Elektron enjamlaryny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

22.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň Baş direktorynyň

2011-nji ýylyň 4-nji iýulynda çykaran

52 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

 

ELEKTRON ENJAMLARYNY MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞ

KADALARY

 

I. Umumy düzgünler

 

1. Şu Kadalar Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat  Kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001 belgili karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Kadalaryň esasynda Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - Ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň we daşary ýurtly edara görnüşli we şahsy taraplar bilen (mundan beýläk - Ätiýaçlandyrýan) elektron enjamlaryny meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalaryny (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar.

3. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça Ätiýaçlandyrýanyň eýeçiliginde ýa-da hojalyk dolandyryş hukugynda, şeýle hem ulanyş ýa-da kärende hukugynda degişli bolan emlägi ätiýaçlandyryşa kabul edilýär.

4. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş bilen diňe ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ýerdäki elektron enjamyna ýetirilen zyýanyň öwezi dolunýar.

5. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýanlaryň peýdasyna, ýa-da olaryň görkezmesi boýunça üçünji taraplaryň (Peýda alyjylaryň) peýdasyna baglaşylýar.

6. Ätiýaçlandyryş şertnamalary şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy boýunça şertnamanyň aýry-aýry bölümlerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara çapraz gelmeýän, şu Kadalardakydan başga şertler bolup biler.

 

II. Ätiýaçlandyryş obýekti

 

7. Ätýaçlandyrýanyň hasaplaýyş enjamlarynyň, aragatnaşyk enjamlarynyň, durmuş, audio we wideo apparatlarynyň, ätiýaçlandyryş şertnamasynda – polisinde görkezilen ýerde gurnalan ammar meýdançalarynda ýa-da jaýlarda ýerleşen beýleki elektron enjamlarynyň döwülmegi ýa-da ýok edilmegi bilen bagly bolan bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.

III. Ätiýaçlandyryş halaty

 

8. Elektron enjamlarynyň ätiýaçlandyryşynda Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana (Peýda alyja) ätiýaçlandyryş obýektiniň aşakdakylar netijesinde döwülmegi ýa-da ýok edilmegi bilen bagly bolan çykdajylarynyň öwezini dolýar:

ýangynyň, ýyldyrym çakmagynyň ýa-da partlamanyň;

suw geçiriji, lagym, ýyladyş ulgamlaryndan we ýangyn söndüriş ulgamlaryndan suw arkaly ätiýaçlandyrylan emläge zyýan ýetmeginiň;

gapdaldaky jaýlardan suwuň geçmeginiň, suwuň basmagynyň;

gapy döwülip ogurlyk edilmeginiň we talaňçylygyň;

tebigy betbagtçylyklaryň (ýer titremegi, ýerasty oduň täsiri, toprak süýşmegi, ýeriň çökmegi, dag opurylmagy, daş gaçmagy, tupan, harasat, tüweleý, suw basmagy, sil, doly, ýerasty suwlaryň duýdansyz ýagdaýda ýokaryk çykmagy, şu ýer üçin adaty bolmadyk ýagdaýda güýçli ýagyşyň ýagmagy ýa-da galyň garyň düşmegi);

üçünji taraplaryň hyýanatçylykly hereketleriniň (huligançylyk we beýleki hereketleriň netijesinde döwülmegi ýa-da ýok edilmegi);

gysga elektrik utgaşmasy, togyň güýjüniň ýa-da elektrik ulgamynda basyşyň birden ýokarlanmagy, induksiýa toklarynyň we şoňa meňzeş elektromagnit hadysalarynyň netijesi görnüşinde elektrik togunyň täsiriniň.

 

IV. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagyň tertibi

 

         9. Ätiýaçlandyryş şertnamasy 1 ýyla çenli we 1 ýyldan köp möhlete baglaşylyp bilner.

         10. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasy (№1-nji goşundy) esasynda baglaşylýar. Ätiýaçlandyrýan arza bilen birlikde ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylan günündäki ätiýaçlandyryş obýektiniň balans ýa-da bazar bahasyny (resmi taýdan esaslandyrylan) görkezmek bilen, sanawyny berýär (№2-nji goşundy).

         11. Ätiýaçlandyryş şertnama baglaşylan güni sagat 24-de güýje girýär we şertnamada göz öňünde tutulan soňky gün sagat 24-de tamamlanýar.

12. Ätiýaçlandyrýan şertnama baglaşylan mahaly ätiýaçlandyryşa kabul edilýän ätiýaçlandyryş obýekti boýunça töwekgelçiligiň derejesini kesgitlemek üçin düýpli ähmiýetli we özüne mälim bolan ähli ýagdaýlary Ätiýaçlandyryja habar bermäge borçludyr. Ätiýaçlandyrýan, şeýle hem ätiýaçlandyrylýan emlägi gözden geçirmek üçin mümkinçilkleri döretmäge we töwekgelçiligiň derejesini kesgitlemek üçin, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş obýekti barasynda beren ähli sowallaryna jogap bermäge borçludyr. Ätiýaçlandyrýanyň (Peýda alyjynyň) bu borçnamalaryny ýerine ýetirmezligi Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş şertnamasyndan boýun gaçyrmaga hukuk berýär.

 

 

13. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda Ätiýaçlandyryjynyň wekili Ätiýaçlandyrýanyň gatnaşmagynda ätiýaçlandyryş obýektini (sanawa laýyklykda) gözden geçirýär, her bir ätiýaçlandyryş zatlary boýunça Ätiýaçlandyrýan bilen ylalaşyp we onuň bahasyny nazarda tutup, ätiýaçlandyryş pul möçberini belleýär we onuň jemini çykaryp, bu sanawy tassyklaýar.

14. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny-polisini gowşurmagy arkaly baglaşylýar (№3-nji goşundy).

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-polisi ýitirilende ýa-da ýok edilende kanunçylyga laýyklykda ýitirilen diýilip yglan edilen halatynda, Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasy boýunça öwezligini bermegiň çykdaýjylaryny tölemäge borçlanmagy bilen, öwezligi berilýär.

15. Üç ýylyň dowamynda yzygider ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşan Ätiýaçlandyrýana täze şertnama baglaşmak üçin bir aý ýeňillikli möhlet berilýär. Eger ýeňillikli möhletde ätiýaçlandyryş halaty ýüze çyksa we täze şertnama entek baglaşylmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi öňki tamamlanan ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden, geljek ýyl üçin ätiýaçlandyryş tölegini tutup galmak bilen, tölenilýär.

16. Ätiýaçlandyrýanyň islegi boýunça hereket edýän esasy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň galan möhletine goşmaça şertnama baglaşmak arkaly, ätiýaçlandyryş pul möçberi, şeýle hem töwekgelçilikleriň görnüşleri köpeldilip bilner.

17. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi tölenenden soň ätiýaçlandyryş şertnamasy tölenen öwezi doluş tölegi bilen ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň aratapawudynda möhletiniň ahyryna çenli öz güýjüni saklaýar. Eger ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi doly ätiýaçlandyryş pul möçberinde tölenen bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi ýatyrylýar. Zaýalanan emläk dikeldilende ýa-da çalşyrylanda Ätiýaçlandyrýan goşmaça töleg (baýrak) tölemek arkaly, Ätiýaçlandyryjynyň ilkibaşky jogapkärçiliginiň möçberini dikeldip biler.

 

V. Ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

18. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen kesgitlenen pul möçberi bolup, ondan ätiýaçlandyryş wznoslarynyň (baýraklarynyň) möçberleri bellenilýär.

19. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi taraplaryň ylalaşygy esasynda enjamlaryň hakyky bahasynyň çäklerinde bellenilýär.

Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş obýektini onuň öz bahasyndan pes bolan pul möçberine ätiýaçlandyryp biler. Bu ýagdaýda ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyryş obýektiniň bahasyna bolan paýynda hereket edýär (doly däl ätiýaçlandyryş).

20. Ätiýaçlandyryş obýektiniň bahasy balans bahasyndan ugur alnyp ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylan günündäki hakyky bazar nyrhy esasynda kesgitlenilýär.

 

VI. Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy)

 

21. Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) Ätiýaçlandyryjy tarapyndan edilen ätiýaçlandyryş hyzmatynyň tölegi bolup durýar.

22. Bir ýa-da bir ýyldan köp möhlete baglaşaylan ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) №4-nji goşundyda görkezilen nyrhlar boýunça tölenilýär.

Bir ýyldan az möhlete baglaşaylan ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça ätiýaçlandyryş wznoslary (baýraklary) ýyllyk ätiýaçlandyryş wznosynyň (baýragynyň) möçberinden aşakdaky möçberlerde tölenilýär:

1 aý üçin – 20%             5 aý üçin – 60%             9 aý üçin – 85%

2 aý üçin – 30%             6 aý üçin – 70%             10 aý üçin – 90%

3 aý üçin – 40%             7 aý üçin – 75%             11 aý üçin – 95%

4 aý üçin – 50%             8 aý üçin – 80%

23. Eger şertnama 1 ýyl möhlete baglaşylan bolsa, onda Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragy) birwagtda tölemäge, ýa-da iki möhletde, ýagny 50%-ini şertnama baglaşylanda we beýleki 50%-ini şertnama güýje girenden soň 4 aýdan gijä galman tölemäge hukuk berilýär.

24. Ilkinji ýa-da bir gezeklik ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) wagtynda tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.

Eger ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) wagtynda tölenilmedik bolsa, Ätiýaçlandyryjy şony tölemek üçin iki hepdelik möhleti kesgitläp biler. Şunda möhletiniň geçirilmeginiň getirýän netijeleri görkezilmelidir.

Eger şol möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty ýüze çyksa we şol wagta çenli Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) tölemegiň möhletini geçirse, Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

25. Töwekgelçilik Türkmenistanyň daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş şertleri we ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi halkara ätiýaçlandyryş bazaryndaky töwekgelçiligiň nyrhyny nazarda tutmak bilen, taraplaryň ylalaşygy esasynda bellenilýär.

 

VII. Franşiza

 

26. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýitginiň öweziniň dolunmagynda Ätiýaçlandyrýanyň gatnaşmagyny göz öňünde tutmak bolar (franşiza).

27. Franşiza şertli we şertsiz bolup, zyýanyň hemme ýa-da käbir görnüşleri üçin, ätiýaçlandyryş pul möçberine göterimlerde (jogapkärçiligiň çägi) ýa-da belli bir pul möçberde bellenilýär.

28. Şertli franşizada Ätiýaçlandyryjy zyýanyň öwezini dolmak boýunça jogapkärçilikden boşadylýar, eger ýetirilen zyýanyň öwezini doluş töleginiň möçberi franşizanyň möçberinden ýokary bolmasa, eger-de öwezini doluş töleginiň möçberi franşizadan ýokary geçse, onda Ätiýaçlandyryjy öwezini doluş tölegini zyýanyň möçberinde töleýär.

29. Şertsiz franşizada ýetirilen zyýanyň öwezini tölemekde franşizanyň şertleşilen möçberini tölemek jogapkärçiliginden Ätiýaçlandyryjy boşadylýar (ýitginiň möçberine göterimlerde ýa-da belli bir pul möçberde).

30. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda franşizany ulanmaklyk ätiýaçlandyryş nyrhyny peseltmek üçin esas bolup, töwekgelçiligi ätiýaçlandyryşa kabul etmekde franşizanyň ulanylmagy hökmany şert bolup durýan ýagdaýlar muňa girmeýär.

 

VIII. Taraplaryň hukuklary we borçlary

 

31. Ätiýaçlandyryjy borçly:

- Ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertleri bilen tanyşdyrmaga;

- ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen göz öňünde tutulan möhletlerde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemäge;

- Ätiýaçlandyrýan hakyndaky maglumatlaryň syryny saklamaga, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.

32. Ätiýaçlandyryjynyň hukugy bardyr:

- Ätiýaçlandyrýan tarapyndan berlen maglumatlary barlamaga, şeýle hem Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge;

- ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenmegi baradaky esas barada şübhe dörän halatynda degişli edaralardan bu sebäpleriň tassyklamasy ýa-da ýalana çykarylmasy anyklanýança onuň tölenmegini gaýra goýmaga;

- Ätiýaçlandyrýanyň razylygyna garaşmazdan, ätiýaçlandyryş halaty bilen ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky gepleşiklere girişmäge, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň ýagdaýlaryny hem-de sebäplerini we (ýa-da) ýetirilen zyýanyň möçberini anyklamak boýunça çäreleri görmäge;

- ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine baha bermek üçin ätiýaçlandyryş obýektiniň barlagyny geçirmäge;

- ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine baha bermek üçin garaşsyz bilermeni bu işe çekmäge.

- Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygy hakynda Ätiýaçlandyryja wagtynda habar etmese, onda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden dolulygyna ýa-da bölekleýin boýun gaçyrmaga.

33. Ätiýaçlandyrýan borçly:

- ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) wagtynda tölemäge;

- ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda özüne mälim bolan, ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine baha bermek üçin düýpli ähmiýeti bolan ähli ýagdaýlar barada Ätiýaçlandyryja maglumatlary bermäge;

- ätiýaçlandyryşyň şu obýekti boýunça hereket edýän beýleki ätiýaçlandyryş şertnamalary barada Ätiýaçlandyryja habar bermäge;

- ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygy hakynda Ätiýaçlandyryja habar bermäge we zyýanyň möçberini azaltmak we öňüni almak üçin çäreleri görmäge;

- Ätiýaçlandyryjynyň hünärmenlerine (ýa-da wekillerine) ätiýaçlandyryş obýektini islendik wagtda gözden geçirmäge mümkinçilik döretmäge.

34. Ätiýaçlandyrýanyň hukugy bardyr:

- ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketini möhletinden öň bes etmäge;

- şu Kadalary we ätiýaçlandyryş şertlerini düşündirmegi Ätiýaçlandyryjydan talap etmäge.

35. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri bilen, Ätiýaçlandyrýanyň we Ätiýaçlandyryjynyň ylalaşmagy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän taraplaryň beýleki hukuklary hem-de borçlary göz öňünde tutulyp bilner.

 

IX. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny ýatyrmaklygyň tertibi we şertleri

 

36. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu halatlarda ýatyrylýar:

- hereket edýän möhleti gutaranda;

- Ätiýaçlandyryjy şertnamadaky borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirende;

- Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklaryny) şertnamada bellenen möçberlerde we möhletlerde tölemedik ýagdaýynda;

- edara görnüşli tarap bolup durýan Ätiýaçlandyrýanyň ýatyrylanda, ýa-da şahsy tarap bolup durýan Ätiýaçlandyrýan aradan çyksa;

- Ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Kadalaryň şertleri berjaý edilmedik ýagdaýynda;

- Türkmenistanyň kanunçylygy bilen göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

37. Eger munuň özi ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri bilen ýa-da taraplaryň özara ylalaşmagy boýunça göz öňünde tutulan bolsa, onda ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça möhletinden öň ýatyrylyp bilner.

Taraplar ätiýaçlandyryş şertnamasyny wagtyndan öň ýatyrmak hakyndaky meýillerini şertnamany ýatyrmaklygyň möhletinden bir aý öň bir-birine duýdurmaga borçludyrlar.

38. Ätiýaçlandyrýanyň talap etmegi boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň ýatyrylan ýagdaýynda, Ätiýaçlandyryjy çekilen çykdajylary tutup galmak bilen, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketiniň geçmedik möhleti üçin Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) gaýtaryp berýär. Eger Ätiýaçlandyrýanyň talaby Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş Kadalaryny ýerine ýetirmezligi bilen bagly bolsa, onda Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.

39. Ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň ýatyrylan ýagdaýynda Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Eger Ätiýaçlandyryjynyň talaby Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryşyň şu Kadalarynyň ýerine ýetirmezligi bilen şertlenen bolsa, onda ol çekilen çykdajylary tutup galmak bilen, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketiniň geçmedik möhleti üçin Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) gaýtaryp berýär.

 

X. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hakyky däldigi

 

40. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Saprarmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat kodeksi, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen göz öňünde tutulan esaslar boýunça hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.

41. Ätiýaçlandyryş şertnamasy hakyky däl bolan mahaly taraplaryň her biri beýleki tarapa, eger kanun arkaly şertnamanyň hakyky däldiginiň getirýän beýleki netijeleri göz öňünde tutulmadyk bolsa, şeýle şertnama boýunça geçmedik möhlet üçin alnan tölegleri gaýtaryp bermäge borçludyr.

 

XI. Ätiýaçlandyrylan obýektini eýeçilikden aýyrmagyň netijeleri

 

42. Ätiýaçlandyryş obýekti eýeçilikden aýrylan halatynda Ätiýaçlandyrýanyň hukuklary we borçlary satyn alyja geçýär.

43. Ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyryş obýektini satyn alyjy şobada (ýöne 3 iş gününden gijä galman) ätiýaçlandyryş obýektiniň eýeçilikden aýrylandygy hakynda Ätiýaçlandyryja habar berilmeldir.

Eger satyn alyjy ýa-da eýeçiligi aýryjy bu hakda Ätiýaçlandyryja şobada habar bermese, eger Ätiýaçlandyryjynyň habary almaly pursatyndan bir aýdan soň ätiýaçlandyryş halaty bolan bolsa, onda ol öwezini dolmak borjundan boşadylýar.

44. Ätiýaçlandyryjy şertnamany ýatyrmak üçin bir aýlyk möhleti berjaý etmek bilen satyn alyjy bilen ätiýaçlandyryş gatnaşygyny togtatmaga haklydyr. Eger Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş obýektiniň eýeçilikden aýrylandygy hakynda özüne mälim bolan pursatyndan başlap bir aýyň içinde mundan peýdalanmasa, onda şertnamany ýatyrmak hukugy güýjüni ýitirýär.

45. Ätiýaçlandyryş obýektini satyn alyjy ätiýaçlandyryş şertnamasyny täzeden baglaşmaga ýa-da ýatyrmaga haklydyr. Satyn alyjy ätiýaçlandyryş şertnamasyny ätiýaçlandyryş obýektini satyn alan gününden bir aýyň dowamynda ýatyryp biler. Eger satyn alyjy emlägi edinenden şoň bir aýyň içinde bu hukukdan peýdalanmasa, ýatyrmak hukugy ýitirilýär, eger ätiýaçlandyryş hakynda satyn alyja mälim bolmasa, onuň ätiýaçlandyryş gatnaşyklary hakynda bilen pursatyndan başlap, bir aýyň geçmegine çenli ýatyrmak hukugy güýjündedir.

46. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy şu kadalarynyň esasynda togtadylsa, eýeçilikden aýryjy Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) tölemäge borçludyr, ýöne ol şertnamanyň ýatyrylan gününi goşmak bilen ätiýaçlandyryş döwründe onuň tölemelisinden ýokary bolmaly däldir. Bu ýagdaýda satyn alyjy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölenmegi üçin jogapkärçilik çekmeýär.

 

XII. Zeleliň möçberini kesgitlemek we ätiýaçlandyryş öwezini

doluş tölegini tölemek

 

47. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýan borçly:

- üçünji taraplaryň bilkastlaýyn bikanun hereketleriniň netijesinde ätiýaçlandyryş obýekti ogurlanan, zyýan çeken ýa-da ýok edilen bolsa, polisiýa edaralaryna habar bermäge, ýangynda ýangyn gözegçilik edaralaryna, partlaýyşda ýa-da heläkçilikde – degişli heläkçilik gulluklaryna we ygtyýarly edaralara dessine habar bermäge;

- haýal etmän, ýöne 3 iş günden gije galman islendik ätiýaçlandyryş halaty hakynda Ätiýaçlandyryja habar bermäge (№5-nji goşundy). Ýazmaça arzada ätiýaçlandyrylan emlägiň haçan, nirede we nähili ýagdaýda zyýan çekendigi ýa-da ogurlanandygy, haýsy ygtyýarly edaralara bu hakda habar berilendigi jikme-jik görkezilmelidir;

- ätiýaçlandyryş obýektiniň doly ýok edilmeginden başga ýagdaýda, ätiýaçlandyryş obýektiniň ýok edilen, zaýalanan ýa-da ogurlanan bölekleriniň sanawyny düzmäge;

- Ätiýaçlandyryjynyň wekili gelýänçä sanawa goşulan zaýalanan enjamlary ýa-da olardan galan galyndylary saklamaga we ätiýaçlandyryş hakyndaky ykrarnama düzülende olary bermäge;

48. Ätiýaçlandyryjy bellenen görnüş boýunça ýok edilen (zaýalanan) obýekt hakynda ykrarnama düzmäge borçludyr (№6-njy goşundy).

Ykrarnama Ätiýaçlandyryjynyň we Ätiýaçlandyrýanyň gatnaşmaklarynda Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş hakyndaky arzasynyň esasynda, ýagny arza alnandan soň 3 iş günüň içinde düzülýär.

49. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberiniň hasaplamasy Ätiýaçlandyryjynyň hünärmenleri ýa-da ygtyýarly edaralar tarapyndan düzülýär.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi aşakdaky möçberlerde hasaplanylýar:

- obýekt doly ýok edilende - mundan beýläk ulanmaga ýaramly galyndylarynyň bahasyny tutup galmak bilen, könelmegini we bahasynyň peselmegini nazara alyp, ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberinde, bu halatda ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi  ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş obýektini halas etmek we onuň galyndylaryny tertibe getirmekligiň çykdajylaryna artýar;

- ätiýaçlandyryş obýekti döwülende (zaýalananda) – halas etmekligiň çykdajylaryny hasaba almak bilen, ony bejermegiň (dikeltmegiň) çykdajylarynyň möçberinde.

50. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli resminamalar alnandan soň 7 iş günüň içinde tölenilýär.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi zyýanyň sebäpleri we möçberi doly kesgitlenenden soň tölenilmäge degişlidir. Ätiýaçlandyrýan (Peýda alyjy) Ätiýaçlandyryja zyýanyň sebäbini we möçberini subut edýän ähli zerur bolan resmi namalary, ygtyýarly edaralaryň ätiýaçlandyryş halatynyň bolmagynyň sebäbini görkezýän netijesini bermäge borçludyr. Bu resmi namalaryň berilmezligi zyýanyň bular bilen subut edilmedik möçberinde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boýun gaçyrmaga hukuk berýär.

51. Ätiýaçlandyryş obýekti doly ýok edilende Ätiýaçlandyrýanyň oňa bolan hukugy Ätiýaçlandyryja geçýär.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi tölenenden soň tölenen pul möçberiniň çäklerinde Ätiýaçlandyrýanyň ýetiren zyýan üçin jogapkär adama bolan talap etmek hukugy Ätiýaçlandyryja geçýär.

Eger Ätiýaçlandyrýan ýa-da Peýda alyjy ýetirilen zyýan üçin jogapkär tarapa bolan talap hukugyndan ýüz öwürse ýa-da onuň günäsi sebäpli bu hukugy amala aşyrmak mümkin bolmasa (zyýan üçin günäkär tarapa bolan talap bildirmegiň möhletiniň geçirilmegi we ş.m.), onda Ätiýaçlandyryjy degişli möçberde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek borçlaryndan boşadylýar, töleg tölenen ýagdaýynda bolsa Ätiýaçlandyrýan ýa-da Peýda alyjy alynan öwezini doluş tölegini gaýtaryp bermäge borçludyr.

52. Töwekgelçilik Türkmenistanyň daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa geçirilen ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýän daşary ýurtly gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň öz üstüne alan jogapkärçiligini hasaba almak bilen tölenilýär.

53. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi tölenilmeýär, eger:

- ätiýaçlandyryş halaty peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adamyň ýa-da Ätiýaçlandyrýanyň bilgeşleýin ýa-da gödek geleňsiz hereketleriniň, ýa-da Ätiýaçlandyrýan bilen baglaşylan şertnamanyň islendik şertlerinde öz borçnamalaryny ýerine ýetirip ýören işgärleri tarapyndan şuňa meňzeş hereketleriniň netijesinde ýüze çykan bolsa;

- Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja döwülen obýektleri, ýa-da olaryň galyndylaryny görkezmedik bolsa, galyndysyz ýok edilen halatlar muňa girmeýär.

 

XIII. Jedelleri çözmekligiň tertibi

 

54. Şu Kadalaryň şertlerinde baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasyndan gelip çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde çözülýär.

 


 

 

 

Elektron enjamlaryny meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

1 goşundy

 

_______________________________________

(ätiýaçlandyryş guramasynyň ady we salgysy)

 

Elektron enjamlarynyň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça

A R Z A

Ätiýaçlandyrýan __________________________________________________
                       (kärhananyň ady,  ýa-da şahsy tarapyň F., A., A.a.)

Ýuridik salgysy ____________________________ Telefony ______________

_______________________________________________________________

(şahsy tarapyň ýaşaýan ýeri)

Elektron enjamlaryny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna laýyklykda elektron enjamlaryny meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagy haýyş edýär.

Elektron enjamynyň ady we görnüşi ____________________________________

Ätiýaçlandyryş möhleti _____________________________________________

Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri _______________________________________

Elektron enjamynyň bahasy __________________________________________

Gurnalan ýeri ____________________________________________________

Umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi ____________________________________

_______________________________________________________________
(ýazmaça)

Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) ____________________________________

Şertnamanyň aýratyn şertleri ________________________________________

 

Elektron enjamlaryny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldy

Ätiýaçlandyrýan                                     _________________
 (goly)

 

201__ ýylyň «____» _____________

 


 

 

 

Elektron enjamlaryny meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

2 goşundy

 

 

 

Ätiýaçlandyryşa kabul edilýän elektron enjamlarynyň

SANAWY

 

T/b

Elektron enjamynyň ady we görnüşi

Öndürilen senesi

Zawod belgisi

Elektron enjamynyň bahasy

Gurnalan ýeri

1

2

3

4

5

6

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Elektron enjamynyň umumy bahasy ____________________________________

_______________________________________________________________

(möçberi ýazmaça)

 

 

 

 

_______________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

 

201__ ýylyň «____» _____________

 

 


 

 

 

Elektron enjamlaryny meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

3 goşundy

Görnüş 120

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ  GURAMASY

ELEKTRON ENJAMLARYNYŇ MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞY BOÝUNÇA

ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY-POLISI _____

Tapgyry _____

ÄTIÝAÇLANDYRÝAN ____________________________________________________________________

(kärhananyň ady, şahsy tarapyň F.A.A.a.)

Salgysy/telefony __________________________________________________________________________

Bank rekwizitleri _________________________________________________________________________

ÄTIÝAÇLANDYRYJY________________________________________________________________________

Salgysy/telefony __________________________________________________________________________

Bank rekwizitleri _________________________________________________________________________

Peýda alyjy____________________________________________________________________

Salgysy/telefony ________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş obýekti____________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş möhleti  201_ ýylyň «_____»____________dan  201_ ýylyň «_____» ________________ çenli

Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri __________________________________________________

Hakyky bahasy _________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş pul möçberi _______________________________________________________________

(möçberi ýazmaça we sanda)

Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy)___________ ______________________________________

Şertnama boýunça franşiza ________________________________________________________________

(şertli, şertsiz)

Ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) tölemegiň tertibi we möhletleri_______________________

Beýleki şertler __________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryjy

______________________
 

 

_________________________

(goly)

                              M.Ý.

Elektron enjamlaryny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldy ________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň goly)

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-polisi 201__ýylyň «____» ____________berildi.

Bellik: Ätiýaçlandyryş halaty bolan ýagdaýynda, Ätiýaçlandyrýan haýal etmän, ýöne 3 günden gijä galman Ätiýaçlandyryja habar bermäge borçludyr.  Birinji ýa-da bir gezeklik ätiýaçlandyryş baýragy wagtynda tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan erkindir. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ähli resminamalar ýygnalandan soň 7 iş günüň dowamynda tölenilýär.

 


 

 

 

Elektron enjamlaryny meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

4 goşundy

 

NYRH MÖÇBERLERI

(ätiýaçlandyryş pul möçberine göterimlerde)
 

t/t№

Töwekgelçiligiň ady

Ýyllyk nyrh möçberi %-de

1.

Ýangyn, ýyldyrymyň çakmagy ýa-da partlama

0,3

2.

Suw geçiriji, lagym we ýyladyş ulgamlaryndan we ýangyn söndüriş ulgamlaryndan akýan suw bilen ätiýaçlandyrylan emläge zeper ýetmegi

 

0,15

3.

Suw basmagy we ýakyndaky jaýlardan suwuň geçmegi

0,15

4.

Gapy döwülip edilen ogurlyk we talaňçylyk

0,1

5.

Üçünji taraplaryň hyýanatçylykly hereketleri

0,1

6.

Tebigy betbagtçylyklar: ýer titremegi, ýerasty oduň täsiri, toprak süýşmegi, ýeriň çökmegi, dag opurylmagy, daş gaçmagy, tupan, harasat, tüweleý, suw basmagy, sil, doly, ýerasty suwlaryň duýdansyz ýagdaýda ýokaryk çykmagy, şu ýer üçin adaty bolmadyk ýagdaýda güýçli ýagyşyň ýagmagy ýa-da galyň garyň düşmegi  

 

 

0,15

7.

Gysga elektrik utgaşmasy, togyň güýjüniň ýa-da elektrik ulgamynda basyşyň birden ýokarlanmagy, induksiýa toklarynyň we şoňa meňzeş elektromagnit hadysalarynyň netijesi görnüşinde elektrik togunyň täsiri

 

0,5

 

Hemme töwekgelçiliklerden

1,45

 

Töwekgelçiligiň derejesinden we ätiýaçlandyryş pul möçberinden ugur almak bilen, her bir anyk halatda ätiýaçlandyryş tölegleriniň möçberleri bellenende peseldiji (1,0-den 0,5 çenli) we ýokarlandyryjy (1-den 3-e çenli) koeffisientleriň ulanylmagy mümkindir.

 


 

 

 

Elektron enjamlaryny meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

5 goşundy

 

________________________________

(welaýat, şäher, etrap)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

________________________________

________________________________

_______________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň ady we salgysy)

 

tarapyndan

 

A R Z A

 

_______________________________________________________________ (güni, aýy, ýyly)

bolup geçen ______________________________________________________________

(ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli)

sebäpli _____________________________________________ätiýaçlandyryşy boýunça (ätiýaçlandyryşyň görnüşi)

ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Arza şu resminamalar goşulýar:

________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

 

201_ ýylyň «___»___________

___________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

 


 

 

 

Elektron enjamlaryny meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

6 goşundy

201_ ýylyň «_____»___________________

Y K R A R N A M A _____

____________________________________________________________________ ýerleşen

(öý salgysy, ýuridik salgysy)

___________________________________________________________________________
(kärhananyň, guramanyň ady, şahsy adamynyň F., A., Aa.)

_________________________________________ýok edilmegi (oňa zeper ýetmegi) barada
(elektron enjamynyň ady)

________________________________________________________________________________________

kärhananyň, guramanyň ýolbaşçysy (wekili) _____________________________________,
(wezipesi, familiýasy, ady, atasynyň ady)

çagyrylan  hünärmenleriň ______________________________________________________

(hünäri, wezipesi, F., A.,Aa.)

gatnaşmaklarynda Ätiýaçlandyrýanyň 201_ ýylyň «____»_______ daky arzasy esasynda düzüldi.

  1. Ýerinde barlanyp görülmegi, şeýle hem _____________________________________

                                        (guramanyň ady)

bar bolan resminamalaryň esasynda edara görnüşli tarapa ýa-da şahsy adama degişli elektron enjamlarynyň 201_ýylyň «___» _______ ___ sagat_____min. 201__ ýylyň «___ « _________ _____sagat ____minut aralygynda bolup geçen ____________________________ netijesinde

(heläkçiligiň ýa-da wakanyň ady)

ýok edilendigi (zaýalanandygy) anyklandy. Ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýeti ________________

(işjeňligi, ugry, ýaýraýyşy we başgalar)

Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäpleri ___________________________________

Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak mümkinçiligi hakynda Ätiýaçlandyryja duýduryldymy. Eger duýdurylan bolsa bu barada kim tarapyndan, haçan berilen we nähili resminama bar ______________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyrýan tarapyndan haýsy çäreler görüldi:

  1. elektron enjamlarynyň ýok edilmeginiň (oňa zyýan ýetmeginiň) öňüni almak üçin ___________
  1. ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly elektron enjamlaryny halas etmek üçin ___________

ç) mundan beýläk-de ýok edilmegine (ätiýaçlandyryş halatyndan soň elektron ejamlaryna zyýan ýetmegine, onuň zaýalanmagyna ýa-da ogurlanmagyna) ýol bermezlik üçin ______________________________________________________________________________

Ýokarda görkezilen ätiýaçlandyryş halatynyň getirýän netijeleri maglumatlar bilen häsiýetlendirilýär.

Ätiýaçlandyryjy __________________                                 Ätiýaçlandyrýan _________________

(goly)                                                                                                   (goly)

Gatnaşan hünärmenler 1. ______________(goly)                             2.  _____________(goly)

M.Ý.                                                   Ykrarnama 201_ ýylyň «____»____________ düzüldi.

 


 

 

 

Ykrarnama goşundy

Arka ýüzi

ELEKTRON ENJAMYNY BEJERMEGIŇ ÇYKDAJYLARYNYŇ HASAPLAMASY WE ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ÖWEZINI DOLUŞ TÖLEGINIŇ MÖÇBERI

 

T/b.

Elektron enjamynyň ady

Könelmegini hasaba almak bilen, elektron enjamynyň hakyky bahasy (müň manat)

Ätiýaçlandyryş pul möçberi (müň manat)

Elektron enjamynyň zaýalanan (ýok edilen) bölekleriniň ady

Zaýalanan bölekleriň möçberi (derejesi)

Galyndylar

Elektron enjamyny bejermegiň bahasy

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi

Galyndylaryň sany

Könelmegini hasaba almak bilen, galyndylaryň bahasy

1

2

3

4

5

6

7

8

9

10

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Elektron enjamlarynyň meýletin ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryldy                                                           _______________________________

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-polis №_____                                                                                                        (welaýat, şäher, etrap)

Möhleti           201_ý.“____“____________dan(den)                                                   Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň direktorynyň Çözgüdi

201_ý.“____“____________ çenli                                                   _______________________________________ manat

Ätiýaçlandyryş pul möçberi _________________________ manat                                                                   (ýazmaça)

Ätiýaçlandyryş guramasynyň hasabyna ________________                                   möçberindäki ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi

möçberindäki ätiýaçlandyryş tölegleri 201_ý.“____“__________ geçirildi.                      tölenilmäge degişli

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberiniň                                                            Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi 201_ý.“___“________

hasaplamasyny ________________ goly                                                                tölenildi. ____ memorial orderi

(F.A.A.a.)                  düzdi.                                                 Baş hasapçy ____________________ goly

201_ý.“____“_________________                                                                                              (F.A.A.a.)