Ýükleri meýletin ätiýaçlandyryşyň Kadalary
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň Baş direktorynyň
2004-nji ýylyň 10-njy awgustynda
71 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy
ÝÜKLERI MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞYŇ
KADALARY
1. Umumy düzgünler
1.1. Şu Kadalar Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat bitewi kanunyna, «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 29-ynda çykaran №3001 karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnama we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
1.2. Şu Kadalar bilen Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramalarynyň (mundan beýläk - Ätiýaçlandyryjy) we Ätiýaçlandyrýanlaryň arasynda howa, ýerüsti (demir ýol we awtomobil), deňiz we derýa ulaglary bilen daşalýan ýükleriň meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmak düzgünleşdirilýär.
1.3. Islendik guramaçylyk-hukuk görnüşindäki bolan edara görnüşindäki taraplar, özbaşdak telekeçiler we şahsy adamlar:
- ýüküň eýeleri;
- doly hojalygy ýöretmek ýa-da operatiw dolandyrmak hukugynda ýüke eýelik edýän taraplar;
- kärendeçiler, lizing alanlar, girew saklaýjylar, şeýle hem beýleki kanuny esaslarda ýük eýesi bolan gaýry adamlar;
- ýük daşaýjylar (şu Kadalaryň 1.2.-nji bölüminde görkezilen, ulagyň islendik görnüşi bilen ýük daşamagy üpjün edýän ulag guramalary, şeýle hem edara görnüşindäki taraplar we şahsy adamlar) Ätiýaçlandyrýan bolup durýar.
1.4. Ätiýaçlandyryş Ätiýaçlandyrýanlaryň peýdasyna ýa-da olaryň görkezmesi boýunça beýleki taraplaryň (Peýda alyjynyň) peýdasyna baglaşylýar.
1.5. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerine üýtgeşmeler we goşmaçalar taraplaryň ylalaşygy bilen ýazmaça görnüşde girizilýär.
2. Ätiýaçlandyryş obýektleri
2.1. Şu Kadalara laýyklykda ýükler, hyzmat haklary, fraht we beýleki ýük daşamak bilen baglanyşykly bolan çykdajylar ätiýaçlandyryş obýektleri bolup durýarlar. Ýükleri daşamak bilen bagly bolan ýitgiler, eger taraplaryň ylalaşygy bilen göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýarlar.
2.2. Ätiýaçlandyryşyň anyk obýekti Ätiýaçlandyrýanyň arzasynda (№1 goşundy) we ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisde (№2 goşundy) görkezilýär.
Zerur halatynda ätiýaçlandyryş şertnamasyna ýükleriň sanawy goşulýar (№1-a goşundy).
2.3. Ýörite ýükleriň: gymmat bahaly metallaryň we daşlaryň (zergärlik önümleri, altyn, platina we platina toparyna degişli metallaryň guýmalary we bölekleri), gymmat bahaly sütükli derileriň, banknotlaryň, şaýylyklaryň, gymmat bahaly kagyzlaryň, daşary ýurt pulundaky gymmatlyklarynyň, markalaryň, resmi namalaryň, aýratyn çeperçilik we taryhy gymmaty bolan zatlaryň, şahsy goşlaryň we emlägiň, goşlaryň (ulagyň görnüşine garamazdan) daşamagy goşmaça ylalaşyklar esasynda ätiýaçlandyrylýar.
2.4. Özboluşly fiziki-himiki häsiýeti bolan (tiz ot alýan, partlaýyş howply we howply ýükler), kiçi moçberli enjamlar, deňiz burawlaýjy enjamlar, deňiz gämileriniň palubasyndaky gämiler; döwüljek we pytrajak ýükler hem goşmaça şertnama esasynda ätiýaçlandyrylýar.
2.5. Şular ätiýaçlandyryşa degişli däldir:
- dargaýan we radioaktiw serişdeler;
- harby hereketleriň girizilmegi ýa bolmasa adatdan daşary ýagdaýyň girizilmegi bilen baglanyşykly çäreler tertibinde we olary geçirmegi üpjün etmek üçin daşalýan harby tehnika we enjamlar, şeýle-hem ok-däriler;
- neşe we şoňa meňzeş maddalar we olary taýýarlamak üçin çig mal.
- Ätiýaçlandyryş şertnamasynda:
- ulagyň aýratyn görnüşinde;
- bir ulag resmi namasy bilen ulaglaryň dürli görnüşlerinde (gönümel-garyşyk gatnaw);
- bir gezekde daşalýan;
- kesgitli wagtda birnäçe gezek daşalýan;
- ýüküň ähli geçýän ýoly üçin;
- ýükiň ýolunyň kä bir bölekleri (aýry-aýry ýerleriň arasy) üçin daşalýan ýükleriň ätiýaçlandyryşy göz öňünde tutulyp bilner.
3. Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri
3.1. Ätiýaçlandyryş şertnamasy aşakdaky şertleriň biriniň esasynda baglaşylyp bilner:
3.1.1. A Şertleri - “Ähli töwekgelçilikler üçin jogapkärçilik bilen”
Bu Şertler boýunça baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň esasynda aşakdakylaryň öwezi dolunýar:
a) şu Kadalaryň 3.5.-nji bölüminde sanalanlardan başga islendik sebäplerde bolan hadysanyň netijesinde ýüküň zaýalanmagynyň ýa-da doly ýok bolmagynyň, ýa-da ýükiň bir böleginiň ýok bolmagynyň ýitgileriniň;
b) umumy heläkçilik boýunça çykdajylaryň, gatançlaryň we ýitgileriň;
ç) ulag serişdesiniň dereksiz ýitmegi sebäpli dörän ýitgileriň, eger taraplaryň ylalaşygy esasynda bu hili ýitgileriň öwezi dolmaga degişli bolsa;
d) ýüki halas etmek we gorap saklamak üçin, şeýle-hem ýitgini azaltmak we möçberini kesgitlemek üçin maksada laýyk edilen harajatlaryň, eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri boýunça ýitgileriň öwezi dolunýan bolsa.
3.1.2. B şertleri - “Hususy heläkçilik üçin jogapkärçilik bilen”
B Şertleriniň ätiýaçlandyryşynda diňe aşakdaky töwekgelçilileriň öwezi dolunmaga degişlidir: ätiýaçlandyrylan ýüküň ýok bolmagy ýa-da zaýalanmagy aşakdakylaryň netijesinde bolan bolsa:
- ýyldyrym urmagynyň, tupanyň, gaýyň, wulkan atylmagynyň we beýleki tebigy betbagtçylyklaryň, eger öňüni alyp bolmaýan güýjüň ýetiren zyýanynyň ätiýaçlandyryş üstüni dolmasy taraplaryň aýratyn ylalaşygy bilen kesgitlenilmese;
- partlaýyşyň, ýangynyň;
- gäminiň ýalpaklyga batmagynyň, kenara zyňylmagynyň, agdarylmagynyň ýa-da gark bolmagynyň;
- köprileriň, tunelleriň ýykylmagynyň;
- gäminiň ýa-da ulag serişdesiniň islendik obýekt bilen çakyşmagynyň;
- ýüki (ulag serişdesini) halas etmek üçin ýa-da ody söndürmek üçin edilen çäreleriň;
- ýüküň gäminiň bortundan daşyndaky suw bilen ezilmeginiň;
- ýük ýüklenilende, düşürilende ýa-da ulag serişdesine ýangyç guýlanda ýüze çykan betbagtçylykly hadysanyň netijesinde;
- umumy heläkçilik boýunça çykdajylaryň, gatançlaryň we ýitgileriň;
- awariýa netijesinde ýüküň portda düşürilmeginiň;
- ýüki halas etmek we gorap saklamak üçin, şeýle-hem ýitgini azaltmak we möçberini kesgitlemek üçin maksada laýyk edilen harajatlaryň, eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri boýunça ýitgileriň öwezi dolunýan bolsa.
3.1.3. C Şertleri - “Zeper ýetmegi üçin jogapkärçilik bolmazdan, diňe çakyşmak halatlary üçin jogapkärçilik bilen”
C şertleri boýunça ätiýaçlandyryşda ätiýaçlandyryş bilen diňe aşakdaky töwekgelçilikler üpjün edilýär: ätiýaçlandyrylan ýüküň ýok bolmagy ýa-da zaýalanmagy aşakdakylaryň netijesinde bolan bolsa:
- ýyldyrym urmagynyň, tupanyň, gaýyň, wulkan atylmagynyň we beýleki tebigy betbagtçylyklaryň, eger öňüni alyp bolmaýan güýjüň ýetiren zyýanynyň ätiýaçlandyryş üstüni dolmasy taraplaryň aýratyn ylalaşygy bilen kesgitlenilmese ;
- partlaýyşyň, ýangynyň;
- gäminiň ýalpaklyga batmagynyň, kenara zyňylmagynyň, agdarylmagynyň ýa-da gark bolmagynyň;
- ýerüsti daşamalarynda ulagyň relsden çykmagynyň ýa-da agdarylmagynyň;
- gäminiň ýa-da ulag serişdesiniň islendik obýekt bilen çakyşmagynyň;
- awariýa netijesinde ýüküň portda düşürilmeginiň;
- umumy heläkçilik boýunça çykdajylaryň we gatançlaryň, şeýle hem bu sebäpli emele gelen ýitgileriň, eger bu ýitgileriň öwezi taraplaryň ylalaşygy bilen göz öňünde tutulan bolsa;
- ýüküň zyňylmagynyň;
- ýüki halas etmek we gorap saklamak üçin, şeýle-hem ýitgini azaltmak we möçberini kesgitlemek üçin maksada laýyk edilen harajatlaryň, eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri boýunça ýitgileriň öwezi dolunýan bolsa.
Şu halatlarda ýük habarsyz ýiten hasaplanylýar:
3.1.4. Deňiz daşamalarynda – eger ýüküň gelmegi göz öňünde tutulan wagtdan 60 gije-gündiz geçen bolsa we ýük we/ýa-da ulag serişdesi boýunça ýitginiň öwezini dolmak hakynda hak isleg talabynyň berilmeli wagty barada hiç hili maglumat alynmadyk bolsa.
3.1.5. Demir ýol daşamalarynda – eger ýük getirilmeli möhletiniň tamamlanmagy bilen 30 günüň içinde ýük eýesine onuň talaby boýunça berilmedik bolsa, göni garyşyk gatnawda ýük daşalanda bolsa – ýüküň daşamak üçin kabul edilen gününden 4 aý geçenden soň.
3.1.6. Awtodaşamalarynda – eger ýük eýesine onuň talaby boýunça berilmedik bolsa:
- şäher we şäherýaka daşamalarynda – ýüki äkitmek üçin kabul edilen gününden soň 10 günüň içinde;
- şäherara daşamalarynda – getirilmeli möhleti tamamlanandan soň 30 günüň içinde, göni garyşyk gatnawda ýük daşalan mahaly – ýüki daşamak üçin kabul edilen gününden 4 aý geçenden soň.
3.1.7. Howa ýollary daşamalarynda – eger ýük, aeromenzile getirilmeli gününden soňky günden hasaplap, 120 günüň içinde agtarylan mahaly ýüze çykarylmadyk bolsa.
3.2. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça jogapkärçilik ugradyş ýerindäki ammardan äkitmek üçin alnan pursatyndan başlanýar we äkitmegiň bütin dowamynda (geçitden geçilende, ýüküň täzeden ýüklenilýän wagtlary, şeýle-hem geçiş we täzeden ýüklenilýän ýerindäki ammarlarda saklanylýan döwründe), tä ýük alyjynyň ammaryna eltilýänçä ýa-da ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisinde görkezilen niýetlenen ýerindäki soňky ammaryna eltilýänça dowam edýär.
3.3. Ýük lihterlerde, baržalarda we beýleki daşaýjy gämilerde eltilýän wagtynda diňe şol gämileriň ulanylyşy ýerli şertler üçin adaty bolan halatynda Ätiýaçlandyryjy jogapkärçilik çekýär.
3.4. Mallaryň we guşlaryň gyrylmagy we olar bilen bolan betbagtçylykly hadysa sebäpli ýitgiler, ýükiň syzmagy we sepelenmegi sebäpli, aýnanyň, farforyň, faýansyň, keramikanyň, mermeriň we olardan bolan önümleriň, her hili kerpiçleriň, degirmenleriň, ýonujy we litografiki daşlaryň, grafit tigelleriň, elektrodlaryň we beýleki döwlüp we synyp biljek zatlaryň döwülmegi we synmagy sebäpli emele gelen ýitgileriň öwezi Kadalaryň 3.2.2. we 3.2.3.-nji bölümlerinde görkezilen şertlerinde ätiýaçlandyrylanda, eger çykdajylaryň diňe gäminiň ýa-da beýleki daşaýjy serişdeleriň çakyşmagy netijesinde ýüze çykanda öwezi dolunýar.
3.5. Aşakdakylaryň netijesinde ýüze çykan ýitgileriň öwezi dolunmaýar:
- dürli hili harby hereketler ýa-da harby çäreleri, olardan gelip çykan hadysalar, ýa-da minalar, torpedalar, bombalar ýa-da beýleki uruş ýaraglary sebäpli ýetirilen zyýanlar ýa-da weýran edilmegi, halk tolgunyşyklary, bahasy tölenmän elden almalar, rekwizisiýalar, ygtyýarly häkimiýetleriň buýrugy bilen ýüküň gozgamasyz edilmegi;
- atom partlaýyşynyň gonümel ýa-da ikinji derejeli täsiriniň, atom energiýasy bilen we serişdeleriň radioaktiw dargamagy bilen baglanşykly radioaktiw zäherlenmeleri;
ç) Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da onuň wekiliniň betniýeti ýa-da gödek seresapsyzlygy, şeýle-de olaryň biri tarapyndan hereke edýän kanunçylyk tarapyndan bellenen kadalaryň bozulmagy;
d) temperaturanyň we trýum howasynyň we ýükiň aýratyň we tebigy häsiýetleriniň, şeýle hem olaryň guramagynyň täsirleri;
e) Döwlet ölçegleriniň şertleri bozulyp, ýükleriň gaplanmagy, üýşürilmegi ýa-da dykylmagy;
ä) Ätiýaçlandyryja duýdurmazdan Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da onuň wekiliniň görkezmesi bilen öz-özünden ot alýan we partlaýyşa howply maddalaryň we zatlaryň ýüklenmegi sebäpli ýüze çykan ýangyn ýa-da partlaýyş;
- daşky gaty abat bolanda we/ýa-da plombalaryna zeper ýetmäninde ýüküň hapalanmagy ýa-da zaýalanmagy netijesinde onuň kem çykmagy, nyrhynyň gaçmagy;
- gurçuklaryň, gemrijileriň we mör-möjekleriň ýüke ýetiren zyýany.
Taraplaryň aýratyn ylalaşygy esasynda ätiýaçlandyryş üstüni dolmasy üpjün edilýän hakyky zelelden we elden giderilen peýdadan başga, islendik görnüşdäki ikinji derejeli çykdajylaryň öwezi dolunmaýar.
3.6. Şu Kadalaryň 3.1.3.-nji bölüminde görkezilen şertlerde baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça aşakdakylaryň netijesinde emele gelen ýitginiň öwezi dolunmaýar:
- atmosfera ygaly zerarly gäminiň bug arkaly çyg almagy we ýüküň öl bolmagy;
- daşky gaplanyşy abat bolanda ýüküň hapalanmagy netijesinde nyrhynyň gaçmagy;
ç) ýüküň önümçilik kemçilikleri.
3.7. Şu Kadalaryň 3.1.-nji bölüminde görkezilen ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri taraplaryň ylalaşygy bilen üýtgedilip, oňa goşmaçalar girizilip bilner, ýa-da halkara ätiýaçlandyryş tejribesinde umumylykda ykrar edilen beýleki şertler bilen çalşyrylyp bilner.
4. Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çäkleri.
Ätiýaçlandyryş pul möçberi we ätiýaçlandyryş wznoslary (baýraklary)
4.1. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe bolan bir we/ýa-da birnäçe ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde dörän ähli ýitgiler boýunça Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisinde (ätiýaçlandyryş şertnamasynda) görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberi bilen çäklendirilýär.
4.2. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça kesgitlenilmedik bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi daşalýan ýüküň ugradyş resmi namalarynda (haryt-ulag ýanhaty, alyş-satyş şertnamasy ýa-da beýleki resmi namalar) görkezilen bahasyndan ugur alnyp bellenilýär.
4.2.1. Eger ýüküň ätiýaçlandyryş şertnamasy bir gezeklik daşamany göz öňünde tutýan bolsa we munda ýüküň möçberi ylalaşylan möçbere deň bolsa, onda ätiýaçlandyryş jogapkärçiliginiň möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberine deňdir.
4.2.2. Eger ýüküň ätiýaçlandyryş şertnamasy ýüki tapgyrlaýyn (bölekleýin) daşamagy göz öňünde tutýan bolsa we şunda ätiýaçlandyryş şertnamasyndaky ätiýaçlandyryş pul möçberi ýüküň jemi boýunça bellenen bolsa, onda Ätiýaçlandyryjynyň ýüküň her bir tapgyry (bölegi) boýunça ätiýaçlandyryş jogapkärçiliginiň möçberi ýüküň şol tapgyrynyň (böleginiň) ýüküň umumy bahasyndaky göwrüminden ugur alyp ätiýaçlandyryş pul möçberiniň şol tapgyra (bölege) düşýän bölegine deňdir.
4.3. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş pul möçberi ýüküň hakyky (ätiýaçlandyryş) bahasyndan ýokary bolsa, onda şertnamanyň baglaşylan wagtyna ýüküň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň ýüküň hakyky (ätiýaçlandyryş) bahasyndan ýokary bolan bölegi babatda hakyky däldir.
4.4 Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenilen ätiýaçlandyryş pul möçberi daşalýan ýüküň hakyky (ätiýaçlandyryş) bahasyndan pes bolsa Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi, eger taraplaryň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen başgaça bellenilmedik bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň baha bolan gatnaşygyna deňeçerlikde kesgitlenilýär.
4.5. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe daşalýan (ammarda saklanylýan) ýüküň bahasynyň ýa-da möçberiniň (sanynyň) üýtgemegi sebäpli, Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşyp öň bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberini üýtgedip biler.
4.6. Ätiýaçlandyryş nyrhlarynyň möçberleri Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş pul möçberinden göterimlerde kesgitlenýär we daşalýan ýüküň gymmatyna we görnüşine, ulag serişdesiniň görnüşine, şeýle hem ätiýaçlandyryş şertnamasyndaky töwekgelçiligiň derejesini kesgitlemek üçin ulanylýan maglumatlara baglydyr (№ 3-3e goşundy) (3ä we 3f).
4.7. Töwekgelçilik gaýtadan ätiýaçlandyryşa berilen halatynda ätiýaçlandyryş nyrhlarynyň möçberleri halkara ätiýaçlandyryş bazaryndaky töwekgelçiligiň bahalanyşyny we gaýtadan ätiýaçlandyryş şertlerini hasaba almak bilen, taraplaryň ylalaşygy boýunça bellenilýär.
4.8. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) diňe ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny-polisini alandan soň tölemäge borçludyr. Taraplaryň ylalaşygy bilen ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) birbada ýa-da birnäçe döwürlerde tölenip bilner. Doly däl aý üçin wznos (baýrak) doly aýyňky ýaly tölenýär.
Ilkinji ýa-da bir gezeklik wznos (baýrak) öz wagtynda tölenýänçä, Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan erkindir.
5. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak
5.1. Ýükleriň ätiýaçlandyryş şertnamasy, eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Ätiýaçlandyryjynyň ýerleşen ýeri boýunça hem, ýüküň ýerleşen ýeri boýunça hem şu Kadalaryň 3.2.-nji bölüminde görkezilen möhletlere, baglaşylyp bilner.
- Şertnama Ätiýaçlandyrýanyň iki nusgada düzlen ýazmaça arzasynyň esasynda baglaşylýar (№1 goşundy).
Ätiýaçlandyryş baradaky arzanyň birinji nusgasy ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) hasaplanandan soň Ätiýaçlandyryjyda galýar. Ikinji nusgasy bolsa Ätiýaçlandyrýana gaýtarylyp berilýär.
Ätiýaçlandyrýan şertnama baglaşylan mahaly özüne mälim bolan töwekgelçiligiň derejesini anyklamakda düýpli ýagdaýlar barasynda Ätiýaçlandyryja ýazmaça habar bermelidir. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertnamasyndan ýüz öwürmek ýa-da ony üýtgedilen mazmunda baglaşmak baradaky çözgüdine täsir edip biljek ýagdaýlar düýpli ýagdaýlar bolup durýar.
Ätiýaçlandyrýanda bar bolan maglumatlar doly bolmasa, ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýanyň ýüküň görnüşi, ugradyljak we eltiljek ýerleri, ýüki daşamagyň çaklanylýan başlanýljak senesi, ýüküň takmynan umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi we ätiýaçlandyryşyň umumy şertleri barada habar beren maglumatlary esasynda ätiýaçlandyryş şertnamasy deslapdan baglaşylyp bilner, ýetmedik maglumatlar tabşyrylandan soň bolsa ätiýaçlandyryş şertnamasy gutarnykly resmileşdirilýär.
5.3. Kesgitli möhletiň dowamynda birmeňzeş ýükleriň aýry tapgyrlarynyň meňzeş şertlerde yzygiderli ätiýaçlandyryşy Ätiýaçlandyryjy bilen Ätiýaçlandyrýanyň ylalaşygy boýunça bir ätiýaçlandyryş şertnamasynyň – baş polisiň esasynda amala aşyrylyp bilner. Baş polise girýän ýüküň her bir tapgyry boýunça Ätiýaçlandyrýan şol polisde şertleşilen maglumatlary özüniň göz öňünde tutan möhletinde, eger ol göz öňünde tutmadyk bolsa, şol maglumatlar alnandan soň haýal etmän Ätiýaçlandyryja yglan etmäge borçludyr.
5.4. Baş polis boýunça ätiýaçlandyryş halatynda Ätiýaçlandyryjy bilen Ätiýaçlandyrýanyň ylalaşygy boýunça, arza hökmünde ähli zerur maglumatlary bolan, Ätiýaçlandyrýan tarapyndan gol çekilen daşama resmi namalary hyzmat edip biler. Ätiýaçlandyrýanyň resmi talaby boýunça Ätiýaçlandyryşy baş polisiň täsirine girýän ýükleriň käbir tapgyrlary boýunça ätiýaçlandyryş polislerini bermäge borçludyr. Ätiýaçlandyryş polisi baş polise deň gelmedik halatynda, ätiýaçlandyryş polisi ileri tutulýar.
5.5. Ätiýaçlandyrýanyň beren maglumatlarynyň esasynda Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş wznosynyň (baýragynyň) möçberini kesgitleýär.
5.6. Ýüki ugratmagyň wagtynyň ep-esli gijikdirilmegi, ätiýaçlandyryş şertnamasynda şertleşilenden ýa-da adaty ýoldan üýtgedilmegi, gatnawyň gije goýulmagy, gaýtadan ýüklenmeli, düşürmeli ýa-da eltilmeli ýeriniň, başga gämä gaýtadan ýüklenmeli ýeriniň üýtgedilmegi, ugradylyş usulynyň üýtgedilmegi we ş.m. ýaly töwekgelçiligiň derejesiniň ähli düýpli üýtgetmeleri barada özüne belli bolan badyna Ätiýaçlandyrýan dessine Ätiýaçlandyryja habar bermäge borçludyr.
5.7. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylandan soňky töwekgelçiligiň derejesinde bolup geçen we töwekgelçiligiň möçberini artdyrýan üýtgeşmeler Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş şertlerini üýtgetmäge we goşmaça töleg tölemegi talap etmäge hukuk berýär. Eger Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertlerindäki üýtgetmeler bilen ylalaşmasa ýa-da goşmaça tölegi tölemekden boýun gaçyrsa, töwekgelçilikde emele gelen üýtgemeleriň ýüze çykan pursatyndan başlap ätiýaçlandyryş şertnamasy güýjüni ýitirýär we soňra ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti tamamlanýança galan wznoslar (baýraklar) gaýtarylyp berilýär.
5.8. Taraplaryň ylalaşygy bilen ätiýaçlandyryş şertnamasynda franşiza (ýutginiň öwezi dolunmaýan bölegi) göz öňünde tutulyp bilner.
5.9. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda şertli we şertsiz franşiza bellenilip bilner. Şertli franşiza boýunça Ätiýaçlandyryjy bellenilen franşiza möçberinden köp bolmadyk çykdajynyň öwezini dolmakdan boşadylýar, eger ýitgi franşizada bellenilen möçberden köp bolsa zyýanyň möçberiniň öwezini dolulygyna dolýar.
Şertsiz franşizada Ätiýaçlandyryjy ähli ýagdaýlarda ýitginiň bellenilen franşizany tutup galmak bilen öwezini dolýar.
5.10. Franşizanyň takyk möçberi we häsiýeti ätiýaçlandyryş pul möçberinden göterimlerde ýa-da kesgitli pul möçberinde ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilýär.
6. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi
6.1. Ätiýaçlandyryş şertnamanyň baglaşylan güni sagat 24-de güýje girýär we şertnamada göz öňünde tutulan möhletiň soňky güni sagat 24-de tamamlanýar.
6.2. Ätiýaçlandyryş şertnamasy aşakdaky halatlarda bes edilýär:
- onuň hereket etmeginiň taraplar tarapyndan bellenilen möhleti geçse;
- Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça öz borçlaryny doly ýerine ýetirse;
- Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen wagta çenli ätiýaçlandyryş wznosynyň (baýragynyň) nobatdaky böleginiň tölemese;
- edara görnüşindäki tarap bolan Ätiýaçlandyrýan ýapylsa, eger Ätiýaçlandyryjy bilen Ätiýaçlandyrýanyň oruntutarynyň ylalaşygy bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa;
- şahsy adam bolan Ätiýaçlandyrýan aradan çyksa;
- Ätiýaçlandyryjy ýatyrylsa;
- ätiýaçlandyryş halatlarynyň ýüze çykmagyndan başga sebäpler zerarly ätiýaçlandyrylan ýük ýok bolsa;
- kazyýet tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasyny güýjüni ýitiren diýip yglan edilmegi hakynda çözgüt kabul edilse.
6.3. Taraplaryň ylalaşygy bilen we ulanylýan kanynçylyga laýyklykda, ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.
Ätiýaçlandyryş şertnamasyny möhletinden öň bes etmek meýli hakynda taraplar göz öňünde tutýan möhletinden bir aý öň birek-birerge ýazmaça görnüşde habar ýetirmelidirler.
6.4. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýanyň talaby bilen möhletinden öň bes edilen bolsa, eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da taraplaryň ylalaşygynda ýa-da ulanylýan kanun tarapyndan başgaça kesgitlenilmedik bolsa, oňa ätiýaçlandyryş şertnamasynyň geçmedik wagty üçin, edilen çykdajylary tutup galmak bilen, tölenen ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) gaýtaryp berilýär.
7. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerine üýtgeşmeleri girizmegiň tertibi
7.1. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça görkezilmedik bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri Ätiýaçlandyrýanyň we Ätiýaçlandyryjynyň özara ylalaşygy bilen, taraplaryň biriniň ýazmaça arzasynyň esasynda üýtgedilýär.
7.2. Eger tarplaryň haýsydyr biri ätiýaçlandyryş şertnamasyna üýtgetmeleri girizmäge razy bolmasa, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň öňki şertlerde dowam etdirilmegi hakyndaky ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes etmek hakyndaky mesele çözülýär.
7.3. Taraplaryň biriniň arzany alanyndan soň şu Kadalaryň 7.1. we 7.2.-nji bölümlerine laýyklykda çözgüt kabul edilýänçä, eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça görkezilmedik bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasy öňki şertlerde hereket edýär.
7.4. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň ähli üýtgetmeleri ýazmaça resmileşdirilýär.
8. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň güýçsizligi
8.1. Aşakdaky halatlarda ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan pursatyndan başlap hakyky däldir:
- ol ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykandan soň baglaşylan bolsa;
- ätiýaçlandyryş obýekti kazyýetiň karary bilen bahasy tölenmän elinden alynmaga degişli ýük bolsa;
- ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş obýekti barada ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň ähtimallygyny we ýüze çykyp biljek ýitgileriň möçberini kesgitlemek üçin düýpli ähmiýeti bolan ýagdaýlar hakynda Ätiýaçlandyryja görnetin ýalan maglumatlary berse.
8.2. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň ýazmaça ýüz tutmasynda takyk gepleşilen ýagdaýlara düýpli ýagdaý diýilýär:
- Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda takyk gepleşilen ýagdaýlara düýpli ýagdaý diýilýär.
9. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly taraplaryň özara gatnaşygy
9.1. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda Ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň wekili by barada Ätiýaçlandyryja haýal etmän habar bermäge we zeper ýeten ýüki halas etmek hem-de goramak üçin, şeýle-hem günäkär tarapa regres hukugyny üpjün etmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri görmäge, ýüze çykan ýagdaý barada Ätiýaçlandyryjyny we onuň wekilini haýal etmän habardar etmäge borçludyr. Ätiýaçlandyryjynyň ýa-da onuň wekiliniň ätiýaçlandyrylan ýüki halas etmäge we gorap saklamaga gatnaşmaga we bu işler üçin degişli çäreleri kabul etmäge we görkezme bermäge hukugy bardyr. Ýöne, Ätiýaçlandyryjynyň we onuň wekilleriniň ýüki halas etmek we gorap saklamak baradaky hereketleri Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak hukugyny ykrar etmek üçin esas bolup durmaýar.
9.2. Başgaça ylalaşyk ýok bolsa, ýüki halas etmek we gorap saklamak üçin, şeýle-de onuň geljekde zaýa bolmagynyň öňüni almak üçin çykdajylaryň ählisini Ätiýaçlandyrýan çekýär. Ätiýaçlandyryş şertlerine laýyklykda ätiýaçlandyryş öwezini dolmaga degişli çykdajylary Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýan bilen ýitgi boýunça hasaplaşanda oňa töleýär.
9.3. Ýitginiň möçberi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan Ätiýaçlandyrýanyň gatnaşmagynda kesgitlenilýär. Ylalaşylmadyk halatynda her bir tarap ýitgini kesgitlemek üçin seljermäniň geçirilmegini talap edip bilýär.
9.4. Ätiýaçlandyryjy, ähli gerekli resmi namalary alanyndan son, 7 günden gijä goýman ýüküň ýok bolmagy, zaýalnmagy hakyndaky bellenen görnüşdäki güwänamany düzmäge girişmäge borçludyr (№4 goşundy).
Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini talap edende 1) ätiýaçlandyrylan emläge özüniň bähbidini, 2) ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny we 3) ýitgi boýunça özüniň nägileliginiň möçberini resmi namalar arkaly subut etmäge borçludyr.
Şular esasy resmi namalar diýlip hasaplanylýar:
- ýük ätiýaçlandyrylanda öz bähbidini subut etmek üçin: konosamentler, demir ýol ýanhatlary we beýleki daşaýyş resmi namalary, fakturalar we hasaplar, eger-de bu resmi namalaryň mazmuny boýunça Ätiýaçlandyrýanyň ýüke ygtyýar etmäge hukugy bar bolsa: fraht ätiýaçlandyryşynda: çarter - tapgyrlar we konosamentler;
- ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny subut etmek üçin: deňiz garşylyknamasy, gämi žurnalyndan göçurme we ätiýaçlandyryş halatynyň sebäplerini görkezmek bilen beýleki resmi namalar; gämi dereksiz ýiten halatynda: ugradyş portyndan çykan gäminiň ýola düşen wagty baradaky, şeýle hem gämini dereksiz ýiten diýip ykrar etmek üçin bellenilen möhletde niýetlenilen ýerine gelmändigi hakyndaky ähtibarly şahadatnamalar;
ç) zyýan boýunça nägileligiň möçberini subut etmek üçin: ýüki gözden geçirmegiň güwänamasy, seljermeleriň güwänamalary we beýleki kanuna ýa-da zyýanyň kesgitlenilýän ýeriniň däplerine laýyk düzülen resmi namalar; edilen çykdajylaryň, ýitgiler boýunça hasaby delillendirýän resmi namalar, umumy heläkçiligiň çykdajylarynyň, ýitgileriniň we gatançlarynyň öwezini dolmak talap edilýan halatynda bolsa resmi namalar bilen esaslandyrylan hasaplama ýa-da dispaşa.
9.5. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi hakyndaky garaýyş üçin düýpli ähmiýeti bolan ýagdaýlar hakynda nädogry maglumatlary habar beren we ätiýaçlandyryş halatyny tassyklaýan we çykdajylary bellemek üçin zerur resmi namalary tabşyrmadyk bolsa, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boýun gaçyrmaga hukugy bardyr.
9.6. Eger Ätiýaçlandyrýan üçünji tarapdan ýitginiň öwezini doluş tölegini alan bolsa, Ätiýaçlandyryjy diňe ätiýaçlandyryş şertleri boýunça tölemeli pul möçberi bilen üçünji tarapdan alnan pul möçberiniň arasyndaky tarawudy töleýar.
9.7. Ätiýaçlandyrýanyň şu pul möçberiniň çäklerindäki ýetirilen zelel üçin jogapkärli tarapa bolan regres hukugy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölän Ätiýaçlandyryja geçýär.
Ätiýaçlandyrýan regres hukugyny amala aşyrmak üçin özünde bolan zerur resmi namalaryň ählisini Ätiýaçlandyryja, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini alan mahaly bermäge borçludyr.
9.8. Eger Ätiýaçlandyrýanyň günäsi bilen regres hukugyny amala aşyrmak mümkin bolmasa (ýitgi üçin günäkär taraplara nägilelik bildirmegiň möhleti geçen bolsa we ş.m.), onda Ätiýaçlandyryjy degişli möçberde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek borjundan boşadylýar, töleg amala aşyrylan halatynda bolsa, Ätiýaçlandyrýan alan öwezini doluş tölegini Ätiýaçlandyryja gaýtaryp bermäge borçludyr.
10. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça taraplaryň hukuklary we borçlary
10.1 Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bar:
- şu Kadalar bilen tanyşmaga;
- ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga;
- Ätiýaçlandyryja şertnamany bozmagyň çak edilýän senesinden bir aýdan gijä galman ýazmaça habar bermek bilen, ätiýaçlandyryş şertnamasyny möhletinden öň bes etmäge.
Eger taraplaryň ylalaşmagy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, arzada görkezilen seneden başlap, ýöne Ätiýaçlandyryjynyň arzany alan pursatyndan öň bolmadyk möhletde ätiýaçlandyryş şertnamasy bes edilen hasaplanylar:
- Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişini barlamaga.
10.2. Ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:
- ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda Ätiýaçlandyryja yglan edilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň we ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň derejesiniň esaslydygyny tassyklaýan ähli talap edilýän maglumatlary bermäge;
- wagtynda, ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen tertipde ätiýaçlandyryş üçin tölegi girizmäge (ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) tölemäge);
- ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň we şertnamanyň hereket edýän döwründe Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş obýektini gözden geçirmäge hukuk bermäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş obýekti barada Ätiýaçlandyrýanyň habar berýän maglumatlarynyň ähtibarlygyny üpjin etmäge;
- ätiýaçlandyryş halatynyň ýuze çykmagynyň töwekgelçiligini artdyryp biljek ähli ýagdaýlar barada ozüne belli bolan badyna haýal etmän Ätiýaçlandyryja ýazmaça görnüşde habar bermäge we mümkin bolan ýitgileriň öňüni almak üçin goşmaça çäreleri görmäge.
Ätiýaçlandyryş töwekgelçiligini ýokarlandyryp biljek anyk maglumatlaryň sanawy ätiýaçlandyryş şertnamasynda aýdylyp geçilýär;
- ätiýaçlandyryş obýekti babatda amala aşyrylan we çak edilýän ähli geleşikler (şol sanda ätiýaçlandyryş şertnamalary) barada Ätiýaçlandyryja habar bermäge;
- ätiýaçlandyrylan ýükleri daşamak we gorap saklamak boýunça hereket edýän kanunçylyk tarapyndan bellenilen we umumylykda kabul edilen kadalary we ölçegleri, olaryň tehniki howpsuzlygyny ýerine ýetirmäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halatynyň töwekgelçiliginiň öňüni almak ýa-da azaltmak üçin ähli zerur çäreleri görmäge;
- ätiýaçlandyryş halaty ýuze çykanda mümkin bolan zyýany azaltmaga, ätiýaçlandyrylan ýüki halas etmek üçin özüne elýeter bolan we maksada laýyk çäreleri geçirmäge, Ätiýaçlandyryjynyň şu hili çäreleri geçirmek boýunça, ýüküň düşürilmegini we/ýa-da iberilmegini duruzmaga çenli berýän ähli görkezmelerine eýermäge;
- ygtyýarlylygyndan ugur alyp, ätiýaçlandyryş halaty barada degişli edaralara habar bermäge we Ätiýaçlandyryjynyň resmi talaby boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyny tassyklaýan resmi namalary bermäge;
- ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň ýagdaýlaryny, onuň sebäplerini we ýitginiň möçberini anyklamak üçin zerur bolan ähli zerur maglumatlary habar bermäge, Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş halatynyň sebäplerini derňemekde kömek bermäge;
- Ätiýaçlandyryja ýok edilen (ýitirilen) ýa-da zaýalanan ýüküň aýratyn zaýalanan (ýitirilen) ýük orunlarynyň ýa-da aýry-aýry zeper ýetmeleriň bahasyny görkezmek bilen, teswirini bermäge;
- Ätiýaçlandyryja zeper ýeten ýüki bökdençsiz gözden geçirmäge mümkinçilik bermäge, Ätiýaçlandyryjynyň wekili gözden geçirýänçä ýüküň ätiýaçlandyryş halaty netijesinde bolan ýagdaýyny üýtgetmän saklamaga (eger bu howpsuzlyk ýa-da zyýany azaltmak bähbitlerine ters gelmeýän bolsa);
- ýüküň ýok bolmagynyň (ýitirilmeginiň) ýa-da zaýalanmagynyň ýitgileriniň şu Kadalaryň 3.5.-nji bölümindäki ätiýaçlandyryş üstüne dolmasyndan aýrylan howplar sebäpli döremändigine subutnamalary bermäge;
- ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna (doly ýa-da bölekleýin) günäkär tarapa, subrogasiýa tertibinde, talap arzasyny üpjün etmek we ony Ätiýaçlandyryja bermek barada çäreleri görmäge. Ätiýaçlandyrýan günäkär tarapa talapdan we Ätiýaçlandyryjyny subrogasiýa tertibinde talap arzasyny mälim etmek mümkinçiligini üpjün etmeden boýun gaçyran halatynda Ätiýaçlandyryjy günäkär tarapyň döreden ýitgisiniň möçberine deňeçerlikde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemezlige haklydyr.
10.3. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bar:
- Ätiýaçlandyrýanyň beren habarlaryny, şeýle hem ätiýaçlandyryş şertnamasynyň talaplaryny we şertlerini Ätiýaçlandyrýanyň berjaý edişini barlamaga, ätiýaçlandyrylan ýüke gözegçilik etmäge (ýüküň barlygyny, daşamagyň we saklamagyň şertlerini barlamaga);
- ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylandan soň üýtgetmeler bolan bolsa (ätiýaçlandyryş gymmaty ýa-da ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi artsa), şol sebäpli ätiýaçlandyryş şertnamasyny üýtgetmegi we/ýa-da ätiýaçlandyryş gymmatynyň, ýa-da ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň artan möçberine deňlikde goşmaça wznosy (baýragy) tölemegi talap etmäge.
Bu ýagdaýda Ätiýaçlandyryjynyň şertnamany bir aýlyk möhleti berjaý etmek bilen bozmaga ýa-da ätiýaçlandyryş tölegini degişlilikde köpeltmegi talap etmäge haky bardyr. Eger Ätiýaçlandyrýan howpuň ýokarlanmagyny bilkastlaýyn döreden bolsa, onda Ätiýaçlandyryjynyň, bir aý möhleti berjaý etmezden, şertnamany bozmaga hukugy bardyr. Bu möhlet Ätiýaçlandyryjynyň, Ätiýaçlandyrýanyň habar etmek borçlaryny bozandygyny bilen pursatyndan başlanýar.
Eger ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň artmagyna getiren ýagdaýlar ortadan aýrylan bolsa, onda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertnamasyny möhletinden bes etmegi talap etmäge haky ýokdur;
- ätiýaçlandyryş halatynyň özbaşdak derňewini geçirmäge, zeper ýeten ýüki gözden geçirmäge gatnaşmaga we ätiýaçlandyryş halaty bilen ýetirilen ýitgileriň möçberini kesgitlemäge;
- munuň üçin degişli çäreleri görmek ýa-da görkezmek bilen, zaýalanan ýüki halas etmäge we gorap saklamaga gatnaşmaga.
Ätiýaçlandyryjynyň şu hereketleri Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş owezini doluş tölegini almaga hukuklaryny ykrar etmek üçin esas bolmaýar;
- kanun we şu Kadalar bilen bellenen ýagdaýlarda, Ätiýaçlandyrýan (Peýda alyjy) tarapyndan ätiýaçlandyryş halatyna degişli ähli resmi namalar tabşyrylanyndan soň, Ätiýaçlandyryjynyň bir aý möhletde Ätiýaçlandyrýana (Peýda alyja) ýazmaça görnüşde habarnama ibermek bilen, ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) tölemekden boýun gaçyrmaga.
Eger Ätiýaçlandyrýanyň (Peýda alyjynyň) zyýanyň öňüni almak ýa-da möçberini azaltmak üçin paýhasly we özüne elýeter bolan çareleri bilkastlaýyn geçirmändigi netijesinde zyýan ýetirilen bolsa, Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýanyň (Peýda alyjynyň) hereketleriniň netijesinde dörän zyýana görä, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boýun gaçyrmaga hukugy bardyr.
10.4. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:
- ätiýaçlandyryşyň şu Kadalary bilen Ätiýaçlandyrýany tanyşdyrmaga;
- Ätiýaçlandyrýan we onuň emlägi baradaky maglumatlary jar etmezlige;
- ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen halatynda Ätiýaçlandyrýana onuň öweziligini bermäge;
- ähli resmi namalar alnandan soň 7 günüň dowamynda Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemäge.
11. Zyýanyň möçberini kesgitlemek. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek
11.1. Ätiýaçlandyryjy tarapyndan Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi geçirilen seljermäniň esasynda, ýok edilen, ýitirilen ýa bolmasa zaýalanan ätiýaçlandyrylan ýüküň ätiýaçlandyryş bahasyndan ugur alnyp kesgitlenilýär.
Ätiýaçlandyryjynyň öwezini doluş töleglerini tölemeginiň aňryçägi ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberi (jogapkärçilik möçberi) bolup durýar.
Eger bir ätiýaçlandyryş halaty bilen birnäçe zyýan dörän bolsa, franşiza diňe bir gezek aýrylýar.
Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden şeýle hem ätiýaçlandyryş wznosynyň (baýragynyň) möhletlere bölünip tölenýän, Ätiýaçlandyrýanyň tölemedik bölegi tutulyp alynýar.
11.2. Eger kanunda ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça kesgitlenilmedik bolsa, ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda emele gelip biljek zyýany azaltmak we äiýaçlandyrylan ýüki halas etmek üçin zerur bolan we maksada laýyk edilen çykdajylar hem ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberine goşulyp bilner.
Şeýle çykdajylar Ätiýaçlandyryjynyň görkezmesi boýunça ýa-da edilmegi zerur bolanda degişli çäreler şowsuz bolan halatlarynda hem Ätiýaçlandyryjy tarapyndan tolenilmelidir.
11.3. Eger ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan pursatynda ätiýaçlandyrylan ýük boýunça başga-da ätiýaçlandyryş şertamalary bar bolsa, onda çekilen zelel boýunça öwezini doluş tölegi her bir Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrylan ýüküň ätiýaçlandyryş pul möçberine deňeçerlikde paýlanylýar.
Eger Ätiýaçlandyrýan şol bir ýük boýunça birnäçe Ätiýaçlandyryjy bilen ýüküň ätiýaçlandyryş bahasyndan ýokary pul möçberine ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan bolsa, şeýle halatda şol ýük boýunça Ätiýaçlandyrýanyň ähli Ätiýaçlandyryjylardan alýan ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi ýüküň hakyky bahasyndan ýokary bolup bilmez.
Şunda ýagdaýda her bir Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini douş tölegini özüniň öz baglaşan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça baglaşan ätiýaçlandyryş pul möçberine görkezilen ýüküň şu Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ähli ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň gatnaşygyna deňeçerlikde tölenýär.
11.4. Ätiýaçlandyryjynyň wekilleri zelel ýetmeginiň ýagdaýlaryny, onuň häsiýetini we möçberini kesgitlemek üçin ätiýaçlandyryş halaty bolan hem-de Ätiýaçlandyrýanyň we öz peýdasyna şertnama baglaşylan taraplaryň degişli resmi namalaryna erkin aralaşyp bilmelidir.
Zerurlyk ýüze çykanda ýetirilen zeleliň sebäplerini we möçberini kesgitlemek üçin şeýle seljermäni talap eden tarapyň hasabyna seljerme geçirmek bu işe çekilip bilner.
11.5. Tölemäge degişli bolan ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi aşakdaky ýaly kesgitlenilýär:
11.5.1.Ýük ýa-da onuň bölegi zaýalanan halatynda:
- ýüküň ilkibaşky bahasynyň we garaşsyz bilermenleriň bahalandyrmagyna laýyklykda ätiýaçlandyryş halatyndan soňky bahasynyň tapawudyndan ugur alyp, ýüküň bahasynyň peselmeginiň göterimi kesgitlenilýär;
- zeper ýeten ýük abatlanan halatynda ýitginiň göwrümi, abatlamaga we ulagda alyp gitmäge edilen çykdajylaryň möçberleri hökmünde kesgitlenýär.
11.5.2.Ýüküň hemmesi ýitirilen halatynda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde tölenilýär.
11.5.3.Ýüküň bir bölegi ýitirilen halatynda ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi ýitirilen ýüküň bahasynyň ýüküň umumy bahasyna deňeçer gatnaşygyndaky ätiýaçlandyryş pul möçberiniň paýynda kesgitlenilýär.
11.6. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi Ätiýaçlandyrýana (Peýda alyja) tölenýär. Bellenilen (Peýda alyjy) bolmadyk mahaly, Ätiýaçlandyrýan hem şahsy adam bolsa, ätiýaçlandyryş öwezini dolmasy Ätiýaçlandyrýanyň mirasduşerlerine tölenýär.
11.7. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi tölenilýär:
şahsy adamlara:
- çek bermek bilen, goýumyna geçirmek bilen, nagt pulda ýa-da poçta geçirimi bilen (olaryň islegi boýunça);
edara görnüşindäki taraplara:
- degişli karz edarasyndaky olaryň hasabyna geçirmek bilen tölenýär.
11.8. Ätiýaçlandyryş tölegini tölemekden boýun gaçyrmak baradaky çözgüt, Ätiýaçlandyrýan (Peýda alyjy) tarapyndan ätiýaçlandyryş hadysasyna degişli zerur resmi namalaryň ählisi tabşyrylan pursatyndan soň bir aý möhletiň içinde Ätiýaçlandyrýana (Peýda alyja) ýazmaça görnüşde habar berilýär.
11.9. Eger ätiýaçlandyrylan ýük üçin öwezi doluş tölegi ätiýaçlandyryş pul möçberinden az tölenen bolsa, onda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi onuň gutarýan senesine çenli dowam edýär, şunda Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi ätiýaçlandyryş pul möçberi bilen tölenen ätiýaçlandyryş öwezini dolmanyň tapawudynyň möçberinde kesgitlenýar.
12. Jedelleri çözmekligiň tertibi
12.1. Ätiýaçlandyrýan (Peýda alyjy) bilen Ätiýaçlandyryjynyň arasyndaky ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça jedeller Türkmenistanyň ulanylýan kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde çözülýär.
12.2. Ätiýaçlandyrýanyň (Peýda alyjynyň) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemäge nägilelik bildirmek hukugy Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenilen hak isleýiş möhletiniň geçmegi bilen güýjüni ýitirýär.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2004 ýylyň Alp Arslan aýynyň « 10 » çykaran
№ 71 buýrugy bilen tassyklanylan, ýükleri meýletin
ätiýaçlandyryşyň Kadalaryna
№1 goşundy
(iki nusgada doldurylýar)
|
(welaýat, etrap, şäher) |
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna |
Ýükleriň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça
ARZA
Ätiýaçlandyrýan |
|
|
(guramanyň ady) Salgysy ___________________________________________________________________________________________________ (telefon belgisi, gatnaşykdaky şahs) Şu ýüki ätiýaçlandyryşa |
||
|
||
(ýüküň teswiri) Peýda alyjy ________________________________________________________________________________________________ |
||
Salgysy |
(telefonyň, faksyň nomeri) |
|
Ýüküň görnüşi we bahasy ____________________________________________________________________________________ Ýüküň ady, gaplamanyň görnüşi, orunlaryň sany we ýüküň agramy _______________________________________________ ___________________________________________________________________________________________________________ Bahasy/birliginiň gymmaty ___________________________________________________________________________________ Ulag serişdesi: deňiz gämisi _________________________________________________________________________________ (ady, ýasalan ýyly we ýük göterijiligi) awtoulag ___________________________________________________________________________ demir ýol ulagy ______________________________________________________________________ uçar we ş.m. _________________________________________________________________________ (ady, ýasalan ýyly we uçaryň ýük göterijiligi) Goragy, plombasy (nomeri) barmy ____________________________________________________________________ |
||
Konosamentleriň we beýleki daşama resmi namalarynyň belgileri we seneleri ______________________________________ |
||
____________________________________________________________________________________________________________ |
||
Ýüküň hakyky bahasy ______________________________________________________________________________ Ätiýaçlandyryş pul möçberi __________________________________________________________________________ Ätiýaçlandyryş döwri ______________________________________________________________________________ Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri ______________________________________________________________________ Her bir ulag serişdesindäki ýüküň bahasy _______________________________________________________________ Ätiýaçlandyrýan ýüki özbaşdak daşaýarmy hawa ýok Ätiýaçlandyrýan enjamlary/serişdeleri getirýärmi hawa ýok Ätiýaçlandyrýan daşama üçin jogap berýärmi hawa ýok Daşama bütewi ýüküň bir bitewi düzüm bölegimi hawa ýok Ýüki ibermegiň usuly _______________________________________________________________________________ (trýumda, palubada, çykaman, gapsyz) Daşama gatnawy ____________________________________________________________________________ dan/den _____________________________________________________________________________ çenli _______________________________________________________________ täzeden ýüklemek bilen _________________________________________________ aralykda ammarlarda ýerleşdirmek bilen Ýüküň iberilen senesi _______________________________________________________________________________ |
||
Ýüküň eltilen senesi _______________________________________________________________________________ |
||
Jogapkär ekspeditorlar _____________________________________________________________________________ |
||
Beýleki şertler ____________________________________________________________________________________ |
||
M.Ý. Ätiýaçlandyrýan____________________ (goly)
200 _ ý.______________ aýynyň “ _____ “.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2004 ýylyňAlp Arslan aýynyň « 10 » çykaran
№ 71 buýrugy bilen tassyklanylan, ýükleri meýletin
ätiýaçlandyryşyň Kadalaryna
№1a goşundy
(iki nusgada doldurylýar)
|
|
(welaýat, etrap, şaher)
|
|
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna |
|
|
|
(F.A.A.a., guramanyň ady) |
|
tarapyndan |
|
Salgysy |
|
ÝÜKÜŇ TESWIRI
T/b № |
Ýüküň ady, öwsele nomeri |
Sany |
Birliginiň bahasy |
Görnüşi (modeli-artikuly) |
Çykan, alnan ýyly |
Tehniki pasportyň nomeri (inwentar) |
Hakyky gymmaty |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
Jemi |
|
|
|
|
|
|
Ätiýaçlandyrýan |
|
(goly) |
|
M.Ý. 200 _ ý. ________________ aýynyň “ _____ “.
Ýük gözden geçirildi. Ýüküň gymmaty resmi namalar bilen tassyklanyldy.
|
|||
Ätiýaçlandyryjynyn wekili |
|
(goly) |
|
200 __ ý. ______________ aýynyň “ _____ “
Görnüş №104
№2 goşundy
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY
ÝÜKLERIŇ MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞY BOÝUNÇA
№ ______ ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY-POLISI
Tapgyry ____
Ätiýaçlandyryjy __________________________________________________________________
(guramanyň ady, salgysy, telefony)
Ätiýaçlandyrýan __________________________________________________________________
(guramanyň ady, F.A. Aa., salgysy, telefony)
Peýda alyjy ______________________________________________________________________
(guramanyň ady, salgysy, telefony)
Ätiýaçlandyryş obýekti _____________________________________________________________
(ýüküň ady, gaplama görnüşi, agramy, orunlaryň sany)
Konosament № ________, ýanhaty № ________, 200_ ý. ________________ aýynyň “ _____ ”.
Ulag serişdesi ____________________________________________________________________
(kysymy, görnüşi, döwlet nomeri)
Ýüki ibermegiň usuly ______________________________________________________________
Ýüküň: iberilýän ýeri ______________________________________________________________
gaýtadan ýüklenilýän ýeri _____________________________________________________
eltilmeli ýeri _______________________________________________________________
Ýuküň ugradylan senesi: 200_ ý. ________________ aýynyň “ _____ ”.
Ýüküň eltilmeli senesi: 200_ ý. ________________ aýynyň “ _____ ”.
Ýüküň hakyky bahasy _____________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş pul möçberi _________________________________________________________
(ýazmaça)
Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri _____________________________________________________ Franşiza _________________________________________________________________________ Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy), ony tölemegiň tertibi, ýeri we möhletleri __________________
________________________________________________________________________________
Şertnamanyň hereket edýän möhleti 200_ ýylyň _______________ aýynyň « _____ » dan(den)
200_ ýylyň _______________ aýynyň « _____ » çenli.
Beýleki şertler ____________________________________________________________________
Ilkinji ýa-da bir gezeklik ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) wagtynda tölenmese, Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan erkindir.
Bellik: Bu şertnama boýunça ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryjyny bu barada bada-bat habardar etmelidir.
Ätiýaçlandyryjynyň wekili ___________________ ______________
(goly)
M.Ý.
Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldy ______________
(goly)
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-polisi 200_ ýylyň ________________ aýynyň « _____ » berildi.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2004 ýylyň Alp Arslan aýynyň « 10 » çykaran
№ 71 buýrugy bilen tassyklanylan, ýükleri meýletin
ätiýaçlandyryşyň Kadalaryna
№3 goşundy
Dokma senagaty (ýüň önümlerini hem içine alýar) boýunça
nyrh möçberleri
%
Daşamagyň görnüşi |
A |
B |
Ç |
|
1 |
Deňiz ulaglarynda |
0,5 |
0,35 |
0,15 |
2 |
Demirýol, awtomobil we garyşyk gatnawda |
0,4 |
0,3 |
0,2 |
3 |
Howa ulag serişdelerinde |
0,2 |
|
|
Töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende ýokarlandyryjy (1-den 5 çenli) we peseldiji (0,7-den 1 çenli) koeffisientleri ulanmak mümkindir.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2004 ýylyň Alp Arslan aýynyň « 10 » çykaran
№ 71 buýrugy bilen tassyklanylan, ýükleri meýletin
ätiýaçlandyryşyň Kadalaryna
№3a goşundy
Nebit önümleri boýunça
nyrh möçberleri
%
Daşamagyň görnüşi |
A |
B |
Ç |
|
1 |
Deňiz ulaglarynda |
0,35 |
0,2 |
0,15 |
2 |
Demirýol, awtomobil we garyşyk gatnawda |
0,3 |
0,2 |
0,15 |
3 |
Howa ulag serişdelerinde |
|
|
|
Töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende ýokarlandyryjy (1-den 5 çenli) we peseldiji (0,7-den 1 çenli) koeffisientleri ulanmak mümkindir.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2004 ýylyň Alp Arslan aýynyň « 10 » çykaran
№ 71 buýrugy bilen tassyklanylan, ýükleri meýletin
ätiýaçlandyryşyň Kadalaryna
№3b goşundy
Himiýa önümleri boýunça
nyrh möçberleri
%
Daşamagyň görnüşi |
A |
B |
Ç |
|
1 |
Deňiz ulaglarynda |
0,4 |
0,3 |
0,2 |
2 |
Demirýol, awtomobil we garyşyk gatnawda |
0,3 |
0,2 |
0,15 |
3 |
Howa ulag serişdelerinde |
|
|
|
Töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende ýokarlandyryjy (1-den 5 çenli) we peseldiji (0,7-den 1 çenli) koeffisientleri ulanmak mümkindir.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2004 ýylyň Alp Arslan aýynyň « 10 » çykaran
№ 71 buýrugy bilen tassyklanylan, ýükleri meýletin
ätiýaçlandyryşyň Kadalaryna
№3ç goşundy
Metallurgiýa senagatynyň önümleri boýunça
nyrh möçberleri
%
Daşamagyň görnüşi |
A |
B |
Ç |
|
1 |
Deňiz ulaglarynda |
0,4 |
0,3 |
0,2 |
2 |
Demirýol, awtomobil we garyşyk gatnawda |
0,35 |
0,25 |
0,15 |
3 |
Howa ulag serişdelerinde |
|
|
|
Töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende ýokarlandyryjy (1-den 5 çenli) we peseldiji (0,7-den 1 çenli) koeffisientleri ulanmak mümkindir.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2004 ýylyň Alp Arslan aýynyň « 10 » çykaran
№ 71 buýrugy bilen tassyklanylan, ýükleri meýletin
ätiýaçlandyryşyň Kadalaryna
№3d goşundy
Maşyn enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary boýunça
nyrh möçberleri
%
Daşamagyň görnüşi |
A |
B |
Ç |
|
1 |
Deňiz ulaglarynda |
0,4 |
0,3 |
0,2 |
2 |
Demirýol, awtomobil we garyşyk gatnawda |
0,4 |
0,3 |
0,2 |
3 |
Howa ulag serişdelerinde |
0,2 |
|
|
Töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende ýokarlandyryjy (1-den 5 çenli) we peseldiji (0,7-den 1 çenli) koeffisientleri ulanmak mümkindir.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2004 ýylyň Alp Arslan aýynyň « 10 » çykaran
№ 71 buýrugy bilen tassyklanylan, ýükleri meýletin
ätiýaçlandyryşyň Kadalaryna
№3e goşundy
Iýmit önümleri boýunça
nyrh möçberleri
%
Daşamagyň görnüşi |
A |
B |
Ç |
|
1 |
Deňiz ulaglarynda |
0,6 |
0,4 |
0,3 |
2 |
Demirýol, awtomobil we garyşyk gatnawda |
0,5 |
0,3 |
0,2 |
3 |
Howa ulag serişdelerinde |
0,3 |
|
|
Töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende ýokarlandyryjy (1-den 5 çenli) we peseldiji (0,7-den 1 çenli) koeffisientleri ulanmak mümkindir.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2004 ýylyň Alp Arslan aýynyň « 10 » çykaran
№ 71 buýrugy bilen tassyklanylan, ýükleri meýletin
ätiýaçlandyryşyň Kadalaryna
№3ä goşundy
Oba hojalyk önümleri boýunça
nyrh möçberleri
Oba hojalyk önümleri degişli temperaturada saklanylýan konteýnerlerde we sowadylan görnüşde daşalmalydyr.
%
Daşamagyň görnüşi |
A |
B |
Ç |
|
1 |
Deňiz ulaglarynda |
0,7 |
0,4 |
0,3 |
2 |
Demirýol, awtomobil we garyşyk gatnawda |
0,5 |
0,3 |
0,2 |
3 |
Howa ulagynda |
0,2 |
|
|
Töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende peseldiji (1,0-den 0,5 çenli) we ýokarlandyryjy (1-den 5 çenli) koeffisientleri ulanmak mümkindir.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2004 ýylyň Alp Arslan aýynyň « 10 » çykaran
№ 71 buýrugy bilen tassyklanylan, ýükleri meýletin
ätiýaçlandyryşyň Kadalaryna
№3f goşundy
Ýeňil we poligrafiýa senagatynyň önümleri boýunça
nyrh möçberleri
%
Daşamagyň görnüşi |
A |
B |
Ç |
|
1 |
Deňiz ulaglarynda |
1,5 |
1,0 |
0,8 |
2 |
Demirýol, awtomobil we garyşyk gatnawda |
1,3 |
1,0 |
0,5 |
3 |
Howa ulagynda |
0,5 |
|
|
Töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende peseldiji (1,0-den 0,1-e çenli) we ýokarlandyryjy (1-den 5 çenli) koeffisientleri ulanmak mümkindir.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2004 ýylyň Alp Arslan aýynyň « 10 » çykaran
№ 71 buýrugy bilen tassyklanylan, ýükleri meýletin
ätiýaçlandyryşyň Kadalaryna
№4 goşundy
|
|
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna
|
|
(F.A.A.a.) |
|
tarapyndan |
|
|
|
(Ätiýaçlandyrýanyň salgysy) |
|
|
|
ARZA
|
ýylda bolup geçen, |
|
(gun, aý, ýyl)
|
|
(ätiýaçlandyryşyň görnüşi) |
(ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli) sebäpli, ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiňizi sizden haýyş edýärin. Arza aşakdaky resmi namalary goşýarys:
|
||
|
||
|
||
|
||
|
||
|
||
|
||
|
||
|
||
|
200 _ ýylyň ________________ aýynyň “ _______ “. |
|
|
|
|
(Ätiýaçlandyrýanyň goly)
|
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2004 ýylyň Alp Arslan aýynyň « 10 » çykaran
№ 71 buýrugy bilen tassyklanylan, ýükleri meýletin
ätiýaçlandyryşyň Kadalaryna
№5 goşundy
ÝÜKÜŇ ÝOK BOLMAGY, ZAÝA BOLMAGY BARADA
GÜWÄNAMA
Ätiýaçlandyrýan ______________________________________________________________________________ |
||||||||||||||
(guramanyň ady, şahsyýetiň F.A.A.a.) |
||||||||||||||
|
||||||||||||||
(Ätiýaçlandyryjynyň işgäriniň wezipesi, F. A. we A.a.) |
||||||||||||||
Ätiýaçlandyrýanyň 200__ ý. __________________ aýynyň “______” arzasy esasynda şu güwänama düzüldi. Degişli resmi namalaryň esasynda anyklanyldy: ätiýaçlandyrylan ýük |
||||||||||||||
|
(ätiýaçlandyryş halatynyň ady)
|
|||||||||||||
netijesinde 200__ ý. __________________ “______” ýok bolupdyr (zaýalanypdyr). |
||||||||||||||
Ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetnamasy we onuň sebäbi |
|
|||||||||||||
|
||||||||||||||
Ätiýaçlandyryş pul möçberini tassyklaýan resmi namalar:
Polis N
Inwoýs N
Ýitginiň ýüze çykandygyny tassyklaýan resmi namalar: Bolan ýagdaý hakyndaky bellik bilen ulag ýanhaty:
Demir ýol Howa Awto Konosament Baş Güwänama
Degişli edaralaryň teswirnamasy (ýol-ulag hadysasy bolan halatynda) ___________________________ Demir ýol Täjirçilik Güwänamasy _______________________________________________________ Howa uçarlar gullugynyň Täjirçilik Güwänamasy ___________________________________________ Garaşsyz seljermäniň Güwänamasy ______________________________________________________
Ýitginiň möçberini kesgitlemek
|
||||||||||||||
Ýükün ady we mukdary |
Hakyky gymmaty |
Ätiýaçlandyryş pul möçberi |
Zeperiň ýazgysy |
Ätiýaçlandyryş halaty netijesinde nyrhynyň peselmeginiň göterimi |
Yitginiň möçberi |
|||||||||
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
|||||||||
|
|
|
|
|
|
|||||||||
|
|
|
|
|
|
|||||||||
Jemi |
|
|
|
|
|
|||||||||
Ýüki halas etmek we tertibe getirmek üçin edilen işleriň ady we moçberi |
Olçeg birligi |
Işleriň moçberi |
Gymmaty |
|
|
|
|
|
|
|
|
Jemi |
|
|
|
Ýitginiň umumy möçberi |
|
|
|
Ätiýaçlandyryjy ________________________
(goly)
M.Ý. 200_ ýylyň _______________ aýynyň “______”.
Ätiýaçlandyrýanyň wekili _____________________(goly)
DELILANAMA
- Ätiýaçlandyryş şertnamasy barada maglumatlar
|
degişli ýük |
|
200_ ýylyň ________________ aýynyň “____” dan(den) 200_ ýylyň ________________ aýynyň “______” çenli |
||
|
manat pul möçberine ätiýaçlandyryldy. |
|
|
möçberindäki ätýaçlandyryş tölegi |
|
ätiýaçlandyryş guramasynyň hasabyna 200_ ýylyň __________________ aýynyň “______” gelip gowuşdy.
Baş hasapdar ___________________ (goly)
|
||
- Tölemek hakynda çözgüt
Ätiýaçlandyryş pul möçberi |
|
manat |
||||
Ýitginiň möçberi |
|
manat |
||||
Tölemäge degişli ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi __________________________________________________________________________________ |
manat |
|||||
Tölemekden boýun gaçyryldy __________________________________________________________ |
manat |
|||||
|
(sebäbini görkezmeli) |
|
||||
Ätiýaçlandyryş guramasynyň direktory |
|
|
||||
|
(goly) |
|
||||
200_ ýylyň ________________ aýynyň “______”
- Tölemek hakyndaky maglumatlar
Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi |
|
manat |
||
200_ ýylyň __________________ aýynyň “______” tölenildi (hasabyna geçirildi, poçta bilen geçirildi)
Baş hasapdar |
||||
|
(goly) |
|