Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

23.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň baş direktorynyň

2015-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda çykaran

82 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

 

Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň

saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş

KADALARY

 

I Umumy düzgünler

 

1. Şu Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary (mundan beýläk - Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň kanunyna, “Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy (mundan beýläk - Ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary bilen, Türkmenistanda hasaba alnan we onuň çäginde öz işini amala aşyrýan daşary ýurtlaryň ýuridik şahslary, olaryň şahamçalaryny we wekilhanalaryny goşmak bilen, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurtlaryň fiziki şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlary (mundan beýläk-Ätiýaçlandyrýan) bilen Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny (mundan beýläk - ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar.

Ätiýaçlandyryş Ätiýaçlandyrýanyň öz peýdasyna, şeýle-de üçünji şahsyň peýdasyna geçirilip bilner (mundan beýläk -Ätiýaçlandyrylan şahs).

3. Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrylan şahs daşary ýurda gelende (mundan beýläk - ätiýaçlandyryş çägi) duýdansyz kesellemegi ýa-da betbagtçylykly hadysanyň bolup geçmegi bilen baglanyşykly talap edilýän gyssagly saglygy goraýyş kömegi, şeýle hem oňa gerek bolanda saglygy goraýyş awtoulag hyzmatlaryny etmegi barada ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýär.

4. Şu Kadalaryň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

bähbit görüji – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan ýuridik şahs;

ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;

ätiýaçlandyryjy – ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi - ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýana  töleýän pul öwezini dolmasy;

ätiýaçlandyryş pul möçberi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

ätiýaçlandyrylan şahs emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylýan fiziki şahs;

franşiza – umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy Ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we  ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenilýär. Şertli franşiza bellenilende Ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär;

betbagtçylykly hadysa – ätiýaçlandyryş çägine gelen wаgtynda Ätiýaçlandyrylan şahs bilen ýüze çykyp biljek islendik duýdansyz ýa-da çak edilmeýän waka, şonuň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygyna zelel ýetmegi ýa-da onuň aradan çykmagy;

duýdansyz  kesellemek – Ätiýaçlandyrylan şahsyň beden ýagdaýynyň öňünden görülmedik islendik ýagdaýdaky üýtgemeginiň ýüze çykmagy, ätiýaçlandyryş çäginde bolup geçýän we saglygy goraýyş edarasynda ýa bolmasa oňa hususy lukmançylyk iş tejribesi bilen meşgullanmaga döwlet tarapyndan berlen rugsatnamanyň çäklerinde işleýän lukmandan gyssagly saglygy goraýyş kömegini almagyň zerurlygyny ýüze çykarýan ýagdaý.

5. Ätiýaçlandyryş şertnamalary şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşmagy boýunça onuň aýry-aýry bölümlerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän beýleki şertler bolup biler.

 

II Ätiýaçlandyryşyň obýekti

 

6. Ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhletinde, ätiýaçlandyryş çägine gelen wagtynda bolup geçen ätiýaçlandyryş halaty netijesinde onuň ömrüne ýa-da saglygyna zelel ýetirilmegi bilen baglanyşykly, Ätiýaçlandyrýanyň emläk bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

 

III Ätiýaçlandyryş halaty

 

7. Ätiýaçlandyrylan şahsyň duýdansyz kesellemegi, betbagtçylykly hadysa uçramagy, şeýle hem aradan çykmagy ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhletinde, ätiýaçlandyryş çägine gelen wagtynda bolup geçen şertlerinde, ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilýär.

Ätiýaçlandyrylan şahs (onuň aradan çykan halatynda – mirasdarlar) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyny we Ätiýaçlandyryjynyň öwezini dolmagyna degişli çekilen çykdajylary möçberini subut etmäge borçludyr.

8. Ätiýaçlandyryjy şular üçin ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boşadylýar we jogapkärçilik çekmeýär:

öňüni alyş barlaglarynyň islendik görnüşleri, bilermen görkezijileri bolmazdan barlaglar, umumy lukmançylyk gözden geçirmeleri, öňüni alyş alamatlary (sanjym), hassahana ýerleşdirmek bilen baglanyşykly çykdajylar üçin;

28 hepdeden köp möhlete göwrelilik mahaly çaga dogrulmagy, göwreliligiň çylşyrymlaşmagy, onuň getirýan netijeleri bilen baglanyşykly çykdajylar üçin, şeýle hem  göwreliligiň togtadylmagy bilen baglanyşykly çykdajylar üçin ;

öňüni alyş çäreleri, ýörite iýmit, şypahanada bejermek üçin;

howply täze dörän çişleri, şeýle hem şolar bilen şertlenen çylşyrymlaşmalary, şol sanda çiş häsiýetli ganyň keselini, gemofiliýany, orak görnüşli-öýjükli gan keselini, nerw merkeziniň ulgamynyň ähli çişlerini bejermek üçin;

beterlemek tapgyryndan daşary dowamly keseller bilen baglanşykly saglygy goraýyş hyzmatlar üçin;

dowamly keselleriň netijeleri we çylşyrymlaşmagny gyssagly saglygy goraýyş kömegine degişli bolman bejerilen ýagdaýlary üçin;

jynsy ýollar bilen geçýän keselleri bejermek, immun ýetmezçiligiň wirusy, WIÇ goşaňda we onuň getirýän netijeleri bilen baglanşykly çykdajylar üçin;

sözenek keselleri bejermek we öňüni almak üçin;

süýji keseli bilen baglanyşykly çykdajylar üçin;

ruhy keselleri, ýa bolmasa ýüze çykarylmagynyň möhletine garamazdan, akyl taýdan üýtgemeleri bejermek üçin;

kliniki görnüşine we dowam etmeginiň tapgyryna garamazdan, inçekesel, polimiolit, neýroýokanç, adaty däl pnewmoniýa wirusy, gyrgyn, mergi, örgünli  garahassa ýaly ýokanç keselleri we olaryň getirýän netijelerini bejermek üçin we wagtynda sanjym geçirmek bilen olaryň öňüni almak üçin;

immunirlemegi geçirmek üçin;

fotodermatidi bejermek üçin;

çuň mikozlary, psoriazy bejermek üçin;

himiki, fiziki, biologiki sebäpleriň, senagat tozanynyň, aýry-aýry synalara we ulgamlara artyk agram düşmeginiň täsiri bilen baglanşykly hünär kesellerini bejermek üçin;

semremegi ýa-da adamyň bedeniniň agramynyň üýtgemegini hirurgiki taýdan bejermek, adam bedenini modifikasiýalaşdyrmak üçin;

eger munuň özi ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhletinde betbagtçylykly hadysa netijesinde alnan şikesi bilen şertlenmedik bolsa, plastiki/kosmetiki, dikeldiş we meýilnamlaýyn hirurgiýa bilen baglanyşykly çykdajylar üçin;

eger munuň özi beden taýdan zelel ýetmegine getiren we saglygy goraýyş kömegini talap edýän betbagtçylykly hadysa ýüze çykan mahaly lukman tarapyndan öň maslahat berlen sazlaýjy saglygy goraýyş enjamlaryny ýa-da esbaplaryny çalyşmak bilen baglanyşykly bolmasa, sazlaýjy saglygy goraýyş enjamlaryny ýa-da esbaplaryny (äýnekler, eşidiş abzallary, eşidiş gurallary, kontakt linzalary, protezler) satyn almak (taýýarlamak), abatlamak üçin;

islendik görnüşdäki protezlemek, adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasy (oturdylmagy) başga ýere geçirmek üçin;

öz-özüňi öldürmäge, bilkastlaýyn beden agzalaryna zelel ýetirmäge synanyşygyň, alkogolly içgileri, neşe serişdelerini sarp etmegiň getirýän netijeleri üçin;

Ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna gönükdirilen ýa bolmasa onuň ýüze çykaryp getiren bilkastlaýyn hereketleri üçin (zerur goranyş ýagdaýynda amala aşyrylan hereketler muňa girmeýär);

Ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygyna ýadro partlamasynyň, radiasiýanyň ýa-da radioaktiw zäherlenmäniň, harby hereketleriň, raýat urşunyň, halk hereketleriniň, köpçülikleýin tolgunmalaryň, heläkçilikleriň, terrorçylyk hereketleriniň täsirinden ýüze çykan zelel ýetmegi ýa-da onuň aradan çykmagy üçin;

haçanda olar ýerli bejergä laýyk gelýän we syýahaty dowam etdirmäge päsgel bermeýän, kesel bilen kesellän ýa-da zelel alan halatynda hemişelik ýaşaýan ýurduna gitmegi üçin;

daýwing, suw lyžasy, suw motosikl, motoçapyşyk, awtoçapyşyk, tramplinden suwa bökmek, paraşýutdan bökmek ýaly güýmenjeleriň has dartgynly görnüşleri bilen meşgullanmak netijesinde alnan zelel üçin;

eger syýahat Ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygyna ýaramaýan bolsa we/ýa-da bar bolan keselini güýçlendirýän bolsa (onuň ýitileşmegine sebäp bolsa), Ätiýaçlandyrylan şahsyň olar barada bilendigine we şolar boýunça bejerme geçirilendigine ýa-da geçirilmändigine garamazdan, şeýle hem ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhletiniň we/ýa-da ätiýaçlandyryş çägine gitmegiň başlanmagyna çenli bar bolan keselleri bejermek ýa-da zerur bejermek üçin;

ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhletiniň hereketi başlanmazyndan öň Ätiýaçlandyrylan şahsa mälim bolan dowamly kesel ýa-da kesel sebäpli satyn alnan dermanlar üçin, uzak möhletli işe ukypsyzlygyň öňüni almak üçin, halas ediş ýa-da hökmany saglygy goraýyş taýdan gatyşylýan halatlar muňa girmeýär;

hassahana, lukman  ýa-da şepagat uýasy tarapyndan edilýän hyzmatlar üçin, şolarda kesel anyklaýyşy ýa-da bejermegi bellemek üçin zerurlyk ýok we/ýa-da olara ýiti däl häsiýetdäki kesel ýa-da ýeňil zelel ýetmek ýüze çykan mahaly kömek edilmegi üçin;

meýilleşdirilen operasiýalar we şolar boýunça ýiti zerurlyk ýok bolan operasiýalar üçin;

maşgala agzalary we ýakyn dogan-garyndaşlar tarapyndan ideg edilmegi we bejermegi üçin;

duýdansyz kesellenilmegi, zelel ýetmegi bilen baglanyşykly bolmadyk saglygy goraýyş anyklamasy we gözden geçirilmegi üçin;

Ätiýaçlandyrylan şahs tarapyndan uçýan abzallary (uçar, dikuçar, deltaplan we ş.m.) dolandyran mahaly bedene zelel ýetmegini bejermek üçin;

hünär işi bilen ýüze çykan betbagtçylykly hadysanyň getirýän netijesini bejermek bilen baglanyşykly hyzmatlar üçin;

ýörite stomatologiki bejermek, äňiň ortopediýasyny, dişiň ortodontozyny bejermek, diş kanallaryny aýyrmak, koronkalary we köprüleri goýmak üçin;

däp-dessur hyzmatlary we jaýlamak boýunça çykdajylar üçin;

gyssagly hassahana ýerleşdirmek we gyssagly saglygy goraýyş kömegini etmek bilen baglanyşykly bolmadyk saglygy goraýyş awtoulag çykdajylar üçin.

 

IV Jesetleri ibermek

 

9. Ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan halatynda Ätiýaçlandyryjy Bähbit görüjiniň üsti bilen Ätiýaçlandyrylan şahsyň jesediniň iberilmegi üçin hemme zerur çäreleri görer we/ýa-da raýatlygy bolan ýa hemişelik ýaşaýan ýurdunda jaýlamak çak edilýän has ýakyndaky howa menziline eltmek üçin edilen çykdajylary töleýär, munuň özi şol sanda jesedi kesip öwrenmek we oňa güwä geçmek, halkara gatnatmalary üçin talap edilýän tabyt hem-de jesediň galyndylaryny jaýlanylýan ýurdundaky howa menziline eltmek üçin çykdajylary hem öz içine alýar.

 

V Ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

10. Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne ýa-da saglygyna zelel ýetirilmegi bilen baglanyşykly gyssagly saglygy goraýyş kömegini etmek baradaky çykdajylaryň oňa öwezini doluş tölegini tölemek boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (jogapkärçilik çäginiň) möçberi Ätiýaçlandyryjynyň we Ätiýaçlandyrýanyň arasyndaky ylalaşyk boýunça bellenilýär.

 

VI Ätiýaçlandyryş jogapkärçiliginiň möçberi

 

11. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhletinde ätiýaçlandyryş çäginde ätiýaçlandyryş halaty netijesinde, saglygy goraýyş edarasynyň görkezmesi boýunça zerurlyk ýüze çykanda, Ätiýaçlandyrylan şahsa  geçirilen  gatnaw

 

 

 

bejermegiň we hassahana ýerleşdirmek üçin saglygy goraýyş hyzmatlarynyň çykdajylaryny tölemegi kepillendirýär.

12. Ätiýaçlandyryjy saglygy goraýyş kömeginiň şu aşakdaky görnüşleri boýunça çykdajylaryň öwezini dolýar:

saglygy goraýyş taýdan gözden geçirmegiň we bejermegiň, şol sanda hassahanada ýatymlaýyn bejermegiň (haçan-da näsagyň ýagdaýy ony raýatlygy bolan ýa-da hemişelik ýaşaýan ýurduna ibermäge mümkinçilik berýänçä);

gyssagly ýagdaýda hirurgiki taýdan gatyşmagyň we bejermegiň;

göwrelilik 28 hepdeden köp bolmadyk möhletde gyssagly ginekologiki we akuşerlik kömeginiň;

lukmanyň ýazyp beren zerur bolan dermanlaryny satyn almagyň;

ýiti diş agyrysy mahaly gyssagly stomatologiki kömegiň;

13. Ätiýaçlandyryjy Bähbit görüji bilen ylalaşylan şertlerinde we tölenilendigi baradaky kepilnama bar mahaly ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen,  ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhletinde ätiýaçlandyryş halatynyň bolup geçen çäklerinde ulanylýan umumylykda kabul edilen nyrhlar boýunça saglygy goraýyş çykdajylarynyň öwezini dolýar.

Ätiýaçlandyryş lukmanyň hünär ýalňyşlyklaryna degişli däldir.

 

VII Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

 

14. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) - ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş boýunça kabul edilen töwekgelçilikleriň ýerine Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrýanyň adyndan beýleki şahs tarapyndan Ätiýaçlandyryja tölenilýän pul möçberidir.

15. Ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi Ätiýaçlandyrylan şahsyň arzada görkezilen ätiýaçlandyryş çägine bolýan günlerine baglydyr we nyrhlara laýyklykda  Ätiýaçlandyryjy tarapyndan bellenilýär. Ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi bir Ätiýaçlandyrylan şahs üçin ätiýaçlandyryş çäginde bolýan birinji güni üçin  ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 0,004 göteriminden we goşmaça tassyklanan nyrh bolan 0,006 göteriminden ybaratdyr, Ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş çäginde bolmagynyň soňraky her bir güni üçin bolsa ätiýaçlandyryş nyrhy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 0,004 göterimi möçberde bellenilýär. Ätiýaçlandyrylan şahslaryň ýaşyndan we töwekgelçiligiň derejesinden ugur alyp ätiýaçlandyryş nyrhyna 1-den 0,2-ä çenli peselýän ýa-da 1-den 5-e çenli ýokarlanýan koeffisiýentleri ulanmak mumkindir.

16. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyryş pul möçberi kesgitlenen pulda tölenilýär.

Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) bir wagtda nagt pul serişdesinde ýa-da nagt däl hasaplaşyk ýoly bilen ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda tölenýär.

 

 

VIII Gaýtadan ätiýaçlandyryş

 

17. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga Ätiýaçlandyryjyda (Gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.

Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän Ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan Ätiýaçlandyryjynyň (Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda Gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň  Ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.

Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak - Türkmenistanyň Gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da Ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.

Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda Ätiýaçlandyrýan bilen Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahsyň (onuň mirasdarlarynyň), talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, Bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.

Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär. Halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalary hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilende ýurtlar, şeýle hem Ätiýaçlandyrylan şahsyň ýaşy boýunça çäklendirmeler ulanylyp bilner.

 

IX Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi

 

18. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Türkmenistanyň çäklerinden daşyna anyk gezelenç (syýahat, iş sapary, okuw, sport ýaryşlary we beýlekiler) üçin baglaşylýar.

19. Ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhletiniň hereketi haçanda Ätiýaçlandyrylan şahs ätiýaçlandyryş çägine giren pursatynda başlanýar we onuň ätiýaçlandyryş çägini goýup giden pursatynda hereketini bes edýär.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy Türkmenistanyň çäklerinden daşynda ätiýaçlandyryş çäklerinde işlenilen we dynç alnan wagty, işewürlik bilen gezelenç edilen wagty, dynç almak maksady bilen gezelenç edilen mahaly, okuwa gidilen mahaly we sport ýaryşyna gatnaşmak üçin gidilen mahaly bir gije-gündizde 24 sagatlap hereket edýär.

20. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilen “Ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhleti (hemme güni)” setirinde, ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhletiniň günleri bellenip bilner.

Ätiýaçlandyryş çägine her bir gezek gidende, ätiýaçlandyryş çäginde bolmagyna bagly ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhletiniň günleriniň sany awtomatik usulynda azalýar. Şunda Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän gününiň geçmegi boýunça bes edýär.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän iň az möhleti 1-gün, ýokary möhleti – 1 ýyl.

21. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak üçin Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja özüniň ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak baradaky meýlini ýazmaça görnüşde aýdýar. Şunda Ätiýaçlandyrýan Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça arzany (1-nji goşundy) şu aşakdaky maglumatlary doldurmak bilen berýär:

Ätiýaçlandyrylan şahsyň (şahslaryň) familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, onuň (olaryň) ýaşyny, hemişelik ýaşaýan ýerini, telefonyny;

Ätiýaçlandyrýanyň adyny, salgysyny, telefonyny;

gezelenje gitmegiň ugruny, maksadyny we möhletini;

çäklerinde ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket etmeli ýurdunyň adyny;

töwekgelçilige baha bermek üçin düýpli ähmiýeti bolan beýleki maglumatlary.

22. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar we Ätiýaçlandyryjy tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasy (2-nji goşundy) resmileşdirilýär.

Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasynyň mazmuny, ätiýaçlandyryş halaty we berilýän saglygy goraýyş kömegi, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) hem-de şu Kadalaryň 8-nji bölüminde görkezilenler bilen tanyşdyrýar.

23. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşanda howpuň döremegi ýa-da ätiýaçlandyryş halaty üçin düýpli ähmiýeti bolan, özüne mälim bolan ähli ýagdaýlary Ätiýaçlandyryja habar bermelidir. Ätiýaçlandyryjynyň şertnamadan ýüz öwürmegine ýa-da ony üýtgedilen mazmun bilen baglaşylmagyna täsir edip biljek ýagdaýlar düýpli ýagdaýlar bolup durýar.

24. Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýandan ýazmaça aýdyň we düşnükli ýagdaýda talaby hem düýpli ýagdaý hasap edilýär.

25. Eger Ätiýaçlandyryja düýpli ýagdaýlar hakynda habar berilmese, ol şertnamadan ýüz öwrüp biler. Ätiýaçlandyrýan düýpli ýagdaý hakynda habar bermekden öňünden niýet edip boýun gaçyrmagy hem şeýle mana eýedir.

26. Daşary ýurda gidilmeginiň möhletleriniň başga möhlete geçirilmegi bilen baglanyşykly Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasyny gaýtadan resmileşdirmek barada arzasy (3-nji goşundy) boýunça täze ätiýaçlandyryş şahadatnamasy resmileşdirilýär.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy ikinji gezek gaýtadan resmileşdirilen mahaly Ätiýaçlandyrýana ony gaýtadan resmileşdirmek boýunça çykdajylary tölemek borjuny ýüklemek bilen, Ätiýaçlandyrýana täze ätiýaçlandyryş şahadatnamasy resmileşdirilýär.

27. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen halatynda  Ätiýaçlandyrýana onuň ýazmaça arzasy esasynda ony bermek boýunça çykdajylary tölemegi borçlandyrmak bilen nusgasyny berýär, şondan soň ozalky ýitirilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy hakyky däl diýlip hasaplanýar.

28. Ätiýaçlandyrýan tarapyndan birwagtlaýyn ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilende Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny berýär.

29. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girýän senesi we (ýa-da) şertleri, şeýle hem ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhletiniň günleri görkezilýär.

30. Ätiýaçlandyryş  şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli ýa-da şertsiz franşiza göz  öňünde tutulyp bilner.

 

X Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi

 

31. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu halatlarda bes edilýär:

hereket edýän möhleti geçende;

Ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalar doly möçberde ýerine ýetirilende;

şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenmedik ýagdaýynda.

32. Eger şertnamada bu göz öňünde tutulan bolsa, Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda Ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), Ätiýaçlandyryjynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hasaplanan, edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyrýanyň talaby Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.

Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilende, ol Ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyryjynyň talaby Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), Ätiýaçlandyryjynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hasaplanan, edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasyny möhletinden öň bes etmek barada arzany (4-nji goşundy) ýazmaça bermek bilen ätiýaçlandyryş şertnamasyny möhletinden öň şu bölümiň ikinji we üçünji bentlerine laýyklykda bes edip bilner.

33. Ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) gaýtaryp bermek degişli resminamalar bilen ýazmaça arza alnan pursatyndan başlap, 5 (bäş) iş günüň dowamynda geçirilýär.

 

XI Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly

taraplaryň borçlary

 

34. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykyp Ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygyna zelel ýeten halatynda ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy hakynda haýal etmän, ýöne Ätiýaçlandyrylan şahs gezelençden gaýdyp gelen pursatyndan başlap 3 (üç) iş gününden gijä galman Ätiýaçlandyryja habardar edilmelidir, esasly sebäpler boýunça habardar etmek mümkin  bolmadyk halatlar muňa girmeýär. Esasly sebäpler bolmazdan Ätiýaçlandyrylan şahs bu talaby ýerine ýetirmedik mahaly (Ätiýaçlandyrylan şahsyň kesellemegi, aradan çykmagy ýa-da tussag edilmegi, ýakyn garyndaşlarynyň aradan çykmagy, kesellemegi ýa-da mirasdarlarynyň tussag edilmegi we ş.m.barada), eger ätiýaçlandyryş halaty hakynda Ätiýaçlandyryjynyň öz wagtynda bilendigi, ýa bolmasa Ätiýaçlandyryjyda bu baradaky maglumatlaryň bolmazlygy onuň töleg geçirmek  borçlaryna täsir edip bilmejekdigi subut edilmese, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmaga Ätiýaçlandyryjynyň hukugy bardyr. Görkezilenler raýat borjuny ýerine ýetirmek ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler barasynda ulanylmaýar.

35. Eger Ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş çäklerine gelen wagtynda şu Kadalara laýyklykda ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän ätiýaçlandyryş halaty bolup geçse, Ätiýaçlandyrylan şahs şulara borçludyr:

ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilen telefon belgisi boýunça Bähbit görüji bilen şobada habarlaşmaga we şulary habar bermäge:

Ätiýaçlandyrylan şahs baradaky maglumatlary;

ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň belgisini;

hadysanyň ýagdaýlarynyň jikme-jik teswirini;

ätiýaçlandyryş halatyny resminamalar bilen hemme subutnamalaryny, şeýle hem bejermek üçin dermanlary, daňy serişdelerini satyn almak we başgalar üçin çykdajylaryny.

Ätiýaçlandyrylan şahs Ätiýaçlandyryja bolup geçen ätiýaçlandyryş halatyny we çekilen çykdajylaryň möçberini tassyklaýan resminamalary (keseliň teswirini, saglygy goraýyş netijenamasyny we başgalary) bermäge borçludyr.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda, Ätiýaçlandyrylan şahsyň aradan çykmagyna getirse, Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahsyň mirasdarlary şulara borçludyr:

Ätiýaçlandyrylan şahs baradaky maglumatlary habar bermäge;

Ätiýaçlandyryja ýüze çykan ätiýaçlandyryş halaty barada hemme zerur resminamalary bermäge.

36. Ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky habar alnandan we ätiýaçlandyryş halaty boýunça hemme resminamalar berlenden soň Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:

ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberini hasaplamaga;

şu Kadalar bilen bellenilen tertipde we möhletlerde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge.

 

XII Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)

tölemegiň tertibi we şertleri

 

37. Eger ätiýaçlandyryş halaty Ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş çägine gelen wagtynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhletinde bolup geçen bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenýär.

38. Saglygy goraýyş kömeginiň edilmegi bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryş halaty boýunça çekilen çykdajylar Ätiýaçlandyrylan şahsyň özi tarapyndan tölenmedik şertlerinde degişli resminamalar bilen tassyklananda Ätiýaçlandyrylan şahsa saglygy goraýyş kömegini ýa-da saglygy goraýyş awtoulag hyzmatlary eden Bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan amala aşyrylýar. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek Ätiýaçlandyrylan şahsa kömek edilen mahaly hyzmatlary we çykdajylary nazara almak bilen, berlen hasaplara töleg görnüşinde geçirilýär.

39. Eger ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy netijesinde çekilen çykdajylaryň tölegi Ätiýaçlandyrylan şahsyň özi tarapyndan tölenen bolsa, şonda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek Ätiýaçlandyryjy tarapyndan gönüden-göni Ätiýaçlandyrylan şahsa onuň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada arzasynyň (5-nji goşundy), ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň we Ätiýaçlandyryja berlen çekilen çykdajylary tassyklaýan resminamalaryň (hasaplaryň, töleghatynyň we başgalaryň) esasynda amala aşyrylýar. Şunda hemme hasaplar Ätiýaçlandyrylan şahsyň adyna resmileşdirilmelidir we onuň kesellemegi, bejerilmegi, ýazylyp berlen dermanlar hakyndaky maglumatlary özünde jemlemelidir.

40. Ätiýaçlandyrylan şahs kesellän ýa-da aradan çykan halatynda ony äkitmek – jesedini (onuň galyndylaryny) eltmek boýunça çykdajylaryň öwezini dolmasy şol işleri amala aşyran Bähbit görüjä Ätiýaçlandyryjy tarapyndan çykdajylaryň esaslydygyny tassyklaýan resminamalaryň (saglygy goraýyş kartasy, äkitmek ýa-da eltmek boýunça hasaplar, esaslandyryjy keseliň teswiri we äkitmegiň zerurlygy) esasynda tölenilýär.

41. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin arza we resminamalar Ätiýaçlandyrylan şahs ätiýaçlandyryş halaty bolup geçen mahaly gezelençden gaýdyp gelende (türkmen, rus we iňlis dillerinden başga dillerde düzülen resminamalaryň asyl nusgalarynyň degişli guramalar tarapyndan güwä geçilen terjimelerini goşmak bilen) Ätiýaçlandyryja bermelidir.

42. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Ätiýaçlandyryjy tarapyndan hemme zerur resminamalar alnandan soň 15 (on bäş) iş günüň dowamynda tölenýär.

43. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde onuň bankdaky goýumyna alyjynyň adyna geçirmek arkaly ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň  pulhanasyndan nagt pul serişdeleri bilen geçirilýär.

44. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Ätiýaçlandyryjy tarapyndan durmuş ätiýaçlandyrmasy, durmuş üpjünçiligi boýunça we zeleliň öwezini dolmak tertibinde Ätiýaçlandyrylan şahsa degişli pul möçberine garamazdan tölenýär.

45. Eger ýüze çykan ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetinden Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek borjy ikirjiňleme döretmeýän bolsa, ýöne zerur guramaçylyk-tehniki hereketler üç aýyň dowamynda tamamlanmadyk bolsa, şonda şeýle pul möçberini almaga hukugy bolan şahs gürrüňsiz tölenmäge degişli möçberden onuň hakujy görnüşinde tölenmegini talap edip biler.

Ätiýaçlandyryş halatynyň sebäpleri ýa-da zeleliň (zyýanyň) möçberi hakynda taraplaryň arasynda jedeller ýüze çykan halatynda taraplaryň her biriniň seljermeleri geçirmegi talap etmäge hukugy bardyr. Seljerme ony geçirmegi talap eden tarapyň hasabyna geçirilýär.

46. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölenilmegi hakyndaky çözgüdi kabul edilmegi üçin aşakdaky resminamalar esas bolup biler:

Ätiýaçlandyrýanyň arzasy;

Ätiýaçlandyrylan şahsyň familiýasyny, kesel ýazgysyny, saglygy goraýyş kömegi üçin ýüzlenmegiň senesini, bejermegiň dowamlylygyny görkezmek, seneleri we bahasy boýunça tölenmäge degişli jemleýji pul möçberini bölmek bilen edilen hyzmatlaryň sanawy bilen saglygy goraýyş edarasynyň delilhatynyň – hasabynyň asyl nusgasy (firma blankada ýa-da degişli möhürçesi bilen);

her bir satyn alnan dermanyň bahasyny görkezip tölenendigi barada dermanhananyň töleg kagyzy, şu kesel bilen baglanyşykly bejeren lukman tarapyndan ýazylyp berlen kesel ýazgylarynyň asyl nusgalary;

döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan güwä geçilen ölüm hakyndaky şahadatnamanyň we mirasa hukuk hakyndaky şahadatnamanyň göçürme nusgasy (Ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan ýagdaýynda).

Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyny tassyklaýan beýleki resminamalary hem talap etmäge hukugy bardyr.

Çekilen çykdajylar babatda hödürlenen hemme hasaplar asyl nusgada bolmalydyr. Ätiýaçlandyryjy tarapyndan talap edilen hemme delilhatlar, maglumatlar we şahadatnamalar Ätiýaçlandyrýanyň (Ätiýaçlandyrylan şahsyň) ýa-da onuň kanuny wekiliniň hasabyna berilmelidir.

47. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek şertnamada görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolup bilmez.

48. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletiniň geçmegi boýunça we ätiýaçlandyryş halatynyň bolmadyk ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýana, Ätiýaçlandyrylan şahsa ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) gaýtarylyp berilmeýär.

 

XIII Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden

boýun gaçyrylmagy

 

49. Eger Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:

Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahsyň  ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;

Ätiýaçlandyrylan şahs tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;

Ätiýaçlandyrylan şahs hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;

Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanyşykda durýan bolsa.

50. Ätiýaçlandyryjy hemme zerur resminamalar alnandan soň 15 (on bäş) iş günüň dowamynda Ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da onuň mirasdarlaryna, Bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden doly ýa-da bölekleýin boýun gaçyrmagy hakynda, boýun gaçyrmagyň sebäplerini esaslandyrmak bilen ýazmaça habar bermelidir.

 

XIV Jedelleri çözmegiň tertibi

 

51. Şu Kadalar boýunça gatnaşyklardan gelip çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülýär.

 


 

 

 

Türkmenistanyň çäklerinden daşyna

gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

1-nji goşundy

 

 

 

Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň

saglygyny meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça

 

ARZA

 

Ätiýaçlandyrýan__________________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady we ýaşaýan ýeri)

______________________________________telefony __________________

(ýuridik şahsyň ady we hukuk salgysy) 

_______________________________________faks_____________________

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 201___ ýylyň  “__” ________№____buýrugy bilen tassyklanan Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna laýyklykda Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny  baglaşmagy haýyş edýär.

 

T/b

Ätiýaçlandyrylan şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady

Doglan senesi (güni, aýy, ýyly)

1

2

3

1.

 

 

2.

 

 

3.

 

 

4.

 

 

5.

 

 

 

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän çägi ________________________________________

Türkmenistanyň çäginden çykmagyň ugry we maksady (gidýän döwletleri, syýahat, iş sapary, okuw, sport ýaryşy)______________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwri: 201__ ýylyň “__” ____dan 201___ ýylyň “__” _______aralygy Ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhleti ____ gün

 

Ätiýaçlandyryşyň şertleri bilen tanyşdyryldy we razy                   _________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

 

 


 

 

 

Türkmenistanyň çäklerinden daşyna

gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

2-nji goşundy görnüş № 109

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY

Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň

saglygyny meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça

ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY

0000000

Ätiýaçlandyryjy ___________________________________________________________________________________

(ätiýaçlandyryş guramasynyň ady)

Salgysy, telefony ______________________________________________________________________________

Bank maglumatlary __________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyrýan ________________________________________________________________________________

(familiýasy, ady; ýuridik şahsyň ady)

Salgysy, telefony ______________________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyrylan şahs __________________________________________________________________________

(familiýasy, ady we doglan ýyly)

Salgysy, telefony ______________________________________________________________________________

 

Bähbit görüji _____________________________________________________________________________________

(ýuridik şahsyň ady)

Salgysy, telefony ______________________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryşyň obýekti _____________________________________________________________

Türkmenistanyň çäginden çykmagyň ugry we maksady (gidýän döwletleri, syýahat, iş sapary, okuw, sport ýaryşy)______________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwri 201_ ý. «___»________________dan 201__ ý. «___» ________________ aralygy

Ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhleti (hemme güni) _____

Ätiýaçlandyryş pul möçberi ________________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ___________________________________________________

 

Franşiza (şertli, şertsiz) ____________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň möhleti ___________

__________________________________________________________________________________

Beýleki şertler ______________________________________________________________________

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy                          _________________________

                                                                                               (Ätiýaçlandyryjynyň goly)

M.Ý.

Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary bilen tanyşdyryldy                                                                 ___________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň goly)

Şertnama baglaşylan senesi 201__ ý. «___» _________________

 

Ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhletiniň hereketi haçanda Ätiýaçlandyrylan şahs ätiýaçlandyryş çägine giren pursatynda başlanýar we onuň ätiýaçlandyryş çägini goýup giden pursatyndan hereketini bes edýär. Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner. Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary barada maglumaty, Siz biziň www.insurance.gov.tm. web - saýtymyzda görüp bilersiňiz.

 


 

 

 

Türkmenistanyň çäklerinden daşyna

 gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

3-nji goşundy

 

                                                                                                                        Türkmenistanyň Döwlet

ätiýaçlandyryş guramasyna

__________________________

 

              _______________________dan

                     (Ätiýaçlandyrýanyň F.A.A.a.)

 

 

 

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasyny gaýtadan resmileşdirmek barada

A R Z A

 

________________________________________________________________ bilen baglanyşykly

 

ätiýaçlandyryş şertnamasyny gaýtadan resmileşdirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

 

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy № (№№) ______________________________________________

 

_________________________________________________________________________________

 

 

201___ ýylyň “___” _________

 

_________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

 

 


 

 

 

 

Türkmenistanyň çäklerinden daşyna

gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

4-nji goşundy

 

Ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny)                      Türkmenistanyň Döwlet gaýtaryp bermek                                                                  ätiýaçlandyryş guramasyna

_______________________________

 

______________________________dan

                                                        (Ätiýaçlandyrýanyň F.A.A.a.)

 

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes etmek barada

A R Z A

 

_________________________________________________________________________________

 

_________________________________________________________________________________

 

_____________________________________________________________ şonuň bilen baglanşykly

 

ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) gaýtaryp bermegi Sizden haýyş edýärin

 

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy № (№№)________________________________________________

 
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti _________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberi __________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy)__________________________________________

 

 

201___ ýylyň “___” _____

________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

 

 


 

 

 

Türkmenistanyň çäklerinden daşyna

gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

5-nji goşundy

 

Türkmenistanyň Döwlet  ätiýaçlandyryş  guramasyna __________________________________ 

 

_________________________________dan

 

____________________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň, Ätiýaçlandyrylan şahsyň, Bähbit

görüjiniň F.A.A.a. we salgysy)

 

____________________________________

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini

doluş tölegini) tölemek barada

A R Z A

 

______________________________________________________________________ bolup geçen

(güni, aýy, ýyly)

_________________________________________________________bilen baglanşykly

(Ätiýaçlandyryş wakasyny häsiýetiniň görkezmeli)

 

Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlary meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi Sizden haýyş edýärin.

Arza şu resminamalary goşýarys:______________________________________________________

 

_________________________________________________________________________________

 

_________________________________________________________________________________

 

__________________________________________________________________

 

 

201_ ýylyň “___” _________                                  _____________________

(Ätiýaçlandyrýanyň goly)