Ipotekany meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

22.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň Baş direktorynyň

2011-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda çykaran

03 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

 

Ipotekany meýletin ätiýaçlandyryş

KADALARY

 

Umumy düzgünler

 

1.1. Şu Kadalar Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat  Kodeksine, «Girew hakynda», «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001 belgili karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

1.2. Şu Kadalaryň içinde aşakdaky düşünjeler ulanylýar:

Ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan we ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) töleýän edara görnüşli we şahsy taraplar, şol sanda edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlar.

Ätiýaçlandyryjy – meýletin ipoteka ätiýaçlandyryşyny amala aşyrýan döwlet ätiýaçlandyryş guramasy, şeýle hem onuň düzümine girýän we şu ätiýaçlandyryş görnüşi boýunça ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň hereketi degişli bolan ätiýaçlandyryş guramalary.

Peýda alyjy –ätiýaçlandyryş öwezini doluş puluny alýan hökmünde ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen edara görnüşli ýa-da şahsy tarap.

Ipoteka – girew predmetini ulanmak hukugy bilen girew berijide ýa-da üçünji tarapda galdyrylýan, gozgalmaýan emlägiň girewidir.

Girew beriji – ipoteka şertnamasy bilen üpjün edilen şertnama boýunça bergidar bolup çykyş edýän tarap.

Ipotekaçy – «Girew hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Ätiýaçlandyrýan bolup biljek, ipoteka şertnamasy boýunça çykyş edýän algydardyr.

Ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi – ähtimallykda we tötänlikde ýüze çykmak alamaty bolan, ýüze çykmak halatyna ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän waka.

Ätiýaçlandyryş pul möçberi – ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen kesgitlenen  pul möçberi,  şondan ugur  alnyp ätiýaçlandyryş  wznosynyň (baýragynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň möçberi kesgitlenilýär.

Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) – Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bellenen tertipde we möhletlerde Ätiýaçlandyryja tölemäge borçly bolan ätiýaçlandyryş üçin tölegidir.

Ätiýaçlandyryş halaty – ýüze çykmagy bilen Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek borjuny döredýän ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen göz öňünde tutulan we bolan halat.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly tölemeli bolan ätiýaçlandyryş şertnamasyndaky pul möçberiniň çäklerinde bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberi.

1.3. Şu Kadalara laýyklykda Ätiýaçlandyryjy bilen Ätiýaçlandyrýan ipoteka baradaky şertnamada ýüze çykýan töwekgelçilikler boýunça ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşýarlar.

1.4. Ipotekany ätiýaçlandyryş şertnamasy (mundan beýläk - Ätiýaçlandyryş şertnamasy) boýunça Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan halaty ýüze çykan mahaly şertnamada bellenen tölege laýyklykda (mundan beýläk ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy)) Ätiýaçlandyrýana şol halat netijesinde ýetirilen we ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ýüze çykan zeleliň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş öwezini doluş puluny tölemek arkaly öwezini dolmaga borçlanýar.

1.5. Eger peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adamynyň ätiýaçlandyryşa kabul edilýän gozgalmaýan emlägiň abat saklanylmagyna emläk bähbitleri bar bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasy ipoteka şertnamasy boýunça islendik tarapyň (Ipotekaçynyň, Girew berijiniň) peýdasyna baglaşylyp bilner.

 

2. Ätiýaçlandyryş subýektleri

 

2.1. Ipoteka ätiýaçlandyryşynyň subýektleri Ätiýaçlandyryjylar we Ätiýaçlandyrýanlardyr.

2.2. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Girew goýujynyň özi bilen, şeýle-de ipoteka baradaky şertnama boýunça Ipotekaçy bolup durýan algydar bilen baglaşylyp bilner.

 

3. Ätiýaçlandyryş obýekti

 

3.1. Ondan-oňa geçirilmegi olaryň niýetlenilişine barabar zelel çekilmezden mümkin bolmadyk desgalar, şol sanda öz eýeçiliginde gozgalmaýan emläk bolan kärhanalar, binalar, desgalar, ýaşaýyş jaýlary, öýler, beýleki senagat toplumlary we Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly gozgalmaýan emläge degişli edilen beýleki emläkler ipoteka ätiýaçlandyryşynyň obýekti bolup durýarlar.

 

4. Ätiýaçlandyryş halaty

 

4.1. Şu Kadalaryň esasynda baglaşylan Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş halatlaryna şular degişlidir:

- ýangyn ýa-da ýangyn netijesinde ýetirilen beýleki zelel;

- tebigy heläkçilikler (ýer titremesi, wulkanyň atylyp çykmagy ýa-da ýerasty oduň täsiri, ýer süýşmegi, dag ýumrulmagy, ýyldyrym urmagy, sil, harasat, tüweleý, tupan, suw joşmagy, suw basmagy, ýerasty suwlaryň galmagy zerarly suw almagy we başgalar);

- suw geçiriji, lagym, ýyladyş ulgamlaryndan we ýangyn söndüriş ulgamlaryndan suw arkaly ätiýaçlandyrylan emläge zelel ýetmegi;

- dolandyrylýan uçýan zatlaryň ýa-da olaryň döwük-ýenjikleriniň ätiýaçlandyrylan emlägiň üstüne gaçmagy;

- gapy döwülip ogurlyk edilmegi, talaňçylyk we garakçylyk;

- üçünji taraplaryň hyýanatçylykly hereketlerinden ätiýaçlandyrylan emläge zelel ýetmegi.

Ýangyn netijesinde bolmadyk ot sebäpli ýüze çykan zelel, şeýle hem ony gaýtadan işläp geçmek maksady bilen ýa-da beýleki maksatlar bilen ot, ýylylyk ýa-da beýleki termiki täsir etmek arkaly onuň işlenilip geçilmegi netijesinde gozgalmaýan emläge ýetirilen zelel ätiýaçlandyryş bilen üpjün edilmeýär we öwezi dolunmaýar.

4.2. Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemäge borçly bolan ätiýaçlandyryş halatlarynyň sanawy Ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenilýär ýa-da ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisinde görkezilýär. Şeýlelikde, görkezilen sanawda şu Kadalarda atlandyrylyp geçilen ähli ätiýaçlandyryş halatlary ýa-da olaryň käbirleri görkezilip bilner.

 

5. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagy

 

5.1. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasy (№1, №1a-b goşundylar) esasynda ipoteka baradaky şertnamanyň hereket edýän möhletine baglaşylýar.

5.2. Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja arza bilen bir wagtda şulary berýär:

  • dörediş resminamalarynyň, ygtyýarnamalaryň esasynda Ätiýaçlandyrýan öz işini amala aşyrýan beýleki ýa bolmasa gozgalmaýan emläge eýelik edýändigi baradaky resminamalaryň tassyklanylan göçürme nusgalaryny;
  • Ätiýaçlandyrýan - şahsy adam üçin - pasport maglumatlaryny;
  • ipoteka baradaky şertnamanyň göçürme nusgasyny;
  • gozgalmaýan emläk üçin hukuklaryň bir bitewi jemagat sanawynda eýeçilik hukugynyň we girew hukugynyň bellige alnandygyny tassyklaýan resminamany;
  • töwekgelçiligiň derejesine baha bermek üçin düýpli ähmiýeti bolup biljek, Ätiýaçlandyrýana mälim bolan ähli ýagdaýlar baradaky beýleki maglumatlary;
  • ätiýaçlandyryşa alynýan töwekgelçilige degişli bolan beýleki resminamalary.

5.3. Ätiýaçlandyrýan şertnama baglaşylan mahaly Ätiýaçlandyryja howpuň ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy üçin düýpli ähmiýeti bolan, özüne mälim bolan ähli ýagdaýlary habar bermelidir. Ätiýaçlandyryjynyň şertnamadan boýun gaçyrmak ýa-da onyň mazmunyny üýtgetmek bilen baglaşmak baradaky çözgüdine täsir edip biljek ýagdaýlar düýpli ýagdaýlardyr. Şolar barada Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýandan ýazmaça aç-açan we iki hili many bolmazdan sorajak ýagdaýlary hem düýpli ýagdaýlar hasaplanylýar.

5.4. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly Ätiýaçlandyrýan bilen Ätiýaçlandyryjynyň arasynda şu düýpli şertler boýunça ylalaşyk gazanylmalydyr:

  1. ätiýaçlandyryş obýekti bolan emläk bähbidi barada;
  2. ätiýaçlandyryş halaty ýa bolmasa 4.1. bölekde görkezilen halatlar barada;
  3. ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti we ätiýaçlandyryş pul möçberi hakynda;
  4. tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş wznosynyň (baýragynyň) möçberi we möhletleri hakynda;
  5. ätiýaçlandyryş öwezini doluş puluny tölemegiň şertleri we tertibi barasynda.

5.5. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-polisi ýazmaça görnüşde düzülýär, onuň berjaý edilmezligi onuň hakyky bolmazlygyna getirýar.

5.6. Eger Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-polisi (№2 goşundy) berlen bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan hasap edilýär. Zerurlyk ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyryş şertnamasyna ýa-da ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna - polisine ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) tölemegiň tertibi (№2-a goşundy) goşulýar.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-polisi ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasy ýitirilen ýa bolmasa ýok edilen halatynda kanunçylyga laýyklykda ýitirilen diýilip yglan edilende, Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasy boýunça öwezligini bermegiň çykdajylaryny tölemäge borçlanmagy bilen, onuň öwezligi berilýär.

5.7. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu Kadalaryň taraplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşmagy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyna Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara garşy gelmeýän başga şertler girizilip biliner.

5.8. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan güni sagat 24-de güýje girýär we şertnama arkaly göz öňünde tutulan möhletiň iň soňky güni sagat 24-de tamamlanýar.

 

6. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň ýokarlanmagynyň

getirýän netijeleri

 

6.1. Ätiýaçlandyrýan şertnama baglaşylandan soň ýüze çykýan şertnamanyň baglaşylmagyna düýpli täsir edip biljek howpuň ýokarlanmagy hakynda Ätiýaçlandyryja haýal etmän habar bermäge borçludyr.

Şeýle halatda Ätiýaçlandyryjynyň bir aýlyk möhleti berjaý etmek bilen, şertnamany bozmaga ýa-da degişlilikde ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) artdyrmaga talap etmäge haky bardyr. Eger Ätiýaçlandyrýan howpuň artmagyny bilgeşleýin emele getiren bolsa, Ätiýaçlandyryjy bir aýlyk möhleti berjaý etmezden şertnamany bozup biler.

6.2. Eger töwekgelçiligiň derejesi ýokarlansa we Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja bu barada habar bermese, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly oňa ätiýaçlandyryş öwezini doluş puluny tölemekden boýun gaçyrmaga ýa bolmasa ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberini azaltmaga haky bardyr.

6.3. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrylan obýekt boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň töwekgelçiliginiň derejesi ýokarlanan mahaly ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) ýokarlandyrmaga haky bardyr.

Eger Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş wznosynyň (baýragynyň) ýokarlandyrylmagy bilen razy bolmasa, onda Ätiýaçlandyryjynyň  ätiýaçlandyryş şertnamany bozmagy talap etmäge haky bardyr.

6.4. Taraplaryň borçnamalary ätiýaçlandyryş şertnamasy bozulan pursatyndan başlap bes edilýär.

Jedel bar mahaly Ätiýaçlandyryş şertnamasyny bozmak hakyndaky mesele kazyýet tarapyndan çözülýär we kazyýetiň çözgüdi güýje giren pursatyndan başlap ätiýaçlandyryş şertnamasy bozulan hasap edilýär.

Eger-de kanun arkaly başgaça bellenilmedik bolsa, onda taraplaryň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bozulan pursatyna çenli borçnama boýunça özleriniň ýerine ýetirenleriniň gaýtarylyp berilmegini talap etmäge haklary ýokdur.

6.5. Eger-de ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň ýokarlanmagyna getiren ýagdaý eýýäm aradan aýrylan bolsa, onda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertnamasyny bozmagy talap etmäge haky ýokdur.

6.6. Ätiýaçlandyryjynyň töwekgelçiligiň derejesiniň ýokarlanandygyna ýa-da ýokarlanmandygyna garamazdan, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän islendik elýeterli usullar bilen ätiýaçlandyrylan emlägiň ýagdaýyny we bahasyny, şeýle hem Ätiýaçlandyrýan tarapyndan özüne habar berlen maglumatlaryň dogrudygyny barlamaga hukugy bardyr.

 

7. Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy)

 

7.1. Ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş pul möçberinden göterimlerde (№3 goşundy) kesgitlenýär.

7.2. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş tölegini (baýragyny) ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny - polisini alandan soň tölemäge borçlydyr.

Ilkinji ýa-da bir gezeklik ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.

7.3. Eger-de ätiýaçlandyryş şertlerinde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda ätiýaçlandyryş tölegi (baýragy) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň kesgitlenen pulunda tölenilýär.

7.4. Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) bir wagtda ýa-da möhletlere bölünip tölenilip bilner:

7.4.1. tölegiň nagt däl görnüşi ulanylan mahaly Ätiýaçlandyryjynyň hasaplaşyk hasabyna geçirmek bilen;

7.4.2. ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly nagt pulda Ätiýaçlandyryjynyň pulhanasynyň üsti bilen.

7.5. Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) möhleti gaýra goýlan tölegler bilen tölenilen mahaly taraplar ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisinde tölegi tölemegi gaýra goýmagyň anyk tertibini, şeýle hem tölenmegi gaýra goýlan ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklaryny) tölemegiň möhletleri hem-de möçberleri boýunça çäklendirmeleri we talaplary, möhleti gaýra goýlan tölegleri tölemek bilen baglanyşykly taraplaryň jogapkärçiligini kesgitleýärler.

7.6. Ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) tölemegiň güni diýlip, hasaplanylýar:

  • nagt däl tölegde - bank tarapyndan Ätiýaçlandyrýanyň hasabyndan çykarylan güni;
  • nagt pulda tölenen mahaly - banka we Ätiýaçlandyryjynyň pulhanasyna pul serişdeleri tölenen güni.

7.7. Eger ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) wagtynda tölenilmedik bolsa, Ätiýaçlandyryjy şony tölemek üçin iki hepdelik möhleti kesgitläp biler. Şunda möhletiniň geçirilmeginiň getirýän netijeleri görkezilmelidir.

Eger şol möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty ýüze çyksa we şol wagta çenli Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragy) tölemegiň möhletini geçirse, Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

7.8. Töwekgelçilik gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş şertleri we ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi we gaýtadan ätiýaçlandyryşyň şertlerini nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.

 

8. Ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

8.1. Binalaryň, desgalaryň we beýleki gozgalmaýan emläkleriň ätiýaçlandyryş pul möçberi Ätiýaçlandyrýan bilen Ätiýaçlandyryjynyň ylalaşmagy esasynda – könelmegini aýyrmak bilen, balans ýa-da hakyky bazar nyrhynda (resminama bilen esaslandyrylan), ýa-da hakyky satyn alnan bahasy boýunça (resminama bilen esaslandyrylan) kesgitlenýär, ýöne gozgalmaýan emlägiň hakyky bahasyndan ýokary bolmadyk möçberde bellenilýär.

8.2. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş bahasyndan pes (doly däl ätiýaçlandyryş) bellenilip bilner. Şeýle şertlerde Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyryş pul möçberiniň ätiýaçlandyryş bahasyna bolan gatnaşygyna deňeçerlikde Ätiýaçlandyrýanyň çeken zeleliniň bir böleginiň öwezini dolmaga borçludyr.

8.3. Haçan-da ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi ätiýaçlandyryş bahasynyň diňe bir bölegine ätiýaçlandyrylan halatynda Ätiýaçlandyrýanyň ähli ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş bahasyndan geçmeýän şertlerinde goşmaça ätiýaçlandyryşy, şol sanda beýleki Ätiýaçlandyryjyda amala aşyrmaga haky bardyr.

8.4. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş bahasyndan, şol sanda şol bir obýektiň iki ýa-da birnäçe Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrylyşy (goşa ätiýaçlandyryş) netijesinde geçse, Şertnama ätiýaçlandyryş pul möçberiniň ätiýaçlandyryş bahasyndan geçýän böleginde hakyky däldir.

8.5. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň artdyrylmagy Ätiýaçlandyrýanyň aldamagy sebäpli bolsa, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertnamasyny hakyky däl diýip ykrar etmegi talap etmäge we oňa ýetirilen zeleliň öwezini dolmakdan boýun gaçyrmaga haky bardyr.

8.6. Ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň hakyky bahasyna laýyk gelmegi her bir ätiýaçlandyrylan obýekt boýunça aýratynlykda ýa-da ygtyýarly edaralaryň resminamalary esasynda ýa seljeriş taýdan baha bermek arkaly ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisinde görkezilen desgalaryň jemi boýunça bellenilýär.

8.7. Eger ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda möhletlere bölünip tölenýän bolsa we ätiýaçlandyryş pul möçberiniň ýokarlandyrylan pursatyna çenli ol doly tölenilmedik bolsa, ätiýaçlandyryş wznosynyň (baýragynyň) galan bölegi azaldylan ätiýaçlandyryş pul möçberine deňeçerlikde azaldylan möçberde tölenilmelidir.

 

9. Franşiza

 

9.1. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda taraplar Ätiýaçlandyryjy tarapyndan öwezi dolunmaýan, belli bir möçberden geçmeýän ýitginiň - Ätiýaçlandyryjyny ýitginiň öwezini dolmakdan boşadýan franşizanyň möçberini ylalaşyp bilerler.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisinde) şertli we şertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.

9.2. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisinde) şertli franşiza bellenilen mahaly Ätiýaçlandyryjy, eger ýetirilen zeleliň möçberi franşizadan geçmeýän bolsa, jogapkärçilikden boşadylýar, eger onuň möçberi franşizanyň möçberinden geçýän bolsa, ýetirilen zeleliň öwezi doly dolunmaga degişlidir.

9.3. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisinde) şertsiz franşiza bellenilen mahaly Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizany aýryp, ýetirilen zeleliň möçberi bilen kesgitlenilýär.

9.4. Franşiza taraplaryň ylalaşmagy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly ätiýaçlandyryş pul möçberine göterim gatnaşygynda ýa-da pul  görnüşinde kesgitlenilýär.

9.5. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisinde) franşiza ylalaşylan bolsa, onda ol Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda olaryň sanyna garamazdan, ähli ýetirilen zelellere ulanylýar.

 

10. Ätiýaçlandyryş jogapkärçiliginiň möçberi

 

10.1. Ätiýaçlandyryş pul möçberi Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çägidir. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda bir halat boýunça jogapkärçiligiň möçberi bellenilen bolsa, şol bir ätiýaçlandyryş halaty bilen ýüze çykan ähli zeleller boýunça möçberi, şol sanda zeleleň öňüni almak ýa-da ony peseltmek boýunça we çäkleri arassalamak boýunça çykdajylar şol bellenilen möçberden geçip bilmez.

10.2. Eger ätiýaçlandyrylan emläk boýunça ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan pursatda beýleki ätiýaçlandyryş şertnamalary hereket edýän bolsa, çekilen zelel boýunça öwezini dolmak her bir Ätiýaçlandyryja emläk ätiýaçlandyrylan ätiýaçlandyryş pul möçberlerine deňeçerlikde paýlanylýar.

10.3. Ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly Ätiýaçlandyryjy tarapyndan öwezi dolunýan zeleliň sanawy ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenilýär ýa-da ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisinde görkezilýär. Şunda görkezilen sanawa öwezi dolunýan zeleliň şu Kadalarda sanalyp geçilen görnüşleriniň hemmesi hökmünde hem we olaryň käbiri hökmünde hem girizilip bilner.

 

11. Ätiýaçlandyryş jogapkärçiligine girmeýän halatlar

 

11.1. Ätiýaçlandyryjy islendik halatda şular netijesinde ýüze çykan halatlar boýunça jogapkärçilik çekmeýär:

11.1.1. ýadro partlamasynyň, radiasiýanyň we radioaktiw zäherlenmesiniň täsiri;

11.1.2. her hili harby hereketler, köpçülikleýin tertipsizlikler, ätiýaçlandyrylan emlägiň we zatlaryň döwlet edaralarynyň görkezmesi boýunça ýok edilmegi ýa-da olara zeper ýetmegi, bahasy tölenilmän elinden alynmagy, rekwiziýa edilmegi we tussag edilmegi;

11.1.3. Ätiýaçlandyrýanyň  bet niýeti ýa-da gödek seresapsyzlygy;

11.1.4. ipoteka baradaky şertnamanyň ulanylýan kanunçylyga laýyk gelmezligi we/ýa-da görkezilen şertnamalaryň kazyýet tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilmegi.

11.2. Ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilmeýän wakalar, eger:

11.2.1. nägileligiň meselesi ipoteka baradaky şertnamanyň özi bilen baglanyşykly bolmadyk zeleliň öwezini dolmak bolsa;

11.2.2. nägileligiň meselesi ahlak taýdan ýetirilen zeleliň öwezini dolmak bolsa;

11.2.3. nägileligiň meselesi ipoteka baradaky şertnama bilen üpjün edilen şertnamanyň taraplarynyň arasyndaky dilleşigiň netijesinde ýüze çykan zeleliň öwezini dolmak bolsa.

11.3. Şu zelleleriň ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen üsti dolunmaýar:

11.3.1. ipoteka bilen üpjün edilen borçnamalaryň göwnejaý däl ýagdaýda ýerine ýetirilmegi bilen ýüze çykan hümmet tapawudy, jerime çäreleri, möhleti geçirilenligi üçin göterimler we beýleki gytaklaýyn çykdajylar bilen emele gelenleri;

11.3.2. keseki pul serişdeleriniň hukuga ters ulanmagy üçin göterimleri tölemek bilen baglanyşyklylary;

11.3.3. gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly salgytlar, ýygymlar ýa-da beýleki tölegler boýunça girew berijiniň bergilerini üzmäge gönükdirilen çykdajylary çekmek bilen baglanyşyklylary;

11.3.4. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda bolup geçen hem bolsa, ýüze çykmagynyň sebäpleri Ätiýaçlandyryş şertnamasy güýje girmänkä hereket edip başlan halat netijesinde Ätiýaçlandyrýanyň çeken zeleli.

11.4. Gozgalmaýan emlägiň ýok bolmagynyň (ýok edilmeginiň), ýitirilmeginiň (ýitmeginiň), oňa zeper ýetmeginiň töwekgelçiligi boýunça ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly Ätiýaçlandyryjy şularyň öwezini dolmaýar:

11.4.1. kanunyň, öz tertipnamalarynyň ýa-da beýleki kadalaşdyryjy namalaryň güýji netijesinde ýangyn söndürmek boýunça, şonuň ýaly-da ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça üsti dolunýan zelelleriň öňüni almak ýa bolmasa olary azaltmak boýunça çäreleri görmäge borçly ýangyn söndüriji gulluklaryň hyzmatlaryny tölemek baradaky çykdajylar;

11.4.2. ätiýaçlandyrylan jaýlara açyk gapylardan, penjireden ýa-da binadaky beýleki deşiklerden ýagyşyň, garyň, dolynyň ýa-da hapanyň aralaşmagy netijesinde ýüze çykan zelel;

11.4.3. ätiýaçlandyrylan binalaryň we desgalaryň weýran bolmagy bilen ýetirilen zelel, eger olaryň köneligi, kem-käsleýin weýran bolmagy ýa-da olara uzak wagtlap ulanylmagy netijesinde zeper ýetmegi muňa sebäp bolsa;

11.4.4. gurluşyklaryň ýa-da olaryň bir böleginiň ýykylmagy, eger şeýle ýykylmak ätiýaçlandyryş halatyny ýüze çykarmasa;

11.4.5. ätiýaçlandyryş halaty wagty ýa-da gönüden-gönüi şondan soň emlägiň ogurlanmagy ýa-da dagadylmagy.

 

12. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny ýatyrmagyň tertibi we şertleri

 

12.1. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu halatlarda ýatyrylýar:

  1.  hereket edýän möhleti tamamlananda;
  2.  Ätiýaçlandyryjy şertnama boýunça Ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalaryny ýerine ýetirende;

ç) Ätiýaçlandyrýan bellenilen möhletlerde ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklaryny) tölemese - tölemek baradaky duýduryş berilmeginiň bir aýlyk möhletiniň tamamlanmagy boýunça;

d) ulanylýan kanunçylyk bilen bellenilen tertipde Ätiýaçlandyryjynyň   ýa-da Ätiýaçlandyrýanyň - edara görnüşli tarapyň işi meýletin ýa-da mejbury bes edilende;

e) ätiýaçlandyryş şertnamasy kazyýetiň çözgüdi boýunça hakyky däl diýlip ykrar edilende;

ä) kanunçylyk namalary bilen göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

12.2. Eger munuň özi ulanylan kanunçylygyň kadalaryna laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri bilen ýa-da taraplaryň özara ylalaşmagy boýunça göz öňünde tutulan bolsa, onda ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça möhletinden öň bes edilip bilner.

12.3. Eger-de şertnama arkaly başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda taraplar ätiýaçlandyryş şertnamasyny möhletinden öň bes etmek meýli hakynda, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmeginiň çaklanylan senesine çenli azyndan bir aý öňünden birek-biregi habardar etmelidirler.

12.4. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy güýje girenden soň ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak mümkinçiligi aradan aýrylsa we düýpli ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi ätiýaçlandyryş halatyndan başga ýagdaýlar boýunça bes edilse, baglaşylan möhlet gelip ýetýänçä ätiýaçlandyryş şertnamasy bes edilýär. Hususan-da, Ätiýaçlandyrýanyň-edara görnüşli tarapyň telekeçilik işiniň bellenilen tertipde bes edilmegi şeýle ýagdaýlara degişlidir. Şunda Ätiýaçlandyryjynyň dowam edýän döwründe ätiýaçlandyryş şertnamasy hereket eden wagta deňeçerlikde ätiýaçlandyryş wznosynyň bir bölegine hukugy bardyr.

12.5. Ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner. Şu halatda Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana onuň girizen ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) dolulygyna gaýtaryp berýär.

Eger Ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyryşyň şu Kadalarynyň ýerine ýetirilmezligi bilen şertlenen bolsa, şonda ol, eger ätiýaçlandyryş şertnamasy arkaly başgaça kesgitlenilmedik bolsa, çekilen çykdajylary tutup galmak bilen, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketiniň geçmedik möhleti üçin Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) gaýtaryp berýär.

12.6. Ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner. Şu halatda çekilen çykdajylary tutup galmak bilen, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketiniň geçmedik möhleti üçin Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) gaýtaryp berýär.

Eger Ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyryşyň şu Kadalarynyň ýerine ýetirilmezligi bilen şertlenen bolsa, şonda ol, eger ätiýaçlandyryş şertnamasy arkaly başgaça kesgitlenilmedik halatynda, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketiniň geçmedik möhleti üçin Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) gaýtaryp berýär.

 

13. Taraplaryň hukuklary we borçlary

 

13.1. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:

13.1.1. Ätiýaçlandyrýany şu Kadalar bilen tanyşdyrmaga;

13.1.2. ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky arza we ähli zerur resminamalar (№4 goşundy) alnandan soň:

  1.  ätiýaçlandyryş halatynyň bolan ýerini gözden geçirmäge, ähli ýagdaýlary anyklamaga, ykrarnama düzmäge we hödürlenilen resminamalaryň esasynda (№5 goşundy) ýetirilen zeleliň möçberini kesgitlemäge;
  2.  ätiýaçlandyryş öwezini doluş puluny dolulygyna ýa-da kem-käsleiýin tölemek, tölemegi gaýra goýmak hakynda ýa-da tölemekden boýun gaçyrmak barada çözgüdi kabul etmäge;

ç) ätiýaçlandyryş öwezini doluş pul möçberiniň hasaplamasyny geçirmäge;

d) ätiýaçlandyryş öwezini doluş puluny wagtynda tölemäge.

13.1.3. öz hünär işi netijesinde Ätiýaçlandyrýan, onuň kontragentleri we olaryň emläk ýagdaýy hakynda özüniň alan maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulanlardan başga ýagdaýlarda.

13.2. Ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:

13.2.1. ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň ähtimallygyny we onuň ýüze çykmagyndan mümkin bolan zeleliň möçberini (ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi) kesgitlemek üçin düýpli ähmiýeti bolan özüne mälim bolan ähli ýagdaýlar hakynda habar bermäge.

13.2.2. ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) wagtynda tölemäge;

13.2.3. ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe:

  1.  haýal etmän, ýöne özüne mälim bolan pursatdan başlap üç gije-gündizden gijä galman Ätiýaçlandyryja, eger bu üýtgeşmeler ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň artmagyna düýpli täsir edip bilse, Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly Ätiýaçlandyryja habar berlen ýagdaýlarda özüne mälim bolan ep-esli üýtgeşmeler hakynda habar bermäge;
  2.  ätiýaçlandyryş halatynyň öňüni almak boýunça mümkin we zerur bolan ähli çäreleri görmäge;

ç) Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş obýektine degişli bolan ähli zatlara bökdençsiz gözegçilik etmäge mümkinçilik bermäge.

         13.2.4. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly:

  1.  ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy hakynda haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman Ätiýaçlandyryja we ygtyýarly edaralara ýazmaça görnüşde habar bermäge;
  2.  ätiýaçlandyryş halatynyň sebäpleri, baryşy we getirýän netijeleri hakynda, ýetirilen zeleliň möçberleri hakynda netije çykarmaga mümkinçilik berýän ähli maglumatlary Ätiýaçlandyryja ýazmaça görnüşde habar bermäge, şeýle hem ygtyýarly edaralaryň ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyny tassyklaýan resminamalaryny Ätiýaçlandyryja bermäge;

ç) zeleli azaltmak boýunça we ätiýaçlandyryş desgasyny halas etmek boýunça mümkin bolan ähli çäreleri görmäge;

d) Ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça Ätiýaçlandyryjynyň pikiriçe zeleliň häsiýetini, ýagdaýy we möçberini kesgitlemek üçin ähmiýeti bolan resminamalara erkin aralaşmak mümkinçiligini bermäge;

  1. zeleliň möçberini kesgitlemek üçin ähli resmilikleri ýerine ýetirmäge.

13.2.5. Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja beýleki ätiýaçlandyryş guramalary bilen ätiýaçlandyrylýan obýekt babatda baglaşylan ähli ätiýaçlandyryş şertnamalary barada habar bermäge borçludyr.

13.2.6. Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja ähli resminamalary we subutnamalary bermäge we ätiýaçlandyryş netijesinde öwezi dolunan zelel üçin jogapkär adama özüne geçen talap hukugyny Ätiýaçlandyryjynyň amala aşyrmagy üçin zerur bolan ähli maglumatlary ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyr.

Eger Ätiýçlandyrýan şeýle borçlardan boýun gaçyrsa ýa-da şol borçlary amala aşyrmak onuň günäsi bilen mümkin bolmasa, şonda Ätiýaçlandyryjy ýokarda görkezilen hereketler bilen oňa ýetirilen degişli zeleliň möçberinde ätiýaçlandyryş öwezini dolmasyny tölemek borçlaryndan boşadylýar.

Eger öwezini doluş puly eýýäm tölenen bolsa, Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja şol zelele laýyk gelýän pul möçberini gaýtaryp bermäge borçludyr.

13.2.7. Özbaşdak ýagdaýda ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça ipoteka baradaky şertnamanyň özi boýunça bergidara talap etmek hukugyny amala aşyrmak üçin zerur bolan ähli çäreleri we hereketleri görmelidir.

13.3. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bardyr:

13.3.1. Ätiýaçlandyrýanyň habar beren maglumatlarynyň ulanylýan kanunçylyga ters gelmeýän, özüne elýeterli islendik usul bilen ygtybarlylygyny barlamaga;

13.3.2. ätiýaçlandyryş şertnamasy we şu Kadalar bilen göz öňünde tutulan tertipde goşmaça maglumatlary sorap almaga;

13.3.3. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň talaplaryny we ätiýaçlandyryşyň şu Kadalarynyň düzgünlerini ýerine ýetirişini barlamaga;

13.3.4. Ätiýaçlandyrylan desga boýunça ätiýaçlandyryş wakasynyň ýüze çykmagynyň töwekgelçiligi artan mahaly Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň we goşmaça ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) tölemegiň şertlerini üýtgetmegi talap etmäge.

Eger Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň ýa-da goşmaça ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) tölemegiň şertlerini üýtgemäge garşylyk bildirýän bolsa, şonda Ätiýaçlandyryjynyň kanunçylyk arkaly kesgitlenilýän tertipde ätiýaçlandyryş şertnamasyny bozmaga haky bardyr;

13.3.5. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly ätiýaçlandyryş desgasyny gözden geçirmeli, zerurlyk ýüze çykan mahaly bolsa muňa degişli hünärmenleri çekmeli;

13.3.6. Ätiýaçlandyrýan ýangyna garşy howpsuzlygyň, jaýlary hem-de gymmatlyklary goramagyň, işleri geçirmegiň howpsuzlygynyň ulanylýan kadalaryny we ölçeglerini ýa-da şolar ýaly beýleki kadalary bozan mahaly, ýa bolmasa, eger şeýle bozulma Ätiýaçlandyrýanyň habarly bolmagynda ýol berilýän bolsa, şonda Ätiýaçlandyryja bozulmalar hakynda mälim bolan günden başlap bir aýyň dowamynda görkezilen bozulmalar düzedilýänçä ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketini duruzmaly.

13.4. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:

13.4.1. Ätiýaçlandyryjydan onuň maliýe taýdan durnuklylygyna degişli bolan we täjirçilik syry bolup durmaýan maglumatlary almaga;

13.4.2. eger ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan halatynda Ätiýaçlandyryjynyň şertnama boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmezliginiň anyk howpy bar mahaly ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklaryny) tölemekligi bes etmäge;

13.4.3. islendik wagtda birtaraplaýyn tertipde, eger munuň özi Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri bilen göz öňünde tutulan bolsa, Ätiýaçlandyryş şertnamasyny bozmagy talap etmäge;

13.4.4. ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe Ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşyp, ätiýaçlandyryş pul möçberini üýtgetmäge.

13.5. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen beýleki hukuklar we borçlar hem göz öňünde tutulyp bilner.

 

14. Zeleliň we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberini kesgitlemek

 

14.1. Ätiýaçlandyrylan gozgalmaýan emläge zeper ýetmegi, onuň ýok bolmagy (ýok edilmegi), ýitirilmegi (ýitmegi) netijesinde ýüze çykan zelele şu Kadalaryň çäklerinde zelel diýlip düşünilýär (göni zelel).

14.2. Ätiýaçlandyrýana ýetirilen zeleliň we tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan düzülen ykrarnamanyň ýa-da ygtyýarly edaralaryň resminamalarynyň esasynda kesgitlenilýär.

14.3. Emlägiň ýok bolmagynyň (ýok edilmeginiň), ýitirilmeginiň (ýitmeginiň), oňa zeper ýetmeginiň töwekgelçiligi boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi şu ýagdaýlarda tölenilýär:

  1. ätiýaçlandyrylan emläk doly (gurluş taýdan ýa-da hakykatda) ýok bolan mahaly mundan beýläk-de ulanmaga ýaramly galyndylarynyň bahasyny tutup galmak bilen, şu ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe könelmegini nazara alyp, onuň hakyky bahasyndan ugur almak arkaly;
  2. emläge kem-käsleýin zelel ýeten mahaly dikeldiş çykdajylarynyň çäklerinde.

Hasaplaşygyň şunuň ýaly tertibi hakyky doly bahasyna ätiýaçlandyrylan emlägiň ýok bolmagynyň (ýok edilmeginiň) töwekgelçiligi boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi tölenilen mahaly ulanylýar. Emma hasaplanylan pul möçberinden ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan pursatda emlägiň hakyky bahasyna  degişli ätiýaçlandyryş pul möçberiniň göterimi nähili bolsa, şol göterimde tölenilýär.

Ähli halatlarda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde geçirilýär.

Haçan-da şol emlägiň dikeldiş taýdan abatlanmagynyň bahasy ätiýaçlandyrylan wagtyndaky hakyky bahasyndan geçse, şol halatda ätiýaçlandyrylan emlägiň doly ýok bolmagy diýlip düşünilýär. Galan halatlarda ätiýaçlandyrylan emläk kem-käsleýin zelel ýeten ýa-da kem-käsleýin weýran bolan hasaplanylýar.

14.4. Dikeldiş çykdajylaryna enjamlar we ätiýaçlyk şaýlary üçin, abatlamak boýunça işlere tölemek üçin çykdajylar we ätiýaçlandyrylan emlägi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öň ýanyndaky ýagdaýyna dikeltmek üçin akylly-başly sarp edilen beýleki çykdajylar dikeldiş çykdajylaryna goşulýar.

14.5. Ätiýaçlandyrylan emlägi üýtgetmek we gowulandyrmak bilen baglanyşykly ýüze çykan goşmaça çykdajylar, wagtlaýyn ýa-da kömekçi ýagdaýda abatlamak bilen ýüze çykan çykdajylar, şeýle hem zerur bolanyndan artyk geçirilen beýleki çykdajylar dikeldiş çykdajylaryna goşulmaýar.

14.6. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde önümçiligiň zelelini azaltmak maksady bilen zerurlyk sebäpli ýüze çykan çykdajylary, şeýle hem hatda, eger degişli çäreler üstünlikli bolmasa-da, Ätiýaçlandyryjynyň görkezmelerini ýerine ýetirip Ätiýaçlandyrýanyň çeken çykdajylarynyň öwezi dolunmaga degişlidir.

 

15. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemegiň tertibi we şertleri

 

15.1. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş geçirilen halatda töwekgelçiligiň görnüşine baglylykda çekilen zeleliň sebäplerini, häsiýetini we möçberini tassyklaýan zerur resminamalar berlenden soň 15 gününiň dowamynda tölenilýär.

15.2. Ätiýaçlandyryjynyň şu halatlarda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemegi gaýra goýmaga haky bardyr:

  1. eger Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukuk ygtyýarlylygy barada jedel ýüze çyksa - zerur subutnamalar berilýänçä, ýöne ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek baradaky arzanyň gelip gowuşan gününden başlap bir aýdan köp bolmazdan;
  2. eger ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly ýagdaýlar boýunça jenaýat işi gozgalan, zeleliň ýüze çykmagyna getiren ýagdaýlaryň derňewleri geçirilýän ýa-da kazyýetde işe garamak başlanan bolsa - derňewler ýa-da kazyýetde işe garamak tamamlanýança.

15.3. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek hakyndaky meseläni çözmek üçin Ätiýaçlandyrýan №6-njy goşunda laýyklykdaky resminamalary bermelidir.

15.4. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi Ipotekaça tölenilýär.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi algydar bilen ylalaşylyp, Ätiýaçlandyrýana (ipoteka şertnamasy boýunça bergidara) dolulygyna ýa-da bölekleýin tölenilip bilner.

 

16. Ätiýçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boýun gaçyrmak

 

16.1. Ätiýaçlandyryjynyň şu halatlarda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boýun gaçyrmaga haky bardyr, ýagny:

16.1.1. Ätiýaçlandyrýan bilgeşleýin ýa-da gödek seresapsyzlyk bilen ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyny döretse;

16.1.2. şu halatynyň ýüze çykmagynyň sebäbi kadadan çykmalaryň möçberinde sanalyp geçilen wakalar, zeleller we çykdajylar bolsa;

16.1.3. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyrylan obýekt, ätiýaçlandyryşyň töwekgelçiliginiň derejesini  we zeleliň möçberini üýtgetmek barada bilgeşleýin galp maglumatlary habar beren bolsa;

16.1.4. Ätiýaçlandyrýan zeleliň ýetirilmegine günäkär tarapdan zeleliň degişli öwezini doluş puluny alan bolsa;

16.1.5. ygtyýarly edaralar ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyny tassyklamadyk bolsa;

16.1.6. kanunçylyk namalary we ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

16.2. Haçan-da Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryjy tarapyndan öweziniň dolunmagyna degişli zeleliň ýetirilendigi üçin jogapkär tarapa öz talap bildirmek hukugyndan boýun gaçyran bolsa ýa-da günäkär tarapa regres talabyny bildirmek Ätiýaçlandyrýanyň günäsi bilen mümkin bolmasa, şonda Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş pulunyň dolulygyna ýa-da onuň degişli bölegini tölemekden boşadylýar we onuň Ätiýaçlandyrýandan ätiýaçlandyryş öwezini doluş pulunyň tölenilen möçberini gaýtaryp bermegi talap etmäge haky bardyr.

16.3. Ätiýaçlandyryjy boýun gaçyrmagyň sebäplerini esaslandyrmak bilen, Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boýun gaçyrýandygy barada ýazmaça habar bermäge borçludyr.

16.4. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boýun gaçyrmagy barada Ätiýaçlandyrýan tarapyndan kazyýete şikaýat edilip bilner.

 

17. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hakyky däldigi

 

17.1. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat kodeksi, «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki kanunçylyk bilen göz öňünde tutulan esaslar boýunça hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.

17.2. Ätiýaçlandyryş şertnamasy hakyky däl bolan mahaly taraplaryň her biri beýleki tarapa, eger kanun arkaly şertnamanyň hakyky däldiginiň getirýän beýleki netijeleri göz öňünde tutulmadyk bolsa, şeýle şertnama boýunça geçmedik möhlet üçin alynan tölegleri gaýtaryp bermäge borçludyr.

 

18. Jedelleri çözmegiň tertibi we talap arzasyny bildirmegiň möhleti

 

18.1. Şu Kadalaryň şertlerinde baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasyndan gelip çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde çözülýär.

 


 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
Baş direktorynyň 2011 ýylyň „ 17 ” ýanwarynda

çykaran № 03 buýrugy bilen tassyklanan,

Ipotekany meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

№1 goşundy

 

_______________________________________

(ätiýaçlandyryş guramasynyň ady we salgysy)

 

Ipotekanyň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça

A R Z A

________________________________________________________________
(kärhananyň ady ýa-da şahsy adamyň - Ätiýaçlandyrýanyň  F., A., A.a.)

20__ ýylyň «___»_________-dan 20__ ýylyň «___» ________ aralygyndaky döwür üçin ipotekany meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagy haýyş edýär (teswiri goşulýar).

 

Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri _________________________________

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberi ____________________________________

__________________________________________________________
(ýazmaça we san bilen)

Başga ätiýaçlandyryş şertnamalary barmy___________________________
(ätiýaçlandyryş guramasyny,

__________________________________________________________
 ätiýaçlandyryşyň görnüşini, ätiýaçlandyryş pul möçberini we başgalary görkezmeli)

 

Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen möhletde tölenilmelidir. Eger bellenilen möhlete çenli ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) tölenilmese, şonda şertnama baglaşylmadyk hasap edilýär.

 

 

Ipotekany meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldy

Ätiýaçlandyrýan                                                 _________________
 (goly)

 

20___ ýylyň «____» _____________

 


 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
Baş direktorynyň 2011 ýylyň „ 17 ” ýanwarynda

çykaran № 03 buýrugy bilen tassyklanan,

Ipotekany meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

1 goşundy

GURLUŞYKLARYŇ WE ÖÝLERIŇ TESWIRI

20__ýylyň «___»__________ arza

Ätiýaçlandyrýan___________________________________________
                                                   (kärhananyň doly ady ýa-da raýatyň F.,A.,Aa)

 

Gurluşyklaryň we öýleriň atlary

Desganyň ýerleşýän ýeri

Häsiýetli alamatlary (materialy, möçberi, markasy, üçeginiň kysymy we başgalar)

Gurlan ýyly

Gatlarynyň sany

Hakyky bahasy

Ätiýaçlandyryş pul möçberi

Franşiza

Bellikler

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi __________________________________________________________________

 (möçberi ýazmaça)

Kärhananyň ýolbaşçysy ___________________________________________________________________________

 (familiýasy we goly)

M.Ý.

 

Baş buhgalter __________________________________________________________________________________

 (familiýasy we goly)

Ätiýaçlandyryjy_________________________________________________________________________________

 (wezipesi, familiýasy we goly)

20__ ýylyň «___»_____________

 

 


 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
Baş direktorynyň 2011 ýylyň „ 17 ” ýanwarynda

çykaran № 03 buýrugy bilen tassyklanan,

Ipotekany meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

1-b goşundy

EMLÄGIŇ (ENJAMLARYŇ) TESWIRI

20__ýylyň «___»______________ arza

Ätiýaçlandyrýan ___________________________________________
                 (kärhananyň doly ady ýa-da raýatyň F.,A.,Aa)

 

Emlägiň  (enjamlaryň) ady

Desganyň ýerleşýän ýeri

Esasy häsiýetnamalary
(markasy, modeli, öndürilen ýurdy we beýleki tapawutly alamatlary we başgalar)

Satyn alnan ýyly

Hakyky bahasy

Ätiýaçlandyryş pul möçberi

Franşiza

Bellik

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi  _____________________________________________________________________ _________________

(möçberi ýazmaça)

Kärhananyň ýolbaşçysy  ________________________________________________________________________________________________

 (familiýasy we goly)

M.Ý.

 

Baş buhgalter ________________________________________________________________________________________________________

(familiýasy we goly)

Ätiýaçlandyryjy_______________________________________________________________________________________________________

 (wezipesi, familiýasy we goly)

20__ ýylyň «___»_____________

 


 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
Baş direktorynyň 2011 ýylyň „ 17 ” ýanwarynda

çykaran № 03  buýrugy bilen tassyklanan,

Ipotekany meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

2 goşundy

Görnüş 116

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ  GURAMASY

IPOTEKANY MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞ BOÝUNÇA

ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY-POLISI _____

Tapgyry _____

Ätiýaçlandyrýan _________________________________________________________________________

Salgysy/telefony _________________________________________________________________________

Bank maglumatlary _______________________________________________________________________

Peýda alyjy_____________________________________________________________________________

Salgysy/telefony _________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryjy__________________________________________________________________________

Salgysy/telefony _________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş möhleti        20__ýylyň «_____»____________dan
                                            20__ýylyň «____» ___________ aralygy

Ätiýaçlandyryşyň hereket edýän ýeri _________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş obýekti____________________________________________________________________

Hakyky bahasy __________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş pul möçberi ________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri _____________________________________________________________

Nyrh möçberi ___________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy)____________________________________________________________

Franşiza (şertli, şertsiz) ____________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) tölemegiň tertibi we möhleti___________________________________

______________________________________________________________________________________

Beýleki şertler ___________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryjy

______________________
 

 

_________________________
(goly)

M.Ý.

Ätiýaçlandyrýan meýletin ipoteka ätiýaçlandyryşyň Kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldy ________________

(goly)

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-polisi 20___ýylyň «___» ____________berildi.

Bellik: Ätiýaçlandyryş halaty bolan ýagdaýynda, Ätiýaçlandyrýan haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman Ätiýaçlandyryja habar bermäge borçludyr. Birinji ýa-da bir gezeklik ätiýaçlandyryş baýragy öz wagtynda tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan erkindir. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi hemme zerur resminamalar alnandan soň 15 gününiň dowamynda tölenilýär. 21

 


 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
Baş direktorynyň 2011 ýylyň „ 17 ” ýanwarynda

çykaran №03  buýrugy bilen tassyklanan,

Ipotekany meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

2-a goşundy

MEÝLETIN IPOTEKA ÄTIÝAÇLANDYRYŞY BOÝUNÇA ÄTIÝAÇLANDYRYŞ WZNOSLARYNY (BAÝRAKLARYNY) WE ÝYLLYK ÄTIÝAÇLANDYRYŞ PUL MÖÇBERLERINI TÖLEMEKLIGIŇ IŞ TERTIBI

 

Emlägiň (enjamlaryň) ady

Ätiýaçlandyryş ýyly

Hakyky bahasy

Ätiýaçlandyryş pul möçberi

Franşiza

Ätiýaçlandyryş nyrhy (%)

Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy)

Ätiýaçlandyryş wznoslary (baýragy) tölenilmeli senesi

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Kärhananyň ýolbaşçysy __________________________________________________________

(familiýasy we goly)

M.Ý.

Baş buhgalter __________________________________________________________________

 (familiýasy we goly)

Ätiýaçlandyryjy _________________________________________________________________

(wezipesi, familiýasy we goly)

20__ ýylyň «___»____________

 


 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
Baş direktorynyň 2011 ýylyň „ 17 ” ýanwarynda

çykaran № 03 buýrugy bilen tassyklanan,

Ipotekany meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

3 goşundy

 

NYRH MÖÇBERLERI

(ätiýaçlandyryş pul möçberine göterimlerde)
 

t/t№

Töwekgelçiligiň ady

Nyrh möçberi

1.

Ýangyn ýa-da ýangyn netijesinde çekilen islendik zelel

0,11

2.

Tebigy heläkçilikler (ýer titremesi, wulkanyň atylmagy ýa-da ýerasty oduň täsiri, ýer süýşmegi, dagyň ýumrulmagy, ýyldyrym urmagy, sil, harasat, tüweleý, tupan, suw basmagy, suw joşmagy, ýerasty suwlaryň ýokary galmagy netijesinde suw almagy we başgalar)

0,12

3.

Suwgeçiriji, lagym we ýyladyş ulgamlaryndan we ýangyn söndüriş ulgamlaryndan akýan suw bilen ätiýaçlandyrylan emläge zeper ýetmegi

0,09

4

Ogurlyk, talama, garakçylyk

0,02

5.

Dolandyrylýan uçýan zatlaryň ýa-da olaryň döwük-ýenjikleriniň ätiýaçlandyrylan desga gaçmagy

0,08

6.

Üçünji taraplaryň hyýanatçylykly hereketleri

0,08

 

Ähli töwekgelçiliklerden

0,5

 

Töwekgelçiligiň derejesinden ugur almak bilen, her bir anyk halatda ätiýaçlandyryş tölegleriniň möçberleri bellenilen mahaly peseldiji (1-den 0,7-e çenli we ýokarlandyryjy (2,0-den 4,0-e çenli) koeffisientleriň ulanylmagy mümkindir. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly nyrh möçberleri ortaça nyrh möçberini tehniki ýagdaýyna we her bir anyk halatda töwekgelçiligiň derejesine düýpli täsir edýän beýleki ýagdaýlara baglylykda, bellenen degişli düzediş koeffisientine köpeltmek bilen kesgitlenilýär.

 


 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
Baş direktorynyň 2011 ýylyň „ 17 ” ýanwarynda

çykaran №03 buýrugy bilen tassyklanan,

Ipotekany meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

4 goşundy

________________________________

(welaýat, şäher, etrap)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

________________________________

________________________________

_______________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň F.,A.,Aa we salgysy)

tarapyndan

 

A R Z A

 

____________________________________________________________ (güni, aýy, ýyly)

bolup geçen _________________________________________________________________

(ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli)

sebäpli _________________________________________________ätiýaçlandyryşy boýunça (ätiýaçlandyryşyň görnüşi)

ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Arza şu resminamalar goşulýar:

________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

 

20___ ýylyň «___»___________

___________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

 


 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
Baş direktorynyň 2011 ýylyň „ 17 ” ýanwarynda

çykaran № 03 buýrugy bilen tassyklanan,

Ipotekany meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

5 goşundy

20__ ýylyň «____»___________

Y K R A R N A M A _____

____________________welaýatynyň __________________________etrabynyň (şäheriniň)

___________________________________________________________________________
(kärhananyň, guramanyň ady, şahsy adamynyň F., A., Aa.)

_________________________________________ýok edilmegi (oňa zeper ýetmegi) barada
(emlägiň görnüşi)

______________________________________________________________________________________

kärhananyň, guramanyň ýolbaşçysy _____________________________________________,
(wezipesi, familiýasy, atasynyň ady)

çagyrylan hünärmenler ________________________________________________________

(hünäri, wezipesi, F., A.,Aa.)

gatnaşmaklarynda Ätiýaçlandyrýanyň 20__ ýylyň «____»_______ daky arzasy esasynda düzüldi.

  1. Ýerinde barlanyp görülmegi, şeýle hem _____________________________________

                                                                     (guramanyň ady)

bar bolan resminamalaryň esasynda edara görnüşli tarapa ýa-da şahsy adama degişli emlägiň 20__ýylyň «____» _______ ____ sagat_____minudyndan 20__ ýylyň «___» _________ _____sagat ____minut aralygynda bolup geçen ____________________________ netijesinde ýok edilendigi (zaýalanandygy) anyklandy.              (heläkçiligiň ýa-da wakanyň ady)

Ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýeti ________________________________________________
 (işjeňligi, ugry, ýaýraýyşy we başgalar)

Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäpleri ________________________________

___________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak mümkinçiligi hakynda Ätiýaçlandyryja duýduryldymy. Eger duýdurylan bolsa bu barada kim tarapyndan, haçan berlen, nähili resminama bar ___________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyrýan tarapyndan haýsy çäreler görüldi:

  1. emlägiň ýok edilmeginiň (oňa zelel ýetmeginiň) öňüni almak üçin ___________________

___________________________________________________________________________

  1. ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly emlägi halas etmek üçin ___________________

__________________________________________________________________________

ç) mundan beýläk-de ýok edilmegine (ätiýaçlandyryş halatyndan soň emläge zelel ýetmegine, onuň zaýalanmagyna ýa-da ogurlanmagyna) ýol bermezlik üçin ____________________

____________________________________________________________

___________________________________________________________________________

Ýokarda görkezilen ätiýaçlandyryş halatynyň getirýän netijeleri maglumatlar bilen häsiýetlendirilýär.

 

 

2. Binalaryň, desgalaryň we beýleki emlägiň ýok edilmegi (olara zelel ýetmegi) baradaky maglumatlar

Desganyň ady we onuň inwentar belgisi, gysgaça häsiýetnamasy, möçberleri

Gurlan ýa-da satyn alnan ýyly we aýy

Balans bahasy, manat

Zeper ýetmeginiň häsiýeti: galyndysyz dolulygyna ýok edildi, galyndylar bar, kem-käsleýin zelel ýetdi

Desga zelel ýetmeginiň derejesi ýa-da böleklere (gurnama parçalaryna) zelel ýetmeginiň derejesi

1

2

3

4

5

6

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

3. Ýok edilen (zelel ýeten) emläkden galan galyndylar baradaky maglumatlar

 

Haýsy desgadan ýa-da onuň böleklerinden
(gurnama parçalaryndan) galyndylar

Galyndylaryň ady we olary peýdalanma-gyň mümkinçi-ligi

Ölçeg birligi (kub. m., t, sany, we başgalar)

Mukdary

Birliginiň bahasy

Galyndylaryň bahasy (5-nji sütün x 6-njy sütün)

1

2

3

4

5

6

7

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

4. Haryt-maddy gymmatlyklardan galyndylar

 

t/b

Galyndylaryň ady we olary peýdalanmagyň mümkinçiligi

Ölçeg birligi (kg., m., we başgalar)

Mukdary

Ätiýaçlandyryş halaty netijesinde üpjün etmegi nazara almak bilen galyndylaryň bahasy we olary tertibe getirmek

 

 

 

 

Birlik üçin nyrhy

Hemmesi

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Jemi ____________________________________

4-nji bölüm boýunça hemmesi________________

  1. Ätiýaçlandyrylan emlägi halas etmek, zeleliň öňüni almak ýa-da azaltmak, şeýle hem ätiýaçlandyryş halatyndan soň ätiýaçlandyrylan emlägi we onuň galyndylaryny tertibe getirmek

 

t/b

Işleriň ady

Ölçeg birligi (kg., m., we başgalar)

Işleriň möçberi

Bahasy

 

 

 

 

birlik

möçberi

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hemmesi_________

Sahypa _______________ belgi bilen başlandy we _____________ belgi bilen tamamlandy
             (ýazmaça)                                                     (ýazmaça)

M.Ý.

Ätiýaçlandyryjynyň wekili

____________________(goly)

 

Ätiýaçlandyrýanyň wekili

_____________________(goly)

 

Gatnaşan hünärmenler

_____________________(goly)

20___ ýylyň «___»__________

 

____________________(goly)

 

 


 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
Baş direktorynyň 2011 ýylyň „ 17 ” ýanwarynda

çykaran № 03 buýrugy bilen tassyklanan,

Ipotekany meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

6 goşundy

 

Meýletin ipoteka ätiýaçlandyryşy boýunça zelel ýüze çykan halatynda berilýän resminamalaryň sanawy

 

  1. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy hakyndaky arza
  2. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-polisi
  3. Şahsyýete güwä geçýän resminama
  4. Ygtyýarly edaralaryň ýüze çykan wakanyň sebäbi we häsiýeti hakynda netije çykarmaga mümkinçilik berýän resminamalary
  5. Zelel ýeten ýa-da ýok edilen emlägiň fotosuraty
  6. Ygtyýarly gurama tarapyndan düzülen abatlamagyň dikeldiş bahasynyň hasaplamasy
  7. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş puluny tölemek hakyndaky çözgüdi çykarmak üçin Ätiýaçlandyryjy tarapyndan soralyp alynýan beýleki resminamalar we maglumatlar.

Ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky ykrarnama Ätiýaçlandyrýanyň gatnaşmagynda, ol bolmadyk halatynda bolsa - onuň wekiliniň gatnaşmagynda düzülýär.

Berilýän resminamalaryň sanawy anyk ýagdaýlardan ugur almak bilen we ätiýaçlandyryşyň görnüşlerine laýyklykda takyklanyp bilner.