Şahsy adamlara degişli mallaryň meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

21.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň Baş direktorynyň

2005-nji ýylyň 2-nji awgustynda çykaran

53 belgili  buýrugy bilen tassyklanyldy

 

 

 

ŞAHSY ADAMLARA DEGIŞLI MALLARYŇ MEÝLETIN

ÄTIÝAÇLANDYRYŞ KADALARY

 

1. Umumy düzgünler

 

1.1.    Şu Kadalar Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat bitewi kanunyna, «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 29-ynda çykaran №3001 karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnama we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

    1. Şu Kadalaryň esasynda Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - Ätiýaçlandyryjy) şahsy taraplar, şol sanda daşary ýurtly taraplar bilen (mundan beýläk – Ätiýaçlandyrýan) bu taraplara eýeçilik hukugynda degişli bolan mallaryň meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşýarlar. Bu şertnamalara laýyklykda şertnamada göz öňünde tutulan töleg - ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) boýunça Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş halaty sebäpli ýetirilen zeleliň öwezini dolmaga borçludyr.

1.3.    Taraplaryň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyna beýleki şertler goşulyp bilner, olar bolsa ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna-polisine aýratyn goşmaçalar bilen resmileşdirilýär.

    1. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş goragy diňe Türkmenistanyň çägine degişlidir.

 

2. Ätiýaçlandyryş obýektleri

 

2.1.    Ätiýaçlandyryş obýektleri bolup durýarlar:

  • 6 aýdan uly ýaşyndaky iri şahly mal;
  • 1 ýaşdan ýokary bolan atlar, düýeler;
  • 6 aýdan uly bolan goýunlar we geçiler;
  • 6 aýdan uly bolan doňuzlar;
  • 6 aýdan uly bolan öý guşlary.

2.2.   Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylyp bilinmeýär:

  • diňe keseliň bu görnüşini kabul etmeýän mallaryň ätiýaçlandyryşyndan başga, karantin bellenen ýerlerde;
  • eger mallar keselli, hor, dogrumdan öňki ýa-da soňky ýagdaýda bolsa, şeýle hem haýwanlaryň soňky bruselýoz ýa-da inçekesel bilen kesellemekleri boýunça geçirilen barlagda, netije bellenen bolsa.

Bu bölümiň güýji öňki hereket edýän şertnamanyň möhleti tamamlanmaka täze möhlete şertnama baglaşmak ýagdaýyna degişli däldir.

 

 

  1. Ätiýaçlandyryş halatlary

 

    1. Aşakdakylar netijesinde mallaryň ölmegi ýagdaýyna ätiýaçlandyryş geçirilýär:
      1.  keseller, kesel sebäpli mundan beýläk maly ulanmak mümkinçiligini aýyrýan  

  weterinariýa gullugynyň hünärmeniniň görkezmesi boýunça mejbury öldürmek ýa-da ýok etmek;

      1. elektrik togunyň täsiri, gün ýa-da ýylylyk urgysy;
      2. tebigy betbagtçylyklar (ýer titreme, suw alma, opurylma, gaý, tupan, boran,doly, doňmak, ýangyn,partlaýyş, ýyldyrym urmak,);
      3. betbagtçylyk halatlary (haýwanlaryň topulmagy, zäherli otlardan ýa-da maddalardan, ýylanyň çakmagyndan ýa-da zäherli mör-möjeklerden birden zäherlenmek, derä gaçmagy, ulag serişdesiniň aşagyna düşmegi, bogulmak we beýleki  betbagtçylykly halatlar);
      4. mejbury öldürmek halatyna, eger mal bilen betbagtçylykly hadysa bolan bolsa we oňa ölüm abanan bolsa.

 

 

  1. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak

 

    1. Ätiýaçlandyryş şertnamalary Ätiýaçlandyrýanyň bellenen görnüş boýunça ýazmaça beren arzasynyň esasynda (№1 goşundy) baglaşylýar.
    2. Şahsy adamlara şahsy eýeçilik hukugynda degişli bolan mallaryň meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalary 1 ýyla çenli we ondan köp möhlete baglaşylýarlar.
    3. Şertnama hojalykda bar bolan, 2.1. bölümde görkezilen ýaşyndaky bu görnüşe degişli sagat mallaryň hemmesini ätiýaçlandyryş şerti bilen baglaşylyp bilner. Munda, bir görnüşe degişli we ýaşlary deň bolan mallar birmeňzeş ätiýaçlandyryş pul möçberine ätiýaçlandyrylmalydyrlar.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny):

  • nagt pulda- ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş wekiline (işgärine);
  • nagt däl hasaplaşyk arkaly – Ätiýaçlandyrýanyň işleýän ýeri boýunça

guramanyň hasaphanasynyň üsti bilen tölemek arkaly baglaşylyp bilinýär.

Ätiýaçlandyrýan diňe ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny alandan soň ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) tölemäge borçlydyr.

Ätiýaçlandyrýanyň işleýän ýeri boýunça guramanyň hasaphanasynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşyk arkaly ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) Ätiýaçlandyrýanyň bellenen görnüşdäki oňa degişli bolan aýlyk iş hakyndan (aýlygyndan) ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) ätiýaçlandyryş guramasynyň hasabyna geçirmek hakyndaky ýazmaça tabşyrygynyň esasynda tölenilýär. Bu hili tabşyrygy Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş wekiline (inspektoryna) guramanyň hasaphanasyna tabşyrmak üçin berýär.

Şertnama baglaşylmazyndan öň Ätiýaçlandyryjy şahsy barlag arkaly mallary saglyk ýagdaýlary boýunça ätiýaçlandyryşa kabul edilip bilinjekmi, ýa-da şol ýerde karantin bellenilmändigini anyklamaga borçludyr.

    1. Ätiýaçlandyrýan şertnama baglaşylanda howpuň döremegi ýa-da ätiýaçlandyryş halaty üçin düýpli ähmiýeti bolan, özüne mälim bolan ähli ýagdaýlary Ätiýaçlandyryja habar bermelidir. Ätiýaçlandyryjynyň şertnamadan ýüz öwürmegine ýa-da ony üýtgedilen mazmun bilen baglaşmagyna täsir edip biljek ýagdaýlar düýpli ýagdaýlar bolup durýar.
    2. Eger Ätiýaçlandyryja düýpli ýagdaýlar hakynda habar berilmese, ol şertnamadan ýüz öwrüp biler. Ätiýaçlandyrýanyň düýpli ýagdaý hakynda habar bermekden öňünden niýet edip boýun gaçyrmagy hem şeýle mana eýedir.

Eger Ätiýaçlandyryjy gizlenen düýpli ýagdaý hakynda bilen bolsa ýa-da Ätiýaçlandyrýan bu hili ýagdaý hakynda habar berilmändiginde günäkär bolmasa, şertnamanyň ýatyrylmagyna ýol berilmeýär.

    1. Eger düýpli ýagdaý hakyndaky habarda nädogry maglumatlar bolsa, Ätiýaçlandyryjy şertnamadan ýüz öwrüp biler.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe Ätiýaçlandyrýana töwekgelçiligiň derejesinde emele gelen dürli hili düýpli üýtgeşmeler ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň möçberini ýokarlandyryp biljek üýtgeşmeler hakynda belli bolsa, ähli üýtgeşmeler hakynda gysga wagtda Ätiýaçlandyryja ýazmaça habar bermek Ätiýaçlandyrýanyň borjy bolup durýar.

    1. Eger Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja şertnama baglaşylandan soň ýüze çykan howpuň ýokarlanandygy hakynda bir aýyň dowamynda habar bermedik bolsa, onda Ätiýaçlandyryjy bir aýlyk möhleti berjaý etmek bilen şertnamany ýatyrmaga ýa-da ätiýaçlandyryş wznosynyň (baýragynyň) degişli artdyrylmagyny talap etmäge haklydyr.

Eger Ätiýaçlandyryjy howpuň güýçlenmegine bilgeşleýin elten bolsa, Ätiýaçlandyryjy bir aý möhleti berjaý etmän şertnamany ýatyryp bilýär.

    1. Ätiýaçlandyrýanyň islegi boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy wagtynda öň ýatyrylsa, ätiýaçlandyryş guramasy çekilen çykdajylary alyp galmak bilen şertnamanyň galan möhleti üçin ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklaryny) gaýtaryp berýär. Eger Ätiýaçlandyrýanyň talaby ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş kadalaryny bozmagy bilen bagly bolsa, onda ätiýaçlandyryş guramasy çekilen çykdajylary alyp galmak bilen şertnamanyň galan möhleti üçin ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklaryny) gaýtaryp berýär.
    2. Ätiýaçlandyryş guramasynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş ýatyrylsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana tölenen ätiýaçlandyryş wznoslarynyň (baýraklarynyň) hemmesini gaýtaryp berýär. Eger ätiýaçlandyryş guramasynyň talaby Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş kadalaryny bozmagy bilen bagly bolsa, onda ol çekilen çykdajylary alyp galmak bilen şertnamanyň galan möhleti üçin ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklaryny) Ätiýaçlandyrýana gaýtaryp berýär.
    3. Şahsy adamlara degişli bolan mallaryň ätiýaçlandyryş şetnamasy, Ätiýaçlandyrýana gowşurylýan bellenen görnüşdäki ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-polisi bilen resmileşdirilýär (№2 goşundy).

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-polisi ýitirilen ýa-da ýok edilen halatynda Ätiýaçlandyrýan ýazmaça arzasynyň esasynda Ätiýaçlandyryjydan onuň öwezligini sorap biler. Öwezligini bermegiň çykdajylaryny Ätiýaçlandyrýan çekýär.

 

 

  1. Ätiýaçlandyryş pul möçberi, ätiýaçlandyryş wznoslary (baýraklary)

 

    1. Şertnama boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi taraplaryň ylalaşygy bilen bellenilýär we malyň hakyky bahasyndan ýokary bolup bilmeýär.
    2. Ätiýaçlandyryş wznoslarynyň (baýraklarynyň) möçberleri Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş pul möçberinden göterimlerde bellenilýär we onuň saklanyş şertlerine, semizligine we beýleki malyň gymmatyny häsiýetlendirýän şertlere, şeýle hem ätiýaçlandyryşyň anyk şertlerine bagly bolup ýokarlandyrmaga tarap hem, peseltmäge tarap hem üýtgedilip bilinýär (№3 goşundy).
    3. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklaryny) ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisde görkezilen möçberlerde we möhletlerde tölemäge borçludyr.
    4. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy 1 ýyla ýa-da ondan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) iki möhletde: 50%-ini ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny – polisi alandan soň we 50%-ini ätiýaçlandyryş şertnamasynyň güýje giren wagtyndan üç aýdan gije galman tölemäge haky bar.

Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) wagtynda tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.

    1. Eger ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) wagtynda tölenilmese, Ätiýaçlandyryjy ony tölemek üçin iki hepde möhlet belläp biler. Munda tölemezligiň netijeleri hakynda hem görkezilmelidir.

Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty ýüze çyksa we bu möhlete çenli Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) ýa-da göterimini tölemek möhletini geçiren bolsa, Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

Eger Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) wagtynda tölemese, Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýany şertnamany ýatyrýandygy hakynda bir aý öňünden duýduryp biler we, eger bu möhlet netijesiz geçse, şertnamany ýatyryp biler.

 

 

 

 

 

  1. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti

 

    1. Ätiýaçlandyryş şertnamanyň baglaşylan güni sagat 24-de güýje girýär we şertnamada göz öňünde tutulan möhletiň soňky güni sagat 24-de tamamlanýar.
    1. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi doly ätiýaçlandyryş pul möçberinde tölenen ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi we Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi tamamlanýar. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ahyrky möhletden öň ätiýaçlandyryş pul möçberinden az möçberde tölenen ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi, ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen pul möçberi bilen tölenen öwezini doluş töleginiň tapawudynda dowam edýär.
    2. 3 senenama ýylynyň dowamynda şu Kadalaryň şertlerinde yzygider şertnamalary baglaşan Ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň bolmadyk ýagdaýynda täze şertnama baglaşmak üçin bir aý ýeňillkli möhlet berilýär.
    3. Bu ýeňillikli möhletde baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy öňki baglaşylan şertnamanyň möhleti tamamlanandan soň güýje giren ýa-da gaýtadan baglaşylan hasap edilýär.
    4.  

 

    1.  

 

    1. Eger ýeňillikli möhletde ätiýaçlandyryş halaty ýüze çyksa, täze şertnama bolsa baglaşylmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryşyň şu görnüşi boýunça öňki şertnamada kesgitlenen pul möçberinden ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) alyp galmak bilen tölenilýär.
    2. Eger mallar şertnamanyň hereketi başlamaka ölseler, olar üçin alynan ätiýaçlandyryş wznoslary (baýraklary) Ätiýaçlandyrýana gaýtarylyp berilýär.

Şertnamanyň hereket edýän döwründe mallar raýatyň hojalygyndan çyksalar olar üçin tölenen ätiýaçlandyryş wznoslary (baýraklary) Ätiýaçlandyrýana gaýtarylyp berilmeýär we bu mallar başga hojalykda ölseler hem ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi tölenilmeýär.

    1. Öňki şertnamanyň hereketi tamamlanmaka täze möhlete mallary ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylsa (dikeldilse), täze ätiýaçlandyryş şertnamasy öňki şertnamanyň hereketiniň tamamlanan pursatyndan başlap güýje girýär, şol wagtdan hem Ätiýaçlandyryjynyň tebigy betbagtçylyklardan we betbagtçylykly hadysalardan, şeýle hem kesellerden ölen mallar boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek jogapkärçiligi başlanýar.

Eger täze möhlete goýunlary we geçileri ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan (dikeldilen) ýagdaýynda, ätiýaçlandyryşa mallaryň bu görnüşinden geçen ýylky şertnama boýunça ätiýaçlandyrylandan köp baş kabul edilýän bolsa, onda bu şertnama boýunça mallar ölen halatynda ähli ätiýaçlandyrylan başlar üçin ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek borjy şertnamanyň

hereketi täzeden başlanan wagtynda ýüze çykýar. Täze goşmaça ätiýaçlandyryşa kabul edilýän mallaryň beýleki görnüşleri boýunça (iri şahly mallar, atlar we beýlekiler) şertnama ilkibaşky ýaly aýratyn resmileşdirilýär.

    1. Eger şertnamanyň hereket edýän döwründe raýatyň hojalygyndan çykan malyň ýerine bu görnüşe degişli mal gelen bolsa ýa-da hojalykda bolan mal

ätiýaçlandyryşa kabul edilýän ýaşa ýeten bolsa, onda bu mal çykan malyň ätiýaçlandyrylan pul möçberinde, ýöne mallaryň bu görnüşi boýunça bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberinden we ýaş toparyndan ýokary bolmadyk möçberde ätiýaçlandyrylan hasap edilýär.

 

 

 

  1. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek

 

 

    1. Ätiýaçlandyrylan mallaryň ölen, mejbury ýagdaýda öldürilen ýa-da ogurlanan (ýiten) halatynda Ätiýaçlandyrýan, onuň bolmadyk ýagdaýynda maşgalasynyň kämillik ýaşyna ýeten agzasy borçly:
  • Ätiýaçlandyryja ýazmaça görnüşde habar etmäge (№4 goşundy);
  • degişli edaralara habar bermäge (weterinariýa, polisiýa we ş.m.).

Arza gelen güni Ätiýaçlandyryjy tarapyndan  № 1- (emläk) žurnalda hasaba alynýar.

    1. Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýandan ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky arzasyny alandan soň güwänama düzmäge borçludyr (№5 goşundy). Ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky güwänama Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyrýanmaşgalasynyň kämillik ýaşyna ýeten agzasynyň we şaýatlaryň gatnaşmaklarynda düzülýär. Ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky güwänama onuň düzülmegine gatnaşan adamlar tarapyndan gol çekilýär we Ätiýaçlandyryjynyň möhüri bilen berkidilýär.
    2. Mallaryň kesellemeginiň sebäpleri we gyrylmagy, mejbury öldürilmegi ýa-da ýok edilmegi hakyndaky netijeleri weterinariýa gullugynyň hünärmenleri berýärler.
    3. Ätiýaçlandyrylan mallar ölende ýa-da ýok edilende ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberinde tölenilýär.
    4. Iň ýokary ätiýaçlandyryş pul möçberine ätiýaçlandyrylan mallar mejbury ýagdaýda öldürilende ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi iýmite peýdaly etiň bahasyny aýyrmak bilen ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň çäklerinde tölenilýär. Eger mal hakyky bahasyndan pes bolan ätiýaçlandyryş pul möçberine ätiýaçlandyrylan bolsa, onda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi malyň bahasynyň näçe göteriminde ätiýaçlandyrylan bolsa şol göterimdäki etiň bahasyny aýyrmak bilen tölenilýär.

Etiň bahasy et satylan edara tarapyndan berlen resmi namanayň esasynda kesgitlenilýär; bu hili resmi namanyň Ätiýaçlandyrýan tarapyndan berilmedik ýagdaýynda etiň bahasy bazar nyrhlaryndan ugur alnyp bellenilýär.

Eger maly mejbury ýagdaýda öldürilmegine getiren sebäpler boýunça et tutuşlygyna iýmite ýarawly däl diýlip yglan edilen bolsa, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ölen malyňky ýaly tertipde bellenilýär.

    1. Etiň iýmite ýarawly däldigi öldürilen mallaryň weterinar gözden geçirilişi we etiň we et önümleriniň weterinariýa-arassaçylyk barlagynyň Kadalaryna laýyklykda weterinariýa gullugynyň hünärmeni tarapyndan kesgitlenilýär.

Weterinariýa gullugynyň hünärmeniniň görkezmesi boýunça kesellän mal eti gaýtadan işleýiş edarasyna soýmak ýa-da satyn almak üçin berilse, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi Ätiýaçlandyrýanyň degişli edaradan bu et üçin alan pul möçberini aýyrmak bilen, ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň çäklerinde tölenilýär. Bu halatda Ätiýaçlandyrýan maly soýmak üçin alan guramanyň resmi namasyny görkezmelidir.

Eger malyň ölen gününde Ätiýaçlandyrýanda bu görnüşdäki we ýaşdaky mallaryň sany ätiýaçlandyrylandan köp bolsa, we haýsy malyň ätiýaçlandyrylandygyny takyklamak mümkin bolmasa, bu görnüş we ýaşdaky mallar üçin şertnamada kesgitlenen pul möçberi malyň ölen gününde Ätiýaçlandyrýanda bu hili mallaryň hakykatda bar bolan sanyna bölünýär. Bu ýagdaýda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi şu malyň paýyna düşýän möçberinde tölenilýär. Galan mallar şertnamanyň möhleti tamamlanýança degişlilikde azaldylan ätiýaçlandyryş pul möçberlerinde ätiýaçlandyrylan hasap edilýärler.

    1. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi tölenilmeýär, eger:
  • mallaryň ölmegi ýa-da öldürilmegi Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da onuň maşgalasynyň kämillik ýaşyna ýeten agzasynyň bilkastlaýyn hereketleriniň netijesinde bolan bolsa, diňe mal bilen bolan betbagtçylykly hadysa sebäpli oňa ölüm abanan halatynda mejbury öldürilen ýagdaýlaryndan başga ýagdaýlarda;
  • weterinar hünärmeniniň ýokanç keseller bilen göreşmek boýunça öňüni alyş çärelerini geçirmek barada beren görkezmelerini ýa-da kesellän maly öldürmek hakyndaky kararyny Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da onuň maşgalasynyň kämillik ýaşyna ýeten agzasynyň bilgeşleýin ýerine ýetirmezliginiň netijesinde mal ölen bolsa;
    1. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek ýa-da tölemezlik hakyndaky netijesini ýerlerde barlanylmagyny talap etmeýän ölen ätiýaçlandyrylan mallar hakyndaky güwänama boýunça güwänama gelip gowuşandan soň 7 günden gije galman, ýerlerde barlanylmagyna degişli bolan güwänamalar boýunça bolsa 15 günden gije galman kabul edilmelidir.
    2. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölän Ätiýaçlandyryja şu pul möçberiniň çäklerinde Ätiýaçlandyrýanyň malyň ölmegine günäkär tarapa bolan talap hukugy geçýär.

 

 

8. Jedelleri çözmek

 

    1. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ýüze çykýan ähli jedellere Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda seredilýär.

8.2.     Nägilelikler Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly bellenilen hak isleg bildirmek dowamlylygynyň çäklerinde bildirilip bilner.

 

 

 


 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň

2005-  ýylyň  Alp  Arslan aýynyň 2- sine çykaran № 53

 buýrugy bilen tassyklanylan,  Şahsy adamlara degişli

  mallary   meýletin   ätiiýaçlandyryşyň Kadalaryna

 №1 goşundy

 

 

__________________________________________________

(ätiýaçlandyryş guramasynyň ady, salgysy)

 

Şahsy adamlara degişli mallaryň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça

ARZA

Ätiýaçlandyrýan _______________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

Öý salgysy ___________________________________________________________

 

200_ ý.____________ aýynyň « ____ » dan(den) 200_ ý.___________ aýynyň « ____ » çenli möhlete şahsy adamlara degişli mallaryň ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagy haýyş edýär

Peýda alyjy __________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

Öý salgysy ___________________________________________________________

 

Malyň görnüşi

Baş sany

Reňki we bellikleri

Ätiýaçlandyryş pul möçberi (manat)

Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) (manat)

Görnüşi

Jynsy

Ýaşy

Bir mala

Ähli mallara

1

 

 

 

 

 

 

 

 

2

 

 

 

 

 

 

 

 

3

 

 

 

 

 

 

 

 

Jemi:

 

 

 

 

 

 

Ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklaryny) tölemegiň möhletleri:

1-nji 200_ ý.______________ aýynyň «_____», 2-nji 200_ ý._______________ aýynyň « _____ »

Mallar şu halatlardan ätiýaçlandyrylýar:

- keseller, kesel sebäpli mundan beýläk maly ulanmak mümkinçiligini aýyrýan weterinariýa gullugynyň hünärmeniniň görkezmesi boýunça mejbury öldürmek ýa-da ýok etmek;

-  elektrik togunyň täsiri, gün ýa-da ýylylyk urgysy;

- tebigy betbagtçylyklar (ýer titreme, suw alma, opurylma, gaý, tupan, boran, doly, doňmak, ýangyn,partlaýyş, ýyldyrym urmak);

- betbagtçylyk halatlary (haýwanlaryň topulmagy, zäherli otlardan ýa-da maddalardan, ýylanyň çakmagyndan ýa-da zäherli mör-möjeklerden birden zäherlenmek, derä gaçmagy, ulag serişdesiniň

aşagyna düşmegi,  bogulmak we beýleki  betbagtçylykly halatlar);

- mejbury öldürmek halatyna, eger mal bilen betbagtçylykly hadysa bolan bolsa we oňa ölüm abanan bolsa;

 

Ätiýaçlandyrmak isleýän töwekgelçilikleriňizi görkeziň _______________________

Ätiýaçlandyrýan         _________________________________________________________

                                   (F.A.A.a. we goly)

 

200_ ý._______________ aýynyň « _____ ».

 


 

 

 

2 Goşundy

№ 111 görnüş

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY

ŞAHSY ADAMLARA DEGIŞLI BOLAN  MALLARYŇ MEÝLETIN

 ÄTIÝAÇLANDYRYŞ  ŞAHADATNAMASY-POLISI

Tapgyry MÄ ____

 

Ätiýaçlandyrýan __________________________________________________________________

(F.A.Aa)

Salgysy:________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryjy __________________________________________________________________

Salgysy: _________________________________________________________________________

Bank maglumatlary ________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş möhleti:

200_ ý._______________ aýynyň « _____ » dan(den)

200_ ý._______________ aýynyň « _____ » çenli hereket edýär

Atiýaçlandyryşyň hereket edýän ýeri: ______________________________________________________

 

Mallaryň görnüşi

Baş sany

Reňki we bellikleri

Töwekgelçili-giň görnüşi

Ätiýaçlandyryş pul möçberi (manat)

Ätiýaçlandyryş

nyrhy % -de

Ätiýaçlandyryş

wznosy (baýragy)

manat

Gör-nüşi

Jynsy

Ýaşy

Bir  mal üçin

Hemme

mal üçin

1

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

2

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

3

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

4

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

5

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

       JEMI

 

 

 

 

 

 

 

 

Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) we töleg möhletleri:

1-nji 200_ ý.____________ aýynyň « ____ » ______________________________________ manat

2-nji 200_ ý.___________ aýynyň « ____ » _______________________________________ manat

 

.Jemi_________________________ ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklary) nagt pul bilen alyndy

(ýazmaça)

__________________________ töleg tabşyrygy 200_ ý.___________ aýynyň « ____ » geçirildi

(guramanyň ady)

Peýda alyjy ______________________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

Aýratyn şertler ___________________________________________________________________

 

 

M.Ý.   Ätiýaçlandyryş wekili __________________________ 200_ ý._________ aýynyň « ____ »

(F.A.A.a.)

 

 

Ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdym                             ______________________

                                                                                                                      (F.A.Aa. goly)

 

Bellik: Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýan şobada Ätiýaçlandyryja habarr bermäge borçludyr.  Birinji ýa-da birgezekki ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) wagtynda tölenýänçä, Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.

 


 

 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň

2005-  ýylyň  Alp  Arslan aýynyň 2-sine çykaran № 53

 buýrugy bilen tassyklanylan,  Şahsy adamlara degişli

  mallary   meýletin   ätiiýaçlandyryşyň Kadalaryna

 №3 goşundy

 

 

 

 

 

 

 

ŞAHSY ADAMLARA DEGIŞLI BOLAN MALLARYŇ MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞY BOÝUNÇA ÄTIÝAÇLANDYRYŞ NYRH MÖÇBERLERI

 

 

 

(ätiýaçlandyryş pul möçberinden %-de)

 

 

 

 

 

 

 

 

Mallaryň

 ady

 

 

 

Ähli

görnülerden- nyrhlar

Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri, şol sanda:

keseller, kesel sebäpli mundan beýläk maly ulanmak mümkinçiligini aýyrýan weterinariýa gullugynyň hünärmeniniň görkezmesi boýunça mejbury öldürmek ýa-da ýok etmek;

 

 

  elektrik togunyň täsiri, gün ýa-da ýylylyk urgysy;

 

tebigy betbagtçylyklar (ýer titreme, suw alma, opurylma, gaý, tupan, boran, doly, doňmak, ýangyn,partlaýyş, ýyldyrym urmak);

betbagtçylyk halatlary (haýwanlaryň topulmagy, zäherli otlardan ýa-da maddalardan, ýylanyň çakmagyndan ýa-da zäherli mör-möjeklerden birden zäherlenmek, derä gaçmagy, ulag serişdesiniň aşagyna düşmegi,  bogulmak we beýleki  betbagtçylykly halatlar

mejbury öldürmek halatyna, eger mal bilen betbagtçylykly ha-dysa bo-lan bolsa we oňa ölüm abanan bolsa

 

1

Iri şahly mal

 

9

 

4,0

 

0,5

 

2,0

 

1,5

 

 

1,0

2

Ownuk şahly

mal, doňuzlar

 

4,5

 

2,0

 

0,5

 

0,5

 

1,0

 

0,5

3

Düýeler we atlar

 

16,0

 

7,0

 

1,0

 

2,0

 

4,0

 

2,0

4

Öý guşlary

 

8,0

 

4,0

 

1,0

 

1,5

 

1,0

 

0,5

 

 

Töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş wznoslarynyň (baýraklaryň) nyrhlary kesgitlenilende peseldiji (0,6-dan 1 çenli) we ýokarlandyryjy (1,0-den 3,0 çenli) nyrhlary ulanmak mümkindir. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda nyrhyň möçberi esasy nyrhy düzediş koefisiýentine köpeltmek ýoly arkaly kesgitlenilýär.

 


 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň

2005 -  ýylyň  Alp  Arslan aýynyň 2-sine çykaran № 53

 buýrugy bilen tassyklanylan,  Şahsy adamlara degişli

  mallary   meýletin   ätiiýaçlandyryşyň Kadalaryna

 №4 goşundy

 

 

 

_____________________________

                             ( etrap, şäher)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

           _________________________dan
                         (Ätiýaçlandyrýanyň F.A.A.a.)

 

 

 

 

A R Z A

 

 

 

_____________________bolup geçen _____________________________________ (ýyl, aý, gün)                                             (ätiýaçlandyryş wakasynyň häsiýetini görkezmeli)

sebäpli _________________________________________________ ätiýaçlandyryşy

boýunça ätiýaçlandyryş öwezini dolmasyny tölemegiňizi Sizden haýyş edýärin.

 

Arza şu resmi namalar goşulýar:

________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

 

 

 

200_ ý._______________aýynyň «_____»     ___________________________
                                                                 
             (Ätiýaçlandyrýanyň goly)

 


 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň

2005- ýylyň  Alp Arslan aýynyň 2-sine çykaran № 53

 buýrugy bilen tassyklanylan,  Şahsy adamlara degişli

  mallary   meýletin   ätiiýaçlandyryşyň Kadalaryna

№5 goşundy

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY

ÄTIÝAÇLANDYRYLAN  MALYŇ  ÖLENDIGI HAKYNDA GÜWANAMA

 

Ätiýaçlandyrýan _______________________________________________________

( F.A. Aa.)

Ätiýaçlandyryjy _______________________________________________________

(welaýat, etrap, şäher)

Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da onuň maşgalasynyň kämillik ýaşyna ýeten agzasynyň we ____________________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

şaýatlaryň   1._________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

                   2._________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

gatnaşmaklarynda ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky güwänama düzüldi

1.Malyň görnüşi, ýaşy (ýyl, aý) _______________________________________

2. Reňki we bellikleri ___________________________________________________

3. Mal haçan öldi, mejbury öldürildi, ýok edildi  _____________________________

_______________________________________________________________________________________

(gerek däliniň üstüni çyzmaly)

4. Kime we haçan malyň ölendigi, mejbury öldürilendigi, ýok edilendigi  hakynda habar edildi ___________________________________________

(gerek däliniň üstüni çyzmaly)

Eger arza bellenen möhletden giç berilen bolsa, munuň sebäbini görkezmeli _______

____________________________________________________________________

 

5. Nähili ýagdaýlarda mal öldi, mejbury öldürildi, ýok edildi  __________________

____________________________________________________________________

 

6. Kimiň günäsi sebäpli mal öldi ýa-da betbagtçylykly hadysa boldy, we bu günä nämeden ybarat _______________________________________________________

(malyň ölümine günäkär bolan adamyň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny,

_______________________________________________________________________________________

iş ýerini ýa-da ýaşaýan ýerini görkezmeli)

 

7.  Malyň ölen gününde 1 kg. etiň bazar bahasy__________________________manat

 

 

M.Ý.                                                                                Ätiýaçlandyryjy ________________

(goly)

Ätiýaçlandyrýan __________________

(kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzasy)               (goly)

Şaýatlar: 1. ____________________ 2. ____________________

(goly)                                  (goly)

Mal lukmanynyň netijenamasy

________________________________________________________________________________

(netijenamany beren mal lukmanyň familiýasy, ady, atasynyň ady we onuň işleýän ýeri)

  1. Netijenama nämäniň esasynda berildi – ölen malyň şahsy gözden geçirmek ýa-da ambulatoriýada bejermek maglumatlary esasyndamy (şol sanda daýhan birleşikleriň mal lukmanynyň bölümlerinde, weterinar bejerişhanalarynda, wetambulatoriýalarda işleýän weterinar hünärmenleriň ambulatoriýada bejermek (ölen malyň maslygynyň açylanlygy hakynda teswirnama) we weterinar – bakteriologiki barlaghananyň maglumatlary esasynda.
  2. Mal haçan keselläpdir __________________________ bu hakda haçan we kime habar berilipdir__________________________________________________________________
  3. Kesellän mala kim tarapyndan kömek berilipdir ___________________________________
  4. Malyň kesellemegini, hem-de ölmegini ýa-da mejbur edilip öldürilmegini döreden sebäpler ______________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
  5. Mal kimiň buýrugy boýunça mejbur edilip öldürildi ________________________________

Malyň semizligi ___________________________, läşiň agramy _________________________kg şol sanda: adamlaryň iýmegi üçin ýaramly bolan et _____________________________________kg

 

200   - nji ýylyň _________________ aýynyň ____            Mal lukman (wetfelşer)______________

                                                                                                                                              (goly)

            Möhür                                                                                                          

 

 

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň  hünärmeniniň netijenamasy

 

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň güwänamasy 200  - nji ýylyň _____________________ aýynyň ______  _____________ belgi bilen resmileşdiriş jurnalyna ýazyldy.

Ätiýaçlandyryş şertnamanyň möhleti _________________________, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň belgisi__________we ätiýaçlandyryş pul möçberi ___________________________________manat

Iýmäge ýaramly bolan etiň pul möçberi___________________________________________manat

 

 

Tölemeli ätiýaçlandyryş pul möçberi:

_______________________________________

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenilmäge degişli däl (sebäbini görkezmeli)_____________________

_________________________________ manat

_______________________________________

(sanlarda we ýazmaça görkezmeli)

_______________________________________

200   - nji ý.__________________aýynyň_____

200   -nji ý. __________________ aýynyň ____

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň wekili__________________________________

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň wekili__________________________________

            (F. A. A-a., goly)

 

                 (F. A. A-a., goly)

 

Tölemek üçin tassyklaýaryn________________

__________________________________manat

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölenilmäge degişli däldigini tassyklaýaryn.

(sanlarda we ýazmaça görkezmeli)

 

200   - nji ý.__________________aýynyň_____

200   - nji ý.__________________aýynyň_____

                 ____________(şäher, welaýat, etrap)

  Möhür       Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň

                  başlygy________________________

                                                                   (goly)

                 ____________(şäher, welaýat, etrap)

  Möhür      Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň

                 başlygy________________________

                                                                   (goly)

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberi 200    - nji ýylyň _________________________ aýynyň _____ tölendi.

Memorial orderiniň belgisi _________        

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş hasapçysy ______________________________

                                                                                     (goly)