Meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryş Kadalary
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň Baş direktorynyň
2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde çykaran
36-e belgili buýrugy bilen tassyklandy
Meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryş Kadalary
I bap. Umumy düzgünler
1. Meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryş Kadalary (mundan beýläk - Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna we «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1684-nji karary bilen tassyklanan, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama» we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
2. Şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň ýuridik şahslary bilen şol sanda ýuridik şahslary döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary we Türkmenistanda hasaba alnan ýa-da onuň çäginde öz işini amala aşyrýan daşary ýurtlaryň ýuridik şahslary, olaryň şahamçalaryny we wekilliklerini goşmak bilen (mundan beýläk – ätiýaçlandyrýan) Meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar.
3. Şu Kadalaryň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) bähbit görüji - ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
2) ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki we ýuridik şahs;
3) ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan döwlet ätiýaçlandyryş guramalary, ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;
4) ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) – ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenilýän pul möçberi;
5) ätiýaçlandyryş halaty – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;
6) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi - ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;
7) ätiýaçlandyryş pul möçberi - ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;
8) ätiýaçlandyryş şahadatnamasy - ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan resminama;
9) ätiýaçlandyryş şertnamasy - ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasynda baglaşylan şertnama, oňa laýyklykda belli bir wakalar (ätiýaçlandyryş halatlary) ýüze çykanda ätiýaçlandyryjylar tarapyndan ätiýaçlandyrylan pul möçberleriniň we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenilmeginiň ýa-da şertnamada görkezilen başga bir hereketiň ýerine ýetirilmeginiň maksady bilen, ätiýaçlandyryjylara töleýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasabyna fiziki we ýuridik şahslaryň emläk we beýleki bähbitleriniň goralmagynyň tertibi we şertleri bellenilýär;
10) franşiza - umumy zyýanyň bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenýär. Şertli franşiza bellenilende ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zyýanyň öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zyýanyň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zyýany doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zyýandan aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär;
11) ekologiýa töwekgelçiligi – ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplaryň döremegine getirip biljek hojalyk we beýleki işiň çaklanylýan ýaramaz täsir etmesi bilen şertlendirilen, daşky gurşaw we ilatyň saglygy üçin ýaramaz netijeleri bar bolan wakanyň ýüze çykmak ähtimallygy;
12) ekologiýa taýdan ätiýaçlandyryş – ekologiýa howpsuzlygy boýunça töwekgelçilikleriň ätiýaçlandyrylmagyny we ekologiýa taýdan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak baradaky talap arzalarynyň ykrar edilmegini üpjün edýän, halkara we milli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ulgamy;
13) daşky gurşawyň hapalanmagy – daşky gurşawa hapalaýjy maddalaryň, howply himiki we biologik maddalaryň, radioaktiw materiallaryň, galyndylaryň gelip gowuşmagy, şeýle hem daşky gurşawa galmagalyň, wibrasiýanyň, magnit meýdanlarynyň, infragyzyl şöhlelenmäniň we beýleki fiziki taýdan zyýanly täsirleriň täsir etmegi;
14) ekologiýa taýdan betbagtçylyk zonalary – hojalyk we beýleki işiň ýa-da tebigatyň tebigy güýçleriniň weýran edijilikli täsiriniň, heläkçiligiň ýa-da betbagtçylygyň netijesinde olarda ekologiýa ulgamlarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly tebigy gurşawyň durnukly we dikeldip bolmajak üýtgemeleri bolup geçen çägiň bölekleri;
15) sanly hyzmatlar - elektron maglumat ulgamlaryndan, maglumat- telekommunikasiýa torlaryndan we elektron amallardan peýdalanmak arkaly edilýän hyzmat.
4. Ekologiýa jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryşy diňe ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyrýanyň hojalyk we beýleki işine degişlidir.
Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan talaplara laýyk gelmeýän meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işe, ekologiýa taýdan howply diýlip baha berilýär hem-de onuň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gadagan edilen bolsa ätiýaçlandyryşa kabul edilmeýär.
5. Ätiýaçlandyrýanyň işgärlerine olaryň zähmet borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda ýetirilen zyýan, jerimeler, puşman pullary ätiýaçlandyryşa degişli däldir.
6. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy)) şu Kadalaryň talaplaryna hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylýar hem-de ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) aýry-aýry bölümlerinde, taraplaryň ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän başga şertleri hem bolup biler.
II bap. Ätiýaçlandyryşyň obýekti
7. Ätiýaçlandyrýan tarapyndan hojalyk we beýleki işi amala aşyran mahalynda daşky gurşawa, şeýle hem üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen borçlary bilen baglanyşykly raýat-hukuk jogapkärçiligi ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.
III bap. Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri we ätiýaçlandyryş halatlary
8. Ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň önümçilik pudagynda daşky gurşawa we raýat-hukuk jogapkärçiligi boýunça zyýanyň ýüze çykma mümkinçiligi ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi (jogapkärçiligi) bolup durýar.
Atmosfera hapalandyryjy maddalaryň zyňylmagyna, ýer üstüniň, ýerasty we ýerüsti suwlaryň hapalanmagyna getirýän tehnogen ýa-da tebigy hadysalaryň netijesinde daşky gurşawa, şeýle hem üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine (mundan beýläk–raýat-hukuk jogapkärçiligi) garaşylmadyk, tötänlikde we duýdansyz zyýan ýetirilmegi ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.
9. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň subutnamasy degişli resminamalar we dogrulygyna şübhe döretmeýän beýleki maglumatlar esasynda, kazyýetleriň, derňew we beýleki edaralaryň çözgütleri bilen, şeýle hem zerur bolan halatlarda bolsa, bilermenleriň netijenamalary esasynda bellenilýär.
Ätiýaçlandyryş goragy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwründe bolan ätiýaçlandyryş halatlaryna degişlidir.
10. Şu aşakdakylar ätiýaçlandyryş halatyna degişli däldir:
1) islendik görnüşdäki harby hereketler, halk tolgunyşyklary, iş taşlaýyşlar;
2) ýadro energiýasynyň islendik görnüşdäki täsiri;
3) ygtyýarly edilmedik işgärleriň, şeýle hem kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen adamlaryň önümçiligi dolandyrmak baradaky hereketleri.
IV bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberi
11. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyrýanyň we ätiýaçlandyryjynyň arasyndaky ylalaşyk boýunça baglaşylýan ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) daşky gurşaw, raýat-hukuk jogapkärçiligi we kazyýet çykdajylary boýunça aýratynlykda bellenilýär.
Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çägini kesgitleýän pul möçberidir. Şondan ugur alnyp ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) kesgitlenýär.
V bap. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny)
hasaplamagyň we tölemegiň tertibi
12. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryjy tarapyndan hasaplanylýar we ätiýaçlandyryş pul möçberlerine, ätiýaçlandyryş möhletine, ätiýaçlandyrýan önümçiliginiň pudagynyň görnüşleriniň ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerine laýyklykda hasaplanylýar.
13. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda bir ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi 365 (üç ýüz altmyş bäş) güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyrylan güne köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa, şu Kadalaryň on üçünji böleginiň birinji tesimine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.
Hasaplamagyň şolar ýaly usuly goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda hem ulanyp ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.
14. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bir ýyl we ondan köp möhletde baglaşylan mahaly ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) möhletlere bölüp tölemäge hukugy bardyr: 50 (elli) göterimi ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda, 50 (elli) göterimi ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereketi başlandan soň 6 (alty) aýdan gijä galman tölenýär.
Eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) birnäçe ýyla baglaşylanda, onda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) her ýyl üçin möhletlere bölüp töläp biler. Tölemegiň anyk möhletleri we möçberleri ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilýär.
15. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplaşygyň nagt ýa-da nagt däl görnüşlerinde geçirilýär.
16. Eger ätiýaçlandyryş şertleri bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bellenen pulunda tölenilýär.
17 Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) möhlete bölünen ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.
18. Ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) düzüminde onuň gaýtarylyp berilýän bölegi göz öňünde tutulyp bilner, ol ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmadyk ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhleti tamamlanandan soň ätiýaçlandyrylýana gaýtarylyp berilýär. Ätiýaçlandyryş gatanjyndan (ätiýaçlandyryş baýragyndan) gaýtarylyp berilmeli möçberi 5 (bäş) göterime çenli ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkeziliýär.
VI bap. Ätiýaçlandyryş nyrhyny kesgitlemegiň tertibi we
ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi
19. Ätiýaçlandyryş nyrhy ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň birliginden ýa-da ätiýaçlandyryş obýektinden alynýan, ätiýaçlandyryjylarda ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) töleglerini geçirmek, ätiýaçlandyryş gorlaryny, öňüni alyş çäreleriniň gorlaryny we başga gorlary döretmek üçin, şeýle hem işiň alnyp barylmagy we ätiýaçlandyryjylaryň ösdürilmegi boýunça çykdajylaryň ödelmegi üçin ýeterlik maliýe serişdeleriniň emele gelmegini üpjün edýän möçberlerden ugur alnyp kesgitlenýär.
20. Ätiýaçlandyryş nyrhy meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryşy boýunça bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerine (Meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryş Kadalaryna 1-nji goşundy) laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesitlenilýär.
21. Töwekgelçiligiň derejesine, ätiýaçlandyryş pul möçberine we ätiýaçlandyryşyň möhletine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna peseldiji ýa-da ýokarlandyryjy koeffisiýentler ulanylyp bilner.
Peseldiji ýa-da ýokarlandyryjy koeffisiýent ulanylan mahaly, ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilmeli.
VII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) baglaşylmagynyň tertibi we hereket edýän möhleti
22. Ätiýaçlandyrýanyň ýazan ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmak barada meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryşy boýunça arzasy (Meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryş Kadalaryna 2-nji goşundy) ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde ýüz tutmasy esasynda ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylýar.
Daşky gurşawa we raýat-hukuk jogapkärçiligi boýunça ýetirlen zyýan bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrýanyň kazyýet çykdajylary hem ätiýaçlandyryşa kabul edilýär.
23. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) taraplaryň ylalaşmagy boýunça 1 (bir) ýyldan az möhlete, 1 (bir) ýyla we ondan köp möhlete baglaşylýar.
24. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda howpuň ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy üçin düýpli ähmiýeti bolan, özüne mälim bolan ähli ýagdaýlary barada ätiýaçlandyryja ýazmaça habar bermelidir. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertnamadan (ätiýaçlandyryş şahadatnamadan) ýüz öwürmegine ýa-da ony üýtgedilen mazmun bilen baglaşmagyna täsir edip biljek ýagdaýlar düýpli ýagdaýlar bolup durýar.
25. Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylandan soň ýüze çykan howpuň artmagy hakynda habary bir aýyň dowamynda habar bermese, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) bozup ýa-da degişlilikde ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) artdyryp biler.
26. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ýa-da onuň birinji bölegi tölenilen pursatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana öz aralarynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) baglaşylandygyny tassyklaýan meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) (Meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryş Kadalaryna 3-nji goşundy) gowşurýar.
Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:
1) nagt däl görnüşinde tölenilende, ätiýaçlandyryjynyň hasaplaşyk hasabyna gelip gowşan güni;
2) nagt görnüşinde tölenilende, ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.
27. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenenden soň, ätiýaçlandyryş şertnamada (ätiýaçlandyryş şahadatnamada) görkezilen möhletiň ahyryna çenli ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertleşilen ätiýaçlandyryş pul möçberi bilen tölenen ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň arasyndaky tapawudyň möçberinde güýjüni saklaýar. Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) doly tölenen bolsa, onda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereketi bes edilýär.
28. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli ýa-da sertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.
29. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylan gününde sagat 24-de başlanýar we şertnamada göz öňünde tutulan möhletiň soňky gününde sagat 24-de gutarýar.
30. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we şertleri görkezilýär.
31. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş pul möçberini ýokarlandyrmak islese, onuň bilen esasy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) möhletiniň ahyryna çenli galan döwre goşmaça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölemegi bilen goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşylyp bilner.
32. Ätiýaçlandyryş şertnamasyna (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna) üýtgetmeler we goşmaçalar ätiýaçlandyrýanyň we ätiýaçlandyryjynyň özara ylalaşygy bilen, taraplaryň haýsynyň hem bolsa biriniň arzasy esasynda, arzany beýleki tarapyň alan pursatyndan başlap bir aý dowamynda goşmaça ylalaşygy bilen resmileşdirilýar.
33. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylandan soň töwekgelçiligiň derejesiniň ýokarlanan ýagdaýynda, ätiýaçlandyrýan haýal etmän bu barada ätiýaçlandyryja habar bermelidir.
34. Eger-de 3 (üç) ýyl yzygiderli ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşyp şol döwürde ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmadyk ýagdaýynda soňky ýyllarda ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda ýokarlandyryjy koeffisiýentler ulanylan bolsa ony hem hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryş nyrhlaryna peseldiji koeffisiýentleri ulanylýar.
VIII bap. Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak
35. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga ätiýaçlandyryjyda (gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.
Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.
Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak - Türkmenistanyň ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.
Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsyň talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölegini amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.
36. Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş şertleri we ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberleri ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.
IX bap. Taraplaryň hukuklary we borçlary
37. Ätiýaçlandyrýanyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyşmaga;
2) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwründe taraplaryň ylalaşygy esasynda oňa üýtgetme girizmäge;
3) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga (eger-de üçünji taraplara zyýanyň öwezini özi tarapyndan dolan bolsa);
4) ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ýitirilen ýa-da ýok bolan mahaly onuň öwezligini almaga.
38. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:
1) ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda ätiýaçlandyrylan obýekt boýunça borçnamalara baha kesmek üçin özüne mälim möhüm ähmiýeti bolan ýagdaýlaryň ählisi barada habar bermäge;
2) ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) bellenilen tertipde tölemäge;
3) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şobada, ýöne 3 (üç) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryja ýazmaça ätiýaçlandyryş halaty barada arzany (Meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryş Kadalaryna 4-nji goşundy) bermäge ýa-da elektron görnüşinde habar bermäge;
4) ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;
5) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge;
6) ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň sebäpleri we getiren netijeleri, ýetirilen zyýanyň häsiýeti hem-de möçberi hakynda netije çykarmaga mümkinçilik berýän ähli maglumatlary we resminamalary bermäge;
7) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenmek meselesini çözmek üçin degişli resminamalaryň hemmesini ätiýaçlandyryja bermäge.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyrýanyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
39. Ätiýaçlandyryjynyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmak barada arzasyndaky ýazan maglumatlarynyň ygtybarlylygyny kanunçylyga ters gelmeýän, özüne elýeterli islendik usul bilen barlamaga, şeýle hem olaryň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişlerine gözegçilik etmäge;
2) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň delillerine şübhe dörän halatynda ygtyýarly edaralardan goşmaça maglumatlar sorap almaga, bu şübheleriň tassyklanmasy ýa-da ýalana çykarylmasy anyklanýança onuň tölenmegini gaýra goýmaga;
3) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň ýagdaýlaryny hem-de sebäplerini we/ýa-da ýetirilen zyýanyň möçberini anyklamak boýunça çäreleri görmäge;
4) ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine baha bermek üçin ätiýaçlandyryş obýektiniň barlagyny geçirmäge ýa-da garaşsyz bilermeni bu işe çekmäge;
5) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyrýandan ätiýaçlandyryş halatynyň sebäbini kesgitlemek üçin zerur bolan islendik maglumatlary talap etmäge.
40. Ätiýaçlandyryjy şu aşakdakylara borçludyr:
1) ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyş etmäge;
2) ätiýaçlandyrýan tarapyndan görlen çäreleriň netijesinde, şeýle hem ätiýaçlandyrýanyň çalşyrylmagy bilen baglanyşykly, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) ýokarlanan mahaly ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň peselmegi ýa-da onuň ýetirip biläýjek zyýanynyň möçberiniň üýtgemegi sebäpli, ätiýaçlandyrýanyň arzasy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) täzeden baglaşmaga;
3) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bellenilen möhletde ätiýaçlandyrýana ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;
4) ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär;
5) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy hakyndaky habary alanyndan soň 3 (üç) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryş halaty bolan ýerine gitmäge we ätiýaçlandyryş halaty barada ykrarhatyny (Meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryş Kadalaryna 5-nji goşundy) resmileşdirmäge. Şol sanda eger ätiýaçlandyryş halaty barada habar elektron görnüşinde alnan bolsa, habar eden ätiýaçlandyrýandan ätiýaçlandyryş halaty barada ýazmaça arzany almaga.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýykykda ätiýaçlandyryjynyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
X bap. Ätiýaçlandyryjynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň
öňüni almak boýunça borçlary
41. Ätiýaçlandyryjylar «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda degişli çäreleri amala aşyrmalydyrlar, şeýle hem ygtyýarly döwlet edarasyna degişli maglumatlary bermelidirler.
XI bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini
doluş tölegini) kesgitlemegiň we tölemegiň tertibi
42. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek hakynda çözgüdiň kabul edilmegi üçin aşakdaky degişli resminamalar esas bolup durýar:
1) ätiýaçlandyryş halaty barada arza;
2) ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy);
3) ätiýaçlandyryş halaty barada Ykrarhaty;
4) ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny tassyklaýan ygtyýarly edaralaryň resminamasy;
5) üçünji taraplaryň janyna we saglygyna zyýan ýetende saglygy goraýyş edarasynyň resminamasy;
6) daşky gurşawa, üçünji taraplaryň emlägine zyýan ýetende ygtyýarly edaralaryň berýän arassalamak ýa-da abatlaýyş işleriniň hasaplamasy;
7) üçünji tarap aradan çykan ýagdaýynda - ölüm hakynda şahadatnamasynyň nusgasy we mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamasynyň nusgasy;
8) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga hukugy bolan şahsyň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;
9) ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrýanyň kazyýet çykdajylaryny tassyklaýan resminamasy (kazyýet çykdajylary ätiýaçlandyrlan bolsa).
43. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin ätiýaçlandyryja aşakdaky taraplar ýüz tutup bilýär:
1) üçünji tarap ýa-da üçünji tarap aradan çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga hukugy bolan şahs;
2) ätiýaçlandyrýan üçünji tarapa özi tarapyndan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölän bolsa, onda ätiýaçlandyrýan;
3) kazyýet çykdajylar ätiýaçlandyrylan bolsa we ol kazyýet çykdajylaryny töländigi baradaky tassyklaýan resminamalary bar bolan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan.
44. Ýetirilen zyýanyň möçberi ätiýaçlandyryjy ýa-da ygtyýarly edaralar tarapyndan aşakdaky tertipde kesgitlenilýär:
1) daşky gurşawa ýetirilen zyýan daşky gurşawyň ätiýaçlandyryş halatyndan öňki ýagdaýyna getirmek üçin degişli edaralaryň berýän hasaplamasynyň çykdajylarynyň möçberinde;
2) üçünji tarapyň emlägi ýok bolan ýagdaýynda bar bolan galyndylaryň bahasyny hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryş halaty bolan gününde onuň hakyky bahasyna barabar möçberde;
3) üçünji tarapyň emlägine zyýan ýeten ýagdaýynda emlägi zyýan ýetmänkä bolan ýagdaýyna getirmek üçin degişli edaralaryň berýän hasaplamasynyň çykdajylarynyň möçberinde;
4) üçünji tarapyň saglygyna zyýan ýetirilen ýagdaýynda saglygyny dikeltmek boýunça çykdajylarynyň möçberinde saglygy goraýyş edarasynyň berýän resminamasynyň esasynda;
5) üçünji tarap şikes alan ýagdaýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelindäki çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan “Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine” we onuň goşundysyna laýyklykda we Saglygy goraýyş edarasynyň Delilhaty esasynda kesgitlenen möçberde;
6) üçünji tarap aradan çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) kesgitlenen ätiýaçlandyryş pul möçberinde;
7) kazyýet çykdajylaryň möçberi degişli resminamalar bilen tassyklanan möçberinde (kazyýet çykdajylary ätiýaçlandyrylan ýagdaýynda).
45. Kazyýet çykdajylary bu ätiýaçlandyrýanyň (jogapkär tarapyň) kazyýet çykdajylary (döwlet pajy we kazyýetde iş seredilmegi bilen bagly iş ýörediş kanunçylygynda bellenilen harajatlar).
46. Ätiýaçlandyryş halaty netijesinde emlägiň ýok bolmagy bu abatlamak işleriniň bahasynyň ätiýaçlandyryş halatynyň bolan günündäki emlägiň hakyky bahasyna deň bolmagy ýa-da geçmegi.
47. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda adamlaryň ömrüni we emlägini halas etmek, ýa-da zyýany peseltmek boýunça çykdajylar ätiýaçlandyryş pul möçberinden geçmeýän bolsa onda ätiýaçlandyryjy tarapyndan tölenýär.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenmegi degişli bolan halatlar hakynda ätiýaçlandyrýana bildirilen talaplar boýunça deslapky derňew, kazyýet işleri bilen bagly bolan çykdajylaryň ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenýär.
Eger bir ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde birnäçe adamlaryň janyna, saglygyna we (ýa-da) emlägine ýetirilen zyýanyň möçberi ätiýaçlandyryjynyň bellenilen jogapkärçiliginiň çäginden ýokary bolsa we şol zyýan birwagtda arza edilen bolsa, onda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) her bir üçinji tarapa deňeçer tölenilýär.
48. Zyýanyň sebäpleri we onuň möçberi hakynda taraplaryň arasynda jedeller ýüze çykan halatynda taraplaryň her biriniň seljermeleri geçirmegi talap etmäge hukugy bardyr. Seljerme ony geçirmegi talap eden tarapyň hasabyna geçirilýär.
49. Haçanda waka ätiýaçlandyryş halaty diýip ykrar edilende ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) hasaplamasyny amala aşyrýar. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) möhlete bölüp tölemek bilen baglaşylan bolsa, degişli ýyl üçin soňky tölenmeli ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilmedik bolsa, onda tölenmeli ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden tutulyp alnyp galynýar.
50. Ähli halatlarda tölenýän ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden) ýokary bolmaly däldir.
51. Eger-de ätiýaçlandyryş pul möçberinden geçmeýän bolsa, onda ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde hapalanan ýerleri arassalamak we kada laýyk gelýän ýagdaýa getirmek boýunça çykdajylar hem tölenýär.
52. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwründe bolan ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ýüze çykan zyýanyň ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilýär.
53. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) işlere kazyýet tarapyndan ýa-da kanunçylykda göz öňünde tutulan beýleki tertipde garalmagy netijesinde kesgitlenilýän möhletlerde we bellenen görnüşdäki ätiýaçlandyrýanyň arzasy we ätiýaçlandyryjy tarapyndan kanunçylykda göz öňünde tutulan möçberlerde düzülýän ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky ykrarhaty ýa-da degişli edaralaryň düzen hasaplamasy esasynda tölenilýär.
54. Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhletinde ýüze çykan ätiýaçlandyryş halatlary boýunça berlen hak isleg talaplarynyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölegleri, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) möhleti tamamlanandan soň 3 (üç) ýylyň dowamynda ýüz tutulan hak isleg talaplary boýunça hem tölenilýär. Eger-de ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenmegi baradaky hemme resminamalar beren ýagdaýynda.
55. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölenilýänçä tölenilmäge degişli ähli resminamalaryň dogry resmileşdirilendigini barlamaga borçludyr. Olary beren guramalaryň möhüri ýa-da gollar bolmadyk güwänamalary, hasaplamalary, delil hatlaryny we beýleki resminamalary kabul etmek we olar esasynda tölegi geçirmek gadagan edilýär.
56. Ätiýaçlandyrýan tarapyndan hojalyk we beýleki işi amala aşyran mahalynda ekologiýa howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde daşky gurşawa, raýat-hukuk jogapkärçilige ýetirilen zyýanyň ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi), eger-de ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary beren ýagdaýynda tölenýär.
Ekologiýa howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna jogapkär bolan adama ýetiren zyýany sebäpli regres talabynyň bildirilmegi üçin ätiýaçlandyrýanyň hukugy ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölän ätiýaçlandyryja geçýär.
57. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenmegi üçin degişli hemme resminamalar alandan soň 7 (ýedi) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilýär.
Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) gös-göni üçinji tarapa, ýa-da üçinji tarap aradan çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan şahslara, emma kazyýet çykdajylar ätiýaçlandyrylan ýagdaýynda şol çykdajylary amala aşyran ätiýaçlandyrýana (jogapkär tarapa) nagt ýa-da nagt däl görnüşinde tölenilýär.
Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjynyň razylygy bilen üçinji tarapa zyýanyň öwezini dolan bolsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) ätiýaçlandyrýana, onuň öwezini dolan pul möçberlerinde, emma ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bellenilen ätiýaçlandyryş jogapkärçiliginiň çäklerinden geçmeýän möçberinde töleýär.
58. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ýuridik şahslaryň hasaplaşyk hasabyna, fiziki şahslaryň bank kartlaryna geçirilýär.
XII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň)
bes edilmegi
59. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:
1) hereket edýän möhleti geçende;
2) ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnama (ätiýaçlandyryş şahadatnama) boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;
3) ätiýaçlandyryş şertnamada (ätiýaçlandyryş şahadatnamada) bellenilen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;
4) ätiýaçlandyrýan ýuridik şahsyň işi togtadylanda, bes edilende ýa-da ol ýatyrylanda;
5) ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Kadalarda göz öňünde tutulan borçlary berjaý edilmedik ýagdaýynda.
60. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça möhletinden öň bes edilip bilner.
61. Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilen halatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamanyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamanyň) tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyrýanyň talaby ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) dolulygyna gaýtaryp berýär.
62. Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) möhletinden öň bes edilende, ol ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda eger ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.
63. Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilen halatynda, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ýitirilen ýa-da ýok edilen bolsa, onda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjydan öwezligini talap edip biler. Öwezlik berlenden soň ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilip bilner.
Ähli ýagdaýlarda öwezlik bermek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyrýan çekýär. Öwezlik berlenden soň ýitirilen ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ätiýaçlandyryjynyň buýrugy bilen hakyky däl diýlip hasap edilýär we ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça hiç bir ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär diýip görkezilýär. Bu barada ätiýaçlandyryjy degişli guramalara habar edip biler.
XIII bap. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden boýun gaçyrylmagy
64. Ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden ýüz döndermäge haklydyr:
1) ätiýaçlandyrýanyň ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde;
2) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanşykda durýan bolsa;
3) ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) güýje girmänkä belli bolan sebäpleriň täsiri bilen zyýan ýüze çykan bolsa;
4) ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada öz wagtynda habar bermese we şonuň netijesinde ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy saglygy goraýyş, derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň resminamalary bilen tassyklanmasa ýa-da zyýanyň möçberini, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäbini anyklamak mümkin bolmasa.
XIV bap. Jedelleri çözmek
65. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
Meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 1-nji goşundy
Meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryşy boýunça
bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri
(ätiýaçlandyryş pul möçberine göterimlerde)
T/b |
Önümçiligiň pudaklary |
Ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri (göterimlerde) |
1 |
Energetika senagaty |
2,5 |
2 |
Nebithimiýa senagaty |
2,3 |
3 |
Gurluşyk materiallary senagaty |
2,0 |
4 |
Himiýa senagaty |
1,5 |
5 |
Kagyz senagaty |
1,2 |
6 |
Beýleki pudaklar |
1,0 |
Bellik: Her bir pudagyň içinde onuň önümçilik işiniň töwekgelçilik derejesine baglylykda we ätiýaçlandyryş pul möçberinden ugur almak bilen her bir anyk halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende peseldiji (1,0-dan 0,6-a çenli) ýa-da ýokarlandyryjy (1,0-den 5,0-e çenli) koeffisiýentler ulanylyp bilner.
Kazyýet çykdaýjylary ätiýaçlandyryşa kabul edilende kazyýet çykdaýjylaryň nyrh möçberleri degişlilikde pudaklar boýunça kesgitlenýar.
Meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 2-nji goşundy
_____________________________________
(ätiýaçlandyryş guramasy)
_____________________________________
(guramanyň salgysy)
Meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryşy boýunça
ARZA
Ätiýaçlandyrýan ______________________________________________________
(Familiýasy, ady, atasynyň ady ýa-da guramanyň, kärhananyň ady)
______________________________________________________________________________________
Salgysy/telefony _____________________________________________________
Bank maglumatlary____________________________________________________
Jogapkär adam _______________________________________________________
1. Töwekgelçiliginiň häsiýeti___________________________________________
__________________________________________________________________
2. Edaranyň önümçilik işi hakyndaky maglumatlar (edaranyň işlemeginiň
umumy möhleti, işiniň görnüşi)_________________________________________
__________________________________________________________________
3. Önümçilik işiniň häsiýeti hakyndaky, ulanylýan jaýlaryň we serişdeleriň görnüşleri, öndürilen önüm hakyndaky maglumatlar ________________________
__________________________________________________________________
4. Esasy zyňyndylar, hapalar we galyndylar hakyndaky (olaryň görnüşi, möçberi, zyňyndylaryň çeşmeleri we zyýansyzlandyryş usullary, haýsy möhletleriň dowamynda amala aşyrylýar), maglumatlar________________________________
___________________________________________________________________
Beýleki maglumatlar __________________________________________________
____________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş möhleti 20___ ýylyň «____» _______________-dan 20___ ýylyň «____» ______________çenli
Ätiýaçlandyryş pul möçberleri:
Daşky gurşawa ýetirilen zyýan _____________________________________ manat
Raýat-hukuk jogapkärçiligi boýunça ________________________________ manat
şol sanda:
1) üçünji tarapyň janyna we saglygyna ýetirilen zyýan __________________ manat
bir adam üçin __________________________________________________ manat
2) üçünji tarapyň emlägine ýetirilen zyýan ____________________________manat
bir ätiýaçlandyryş halaty üçin ______________________________________manat
3) ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly kazyýet çykdajylary___________manat
Ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemegiň tertibi ___________
____________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdym __________________________
___________________________________________________________________ (Ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady we goly)
M.Ý. 20___ ýylyň «_____» ______________
Meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 3-nji goşundy
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy
Meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryşy boýunça
ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy)
görnüş 000 №0000000
Ätiýaçlandyryjy (welaýat, şäher, etrap) |
|
Salgysy/ telefony |
|
Bank maglumatlary |
|
Ätiýaçlandyrýan (Familiýasy, ady, atasynyň ady ýa-da edaranyň, guramanyň we kärhananyň ady) |
|
Salgysy/ telefony |
|
Bank maglumatlary |
|
Ätiýaçlandyryş obýekti |
|
Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri |
|
Ätiýaçlandyryş nyrhy |
|
Umumy ätiýaçlandyryş pul möçberleri, şol sanda: (san bilen we ýazmaça) |
|
1) daşky gurşawa ýetirilen zyýan |
|
2) üçünji taraplaryň janyna we saglygyna ýetirilen zyýan
|
|
bir adam üçin |
|
3) üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan |
|
bir ätiýaçlandyryş halaty üçin |
|
4) ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly kazyýet çykdajylary |
|
Umumy ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary), şol sanda: |
|
1) daşky gurşawa ýetirilen zyýan |
|
2) üçünji taraplaryň janyna we saglygyna ýetirilen zyýan |
|
3) üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan |
|
4) ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly kazyýet çykdajylary |
|
Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň tertibi we möhletleri |
|
Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenendigi barada bellik (tölegiň görnüşi (nagt, nag däl), nag däl töleg tabşyrygyň №, senesi) |
|
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhleti |
|
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we şertleri |
|
Franşiza (şertli, şertsiz) şol sanda: 1) daşky gurşawa ýetirilen zyýan; 2) üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan |
|
Beýleki şertler |
|
M.Ý. Ätiýaçlandyryjy (Familiýasy, ady, atasynyň ady, wezipesi we goly) |
|
Ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdym (ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly) |
|
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) berlen senesi |
|
Bellik: Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan bu barada ätiýaçlandyryjyny şobada, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyryş halaty barada arzany ýazmak bilen habardar etmäge borçludyr, şeýle hem ygtyýarly edaralara şobada habardar etmäge borçludyr.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) möhlete bölünen ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylandan soň ätiýaçlandyrýan islendik üýtgetmeler barada ätiýaçlandyryja habar bermäge borçludyr.
Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli degişli resminamalar alnandan soň 7 (ýedi) iş günüň dowamynda tölenilýär.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça möhletinden öň bes edilip bilner.
Meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 4-nji goşundy
_______________________________________
(etrap, welaýat, şäher)
döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna
____________________________________
_________________________________dan
(Ätiýaçlandyrýanyň ady we salgysy)
Ätiýaçlandyryş halaty barada
Arza
________________________________________________________ bolup geçen
(ýyly, güni, aýy)
____________________________________________________________ sebäpli
(ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetiniň görkezmeli)
_____________________________________________ätiýaçlandyryş şertnamasy
(ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiňizi Sizden haýyş edýärin.
Arza aşakdaky resminamalar goşulýar:___________________________________
__________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
20___ ýylyň “_____”_________________.
_____________________
(Ätiýaçlandyrýanyň goly)
Meýletin ekologiýa ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 5-nji goşundy
Ätiýaçlandyryş halaty barada Ykrarhaty ______
Ätiýaçlandyry________________________________________________________
(guramanyň ady, gatnaşan hünärmeniň familiýasy, ady, atasynyň ady we wezipesi)
Ätiýaçlandyrýan______________________________________________________ (guramanyň ady, fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady we wezipesi)
Degişli edaranyň hünärmeni ____________________________________________
___________________________________________________________________
(edaranyň ady we hünärmeniň familiýasy, ady, atasynyň ady we wezipesi)
_______________________________________________________________________________
gatnaşmagynda 20___-nji(y) ýylyň “____” _______________ üçünji taraplaryň nägileligi barada şu ykrarhaty düzüldi we şu aşakdakylar anyklandy.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) belgisi, berlen senesi we möhleti_____________________________________________________
Ätiýaçlandyryş halatynyň bolan senesi 20___-nji(y) ýylyň “____” ______________
Nägilelik bildiren üçünji taraplaryň (guramanyň ady ýa-da şahsy adamyň familiýasy, ady, atasynyň ady) __________________________________________
Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ýetirilen zyýan boýunça maglumat:
a) daşky gurşawa ýetirilen zyýan barada __________________________________
___________________________________________________________________
b) üçünji taraplaryň janyna we saglygyna ýetirilen zyýan barada________________
___________________________________________________________________
w) üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan barada _________________________
___________________________________________________________________
ç) ätiýaçlandyryş halatynyň bilen baglanyşykly kazyýet çykdajylary barada _______
___________________________________________________________________ Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ýetirilen zyýana baha bermek barada ______________
___________________________________________________________________
Bellik _____________________________________________________________
___________________________________________________________________
Ykrarhatyna goşulýan resminamalar______________________________________
___________________________________________________________________
M.Ý. Ätiýaçlandyryjy _________________________________________________
(familiýasy, ady, atasynyň ady we goly)
M.Ý. Ätiýaçlandyrýan ________________________________________________
(familiýasy, ady, atasynyň ady we goly)
M.Ý. Degişli edaranyň hünärmeni _______________________________________
(familiýasy, ady, atasynyň ady we goly)