätiýaçlandyryş barada täze şertnamalary baglaşmaga haky ýokdur;

2) ätiýaçlandyryjy, gaýtadan ätiýaçlandyryjy we ätiýaçlandyryş dellaly ätiýaçlandyryş barada ozal baglaşylan şertnamalar boýunça kabul edilen borçnamalaryny şol şertnamalaryň möhleti tamamlanýança ýerine ýetirmäge borçludyr.

21. Ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň bozulmagy raýatlaryň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, ahlagyna, ömrüne we saglygyna, döwletiň goranmak ukybyna we howpsuzlygyna, daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetiren we ygtyýarnamany bermek, ygtyýarnama goşmaça girizmek hakyndaky kararyň bikanunlygy ýüze çykarylan ýagdaýynda, şeýle hem ygtyýarnamaly ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren düzgün bozmalary bellenen möhletde düzetmese, Ygtyýarlylandyryjy edaranyň arzasy esasynda kazyýetiň karary bilen ygtyýarnamanyň hereketi ýatyrylyp bilner.

Ygtyýarlylandyryjy edara ygtyýarnamanyň hereketini kazyýetiň karary güýje girýänçä togtatmaga borçludyr.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri döwlet pajyny bellenen möhletlerde tölemedik ýagdaýynda Ygtyýarlylandyryjy edaranyň karary bilen ygtyýarnamanyň hereketi ýatyrylyp bilner.

 

VI. Beýleki düzgünler

 

22. Ygtyýarnamanyň hereketiniň haýsydyr bir möhlete togtadylmagy onuň hereket edýän möhletiniň uzaldylmagyna getirmeýär.

23. «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen edara görnüşli tarapyň ygtyýarnama almazdan işi amala aşyrmaga hukugy olary şu Dizgünnamada bellenen ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini berjaý etmek borjundan boşatmaýar.

Şunuň ýaly edara görnüşli tarapyň ätiýaçlandyryş babatyndaky işini onuň ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini bozandygy sebäpli togtatmak ýa-da ýatyrmak Ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen tertibe laýyklykda amala aşyrylyp bilner.

24. Ätiýaçlandyryş babatyndaky işi ygtyýarlylandyrmak bilen bagly şu Düzgünnama bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky», Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, şeýle hem şu işi amala aşyrmagy düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.