Raýatlaryň eýeçilik hukugyna degişli bolan öýleri meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

21.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň Baş direktorynyň

2019-njy ýylyň 19-njy fewralynda çykaran

34 belgili buýrugy bilen tassyklanan

 

 

Raýatlar eýeçilik hukugyna degişli bolan öýleri

meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

 

I. Umumy düzgünler

 

1. Şu Raýatlaryň eýeçilik hukugyna degişli bolan öýleri meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary (mundan beýläk-Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, “Ätiýaçlandyr hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda” 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001-nji belgili karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Kadalaryň şertlerinde Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk-ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurtly raýatlar we raýatlygy bolmadyk adamlar (mundan beýläk-ätiýaçlandyrýan) bilen raýatlar eýeçilik hukugyna degişli bolan öýleri meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalaryny (mundan beýläk-ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar.

3. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça şertnamada şertleşilen ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) tölegi üçin ätiýaçlandyrýana ýa-da (bähbit görüja) ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen kesgitlenilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek borçnamasyny öz üstüne alýar.

Eýeçilik hukugynda öýe eýelik edýän adam (eýe) ýa-da eýäniň şol öýde ýaşaýan kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzasy ätiýaçlandyrýan bolup biler.

4. Şu Kadalaryň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

bähbit görüji ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs;

ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçi ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenilýän pul möçberi;

ätiýaçlandyryş halaty ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;

ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;

ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini dol töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça  pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

ätiýaçlandyryş şahadatnamasy – ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana we/ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsa berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan resminama;

franşiza – umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenýär. Şertli franşiza bellenilende ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär.

5. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş  şertnamasynyň aýry–aýry bölümlerinde, Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän başga şertler bolup biler.

 

II. Ätiýaçlandyryşyň obýekti

 

6. Ähli gurnama parçalary, şeýle hem timarlaýyş we enjamlaşdyryş parçalary: diwarlar we aralyk örtükler (oboý ýelmenen we beýleki örtükler), poly, potology, ýyladyş örtügi örtülen gapylar; penjire we gapy söýeleri we ramalary; aýnalar we witražlar; gapy tutawaçlary; gapy gulplary; elektrik jaňlar; elektrik simleri we elektrik hasaplaýjy gurallar: santehniki enjamlar, ýyladyş gurallary we başgalar bilen bilelikde öýler ätiýaçlandyryşyň obýekty bolup biler.

7. Şu aşakdaky öýler ätiýaçlandyryşa kabul edilmäge degişli däldir:

ýaşamaklyk gadagan edilen we ýykyp aýyrmaga degişli bolan heläkçilik ýagdaýyndaky öýler;

bellenilen tertipde yglan edilen ýa-da ygtyýarly edaralar tarapyndan wehimiň halatyny tassyklaýan degişli resminamalar düzülen pursatyndan başlap opurylmak, suw basmak ýa-da beýleki tebigy betbagtçylyklar wehim salýan zolakda ýerleşýän öýler;

kanun arkaly bellenilen tertipde ulanylmaga kabul edilmedik jaýlardaky öýler.

 

III. Ätiýaçlandyryş halaty

 

8. Şu aşakdakylaryň netijesinde öýleriň ýok edilmegi ýa-da zyýan (zelel)  ýetmegi ätiýaçlandyryş halatyna degişlidir:

tebigy betbagtçylyklar: suw joşmasy, ýer titremesi, tupan, harasat, çabga, doly, ýeriň opurylmagy, sil gelmegi, ýerasty suwlaryň duýdansyz ýagdaýda ýokaryk çykmagy, şu ýer üçin adaty bolmadyk ýagdaýda güýçli ýagyşyň ýagmagy ýa-da galyň garyň düşmegi;

betbagtçylykly hadysalar: ýyladyş, suw geçiriji we lagym ulgamlarynda we şol sanda temperaturanyň pes bolmagy netijesinde heläkçilik ýagdaýynyň ýüze çykmagy, ýangyn söndüriş ulgamynda heläkçilik ýagdaýyň ýüze çykmagy bilen suw basmagy;

ýangyn, ýyldyrym urmagy, partlama;

uçýan apparatlaryň olaryň bölekleriniň gaçmagy, ulag serişdesiniň urmagy;

üçünji taraplaryň bilkastlaýyn hereketleri; gapyny döwmek we talamak bilen ogurlyk etmek.

9. Eger öýleriň ýok edilmegi ýa-da zyýan (zelel) ýetmegi şu aşakdakylaryň netijesinde bolup geçen bolsa, ol ätiýaçlandyryş halaty bolup durmaýar:

ýadro partlamasynyň, radiasiýanyň ýa-da radioaktiw zäherlenmäniň täsiri;

dürli harby we terrorçylyk hereketleri, şeýle hem köpçülikleýin bidüzgünçilikler we olaryň getirýän zyýanly netijeleri;

konfiskasiýa, rekwizisiýa, tussag edilmegi, degişli döwlet edaralarynyň görkezmesi boýunça öýleriň ýykylyp ayrylmagy;

ätiýaçlandyrýanyň, maşgala agzalarynyň başga ýaşaýjylaryň, şeýle hem edaralar, kärhanalar tarapyndan öýde bejeriş işlerini geçirýan işgärler tarapyndan ätiýaçlandyrlan öýe zelel zyýan ýetirmäge gönükdirilen ýa-da elten hyýanatçylykly hereketler. Hyýanatçylykly hereketler hereket edýän kanunçylyga laýyklykda kesgitlenilýar.

 

IV. Ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

10. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çägini kesgitleýän pul möçberidir. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylýan pursatyndaky şonuň ýaly öýüň hakyky bahasyndan ýa-da bazar bahasyndan ýa-da bilermenleriň berýän bahasyndan ugur alnyp taraplaryň ylalaşmagy boýunça, ýöne könelmegini nazara almak bilen, öýüň hakyky bahasyndan köp bolmazdan bellenilýär

Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenileninden soň zyýan (zelel) ýeten öý dikeldilen bolsa we ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş pul möçberini öňki möçberine artdyrmak islese, şonda oňa goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak hukugy berilýär.

11. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenen ätiýaçlandyryş pul möçberi öýüň ätiýaçlandyrylan bahasyndan ýokary geçýän bolsa, onda şertnamanyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň öýüň şertnama baglaşylan pursatyndaky bahasyndan ýokary geçýän bölegi hakyky däl diýlip hasap edilýär.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyrylan öýüň ätiýaçlandyrylan bahasyndan pes bolsa, ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberiniň öýüň ätiýaçlandyrylan bahasyna bolan gatnaşygyna deňeçerlikde kemelýär.

 

V. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

 

12. Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberine, ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine bagly bolup durýar we bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberine laýyklykda bellenilýar (1-nji goşundy).

13. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda bir ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi 365 güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyrylan güne köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar. Munda ähli möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) bir gezekde tölenilýar.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa şu Kadalaryň 13-nji bölümiň 1-nji bendine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyl we ondan köp möhletde baglaşylan mahaly ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) möhletlere bölüp tölemäge hukugy bardyr: 50 göterimi şertnama baglaşylanda,        50 göterimi şertnamanyň hereketi başlandan soň 3 (üç) aýdan gijä galman tölenýär.

Eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasy bir näçe ýyla baglaşylan bolsa ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) her ýyl üçin töläp biler.

14. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň anyk tertibi we möhletleri ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenilýär.

15. Eger ätiýaçlandyryş şertleri bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bellenen pulunda tölenilýär.

16. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenýänçä ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.

17. Eger ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda geçirilmese, ätiýaçlandyryjy şonuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir.

Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şu wagta çenli ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) geçirmegini ýa-da göterimler tölemegini gijikdirse, ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

 

VI. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşylmagynyň tertibi

 

18. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak barada arzasynyň (2-nji goşundy) esasynda ätiýaçlandyryjy tarapyndan öý gözden geçirilenden soň baglaşylýar.

Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak üçin arza bilen şu resminamalary bermelidir:

öýüň hakyky bahasy hakynda ygtyýarly edaralardan alnan resminamanyň nusgasyny;

öýe eýeçilik hukugyny tassyklaýan resminamanyň nusgasyny.

19. Ätiýaçlandyrýan şertnama baglaşylanda ätiýaçlandyryş obýektiniň zaýalanmak ýa-da ýok bolmak howpunyň artýanlygy ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy üçin düýpli ähmiýeti bolan, özüne mälim bolan ähli ýagdaýlary ätiýaçlandyryja habar bermelidir. Ätiýaçlandyryjynyň şertnamadan ýüz öwürmegine ýa-da ony üýtgedilen mazmun bilen  baglaşmagyna täsir edip biljek ýagdaýlar düýpli ýagdaýlar bolup durýar.

Eger ätiýaçlandyryja düýpli ýagdaýlar hakynda habar berilmese, ol şertnamadan ýüz öwrüp biler. Ätiýaçlandyrýanyň düýpli ýagdaýlar hakynda habar bermekden öňünden niýet edip boýun gaçyrmagy hem şeýle mana eýedir.

Eger düýpli ýagdaý hakyndaky habarda nädogry maglumatlar bolsa, ätiýaçlandyryjy şertnamadan ýüz öwrüp biler.

20. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrýana töwekgelçiligiň derejesinde haýsydyr bir düýpli üýtgetmeler hakynda ýa-da özüniň zyýanly netijeleri bilen ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň möçberini artdyryp biljek üýtgetmeler barada mälim bolsa, ätiýaçlandyrýan bu ähli üýtgetmeler barada haýal etmän ätiýaçlandyryja ýazmaça görnüşde habar etmäge borçludyr.

21. Eger ätiýaçlandyrýan şertnama baglaşylandan soň ätiýaçlandyryş obýektiniň zaýalanmak ýa-da ýok bolmak howpunyň artýanlygy hakynda ätiýaçlandyryja haýal etmän habar bermedik bolsa, şu halatda ätiýaçlandyryjynyň bir aýlyk möhleti berjaý etmek bilen, ätiýaçlandyryş şertnamasyny ýatyrmaga ýa-da ätiýaçlandyryş baýragyny degişlilikde artdyrmagy talap etmäge haky bardyr. Eger ätiýaçlandyryş obýektiniň zaýalanmak ýa-da ýok bolmak howpunyň artmagyna ätiýaçlandyrýanyň bilkastlaýyn hereketleri täsir eden bolsa, ätiýaçlandyryjy bir aýlyk möhleti berjaý etmezden ätiýaçlandyryş şertnamasyny ýatyryp biler.

22. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin bahbit görüjini bellemäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň, öz garaýşyna görä ony çalyşmaga haky bardyr.

23. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjydan öwezligiň talap edip biler. Öwezlik bermek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyrýan çekýär. Öwezlik berlenden soň ýitirilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy hakyky däl diýlip hasap edilýär we şol boýunça hiç bir ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi geçirilmeýär.

24. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş pul möçberini artdyrmaga isleg bildirse, onuň bilen esasy şertnamanyň hereketiniň ahyryna çenli goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşylyp bilner.

25. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny 3 (üç) ýylyň dowamynda we ondan köp wagtlap arakesmesiz baglaşan we şol wagtyň içinde ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmadyk bolsa, soňraky möhlete täze ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly ätiýaçlandyryjy hasaplanylan bir ýyllyk ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberinden 20 göterim möçberinde inderim berýär.

26. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ýa-da onuň birinji bölegi tölenilen pursatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana öz aralarynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan Raýatlaryň eýeçilik hukugyna degişli bolan öýleri meýletin ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny berýär (3-nji goşundy).

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:

nagt däl görnüşinde tölenilende – bank edarasy tarapyndan ätiýaçlandyrýanyň hasabyndan öçüren güni;

nagt görnüşinde tölenilende – ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.

27. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli we şertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.

28. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti (başlanýan senesi-şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi- möhletiň soňky güni sagat 24-de).

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we şertleri görkezilýär.

 

VII. Ätiýaçlandyrýanyň borçlary we hukuklary

 

29. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:

ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyrylan obýekt boýunça borçnamalara baha kesmek üçin özüne mälim möhüm ähmiýeti bolan ýagdaýlaryň ählisi barada, şeýle hem ätiýaçlandyrylan emläk bilen bolup geçen islendik düýpli özgeriş (oňa bolan eýeçilik hukugyny hem goşmak bilen), şonuň ýaly-da onuň zaýalanmak ýa-da ýok bolmak howpunyň artýanlygy barada ätiýaçlandyryja habar bermäge. Soňky ýagdaýda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberiniň köpeldilmegini talap etmäge ýa-da birtaraplaýyn tertipde ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes etmäge haky bardyr;

ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) bellenilen tertipde tölemäge;

ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan möhletde habar bermäge;

ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regres (gaýdymlaýyn) talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;

ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyrýanyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

30. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara hukugy bardyr:

ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyşmaga;

ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe taraplaryň ylalaşygy esasynda oňa üýtgetmeler girizmäge;

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga;

ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly onuň öwezligini almaga.

 

VIII. Ätiýaçlandyryjynyň borçlary we hukuklary

 

31. Ätiýaçlandyryjy şu aşakdakylara borçludyr:

ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyş etmäge;

ätiýaçlandyrýan tarapyndan görlen çäreleriň netijesinde, şeýle hem ätiýaçlandyrýanyň çalşyrylmagy bilen baglanyşykly, ätiýaçlandyrylan emlägiň bahasy ýokarlanan mahaly ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň peselmegi ýa-da onuň ýetirip biläýjek zyýanynyň möçberiniň üýtgemegi sebäpli, ätiýaçlandyrýanyň arzasy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny täzeden baglaşmaga;

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada bellenilen möhletde ätiýaçlandyrýana ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;

ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyryjynyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

32. Ätiýaçlandyryjy şu aşakdakylara hukugy bardyr:

ätiýaçlandyrýanyň habar beren maglumatlarynyň ygtybarlylygyny kanunçylyga ters gelmeýän, özüne elýeterli islendik usul bilen barlamaga, şeýle hem olaryň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişlerine gözegçilik etmäge;

ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň delillerine şübhe dörän halatynda ygtyýarly edaralardan goşmaça maglumatlar sorap almaga, bu şübheleriň tassyklanmasy ýa-da ýalana çykarylmasy anyklanýança onuň tölenmegini gaýra goýmaga;

ätiýaçlandyrýanyň razylygyna garamazdan, ätiýaçlandyryş halaty bilen ýetirilen zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmak hakyndaky gepleşiklere girişmäge, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň ýagdaýlaryny hem-de sebäplerini we/ýa-da ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberini anyklamak boýunça çäreleri görmäge;

ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine baha bermek üçin ätiýaçlandyryş obýektiniň barlagyny geçirmäge ýa-da garaşsyz bilermeni bu işe çekmäge;

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyrýandan ätiýaçlandyryş halatynyň sebäbini kesgitlemek üçin zerur bolan islendik maglumatlary talap etmäge.

 

IX. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyrýanyň çalşylmagy

 

33. Ätiýaçlandyrylan öý satylan, çalşylan, sowgat edilen, kärendesine berlen ýa-da başga aýrybaşgalanan halatynda bu barada ätiýaçlandyryja habar berilýär, ätiýaçlandyrýanyň hukuklary we borçlary ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda şol öňi alan adama geçip biler.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrýan kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýip ykrar edilen bolsa, onuň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak onuň kanuny wekili tarapyndan amala aşyrylýar.

 

X. Zyýanyň (zeleliň) möçberini kesgitlemegiň we ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň tertibi

 

34. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan, ol bolmadyk mahaly bolsa maşgalanyň kämillik ýaşyna ýeten agzasy öýi halas etmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri görmäge we onuň mundan beýläk-de weýran bolmagynyň öňüni almaga hem-de bolup geçen ýagdaý barada ätiýaçlandyryjyny

şobada, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman, habardar etmäge, soňra ätiýaçlandyryş halaty hakynda arza (4-nji goşundy) bermäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda degişli edaralara haýal etmän habar etmäge borçludyr.

35. Ätiýaçlandyryjy öýüň ýok edilendigi ýa-da zyýan (zelel) ýetendigi baradaky ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhaty (5-nji goşundy) düzmäge borçludyr.

Ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhaty ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky arzanyň esasynda arza gelip gowşandan soň 3 (üç) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyrýanyň, ätiýaçlandyrýan bolmadyk mahaly bolsa onuň maşgalasynyň kämillik ýaşyna ýeten agzasynyň gatnaşmagynda düzülýär. Ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhaty düzülen mahaly degişli hünärmenler çekilip bilner.

Eger ätiýaçlandyryş halaty netijesinde jaýda öýleriň ýok bolmagy we olara zyýan (zelel) ýetmegi köpçülikleýin häsiýetde bolsa, ätiýaçlandyryjynyň:

ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhaty düzmegiň möhletini bir aýa çenli möhlete uzaltmaga;

ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň möhletini degişlilikde ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhaty düzmegiň uzaldylan möhletine uzaltmaga hukugy bardyr.

36. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenmegi üçin ätiýaçlandyrýan şu aşakdaky resminamalary ätiýaçlandyryja bermelidir:

ätiýaçlandyryş halaty hakynda arzany;

ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (eger-de ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ýok edilen ýa-da zyýan (zelel) ýeten bolmasa);

ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygyny, öýüň ýok edilen ýa-da zyýan (zelel) ýeten ýerini, wagtyny we sebäbini tassyklaýan ygtyýarly edaralaryň resminamasyny;

ýok edilen ýa-da zyýan (zelel) ýeten öýüň fotosuratyny;

gerek bolan ýagdaýynda ýok edilen ýa-da zyýan (zelel) ýeten öýi dikeltmek we ulanmaga ýaramly galyndysy barada ygtyýarly edaralaryň düzen sanaw-hasaplamasyny;

37. Eger abatlamak arkaly öýleri ilki başdaky niýetlenilişi ýaly peýdalanmak üçin ýaramly ýagdaýa getirip bolýan bolsa we eger dikeldiş çykdajylary galyndy bahasy bilen bilelikde onuň hakyky bahasyndan geçmeýän bolsa, olar zyýan (zelel) ýeten hasap edilýär. Galan halatlarda öýler ýok edilen hasap edilýär.

Öýe zyýan (zelel) ýetmeginiň möçberi (derejesi) degişli ölçeg birliklerinde (kub metrler, inedördül metrler, pogon metrler, kerpijiň, plitkalaryň sany we başgalar) ýa-da öýüň zyýan (zelel) ýeten böleginiň ýa-da tutuş öýüň göterimlerinde görkezilýär.

38. Ýok edilen öýleriň galyndylary we olaryň aýry-aýry bölekleri diňe olar soňra gurluşykda peýdalanmak üçin ýaramly bolan halatynda nazara alynýar.

39. Zyýan (zelel) ýeten öýleri abatlamagyň bahasy:

aýry-aýry bölekleriň (gurluş parçalarynyň) bahasynyň göterimdäki özara gatnaşyklaryny (tutýan ornyny) ulanmak arkaly;

abatlamagyň dikeldiş bahasynyň ygtyýarly edaralar tarapyndan düzülen hasaplamasy esasynda kesgitlenilýär.

Zyýan (zelel)  ýeten öýleri abatlamagyň bahasyny hasaplamagyň usuly zyýan (zelel) ýetmegiň häsiýetini we möçberini, şol öýüň gurnamalarynyň çylşyrymlylygyny we degişli tehniki hem-de nyrh kesiş resminamalarynyň bardygyny nazara almak bilen seçilip alynýar.

Zyýan (zelel) ýeten öýleri abatlamagyň  bahasynyň hasaplamasy düzülen mahaly şol hasaplama diňe geçirilmegi şol ätiýaçlandyryş halaty bilen ýüze çykan işler, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty netijesinde öýlere zyýan (zelel) ýetmegi bilen baglanyşykly zerur diýlip ykrar edilen abatlaýyş işleri goşulýar.

40. Dikeldiş çykdajylary şu aşakdakylary öz içine almaýar:

ätiýaçlandyrylan öýi üýtgetmek ýa-da gowulandyrmak bilen ýüze çykan goşmaça çykdajylary;

wagtlaýyn we kömekçi abatlaýyş bilen ýüze çykan çykdajylary;

zerur bolanlaryndan artyk harçlanylan beýleki çykdajylary.

41. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberini ätiýaçlandyryjy tarapyndan düzülen, ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhatynda görkezilen hasaplamanyň esasynda ýa-da ygtyýarly edara tarapyndan düzülen sanaw-hasaplama boýunça ätiýaçlandyryjy kesgitleýär. Öýi dikeltmek üçin sanaw-hasaplamany düzmek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyryjy çekýär.

42. Tölenmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)  şu aşakdaky möçberlerde hasaplanylýar:

öý ýok edilen mahaly öýüň gurluşyk üçin ýaramly galyndylarynyň bahasyny tutup galmak bilen, könelmegini hem-de nyrhynyň gaçmagyny nazara alyp, onuň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) öýi halas etmek, şeýle hem onuň galyndylaryny tertibe salmak boýunça çykdajylaryň möçberine goşulýar.

43. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) öýüň ätiýaçlandyrylan göterimine we franşizanyň möçberine baglylykda tölenýär.

Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) tölemegi, ätiýaçlandyrýan tarapyndan hemme zerur resminamalar berlenden soň 7 (ýedi) iş günüň dowamynda amala aşyrylýar.

43. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenýän möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolmaly däldir.

 

XI. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi

 

44. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

hereket edýän möhleti geçende;

ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;

şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;

ätiýaçlandyrýan aradan çykanda;

ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Kadalarda göz öňünde tutulan borçlary berjaý edilmedik ýagdaýynda.

45. Eger borçnamalaryň kem-käsleýin ýa-da doly ýerine ýetirilmezligi üçin, eger şeýle ýerine ýetirmezlik şertnama baglaşylanyndan soň taraplaryň öňünden görüp ýa-da öňüni alyp bilmejek adatdan daşary häsiýetdäki waka netijesinde ýüze çykan öňüni alyp bolmajak güýçdäki ýagdaýlaryň netijesi bolsa, şertnama togtadylyp, ätiýaçlandyryjy bolsa jogapkärçilikden boşadylyp bilner.

Eger şertnamada bu göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

46. Ätiýaçlandyryş wakasynyň ýüze çykmak töwekgelçiligi artan mahalynda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryşy togtatmaga ýa-da ony möhletinden öň bes etmäge haky bardyr.

47. Eger borçnamalaryň kem-käsleýin ýa-da doly berjaý edilmezligi taraplaryň öňünden görmedik we oňüni alyp bilmedik şertnama baglaşylandan soň adatdan daşary häsiýetli ýagdaýlar netijesinde peýda bolan bolsa, şertnama togtadylyp bilner, ätiýaçlandyryjy bolsa şol borçnamalar üçin şeýle jogapkärçilikden boşadylyp bilner.

48. Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyrýanyň talaby ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) dolulygyna  gaýtaryp berýär.

49. Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny möhletinden öň bes edilende, ol ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda eger ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

50. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes edýändikleri hakynda biri-birine, ony bes etmegi niýetlän wagtyndan, azyndan bir aý öň ýazmaça ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes etmek barada arzany (6-njy goşundy) bermelidir.

 

XII. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden boýun gaçyrylmagy

 

51. Eger ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:

ätiýaçlandyrýanyň ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde;

ätiýaçlandyrýan (bähbit görüji) tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;

ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanşykda durýan bolsa.

Bölekleýin boýun gaçyrmagyň möçberi ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenýär.

52. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş owezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrýanlygy barada, onuň sebäplerini görkezmek bilen ätiýaçlandyrýana (bähbit görüjä) ýazmaça görnüşde habar berýär.

 

XIII. Jedelleri çözmekligiň tertibi

 

53. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 


 

1-nji goşundy

 

Bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri

(ätiýaçlandyryş pul möçberinden göterimde)

t/b

Töwekgelçilikleriň ady

Nyrh möçberi

1.

Tebigy betbagtçylyklar: suw joşmasy, ýer titremesi, tupan, harasat, çabga, doly, ýeriň opurylmagy, sil gelmegi, ýerasty suwlaryň duýdansyz ýagdaýda ýokaryk çykmagy, şu ýer üçin adaty bolmadyk ýagdaýda güýçli ýagyşyň ýagmagy ýa-da galyň garyň düşmegi

 

0,3

2.

Betbagtçylykly hadysalar: ýyladyş, suw geçiriji we lagym ulgamlarynda we şol sanda temperaturanyň pes bolmagy netijesinde heläkçilik ýagdaýynyň ýüze çykmagy, ýangyn söndüriş ulgamynda heläkçilik ýagdaýyň ýüze çykmagy bilen suw basmagy

0,2

3.

Ýangyn, ýyldyrym urmagy, partlama

0,3

4.

Uçýan apparatlaryň we olaryň bölekleriniň gaçmagy, ulag serişdesiniň urmagy

0,1

5.

Üçünji taraplaryň bilkastlaýyn hereketleri; gapyny döwmek we talamak bilen ogurlyk etmek

0,1

6.

Ähli töwekgelçiliklerden

1,0

 

Her bir anyk ýagdaýda töwekgelçiligiň derejesinden we ätiýaçlandyryş pul möçberinden ugur almak bilen ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri bellenilen mahaly peseldiji (1,0-den 0,6-e çenli) hem-de ýokarlandyryjy (1,0-den 2,0-e çenli) koeffisiýentleri ulanmak mümkindir.

 


 

2-nji goşundy

____________________________________________
(welaýat, etrap, şäher)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak barada

A R Z A

 

Ätiýaçlandyrýan_________________________________________________________________ (familiýasy, ady, atasynyň ady) Salgysy/telefony_________________________________________________________________________ (welaýat, şäher, etrap, köçe, jaý, öý)

20__ýylyň «___» _____________ aýyndan başlap ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagy haýyş edýärin.

Bähbit görüji ___________________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

Salgysy/telefony_________________________________________________________________________ (welaýat, şäher, etrap, köçe, jaý, öý)

Ätiýaçlandyryşa kabul edilýän öýüň salgysy ___________________________________________________

_______________________________________________________________________________________

 

Öýüň görnüşi

Gurlan ýyly

Düýpli abat-lanan ýyly

Nyrh ke-silen ýyly

Nyrh kesiş bahasy

Öýüň ýerleş-ýän jaýynyň gatlarynyň sany

Üçeginiň kysymy

Diwarlar (serişdesini görkezmeli)

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Töwekgelçiliginiň atlary:

q tebigy betbagtçylyklar: suw joşmasy, ýer titremesi, tupan, harasat, çabga, doly, ýeriň opurylmagy, sil gelmegi, ýerasty suwlaryň duýdansyz ýagdaýda ýokaryk çykmagy, şu ýer üçin adaty bolmadyk ýagdaýda güýçli ýagyşyň ýagmagy ýa-da galyň garyň düşmegi;

q betbagtçylykly hadysalar: ýyladyş, suw geçiriji we lagym ulgamlarynda we şol sanda temperaturanyň pes bolmagy netijesinde heläkçilik ýagdaýynyň ýüze çykmagy, ýangyn söndüriş ulgamynda heläkçilik ýagdaýyň ýüze çykmagy bilen suw basmagy,;

q ýangyn, ýyldyrym urmagy, partlama;

q uçýan apparatlaryň we olaryň bölekleriniň gaçmagy, ulag serişdesiniň urmagy;

q üçünji taraplaryň bilkastlaýyn hereketleri; gapyny döwmek we talamak bilen ogurlyk etmek;

q ähli töwekgelçiliklerden.

Ätiýaçlandyryş möhleti: 20__ ý. «___» ____________ 20__ ý. «___» _____________ aralygy

Ätiýaçlandyryş pul möçberi:__________________________________________________ manat

 

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny tölemegiň möhleti we tertibi ________ _______________________________________________________________________________

 

Görkezilen töwekgelçiliklerden başga ätiýaçlandyryş barmy ýa-da bolupmy_________________

______________________________________________________________________________

(ätiýaçlandyryş guramasyny, ätiýaçlandyryş pul möçberini, ätiýaçlandyryş halatyny we başgalary görkezmeli) __________________________________________________________________________________

Alternatiw gyzdyryjy enjamlar barmy________________________________________________

Ätiýaçlandyryş kadalary bilen tanyşdym we razylaşdym               ________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň goly)

20___ýylyň «____» ____________

 


 

3-nji goşundy

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY
Raýatlaryň eýeçilik hukugyna degişli bolan öýleri meýletin ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasy

görnüşi 000 № 0000000

 

Ätiýaçlandyryjy

(welaýat, şäher, etrap)

 

Salgysy/telefony

 

Bank maglumatlary

 

Ätiýaçlandyrýan

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

Salgysy/telefony

 

Jaýyň eýesi

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

Salgysy/telefony

 

Bähbit görüji

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

Salgysy/telefony

 

Ätiýaçlandyryş obýekti

 

Obýektiň ýerleşýän salgysy

 

Hakyky bahasy

(bazar bahasyndan ýa-da bilermenleriň berýän bahasyndan ugur alnyp bellenilýär), (gereginiň aşagyny çyzmaly)

 

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberi

(sanda we ýazmaça)

 

Ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi we ätiýaçlandyryş nyrh möçberi

 

q tebigy betbagtçylyklar;

q betbagtçylykly hadysalar;

q ýangyn, ýyldyrym urmagy, partlama;

q uçýan apparatlaryň we olaryň bölekleriniň gaçmagy, ulag serişdesiniň urmagy;

q üçünji taraplaryň bilkastlaýyn hereketleri; gapyny döwmek we talamak bilen ogurlyk etmek;

q ähli töwekgelçiliklerden.

Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

(sanda we ýazmaça)

 

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň tertibi we möhleti

 

Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenendigi barada bellik

(tölegiň görnüşi (nagt, nag däl), nag däl töleg tabşyrygyň

№, senesi)

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we şertleri

 

Franşiza

(şertli, şertsiz)

 

Beýleki şertler

 

 

M.Ý.      Ätiýaçlandyryjy

(wezipesi, familiýasy, ady, atasynyň ady we goly)

 

Ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldym

(ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly)

 

 Ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň berlen senesi

 

Ätiýaçlandyrýan

(ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly)

 

 

Bellik:

Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenýänçä ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyrýan bu barada ätiýaçlandyryjyny haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habardar etmäge borçludyr.

Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

Taraplar ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmeginiň bir aý öňünden, onuň bes edilmegi hakynda birek-birege habar bermelidir.

Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli zerur resminamalar alnandan soň 7 (ýedi) iş günüň dowamynda tölenilýär.

 


 

4-nji goşundy

_____________________________
(welaýat, şäher, etrap)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

__________________________dan

(Ätiýaçlandyrýanyň salgysy we ady)

Ätiýaçlandyryş halaty barada

A R Z A

 

20___ýylyň «____» ____________ bolup geçen_______________________________________

                                                                                (ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli)

sebäpli ____________________________________________ ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Arza şu resminamalar goşulýar:

________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

 

 

20__ ý. «_____» _______________                              ____________________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň familýasy, ady we goly)

 


 

5-nji goşundy

 

Ätiýaçlandyryş halaty hakynda

ykrarhaty

 

Ätiýaçlandyrýan________________________________________________________, (familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

ätiýaçlandyrýan bolmadyk mahaly bolsa onuň kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzasy _______________________________________________________ we çagyrlan ygtyýarly

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

edaranyň hünärmeni __________________________________________________ gatnaşmagynda

__________________ welaýatynyň _______________etraby, şäheri boýunça ätiýaçlandyryjynyň wekiliniň şu salgyda: __________________________________________________

                                                                                                (welaýatyň, etrabyň, şäheriň, geňeşligiň ady)

ýaşaýan raýat ___________________________________________degişli bolan öýüň ýok (familiýasy, ady, atasynyň ady)

edilmegi (oňa zeper ýetmegi) barada ätiýaçlandyrýanyň 20__ý. «____»__________ arzasy esasynda şu ykrarhaty düzüldi. Ýerinde barlanyp görülmegi bilen, şeýle hem degişli resminamalaryň esasynda şular anyklanyldy:

Ätiýaçlandyrylan öý 20__ ý. «___»__________ sagat__den 20__ý. «___»___________ sagat____ aralygyndaky döwürde bolup geçen ___________________________________________________

(heläkçiligiň ady)

netijesinde ýok bolan ýa-da zyýan (zelel).

Öýüň ýok bolan ýa-da zyýan (zelel) ýetmeginiň öňüni almak üçin, şeýle hem heläkçilik mahaly ony halas etmek we soňra oňa zeper ýetmeginiň öňüni almak üçin ätiýaçlandyrýan nähili çäreleri gördi ________________________________________________________________________________

Öýüň ady (kysymy, möçberi, esasynda, diwarlarynda, üçeginde ulanylan serişdeler)

Esas:___________, diwary____________, üçegi________________, uzynlygy________________, ini______________, beýikligi______________, gatlarynyň sany____________________________

Öýüň zeper ýeten we ýok edilen bölekleriniň ady _______________________________________

Gurluşyk üçin ýaramly galyndylaryň ady, mukdary_______________________________________

________________________________________________________________________________

(kub m., inedördül m., sany we ş.m.)

 

Ätiýaçlandyryjy_________________                        Ätiýaçlandyrýan_______________                    (familýasy, ady we goly)                                                             (familýasy, ady we goly)

Çagyrlan ygtyýarly edaranyň hünärmeni_______________________

(familýasy, ady we goly)

Ykrarhaty düzüldi: 20__ ýylyň«______» _______________.

 

M.Ý.

 


 

Ykrarhatyna goşundy

Öýi abatlamagyň bahasynyň hasaplamasy we ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölemeli möçberi

t/b

Könelmegini nazara almak bilen öýüň hakyky bahasy

(manat)

Öýüň ätiýaçlandy-ryş pul möçberi (manat)

Öýüň zyýan (zelel) ýeten (ýok bolan) böleginiň ady

Zyýan (zelel) ýeten bölekleriň möçberleri (derejesi) (öýleriň gurluş parçalary, kub m., inedördül m., % we başgalar)

Öýleriň bahasyna göterimler babatda

Galyndylar

Heläkçilik döwründe öýleri hasap çykdajylar boýunça işleriň ady we bahasy

Ätiýaçlan-dyryş öwezini doluş töleginiň möçberi

 

 

 

 

 

ähli bölegi (gurnama parçalary)

zyýan (zelel) ýeten ýa-da ýok bolan bölegi (gurnama parçalary)

Galyndylaryň sany (kub m., sany, we başgalar)

Nyrhynyň gaçmagyny nazara almak bilen, ähli galyndylaryň bahasy

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Raýatlaryň eýeçilik hukugyna degişli bolan öýleri meýletin ätiýaçlandyryş boýunça 20__ ý. «___»__________dan 20__ý. «___» __________ aralygyndaky möhlete ätiýaçlandyryldy, ätiýaçlandyryş şahadatnamasy belgisi _______________________

Ätiýaçlandyryş pul möçberi ______________________________ manat

Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) 20____ý. «_____» _______________ ______________________________________ manat möçberde ätiýaçlandyryş guramasynyň hasabyna gelip gowuşdy

Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) hasaplamasyny düzdi: _______________________________

                          (familiýasy, ady, atasynyň ady we goly)

20__ ý. «______»._____________________

 

 

________________________________________________ ätiýaçlandyryş               (welaýat, etrap, şäher)

guramasynyň çözgüdi

_____________________________________________ manat möçberdäki

(ýazmaça)

ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölenilmäge degişli

Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi)  tölenildi

20__ ý. «_____» __________________ Memorial orderi №_________

_______________ Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş buhgalteri _____________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady we goly.)

                       

 


 

6-njy goşundy

 

____________________________

(welaýat, şäher, etrap)

döwlet  ätiýaçlandyryş guramasyna

________________________________

______________________________dan

                           (Ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes etmek barada

A R Z A

________________________________________________________________________________

______________________________sebäpli ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes etmegiňizi________

____________________________________________________________ şonuň bilen baglanşykly

ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) gaýtaryp bermegi Sizden haýyş edýärin.

 

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy № _____________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti ________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberi _________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy)_________________________________________

 

20___ ýylyň “___” _____

___________________________________________

                                                                                      (Ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady, atasynyň ady, goly)

Ätiýaçlandyryjy doldurýar:

 

Edilen çykdajylaryň möçberi ________________________________________________________

 

Gaýtaryp berilmäge degişli ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi _

________________________________________________________________________________

____________________________________________________________________

____________________________________________________________________

 

20___ ýylyň “___” _____

___________________________________________

                                                                                      (Ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady, atasynyň ady, goly)