Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň TERTIBI
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň baş direktory
G.H.Nurmuhammedowyň
2022-nji ýylyň «15» iýulynda
çykaran 62 belgili buýrugy bilen tassyklandy
Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň
Tertibi
I bap. Umumy düzgünler
1 Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň Tertibi (mundan beýläk-Tertip) Türkmenistanyň Raýat Kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Ätiýaçlandyryş babatyndaky işi ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama» hem-de «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama» laýyklykda işlenip taýýarlandy.
2. Şu Tertip bilen Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde gaýtadan ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň ätiýaçlandyryjylarynyň, gaýtadan ätiýaçlandyryjylaryň aralarynda gaýtadan ätiýaçlandyryş amallarynyň geçirilmegini kesgitleýär we gaýtadan ätiýaçlandyryjylaryň ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş goragyny üpjün etmek boýunça ätiýaçlandyrýanlaryň öňündäki borçnamalary kadalaşdyrýar.
3. Şu Tertipde ulanylýan düşünjeleriň manysy «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, ätiýaçlandyryş işi babatynda halkara tejribesinde ykrar edilen düşünjeler ulanylýar:
1) gaýtadan ätiýaçlandyryş - ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça kabul edilen ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleriniň (jogapkärçiliginiň) ählisiniň ýa-da olaryň bir böleginiň soňra gaýtadan ätiýaçlandyryjy bilen baglaşylýan gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda berilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan iş we onuň bilen baglanyşykly gatnaşyklar;
2) gaýtadan ätiýaçlandyrýan (sedent) – özi tarapyndan kabul edilen ätiýaçlandyryş töwekgelçiliklerini (jogapkärçiligini) gaýtadan ätiýaçlandyryşa berýän ätiýaçlandyryjy ýa-da gaýtadan ätiýaçlandyryjy;
3) gaýtadan ätiýaçlandyryjy – degişli ygtyýarnamanyň esasynda gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmak we ýerine ýetirmek tertipnama işiniň esasy bolup durýan telekeçi ýuridik şahs (gaýtadan ätiýaçlandyryş guramasy);
4) ätiýaçlandyryş dellaly - degişli ygtyýarnamanyň esasynda ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş meseleleri barada maslahat beriş hyzmatlary boýunça işi, şeýle hem öz adyndan we ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) tabşyrygy boýunça ätiýaçlandyryş we (ýa-da) gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmak boýunça araçylyk işini amala aşyrýan, Türkmenistanyň telekeçi ýuridik şahsy;
5) hususy tutum - gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde öz hasabyna jogapkärçilik çekýän bölegi;
6) prudensial ölçegler - tölege ukyplylygyň we maliýe durnuklylygynyň, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan bellenilýän we ätiýaçlandyryjylar (gaýtadan ätiýaçlandyryjylar) tarapyndan berjaý edilmegi hökmany bolan ölçegler;
7) gaýtadan ätiýaçlandyryş gatanjy - gaýtadan ätiýaçlandyrýan tarapyndan gaýtadan ätiýaçlandyryja (ätiýaçlandyryş dellala) gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerine laýyklykda tölenilýän pul möçberleri;
8) tantýema - peýdadan hak-heşdek, gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň netijesi boýunça tölenýär. Bu gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň alan peýdasyna gatnaşmagy;
9) ekssedent - ätiýaçlandyryşda gaýtadan ätiýaçlandyryş ulgamy, şoňa laýyklykda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryşa kabul eden töwekgelçiliginiň bölegini gaýtadan ätiýaçlandyryşa berilmegi (ekssedent pul möçberinde, ekssedent bazasynyň ýitgisinde, ekssedent ýitgililiginde);
10) gaýtadan ätiýaçlandyryş komission hak-heşdegi - gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyryş gatanjyndan gaýtadan ätiýaçlandyrýana hasaplap töleýän hak-heşdegi;
4. Gaýtadan ätiýaçlandyryşyň maksady ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýanlaryň öňündäki borçnamalaryny ýerine ýetirmeginiň berkemeginiň kepili, özüniň amallarynda maliýe durnuklylygyny üpjün etmek we ätiýaçlandyryş bukjasyna iri ätiýaçlandyryş hadysasynyň täsirinden goramak bolup durýar.
5. Gaýtadan ätiýaçlandyryş deň ölçegli, deň ölçegsiz we başga görnüşlere bölünýär. Gaýtadan ätiýaçlandyryş boýunça ygtyýarnamanyň bolmagy onuň eýesine deň ölçegli we deň ölçegsiz gaýtadan ätiýaçlandyryş boýunça işi amala aşyrmaga hukuk berýär.
6. Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan, ätiýaçlandyryş şertnamasy (esasy şertnama) boýunça ätiýaçlandyryjy bolan, soňky gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasynda gaýtadan ätiýaçlandyrýan hasap edilýär.
Iki ýa-da birnäçe gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasyny yzygiderlikde baglaşmaga rugsat berilýär.
II bap. Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmagyň
şertleri we tertibi
7. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyryş arkaly özüniň başga ätiýaçlandyryjyda (gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir bölegini ýapmagyny üpjün etmäge haky bardyr.
8. Esaslyk maýanyň we ätiýaçlyk gorunyň hasabyna ýerine ýetirilmegi mümkin bolmadyk möçberde borçnama alan ätiýaçlandyryjy (gaýtadan ätiýaçlandyryjy) özleriniň ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir bölegini ýapmagyny beýleki ätiýaçlandyryjyda (gaýtadan ätiýaçlandyryjyda ) üpjün etmelidir.
Kabul edilen ätiýaçlandyryş borçnamalaryny öz serişdeleriniň hasabyna ýapyp bilmeýän ätiýaçlandyryjylar üçin gaýtadan ätiýaçlandyrmak hökmany bolup durýar.
9. Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmagy guramakda hyzmatdaşlyk barada, ýagny gaýtadan ätiýaçlandyrýan ýa-da gaýtadan ätiýaçlandyryjy tarapyndan kabul edilen töwekgelçilikleri kabul etmek we bermek babatynda biri-birinde gaýtadan ätiýaçlandyryş hyzmatlary amala aşyrmak barada Gaýtadan ätiýaçlandyryş hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyk baglaşýar (şu Tertibe 1-nji goşundy).
Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän ätiýaçlandyryjy (mundan beýläk-gaýtadan ätiýaçlandyrýan) bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan ätiýaçlandyryjynyň, gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň (ätiýaçlandyryş dellalynyň) arasyndaky (mundan beýläk-gaýtadan ätiýaçlandyryjy) gaýtadan ätiýaçlandyryş gatnaşyklary gaýtadan ätiýaçlandyryş hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň esasynda baglaşylýan gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen amala aşyrylýar. Şunda gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamasy doly möçberinde galýar.
10. Gaýtadan ätiýaçlandyryş fakultatiw we obligator (şertnamalaýyn) iki görnüşe bölünýär.
Fakultatiw gaýtadan ätiýaçlandyryş görnüşinde gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň öňünde gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň (sedentiň) şol ýa-da başga bir töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyryşa hödürlemek boýunça hiç hili borçnamasynyň ýokdugyny hem-de gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyryja hödürlemäge, gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň bolsa bu ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi kabul etmäge hukugyny kesgitleýän gaýtadan ätiýaçlandyryş işiniň görnüşidir.
Fakultatiw gaýtadan ätiýaçlandyryş hökmany häsiýete eýe däldir, töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyryşa kabul etmek ýa-da kabul etmezligi töwekgelçilik oňa berlen wagtynda aýratynlykda gaýtadan ätiýaçlandyryjy çözýär.
Obligator gaýtadan ätiýaçlandyryş görnüşinde gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş töwekgelçiligini gaýtadan ätiýaçlandyryjy bilen baglaşylýan gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerinde, belli bir häsiýetleriň we (ýa-da) alamatlaryň jemi ýa-da ätiýaçlandyryşyň anyk görnüşi boýunça birnäçe töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyryja geçirmäge, gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň bolsa bu ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri kabul etmäge borçnamasy bolan gaýtadan ätiýaçlandyryş işiniň görnüşi.
Obligator gaýtadan ätiýaçlandyryş görnüşinde gaýtadan ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda baglaşylýan şertnamanyň güýji bilen hökmany häsiýete eýedir (obligator), munda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryşa kabul eden ähli töwekgelçilikleri (ählisini we her birini) ätiýaçlandyryş goragyň ylalaşylan ýerinde gaýtadan ätiýaçlandyryja (ätiýaçlandyryş dellallara) bermäge borçludyr, gaýtadan ätiýaçlandyryjy (ätiýaçlandyryş dellallary) bolsa olary öz jogapkärçiligine kabul etmäge borçlanýar.
11. Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň degişli ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan şertler ýüze çykanda gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça gaýtadan ätiýaçlandyrýandan öz üstüne kabul eden ätiýaçlandyryş borçnamalarynyň paýyna deň ölçegli möçberde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini geçirmegi borçnama alan mahalyndaky gaýtadan ätiýaçlandyryş deň ölçegli gaýtadan ätiýaçlandyryş bolup durýar.
12. Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň degişli ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan şertler ýüze çykanda öz üstüne ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine degişli ýitgileriň doly möçberiniň gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça gaýtadan ätiýaçlandyrýandan özüniň tutup galmaly möçberinden ýokary bolan möçberde amala aşyrmak borjuny almagy deň ölçegsiz gaýtadan ätiýaçlandyryş bolup durýar.
13. Gaýtadan ätiýaçlandyryşa berilýän (deň ölçegli ýa-da deň ölçegsiz) ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň anyk möçberi gaýtadan ätiýaçlandyrýan tarapyndan, ätiýaçlandyryş mümkinçilikleri babatynda kabul edýän jogapkärçiliginiň (borçnamalarynyň) aňryçäk möçberiniň çäklerinde, maliýe durnuklylygynyň we tölege ukyplylygyň hökmany bolan prudensial ölçegleri berjaý etmek bilen, özünde saklap galýan hususy tutumyndan ugur almak bilen kesgitlenýär.
14. Şertnamalaýyn gaýtadan ätiýaçlandyryş görnüşinde gaýtadan ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda baglaşylýan şertnamanyň güýji bilen hökmany häsiýete eýedir (obligator), munda gaýtadan ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryşa kabul eden hemme anyk töwekgelçilikleri (hemmesini we her birini) ätiýaçlandyryş goragyň ylalaşylan ýerinde gaýtadan ätiýaçlandyryja bermäge borçludyr, gaýtadan ätiýaçlandyryjy bolsa olary öz jogapkärçiligine kabul etmäge borçlanýar.
Deň ölçegli kwota (hakly) gaýtadan ätiýaçlandyryş we pul möçberiniň ekssedent esasynda gaýtadan ätiýaçlandyryş görnüşlerine bölünýär.
Kwota (hakly) gaýtadan ätiýaçlandyryşda şertamanyň taraplary göni ätiýaçlandyryş şertnamanyň ätiýaçlandyryşyň möçberine garamazdan gaýtadan ätiýaçlandyryşa berilýän her bir töwekgelçilik boýunça gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň paýyny kesgitleýärler. Mundan başga-da, şertnamanyň taraplary gaýtadan ätiýaçlandyryşyň çäginde gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň we gaýtadan ätiýaçlandyryjyň arasynda ulanylýan töwekgelçiligiň deň ölçegli bölünişini kesgitleýär.
Ekssedent pul möçberinde gaýtadan ätiýaçlandyryş görnüşinde gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnama boýunça taraplar öz borçnamalaryny deň ölçegliligini kesgitlemekden öň bölüşdirýärler we taraplar öz çyzyklarynyň möçberini ylalaşyp, gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň özünde galdyrylýan paýy görkezilýär.
Deň ölçegsiz ekssedent bazasynyň gaýtadan ätiýaçlandyryş we ekssedent ýitgililiginiň esasynda gaýtadan ätiýaçlandyryş görnüşlerine bölünýär.
Ekssedent bazasynyň ýitgisinde gaýtadan ätiýaçlandyryşy özünde deň ölçegsiz gaýtadan ätiýaçlandyryşyň işiniň görnüşini jemleýär, gaýtadan ätiýaçlandyryjy, haçan-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenen tertibinde gutarnykly hasaplanan netto-ýitginiň möçberi gaýtadan ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň ylalaşygy boýunça şertnamada kesgitlenen ilkinjilik möçberinden geçende ätiýaçlandyryş tölegini amala aşyrmaga borçlanýar.
Ekssedent ýitgililiginde gaýtadan ätiýaçlandyryş boýunça belli bolan ätiýaçlandyryş görnüşiniň ätiýaçlandyryş amallarynyň ýitgileriniň görkezijisi ýokarlanan ýagdaýynda ätiýaçlandyryjy gaýtadan ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilýär. Şonuň ýaly şertnamalarda ätiýaçlandyryjy bir ýylyň dowamynda gazanylan ätiýaçlandyryş gatançlaryndan bellenilen göterimde ýa-da bir ýylyň dowamynda alnan ätiýaçlandyryş gatançlaryndan artykmaçlyk (приоритет) gelýän ýitgileriniň öwezini dolmaga borçludyr.
15. Gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň we gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň öz üstüne alýan borçnamalarynyň «Ätiýaçlandyryş babatyndaky işi we Gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamalary tassyklamak barada» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 21-nji awgustynda çykaran 14385-nji karary bilen tassyklanan, Ätiýaçlandyryş babatyndaky işi ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamanyň on sekizinji böleginde bellenen prudensial ölçeglere laýyk gelmelidir.
Töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak Türkmenistanyň ätiýaçlandyryjylarynda, gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda üsti dolunmadyk töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.
Esasy şertnama boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberiniň töleginiň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilendiginiň subutnamasy gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bolup durýar.
Töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyryşa berýän gaýtadan ätiýaçlandyrýan gaýtadan ätiýaçlandyryşa alýan gaýtadan ätiýaçlandyryja (ätiýaçlandyryş dellallyna) kabul edilen töwekgelçilikler barada maglumaty berýär, gaýtadan ätiýaçlandyryjy bolsa berlen maglumaty esasynda kabul etmek ýa-da kabul etmezlik barada maglumaty, eger-de töwekgelçiligi kabul eden ýagdaýynda onda töwekgelçiligi kabul edip biljek möçberi barada maglumat berýär.
16. Töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyryşa berýän gaýtadan ätiýaçlandyrýan gaýtadan ätiýaçlandyryşa alýan gaýtadan ätiýaçlandyryjydan töleg tölemek ukybyna baha bermek üçin şu aşakdaky resminamalary almalydyr:
1) gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş işini (gaýtadan ätiýaçlandyryş işini) geçirmäge ygtyýarnamasynyň nusgasyny;
2) ätiýaçlandyryş dellalynyň işini geçirmäge – ätiýaçlandyryş boýunça dellalçylyk işini geçirmäge ygtyýarnamasynyň nusgasyny;
3) gaýtadan ätiýaçlandyryşa kabul edýän görnüşiniň Kadalarynyň barlygy barada tassyknamasyny;
4) gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň (ätiýaçlandyryş dellalynyň) tamamlanan ýyl üçin maliýe hasabatynyň nusgasyny;
5) ýyllyk hasabat baradaky auditorlyk netijenamasynyň nusgasyny.
17. Gaýtadan ätiýaçlandyrýan we gaýtadan ätiýaçlandyryjy biri-birinden gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmak üçin zerur hasap eden soňra töleg tölemek ukybyna baha bermek üçin islendik goşmaça maglumaty soramaga hukugy bardyr.
18. Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda gaýtadan ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da ätiýaçlandyrylan şahslaryň talaplarynyň kadalaşdyrylmagynyň tertibi hakynda, bahbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklaryň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylyp bilner.
III bap. Gaýtadan ätiýaçlandyryşda hak-heşdek we tantýema
19. Ätiýaçlandyryş gatanjynyň möçberine gaýtadan ätiýaçlandyrýan tarapyndan töwekgelçiligi ätiýaçlandyryşa kabul etmek boýunça harajatlary we işi alyp barmaklygyň çykdajylaryny ýapmak üçin ýükleme hasaplanylýar. Şoňa laýyklykda töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak boýunça gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň hak-heşdege gaýtadan ätiýaçlandyryşa berýän töwekgelçiligine baglylykda almaga hukugy bardyr.
Hak-heşdegiň möçberi ätiýaçlandyryşyň görnüşine, gaýtadan ätiýaçlandyryşyň usulyna we şertnamanyň şertlerine bagly bolup, gaýtadan ätiýaçlandyryş gatançlaryndan hasaplanylýar.
20. Hak-heşdekden başga hem gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň geçiş netijelerinde bolup biljek tantýema (peýdadan bolan hak-heşdek) almaga hukugy bardyr. Tantýema şertnamasynyň geçiş netijeleri boýunça bellenen peýdanyň möçberinden hasaplanylýar.
IV bap. Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň we gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň jogapkärçiligi
21 Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň jogapkärçiligi bilen bir wagtda başlanýar we tamamlanýar, eger-de taraplar başgaça şertleşmedik bolsa, onda gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasyna gol çekilen senesinden.
Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi, eger onuň hereket edýän möhletinde ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan bolsa we gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň gaýtadan ätiýaçlandyryşa beren töwekgelçiligi boýunça esasy ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek borjy ýüze çykan ýagdaýynda gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti gutaranda tamamlanmaýar.
Eger-de gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasynda ylalaşylan gaýtadan ätiýaçlandyryş gatanjy şertnamada bellenilen möhletde ýa-da möçberde gelip gowuşmasa, onda gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti we şertleri üýtgedilip bilner.
22. Gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň hususy tutumynyň jogapkärçiliginiň möçberi gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň razylygy bolmasa azalyp bilmez.
Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň möçberi esasy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň ätiýaçlandyryş pul möçberi boýunça ýa-da gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça kabul eden borçnamasyna laýyklykda bellenilýär.
V bap. Gaýtadan ätiýaçlandyryş amallarynyň hasabynyň
hasaba alnyşy
23. Ätiýaçlandyryjylar tarapyndan gaýtadan ätiýaçlandyryş amallarynyň hasabynyň hasaba alnyşy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2014-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda 729 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Ätiýaçlandyryjylar, gaýtadan ätiýaçlandyryjylar, ätiýaçlandyryş dellallary tarapyndan ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamalaryny, ätiýaçlandyryş şahadatnamalaryny hasaba almagyň tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Maliýe ministriniň 2013-nji ýylyň 25-nji dekabrynda çykaran 177-ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Ätiýaçlandyryjylar, gaýtadan ätiýaçlandyryjylar, ätiýaçlandyryş dellallary tarapyndan ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamalaryny, ätiýaçlandyryş şahadatnamalaryny hasaba almagyň tertibine laýyklykda hasaba alynmalydyr.
Töwekgelçilikleri gaýtadan
ätiýaçlandyrmagyň Tertibine
1-nji goşundy
Gaýtadan ätiýaçlandyryş hyzmatdaşlygy hakynda
Ylalaşyk
_________________________ Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy onuň adyndan Düzgünnamanyň esasynda hereket edýän Baş direktory ___________________ bir tarapdan we beýleki tarapdan __________________________Tertipnamanyň esasynda hereket edýän onuň adyndan ______________________________, bilelikde mundan beýläk “Taraplar” diýlip atlandyrylýanlar Gaýtadan ätiýaçlandyryş hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk (mundan beýläk “Ylalaşyk”) baglaşdylar.
I bap. Ylalaşygyň mazmuny
1. Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmagy guramakda hyzmatdaşlyk barada, ýagny Taraplar tarapyndan kabul edilen töwekgelçilikleri kabul etmek we bermek babatynda biri-birinde gaýtadan ätiýaçlandyryş hyzmatlary amala aşyrmak barada ylalaşdylar.
Töwekgelçilikleriň anyk sanawy we gaýtadan ätiýaçlandyryşyň şertleri gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilýär. Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy şu Ylalaşygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
2. Ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýar:
1) taraplar özlerine kabul edilen ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleriň gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak arkaly, Türkmenistanyň atiýaçlandyryş babatyndaky kanunçylygynyň kadalaryna we peýdalanylmagy mumkin bolan ýerinde, halkara işewür dolanşygyň dessurlaryna laýyklykda, gaýtadan ätiýaçlandyrmagyn üpjün edilmegini;
2) taraplar tarapyndan bir-birine maslahat kömeginiň berilmegini we hyzmatdaşlygy guramagyň çäginde zerur bolan maglumat alyşygyny.
II bap. Taraplaryň özara borçlary
3. Taraplaryň özara borçlary:
1) gaýtadan ätiýaçlandyryş bilen bagly bolan obýektleriň töwekgelçiliginiň derejesini bahalandyrmagy amala aşyrmaga, şeýle hem gaýtadan ätiýaçlandyrmaga hödürlenýän ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri boýunça biri-birine zerur bolan maglumatlary ýazmaça görnüşinde bermäge;
2) taraplar özüne kabul edilen töwekgelçilikler boýunça gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmak babatynda töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçalandyryşa ýerleşdirmegiň ähli ähmiýetli şertlerini saklaýan ýazmaça tassyknamany biri-birine hödürlemäge;
3) özleriniň maliýe ýa-da hukuk ýagdaýynyň islendik üýtgemeleri barada biri-birine habar bermäge;
4) ätiýaçlandyryş töwekgelçiligiň derejesine täsirini ýetirýän, Taraplaryň ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri boýunça jogapkärçiligi kabul etmeginden soňra mälim bolan goşmaça ýagdaýlaryň döremegi barada üç iş günüň dowamynda biri-birine ýazmaça görnüşde habarly etmäge. Biri-birine gaýtadan ätiýaçlandyryşyň ilkibaşdaky şertleriniň üýtgedilmeginiň zerurlygy dörän halatynda, şol sanda jogapkärçiligiň göwrüminiň üýtgemegi ýa-da başgaça bir şekilde ätiýaçlandyryş gatanjynyň möçberine täsir edilmegi barada biri-biri bilen ylalaşmaga;
5) gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň başlangyç senesinden Taraplaryň jogäpkarçiliginiň hakykatda başlamagyna çenli, bu seneleriň deň düşmeýän halatlarynda, mälim edilen ýitgileriň bardygy ýa-da ýokdugy barada biri-birine ýazmaça habar bermäge;
6) gaýtadan ätiýaçlandyryş gatançlaryny biri-birine berilýän her bir anyk gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen tertipde we şertlerde geçirmäge;
7) taraplar ätiýaçlandyryş halaty barada habaryň gelip gowşan pursadyndan soň üç günüň dowamynda gaýtadan ätiýaçlandyrylan töwekgelçilik boýunça habar bermäge;
8) ätiýaçlandyrýandan ätiýaçlandyryş halatynyň sebapleri we ýagdaýlary barada degişli resminamalaryň jemlenmeginden soňra 15 (on bäş) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde bolandygyny we ýitginiň möçberini tassyklaýan ygtyýarly edaralaryň resminamalar bilen maglumaty, ätiýaçlandyryş ykrarhatyny we gaýtadan atiýaçlandyryjynyň ondaky paýynyň hasaplamasynyň nusgasyny bermäge;
9) gaýtadan ätiýaçlandyryş meseleleri boýunça maslahatlary dil üsti bilen we ýazmaça bermäge;
10) gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamalaryny ikitaraplaýyn bähbitli şertlerde baglaşylmagyny üpjün etmäge;
11) gaýtadan ätiýaçlandyryş gatançlaryny öz wagtynda geçirmäge;
12) gaýtadan ätiýaçlandyryşa kabul edilen jogapkärçiligiň paýyna laýyk möçberde we hereket edýän kanunçylyga layyklykda, ätiýaçlandyryş pul möçberleri (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) öz wagtynda tölemäge.
III bap. Ylalaşygyň talaplaryny ýerine ýetirmek
4. Taraplarda gaýtadan atiýaçlandyrmak zerurlygy dörän ýagdaýynda, töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyryşa geçirmek barada ýazmaça teklibi bilen biri-birine ýüzlenýär we ylalaşylan ýagdaýynda gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy (mundan beýläk-Şertnama) baglaşylýar.
5. Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyryş şahadatnamasyndaky we beýleki zerur maglumatlar bolmalydyr.
6. Gaýtadan ätiýaçlandyryşyň şertnamasy döwlet dilinde iki sany asyl nusgada düzülýär, onuň her biri deň hukuk güýjüne eýedir we Taraplaryň her birinde saklanylýar.
7. Taraplaryn arasyndaky hasaplaşyklar gönümel amala aşyrylýar.
IV bap. Öňüni alyp bolmajak ýagdaýlar
8. Eger öňüni alyp bolmaýan ýagdaýlar ýüze çyksa, Şertnama boýunça taraplar öz borçnamalaryny bölekleýin ýa-da doly ýerine ýetirmek jogapkärçiliginden boşaýar.
9. Öňüni alyp bolmaýan ýagdaýlar hökümet çäklendirmeler we başga taraplara bagly bolmaýan ýagdaýlar göz öňünde tutulýar.
Öňüni alyp bolmaýan ýagday ýüze çykanda, bu Şertnama boýunça taraplaryň ýerine ýetirmeli borçnamalarynyň möhletleri şular ýaly ýagdaýlaryň hereket edýan möhleti bilen deň ölçegde uzaldylýar.
V bap. Taraplaryň jogapkärçiligi we jedelleri
çözmegiň tertibi
10. Töwekgelçilikler boýunça Taraplaryň jogapkärçiligi Şertnamada görkezilen seneden başlanýar.
11. Şertnama arkaly göz öňünde tutulan şertleriň ýerine ýetirilmezligi ýa-da ýerine ýetirmekden ýüz dönderilendigi üçin, bu ýerine ýetirilmezligiň beýleki Tarap üçin oňaýsyz maddy netijelere getiren halatynda, bu Tarap hereket edýän kanunçylyga we peýdalanylmagy mümkin bolan ýerinde, halkara atiýaçlandyryş bazarynda ykrar edilen işleri dolandyrmagyň umumy kadalaryna laýyklykda, beýleki Tarapyň ýitgileriniň öwezini dolmaga borçly.
Şertnamanyň talaplaryny ýerine ýetirmegiň dowamynda emele gelen meseleler boýunça jedeller gepleşikler arkaly Taraplагуň ylalaşygy boýunça çözülýär.
12. Gepleşikler arkaly çözülmegi mümkin bolmadyk ähli jedeller we düşünişmezlikler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
VI bap. Gizlinlik
13. Şu Ylalaşygyň doly göwrüminde gizlin bolýandygyny we Taraplaryň ikisiniň hem täjirçilik syry berjaý etmegiň borçnamalaryny çekýändigini Taraplar ylalaşýar.
14. Taraplaryň ätiýaçlandyryş, maliýe, maýa goýum, ykdysady we gaýry ýagdaýlaryna degişli ýa-da gatnaşygy bolan haýsy bolsa-da bir maglumaty üçünji taraplara aýan etmezlige we geçirmezlige Taraplar borçlanýar (kanunçylykda göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir).
VII bap. Ylalaşygyň hereket edýän möhleti we möhletinden
öň bes edilmegi
15. Şu Ylalaşyk Taraplar tarapyndan gol çekilen pursadyndan güýje girýär we bir ýyla çenli hereket edýär.
16. Taraplaryň islendik biri 30 (otuz) senenama gün öňünden deslapdan habarly etmek bilen Ylalaşygy birtaraplaýyn tertipde bes etmäge haklydyr, bu habarnama beýleki Tarap tarapyndan kabul edilen pursadyndan 7 (ýedi) iş günüň dowamynda seredilmäge degişli.
17. Şu Ylalaşyk bes edilende Taraplar şu Ylalaşygyň hereket edýän möhletinde baglaşylan we hereket edýän Şertnamalaryň möhletiniň tamamlanmagyna çenli öz borçnamalaryny ýerine ýetirmegi dowam edýärler.
18. Şu Ylalaşyk bes edilende Taraplar möhletinde baglaşylan we hereket edýän Şertnamalaryň talaplarynyň bes edilmegini ýa-da üýtgedilmegini talap etmäge haky ýokdur.
'
VIII bap. Aýratyn şertler
19. Şu Ylalaşygyň ähli üýtgetmeleri we goşmaçalary Taraplaryň ylalaşylmaga bilen ýazmaça gol çekmekleri bilen girizilýär.
20. Şu Ylalaşyk döwlet dilinde iki sany asyl nusgada düzülýär, onuň her biri deň hukuk güýjüne eýedir we Taraplaryň her birinde saklanylýar.
IX bap. Taraplaryň salgysy we bank maglumatlary