Hünär jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň Baş direktorynyň
2010-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda
01 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy
HÜNÄR JOGAPKÄRÇILIGINI MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞ KADALARY
1. Umumy düzgünler
1.1. Şu Kadalar Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat bitewi kanunyna, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001 belgili karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
1.2. Şu Kadalaryň şertleriniň esasynda Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - Ätiýaçlandyryjy) hünär işini amala aşyrýan edara görnüşli we şahsy taraplar bilen (mundan beýläk – Ätiýaçlandyrýan) hünär jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşýarlar (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy).
1.3. Şu Kadalarda ulanylýan esasy düşünjeler:
- hünär jogapkärçiligi – Ätiýaçlandyrýanyň öz hünär işleriniň dowamynda göýberen geleňsizligi ýa-da tejribesiniň ýetmezligi netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we/ýa-da emlägine ýetiren zyýanyň öwezini dolmak borjuna düşünilýär;
- geleňsizlik – hasapda ünssüzlik we seresapsyzlyk netijesinde, şeýle hem hünär işini sowuk – sala amala aşyranda bolýan ýalňyşlyk;
- emläge ýetirilen zyýan - üçünji taraplaryň emläginiň ýok bolmagy ýa-da zyýan ýetmegi;
- ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýan - üçünji taraplaryň ýogalmagy ýa-da ten şikesiniň ýetmegi.
1.4. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça şertnamada şertleşilen (ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy)) tölegi üçin şertnamada göz öňünde tutulan halat ýüze çykan ýagdaýynda (ätiýaçlandyryş halaty), Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynda bellenen tertibinde Ätiýaçlandyrýanyň hünär işini alyp barmaklygynyň dowamynda üçünji taraplara ýetiren zyýanyň öwezini dolmak borjy sebäpli Ätiýaçlandyrýana ýa-da zyýan çeken üçünji tarapa ýüze çykan şol halatyň netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga (ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemäge) borçlanýar.
1.5. Hünär jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy diňe ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda - polisinde görkezilen Ätiýaçlandyrýanyň işine degişlidir.
1.6. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşmagy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyna Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara garşy gelmeýän başga şertler girizilip bilner.
2. Ätiýaçlandyryş obýekti
2.1. Ätiýaçlandyryş obýekti Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen, alyp barýan hünär işini amala aşyrmagy bilen baglanyşykly (borçnamalaryny ýerine ýetirende) üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we/ýa-da emlägine tötänleýin ýetiren zyýanynyň öwezini dolmak bilen bagly emläk bähbitleri bolup durýar.
3. Ätiýaçlandyryş halaty we ätiýaçlandyryş goragy
3.1. Şu Kadalar boýunça ätiýaçlandyryş halaty diýlip Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen hünär işini alyp barmaklygynyň netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we/ýa-da emlägine ýetiren zyýanynyň öwezini dolmak borjunyň ýüze çykmagyna aýdylýar.
3.2. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça Ätiýaçlandyrýanyň öz jogapkärçilik töwekgelçiligi, şeýle-de şol ýa-da başga görnüşli hünär işini amala aşymagyň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, şolar ýaly jogapkärçilik üstüne ýüklenen beýleki adamlaryň jogapkärçilik töwekgelçiligi ätiýaçlandyrylyp bilner.
3.3. Şu Kadalara laýyklykda ätiýaçlandyrylanda Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ylalaşylan ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde çykdajylarynyň öwezini dolýar, haçanda ol aşakdaky zyýan üçin öwezini doluş puluny tölemäge sezewar bolanda:
- üçünji taraplaryň ömrüne ýa-da saglygyna ýetirilen zyýanyň;
- üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýanyň;
- üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň.
3.4. Ätiýaçlandyryş goragy aşakdakylary öz içine alýar:
3.4.1. zyýan çeken üçünji taraplaryň esaslandyrylan talaplaryny zyýanyň öwezini dolmak üçin pul möçberlerini tölemek arkaly kanagatlandyrmaklygy;
3.4.2. üçünji taraplaryň essassyz talaplaryny ret etmekligi, şeýle hem zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky üçünji taraplaryň ähli talaplaryny barlamaklygy;
3.4.3. çak edilýän ätiýaçlandyryş halatlarynyň ýagdaýlaryny we Ätiýaçlandyrýanyň günäsiniň derejesini deslapdan aýdyňlaşdyrmak boýunça zerur we maksadalaýyk çykdajylaryň we şu ýagdaýlar sebäpli Ätiýaçlandyrýana talaplar bildirilen halatynda onuň kazyýetden daşarky bähbitlerini goramaklygyň çykdajylarynyň öwezini dolmaklygy.
3.5. Ätiýaçlandyryş aşakdakylara degişli däldir:
3.5.1. Ätiýaçlandyrýanyň hünär borçlaryndan daşary çykýan borçnamalara;
3.5.2. möhletleriň geçmegi, çykdajylaryň artykmaç bolmagy, zähmeti goramaklygyň we awtorlyk hukugynyň, ygtyýarnamalary bermekligiň talaplarynyň bozulmagy, pul, karz, ýer we beýleki geleşiklerdäki, dürli hili töleg, pulhana amallaryndaky araçylyk, wyždansyz hereketler we sowurmalar bilen bagly bolan zyýan boýunça talaplara;
3.5.3. jerimelere (puşmana pullaryna);
3.5.4. partlaýjy maddalary taýýarlamak, gaýtadan işlemek, ammarlamak we ulanmak netijesinde ýüze çykan Ätiýaçlandyrýanyň jogapkärçiligine;
3.5.5. Ätiýaçlandyrýanyň we/ýa-da onuň işgärleriniň alkogoldan, neşeden ýa-da psihotrop serişdelerinden serhoş halynda eden işine ýa-da şol ýagdaýdaky hereketleriň netijesine;
3.5.6. ýokanç keselleri geçirmegine.
3.6. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen aşakdakylaryň netijesinde ýüze çykan zyýanyň öwezi dolunmaýar:
3.6.1. tebigy betbagtçylyklaryň, ýagny, ýer titrmesiniň, wulkan atylmagynyň ýa-da ýerasty oduň hereketiniň, süýşgüniň, dag opurylmagynyň, tupanyň, tüweleýiň, harasatyň, sil almagyň, dolynyň ýa-da çabganyň;
3.6.2. Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da onuň bilen zähmet gatnaşyklarynda bolan adamlaryň bilgeşleýin, bilkastlaýyn, jenaýatçylykly hereketiniň ýa-da hereketsizliginiň netijesinde, haýsydyr bir Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryň bozulmagynyň;
3.6.3. Ätiýaçlandyrýanyň tölege ukypsyzlygynyň ýa-da batmagynyň;
3.6.4. Ätiýaçlandyrýana hünär işini amala aşyrmagy bilen baglanşykly hökümetiň ýa-da başga görkezmeleriň, ygtyýarly edaralaryň talabynyň ýa-da buýrugynyň;
3.6.5. radioaktiw täsiriniň ýa-da ionlaşdyryjydan ýaýraýan şöhleleriň, şol sanda bölünýän radioaktiw maddalaryň, optiki, mikrotolkunly ýa-da meňzeş kwant generatornydan ýaýraýan şöhleleriň täsiriniň;
3.6.6. ätiýaçlandyryş üpjünçiliginden daşky çäkde zyýan ýetirilmeginiň;
3.6.7. Ätiýaçlandyrýanyň kärendesine, kireýine, lizinge ýa-da girewine alan ýa bolmasa goşmaça hyzmat hökmünde şertnama boýunça saklamaga alan zatlarynyň zaýalanmagynyň, ýok edilmeginiň ýa-da zyýan çekmeginiň;
3.6.8. ahlak zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky talaplarynyň;
3.6.9. her hili harby we terrorçylyk hereketleriň, şeýle hem köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň zyýan ýetmeginiň;
3.6.10. Ätiýaçlandyrýanyň ygtyýarnamasynyň hereketiniň togtadylan wagtynda ýa-da onuň möhletiniň tamamlanan wagtynda işini dowam etdirmeginiň;
3.6.11. daşky gurşawyň hapalanmagynyň.
4. Ätiýaçlandyryş pul möçberi
4.1. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça kesgitlenen pul möçber bolup durýar, şondan ugur alnyp ätiýaçlandyryş wznoslarynyň (baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş tölegleriniň möçberleri bellenilýär.
Ätiýaçlandyryş pul möçberi taraplaryň ylalaşygy esasynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletine meýilleşdirilýän işleriň we hyzmatlaryň möçberiniň we Ätiýaçlandyrýanyň işgärleriniň sanynyň esasynda bellenilýär. Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi diňe ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen obýektlere, işlere we hyzmatlara degişlidir.
4.2. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberi, her bir ätiýaçlandyryş halaty boýunça, şeýle hem, eger ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi birnäçe adamlara tölenilýän bolsa hem ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemegiň aňryçäk möçberi (jogapkärçiligiň çägi) bolup durýar. Ätiýaçlandyryş halatlarynyň ählisi boýunça tölenilýän ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary geçmeli däldir.
4.3. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda jogapkärçiligiň çäkleri aýratynlykda bellenilip bilner, ýagny:
- bir ejir çekene (bir ejir çekene iň ýokary öwezini doluş tölegini göz öňünde tutýan);
- bir ätiýaçlandyryş halatyna (ejir çekenleriň sanyna garamazdan, bir ätiýaçlandyryş halaty boýunça iň ýokary öwezini doluş tölegini göz öňünde tutýan), şol sanda talaplaryň tapgyry boýunça. Talaplaryň tapgyry diýlip talaplar üçin Ätiýaçlandyrýana berilen arzalaryň islendik sanyna düşünilýär, eger olaryň arzalary şol bir hadysa esasly we/ýa-da sebäpli berilen bolsa;
- beýleki toparlar boýunça, meselem, zyýanyň aýry görnüşleri boýunça ýa-da bu görnüşleriň topary boýunça (üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýan, üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan).
4.4. Ätiýaçlandyryş şertnamasyna üýtgetmeler girizmek arkaly Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş pul möçberini islendik wagta ýokarlandyrmaga haky bardyr.
5. Franşiza
5.1. Taraplaryň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynda Ätiýaçlandyrýanyň ýitginiň öweziniň tölenmegine gatnaşmagyny göz öňünde tutmak bolar (franşiza).
5.2. Franşiza şertli we şertsiz bolup bilýär, zyýanyň görnüşi aýratynlykda ýa-da hemmesi üçin, ätiýaçlandyryş pul möçberine göterimlerde (jogapkärçiligiň çägi) ýa-da belli bir pul möçberde bellenilýär.
5.3. Şertli franşizada Ätiýaçlandyryjy zyýanyň öwezini dolmak boýunça jogapkärçilikden boşadylýar, eger ýetirilen zyýanyň öwezini doluş töleginiň möçberi franşizanyň möçberinden ýokary bolmasa, eger-de öwezini doluş töleginiň möçberi franşizadan ýokary geçse, onda Ätiýaçlandyryjy öwezini doluş tölegini zyýanyň möçberinde töleýär.
5.4. Şertsiz franşizada ýetirilen zyýanyň öwezini tölemekde Ätiýaçlandyryjy franşizanyň şertleşilen möçberini tölemek jogapkärçiliginden boşadylýar (ýitginiň möçberine göterimlerde ýa-da belli bir pul möçberde).
5.5. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda franşizany ulanmak esasy ätiýaçlandyryş nyrhyny aşaklandyrmaga esas bolup hyzmat edip biler, haçanda töwekgelçiligi ätiýaçlandyryşa kabul edilende franşizany ulanmaklyk zerur şert bolup durýan halatlar muňa girmeýär.
6. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak. Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy), ony tölemegiň tertibi we möhletleri
6.1. Ätiýaçlandyryş şertnamasy 1 ýyldan az möhlete, 1 ýyla we ondan hem köp möhlete baglaşylýar.
6.2. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýanyň işiniň häsiýeti hakynda we oňa belli bolan ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň derejesini kesgitlemek üçin düýpli ähmiýeti bolan ýagdaýlar hakynda maglumatlary öz içine alýan ýazmaça arzasynyň esasynda baglaşylýar (№ 1 goşundy).
Ätiýaçlandyrýan habar beren maglumatlarynyň dogrulygy we dolulygy üçin jogapkärçilik çekýär.
6.3. Baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyryjy tarapyndan berilýän ätiýaçlandyryş şahadatnamasy - polisi bilen resmileşdirilýär (№ 2 goşundy). Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny - polisini alandan soň tölemäge borlçludyr.
6.4. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen möçberde we möhletlerde Ätiýaçlandyryja tölemäge borçludyr.
6.5. Ätiýaçlandyryş nyrhlarynyň möçberi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş pul möçberine göterimlerde bellenilýär (№ 3 goşundy).
6.6. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan mahaly ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) bir wagtyň özünde ätiýaçlandyryşyň ähli möhleti üçin tölenilmelidir. 1 ýyl möhlete ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) iki tapgyrda tölemek hukugy berlip bilner, şunda ol ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklaryny) ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan möhletlerde tölemäge borçludyr.
6.7. Bir ýyldan az möhlete ätiýaçlandyrylan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) hasaplanan ýyllyk ätiýaçlandyryş wznosyndan (baýragyndan) aşakdaky göterimlerde tölenilýär:
1 aý üçin 20% |
6 aý üçin 70% |
2 aý üçin 30% |
7 aý üçin 75% |
3 aý üçin 40% |
8 aý üçin 80% |
4 aý üçin 50% |
9 aý üçin 85% |
5 aý üçin 60% |
10 aý üçin 90% |
|
11 aý üçin 95% |
6.8. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň kesgitlenilen pulunda tölenilýär.
6.9. Birinji ýa-da bir gezeklik ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) wagtynda tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan erkindir.
Eger ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) öz wagtynda geçirilmese, Ätiýaçlandyryjy şonuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir.
Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şu wagta çenli Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) tölemedik bolsa, Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.
6.10. Töwekgelçilik gaýtadan ätiýaçlandyryşa berilen ýagdaýynda ätiýaçlandyryş nyrhlarynyň möçberi we ätiýaçlandyryş şertleri taraplaryň ylalaşygy boýunça halkara ätiýaçlandyryş bazarynda töwekgelçiligiň bahalanyşyny we gaýtadan ätiýaçlandyryş şertlerini hasaba almak bilen bellenilýär.
7. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket
edýän we bes edýän möhleti
7.1. Ätiýaçlandyryş şertnama baglaşylan güni sagat 24-de başlanýar we şertnamada göz öňünde tutulan möhletiň soňky güni sagat 24-de tamamlanýar.
7.2. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bes edýär, eger-de:
- ätiýaçlandyryş şertnamanyň hereket edýän möhleti tamamlansa;
- Ätiýaçlandyryjy şertnama boýunça borçlaryny doly möçberde ýerine ýetiren halatynda;
- Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklaryny) ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen möçberlerde we möhletlerde tölemese;
- Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň guramasy ýapylanda;
- Ätiýaçlandyryjynyň talaby (başlangyjy) boýunça, Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş Kadalaryny bozan halatynda;
- Ätiýaçlandyrýanyň talaby (başlangyjy) boýunça, eger ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylandan soň Ätiýaçlandyryjynyň öwezini doluş tölegini tölemäge ýagdaýynyň ýokdygy bilinse.
8. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda taraplaryň
hukuklary we borçlary
8.1. Ätiýaçlandyrýan öz emlägini üçünji taraplar üçin bellenen howpsuzlyk kadalaryny we talaplaryny bozmak bilen hereket etmeli, ulanmaly we saklamaly däldir.
8.2. Eger bu ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň derejesiniň ýokarlanmagyna täsir edip bilse, Ätiýaçlandyrýan işiniň häsiýetiniň islendik üýtgemesi hakynda haýal etmän Ätiýaçlandyryja habar bermäge borçludyr.
8.3. Ätiýaçlandyrýanyň zyýan ýetirmegi netijesinde üçünji tarapdan Ätiýaçlandyrýanyň zyýanyň öwezini dolmagyny soraýan talap gelse, ýagny ätiýaçlandyryş halaty ýüze çyksa, onda Ätiýaçlandyrýan şulara borlçudyr:
- haýal etmän, ýöne 3 günden gijä galman ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygy hakynda Ätiýaçlandyryja ýazmaça habar etmäge (№ 4 goşundy);
- zyýan etmeginiň halaty boýunça ygtyýarly edaralaryň hereketiniň başlandygy hakynda habar etmäge (sebäbini anyklamak, derňew geçirmek, kazyýete çagyrmak we ş.m.);
- zyýan getiren ähli ýagdaýlar hakynda takyk we dogry maglumatlary habar bermäge we Ätiýaçlandyryja şertnama boýunça öwezini doluş tölegini tölemek üçin netije çykarmaga zerur bolan resminamalary bermäge;
- üçünji tarapa zyýan ýetirilenden soň etmeli hereketleri hakynda Ätiýaçlandyryjy bilen maslahatlaşmaga;
- Ätiýaçlandyryjynyň ýazmaça razylygy bolmazdan zyýanyň öwezini meýletin dolmak, öz jogapkärçiligini doly ýa-da kem-käsleýin boýun almazlyga hakynda teklipleri etmezlige.
8.4. Ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu bölümiň 8.1-8.3-nji bölümlerinde görkezilen borçlarynyň bozulan ýagdaýynda bu bozulma sebäpli üçünji tarapa ýetirilen zyýanyň sebäbini doly ýa-da kem-käsleýin anyklamak ýa-da zyýanyň möçberini kesgitlemek mümkin bolmasa, Ätiýaçlandyryjynyň öwezini dolmakdan degişli möçberde boýun gaçyrmaga haky bardyr.
8.5. Ätiýaçlandyryş halaty bolan ýagdaýynda Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:
- zyýanyň öwezini dolmakda borjunyň barlygyny we nähili möçberdedigini barlamaga;
- eger talap esasly bolsa, zyýanyň öwezini dolmaga;
- zyýanyň öwezini dolmak boýunça esaslandyrylmadyk talaplary gaýtarmaga.
8.6. Eger talap beriji bilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça iş kazyýet garamagyna ýetirilse, onda Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýanyň adyndan we onuň tabşyrygy bilen kazyýetde işi alyp barmaga haky bardyr. Eger Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryjyny bu hukugyndan peýdalanmagyndan boýun gazyrsa, onda Ätiýaçlandyrýanyň bu hili hereketiniň netijesinde zyýanyň artmagyna getiren möçberinde Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boşadylýar.
9. Zyýanyň möçberini kesgitlemek we ätiýaçlandyryş öwezini
doluş tölegini tölemek
9.1. Üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna şikes ýetirilmegi sebäpli zyýanyň möçberini kesgitlemek we ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegleri Ätiýaçlandyryjy tarapyndan zyýanyň netijeleri we ýagdaýy hakyndaky ygtyýarly edaralaryň (saglygy goraýyş edaralarynyň, hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparlarynyň we ş.m.) beren resminamalarynyň esasynda amala aşyrylýar.
9.2. Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde şahsy tarap şikes alnanda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň dekabr aýynyň 24-inde çykaran № 1070 karary bilen tassyklanylan, howa, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil ulaglarynyň ýolagçylarynyň hökmany döwlet ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemek üçin şikesleriň agyrlyk derejesini kesgitlemegiň Kadalaryna laýyklykda hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň delilihaty (№ 195 görnüş) esasynda tölenilýär (№ 5 goşundy).
Şahsy taraplaryň saglygyna ýetirilen şikes üçin ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegi olara durmuş ätiýaçlandyryşy we üpjünçiligi boýunça degişli bolan pul möçberlerine garamazdan tölenilýär.
9.3. Üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýanyň möçberi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky ykrarnamanyň maglumatlarynyň (№ 6 goşundy), zyýan çeken emlägiň hakyky bahasynyň, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň we başga resminamalaryň, ygtyýarly edaralaryň ätiýaçlandyryş halatynyň bolmagynyň sebäpleri hakyndaky beren netijesiniň esasynda kesgitlenilýär.
9.4. Zyýanyň möçberi hakynda taraplaryň arasynda jedeller ýüze çykan ýagdaýynda, tarapyň her birisi ekspertizanyň geçirilmegini talap etmäge hukugy bardyr. Ekspertiza onuň geçirilmegini talap eden tarapyň hasabyna geçirilýär.
9.5. Üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan üçin ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi şular ýaly tölenilýär:
- emläk doly ýok bolan ýagdaýynda bar bolan galyndylaryň bahasyny aýyrmak bilen, emlägiň hakyky bahasynyň möçberinde, ýöne ätiýaçlandyryş pul möçberinden (Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çäginden) ýokary bolmadyk möçberlerde;
- emläge bölekleýin zyýan ýetirilen halatynda dikeldiş çykdajylarynyň möçberinde, ýagny, zyýan çeken ätiýaçlandyrylan emlägiň ätiýaçlandyryş halatyndan öňki ýagdaýyndaky derejesinde dikeltmeklik üçin zerur bolan çykdajylaryň möçberinde.
9.6. Üçünji tarapyň emlägine zyýan ýetirilen ýagdaýynda, eger bu hadysalar ätiýaçlandyryş halatlary diýlip ykrar edilse ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberine çak edilýän ätiýaçlandyryş halatlary boýunça kazyýetde işleri alyp barmaklygyň çykdajylary hem goşulýar.
9.7. Üçünji tarapyň emlägine zyýan ýetirilmegi sebäpli ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin Ätiýaçlandyrýan aşakdaky resminamalary Ätiýaçlandyryja bermelidir:
- ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (öwezini doluş) tölegini üçin arzany (№ 4 goşundy);
- ätiýaçlandyryş halatynyň bolmagynyň sebäbi hakyndaky ygtyýarly edaralaryň resminamalaryny, netijelerini;
- abatlamagyň ygtyýarly guramalar tarapyndan düzülen dikeldiş hasaplamalaryny.
- ýüze çykan ätiýaçlandyryş halaty sebäpli Ätiýaçlandyrýana bildirilýän talaplary;
- ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny – polisini (№ 2 goşundy).
Emlägiň ýok bolmagy ýa-da oňa zyýan ýetmegi bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryş öwezini doluş puluny tölemek üçin hasaplama delilhaty – hasaplama esasynda geçirilýär (№ 7 goşundy)
9.8. Üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna ýetirilen zelel boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini almak üçin aşakdaky resminamalary bermek zerurdyr:
- üçünji taraplaryň saglygyna ýetirilen zelel üçin – bellenen görnüş boýunça arza (№ 4 goşundy), ätiýaçlandyryş şahadatnamasy – polisi (№ 2 goşundy), saglygy goraýyş edarasynyň № 195 görnüşindäki delilihaty (№ 5 goşundy);
- üçünji tarap aradan çykan ýagdaýynda - bellenen görnüş boýunça arza (№ 4 goşundy), ätiýaçlandyryş şahadatnamasy – polisi (№ 2 goşundy), ölüm hakyndaky şahadatnamanyň kepillendiriş tertipde tassyklanan göçürme nusgasy, mirasa bolan hukuk hakyndaky şahadatnama.
9.9. Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi we ätiýaçlandyryş pul möçberi ähli resminamalar alnandan soň 15 günüň içinde tölenilýär.
9.10. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi we ätiýaçlandyryş pul möçberi alyjynyň bankdaky atly goýumyna geçirmek ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň pulhanasyndan nagt pul arkaly ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde tölenilip bilner.
9.11. Eger ätiýaçlandyryş halaty sebäpli üçünji tarap aradan çykan bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi onuň mirasdüşerlerine tölenilýär.
9.12. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi tölenenden soň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenen şol möçbere azaldylan hasaplanylýar.
9.13. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi Ätiýaçlandyrýanyň görkezmesi boýunça gönüden-göni ejir çekene (çekenlere) tölenip bilner.
9.14. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini töländen soň tölenen puluň möçberinde Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da peýdasyna ätiýaçlandyryş baglaşylan tarapyň üçünji tarapa bolan ähli nägilelikleri we hukuklary Ätiýaçlandyryja geçýär. Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja ähli resminamalary bermäge we günäkär tarapa talap hukugyny bildirmek üçin zerur bolan ähli hereketleri etmäge borçludyr. Eger Ätiýaçlandyrýan ýa-da peýdasyna ätiýaçlandyryş baglaşylan tarap bu hili hukuklaryndan boýun gaçyrsalar ýa-da olaryň günäsi sebäpli bu hukugy amala aşyrmak mümkin bolmasa, onda Ätiýaçlandyryjy degişli möçberde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek borjundan boşadylýar, eger töleg eýýäm amala aşyrylan bolsa, onda Ätiýaçlandyrýan alan tölegini Ätiýaçlandyryja gaýtarmaga borçludyr.
Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýandan ejir çekene tölenen öwezini doluş tölegini aşakdaky ýagdaýlarda talap edip biler, ýagny, eger Ätiýaçlandyrýan tarapyndan zyýan:
- gödek geleňsizlik sebäpli ýetirilen bolsa;
- zerur bolan başarnyklary we ýörite rugsatnamalary talap edýän hereketleri eden bolsa we eger bular bellenen görnüşdäki resminamalar bilen tassyklanmadyk bolsa;
- serhoş ýagdaýda;
- jenaýat etmekliginiň netijesinde ýetrilen bolsa.
10. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça jedelleri çözmekligiň tertibi
10.1. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça Ätiýaçlandyryjynyň, Ätiýaçlandyrýanyň we üçünji taraplaryň arasynda ýüze çykýan ähli jedeller kazyýet tertibinde çözülýär.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň Baş direktorynyň
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna 2010 ý. ýanwar aýynyň « 04 » № 01 buýrugy bilen tassyklanan
Hünär jogapjärçiligini meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna
№1 goşundy
Hünär jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça
A R Z A
Ätiýaçlandyrýan _________________________________________________________________
Salgysy/telefony ________________________________________________________________
Esasy işi _______________________________________________________________________
Hünäriniň doly ady ______________________________________________________________
Hünär işine başlan senesi __________________________________________________________
Bölümleriniň we şahamçalarynyň salgylary ___________________________________________
______________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş obýekti ___________________________________________________________
Salgysy/telefony ________________________________________________________________
Esasy işi _______________________________________________________________________
Hünäriniň doly ady ______________________________________________________________
Hünär işine başlan senesi __________________________________________________________
Ýolbaşçylar we hyzmatdaşlar hakynda maglumatlar: hünäri, iş tejribesi, ýaşy, diplomy (№ we senesi, berlen hünär), hünär işiniň döwri ______________________________________________
__________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyrýan tarapyndan gullukçylaryň haýsydyr biri geleňsizligi ýa-da başga hili bozulmalar (bozulmalaryň görnüşini görkezmeli) üçin işden boşadyldymy ____________________________
______________________________________________________________________________
Goşmaça şertler _________________________________________________________________
______________________________________________________________________________
Kärhanada işleýänleriň sany _______________________________________________________
Iş hakynyň ýyllyk gaznasy (hasaplananyny bilen) ______________________________________
aşakdaky töwekgelçilikler boýunça hünär jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagy haýyş edýär:
a) üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýan;
b) üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan;
ç) üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýan.
Ätiýaçlandyryş möhleti 20__ý.“___“_________dan(den) 20__ý.“___“________çenli
Umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi _________________________________________________
(ýazmaça)
şol sanda şu töwekgelçilikler boýunça:
a) üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýan________________________________;
b) üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan _________________________________________;
ç) üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýan_______________________.
Hünär jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary bilen tanyşdym
___________________________
(Ätiýaçlandyrýanyň goly)
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň Baş direktorynyň
2010 ý. ýanwar aýynyň « 04 » № 01 buýrugy bilen tassyklanan
Hünär jogapjärçiligini meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna
№2 goşundy
Görnüş №118
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY
HÜNÄR JOGAPKÄRÇILIGINIŇ MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞY BOÝUNÇA
ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY-POLISI № ______
Tapgyry ____
ÄTIÝAÇLANDYRÝAN _________________________________________________
(guramanyň ady, şahsy tarapyň F.A.A.a.)
___________________________________________________________________
(hukuk salgysy, telefony, şahsy tarapyň ýaşaýan ýeri)
ÄTIÝAÇLANDYRYJY _________________________________________________
Bank maglumatlary_______________________________________________________________
Salgysy/telefony ________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş obýekti __________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti:
20__ý. «____»____________dan(den) 20__ý. «____» ___________ çenli.
Umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi _______________________________________________
___________________________________________________________________
(sanda we ýazmaça)
şol sanda şu töwekgelçilikler boýunça:
a) üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýan ________________________________
(möçberi sanda we ýazmaça)
b) üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan __________________________________________
(möçberi sanda we ýazmaça)
ç) üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýan _______________________
(möçberi sanda we ýazmaça)
______________________________________________________________________________________________
Şertnama boýunça franşiza (şertli, şertsiz)__________________________________________
Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) _________________________________________________
Töleg şertleri __________________________________________________________________
Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) öz wagtynda tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan erkindir.
Ätiýaçlandyryş pul möçberi hemme zerur bolan resminamalar alnandan soň 15 günüň dowamynda tölenilýär.
Beýleki şertler __________________________________________________________________
______________________________________________________________________________
M.Ý. Ätiýaçlandyryjy _______________________
(goly)
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-polisi 20__ý. „____“__________ berildi.
Hünär jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary bilen tanyşdym_________________
(Ätiýaçlandyrýanyň goly)
Bellik: Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly Ätiýaçlandyrýan ýüze çykan ýagdaý barada Ätiýaçlandyryja haýal etmän, ýöne 3 günden gijä galman habar bermäge borçludyr.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň Baş direktorynyň
2010 ý. ýanwar « 04 »№ 01 buýrugy bilen tassyklanan
Hünär jogapjärçiligini meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna
№3 goşundy
Hünär jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça
(ätiýaçlandyryş pul möçberine %-de)
N Y R H M Ö Ç B E R L E R I
t/b № |
Töwekgelçiligiň ady |
Ýyllyk nyrh möçberi |
|
-üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýan üçin |
0,5 |
|
-üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan üçin |
0,8 |
|
-üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýan üçin |
1,3 |
Her bir anyk halatda töwekgelçiligiň derejesinden we ätiýaçlandyryş pul möçberinden ugur almak bilen, ätiýaçlandyryş wznosynyň (baýragynyň) möçberleri bellenilen mahaly peseldiji (1,0-den 0,3 çenli) we ýokarlandyryjy (1,0-den 5,0 çenli) koeffisiýentleri ulanmak mümkindir.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň Baş direktorynyň
2010 ý. ýanwar « 04 » № 01 buýrugy bilen tassyklanan
Hünär jogapjärçiligini meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna
№ 4 goşundy
_________________________
(welaýat,şäher, etrap)
döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ________________________
________________________
(Ätiýaçlandyranyň ady. we salgysy)
tarapyndan
A R Z A
__________________________________________________________ bolup geçen
(ýyly, aýy, güni)
______________________________________________________bilen baglanyşykly
(ätiýaçlandyryş wakasynyň häsiýetini görkezmeli)
hünär jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemegiňizi Sizden haýyş edýärin.
Arza şu resminamalar goşulýar:____________________________________________________ ________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
___________________________________________________________________
___________________________________________________________________
___________________________________________________________________
20__ýylyň «___»______________ |
______________________ |
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
2005-nji ýylyň 20-nji awgustyndaky
№106 buýrugy bilen tassyklanylan
Görnüş № 195
№ 5 goşundy
№ __________________delilhatyna gözegçilik talony*
Raýat _______________________________________ (Familiýasy, ady,atasynyň ady) _____________________________________________
Doglan ýyly 19____ ý. «_____»__________________________ 20___ ýyldan «_____»_________________________ 20___ ýyla çenli bejergide boldy. Keseliň kesgitlemesi (doly) ___________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________ ______________________________________________ ______________________________________________ Öý salgysy: ____________________________________ ______________________________________________ ______________________________________________ Saglygy goraýyş kartasynyň № ________ Bejeriji lukman ________________________________ (Familiýasy) _________________ 20___ ý.______________ „____” (goly)
____________________________________________________ *Gözegçilik talony berlen delilhatlaryň hasabyny ýöretmek üçin hyzmat edýär |
|
______________________________________ Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna bermek (welaýat, etrap, şäher) üçin № 195 görnüşi D E L I L H A T Y №_____Berildi ____________________________________________________________ ýagny ol (näsagyň familiýasy, ady , atasynyň adywe doglan ýyly) 20___ ý. _________________ „______”-den 20___ ý. _________________ „_____”-çenli
________________________________________________________________________________ (bejeriş – öňüni alyş edaranyň ady) ________________________________________________________________________________ (keseliň kesgitlemesiniň doly adyny görkezmeli) ________________________________________________________________________________ _________________________________________________________ ýatymlaýyn ýa-da gatnaw şertlerinde bejerişde (degişlisiniň aşagyny çyzmaly) boldy. __________________________ dil üsti bilen beren maglumatyna görä _____________________ (haçan, nirede we nähili _________________________________________________________________________ şertlerde şikes alnypdyr) ________________________________________________________________________________ ________________________________________________________________________________ (haçan we nähili bejeriş çäreleriniň beýleki amallaryň geçirilendigini görkezmeli) __________________________________________ lukmançylyk kömegi berildi.
Bejeriji lukman _________ __________________________20___ ý. __________ „___” (goly) (familiýasyny düşnükli ýazmaly) Saglygy goraýyş edaranyň möhüri |
Rentgenogrammanyň netijesiniň beýany (eger-de berilen bolsa) ______________________ __________________________________________________________________________ __________________________________________________________________________ EKSPERT LUKMANYŇNETIJENAMASY__________________________________________________________________________
Duçar bolan şikeslenme _________ % möçberinde ätiýaçlyk pul möçberini tölemek üçin esas bolýar ________________________________________ esas bolmaýar _____________________________________ (gerek däliniň üstüni çyzmaly)
___________ maddasy boýunça _________% _________ maddasy boýunça __________% ___________ maddasy boýunça ________% __________ maddasy boýunça __________% ___________ maddasy boýunça ________% __________ maddasy boýunça __________% № ___________ bellik boýunça % ___________ maddasyna
Netijenama: gutarnykly ___________________________ deslapky ____________________________ (gerek däliniň üstüni çyzmaly)
20__ ý. _____________________ “_______”
Ekspert lukmany ______________________
|
Kesilmeli ýeri |
___________________ Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy (welaýat, etrap, şäher)
СÜWA GEÇMEGIŇ YKRARNAMASY(ekspert lukmany tarapyndan doldurylýar)
______________________________________________________________________ ______________________________________________________________________ (Ätiýaçlandyrylanyň familiýasy, ady) Arzy: ________________________________________ _____________________________________________ ______________________________________________ Aýdyň maglumatlary (bertikmegiň, alabeder tegmilleriň ýerleşişi we meýdany ýa-da santimetr ölçegi, daş keşbiniň durky bozulan bolsa onuň derejesi teswirlenmeli) ____________________ _____________________________________________ _____________________________________________ _____________________________________________
Bertikmäniň umumy meýdany ___________ sм 2 alabeder tegmilleriňki ___________________ sм 2 ______________________________________________
Eliň we barmaklaryň penje tarapynyň meýdany _________________________________ sм 2.
|
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň Baş direktorynyň
2010 ý. « 04 » ýanwar № 01 buýrugy bilen tassyklanan
Hünär jogapjärçiligini meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna
№6 goşundy
Hünär jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça
ÄTIÝAÇLANDYRYŞ HALATY HAKYNDAKY
Y K R A R N A M A
№______ nägilelige
1. Ätiýaçlandyryjy _______________________________________________________________
Salgysy______________________________________________________________________
2. Ätiýaçlandyrýan _______________________________________________________________
Salgysy______________________________________________________________________
3. Çagyrylan hünärmen___________________________________________________________
Salgysy______________________________________________________________________
4. 200__ ý. _______________ ____ №_____ ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-polisi
5. Ätiýaçlandyryş halatynyň senesi __________________________________________________
6. Nägilelik bildirilen senesi _______________________________________________________
7. Gözden geçirmegiň senesi_______________________________________________________
8. Ýetirilen zyýanyň teswiri:
a) üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýan üçin ____________________________
______________________________________________________________________________
______________________________________________________________________________
b) üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan üçin ______________________________________
______________________________________________________________________________
______________________________________________________________________________
ç) üçünji taraplaryň, ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýan üçin ___________________
______________________________________________________________________________
______________________________________________________________________________
______________________________________________________________________________
9. Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ýetirilen zyýana berilen baha _____________________________
______________________________________________________________________________
______________________________________________________________________________
______________________________________________________________________________
______________________________________________________________________________
______________________________________________________________________________
10. Abatlamak/çalyşmak talap edilýär________________________________________________
______________________________________________________________________________
______________________________________________________________________________
______________________________________________________________________________
______________________________________________________________________________
______________________________________________________________________________
______________________________________________________________________________
10. Bellik ______________________________________________________________________
______________________________________________________________________________
______________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryjy ______________________ (goly) |
Ätiýaçlandyrýan ______________________ (goly) |
Çagyrylan hünärmen _________________ (goly)
|
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň Baş direktorynyň
2010 ý. ýanwar aýynyň « 04 » № 01 buýrugy bilen tassyklanan
Hünär jogapjärçiligini meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna
№ 7 goşundy
Hünär jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça 20__ý.__________aýynyň «__» emlägiň ýok bolmagy (zyýan ýetmegi) bilen baglanyşykly_________________ätiýaçlandyryş öwezini doluş puluny tölemek üçin (guramanyň ady ýa-da F.A.A.a.)
DELILHATY - HASAPLAMA
Emlägiň görnüşi |
Ýetirilen zyýanyň möçberi |
1. __________________________________________ |
_______________________________ |
2. __________________________________________ |
_______________________________ |
3. __________________________________________ |
_______________________________ |
4. __________________________________________ |
_______________________________ |
5. __________________________________________ |
_______________________________ |
6.___________________________________________ 7.___________________________________________ |
_______________________________ ________________________________ |
Jemi ýetirilen zyýanyň möçberi (setir 1+2+3+4+5+6+7) ________________________________
Barlag geçirileninden soň emläk _____________________________ ätiýaçlandyrylan bolup çykdy.
(göterimini ýazmaça görkezmeli)
Ätiýaçlandyryş öwezini doluş pul möçberi____________________________________________________
(möçberini ýazmaça görkezmeli)
____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
Hasaplanylan ätiýaçlandyryş öwezini doluş pulundan şular tutulyp alyndy:
- tölenilen hakujynyň möçberi _______________________
- nobatdaky töleg _____________________________
Tölemage degişli öwezini doluş pul möçber ______________________________________________________________________________________________________________________________________
Ätiyaclandyryş guramasynyň ýolbaşçysy |
______________________________ ( goly) |
Baş buhgalter |
_____________________________ (goly) |
Döwlet atiyaclandyryş guramasynyň buhgalteriýasynyň belligi:
Atiyaclandyryş öwezini doluş puly 20___ý.________ aýynyň «___» karz edarasynda alyjynyň hasaplaşyk hasabyna __________________________________________________________ (möçberini ýazmaça görkezmeli)
________________________________________________________manat mocberde gecirildi.
Töleg tabşyrygy №___; çek №_____; ___ poçta göndermesi 20__ ý.________aýynyň «__».
Baş buhgalter _________________
(goly)