Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň TERTIBI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
K A R A R Y
«08» aprel 2019 ý. № 1190 Aşgabat ş.
030.150.010
030.150.030
030.150.110
010.150.010
010.150.010
Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini
doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibini tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2019-njy ýyl, № 4, 1106-njy madda)
«Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek we ätiýaçlandyrylýanlary ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).
2. «Howa, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil transportynyň ýolagçylarynyň hökmany döwlet strahowaniýesi boýunça öwezini doluş puluny tölemek üçin şikesiň agyrlygynyň derejesini kesgitlemegiň kadalaryny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 24-nji dekabrynda çykaran 1070-nji kararyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň 1992-nji ýyldaky 12-nji ýygyndysynyň 910-njy maddasy) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
3. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2019-njy ýylyň 08-nji aprelinde çykaran
1190-njy karary bilen tassyklandy
Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine
laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini
(ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň
TERTIBI
1. Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibi (mundan beýläk–Tertip) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlandy we ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ätiýaçlandyrýana (ätiýaçlandyrylan şahsa) ýeten zyýan ýa-da zeper üçin (mundan beýläk–şikes), şikesiniň agyrlyk derejesine laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi amala aşyrmagyň dowamynda ätiýaçlandyryjylar (ätiýaçlandyryş guramalary) tarapyndan bu tölegleriň möçberini kesgitlemekde emele gelýän gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Şu Tertip bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýan ätiýaçlandyryşyň hökmany, şeýle hem meýletin görnüşleri boýunça ätiýaçlandyrylýanyň (ätiýaçlandyrylan şahsyň) ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly alan şikesiniň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) kesgitlenýär.
2. Ätiýaçlandyryşyň hökmany ýa-da meýletin görnüşi boýunça ätiýaçlandyryş şertnamalarynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda bolup geçen betbagtçylykly hadysanyň netijesinde, ejir çeken ätiýaçlandyrylýana (ätiýaçlandyrylan şahsa) tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi), ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tablisasy (mundan beýläk – Tablisa, şu Tertibe goşundy) boýunça ätiýaçlandyrylýanyň (ätiýaçlandyrylan şahsyň) arzasy esasynda nagt ýa-da nagt däl görnüşde tölenýär.
Kämillik ýaşyna ýetmedik şahsa ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda özüniň ýa-da onuň kanuny wekilleriniň adyna karz edarasynda açylan hasabyna ýa-da töleg kartyna geçirmek bilen bir wagtda bu barada hossarlyk we howandarlyk edaralaryna habar bermek arkaly amala aşyrylýar.
Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hossarlyk we howandarlyk edaralarydyr, şol edaralaryň ýok ilatly ýerlerinde bolsa, etraplaryň ýa-da şäherleriň häkimlikleri hossarlyk we howandarlyk edaralarydyr.
3. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilmegi ätiýaçlandyrylýanyň (ätiýaçlandyrylan şahsyň) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada bellenen görnüşdäki arzasy, ygtyýarly edaranyň betbagtçylykly hadysanyň ýüze çykandygyny tassyk edýän ykrarnamasy we ätiýaçlandyrylýanyň (ätiýaçlandyrylan şahsyň) şikes alandygy barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýrugy bilen tassyklanan delilhaty esasynda amala aşyrylýar.
4. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilmegi ätiýaçlandyryşyň hökmany ýa-da meýletin görnüşini kadalaşdyrýan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan möhletleriň dowamynda amala aşyrylýar.
5. Tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) barada garaşsyz bilermen-lukmanyň gelen netijesi delilhatyň arka tarapynda beýan edilýär.
6. Delilhatda ätiýaçlandyrylýanyň (ätiýaçlandyrylan şahsyň) haýsydyr bir süňküň döwülmegi sebäpli saglygy goraýyş bejergisini alandygy görkezilýän bolsa, rentgenogrammany görkezmek talap edilýär.
7. Ätiýaçlandyrylýanyň (ätiýaçlandyrylan şahsyň) ýumşak dokumalaryna şikes ýeten halatynda (ýaralanmak, ýanmak, sowuk aldyrmak) şikesiň zyýanly netijelerini kesgitlemek üçin, onuň şol ýara bitenden soň, ýöne şikesden soň azyndan bir aýdan degişli ätiýaçlandyryş guramasynyň garaşsyz bilermen-lukmanynyň ýanyna şikesi anyklamany geçmegi üçin gelmegi zerurdyr. Garaşsyz bilermen-lukman şikes netijesinde emele gelen ähli ýara yzlarynyň we pigment tegmilleriniň meýdanyny, şeýle hem penjäniň we barmaklaryň aýa tarapynyň meýdanynyň şikes ýeten adamyň bedeniniň ýüzüniň 1 göterimine barabardygyny nazara alyp, onuň meýdanyny kesgitläp, ykrarnamasynda beýan etmelidir.
8. Görüş, eşidiş agzalaryna ýa-da peşew-jyns ulgamyna şikes ýetmegi bilen baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilmegi degişli lukmanyň (okulistiň, urologyň, otorinolaringolog lukmanynyň, ginekologyň) gelen netijesi esasynda amala aşyrylýar, ätiýaçlandyrylýan (ätiýaçlandyrylan şahs) degişli lukmanyň ýanyna diňe delilhatda görkezilen zerur maglumatlaryň netije çykarmak üçin ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda iberilýär.
Saglygy goraýyş edarasynyň bejeriji lukmany tarapyndan beýan edilen şikesi anyklamanyň maglumatlary Tablisanyň degişli bölegini ulanmak üçin esas bolup durýar.
9. Içki agzalara şikes ýetmegi bilen baglylykda amala aşyrylan operasiýanyň netijesinde üýtgän agyryly agza ozal bar bolan kesel sebäpli şikes ýetendigi we onuň kem-käsleýin ýa-da doly kesilip aýrylandygy anyklanylan halatynda, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilmegi diňe operatiw gatyşma üçin, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 10 göterimi möçberinde amala aşyrylýar.
10. Operatiw gatyşma üçin ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilen ýagdaýynda operasiýadan soňky ýara yzlary üçin goşmaça töleg tölenilmeýär.
11. Şikes bilen baglylykda birnäçe operatiw gatyşmalar geçirilen halatynda, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilmegi olaryň sanyna garamazdan, bir gezek amala aşyrylýar. Emma şol bir şikes netijesinde bedeniň dürli synalarynyň /bölekleriniň/ (mysal üçin, egniň we bilegiň, buduň we injigiň we şuňa meňzeşleriň) süňkleriniň döwlen halatynda, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilmegi bedeniň dürli synalarynyň /bölekleriniň/ her birinde amala aşyrylan operatiw gatyşmalar nazara alnyp, goşmak arkaly tölenilýär.
Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilmegi barada netije çykarylanda süňkleriň açyk repozisiýasy, perforasiýa (trepanasiýa), osteosintez, süňk plastikasy we beýleki şunuň ýaly amallaryň operatiw gatyşmasyna degişli edilýändigi göz öňünde tutulýar. Süňkleri (skeleti) ýerine getirme operatiw gatyşma degişli edilmeýär.
Şikes bilen baglylykda daýanç-hereket ediş ulgamynyň başga bir böleginden süňk autotransplantatyny almak bilen, plastik operasiýa geçirilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilmegi operasiýanyň geçirilmegi (ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 10 göterimi) we autotransplantatyň alynmagy (Tablisanyň altmyş ikinji bölegi boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 10 göterimi) göz öňünde tutulyp, goşmak arkaly amala aşyrylýar.
12. Şikes bilen baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenenden soňra, hut şol agzanyň has agyr şikes ýetmesi ýa-da şikesiň beterleşmesi ýüze çykyp, munuň özi ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) has uly möçberde tölenmegine esas berýän ýagdaýynda, şol boýunça gutarnykly netije çykarylan halatynda, ozal tölenilen pul möçberi hasaba alnyp, diňe emele gelen aratapawudy tölenýär. Tablisanyň degişli bölekleri üçin belliklerde göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.
13. Agza şikes ýetmegi bilen baglylykda tölenilýän ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi şol agza ýitirilen halatynda tölenilýän ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberinden köp bolmaly däldir.
14. Öň ätiýaçlandyryş pul möçberini alan ätiýaçlandyrylýanyň (ätiýaçlandyrylan şahsyň) ätiýaçlandyryş möhleti tamamlanmanka saglyk ýagdaýy ýaramazlaşmagy (maýyplyk ýa-da saglyk ýagdaýynyň agyrlygy boýunça maýyplygyň beýleki toparyna geçirilende) ýa-da ol aradan çykan halatynda ätiýaçlandyryjy degişli resminamalaryň esasynda ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde gaýtadan hasaplamasyny geçirmäge borçludyr. Şunda öň tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberlerini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) tutup galmak bilen, pul möçberi tölenýär.
15. Ähli ýagdaýlarda tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) umumy möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 100 göteriminden köp bolmaly däldir.
Ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk
derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş
pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)
kesgitlemegiň Tertibine goşundy
Ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini
doluş tölegini) kesgitlemegiň Tablisasy
T/b |
Şikesiň häsiýetnamasy |
Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi |
I. Kelleçanak süňkleri, nerw ulgamy |
||
1. |
Kelleçanak süňkleriniň: |
|
|
a) gümmez süňkleriniň daşky plastinkasynyň; |
5 |
|
b) gümmez süňkleriniň; |
15 |
|
ç) esas süňküniň; |
20 |
|
d) gümmeziň esas süňküniň döwülmegi. |
25 |
2. |
Şikes sebäpli kelleçanagyň içinde ganöýmeler: |
|
|
a) epidural; |
10 |
|
b) subdural (beýniniň içinde); |
15 |
|
ç) epidural we subdural (beýniniň içinde). |
20 |
3 |
Beýnä şikes ýetmegi: |
|
3. |
a) beýniniň sarsmagy; |
5 |
|
b) beýniniň agyryly zarba sezewar bolmagy, subarahnoidal gan inme; |
10 |
|
ç) kelleçanagyň içinde keseki jisimleriň aýrylman galmagy (tikin we çalşyryş materialy muňa girmeýär); |
15 |
|
d) beýni ýiliginiň mynjyramagy (alamatlary görkezilmesiz). |
50 |
|
Bellik: 1. Eger kelleçanak-beýni şikesi bilen baglylykda kelleçanagyň süňklerinde, beýnide we onuň örtüklerinde operatiw gatyşmalary geçirilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 10 göterimi bir gezek goşmaça tölenilýär. |
|
|
2. Şu Tablisanyň haýsydyr bir böleginde görkezilen şikesler ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şol bölegiň has agyr netijäni göz öňünde tutýan bentleriniň biri boýunça tölenilýär. Dürli böleklerde görkezilen şikesler ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) netijeleriň her birini göz öňünde tutmak bilen, goşmak arkaly tölenilýär. |
|
4. |
Nerw ulgamyna ýeten şikes sebäpli, zäherlenme sebäpli gipoksik zeper ýetip, şu aşakdaky şikeslere getirse: |
|
|
a) astenik sindrom, distoniýa, ensefalopatiýa |
5 |
|
b) arahnoidit, ensefalit, arahnoensefalit; |
10 |
|
ç) epilepsiýa; |
15 |
|
d) elleriň ýa-da aýaklaryň biriniň parezi; |
30 |
|
e) gemiparez ýa-da paraparez (iki eliň ýa-da iki aýagyň ysmaz bolmagy, sag el-aýagyň ýa-da çep el-aýagyň parezi), amneziýa (ýatda saklamak ukybynyň ýitmegi); |
40 |
|
ä) monoplegiýa (el-aýaklaryň biriniň ysmaz bolmagy); |
60 |
||
|
f) tetraparez (elleriň we aýaklaryň parezi), hereketleri utgaşdyrmak ukybynyň ýitmegi, kem akyllylyk (demensiýa); |
70 |
||
|
g) gemiplegiýa, paraplegiýa ýa-da tetraplegiýa (geplemek ukybynyň ýitmegi), dekortikasiýa, çanaklykdaky agzalaryň işleýşiniň bozulmagy. |
100 |
||
|
Bellik: 1. Şu bölekde görkezilen şikesleriň ýetmegi sebäpli ýüze çykan netijeler bilen baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şikes ýeten gününden |
|
||
|
2. Eger ätiýaçlandyrylýan (ätiýaçlandyrylan şahs) şikes sebäpli we şikesiň beterleşmegi sebäpli özüni bejerdendigi hakynda delilhaty görkezen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Tablisanyň birinji, ikinji, üçünji, bäşinji, altynjy bölekleri we dördünji bölegi boýunça goşmak arkaly tölenilýär. |
|
||
|
3. Kelleçanak-beýni şikesi netijesinde görüş |
|
||
5. |
Kelleçanak-beýni nerwleriniň birine ýa-da birnäçesine beýniden daşarda şikes ýetmegi: |
10 |
||
|
Bellik: Eger kelleçanak-beýni nerwlerine kelleçanagyň esasy süňki döwlende, şikes ýeten bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Tablisanyň birinji bölegi boýunça tölenilýär, şunda bäşinji bölek ulanylmaýar. |
|
||
6. |
Oňurga ýiligine islendik derejede şikes ýetmegi, «at guýrugy», poliomielit alamatlaryny görkezmezden: |
|
||
|
a) sarsmak; |
5 |
||
|
b) agyryly zarba sezewar bolmak; |
10 |
||
|
ç) basyşa sezewar bolmak, gematomieliýa, poliomielit; |
30 |
||
|
d) kem-käsleýin ýolunmak; |
50 |
||
|
e) oňurga ýiliginiň doly ýolunmagy. |
100 |
||
|
Bellik: 1. Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu bölegiň «a», «b», «ç», «d» bentleri boýunça tölenilen bolsa, soňra hem şu Tablisanyň dördünji böleginde sanalyp geçilen beterleşmeler ýüze çyksa we olar delilhaty bilen tassyklanylan bolsa, şu Tablisanyň dördünji bölegi boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ozal tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) goşmaça tölenilýär. |
|
||
|
2. Oňurga we oňurga ýiligine ýeten şikes bilen baglylykda operatiw gatyşmalar geçirilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 15 göterimi bir gezek goşmaça tölenilýär. |
|
||
7. |
Elleriň-aýaklaryň birinde şikes sebäpli newritler (barmak nerwleriniň newriti muňa girmeýär). |
5 |
||
8. |
Nerwleriň boýun, çigin, bil, çatalba düwünlerine zeper ýetmegi (ýolunmagy, ýaralanmagy) sebäpli: |
|
||
|
a) şikes sebäpli pleksit; |
10 |
||
|
b) düwnüň kem-käsleýin ýolunmagy; |
40 |
||
|
ç) düwnüň doly ýolunmagy. |
70 |
||
|
Bellik: 1. Şu Tablisanyň ýedinji we sekizinji bölekleriniň ikisi şol bir wagtda ulanylmaýar. |
|
||
|
2. Şikes bilen baglylykda ýüze çykan newralgiýa, newropatiýa ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek üçin esas bolup bilmeýär. |
|
||
9. |
Nerwleriň ýolunmagy: |
|
||
|
a) penjede bilek, tirsek, ortalyk (barmak) şahalarynyň; |
5 |
||
|
b) şularyň biriniň: bilek, tirsek we ortalyk nerwleriň bilek-goşar bognunyň we bilegiň derejesinde; kiçi injik ýa-da uly injik nerwleriň; |
10 |
||
|
ç) iki we şondan köp bilek, tirsek, ortalyk nerwleriň bilek-goşar bognunyň we bilegiň derejesinde; kiçi injik we uly injik nerwleriň; |
20 |
||
|
d) bir nerwiň: goltuk asty, bilek, tirsek we ortalyk – tirsek bognunyň ýa-da çigniň derejesinde, otur ýer we but; |
25 |
||
|
e) iki we şondan köp nerwiň goltuk asty, bilek, tirsek we ortalyk – tirsek bognunyň we çigniň derejesinde, otur ýer we but. |
40 |
||
|
Bellik: Dabanyň, aýagyň we penjäniň barmaklarynyň derejesinde nerwlere zeper ýetmegi ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek üçin esas bolup bilmeýär. |
|
||
II. Görüş agzalary |
||||
10. |
Bir gözüň uýgunlaşmak ukybynyň ýitmegi (akkomodasiýa ukypsyzlygy). |
15 |
||
11. |
Gemianopsiýa (bir gözüň görüş meýdanynyň ýarpa azalmagy), gözüň almasynyň dokumalaryna şikes ýetmegi (şikes sebäpli çaşylyk, ýokarky gabagyň açylmazlygy, goşa görünmek). |
15 |
||
12. |
Bir gözüň görüş meýdanynyň daralmagy: |
|
||
|
a) konsentrik däl; |
10 |
||
|
b) konsentrik. |
15 |
||
13. |
Bir gözüň bäbeneginiň öňe-yza süýşüp durmagy. |
20 |
||
14. |
Gözüň almasyna sanjyly ýaranyň düşmegi sebäpli, görşüň ýitiliginiň peselmegine alyp barmadyk şikes, II, III derejeli ýanyk, gemoftalm (ganöýme). |
5 |
||
|
Bellik: 1. Gözüň derejesinde görkezilmedik ýanyklar, şeýle hem, gözüň I derejeli ýanyklary patologik üýtgeşmelere alyp barmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek üçin esas bolup bilmeýär. |
|
||
|
2. Eger şu bölekde görkezilen şikes görşüň ýitiliginiň peselmegine elten bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Tablisanyň ýigriminji bölegine laýyklykda tölenilýär, şunda on dördünji bölek ulanylmaýar. Eger göz almasyna zeper ýetmegi bilen baglylykda şu bölek boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilen bolsa, soňra hem şikes sebäpli görüş ýitiligi peselip we munuň özi ozal tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden) has köp tölemäge esas berýän bolsa, gaýtadan hasaplanyp tölenýär hem-de ozal tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tutulyp alynýar. |
|
||
|
3. Gözüň örtükleriniň üstünde keseki jisimleriň bolmagy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek üçin esas bolup bilmeýär. |
|
||
15. |
Bir gözüň ýaş akdyryjy ýollaryna zeper ýetmegi: |
|
||
|
a) ýaş akdyryjy ýollaryň işleýşiniň bozulmagyna alyp barmasa; |
5 |
||
|
b) ýaş akdyryjy ýollaryň işleýşiniň bozulmagyna alyp barsa. |
10 |
||
16. |
Göze şikes ýetmeginiň netijeleri: |
|
||
|
a) konýuktiwit, keratit, iridosiklit, horioretinit; |
5 |
||
|
b) älemgoşar perdesine şikes ýetmegi, hrustaligiň süýşmegi, görejiň sudurynyň üýtgemegi, trihiaz (kirpikleriň nädogry ösmegi), gabagyň içine çöwrülmegi, göz almasynda we gözüň hanasynyň dokumalarynda keseki jisimler aýrylman galsa, göz almasynyň perdelerinde we gabaklarda ýara yzlary (deridäki ýara yzlary muňa girmeýär). |
10 |
||
|
Bellik: 1. Eger bir şikes netijesinde patologik üýtgeşmeler görkezilen patalogik üýtgeşmeleriň birnäçesi ýüze çyksa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şikesleriň has agyryny nazara almak bilen bir gezek tölenilýär. |
|
||
|
2. Eger okulist lukman tarapyndan göze (gözlere) şikes ýetenden soň, 3 aýdan az bolmadyk möhletiň dowamynda şu Tablisanyň onunjy, on birinji, on ikinji, on üçünji böleklerinde, on bäşinji böleginiň «b» bendinde we on altynjy böleginde görkezilen patologik üýtgeşmeleriň bardygyny we görüş ýitiliginiň peselendigi anyklansa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ähli netijeleri nazara almak bilen, goşmak arkaly tölenilýär, ýöne her göz üçin ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 50 göteriminden köp tölenilmeýär. |
|
||
17. |
Göze (gözlere) şikes ýetip, netijede görüş ýitiligi 0,01-den pes bolmadyk ýeke-täk gözüň ýa-da iki gözüň hem görüş ukybynyň doly ýitmegi. |
100 |
||
18. |
Şikes netijesinde kör gözüň almasynyň kesilip aýrylmagy. |
10 |
||
|
Bellik: Şikes netijesinde ozal gören gözüň almasy kesilip aýrylanda, şeýle hem ol ýygrylanda, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 10 göterimi goşmaça tölenilýär. |
|
||
19. |
Hana süňkleriniň döwülmegi. |
10 |
||
20. |
Görüş ýitiliginiň peselmegi şu aşakdaky Tablisa boýunça kesgitlenilýär: |
|
||
Görşüň ýitiligi |
Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi (ätiýaçlandyryş pul möçberinden göterimde) |
|||
Şikesden öň |
Şikesden soň |
|||
I |
II |
III |
||
1,0 |
0,9 |
3 |
||
0,8 |
5 |
|||
0,7 |
5 |
|||
0,6 |
10 |
|||
0,5 |
10 |
|||
0,4 |
10 |
|||
0,3 |
15 |
|||
0,2 |
20 |
|||
0,1 |
30 |
|||
0,1-den pes |
40 |
|||
0,0 |
50 |
|||
I |
II |
III |
||
0,9 |
0,8 |
3 |
||
0,7 |
5 |
|||
0,6 |
5 |
|||
0,5 |
10 |
|||
0,4 |
10 |
|||
0,3 |
15 |
|||
0,2 |
20 |
|||
0,1 |
30 |
|||
0,1-den pes |
40 |
|||
0,0 |
50 |
|||
I |
II |
III |
||
0,8 |
0,7 |
3 |
||
0,6 |
5 |
|||
0,5 |
10 |
|||
0,4 |
10 |
|||
0,3 |
15 |
|||
0,2 |
20 |
|||
0,1 |
30 |
|||
0,1-den pes |
40 |
|||
0,0 |
50 |
|||
I |
II |
III |
||
0,7 |
0,6 |
3 |
||
0,5 |
5 |
|||
0,4 |
10 |
|||
0,3 |
10 |
|||
0,2 |
15 |
|||
0,1 |
20 |
|||
0,1-den pes |
30 |
|||
0,0 |
40 |
|||
I |
II |
III |
||
0,6 |
0,5 |
5 |
||
0,4 |
5 |
|||
0,3 |
10 |
|||
0,2 |
10 |
|||
0,1 |
15 |
|||
0,1 |
20 |
|||
0,0 |
25 |
|||
I |
II |
III |
||
0,5 |
0,4 |
5 |
||
0,3 |
5 |
|||
0,2 |
10 |
|||
0,1 |
10 |
|||
0,1-den pes |
15 |
|||
0,0 |
20 |
|||
I |
II |
III |
||
0,4 |
0,3 |
5 |
||
0,2 |
5 |
|||
0,1 |
10 |
|||
0,1-den pes |
15 |
|||
0,0 |
20 |
|||
I |
II |
III |
||
0,3 |
0,2 |
5 |
||
0,1 |
5 |
|||
0,1-den pes |
10 |
|||
0,0
|
20 |
|||
I |
II |
III |
||
0,2 |
0,1 |
5 |
||
0,1-den pes |
10 |
|||
0,0 |
20 |
|||
I |
II |
III |
||
0,1 |
0,1-den pes |
10 |
||
0,0 |
20 |
|||
I |
II |
III |
||
0,1-den pes |
0,0 |
20 |
||
Bellik:
1. Doly körlüge (0,0) 0,01-den pes görüş ukyby we yşygy duýmaga (ýüzüniň golaýynda barmaklary sanamak) barabar ukyp degişli edilýär.
2. Şikes netijesinde görüş ýitiliginiň peselmegi sebäpli we beýleki netijeler sebäpli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek hakyndaky karar bejeriş tamamlanandan soň, şikes ýeten gününden 3 aýdan az bolmadyk möhlet geçenden soň kabul edilýär. Şol möhlet geçenden soň, ätiýaçlandyrylýan (ätiýaçlandyrylan şahs) iki gözüniň görüş ýitiligini (korreksiýany nazara almazdan) we ýeten şikesiň beýleki netijelerini anyklamak üçin okulist lukmanyň ýanyna iberilýär. Şeýle halatlarda şu Tablisanyň on dördünji bölegi, on bäşinji böleginiň «a» bendi, on dokuzynjy bölegi boýunça şikesiň fakty nazara alynmak bilen, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) deslapky görnüşde tölenilip bilner.
3. Eger şikes ýeten gözüň zeper ýetmeginden ozalky görüş ýitiligi hakynda maglumatlar bolmasa, onda ol şikes ýetmedik gözüňki ýaly bolupdyr diýip şertli hasap etmeli. Eger zeper ýetmedik gözüň görüş ýitiligi şikes ýeten gözüňkiden pes bolsa, onda şikes ýeten gözüň görüş ýitiligi 1,0-a barabar bolupdyr diýlip şertli hasap edilýär.
4. Eger şikes netijesinde gözleriň ikisine-de zeper ýeten bolsa we olaryň şikesden ozalky görüş ýitiligi hakynda maglumatlar bolmasa, olaryň görüş ýitiligi 1,0-a barabar bolupdyr diýlip şertli hasap edilýär.
5. Eger şikesden soň görüş ýitiliginiň peselmegi bilen baglylykda emeli hrustalik oturdylan bolsa ýa-da körlügi gizleýji linza ulanylan bolsa ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) operasiýadan ozalky görüş ýiriligi nazara alnyp tölenilýär.
T/b |
Şikesiň häsiýetnamasy |
Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi (ätiýaçlandyryş pul möçberinden |
III. Eşidiş agzalary |
||
21. |
Daşky gulak ýelkenine zeper ýetip, şu ýagdaýlara alyp barmagy: |
|
|
a) daşky gulak ýelkeniniň döwülmegi, onuň üçden bir böleginiň bolmazlygy; |
5 |
|
b) onuň ikiden bir böleginiň bolmazlygy; |
10 |
|
ç) onuň ikiden bir böleginden köp böleginiň bolmazlygy. |
30 |
|
Bellik: Şu bölegiň «b», «ç» bentleri boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek hakyndaky karar ýaralar bitenden soň, geçirilen anyklamanyň maglumatlary esasynda kabul edilýär. Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu bölek boýunça tölenilen bolsa, şu Tablisanyň elli sekizinji bölegi ulanylmaýar. |
|
22. |
Bir gulaga şikes ýetip, eşidiş ukybynyň aşakda görkezilişi ýaly peselmegi: |
|
|
a) pyşyrdyny eşidişi 1 metrden 3 metre çenli; |
5 |
|
b) pyşyrdyny eşidişi 1 metre çenli; |
15 |
|
ç) doly kerlik (gepleşik sesi-0). |
25 |
|
Bellik: Şikes netijesinde eşidişiň peselmegi bilen baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek hakyndaky karar bejeriş tamamlanandan soň, şikes ýeten gününden 3 aýdan az bolmadyk möhlet geçenden soň kabul edilýär. Şol möhletden soň ätiýaçlandyrýan (ätiýaçlandyrylan şahs) ýeten şikesiň netijelerini anyklamak üçin otorinolaringolog lukmanyň ýanyna iberilýär. Şeýle halatlarda şu Tablisanyň ýigrimi üçünji bölegi we ýigrimi ikinji böleginiň «a» bendi (eger esaslar bar bolsa) boýunça şikesiň fakty nazara alnyp, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) deslapky görnüşde tölenilip bilner. |
|
23. |
Şikes netijesinde eşidişiň peselmegine getirmezden, gulak (deprek) perdeleriniň biriniň ýyrtylmagy. |
5 |
|
Bellik: 1. Şikes netijesinde gulak (deprek) perdesi ýyrtylyp, eşidiş peselen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Tablisanyň ýigrimi ikinji bölegi boýunça bellenilýär, şunda ýigrimi üçünji bölek ulanylmaýar. |
|
|
2. Eger gulak (deprek) perdesiniň ýyrtylmagyna kelleçanagyň esasy süňküniň (kelleçanagyň ortaky çukurjygynyň) döwülmegi sebäp bolsa, şu bölek ulanylmaýar |
|
24. |
Gulaklaryň birine zeper ýetmegi şikesden soňky otite (ýiti, iriňli we ötüşen ýara) getiren bolsa. |
5 |
|
Bellik: Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) şu bölek boýunça goşmaça tölemek, eger şikesiň şeýle beterleşmä eltendigi otorinolaringolog lukman tarapyndan şikes ýeten gününden 3 aýdan az bolmadyk möhlet geçenden soň kesgitlenilen halatynda amala aşyrylýar. Şol möhletden öň ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) degişli bölek boýunça şikesiň faktyny nazara almak bilen tölenilýär. |
|
IV. Dem alyş ulgamy |
||
25. |
Burun süňkleriniň, kekirdewüginiň, maňlaý, gaýmor boşlugynyň süňküniň, gözenek süňküň döwülmegi, çykmagy. |
5 |
|
Bellik: Eger burun süňkleriniň, kekirdewüginiň döwülmegi çykmagy bilen baglylykda burun özüniň ozalky durkuny ýitirse we munuň şeýledigi delilhaty we anyklama geçmegiň netijeleri bilen tassyklanylsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) |
|
26. |
Öýkene şikes ýetmegi: deriniň astyna howanyň düşmegi, gemotoraks, pnewmotoraks, pnewmoniýa, ekssudatiw plewriti, döş boşlugynda keseki jisimiň (jisimleriň) bolmagy: |
|
|
a) bir tarapda; |
5 |
|
b) iki tarapda. |
10 |
|
Bellik: 1. Şikes bejerilen döwründe ýa-da şikes sebäpli geçirilen (döş kapasasyna we döş boşlugyndaky agzalara zeperiň ýetmegi muňa girmeýär) operatiw gatyşmadan soň peýda bolan pnewmoniýa ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek üçin esas bolup bilmeýär. |
|
|
2. Eger gapyrgalaryň we döş süňküniň döwülmegi şu bölekde göz öňünde tutulan beterleşmelere alyp barsa, şu bölek boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Tablisanyň ýigrimi sekizinji we ýigrimi dokuzynjy böleklerine goşmaça tölenilýär. |
|
27. |
Döş kapasasyna we onuň agzalaryna zeper ýetip, şu aşakdakylar ýüze çyksa: |
|
|
a) öýken ýetmezçiligi (şikes ýeten gününden 3 aý geçenden soň); |
10 |
|
b) öýkeniň bir ülesiniň, böleginiň kesilip aýrylmagy; |
40 |
|
ç) bir öýkeniň kesilip aýrylmagy. |
60 |
|
Bellik: Şu bölegiň «b», «ç» bentleri boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilen ýagdaýynda şu bölegiň «a» bendi ulanylmaýar. |
|
28. |
Döş süňküniň döwülmegi. |
5 |
29. |
Her bir gapyrganyň döwülmegi. |
5 |
|
Bellik: 1. Gapyrgalar reanimasion çäreler geçirilen wagtynda döwlen ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) umumy esaslarda tölenilýär. |
|
|
2. Gapyrganyň kekirdewük böleginiň döwülmegi ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek üçin esas berýär. |
|
|
3. Dürli saglygy goraýyş edaralaryndan alnan delilhatlarda şikes ýeten gapyrgalaryň dürli sany görkezilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şikes ýeten gapyrganyň sanynyň has köp görkezilen delilhaty nazara alnyp tölenilýär. |
|
30. |
Döş kapasasyna sanjyly ýaranyň salynmagy, şikes bilen baglylykda torakoskopiýanyň, torakosenteziň, torakotomiýanyň geçirilmegi: |
|
|
a) torakoskopiýa, torakosentez, sanjyly ýara netijesinde döş boşlugyndaky agzalara zeper ýetmezligi, torakotomiýany geçirmegiň zerur bolmazlygy; |
5 |
|
b) döş boşlugyndaky agzalara zeper ýetmedik halatynda torakotomiýanyň geçirilmegi; |
10 |
|
ç) döş boşlugyndaky agzalara zeper ýeten halatynda torakotomiýanyň geçirilmegi; |
15 |
|
d) gaýtadan geçirilen torakotomiýalar (olaryň sanyna garamazdan). |
10 |
|
Bellik: 1. Eger döş kapasasyna we şol ýerdäki agzalara zeper ýetmegi bilen baglylykda öýken ýa-da onuň bir bölegi kesilip aýrylan bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Tablisanyň ýigrimi ýedinji bölegine laýyklykda tölenilýär, şunda otuzynjy bölek ulanylmaýar; şeýle-de, şu Tablisanyň ýigrimaltynjy we otuzynjy bölekleri şol bir wagtda ulanylmaýar. |
|
|
2. Eger döş boşlugyna şikes ýetmegi bilen baglylykda torakoskopiýa, torakosentez, torakotomiýa geçirilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) has çylşyrymly gatyşmak nazara alnyp, bir gezek tölenilýär. |
|
31. |
Bokurdaga, kekirdege, galkan görnüşli kekirdewüge şikes ýetmegi, dil asty süňküň döwülmegi, ýokarky dem alyş ýollarynyň ýanygy, işleýşiniň bozulmagyna alyp barmasa. |
5 |
|
Bellik: Şikes bilen baglylykda bronhoskopiýa, traheostomiýa (traheotomiýa) geçirilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 5 göterimi goşmaça tölenilýär. |
|
32. |
Bokurdaga, kekirdege, dil asty süňke, galkan görnüşli kekirdewüge şikes ýetmegi, şikes bilen baglylykda geçirilen traheostomiýa şu aşakdakylara elten bolsa: |
|
|
a) sesiň gyrylmagy ýa-da ýitirilmegi, şikes ýeten gününden soň 3 aýyň dowamynda traheostomik turbajygyň ulanylmagy; |
10 |
|
b) sesiň ýitirilmegi, şikes ýeten gününden soň |
20 |
|
Bellik: Şu bölek boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şikes bilen baglylykda şu Tablisanyň otuz birinji bölegi boýunça tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) goşmaça tölenilýär. Eger ätiýaçlandyrylýan (ätiýaçlandyrylan şahs) öz arzasynda şikes sebäpli bokurdagynyň ýa-da kekirdeginiň işleýşiniň bozulandygyny görkezen bolsa, |
|
|
şikes ýeten gününden 3 aý möhlet geçenden soň, degişli hünärmeniň netijenamasyny almagy zerurdyr. Şol möhletden bärde ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Tablisanyň otuz birinji bölegi boýunça tölenilýär. |
|
V. Ýürek-damar ulgamy |
||
33. |
Ýürege, onuň perdelerine we uly esasy gan damarlaryna zeper ýetip, ýürek-damar ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyna alyp barmaýan ýagdaý. |
25 |
34 |
Ýürege, onuň perdelerine we uly esasy gan damarlaryna şikes ýetip, ýürek-damar ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyna alyp barmagy: |
|
|
a) I derejesi; |
10 |
|
b) II-III derejesi. |
25 |
|
Bellik: Eger delilhatda ýürek-damar ýetmezçiliginiň derejesi görkezilmedik bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu bölegiň «a» bendi boýunça tölenilýär. |
|
35. |
Uly periferik gan damarlaryna şikes ýetmegi (gan dolanyşygynyň bozulmagyna alyp barmasa) şu aşakdaky derejelerde bolsa: |
|
|
a) çigin but; |
10 |
|
b) injik, bilek. |
5 |
36. |
Uly periferik gan damarlaryna şikes ýetip, damar ýetmezçiliginiň ýüze çykmagy. |
20 |
|
Bellik: 1. Uly esasy gan damarlaryna aortany, öýken, atsyz, uky arteriýalaryny, içki boýuntyryk wenalaryny, ýokarky we aşaky içi boş wenalary, gaýtaryş wenasyny, şeýle hem, içki agzalaryň gan dolanyşygyny üpjün edýän esasy gan damarlaryny degişli etmeli. |
|
|
Uly periferik gan damarlaryna ýaýjyk asty, goltuk asty, tirsek, bilek arteriýalaryny, ýanbaş, but, dyz asty, alynky we yzky uly injik arteriýalaryny, kelle-çigin, ýaýjyk asty, goltuk asty, but we dyz asty wenalary degişli etmeli. |
|
|
2. Eger ätiýaçlandyrylýan (ätiýaçlandyrylan şahs) öz arzasynda şikesiň ýürek-damar ulgamynyň işleýşiniň bozulmagyna eltendigini görkezen bolsa, degişli hünärmeniň netijenamasyny almagy zerurdyr. |
|
|
3. Eger şu Tablisanyň otuz dördünji we otuz altynjy böleklerinde görkezilen beterleşmeler şikes ýeten gününden 3 aý möhlet geçenden soň, saglygy goraýyş edarasy tarapyndan anyklanylsa we delilhaty bilen tassyklanylsa, şol bölekler boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) goşmaça tölenilýär. Şol möhletden bärde ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Tablisanyň otuz üçünji we otuz bäşinji bölekleri boýunça tölenilýär. |
|
|
4. Eger uly gan damarlaryna şikes ýetmegi bilen baglylykda akdyryş hanany dikeltmek maksady bilen operasiýalar geçirilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 5 göterimi goşmaça tölenilýär. |
|
VI. Iýmit siňdiriş agzalary |
||
37. |
Ýokarky äňiň, çekge süňküniň ýa-da äňiň döwülmegi, äňiň çykmagy: |
|
|
a) bir süňküň döwülmegi, äňiň çykmagy; |
5 |
|
b) iki ýa-da has köp süňküň döwülmegi ýa-da bir süňküň iki ýerden döwülmegi. |
10 |
|
Bellik: 1. Äňiň stomatologik hereketleriniň (manipulýasiýalarynyň) geçirilen wagtynda tötänden döwlen halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) umumy esaslarda tölenilýär. |
|
|
2. Dişleriň ýitirilen wagtynda alweolýar ösüntgisiniň döwülmegi ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilmegi üçin esas bolup bilmeýär. |
|
|
3. Äňe, çekge süňklerine şikes ýetmegi bilen baglylykda operatiw gatyşmalar geçirilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 5 göterimi goşmaça bir gezek tölenilýär. |
|
38. |
Äňiň endikli çykmagy. |
10 |
|
Bellik: Aşaky äňiň endikli çykmagy üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Tablisanyň otuz ýedinji bölegi boýunça tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) goşmaça tölenilýär, eger bu beterleşme ätiýaçlandyryş döwründe ýeten şikes sebäpli we şol döwürden soň 3 ýylyň dowamynda ýüze çykan ýagdaýynda. Äňiň endikli çykmagynyň gaýtalanmasy (redisiwi) üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär. |
|
39. |
Äňe şikes ýetmegi sebäpli şu aşakdakylaryň aýrylmagy: |
|
|
a) äňiň bir böleginiň (alweolýar ösüntgiden başga); |
40 |
|
b) äňiň. |
80 |
|
Bellik: 1. Äňiň ýa-da onuň böleginiň bolmazlygy bilen baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilende, dişleriň ýitirilmegi hem nazara alynýar (sanyna garamazdan). |
|
|
2. Äňe şikes ýetmegi agyz boşlugynyň beýleki agzalaryna zeper ýetmegi bilen utgaşan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenmäge degişli göterimi şol zeperlere degişli bölekler boýunça nazara almak bilen goşmak arkaly kesgitlenilýär. |
|
|
3. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu bölek boýunça tölenilen ýagdaýynda operatiw gatyşmalar üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) goşmaça tölenilýär. |
|
40. |
Dile, agyz boşlugyna şikes ýetmegi (ýaralanmak, ýanmak, sowuk almak) ýara yzlarynyň emele gelmegine eltende (olaryň sanyna garamazdan). |
5 |
41. |
Dile şikes ýetmegi netijesinde: |
|
|
a) diliň ujunyň bolmazlygy; |
10 |
|
b) diliň burunky böleginiň bolmazlygy; |
15 |
|
ç) diliň ortaky böleginiň derejesinde bolmazlygy; |
30 |
|
d) diliň kök derejesinde bolmazlygy ýa-da asla bolmazlygy. |
60 |
42. |
Dişlere şikes ýetmegi netijesinde: |
|
|
a) 1 dişiň ýitirilmegi; |
5 |
|
b) 2–3 dişiň ýitirilmegi; |
10 |
|
ç) 4–6 dişiň ýitirilmegi; |
15 |
|
d) 7–9 dişiň ýitirilmegi; |
20 |
|
e) 10 we has köp dişiň ýitirilmegi. |
25 |
|
Bellik: 1. Aýrylmaýan protezlere şikes ýetmegi bilen baglylykda dişiň ýitirilen halatynda, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) diňe daýanç dişleriň ýitirilmegi bilen baglylykda tölenilýär. |
|
|
2. 5 ýaşyny doldurmadyk çagalar süýt dişlerini ýitiren halatlarynda, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) umumy esaslarda tölenilýär. |
|
|
3. Dişler ýitirilen we äň döwlen halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Tablisanyň otuz ýedinji we kyrk ikinji bölekleri boýunça goşmak arkaly tölenilýär. |
|
|
4. Eger şikes bilen baglylykda goparylan diş öňki ýerinde oturdylsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) umumy esaslarda şu bölek boýunça tölenilýär. Şol diş goparylyp aýrylan halatynda, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär. |
|
43. |
Damaga, gyzylödege, aşgazana, içegä şikes ýetmegi (ýaralanmak, ýyrtylmak, ýanmak), şeýle hem, şol şikesler bilen baglylykda ýa-da gyzylödekden, aşgazandan keseki jisimleri aýyrmak maksady bilen geçirilen ezofagogastroskopiýa, agzalaryň işleýşiniň bozulmagyna alyp barmadyk ýagdaýlar. |
5 |
44. |
Gyzylödege şikes ýetmegi (ýaralanmak, ýyrtylmak, ýanmak) netijesinde: |
|
|
a) gyzylödegiň daralmagy; |
40 |
|
b) gyzylödegiň geçirmezligi (gastrostoma bar mahaly), şeýle hem, gyzylödek çalşyrylandan soňky ýagdaý. |
100 |
|
Bellik: Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) şu bölek boýunça tölenilmäge degişli göterimi şikes ýeten gününden 6 aýdan az bolmadyk möhlet geçenden soň kesgitlenilýär. Şol möhletden bärde ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Tablisanyň kyrk üçünji bölegi boýunça deslapky görnüşde tölenilýär we şol tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) gutarnykly çözgüt kabul edilen mahaly tutulyp alynýar.
|
|
45. |
Iýmit siňdiriş agzalaryna şikes ýetmegi (ýyrtylma, ýanmak, ýaralanmak) netijesinde şu aşakdakylar ýüze çykanda: |
|
|
a) holesistit, duodenit, gastrit, pankreatit, enterit, kolit, proktit, paraproktit; |
5 |
|
b) aşgazanyň, içegäniň, artky bujagyň ýara yzy sebäpli daralmagy; |
15 |
|
ç) bitişme keseli, bitişme sebäpli geçirmezlik zerarly operasiýadan soňky ýagdaý; |
25 |
|
d) içegede fistula, içege-ýuka ýer fistulasy, aşgazan asty mäzde fistula; |
50 |
|
e) tebigy däl artky bujak (kolostoma). |
100 |
|
Bellik: 1. Şikes sebäpli şu bölegiň «a», «b», «ç» bentlerinde göz öňünde tutulan beterleşmeler ýüze çykan halatynda, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek şol beterleşmeler şikes ýeten gününden 3 aý möhlet geçenden soň, şu bölegiň «d» we «e» bentlerinde göz öňünde tutulan beterleşmeler bolsa, şikes ýeten gününden 6 aý möhlet geçenden soň bar bolan ýagdaýynda amala aşyrylýar. |
|
|
Ýokarda görkezilen beterleşmeler diňe olar delilhaty bilen tassyklanylan halatynda ykrar edilýär. Şol möhletden bärde ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Tablisanyň kyrk üçünji bölegi boýunça deslapky görnüşde tölenilýär we şol tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) gutarnykly çözgüt kabul edilen ýagdaýynda tutulyp alynýar. |
|
|
2. Eger bir şikes netijesinde bir bentde görkezilen beterleşmeler ýüze çyksa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) bir gezek tölenilýär. Emma dürli bentlerde görkezilen dürli patologik üýtgeşmeler ýüze çykan bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) olaryň hemmesini nazara almak bilen goşmak arkaly tölenilýär. |
|
46. |
Alynky garyn diwarjygyna şikes ýeten ýerde, diafragma şikes ýeten ýerde ýa-da şikes sebäpli operasiýa geçirilip, operasiýadan soň galan ýara yzynyň golaýynda inginiň emele gelmegi ýa-da şeýle ingi sebäpli geçirilen operasiýadan soňky ýagdaý. |
10 |
|
Bellik: 1. Şu bölek boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) garyn agzalaryna şikes ýetmegi bilen baglylykda kesgitlenilen ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) munuň özi şol şikesiň gös-göni netijesi bolýan bolsa, goşmaça tölenilýär. |
|
|
2. Agyr zadyň galdyrylmagy sebäpli dörän garyn (göbek, ak zolak, gasyk, gasyk-ýumurtga haltasy) ingileri ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek üçin esas bolup bilmeýär. |
|
47. |
Şikes netijesinde bagra zeper ýetip, şu aşakdakylaryň ýüze çykmagy: |
|
|
a) bagryň perde astynda ýyrtylmagy, operatiw gatyşma zerur bolmasa, gepatit, gös-göni şikes bilen baglylykda dörän syworotka gepatiti, gepatoz; |
5 |
|
b) bagyr ýetmezçiligi. |
10 |
48. |
Bagra, öt haltasyna şikes ýetmegi sebäpli: |
|
|
a) bagryň ýyrtylan ýerleriniň tikilmegi ýa-da öt haltasynyň kesilip aýrylmagy; |
15 |
|
b) bagryň ýyrtylan ýerleriniň tikilmegi we öt haltasynyň kesilip aýrylmagy; |
20 |
|
ç) bagryň bir böleginiň kesilip aýrylmagy; |
25 |
|
d) bagryň bir böleginiň we öt haltasynyň kesilip aýrylmagy. |
35 |
49. |
Dalaga şikes ýetip: |
|
|
a) dalak perde astynda ýyrtylanda, operatiw gatyşmanyň zerur bolmagy; |
5 |
|
b) dalagyň kesilip aýrylmagy. |
30 |
50. |
Aşgazana, aşgazan asty mäze, içegä, çöze şikes ýetip, şu aşakdakylara eltende: |
|
|
a) aşgazan asty mäzde içi suwly çişiň emele gelmegi; |
20 |
|
b) aşgazanyň, aşgazan asty mäziň rezeksiýasy; |
30 |
|
ç) aşgazanyň kesilip aýrylmagy. |
60 |
|
Bellik: Şu bölegiň bentleriniň birinde görkezilen şikesiň netijeleri üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) bir gezek tölenilýär. Emma dürli agzalara şikes ýetmegi şu bölegiň dürli bentlerinde görkezilen beterleşmelere alyp barsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) olaryň her birini nazara almak bilen goşmak arkaly tölenilýär. |
|
51. |
Garyn agzalaryna şikes ýetende, şunuň bilen baglylykda şu aşakdakylaryň geçirilmegi: |
|
|
a) laparoskopiýa (laparosentez); |
5 |
|
b) garyn agzalaryna şikes ýetendir diýen şübhe dörän ýagdaýynda laparotomiýa, (şol sanda laparoskopiýa, laparosentez bilen); |
10 |
|
ç) garyn agzalaryna şikes ýetende laparotomiýa (şol sanda laparoskopiýa, laparosentez bilen); |
15 |
|
d) gaýtadan geçirilen laparotomiýa (sanyna garamazdan). |
10 |
|
Bellik: 1. Eger garyn agzalaryna şikes ýetmegi bilen baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) şu Tablisanyň kyrk ýedinji, kyrk sekizinji, kyrk dokuzynjy we ellinji bölekleri boýunça tölemek üçin esaslar bar bolsa, şu bölegiň «a», «b», «ç» bentleri ulanylmaýar. |
|
|
2. Eger bir şikes netijesinde garyn boşlugyndaky dürli agzalara zeper ýeten bolsa, şol agzalaryň biri ýa-da birnäçesi kesilip aýrylsa, beýlekisi (beýlekileri) tikilse, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Tablisanyň degişli bölekleri we şu bölegiň «ç» bendi boýunça bir gezek tölenilýär. |
|
|
3. Eger şikes netijesinde iýmit siňdiriş, peşew-jyns ulgamlaryna (olary kesip aýyrmazdan) zeper ýeten halatynda, şu Tablisanyň elli bäşinji bölegi boýunça goşmaça ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 5 göterimi tölenilýär. |
|
VII. Peşew çykaryjy we jyns ulgamlary |
||
52. |
Böwrege şikes ýetmegi netijesinde: |
|
|
a) operatiw gatyşmanyň zerurlygy bolmadyk ýagdaý, böwregiň agyryly zarba sezewar bolmagy, böwrek örtüginiň ýyrtylmagy; |
5 |
|
b) böwregiň bir böleginiň kesilip aýrylmagy; |
30 |
|
ç) böwregiň kesilip aýrylmagy. |
60 |
53. |
Peşew çykaryjy ulgamyň agzalaryna (böwreklere, peşewakarlara, peşew haltasyna, peşew çykaryjy ýola) şikes ýetmegi şu aşakdakylara eltende: |
|
|
a) sistit, uretrit; |
5 |
|
b) ýiti böwrek ýetmezçiligi, piýelit, piýelosistit; |
10 |
|
ç) peşew haltasynyň göwrüminiň kiçelmegi; |
15 |
|
d) glomerulonefrit, pielonefrit, peşewakaryň, peşew çykaryjy ýoluň daralmagy; |
25 |
|
e) uzak wagtlap basyş astynda bolmak sindromy (şikes sebäpli toksikoz, kraş-sindrom, mynjyramak sindromy), ötüşen böwrek ýetmezçiligi; |
30 |
|
ä) peşewakaryň, peşew çykaryjy ýoluň geçirmezligi, peşew-jyns fistulalar. |
40 |
|
Bellik: 1. Eger şikes netijesinde peşew çykaryjy ulgamyň agzalarynyň birnäçesiniň işleýişi bozulsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilmäge degişli göterimi şu bölegiň şikesiň has agyr netijesini göz öňünde tutýan bentleriniň biri boýunça kesgitlenilýär. |
|
|
2. Şu bölegiň «a», «b», «ç», «d» we «e» bentlerinde görkezilen şikesiň netijeleri bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek eger şol beterleşmeler şikes ýeten gününden 3 aý möhlet geçenden soň bar bolsa amala aşyrylýar. Şol möhletden bärde ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Tablisanyň elli ikinji bölegi boýunça ýa-da elli bäşinji böleginiň «a» bendi boýunça tölenilýär we şol göterim gutarnykly karar kabul edilen ýagdaýynda kemelmeýär. |
|
54. |
Peşew çykaryjy ulgamyň agzalaryna şikes ýetmegi bilen baglylykda geçirilen operatiw gatyşmalar: |
|
|
a) sistostomiýa; |
5 |
|
b) agzalaryň zaýalanandygy barada şübhe dörände; |
10 |
|
ç) agzalara zeper ýetende; |
15 |
|
d) şikes bilen baglylykda gaýtadan geçirilen operasiýalar (sanyna garamazdan). |
10 |
|
Bellik: Eger şikes bilen baglylykda böwrek ýa-da onuň bir bölegi kesilip aýrylan bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Tablisanyň elli ikinji böleginiň «b» we «ç» bentleri boýunça tölenilýär, şunda elli dördünji bölek ulanylmaýar. |
|
55. |
Jyns ýa-da peşew çykaryjy ulgamyň agzalaryna şikes ýetmegi: |
|
|
a) ýaralanmak, ýyrtylmak, ýanmak, sowuk almak; |
5 |
|
b) zorlanmagy: |
|
|
15 ýaşa çenli; |
50 |
|
15–18 ýaşynda; |
30 |
|
18 ýaşynda we has uly ýaşda. |
15 |
56. |
Jyns ulgamyna şikes ýetmegi netijesinde: |
|
|
a) bir ýumurtgalygyň, ýatgy lülesiniň, ýumurtganyň kesilip aýrylmagy; |
15 |
|
b) ýumurtgalyklaryň ikisiniň-de, ýatgy lüleleriniň ikisiniň-de, ýumurtgalaryň, jyns agzasynyň ýarysynyň kesilip aýrylmagy; |
30 |
|
ç) aşakda görkezilen ýaşda aýalyň ýatgysynyň kesilip aýrylmagy: |
|
|
40 ýaşa çenli; |
50 |
|
40–50 ýaşynda; |
30 |
|
50 ýaşda we ondan uly ýaşda; |
15 |
|
d) jyns agzasynyň ýarysynyň, ýumurtgalyklaryň ikisiniň-de kesilip aýrylmagy. |
50 |
57. |
Patologiki çaga dogurmanyň ýa-da ýatgydan daşky göwreliligiň netijesinde: |
|
|
a) ýeke-täk ýatgy turbasynyň, ýeke-täk ýumurtgalygyň kesilip aýrylmagy; |
15 |
|
b) ýatgy turbasynyň, ýumurtgalyklaryň ikisiniň hem kesilip aýrylmagy; |
30 |
|
ç) ýatgynyň (şeýle-de goşmaça ösüntgisi bilen) ýitirilmegi: |
|
|
40 ýaşa çenli ýaşda; |
50 |
|
40 ýaşdan 50 ýaşa çenli ýaşda; |
30 |
|
50 ýaş we ondan uly ýaşda. |
15 |
|
Bellik: 1. Çaga dogurmagyň netijesinde çanaklyk süňkleriniň, ýanbaş-türre birleşmesiniň jaýrylmagy ýa-da döwülmegi ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilmegi umumy esaslarda amala aşyrylýar. |
|
|
2. Patologiki çaga dogurmanyň ýa-da ýatgydan daşky göwreliligiň netijesinde bir tarapky ýatgy turbasynyň aýrylan, ikinji tarapynyň bolsa çişme ýagdaýy (prosesi) bilen bagly ýa-da tohumsyzlandyrma maksady bilen ýatgy turbasynyň aýrylan (daňlan) ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilmegi diňe göwrelilik emele gelen bir tarapky ýatgy turbasynyň aýrylmagy göz öňünde tutulyp, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 15 göterimi möçberinde amala aşyrylýar. |
|
VIII. Ýumşak dokumalar |
||
58. |
Ýüzüň, boýnuň alynky-gapdal ýüzüniň, äň astynyň ýumşak dokumalaryna, daşky gulak ýelkenlerine zeper ýetip, ýara bitişenden soň, şu aşakdakylaryň ýüze çykmagy: |
|
|
a) meýdany 1 kwadrat santimetr we şondan köp ýa-da uzynlygy 5 santimetr we şondan uzyn ýara yzlary; |
5 |
|
b) keşbiň ep-esli bozulmagy; |
10 |
|
ç) keşbiň üzül-kesil bozulmagy; |
30 |
|
d) bedroýlaşmak. |
70 |
|
Bellik: 1. Keşbinde göze ilýän ýara yzlaryna reňki boýunça töweregindäki deriden tapawutlanýan, derini içine büzen ýa-da onuň ýüzünde saýlanyp duran, dokumany dartyp duran ýara yzlary degişli edilýär. |
|
|
Bedroýlaşmak mehaniki, himiki, gyzgynlyk bilen ýa-da beýleki zorlukly täsirler netijesinde adamyň tebigy keşbiniň üzül-kesil üýtgemegidir. |
|
|
2. Eger kelleçanagyň ýüz tarapky süňkleri döwlüp, süňk bölekleriniň süýşmegi sebäpli operasiýa (açyk repozosiýa) geçirilen bolsa, netijede adamyň ýüzünde ýara yzy emele gelen bolsa, şol ýara yzy keşbi belli bir derejede bozýan bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) süňküň döwülmegi we operasiýadan soňky şol ýara yzy hasaba alnyp tölenýär. |
|
|
3. Eger ýüzüň, boýnuň alynky-gapdal ýüzüniň, alkym astynyň ýumşak dokumalaryna şikes ýetmegi netijesinde ýara yzy ýa-da pigment tegmilleri emele gelen bolsa we şunuň bilen baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) degişli bölegi tölenilen bolsa, soňra hem ätiýaçlandyrýan (ätiýaçlandyrylan şahs) täze ýara yzlarynyň ýa-da pigment tegmilleriniň döremegine elten şikese sezewar bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) soňraky şikesiň netijeleri nazara alnyp, gaýtadan tölenilýär. |
|
59. |
Kelläniň saçly böleginiň, bedeniň, el-aýaklaryň ýumşak dokumalaryna şikes ýetip, ýara bitenden soň, aşakda görkezilen meýdanda ýara yzlarynyň emele gelmegi |
|
|
a) 2 kwadrat santimetrden bedeniň ýüzüniň 0,5 göterimine çenli; |
5 |
|
b) bedeniň ýüzüniň 0,5-2 göterimi; |
10 |
|
ç) bedeniň ýüzüniň 2-4 göterimi; |
15 |
|
d) bedeniň ýüzüniň 4-6 göterimi; |
20 |
|
e) bedeniň ýüzüniň 6-8 göterimi; |
25 |
|
ä) bedeniň ýüzüniň 8-10 göterimi; |
30 |
|
f) bedeniň ýüzüniň 10-15 göterimi; |
35 |
|
g) bedeniň ýüzüniň 15 göterimi we ondan köp. |
40 |
|
Bellik: 1. Barlanylýan adamyň bedeniniň ýüzüniň 1 göterimi şol adamyň penjesiniň we barmaklarynyň aýa tarapynyň meýdanyna deňdir. Şol meýdan penjäniň bilek-goşar bognundan III barmagyň dyrnakly böleginiň ujuna çenli ölçelýän uzynlygyny onuň II-V barmaklarynyň derejesindäki aýa süňkleriniň (I barmak hasaba alynmaýar) tümmeleriniň derejesinde ölçelýän inine köpeltmek arkaly kwadrat santimetrlerde kesgitlenilýär. |
|
|
2. Ýara yzlarynyň meýdany kesgitlenilende, deriniň şikes ýeten böleginiň ýerine oturtmak üçin deri transplantynyň alnan ýerindäki ýara yzlaryny hem nazara almaly. |
|
|
3. Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) operatiw gatyşma üçin tölenilýän bolsa, (açyk şikesler, siňirleriň çalşyrylmagy, gan damarlarynyň, nerwleriň we beýlekileriň tikilmegi) şu bölek ulanylmaýar. |
|
60. |
Göwräniň, el-aýaklaryň ýumşak dokumalaryna şikes ýetmegi sebäpli şu aşakda görkezilen meýdanda pigment tegmilleriniň döremegi: |
|
|
a) bedeniň ýüzüniň meýdanynyň 1-10 göterimi; |
5 |
|
b) bedeniň ýüzüniň meýdanynyň 10-15 göterimi; |
10 |
|
ç) bedeniň ýüzüniň meýdanynyň 15 göterimi we ondan köp. |
15 |
|
Bellik: 1. Şu Tablisanyň elli sekizinji, elli dokuzynjy we altmyşynjy bölekleri boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilende, ýara ýerleri biteninden soň, şikes ýeten gününden 1 aý geçenden soň geçirilen güwä geçmek maglumatlary nazara alnyp karar kabul edilýär. |
|
|
2. Şu Tablisanyň elli dokuzynjy, altmyşynjy bölekleri boýunça tölegleriň umumy möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 40 göteriminden köp bolmaly däl. |
|
61. |
Ýanyk keseli, ýanyk şogy. |
10 |
|
Bellik: Şu bölek boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ýanyk bilen baglylykda tölenilýän ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) goşmaça tölenilýär. |
|
62. |
Ýumşak dokumalara şikes ýetmegi: |
|
|
a) dokuma ingisi, şikesden soňky periostit, meýdany azyndan 2 kwadrat santimetre barabar ýaýramadyk ganöýme; |
5 |
|
b) siňirleriň ýolunmagy, penje barmaklarynyň siňirleri muňa girmeýär, daýanç-hereket ediş ulgamynyň başga böleginden autotransplantantyň alynmagy. |
10 |
|
Bellik: 1. Ýaýramadyk ganöýme, dokuma ingisi ýa-da şikesden soňky periostit bilen baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şikes sebäpli şol beterleşmeler şikes ýeten gününden 1 aý möhlet geçenden soň bar bolsa tölenilýär. |
|
|
2. Şu bölek boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek hakyndaky karar kabul edilende, şikes ýeten gününden soň 1 aýdan az bolmadyk möhletde geçirilen anyklama geçmegiň maglumatlary nazara alynýar. |
|
IX. Oňurga |
||
63. |
Oňurgalaryň bedeniniň, ýaýjyk süňküniň we bogun ösüntgisiniň döwülmegi, döwlüp çykmagy ýa-da çykmagy (çatalbanyň we türräniň oňurgalary muňa girmeýär): |
|
|
a) bir-iki oňurganyň; |
20 |
|
b) üç-bäş oňurganyň; |
30 |
|
ç) alty we has köp oňurganyň. |
40 |
64. |
Oňurgaara baglaýjylarynyň ýolunmagy, oňurgalaryň kem-käs çykmagy (türre oňurgalary muňa girmeýär) |
5 |
|
Bellik: Oňurganyň kem-käs çykmagynyň gaýtalanmalary (residiwleri) wagtynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär. |
|
65. |
Her bir kese ýa-da gylçyk görnüşli ösüntginiň döwülmegi. |
5 |
66. |
Çatalbanyň döwülmegi. |
10 |
67. |
Türrä şikes ýetmegi: |
|
|
a) türre oňurgalarynyň çykmagy; |
5 |
|
b) türre oňurgalarynyň döwülmegi. |
10 |
|
Bellik: 1. Oňurga (şol sanda çatalba we türrä) şikes ýetmegi bilen baglylykda operatiw gatyşmalar geçirilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 10 göterimi goşmaça tölenilýär. |
|
|
2. Eger oňurgalaryň döwülmegi ýa-da çykmagy oňurga ýiligine zeper ýetmegi bilen utgaşan halatynda, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şikesleriň ikisini hem nazara almak bilen goşmak arkaly tölenilýär. |
|
|
3. Eger bir şikes netijesinde oňurganyň bedeni döwülse, baglaýjylary ýolunsa, kese we gylçyk görnüşli ösüntgiler döwülse, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) has agyr şikesi nazarda tutýan bölek boýunça bir gezek tölenilýär. |
|
X. El-pilçe we ýaýjyk |
||
68. |
Pilçäniň, ýaýjygyň döwülmegi, pilçe-ýaýjyk, döş-ýaýjyk sepleşiginiň doly ýa-da kem-käs ýolunmagy: |
|
|
a) bir süňküň döwülmegi, çykmagy, bir sepleşigiň ýolunmagy; |
3 |
|
b) iki süňküň döwülmegi, bir süňküň iki ýerden döwülmegi, iki sepleşigiň ýolunmagy, bir süňküň döwülmegi ýa-da çykmagy we bir sepleşigiň ýolunmagy, ýaýjygyň döwülmegi ýa-da çykmagy; |
5 |
|
ç) iki sepleşigiň ýolunmagy we bir süňküň döwülmegi, iki süňküň döwülmegi we bir sepleşigiň ýolunmagy; |
10 |
|
d) döwük ýeriniň bitmezligi (ýalan bogun). |
15 |
|
Bellik: 1. Eger şu bölekde görkezilen şikesler bilen baglylykda operatiw gatyşmalar geçirilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 5 göterimi bir gezek goşmaça tölenilýär. |
|
|
2. Açyk döwük bilen baglylykda operatiw gatyşma geçirilmedik bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) şu Tablisanyň elli dokuzynjy bölegi boýunça tölemek hakynda karar ýaralar bitenden soň geçirilen anyklama geçmegiň netijeleri boýunça kabul edilýär. |
|
|
3. Döwük ýeriniň bitmezligi (ýalan bogun) bilen baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek şikesiň şeýle beterleşmesi şikes ýeten gününden 6 aý möhlet geçenden soň, saglygy goraýyş edarasy tarapyndan anyklansa we delilhaty bilen tassyklanylsa amala aşyrylýar. Bu töleg goşmaçadyr. |
|
XI. Çigin bogny |
||
69. |
Çigin bognunyň töweregine şikes ýetmegi (pilçäniň bogun çukury, çigin süňküniň kellejikleri, tümmeleri, anatomik we hirurgik boýunjyk, bogun haltasy): |
|
|
a) siňirleriň, perdäniň, bogunlaryň ýolunmagy, süňk bölekleriniň gopmagy, şol sanda uly tümmejigiň, pilçäniň bogun çukurynyň döwülmegi, çigniň çykmagy; |
5 |
|
b) iki süňküň döwülmegi, pilçäniň döwülmegi we çigniň çykmagy; |
10 |
|
ç) çigniň (tommugyň, anatomik, hirurgik boýunjygyň) döwülmegi, çigniň döwülmegi çykmagy. |
15 |
70. |
Çigin zolagyna şikes ýetip, şu aşakdakylaryň ýüze çykmagy: |
|
|
a) çigniň endikli çykmagy; |
15 |
|
b) bogunda hereketiň bolmazlygy (ankiloz); |
20 |
|
ç) çigin bognuny emele getirýän süňkleriň bogun örtükleriniň rezeksiýasy netijesinde çigin bognunyň «sallanyp» durmagy. |
40 |
|
Bellik: 1. Şu bölek boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) görkezilen beterleşmeler şikes ýeten gününden 6 aý möhlet geçenden soň saglygy goraýyş edarasy tarapyndan anyklanylan we delilhaty bilen tassyklanylan halatynda, çigin bognunyň töweregindäki şikesler bilen baglylykda tölenilýän ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) goşmaça tölenilýär.
|
|
|
2. Eger çigin bognuna şikes ýetmegi bilen baglylykda operatiw gatyşmalar geçirilse, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 10 göterimi goşmaça tölenilýär. |
|
|
3. Ätiýaçlandyryş döwründe bolup geçen ilkinji çykmak halatyndan soň 3 ýylyň içinde ýüze çykan çigniň endikli çykmagy üçin ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek amala aşyrylýar. Çigniň ilkinji gezek çykmagynyň diagnozy ony ýerine salan saglygy goraýyş edarasy tarapyndan tassyklanylmalydyr. Çigniň endikli çykmagynyň gaýtalanmasy (residiwi) ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär. |
|
XII. Çigin |
||
71. |
Çigin süňküniň döwülmegi: |
|
|
a) islendik derejede (ýokarky, ortaky, aşaky); |
15 |
|
b) iki ýerde. |
20 |
72. |
Çigin süňküniň döwülmegi netijesinde döwük ýeriniň bitmezligi (ýalan bogun): |
45 |
|
Bellik: 1. Eger ýokarda görkezilen beterleşmeler şikes ýeten gününden 9 aý möhlet geçenden soň saglygy goraýyş edarasy tarapyndan anyklanylsa, şu bölek boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) çigne şikes ýetmegi bilen baglylykda tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) goşmaça tölenilýär. |
|
|
2. Eger çigin töweregindäki şikes bilen baglylykda gyssagly operatiw gatyşmalar geçirilen bolsa (ilkinji hirurgik çäreler we keseki jisimleri aýyrmak muňa girmeýär), ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 10 göterimi goşmaça tölenilýär. |
|
73. |
Eliň şikes sebäpli kesilip aýrylmagy ýa-da kesilip aýrylmagyna sebäp bolan agyr şikes: |
|
|
a) pilçe, ýaýjyk ýa-da olaryň bölegi bilen; |
80 |
|
b) çigin islendik derejede; |
75 |
|
ç) ýeke-täk el çigin derejesinde. |
100 |
|
Bellik: Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu bölek boýunça tölenilýän bolsa, gyssagly operatiw gatyşmalar we operasiýadan soňky ýara yzlary üçin goşmaça töleg tölenilmeýär. |
|
XIII. Tirsek bogny |
||
74. |
Tirsek bognunyň töweregine şikes ýetmegi: |
|
|
a) gemartroz, bilek süňküniň deri asty (pronasion) çykygy, süňk bölekleriniň, şol sanda çigin süňküniň tümmüleriniň gopmagy, bilek ýa-da tirsek süňkleriniň döwülmegi, süňküň çykmagy; |
5 |
|
b) bilek we tirsek süňkleriniň döwülmegi, bilegiň çykmagy; |
10 |
|
ç) çigin süňküniň döwülmegi; |
15 |
|
d) çigin süňki bilen tirsek süňkleriniň bile döwülmegi. |
20 |
|
Bellik: Eger bir şikes netijesinde şu bölekde görkezilen dürli netijeler ýüze çyksa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) has agyr netijäni göz öňünde tutýan bent nazara alnyp tölenilýär. |
|
75. |
Tirsek bognunyň töweregine şikes ýetmegi sebäpli: |
|
|
a) bogunda hereketiň bolmazlygy (ankiloz); |
20 |
|
b) tirsek bognuny emele getirýän süňkleriň bogun perdesiniň rezeksiýasy netijesinde onuň «sallanyp» durmagy. |
30 |
|
Bellik: 1. Tirsek bognunyň töweregine şikes ýetmegi bilen baglylykda tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) goşmaça şu bölek boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek eger şol bogunda hereketleriň bozulandygy şikes ýeten gününden |
|
|
2. Tirsek bognunyň töwereginde şikes ýetmegi bilen baglylykda operatiw gatyşmalar geçirilse (ilkinji hirurgik çäreler we keseki jisimleri aýyrmak muňa girmeýär), ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 10 göterimi bir gezek goşmaça tölenilýär. |
|
XIV. Bilek |
||
76. |
Bilek süňkleriniň bogunlarynyň töwereginden başga islendik derejede (ýokarky, ortaky, aşaky bölekler) döwülmegi: |
|
|
a) bir süňküň döwülmegi, çykmagy; |
5 |
|
b) iki süňküň döwülmegi, bir süňküň iki ýerden döwülmegi. |
10 |
77. |
Bilek süňkleriniň döwük ýeriniň bitmezligi (ýalan bogun): |
|
|
a) bir süňkde; |
15 |
|
b) iki süňkde. |
30 |
|
Bellik: Bilege şikes ýetmegi bilen baglylykda tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) goşmaça şu bölek boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek eger şikesiň şol beterleşmesi şikes ýeten gününden 9 aý möhlet geçenden soň saglygy goraýyş edarasy tarapyndan anyklanylsa we delilhaty bilen tassyklanylsa amala aşyrylýar. |
|
78. |
Şikes sebäpli kesilip aýrylmagy ýa-da şu aşakdakylaryň kesilip aýrylmagyna elten agyr şikes: |
|
|
a) bilegiň islendik derejede kesilip aýrylmagy; |
65 |
|
b) tirsek bognunda ekzartikulýasiýa; |
70 |
|
ç) ýeke-täk eliň bilek derejesinde kesilip aýrylmagy. |
100 |
|
Bellik: 1. Eger bilegiň töweregindäki şikes bilen baglylykda operatiw gatyşmalar geçirilen bolsa (ilkinji hirurgik çäreler we keseki jisimleri aýyrmak muňa girmeýär), ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 10 göterimi bir gezek goşmaça tölenilýär. |
|
|
2. Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu bölek boýunça tölenilýän bolsa, operatiw gatyşmalar we operasiýadan soňky ýara yzlary üçin goşmaça töleg tölenilmeýär. |
|
XV. Bilek-goşar bogny |
||
79. |
Bilek-goşar bognunyň töweregine şikes ýetmegi: |
|
|
a) bilegiň bir süňküniň döwülmegi, biz görnüşli ösüntginiň (ösüntgileriň) gopmagy, süňk böleginiň (bölekleriniň) gopmagy, tirsek süňküniň kellejiginiň çykmagy; |
5 |
|
b) bilegiň iki süňküniň döwülmegi; |
10 |
|
ç) penjäniň perilunar çykmagy. |
15 |
80. |
Bilek-goşar bognunyň töweregine şikes ýetip, şol bogunda hereketiň bolmazlygy (ankiloz). |
15 |
|
Bellik: 1. Eger bogunda hereketiň ýoklugy şikes ýeten gününden 6 aý möhlet geçenden soň saglygy goraýyş edarasy tarapyndan anyklanylsa we delilhaty bilen tassyklanylsa, şu bölek boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) bilek-goşar bognunyň töweregine şikes ýetmegi bilen baglylykda tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) goşmaça tölenilýär. |
|
|
2. Eger bilek-goşar bognunyň töweregindäki şikes bilen baglylykda operatiw gatyşmalar geçirilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 5 göterimi bir gezek goşmaça tölenilýär. |
|
XVI. Penje |
||
81. |
Goşar süňküniň, aýa süňkleriniň, bir aýanyň süňkleriniň döwülmegi ýa-da çykmagy: |
|
|
a) bir süňküň (gaýyk görnüşli süňkden başgasynyň); |
5 |
|
b) iki we ondan köp süňkleriň (gaýyk görnüşli süňkden başgasynyň); |
10 |
|
ç) gaýyk görnüşli süňkler; |
10 |
|
d) çykyk, penjäniň döwülip çykmagy. |
15 |
|
Bellik: 1. Eger şikes sebäpli operatiw gatyşmalar (ilkinji hirurgik çäreler we keseki jisimleri aýyrmak muňa girmeýär) geçirilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 5 göterimi bir gezek goşmaça tölenilýär. |
|
|
2. Goşar (aýa süňkleriniň) süňkleriniň we gaýyk görnüşli süňküň bir şikes netijesinde döwlen (çykan) halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) her bir döwügi nazara almak bilen goşmak arkaly tölenilýär. |
|
82. |
Penjä şikes ýetmegi sebäpli: |
|
|
a) bir ýa-da birnäçe süňküň döwük (ýalan bogun) ýeriniň bitmezligi (süňk bölekleriniň gopmagy muňa girmeýär); |
10 |
|
b) ähli barmaklaryň ýitirilmegi, aýa süňkleriniň derejesinde goşaryň ýa-da bilek-goşar bognunyň kesilip aýrylmagy; |
65 |
|
ç) ýeke-täk penjäniň kesilip aýrylmagy. |
100 |
|
Bellik: Eger şikesiň şeýle beterleşmesi şikes ýeten gününden 6 aý möhlet geçenden soň saglygy goraýyş edarasy tarapyndan anyklansa we delilhaty bilen tassyklanylsa, goşar ýa-da aýa süňkleriniň döwüginiň bitmezligi (ýalan bogun) bilen baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu bölegiň «a» bendi boýunça goşmaça tölenilýär. |
|
XVII. Penjäniň barmaklary birinji barmak |
||
83. |
Barmaga şikes ýetmegi netijesinde dyrnak plastinkasynyň gopmagy, barmagy büküji we ýazyjy siňirlere (siňre) zeper ýetmegi, barmak süňkjagazlarynyň (süňküniň) döwülmegi, çykmagy, ýara yzy sebäpli ep-esli üýtgemegi, siňir, bogun, süňk okumasy. |
5 |
|
Bellik: 1. Dyrnagyň ýanyndaky tümmejigiň azyp iriňlemegi (paronihiýa) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek üçin esas bolup bilmeýär. |
|
|
2. Eger siňirlere şikes ýetmegi, süňkjagazyň (süňkjagazlaryň) döwülmegi, süňk, bogun, siňir okumasy bilen baglylykda operatiw gatyşmalar geçirilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 5 göterimi bir gezek goşmaça tölenýär. |
|
84. |
Barmaga şikes ýetmegi netijesinde: |
|
|
a) bir bogunda hereketiň bolmazlygy; |
10 |
|
b) iki bogunda hereketiň bolmazlygy. |
15 |
|
Bellik: Eger barmagyň bognunda (bogunlarynda) hereketiň ýoklugy şikesden 6 aý soň saglygy goraýyş edarasy tarapyndan anyklanylsa we delilhaty bilen tassyklanylsa, barmaga şikes ýetmegi bilen baglylykda tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) birinji barmagyň hereketiniň bozulmagy bilen baglylykda hem goşmaça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilýär. |
|
85. |
Barmaga şikes ýetip, netijesinde: |
|
|
a) hut şol süňkjagazyň derejesinde gaýtadan kesip aýyrmak; |
5 |
|
b) dyrnakly bognuň derejesinde kesip aýyrmak; |
10 |
|
ç) süňkjagazlaryň arasyndaky bognuň derejesinde amputasiýa (dyrnakly bognuň kesilip aýrylmagy); |
15 |
|
d) esasy süňkjagazyň, aýa-barmak bognuň derejesinde amputasiýa (barmagyň kesilip aýrylmagy); |
20 |
|
e) barmagyň aýa süňki bilen ýa-da onuň bölegi bilen kesilip aýrylmagy. |
25 |
|
Bellik: Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu bölek boýunça tölenilen bolsa, operatiw gatyşmalar, operasiýadan soňky ýara yzlary üçin goşmaça töleg tölenilmeýär. |
|
XVIII. Ikinji, üçünji, dördünji, bäşinji barmaklar |
||
86. |
Bir barmaga şikes ýetmegi netijesinde dyrnak plastinkasynyň gopmagy, barmagy ýazyjy siňre (siňirlere) zeper ýetmegi, süňkjagazyň (süňkjagazlaryň) döwülmegi, çykmagy, ýara yzy sebäpli ep-esli üýtgemegi, barmagy büküji siňre (siňirlere) zeper ýetmegi, siňir, bogun, süňk okumasy. |
5 |
|
Bellik: 1. Dyrnagyň ýanyndaky tümmejigiň azyp iriňlemegi (paronihiýa) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek üçin esas bolup bilmeýär. |
|
|
2. Eger siňirlere şikes ýetmegi, süňkjagazyň (süňkjagazlaryň) döwülmegi, süňk, bogun, siňir okumasy bilen baglylykda operatiw gatyşmalar geçirilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň |
|
87. |
Barmaga şikes ýetmegi netijesinde: |
|
|
a) bir bogunda hereketiň bolmazlygy; |
5 |
|
b) iki ýa-da üç bogunda hereketiň bolmazlygy. |
10 |
|
Bellik: Eger barmagyň bognunda (bogunlarynda) hereketiň ýokdugy şikes ýeten gününden 6 aý möhlet geçenden soň saglygy goraýyş edarasy tarapyndan anyklanylsa we delilhaty bilen tassyklanylan bolsa, barmaga şikes ýetmegi bilen baglylykda tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) goşmaça tölenilýär. |
|
88. |
Barmaga şikes ýetmegi netijesinde: |
|
|
a) hut şol süňkjagazyň derejesinde gaýtadan kesip aýyrmak, dyrnakly bognuň derejesinde kesip aýyrmak; |
5 |
|
ç) ortaky süňkjagazyň derejesinde amputasiýa, iki süňkjagazy kesip aýyrmak; |
10 |
|
d) esasy süňkjagazyň derejesinde kesip aýyrmak, barmagyň kesilip aýrylmagy; |
15 |
|
e) barmagyň aýa süňki ýa-da onuň bölegi bilen kesilip aýrylmagy. |
20 |
|
Bellik: 1. Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu bölek boýunça tölenilen bolsa, operatiw gatyşmalar, operasiýadan soňky ýara yzlary üçin goşmaça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär. |
|
|
2. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletinde penjäniň birnäçe barmagyna şikes ýeten halatynda, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) her bir şikesi nazara alyp, goşmak arkaly tölenilýär. Emma onuň möçberi bir penje üçin ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 65 göteriminden we iki penje üçin 100 göteriminden köp bolmaly däldir. |
|
XIX. Çanaklyk |
||
89. |
Çanaklyga şikes ýetmegi: |
|
|
a) bir süňküň döwülmegi; |
5 |
|
b) iki süňküň döwülmegi ýa-da bir sepleşigiň ýolunmagy, bir süňküň iki ýerde döwülmegi; |
10 |
|
ç) üç we has köp süňkleriň döwülmegi, iki ýa-da üç sepleşmäniň ýolunmagy. |
15 |
|
Bellik: 1. Eger çanaklygyň süňkleriniň döwülmegi ýa-da sepleşikleriň ýolunmagy bilen baglylykda operatiw gatyşmalar geçirilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 10 göterimi bir gezek goşmaça tölenilýär. |
|
|
2. Çaga dogrulan wagtynda çanaklyk, ýanbaş-türre birleşmesiniň jaýrylmagy şu bölegiň «b»,«ç» bentleri esasynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge esas berýär. |
|
90. |
Çanaklyga şikes ýetip, çanaklyk-but bogunlarynda hereketiň bozulmagy: |
|
|
a) bir bogunda; |
20 |
|
b) iki bogunda. |
40 |
|
Bellik: Eger bogunda hereketiň ýokdugy şikes ýeten gününden 6 aý soň saglygy goraýyş edarasy tarapyndan anyklanylsa we delilhaty bilen tassyklanylsa, çanaklyk-but bognunyň (bogunlarynyň) hereketiniň bozulmagy bilen baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) çanaklyga şikes ýetmegi bilen baglylykda tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) goşmaça şu bölek boýunça tölenilýär. |
|
XX. Aýak-çanaklyk-but bogny |
||
91. |
Çanaklyk-but bognuna şikes ýetmegi: |
|
|
a) süňk böleginiň (bölekleriniň) gopmagy; |
5 |
|
b) aýlawajyň (aýlawaçlaryň) aýrybaşga ýolunmagy; |
10 |
|
ç) buduň çykmagy; |
15 |
|
d) buduň kellejiginiň, boýunjagazynyň, proksimal metafiziniň döwülmegi. |
25 |
|
Bellik: 1. Eger bir şikes netijesinde çanaklyk-but bognuna dürli zeperler ýetse, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) has agyr zeperi göz öňünde tutýan bentleriň birine laýyklykda tölenilýär. |
|
|
2. Eger çanaklyk-but bognuna şikes ýetmegi bilen baglylykda operatiw gatyşmalar geçirilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 10 göterimi bir gezek goşmaça tölenilýär. |
|
92. |
Çanaklyk-but bognuna şikes ýetmegi sebäpli: |
|
|
a) hereketiň bolmazlygy (ankiloz); |
20 |
|
b) buduň boýunjygynyň döwüginiň bitmezligi (ýalan bogun); |
30 |
|
ç) endoprotezirlemek; |
40 |
|
d) buduň kellejiginiň rezeksiýasy netijesinde bognuň «sallanyp» durmagy. |
45 |
|
Bellik: 1. Şu bölekde görkezilen beterleşmeler bilen baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) bogna şikes ýetmegi bilen baglylykda tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) goşmaça tölenilýär. |
|
|
2. Eger şikesiň şu beterleşmesi şikes ýeten gününden 9 aý möhlet geçenden soň saglygy goraýyş edarasy tarapyndan anyklanylsa we delilhaty bilen tassyklanylsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) |
|
XXI. But |
||
93. |
Buduň döwülmegi: |
|
|
a) bogunlardan başga islendik derejede (ýokarky, ortaky, aşaky bölek); |
25 |
|
b) buduň iki ýerde döwülmegi. |
30 |
94. |
Buduň döwülmegi netijesinde döwük ýeriniň bitmezligi (ýalan bogun): |
30 |
|
Bellik: 1. Eger butdaky şikes bilen baglylykda operatiw gatyşmalar geçirilen bolsa (ilkinji hirurgik çäreler we keseki jisimi aýyrmak muňa girmeýär), ätiýaçlandyryş pul möçberiniň |
|
|
2. Eger şeýle beterleşme şikes ýeten gününden 9 aý möhlet geçenden soň saglygy goraýyş edarasy tarapyndan anyklanylsa we delilhaty bilen tassyklanylsa, buduň döwülmegi bilen baglylykda tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) şu bölek boýunça hem goşmaça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilýär. |
|
95. |
Şikes sebäpli kesilip aýrylmagy ýa-da aýagyň budunyň islendik derejesinde kesilip aýrylmagyna elten agyr şikesler: |
|
|
a) bir aýagyň; |
70 |
|
b) ýeke-täk aýagyň. |
100 |
|
Bellik: Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu bölek boýunça tölenilen bolsa, operatiw gatyşmalar, operasiýadan soňky ýara yzlary üçin goşmaça töleg tölenilmeýär. |
|
XXII. Dyz bogny |
||
96. |
Dyz bognundaky şikesler: |
|
|
a) gemartroz, süňkleriň böleginiň (bölekleriniň) gopmagy, kiçi injik süňküniň kellejiginiň we uly injik süňküniň tümmüleriniň döwülmegi, meniske zeper ýetmegi; |
5 |
|
b) dyzçanak süňküniň, tümmüler ara çykydyň, tümmüleriň, uly injik süňküniň proksimal metafiziniň döwülmegi; |
10 |
|
ç) uly injik süňküniň proksimal metafiziniň kiçi injik süňküniň kellejigi bilen döwülmegi; |
15 |
|
d) bedeniň tümmüleriniň döwülmegi, injigiň çykmagy; |
20 |
|
e) buduň distal metafiziniň döwülmegi; |
25 |
|
ä) buduň distal metafiziniň, tümmüleriniň bir ýa-da iki injik süňküniň proksimal bölekleri bilen döwülmegi. |
30 |
|
Bellik: 1. Dyz bognunda dürli şikesler utgaşanda, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu bölegiň has agyr şikesi göz öňünde tutýan bentleriniň birine laýyklykda bir gezek tölenilýär. |
|
|
2. Eger dyz bognuna şikes ýetmegi bilen baglylykda operatiw gatyşmalar geçirilen bolsa (ilkinji hirurgik çäreler we keseki jisimleri aýyrmak muňa girmeýär), ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 10 göterimi bir gezek goşmaça tölenilýär. |
|
97. |
Dyz bognuna şikes ýetmegi netijesinde: |
|
|
a) bogunda hereketiň bolmazlygy; |
20 |
|
b) dyz bognuny emele getirýän süňkleriň bogun örtüginiň rezeksiýasy netijesinde onuň «sallanyp» durmagy; |
30 |
|
ç) endoprotezirlemek. |
40 |
|
Bellik: Şu bölek boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) bogna şikes ýetmegi bilen baglylykda tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) goşmaça tölenilýär. |
|
XXIII. Injik |
||
98. |
Injik süňkleriniň döwülmegi (bogunlaryň töwereginden başga) |
|
|
a) kiçi injik süňküniň, süňk bölekleriniň gopmagy; |
5 |
|
b) uly injik süňküniň, kiçi injik süňküniň iki ýerinden döwülmegi; |
10 |
|
ç) iki süňküň hem, uly injik süňküniň iki ýerinden döwülmegi. |
15 |
|
Bellik: 1. Şu bölek boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek kiçi injik süňküniň ýokarky we orta bölegi döwlende, uly injik süňküniň diafizi islendik derejede döwlende, uly injik süňki diafiziniň töwereginde (ýokary, orta, aşaky bölegi) we kiçi injik süňki ýokarky ýa-da orta böleginde döwlende bellenilýär. |
|
|
2. Eger şikes netijesinde uly injik süňki dyz ýa-da injik-daban bognunda bognuň içinde döwlen bolsa we kiçi injik süňki diafiziniň derejesinde döwlen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Tablisanyň togsan altynjy we togsan sekizinji bölekleri ýa-da togsan sekizinji we bir ýüz birinji bölekleri boýunça goşmak arkaly tölenilýär. |
|
99. |
Injik süňkleriniň döwülmegi netijesinde şu aşakdakylarda döwügiň bitmezligi (ýalan bogun), süňk bölekleri muňa girmeýär: |
|
|
a) kiçi injik süňküniň; |
5 |
|
b) uly injik süňküniň; |
15 |
|
ç) süňkleriň ikisiniň-de. |
20 |
|
Bellik: 1. Eger şeýle çylşyrymlaşmalar şikes ýeten gününden 9 aý möhlet geçenden soň saglygy goraýyş edarasy tarapyndan anyklanylsa we delilhaty bilen tassyklanylsa, injik süňkleriniň döwülmegi bilen baglylykda tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) şu bölek boýunça hem goşmaça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilýär. |
|
|
2. Eger injige şikes ýetmegi bilen baglylykda operatiw gatyşmalar geçirilen bolsa (ilkinji hirurgik çäreler we keseki jisimi aýyrmak muňa girmeýär), ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 10 göterimi bir gezek goşmaça tölenilýär. |
|
100. |
Şu aşakdakylaryň şikes netijesinde kesilip aýrylmagy ýa-da olaryň kesilip aýrylmagyna elten agyr şikes: |
|
|
a) injigiň islendik derejede amputasiýasy; |
60 |
|
b) dyz bognunda ekzartikulýasiýa; |
70 |
|
ç) ýeke-täk aýagyň injiginiň islendik derejesindäki amputasiýasy. |
100 |
|
Bellik: Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) injigiň amputasiýasy bilen baglylykda tölenilen bolsa, operatiw gatyşmalar, operasiýadan soňky ýara yzlary üçin goşmaça töleg tölenilmeýär. |
|
XXIV. Injik-daban bogny |
||
101. |
Injik-daban bognuna şikes ýetmegi: |
|
|
a) bir topugyň döwülmegi, injik ara sindesmozyň aýrybaşga ýolunmagy; |
5 |
|
b) iki topugyň döwülmegi ýa-da bir topugyň uly injik süňküniň gyrasy bilen döwülmegi; |
10 |
|
ç) iki topugyň hem uly injik süňküniň gyrasy bilen döwülmegi. |
15 |
|
Bellik: 1. Injik-daban bognunyň süňkleriniň döwülmegi injik ara sindesmozyň ýolunmagy, dabanyň kem-käs çykmagy bilen utgaşan halatynda, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň |
|
|
2. Eger injik-daban bognunda şikes ýetmegi bilen baglylykda operatiw gatyşmalar geçirilen bolsa (ilkinji hirurgik çäreler we keseki jisimleri aýyrmak muňa girmeýär), ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 10 göterimi bir gezek goşmaça tölenilýär. |
|
102. |
Injik-daban bognuna şikes ýetmegi sebäpli: |
|
|
a) injik-daban bognunda hereketiň bozulmagy; |
20 |
|
b) injik-daban bognuny emele getirýän süňkleriň bogun perdesiniň rezeksiýasy netijesinde onuň «sallanyp» durmagy; |
40 |
|
ç) injik-daban bognunda ekzartikulýasiýa. |
50 |
|
Bellik: Eger injik-daban bognuna şikes ýetmegi netijesinde beterleşme dörän bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) haýsysynyň has agyrrak netijä getirjekdigi göz öňünde tutulyp, şu bölegiň bentleriniň biri boýunça tölenilýär. |
|
103. |
Söbük (ahil) siňrine şikes ýetmegi: |
|
|
a) konserwatiw bejeriş mahaly; |
5 |
|
b) operatiw bejeriş ýagdaýynda. |
15 |
XXV. Daban |
||
104. |
Dabana şikes ýetmegi: |
|
|
a) bir süňküň döwülmegi, çykmagy (ökje we ökje üsti süňklerinden başga); |
5 |
|
b) iki süňküň döwülmegi, çykmagy, ökje üsti süňküniň döwülmegi; |
10 |
|
ç) üç we has köp süňküň döwülmegi, çykmagy, ökje süňküniň döwülmegi, dabanyň ökje üsti süňküniň astynda çykmagy, dabanyň kese bognundan çykmagy ýa-da daraklyk, daraklyk-öňi bogundan çykmagy. |
15 |
|
Bellik: 1. Eger süňkleriň döwülmegi ýa-da çykmagy, ýa-da daban baglaýjylarynyň üzülmegi bilen baglylykda operatiw gatyşmalar geçirilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 5 göterimi bir gezek goşmaça tölenilýär. |
|
|
2. Dürli şikesler netijesinde daban süňkleri döwlen ýa-da çykan ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şikesleriň her biri nazara alnyp tölenilýär. |
|
105. |
Dabana şikes ýetmegi netijesinde: |
|
|
a) bir-iki süňküň (ökje we ökje üsti süňklerinden başga) döwük ýeriniň bitmezligi (ýalan bogun); |
5 |
|
b) üç we has köp süňküň, şeýle hem, ökje we ökje üsti süňkleriniň döwük ýeriniň bitmezligi (ýalan bogun); |
15 |
|
ç) ökje üsti süňküniň astyndaky bognuň, daraklygynyň öňündäki kese bognuň ýa-da daraklyk, daraklyk-öňi bognunyň artrodezi; |
20 |
|
şu derejede kesilip aýrylmagy: |
|
|
d) daraklyk-süňkjagaz bogunlarynyň amputasiýasy (ähli barmaklaryň kesilip aýrylmagy); |
30 |
|
e) daraklyk süňkleriniň ýa-da daraklygyň öňündäki bognuň kesilip aýrylmagy; |
40 |
|
ä) ökje we ökje üsti süňkleriniň amputasiýasy (dabanyň kesilip aýrylmagy). |
50 |
|
Bellik: 1. Dabana şikes ýetmegi sebäpli şu bölegiň «a», «b», «ç» bentlerinde göz öňünde tutulan beterleşmeler bilen baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) dabana şikesiň ýetmegi bilen baglylykda tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) goşmaça tölemek şol beterleşmeler şikes ýeten gününden 6 aý möhlet geçenden soň saglygy goraýyş edarasy tarapyndan anyklanylsa we delilhaty bilen tassyklanylsa amala aşyrylýar, şu bölegiň «d», «e», «ä» bentleri boýunça bolsa şikes ýeten gününden başlap, möhlete garamazdan ýerine ýetirilýär. |
|
|
2. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) dabanyň kesilip aýrylmagy bilen baglylykda tölenilen bolsa, operatiw gatyşmalar, operasiýadan soňky ýara yzlary üçin goşmaça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär. |
|
XXVI. AÝAGYŇ BARMAKLARY |
||
106. |
Süňkjagazlaryň (süňkjagazyň) döwülmegi, çykmagy, siňirlere (siňre) zeper ýetmegi: |
|
|
a) bir barmakda; |
3 |
|
b) iki-üç barmakda; |
5 |
|
ç) dört-bäş barmakda. |
10 |
|
Bellik: Eger barmagyň döwülmegi, çykmagy ýa-da siňre zeper ýetmegi bilen baglylykda operatiw gatyşmalar geçirilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 3 göterimi bir gezek goşmaça tölenilýär. |
|
107. |
Şikes sebäpli şu aşakdakylaryň kesilip aýrylmagy ýa-da aýagyň barmaklaryna ýeten şikesiň kesilip aýrylmagyna elten ýagdaýy: |
|
birinji barmak |
||
|
a) dyrnakly süňkjagazyň ýa-da bognuň derejesinde; |
5 |
|
b) esasy süňkjagazyň ýa-da dyrnaklyk-barmak bognunyň derejesinde. |
10 |
|
ikinji, üçünji, dördünji, bäşinji barmaklar |
|
|
ç) bir-iki barmagyň dyrnakly ýa-da ortaky süňkjagazlarynyň derejesinde; |
5 |
|
d) bir-iki barmagyň esasy süňkjagazlarynyň ýa-da dyrnakly barmak bognunyň derejesinde; |
10 |
|
e) üç-dört barmagyň dyrnakly süňkjagazlarynyň ýa-da ortaky süňkjagazlarynyň derejesinde; |
15 |
|
ä) üç-dört barmagyň esasy süňkjagazlarynyň |
20 |
|
Bellik: 1. Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu bölek boýunça tölenilýän bolsa, operatiw gatyşmalar, operasiýadan soňky ýara yzlary üçin goşmaça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär. |
|
|
2. Eger şikes bilen baglylykda barmak daraklyk süňki ýa-da onuň bölegi bilen kesilip aýrylan bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 5 göterimi bir gezek goşmaça tölenilýär. |
|
108. |
Şikesler sebäpli: |
|
|
a) ligatur fistulalaryň emele gelmegi; |
3 |
|
b) limfostaz, tromboflefit, trofikanyň bozulmagy; |
5 |
|
ç) osteomiýelit, şol sanda gematogen osteomiýeliti. |
10 |
|
Bellik: 1. Şu bölek daýanç-hereket ediş ulgamyna şikes ýetmegi sebäpli dörän tromboflebitler, limfostaz we trofikanyň bozulmagy bolanda ulanylýar (uly periferik gan damarlaryna we nerwlere şikes ýetmegi muňa girmeýär). |
|
|
Aýagyň barmaklarynyň azyp iriňlemesi ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek üçin esas bolup bilmeýär. |
|
109. |
Şikes sebäpli şok, gemorragik, anafilaktik şok dörände: |
5 |
|
Bellik: Şu bölek boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek şikes bilen baglylykda tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) goşmaça tölenilýär. |
|
110. |
Tötänden ýiti zäherlenmek, bogulma (demikme), sakyrtga beýni çişmesi (kleşewoý ensefalomielit) ýa-da sanjymdan soňky beýni çişmesi (postwaksinal ensefalomielit), elektrik togunyň (atmosfera elektrik togy) urmasy, ýylanyň, awuly mör-möjekleriň çakmagy, bürmek keseli, botulizm (görkezilen hadysanyň netijesinde anyk bir agzanyň zaýalanandygy barada maglumat bolmasa) sebäpli hassahanada özüňi bejertmede: |
|
|
a) 6–10 gün; |
5 |
|
b) 11–20 gün; |
10 |
|
ç) 20 günden köp. |
15 |
|
Bellik: Eger delilhatda şu bölekde sanalanlaryň haýsydyr bir agzanyň zaýalanmagyna getirendigi görkezilen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) degişli bölege laýyklykda tölenýär. Şunda şu bölek ulanylmaýar. |
|