Fiziki şahslara degişli jaýlary meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

21.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň Baş direktorynyň

2021-nji ýylyň 29-njy martynda çykaran

38 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

 

 

Fiziki şahslara degişli jaýlary meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalary

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Fiziki şahslara degişli jaýlary meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1684-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - ätiýaçlandyryjy) şu Kadalaryň esasynda Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurtly raýatlar we raýatlygy bolmadyk adamlar (mundan beýläk - ätiýaçlandyrýan) bilen fiziki şahslara degişli jaýlary meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalaryny (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar.

3. Şu Kadalaryň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) bähbit görüji – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki şahs;

2) ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs;

3) ätiýaçlandyryjy – ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçi ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

4) ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) – Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenilýän pul möçberi;

5) ätiýaçlandyryş halaty – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;

6) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;

7) ätiýaçlandyryş pul möçberi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

8) ätiýaçlandyryş şahadatnamasy - ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana we (ýa-da) ätiýaçlandyrylan şahsa berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan resminama;

9) ätiýaçlandyryş şertnamasy – ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasynda baglaşylan şertnama, oňa laýyklykda belli bir wakalar (ätiýaçlandyryş halatlary) ýüze çykanda ätiýaçlandyryjylar tarapyndan ätiýaçlandyrylan pul möçberleriniň we ätiýaçandyryş öwezini doluş töleginiň tölenmeginiň ýa-da şertnamada görkezilen başga bir hereketiň ýerine ýetirilmeginiň maksady bilen, ätiýaçlandyryjylara töleýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasabyna fiziki we ýuridik şahs emläk we beýleki bähbitleriniň goramagynyň tertibi we şertleri bellenilýär;

10) sanly hyzmatlar - elektron maglumat ulgamlaryndan, maglumat- telekommunikasiýa torlaryndan we elektron amallardan peýdalanmak arkaly edilýän hyzmat;

11) franşiza – umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenilýär. Şertli franşiza bellenilende ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär;

4. Taraplaryň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynda Türkmenistanyň kanunynçylygyna we şu Kadalara garşy gelmeýän beýleki şertler bolup biler.

 

 

II bap. Ätiýaçlandyryş obýekti

 

5. Fiziki şahslaryň eýeçiliginde bolan ýa-da olar tarapyndan başga bir kanuny esasda ulanylýan hemişelik ýaşaýan ýerinde gurnalan we diwarlary hem-de üçegi bolan jaýlar (ýaşaýyş jaýlary, bagçylyk öýleri, ulag jaýlary, kömekçi we hojalyk jaýlary ) meýletin ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

6. Şular meýletin ätiýaçlandyryşa kabul edilmeýär:

1) ýaşamak üçin gadagan edilen we ýykyp aýyrmaga degişli bolan we heläkçilik ýagdaýynda bolan jaýlar;

2) ýeriň opurylmagy, süýşmegi, suw joşmasy we beýleki tebigy heläkçilikleriň howp salýan zolagyndaky ýerleşýän jaýlar, şeýle howp barada bellenilen tertipde yglan edilen ýa-da ygtyýarly edaralar tarapyndan howpuň halatyny tassyklaýan degişli resminamalar düzülen bolsa;

3) jaýlary niýetlenilişi boýunça peýdalanylmaýan we göwnejaý gözegçilik bilen üpjün edilmedik jaýlar;

4) uzak wagtlaýyn möhletde ulanmak üçin niýetlenilmedik goşmaça jaýlar (gurluşykda ulanylýan durmuş hajatly jaýlar, wagtlaýyn jaýlar, ýerkümeler, söwda palatkalary) ätiýaçlandyryşa degişli däldir.

 

III bap. Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri we ätiýaçlandyryş

halatlary

 

7. Ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň ýüze çykma mümkinçiligi ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi bolup durýar.

8. Fiziki şahslara degişli jaýlary meýletin ätiýaçlandyryşy aşakdaky ätiýaçlandyryş halatlary netijesinde ýok bolmagyndan ýa-da olara zeper ýetmeginden geçirilýär:

1) ýangyn, ýyldyrym urmagy, partlama;

2) tebigy betbagtçylyklar (suw joşma, ýer titreme, harasat, tupan, çabga, doly, ýer süýşmegi, sil gelmegi) şol sanda şol ýer üçin adaty bolmadyk we howply, dowamly ýagyşyň ýagmagynyň we galyň garyň düşmegi netijesinde;

3) suw almagy, şol sanda: ýyladyş, suw geçiriş we lagym ulgamlarynyň hatardan çykmagynyň (şol sanda temperaturanyň pese gaçmagy netijesinde), ýerasty suwlaryň duýdansyz ýagdaýda ýokary galmagynyň, ýangyn söndüriş ulgamynyň hatardan çykmagynyň (geçirilýän hyzmat ediş işleri bilen bagly bolanlardan başgalary) netijesinde. Suw almagyndan ýangynyň ýaýramagyny bes etmek üçin ýa-da şu böleginde görkezilen haýsydyr bir tebigy betbagtçylygyň tötänleýin howpy bilen baglanyşykly jaýy söküp aýyrmak  ýa-da olary başga ýere geçirmegini öz içine alýar;

4) jaýlaryň üstüne dolandyrylýan uçýan zatlaryň ýa-da olaryň bölekleriniň gaçmagy we ulag serişdesiniň baryp urmagy;

5) üçünji taraplaryň hyýanatçylykly hereketleri.

9. Şu aşakdaky ýüze çykan hadysalar ätiýaçlandyryş halatyna degişli däldir:

1) ýadro partlamasynyň, radiasiýanyň we radioaktiw zäherlenmäniň täsiri;

2) harby hereketler we olaryň getiren zyýanly netijeleri;

3) ygtyýarly edaralarynyň görkezmesi boýunça jaýlaryň muzdsuz alynmagy, tussag edilmegi, ýykylyp aýrylmagy.

 

IV bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

10. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çägini kesgitleýän pul möçberidir. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylýan pursatyndaky şonuň ýaly jaýlaryň hakyky bahasyndan ýa-da bazar bahasyndan ýa-da bilermenleriň berýän bahasyndan ugur alnyp taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.

11. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenen ätiýaçlandyryş pul möçberi emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyndan ýokary geçýän bolsa, onda şertnamanyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň emlägiň şertnama baglaşylan pursatyndaky hakyky bahasyndan ýokary geçýän bölegi hakyky däl diýlip hasap edilýär.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerinde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryşyň pul möçberi emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyndan pes bolsa, ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberiniň emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyna bolan gatnaşygyna deňeçerlikde kemelýär.

12. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş pul möçberini ýokarlandyrmak babatynda isleg bildirse şertnamanyň möhletiniň ahyryna çenli galan döwre goşmaça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölemegi bilen goşmaça şertnama baglaşylyp bilner. Bu ýagdaýda esasy we goşmaça şertnamalar boýunça bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberi umumylykda jaýlaryň ätiýaçlandyrylan bahasyndan ýokary bolmaly däldir.

13. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi tölenenden soň, şertnamada görkezilen möhletiň ahyryna çenli ätiýaçlandyryş şertnamasynda şertleşilen ätiýaçlandyryş pul möçberi bilen ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri tölenen pul möçberiniň arasyndaky tapawudyň möçberinde güýjüni saklaýar. Eger ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi doly ätiýaçlandyryş pul möçberinde tölenen bolsa, onda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi bes edýär.

Zyýan (zelel) ýeten jaýlar täzeden dikeldilende ätiýaçlandyrýan goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak bilen, ilkibaşky ätiýaçlandyryş pul möçberine goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak arkaly dikeltmäge hukugy bardyr.

 

V bap. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny ) hasaplamagyň we tölemegiň tertibi

 

14. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň görnüşine, ätiýaçlandyryşyň möhletine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerinden ugur alnyp bellenilýär.

15. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda bir ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi 365 güne bölünýär we degişli atiýaçlandyrylan güne köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa, şu Kadalaryň on bäşinji böleginiň 1-nji tesimine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.

Hasaplamagyň şolar ýaly usuly goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda hem ulanyp ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.

16. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyl we ondan köp möhlete baglaşylan mahaly ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) möhletlere bölüp tölemäge hukugy bardyr: 50 (elli) göterimi şertnama baglaşylanda, 50 (elli) göterimi şertnamanyň hereketi başlandan soň bäş aýdan gijä galman tölenýär.

Eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasy birnäçe ýyla baglaşylanda, onda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) her ýyl üçin möhletlere bölüp töläp bilýär. Tölemegiň möhletleri ätiýaçlandyryş şertnamasynda (şahadatnamasynda) görkezilýär.

17. Eger ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bellenilen pulunda tölenilýär.

18 Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) möhlete bölünen ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

19. Eger ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen möçberde we möhletlerde geçirilmese, ätiýaçlandyryjy şonuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir.

Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şu wagta çenli ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemegini gijikdirse, ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

Ätiýaçlandyryş gatançlar (ätiýaçlandyryş baýraklar) nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde geçirilýär.

Ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemegiň anyk tertibi we möhletleri ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilýar.

20. Yzygiderli üç ýylyň dowamynda we ondan hem köp wagtlap üznüksiz ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan we şol döwrüň içinde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almadyk ätiýaçlandyrýanyň soňraky möhlet üçin täze ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşanda hasaplanylan ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberinden 20 (ýigrimi) göterim möçberinde inderim almaga hukugy bardyr.

21. Ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) düzüminde onuň gaýtarylyp berilýän bölegi göz öňünde tutulyp bilner, ol ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmadyk ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti tamamlanandan soň ätiýaçlandyrýana tölenilýär.

 

VI bap. Ätiýaçlandyryş nyrhyny kesgitlemegiň tertibi we ätiýaçlandyryş

nyrhynyň möçberi

 

22. Ätiýaçlandyryş nyrhy bir ýyldan ugur alnyp kesgetlenen we bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerine (şu Kadalara 1-nji goşundy) laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenilýär.

Töwekgelçiligiň derejesine, jaýyň görnüşine, onuň ýerleşýän ýerine, ätiýaçlandyryş pul möçberine we ätiýaçlandyryşyň möhletine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna peseldiji ýa-da ýokarlandyryjy koeffisiýentler ulanylyp bilner.

Peseldeji ýa-da ýokarlandyryjy koeffisiýent ulanylan mahaly, ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilmeli.

 

VII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi

 

 

23. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşlmak barada ýazan arzasy (şu Kadalara 2-nji goşundy) ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde ýüz tutmasy esasynda ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylyp bilner.

Arza şu resminamalar goşulmaly:

1) jaýa bolan eýeçilik hukugyny tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;

2) jaýyň fotosuratlary;

3) pasport nusgasy.

24. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýana degişli ýerdäki ähli jaýlary hem, olaryň aýry-aýrylaryny hem ätiýaçlandyrmak üçin, şonuň ýaly-da şol jaýlardaky ätiýaçlandyrýana degişli paýlary ätiýaçlandyrmak üçin baglaşylyp bilner.

25. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda howpuň ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy üçin düýpli ähmiýeti bolan, özüne mälim bolan ähli ýagdaýlary barada ätiýaçlandyryja ýazmaça habar bermelidir. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertnamadan ýüz öwürmegine ýa-da ony üýtgedilen mazmun bilen baglaşmagyna täsir edip biljek ýagdaýlar düýpli ýagdaýlar bolup durýar.

26. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrýana töwekgelçilik derejesindäki haýsydyr bir düýpli üýtgetmeler hakynda ýa-da öz netijeleri boýunça ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň möçberini artdyryp biljek üýtgetmeler barada mälim bolsa, ätiýaçlandyryjyny mümkin bolan gysga möhletlerde ähli üýtgetmeler barada ýazmaça habardar etmek ätiýaçlandyrýanyň borjy bolup durýar.

27. Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanyndan soň ýüze çykan howpuň artmagy hakynda habary bir aýyň dowamynda habar bermese, ätiýaçlandyryjynyň bir aýlyk möhleti berjaý etmek bilen şertnamany bozmaga ýa-da degişlilikde ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) artdyrmagy talap etmäge haky bardyr.

Eger ätiýaçlandyrýan howpuň artmagyny bilkastlaýyn döretse, ätiýaçlandyryjy bir aýlyk möhleti berjaý etmezden şertnamany bozup biler. Bir aýlyk möhleti habar bermek borjunyň bozulandygy hakynda ätiýaçlandyryja mälim bolan pursatyndan başlanýar.

28. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ýa-da onuň birinji bölegi tölenilen pursatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana öz aralarynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan fiziki şahslara degişli jaýlary meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (şu Kadalara 3-nji goşundy) gowşurýar.

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:

1) nagt däl görnüşinde tölenilende – ätiýaçlandyryjynyň hasaplaşyk hasabyna gelip gowşan güni;

2) nagt görnüşinde tölenilende – ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen pursaty.

29. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen halatynda ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasynyň esasynda, ony bermegiň çykdajylaryny tölemegi borçlandyrmak bilen, ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň öwezligi berilýär. Öwezlik berilenden soň ýitirilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy hakyky däl diýlip hasap edilýär we şol ätiýaçlandyryş şahadatnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi tölenilmeýär.

30. Öňki ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti tamamlanýança täze möhlete ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly onuň güýje girýän senesi hereket edýän şertnamanyň möhleti tamamlanýan günden soňky gelýän günden başlanylyp görkezilýär.

31. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin bähbit görüjini bellemäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň, öz garaýşyna görä ony çalyşmaga haky bardyr.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda bähbit görüji görkezilen bolsa, şonda şu Kadalarda görkezilen ätiýaçlandyrýana degişli we ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen bagly borçnamalar bähbit görüjä hem degişli.

32. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli ýa-da sertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.

 

 

VIII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti

 

33. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir aýdan bir ýyla çenli we ondan hem köp möhletlere baglaşylyp bilner.

34. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti (başlanýan senesi-şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi-möhletiniň iň soňky güni sagat 24-de).

35. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we şertleri görkezilýär.

 

IX bap. Gaýtadan ätiýaçlandyryş

 

36. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga ätiýaçlandyryjyda (gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.

Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.

Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak - Türkmenistanyň gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.

Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsyň talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.

Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş şertleri we nyrhynyň möçberleri ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.

 

X bap. Taraplaryň hukuklary we borçlary

 

37. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:

1) ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyşmaga;

2) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe taraplaryň ylalaşygy esasynda oňa üýtgetmeler girizmäge;

3) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga;

4) ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly onuň öwezligini ýa-da nusgasyny almaga.

38. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:

1) ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) bellenilen tertipde tölemäge;

2) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada ätiýaçlandyryşyň kadalarynda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan möhletde habar bermäge;

3) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;

4) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak, onuň möçberini anyklamak boýunça mümkin bolan we maksada laýyk ähli çäreleri görmäge;

5) özüne mälim bolan, ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine baha bermek üçin düýpli ähmiýeti bolan ähli ýagdaýlar barada maglumatlary ätiýaçlandyryja bermäge we mundan beýläk-de ätiýaçlandyryş töwekgelçiligindäki islendik üýtgeşmeler hakynda ätiýaçlandyryja habar bermäge;

6) ätiýaçlandyryja onuň talap etmegi boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň sebäpleri we getiren netijeleri, ýetirilen zyýanyň (zeleliň) häsiýeti hem-de möçberi hakynda netije çykarmaga mümkinçilik berýän ähli maglumatlary we resminamalary bermäge;

7) ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberini kesgitlemäge ätiýaçlandyryjynyň gatnaşmagyny üpjün etmäge.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyrýanyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

39. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bardyr:

1) ätiýaçlandyrýanyň habar beren maglumatlarynyň ygtybarlylygyny kanunçylyga ters gelmeýän, özüne elýeterli islendik usul bilen barlamaga, şeýle hem olaryň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişlerine gözegçilik etmäge;

2) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň delillerine şübhe dörän halatynda ygtyýarly edaralardan goşmaça maglumatlar sorap almaga, bu şübheleriň tassyklanmasy ýa-da ýalana çykarylmasy anyklanýança onuň tölenmegini gaýra goýmaga;

3) ätiýaçlandyrýanyň razylygyna garamazdan, ätiýaçlandyryş halaty bilen ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak hakyndaky gepleşiklere girişmäge, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň ýagdaýlaryny hem-de sebäplerini   we/ýa-da ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberini anyklamak boýunça çäreleri görmäge;

4) ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine baha bermek üçin ätiýaçlandyryş obýektiniň barlagyny geçirmäge ýa-da garaşsyz bilermeni bu işe çekmäge;

5) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyrýandan ätiýaçlandyryş halatynyň sebäbini kesgitlemek üçin zerur bolan degişli maglumatlary talap etmäge;

6) ätiýaçlandyryja düýpli ýagdaýlar barada habar berilmese ýa-da ätiýaçlandyrýan düýpli ýagdaý hakynda habar bermekden bilkastlaýyn boýun gaçyrsa, ol ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmakdan boýun gaçyryp biler;

7) düýpli ýagdaýlar hakyndaky habarda nädogry maglumatlar bar bolsa, şeýle halatda hem ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmakdan boýun gaçyryp biler.

40. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:

1) ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyş etmäge;

2) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada bellenilen möhletde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;

3) ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyryjynyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

 

XI bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyrýanyň çalşylmagy

 

41. Ätiýaçlandyrylan jaý satylan, çalşylan, sowgat edilen, kärendesine berlen ýa-da başga aýrybaşgalanan halatynda bu barada ätiýaçlandyryja habar berilýär, ätiýaçlandyrýanyň hukuklary we borçlary ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda şol jaýy alan adama geçip biler.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrýan kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýip ykrar edilen bolsa, onuň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak onuň kanuny wekili tarapyndan amala aşyrylýar.

Eýeçilik hukugynyň başga bir şahsa geçmegi bilen, bu barada ätiýaçlandyryja on iş günüň dowamynda habar bermelidir.

 

 

XII bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň we tölemegiň tertibi

 

42. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyrýan ýa-da bähbit görüji, olar bolmadyk mahaly bolsa maşgalanyň kämillik ýaşyna ýeten agzasy jaýlary halas etmek we olara soňra zyýan (zelel) ýetmeginiň öňüni almak üçin mümkin bolan ähli çäreleri haýal etmän görmäge hem-de ýüze çykan ýagdaý barada ätiýaçlandyryja üç iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryş halaty barada arza (şu Kadalara 4-nji goşundy) ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde habar bermäge, şeýle hem dessine degişli edaralara habar bermäge borçludyr.

Ätiýaçlandyrýan tarapyndan arza gelip gowşan gününde ätiýaçlandyryjy ony bellenilen tertipde hasaba alýar.

43. Ätiýaçlandyryjy jaýlaryň ýok edilmegi ýa-da olara zyýan (zelel) ýetmegi barada ätiýaçlandyrýandan arza gelip gowuşandan soň bäş günüň dowamynda ätiýaçlandyrýanyň ýa-da onuň kanuny wekiliniň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda ätiýaçlandyryş halaty barada ykrarhaty (şu Kadalara 5-nji goşundy) düzýär.

44. Eger ätiýaçlandyryş halaty netijesinde jaýlaryň ýok edilmegi ýa-da olara zyýan (zelel) ýetmegi köpçülikleýin häsiýete eýe bolsa, onda ätiýaçlandyryş halaty barada ykrarhatyny düzmegiň möhletini bir aýa çenli, aýratyn halatlarda bolsa iki aýa çenli, şeýle hem ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemegiň möhletini ätiýaçlandyryş halaty barada ykrarhatyny düzmegiň möhletine degişlilikde uzaldylyp bilner.

Ätiýaçlandyryş halaty barada ykrarhatynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek üçin ähli zerur maglumatlar ýazylmaly.

Jaýyň ýagdaýyny abatlamak arkaly ilkibaşdaky niýetlenilişi boýunça ulanmak üçin ýaramly ýagdaýa getirmek mümkin bolsa jaýa zyýan (zelel) ýeten hasap edilýär. Beýleki ýagdaýlarda jaýy dikeltmäge degişli däl diýip hasap edilýär.

45. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi jaýyň zyýan (zelel) ýeten ýerini ýa-da onuň galyndylaryny (fundamentini, sokolyny, gurluşyk serişdelerini we başgalary) gözden geçirmek arkaly düzülen ätiýaçlandyryş halaty barada ykrarhatynyň ýa-da ygtyýarly edaralardan alnan resminamalaryň esasynda kesgitlenýär.

Jaýa zyýan (zelel) ýetmeginiň möçberi (derejesi) degişli ölçeg birliklerinde (kub metrlerde, inedördül metrlerde, pogon metrlerde, sanlarda we başgalarda) ýa-da ätiýaçlandyrylan jaýyň zyýan (zelel) ýeten bölekleriniň ýa-da tutuş jaýyň göterimlerinde görkezilýär.

46. Ýok edilen jaýlaryň galyndylary we olaryň aýry-aýry bölekleri, şol sanda fundamenti diňe olaryň soňra gurluşykda peýdalanmak üçin ýaramly bolan ýagdaýynda hasaba alynýar. Şunda jaýlaryň galyndylary hojalyk serişdeleriniň mukdary boýunça nazara alynýar, olar bolsa jaý ýa-da onuň aýry-aýry bölekleri sökülen mahaly alnyp bilner. Şeýle serişdeleriň mukdary hasaplap görmek arkaly ýa-da serişdeleriň çykyşynyň ulanylýan ölçeglerinden ugur alnyp kesgitlenilýär. Jaýlaryň palçykdan suwalan, saman garylyp suwalan we gum üýşürilip galdyrylan diwarlarynyň zyýan (zelel) ýeten bölekleriniň galyndylary nazara alynmaýar.

47. Zyýan (zelel) ýeten jaýlary abatlamagyň bahasy şu usullaryň birini ulanmak bilen kesgitlenilýär we ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi tölenýär:

1) zyýan (zelel) ýeten jaýy dikeltmegiň (abatlamagyň) ygtyýarly edaralardan alnan hasaplamasyny ulanmak arkaly;

2) jaýlaryň aýry-aýry böleklerine bir bitewi nyrhlary ulanmak arkaly ätiýaçlandyryjynyň hasaplamasy esasynda;

3) zyýan (zelel) ýeten jaýyň aýry-aýry bölekleriniň (gurnama parçalarynyň) bahasynyň onuň umumy ätiýaçlandyryş bahasyna göterimlerdäki gatnaşygyny ulanmak arkaly.

Zyýan (zelel) ýeten jaýy abatlamagyň bahasyny hasaplamagyň usulyny seçip almak zyýan (zelel) ýetmäniň häsiýeti we möçberi, şol jaýyň gurnamasynyň çylşyrymlylygy we degişli tehniki we nyrh kesiş resminamalary nazara alnyp geçirilýär.

Zyýan (zelel) ýeten jaýlary abatlamagyň bahasynyň hasaplamasy düzülen mahaly diňe şol ätiýaçlandyryş halaty bilen ýüze çykan işleriň, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty netijesinde jaýa zeper ýetmegi bilen baglanyşykly zerur diýlip ykrar edilen abatlaýyş işleri hasaplama goşulýar.

48. Zyýan (zelel) ýeten jaýa ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu möçberlerde hasaplanylýar:

1) jaýy dikeltmäge degişli däl diýip hasap edilen mahaly jaýyň gurluşyk üçin ýaramly galyndylarynyň bahasyny hasaba almak bilen, onuň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde, jaýy halas etmek we onuň galyndylaryny tertibe salmak boýunça çykdajylaryň möçberine artdyrmak bilen;

2) jaýa zyýan (zelel) ýeten mahaly jaýy abatlamagyň (dikeltmegiň) bahasyna barabar möçberde, jaýy halas etmek, ony we gurluşyk üçin ýaramly galyndylaryny tertibe salmak boýunça harajatlaryň möçberi goşulýar.

49. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) möhlete bölüp tölemek bilen baglaşylan bolsa, degişli ýyl üçin soňky tölenmeli ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilmedik bolsa, onda jaý üçin tölenmeli ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden tutulyp alnyp galynýar.

50. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölenilýänçä tölenilmäge degişli ähli resminamalaryň dogry resmileşdirilendigini barlamaga borçludyr. Olary beren guramalaryň möhüri ýa-da gollar bolmadyk güwänamalary, hasaplamalary, delil hatlaryny we beýleki resminamalary kabul etmek we olar esasynda tölegi geçirmek gadagan edilýär.

51. Zyýany (zeleli) kesgitlemek we ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) tölemek üçin şu aşakdaky resminamalar zerur bolup duraýar:

1) ätiýaçlandyryş halaty barada arzasy;

2) zyýan (zelel) ýeten ýa-da ýok bolan jaýyň fotosuraty;

3) ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;

4) ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny tassyklaýan degişli edaralar tarapyndan beren resminamasy;

5) ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhaty;

6) zyýan (zelel) ýeten ýa-da ýok bolan gurnama parçalarynyň sanawy;

7) zyýan (zelel) ýeten ýa-da ýok bolan jaýyň galyndysy barada maglumat (tabşyrylýan ýere tabşyrlandygy ýa-da galyndylaryň ýok edilendigi barada);

8) zyýan (zelel) ýeten emlägi abatlamak bejermek baradaky çykdajylarynyň ygtyýarly edaralaryň düzen hasaplamasy.

52. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryja ähli degişli bolan resminamalary berenden soň ýedi iş günüň dowamynda tölenilýär.

53. Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) nagt ýa-da nagt däl görnüşde tölenýär.

54. Ähli ýagdaýlarda çekilen zyýan (zelel) boýunça tölemeli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) göz öňünde tutulan çykdajylary hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolmaly däldir.

55. Eger ätiýaçlandyryş halaty boýunça derňew geçirilýän bolsa, onda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek ýa-da tölemekden boýun gaçyrmak hakyndaky mesele derňew edaralaryndan işiň bes edilendigi ýa-da togtadylandygy hakyndaky karary alanyndan soň, iş kazyýete berlen halatynda kazyýetiň kanuny güýje giren degişli çözgüdi alnandan soň ýedi iş gün möhletde çözülýär.

56. Eger ätiýaçlandyrylan jaýlar ätiýaçlandyryş halatlaryna degişli bolmadyk wakalar netijesinde ýok edilen ýa-da olara zyýan (zelel) ýeten bolsa, ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana ýeten zyýanyň (zeleliň) öwezi dolunmaýar.

 

XIII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi

 

57. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

1) hereket edýän möhleti geçende;

2) ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;

3) şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;

4) ätiýaçlandyrýan şahsy tarap aradan çykanda, (ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça onuň hukuklarynyň we borçlarynyň kanun esasynda mirasdaryna ýa-da başga şahslara geçen ýagdaýy muňa degişli däldir);

5) ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Kadalarda göz öňünde tutulan borçlary berjaý edilmedik ýagdaýynda.

Eger şertnamada bu göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyrýanyň talaby ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.

Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

58. Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda, ýöne ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen bolsa, onda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjydan öwezligini talap edip biler. Öwezlik berlenden soň ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

Ähli ýagdaýlarda öwezlik bermek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyrýan çekýär. Öwezlik berlenden soň ýitirilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ätiýaçlandyryjynyň buýrugy bilen hakyky däl diýlip hasap edilýär we ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy boýunça hiç bir ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär diýip görkezilýär. Bu barada ätiýaçlandyryjy degişli guramalara habar edip biler.

 

 

XIV bap. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden

boýun gaçyrylmagy

 

59. Ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda, ätiýaçlandyrjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden ýüz döndermäge haklydyr:

1) ätiýaçlandyrýanyň ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde;

2) ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrlan adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;

3) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanşykda durýan bolsa;

4) ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada öz wagtynda (üç iş günüň dowamynda) habar bermese we şonuň netijesinde ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy saglygy goraýyş, derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň resminamalary bilen tassyklanmasa ýa-da zyýanyň (zeleliň) möçberini, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäbini anyklamak mümkin bolmasa.

Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrylan halatynda ätiýaçlandyryjy bu barada ätiýaçlandyrýana üç iş gün möhletde sebäbini ýazmaça habar bermäge borçludyr.

 

 

 

XV bap. Ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkär adam babatda ätiýaçlandyrýanyň hukuklarynyň ätiýaçlandyryja geçmegi

 

60. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ýetirilen zyýan (zelel) üçin ätiýaçlandyrýanyň ýa-da üçünji bir şahsyň öňünde jogapkär adamdan regres talabyň hukugy şol pul möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölän ätiýaçlandyryja geçýär.

Eger ätiýaçlandyrýan görkezilen şol şahsa talaplary bildirmekden ýa-da şol talaplaryň ýerine ýetirmegi üpjün edýän hukuklardan boýun gaçyrsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň üçünji bir şahsdan tutulyp alynjak bölegini tölemekden boşadylýar.

61. Eger ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň peýdasyna ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi geçirilýän şahs ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkär şahsdan zyýanyň (zeleliň) öwezini doluş tölegini doly alan bolsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini amala aşyrmakdan boşadylýar. Günäkär tarapyndan zyýanyň (zeleliň) öwezi bölekleýin dolunan ýagdaýynda ätiýaçlandyryjy, onuň günäkärden alan pul möçberini hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini töleýär.

Şunuň bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryjy degişli halatlarda bellenilen tertipde we möhletinde ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmäge borçludyr.

 

XVI bap. Jedelleri çözmek

 

62. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

63. Regres talabynyň arzalaryna seredilen mahalynda Türkmenistanyň ätiýaçlandyryjylary döwlet paçlaryny tölemekden boşadylýar.

 


 

 

Şu Kadalara

                                                                                                                                  1-nji goşundy

 

Bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri

(ätiýaçlandyryş pul möçberinden göterimde)

 

 

T/b

Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri

Agaçdan we palçykdan salnan jaýlar

 

Garyşyk materialdan salnan jaýlar

Bişen kerpiçden,

betondan  we daşdan salnan jaýlar

1.

Ýangyn, ýyldyrym urmagy, partlama

 

0,5

0,4

0,3

2.

Tebigy betbagtçylyklar

 

0,1

0,06

0,06

3.

Suw almagy

 

0,15

0,3

0,2

4.

Jaýlaryň üstüne uçýan zatlaryň ýa-da olaryň bölekleriniň gaçmagy we ulag serişdesiniň baryp urmagy

 

0,01

0,01

0,01

5.

Üçünji taraplaryň hyýanatçylykly hereketleri

0,5

0,3

0,2

 

Ähli töwekgelçiliklerden

1,26

1,07

0,77

 

Bellik: Töwekgelçiligiň derejesine, jaýyň görnüşine, onuň ýerleşýän ýerine, ätiýaçlandyryş pul möçberine we ätiýaçlandyryşyň möhletine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna peseldiji (1,0-den 0,4 çenli) ýa-da ýokarlandyryjy (1,0-den 2,5 çenli) koeffisiýentler ulanmak mümkindir.

 


 

 

Şu Kadalara

2-nji goşundy

 

__________________________________

 (welaýat, şäher, etrap)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşylmagy barada

A R Z A

 

Ätiýaçlandyrýan____________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

Salgysy/telefony__________________________________________________

20__ýylyň «____»__________ 20__ýylyň «____»__________ çenli ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagy haýyş edýärin.

Jaýyň eýesi ____________________________________________________________________

Jaýyň ýerleşýän salgysy __________________________________________________________

Jaýa bolan eýeçilik hukugy_______________________________________________________________

 

Jaýyň görnüşi

Jaýyň gurlan

ýyly

Jaýyň materialy

Üçeginiň görnüşi

Gatlarynyň sany

 

Otaglarynyň sany

Hakyky bahasy

Ätiýaçlan-dyryş pul möçberi

(manatda)

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Isleg bildirýän ätiýaçlandyryş töwekgelçiligiňizi görkeziň:

q ýangyn, ýyldyrym urmagy, partlama;

q tebigy betbagtçylyklar (suw joşma, ýer titreme, harasat, tupan, çabga, doly, ýer süýşmegi, sil gelmegi) şol sanda şol ýer üçin adaty bolmadyk we howply dowamly ýagyşyň ýagmagynyň we galyň garyň düşmegi netijesinde;

q suw almagy, şol sanda ýyladyş, suw geçiriş we lagym ulgamlarynyň hatardan çykmagynyň (şol sanda temperaturanyň pese gaçmagy netijesinde), ýerasty suwlaryň duýdansyz ýagdaýda ýokary galmagynyň, ýangyn söndüriş ulgamynyň hatardan çykmagynyň (geçirilýän hyzmat ediş işlerinden başgalary) netijesinde;

q jaýlaryň üstüne uçýan zatlaryň ýa-da olaryň bölekleriniň gaçmagy we ulag serişdesiniň baryp urmagy;

q üçünji taraplaryň hyýanatçylykly hereketleri;

q ähli töwekgelçiliklerden.

 

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň möhleti we tertbi _______________

______________________________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldym

_______________________

(ätiýaçlandyrýanyň familiýasy we goly)

20__ýylyň __________________aýynyň “_____.”

 


 

 

Şu Kadalara

3-nji goşundy

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY

Fiziki şahslara degişli jaýlary meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça

ätiýaçlandyryş şahadatnamasy 

görnüşi 000 № 0000000

 

Ätiýaçlandyryjy

(welaýat, şäher, etrap)

 

Salgysy/telefony

 

Bank maglumatlary

 

Ätiýaçlandyrýan

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

Salgysy/telefony

 

Jaýyň eýesi

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

Salgysy/telefony

 

Bähbit görüji

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

Salgysy/telefony

 

Ätiýaçlandyryş obýekti

 

Obýektiň ýerleşýän salgysy

 

Emlägiň hakyky bahasy

(bazar bahasyndan ýa-da bilermenleriň berýän bahasyndan ugur alnyp bellenilýär),

 (gereginiň aşagyny çyzmaly)

 

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberi:

(san bilen we ýazmaça)

 

 

Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri we ätiýaçlandyryş nyrh möçberi (Eger koeffisiýent ulanylýan bolsa, onda onuň möçberi anyk görkezilmeli)

q ýangyn, ýyldyrym urmagy, partlama;

q tebigy betbagtçylyklar;

q suw almagy;

q jaýlaryň üstüne uçýan zatlaryň ýa-da olaryň bölekleriniň gaçmagy we ulag serişdesiniň baryp urmagy

q üçünji taraplaryň hyýanatçylykly hereketleri;

q ähli töwekgelçiliklerden.

 

Ätiýaçlandyryş gatançlarjy (ätiýaçlandyryş baýraklary):

(san bilen we ýazmaça)

 

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň tertibi we möhletleri

 

 

Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenendigi barada bellik

(tölegiň görnüşi (nagt, nagt däl), nagt däl töleg tabşyrygyň

№, senesi)

 

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti

 

 

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we şertleri

 

 

Franşiza

(şertli, şertsiz)

 

Beýleki şertler

 

M.Ýe.   Ätiýaçlandyryjy

(familiýasy, ady, atasynyň ady, wezipesi we goly)

 

 

 Ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň berlen senesi

 

 

Ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdym

(ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly)

 

 

 

Bellik: Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň wekili ätiýaçlandyryjyny haýal etmän, ýöne üç iş gününden gijä galman, şeýle hem degişli edaralara dessine habardar etmäge borçludyr.

Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) möhlete bölünip tölenilende ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilen möhletde tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

Ätiýaçlandyrylan emläk satylan, çalşylan, sowgat edilen, kärendesine berlen ýa-da başga aýrybaşgalanan, emlägiň  ätiýaçlandyrylan ýeri üýtgän halatynda, ol barada ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň wekili ätiýaçlandyryja şobada  habardar etmäge borçludyr.

           Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli degişli resminamalar alnandan soň ýedi iş günüň dowamynda tölenilýär.

 


 

 

 

Şu Kadalara

4-nji goşundy

 

 

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

 

(ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

 

 

 

Ätiýaçlandyryş halaty barada

ARZA

 

__________________________________________________________bolup geçen

                                                                               (gün, aýy, ýyly)

______________________________________________________________________________________________________________________ sebäpli, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiňizi Sizden haýyş edýäris.

 

Arza şu resminamalary goşýarys:

________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

 

 

 

20__ ýylyň “____” _____________

 

 

 

 

(ätiýaçlandyrýanyň familiýasy we goly)

 

 


 

 

Şu Kadalara

5-nji goşundy

 

Ätiýaçlandyryş halaty barada

Ykrarhaty №_____

 

Ätiýaçlandyrýan ______________________________________________________

____________________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

Ätiýaçlandyrýan bolmadyk ýagdaýynda ätiýaçlandyrýanyň maşgalasynyň kämillik ýaşyna ýeten agzasynyň______________________________

____________________________________________________________________

                                                                               (familiýasy, ady, atasynyň ady)

Ätiýaçlandyryjy ______________________________________________________

____________________________________________________________________

(wezipesi,familiýasy, ady, atasynyň ady)

Çagyrylan hünärmen __________________________________________________

____________________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady we işleýän ýeri we wezipesi)

____________________________________________________________________

gatnaşmagynda ________________welaýatynyň __________________etraby, şäheri

boýunça şu salgyda: ____________________________________________________

_______________________________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

ýaşaýan raýat______________________________________degişli bolan jaýyň         (familiýasy, ady, atasynyň ady)

ýok edilmegi (zyýan (zelel) ýetmegi) barada ätiýaçlandyrýanyň 20__ ýylyň «____»__________ ätiýaçlandyryş halat barada ýazan arzasy esasynda düzüldi.

 

Ýerinde barlanyp görülmegi bilen, şeýle hem degişli resminamalaryň esasynda şular anyklanyldy:

Ätiýaçlandyrylan jaý 20__ ýylyň «_____».______________ sagat____ 20__ ýylyň «_____»__________ sagat____ aralygynda bolup geçen ätiýaçlandyryş halaty netijesinde ___________________________________________________________

____________________________________________________________________

__________________________________________ýok edildi (zyýan (zelel) ýetdi).

 

Ätiýaçlandyrýan tarapyndan jaýyň ýok edilmegini (zyýan (zelel) ýetmegini) öňünden duýdurmak, şeýle hem heläkçilik mahaly olary halas etmek we mundan beýläk olara zyýan (zelel) ýetmeginiň öňüni almak üçin çäreler ______________ ____________________________________________________________________

____________________________________________________________________

Jaýyň ady (görnüşi, möçberi, esasynyň, diwarlarynyň, üçeginiň serişdeleri)

Fundamenty:____________, diwarlary_____, üçegi_______, uzynlygy______, ini______, beýikligi______, gatlarynyň sany______.

 


 

 

Ykrarhatynyň

goşundysy

Jaýyň ýok edilen (zyýan (zelel) ýeten) bölekleriniň ady, jaýy abatlamagyň bahasynyň hasaplamasy we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi

 

T/b

 

Jaýyň hakyky bahasy (manat)

Jaýyň ätiýaçland-yryş pul

 möçberi (manat)

Jaýyň ýok edilen

(zyýan (zelel) ýetirilen)

bölekleri-niň ady

Böleklerine zyýan (zelel)  ýetmeginiň

 möçberi (derejesi) (jaýyň gurluş parçalary kub m.,

 inedördül m.,%, we başgalar)

Jaýyň bahasyna göterimlerdäki gatnaşyk

Hojalyk serişdeleriniň galyndysy

Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze

 çykan döwründe binany

 halas etmek boýunça

işleriň ady we bahasy

Ätiýaçlandyryş öwezini

doluş töleginiň möçberi

 

 

 

 

 

ähli böleklere

(gurnama parçalaryna) deňeşdirilende

 

ýok edilen ýa-da zyýan (zelel) ýeten

böleklere

 (gurnama parçalara) deňeşdirilende

 

Galyndylaryň  sany

 (kub metr, sany we

 başgalar)

 

Nyrhynyň gaçmagyny

nazara almak bilen ähli

 galyndylaryň bahasy

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

                         

Jaý meýletin ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryldy. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň belgisi ____________

Ätiýaçlandyryş möhleti: 20__ýylyň «_____» ______________ 20__ýylyň «____» _______________  aralygy

Ätiýaçlandyryş pul möçberi___________________________manat. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş guramasynyň hasabyna 20__ ýylyň «____» _________________ gelip gowuşdy

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň hasaplamasyny düzdüler:

  ____________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady we goly)

____________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady we goly)

____________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady we goly)