Ýolagçylary we ekipažlaryň agzalaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

23.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň baş direktorynyň

2015-nji ýylyň 28-nji dekabrynda çykaran

111 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

 

Ýolagçylary we ekipažlaryň agzalaryny betbagtçylykly

hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş

K A D A L A R Y

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 128 belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda 16/21 belgi bilen ylalaşylyp tassyklanan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler bilen

 

I. Umumy düzgünler

 

1. Şu ýolagçylary we ekipažlaryň agzalaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Kadalaryň şertlerinde Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk – Ätiýaçlandyryjy) fiziki (şol sanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçiler) we ýuridik şahslar (mundan beýläk-Ätiýaçlandyrýan) bilen howa, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil ulag serişdeleriniň (mundan beýläk - ulag serişdeleri) ýolagçylaryny we ekipažlaryň agzalaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşýarlar (mundan beýläk - ätiýaçlandyryş şertnamasy).

3. Şu Kadalara laýyklykda baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ýolagçylar we ekipažyň agzalary (mundan beýläk – Ätiýaçlandyrylan şahslar) ulag serişdesiniň içinde bolýan wagty, oňa münende we/ýa-da  ondan düşende  şikes ýetirilen ýa-da ölen halatynda şertlenilen ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek göz öňünde tutulýar.

4. Ätiýaçlandyryş halkara, şäherara we şäherýaka gatnawlarynda, ekskursiýa, syýahat edilende we gezelenç ugurlarynda we suw giňişliklerinde ulag serişdelerinde amala aşyrylýan gatnatmalara degişli edilýär.

5. Ätiýaçlandyrylan şahsyň ýany bilen gidýän 5 ýaşa çenli bir çaga ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemezden ätiýaçlandyrylan hasap edilýär. Eger Ätiýaçlandyrylan şahsyň ýany bilen 5 ýaşa çenli bir çagadan köp gidýän bolsa, onda olar umumy esaslarda ätiýaçlandyrmaga degişlidir.

 

 

 

6. Şu Kadalaryň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

bähbit görüji - ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;

ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçi ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;

franşiza - umumy zeleliň bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy Ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenýär. Şertli franşiza bellenilende Ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli doly töleýär. Sertsiz franşiza bellenilen mahalynda Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zyýandan aýrylan möçberi bilen kesgitlenýär;

ýolagçy – ulag serişdesinde bar bolan adam, şeýle hem ulag serişdesine münýän (oňa girýän) ýa-da ulag serişdesinden düşýän (ondan çykýan) adam;

ekipaž agzalary - Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslarda ulag serişdesinde daşamagy amala aşyrýan we ýolagçylara ulag serişdesinde hyzmaty ýerine ýetirýän fiziki şahslar.

7. Ätiýaçlandyryş şertnamalary şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy boýunça şertnamanyň aýry-aýry bölümlerinde, Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän başga şertleri bolup biler.

 

II. Ätiýaçlandyryşyň obýekti

 

8. Ulag serişdesiniň içinde bolýan wagty, şeýle hem oňa münende we/ýa-da ondan düşende betbagtçylykly hadysa netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömri we saglygy bilen baglanyşykly Ätiýaçlandyrýanyň şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

Şu Kadalara laýyklykda howa, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil ulag serişdeleriniň ýolagçylary we ekipažlarynyň agzalary Ätiýaçlandyrylan şahs bolup durýar.

 

III. Ätiýaçlandyryş halaty

 

9. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama laýyklykda Ätiýaçlandyrýana, Ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da Bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.

10. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ulag serişdesinde gatnadylýan wagtynda ýolagçylar we ekipažyň agzalary Ätiýaçlandyrylan şahs hökmünde ätiýaçlandyrylan hasaplanylýar.

Ätiýaçlandyryş Ätiýaçlandyrylan şahs petekde (ýol resminamasynda) görkezilen gidilýän ýerden ulag serişdesine münen pursatyndan başlanýar we Ätiýaçlandyrylan şahs niýetlenen ýerine baryp ulag serişdesinden düşüp giden pursatynda tamamlanýar.

11. Ätiýaçlandyryş halatlary diýlip şu aşakdaky wakalar ykrar edilýär:

ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ulag serişdesinde betbagtçylykly hadysa netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne, saglygyna ýetirilen zelel.

12. Aşakdaky wakalaryň netijesinde bolup geçenler bolsa, ätiýaçlandyryş halatlary bolup durmaýar:

Ätiýaçlandyrylan şahsyň eden bilkastlaýyn jenaýaty;

Ätiýaçlandyrylan şahsyň alkogoldan, neşe serişdelerinden, psihotrop, toksiki ýa-da beýleki seri dumanladyjy maddalardan serhoş bolmagy;

howa gämisiniň serkerdesiniň, deňiz ýa-da derýa gämisiniň kapitanynyň, otlynyň başlygynyň, awtobusyň sürüjisiniň ýa-da ulag serişdesine ygtyýarly edilen beýleki resmi adamlaryň talaplaryna Ätiýaçlandyrylan şahsyň boýun bolmazlygy;

ätiýaçlandyrylan şahsyň ulag serişdesinde gatnamagyň kadalaryny bozmagy, ýa bolmasa administratiw hukuk tertibini bozmagy, şol sanda hereketi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna gönükdirilen hereketleri etmegi;

her hili harby we terrorçylyk hereketleri, şeýle hem köpçülikleýin bidüzgünçilikler we olaryň getiren zyýanly netijeleri;

ätiýaçlandyrylan şahsyň günäli hereketleriniň ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna getirmegi.

 

IV. Ätiýaçlandyryş pul möçberi. Ätiýaçlandyryş gatanjy

(ätiýaçlandyryş baýragy)

 

13. Ätiýaçlandyryş pul möçberi - ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça beýan edilen borçnamasy.

14. Ätiýaçlandyryş pul möçberi taraplaryň ylalaşmagy boýunça kesgitlenilýär.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp bolmadyk, bir gatnawdan (reýsden) köp gatnawa baglaşylanda, onda ätiýaçlandyryş pul möçberi ulag serişdesiniň ýeriniň sanyna görä kesgitlenýär.

Eger ätiýaçlandyryşyň şertlerinde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň kesgitlenilen pulunda tölenilýär.

15. Ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi ulag serişdesiniň görnüşine baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýolagçylary we ekipažlaryň agzalaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça nyrh möçberleriniň (1-nji goşundy) göterimlerinden bellenilýär. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir anyk halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende peselýän ýa-da  ýokarlanýan koeffisiýentleri ulanmak mümkindir.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp bolmadyk, bir gatnawdan (reýsden) köp gatnawa baglaşylanda, onda Ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletinde amala aşyryljak gatnawyň (reýsiň), ulag serişdesiniň ýeriniň we ekipaž agzalarynyň sanyna görä hasaplanyp çykarylýar.

16. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde tölenýär.

Ätiýaçlandyrýanlar ulag serişdeleriniň ekipaž agzalary üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) öz serişdeleriniň hasabyna tölenýär.

 

V. Gaýtadan ätiýaçlandyryş

 

17. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga Ätiýaçlandyryjyda (Gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.

Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän Ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan Ätiýaçlandyryjynyň (Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda Gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň  Ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.

Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak - Türkmenistanyň Gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da Ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.

 

Gaýtadýan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda Ätiýaçlandyrýan bilen Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahslaryň talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, Bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.

18. Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.

 

VI. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň

 baglaşylmagynyň tertibi

 

19. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak üçin Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja ýazmaça arza berýär ýa-da başga bir usul bilen özüniň ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak isleginiň bardygyny mälim edýär.

Eger Ätiýaçlandyrýan ýuridik şahs ýa-da ýuridik şahsy döretmezden telekeçi fiziki şahs bolsa, onda Ätiýaçlandyryja Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça ýolagçylary we ekipažlaryň agzalaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça arzasy (2-nji goşundy) berilýär.

Eger Ätiýaçlandyrýan fiziki şahs bolsa, onda ätiýaçlandyryş şertnama Ätiýaçlandyrýanyň dil bilen aýtmagy esasynda baglaşylýar.

20. Ätiýaçlandyryş şertnamasy petekde (ýol resminamasynda) görkezilen gidilýän ýerden niýetlenilen ýerine baryp ulag serişdesinden düşen pursatyna çenli baglaşylýar.

21. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri görkezilýär.

22. Şertnama baglaşylandan soň oňa girizilen üýtgetmeler Ätiýaçlandyryjy we Ätiýaçlandyrýan tarapyndan gol çekilen goşmaçalar bilen resmileşdirilýär, olar ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) aýrylmaz bölegi bolup durýarlar.

23. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti taraplaryň ylalaşygy boýunça bellenilýär we ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilýär. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda şu aşakdaky ätiýaçlandyryş möhletleri göz öňünde tutulyp bilner:

ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen bir gatnawyň (reýsiň) möhletine;

bir ýyldan köp bolmadyk, bir gatnawdan (reýsden) köp möhletiň sanyna.

Eger bir gatnawyň (reýsiň) möhletine ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda, onda ätiýaçlandyryş şertnamasynda gidilýän ýeri we niýetlenilen ýeri görkezilýär.

24. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilende Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana ýolagçylary we ekipažlaryň agzalaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (3-nji goşundy) berýär.

25. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasy esasynda Ätiýaçlandyryjy ony bermek boýunça çykdajylary tölemegi borçlandyrmak bilen, onuň öwezligini berýär.

26. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli we şertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.

 

VII. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi

 

27. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

hereket edýän möhleti geçende;

Ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;

şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenmedik ýagdaýynda;

Ätiýaçlandyrýan - ýuridik şahsyň işi togtadylanda, bes edilende ýa-da ol ýatyrylanda;

fiziki şahs - Ätiýaçlandyrýan aradan çykanda;

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasy hakyky däl diýilip ykarar edilende.

Eger şertnamada bu göz öňünde tutulan bolsa, Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

28. Ätiýaçlandyryş wakasynyň ýüze çykmak töwekgelçiligi artan mahalynda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryşy togtatmaga ýa-da ony möhletinden öň bes etmäge haky bardyr.

Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda Ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyrýanyň talaby Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna  gaýtaryp berýär.

Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol Ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna  gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyryjynyň talaby Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

 

VIII. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini

 doluş tölegini) tölemegiň tertibi we şertleri

 

29. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly Ätiýaçlandyrýan (Ätiýaçlandyrylan şahs ýa-da mirasdüşer) onuň ýüze çykandygyny Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenmegi hakynda arzany (4-nji goşundy) bermek bilen, haýal etmän ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habar bermäge borçludyr. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek baradaky talap özi bilen ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan Ätiýaçlandyryja bildirilýär.

30. Ätiýaçlandyrylan şahsyň şikes almagy bilen baglanşykly ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahs Ätiýaçlandyryja şu aşakdaky resminamalary berýär:

ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenmegi hakyndaky arza;

ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;

betbagtçylykly hadysa hakynda Ätiýaçlandyrýan ýa-da ulag kärhanasy tarapyndan ulagda betbagtçylykly hadysa hakynda düzülen ykrarhatyny (5-nji goşundy);

Ätiýaçlandyrylan şahsyň şikes almagy boýunça bejeriş hakynda saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty;

Ätiýaçlandyrylan şahs bolup durýandygyny tassyklaýan petek (ýol resminamasy) ýa-da başga bir resminama;

ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga hukugy bolan şahsyň şahsyýetine güwä geçýän resminama.

31. Ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan halatynda mirasdüşerleri tarapyndan şu Kadalaryň 30-njy bölüminde göz öňünde tutulan resminamalary, şeýle hem Ätiýaçlandyrylan şahsyň ölümi hakyndaky şahadatnamanyň döwlet notarial edarasynyň güwä geçilen göçürme nusgasyny, döwlet notarial edarasy tarapyndan berlen miras hakynda şahadatnamasyny berýär.

32. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek saglygy goraýyş, derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň hökmany tertipde berýän resminamalarynyň hem-de netijenamalarynyň esasynda amala aşyrylýar.

33. Ätiýaçlandyrylan şahslara tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelindäki çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine we onuň goşundysyna laýyklykda we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda çykaran 135 belgili buýrugy bilen tassyklanylan görnüş 195/h Delilhaty esasynda kesgitlenilýär.

(Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 128 belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 16/21 belgi bilen ylalaşylyp tassyklanan)

34. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly Ätiýaçlandyrylan şahsa tölenýän tölegleriň umumy pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary geçmeli däldir.

Eger Ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) belli bir bölegi Ätiýaçlandyrylan şahsa tölenen bolsa, ýöne şol hadysaň bolan gününden başlap bir ýylyň dowamynda şonuň netijesinden Ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan halatynda öň tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberini tutup galmak bilen ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenýär.

35. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek Ätiýaçlandyryjynyň ähli zerur resminamalary alandan soň ýedi iş gününiň dowamynda geçirilýär.

36. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Ätiýaçlandyrylan şahsyň islegi boýunça bankda onuň adyna açylan goýum hasabyna geçirmek, Ätiýaçlandyryjynyň pulhanasyndan nagt görnüşlerinde ýa-da Ätiýaçlandyrýan bilen ylalaşylan başga bir tertipde tölenýär.

Ätiýaçlandyryş pul möçberleri (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri) kämillik ýaşyna ýetmedik alyja ýaşaýan ýeri boýunça bankda onuň adyna açylan şahsy hasabyna geçirmek ýoly bilen amala aşyrylýar, şol bir wagtyň özünde hem şol barada kämillik ýaşyna ýetmedik alyjynyň kanuny wekiline ýa-da kanuny wekili bolmadyk ýagdaýynda hossarlyk we howandarlyk edarasynyň wekillerine habar berilýär.

 

IX. Taraplaryň hukuklary we borçlary

 

37. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:

ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini almak üçin Bähbit görüjini bellemäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň, öz garaýşyna görä ony çalyşmaga;

şu Kadalara laýyklykda şahsy bähbitleriň meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmaga;

ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryş düzgünleri we şertleri bilen tanyşmaga;

Ätiýaçlandyrlan şahslaryň bähbitlerine olaryň şahsy ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmaga.

38. Ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:

ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda Ätiýaçlandyrylan şahs barada borçnamalara baha kesmek üçin özüne mälim möhüm ähmiýeti bolan ýagdaýlaryň ählisi barada Ätiýaçlandyryja habar bermäge. Soňky ýagdaýda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberiniň köpeldilmegine talap etmäge ýa-da birtaraplaýyn tertipde ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes etmäge haky bardyr;

ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) bellenilen tertipde tölemäge;

Ätiýaçlandyryja Ätiýaçlandyrylan şahsa ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;

ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada şu Kadalarda göz öňünde tutulan möhletde habar bermäge;

ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrylan şahsy halas etmek üçin özüne bagly çäreleri görmäge;

ätiýaçlandyryş şertnamasynda Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän, Ätiýaçlandyrýanyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

39. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bardyr:

Ätiýaçlandyrýanyň habar beren maglumatlaryny, şeýle hem olaryň öz borçlaryny ýerine ýetirişini barlamaga;

zerurlyk ýüze çykan halatynda Ätiýaçlandyrýandan ýa-da ygtyýarly edaralardan goşmaça maglumatlary almaga;

ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň derejesi ýokarlanan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýandan (Ätiýaçlandyrylan şahsdan) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň üýtgedilmegini talap etmäge ýa-da ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň köpelen möçberine deň goşmaça ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemegi, eger-de taraplar ylalaşyga gelmese ätiýaçlandyryş şertnamasyny bozmagy talap etmäge haky bar: (ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň derejesiniň düýpli üýtgetmegine getirýän ýagdaýlara, mysal bolup biler, ätiýaçlandyryş halatyndan başga sebäp boýunça Ätiýaçlandyrylan şahsyň maýyplyk derejesiniň kesgitlenmegi);

haçanda oňa hemme zerur resminamalary getirilmedik ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi gaýra çekmäge – olary getirilýänça, şeýle hem, eger ätiýaçlandyryş halatynda we zeleliň möçberini tassyklaýan resminamalaryň asyl nusgadygyna şübhe bar bolsa (hususynda resmileşdirmegiň tertibinde we resminamalar hasaba almakda, resminamada möhrüň, goluň, düzedilmeleriň tassyklanmadyk ýagdaýlary) – şular ýaly resminamalary beren tarapyň, olar ýaly resminamalaryň asyl nusgadygyny tassyklanýança;

şu Kadalaryň we ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerini ýerine ýetirmekde beýleki hereketleri amala aşyryp biler.

40. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:

Ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyş etmäge;

Ätiýaçlandyrýan tarapyndan görlen çäreleriň netijesinde ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň peselmegi ýa-da onuň ýetirip biläýjek zyýanynyň möçberiniň üýtgemegi sebäpli, Ätiýaçlandyrýanyň arzasy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny täzeden baglaşmaga;

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada bellenilen möhletde Ätiýaçlandyrylan şahsa (onuň ölen çykan halatynda-mirasdarlaryna ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) bellenilen tertipde tölemäge;

ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan Ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär;

ätiýaçlandyryş şertnamasynda Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän, Ätiýaçlandyryjynyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

 

X. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden

boýun gaçyrylmagy

 

41. Eger Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:

Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatynda ulanylmaýar;

Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;

Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan adam hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;

Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlary habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanyşykda durýan bolsa.

42. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bölekleýin boýun gaçyrmagyň möçberi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenýär.

43. Baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) kesgitlenen pulunda amala aşyrylýar.

 

XI. Jedelleri çözmegiň tertibi

 

44. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ähli jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülýär.

 

 


 

 

 

Ýolagçylary we ekipažlaryň agzalaryny

betbagtçylykly hadysalardan meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

1-nji goşundy

 

 

 

 

 

Ýolagçylary we ekipažlaryň agzalaryny

betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça

 

NYRH MÖÇBERLERI

 

(ätiýaçlandyryş pul möçberine %-de)

t/b

Ulagyň görnüşi

Nyrh möçberi

1.

Howa we deňiz, içerki suw ulag serişdelerinde bir gatnaw üçin

 

Howa we deňiz, içerki suw ulag serişdelerinde

iki ýa-da ondan hem köp gatnaw üçin

 

 

0,3

 

 

0,21

2.

Demir ýol we awtomobil ulag serişdelerinde  bir gatnaw üçin

 

Demir ýol we awtomobil ulag serişdelerinde 

iki ýa-da ondan hem köp gatnaw üçin

 

 

0,2

 

0,14

 

 

Töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende 1-den 0,3-e çenli peselýän ýa-da 1-den 5 çenli ýokarlanýan koeffisiýentleri ulanmak mümkindir.

 

 


 

 

 

Ýolagçylary we ekipažlaryň agzalaryny

betbagtçylykly hadysalardan meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

 2-nji goşundy

 

 

________________________________ Döwlet

(welaýatyň, etrabyň, şäheriň)

ätiýaçlandyryş guramasyna

 

Ýolagçylary we ekipazlaryň agzalaryny betbagtçylykly hadysalardan

meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça

A R Z A

 

Ätiýaçlandyrýan ________________________________________________________________

(guramanyň ady, F., A., Aa.)

Salgysy/telefony _______________________________________________________________

 

Ýolagçylary we ekipažlaryň agzalaryny betbatçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagy haýyş edýär.

 

Ätiýaçlandyrylan şahslaryň sany _____________________________________________adam

 

Olardan: ýolagçylar _______________adam, ekipažlaryň agzalary ________________adam

 

Bir Ätiýaçlandyrylan şahs üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi ______________________ manat

 

Umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi _________________________________________ manat

 

Ulag serişdesiniň görnüşi _______________________________________________________

Gatnawyň (reýsiň) sany _________________________________________________________

 

Ugur boýunça reýsiň № ________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryş möhleti 201_ ý. «___»_____________dan 201__ ý. «___» ______________ aralygy

 

Beýleki şertler _________________________________________________________________

____________________________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

 

Arza ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň düzümi we aýrylmaz bölegi bolup durýar.

 

Ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdym __________________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň familiýasy we goly)

M.Ý.    201___ýylyň «_____»_____________

 

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp bolmadyk, bir gatnawdan (reýsden) köp gatnawa baglaşylanda, onda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletinde amala aşyryljak  gatnawyň (reýsiň), ulag serişdesiniň ýeriniň we ekipaž agzalarynyň sany görkezilýär.

 

 


 

 

 

Ýolagçylary we ekipažlaryň agzalaryny

betbagtçylykly hadysalardan meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

3-nji goşundy

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY

 

ÝOLAGÇYLARY WE EKIPAŽLARYŇ AGZALARYNY BETBAGTÇYLYKLY HADYSALARDAN MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞY BOÝUNÇA  ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY №_____

 

ÄTIÝAÇLANDYRÝAN _________________________________________________________

(guramanyň ady)

Salgysy/telefony ________________________________________________________________

Bank maglumatlary _____________________________________________________________

Ätiýaçlandyrlan şahs ____________________________________________________________

(F., A., Aa., salgysy)

Salgysy/telefony ________________________________________________________________

ÄTIÝAÇLANDYRYJY _________________________________________________________

Salgysy/telefony _______________________________________________________________

Bähbit görüji __________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş obýekti __________________________________________________________

Ätiýaçlandyrylan şahslaryň sany:

 ýolagçylar __________________ sany,  ekipaž agzalary ___________________________ sany

Bir Ätiýaçlandyrylan şahs üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi ________________________ manat

Umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi __________________________________________ manat

Umumy ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) _________________________ manat

201___ýylyň «_____»___________   tölenildi ________________________________________

(nagt ýa-da nagt däl hasaplaşykda görkezmeli)

Ulag serişdesiniň görnüşi ________________________________________________________

Gatnawyň (reýsiň) sany _________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş möhleti _________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

Franşiza _____________________________________________________________________

 

Beýleki şertler _________________________________________________________________

 

M.Ý._____________________________
(welaýat, etrap, şäher)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy

_________________________

(F.A. we goly)

 

Ýolagçylary, ekipažlaryň agzalaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary bilen tanyşdyryldym ___________ (Ätiýaçlandyrylýanyň goly)

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy 201___ ýylyň «___»_________ berildi.

 

Belllik: Ätiýaçlandyryş ulag serişdesine münende başlanýar we Ätiýaçlandyrylan şahs niýetlenilen ýere baryp ulag serişdesinden düşen pursatynda tamamlanýar. Uly ýaşlylaryň ýanynda bolmagynda 5 ýaşa çenli ýaşdaky bir çaga ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenmezden ätiýaçlandyrylan hasap edilýär. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly Ätiýaçlandyrýan ýüze çykan ýagdaý hakynda Ätiýaçlandyryja haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habar bermäge borçludyr. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek ähli zerur resminamalar hödürlenilenden soň 7 günüň dowamynda amala aşyrylýar.  Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp bolmadyk, bir gatnawdan (reýsden) köp gatnawa baglaşylanda, onda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletinde amala aşyryljak  gatnawyň (reýsiň), ulag serişdesiniň ýeriniň we ekipaž agzalarynyň sany görkezilýär.

 

 


 

 

 

Ýolagçylary we ekipažlaryň agzalaryny

betbagtçylykly hadysalardan meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

4-nji goşundy

 

 

____________________________________

 (welaýat, etrap, şäher)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy

 

_________________________________dan
(F.,A.,Aa.)

____________________________________

(öý salgysy, telefony)

 

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenmegi hakynda

A R Z A

 

 

201____ ýylyň «___»______________ men (çagam) __________________________________ (gerek däliniň üstüni çyzmaly)     (F.,A.,Aa.)

tarapyndan alnan şikes bilen baglanyşykly __________________________________________

 

_____________________________________________________________________________ (şulary görkezmeli: nagt pul bilen ýa-da hasapdaky goýuma geçirmek bilen, şu halatda

 

_____________________________________________________________________________

hasabyň maňa degişli şu pul möçberini tölemegiňizi

 

________________________________________________________________ haýyş edýärin

belgisini, bank edarasynyň adyny görkezmeli)

 

Şikes alynmagyň halaty ___________________________________________ tarapyndan berlen

(bejeriş edarasynyň ady)

delilhaty bilen tassyklanyldy

 

Şikes şu ýagdaýlarda alyndy ______________________________________________________

 

_____________________________________________________________________________

 

_____________________________________________________________________________

 

Alnan şikesiň derňewi bilen __________________________________________ meşgullandy

(derňewi geçiren edaranyň ady)

 

Goşulýar: №__________ ätiýaçlandyryş şahadatnamasy

 

 

201___ ýylyň «___»___________                                   ______________________________

(Ätiýaçlandyrlan şahsyň goly)

 

 

 

 


 

 

 

 

Ýolagçylary we ekipažlaryň agzalaryny

betbagtçylykly hadysalardan meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

5-nji goşundy

 

_____________________________________________

(ulagyň görnüşini görkezmeli)

 

Ulag serişdesinde betbagtçylykly hadysalar hakynda

YKRARHATY

____________________________________

(ulag serişdesiniň görnüşini görkezmeli)

 

1. Ätiýaçlandyrylan şahsyň F., A., Aa.: ______________________________________________

_____________________________________________________________________________

 

2. Reýs №  ____________________________________________________________________

(otlynyň, uçaryň, gäminiň adyny görkezmeli)

 

3. Niýetlenilen başlangyç we ahyrky nokat: __________________________________________

_____________________________________________________________________________

 

4. Şu gatnaw resminamasy (petegi) ______________________ tapgyry____________________

 

№___________ boýunça gatnadyldy.

 

5. Şu ýagdaýlarda şikes aldy (heläk boldy): __________________________________________

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

(betbagtçylykly hadysanyň bolan ýagdaýynyň gysgaça teswiri)

 

6. Betbagtçylykly hadysanyň bolan ýeri, senesi we wagty: ______________________________

_____________________________________________________________________________

7. Şu edara betbagtçylykly hadysanyň ýagdaýlaryny derňedi _____________________________

_____________________________________________________________________________

(derňew geçiren edaranyň ady we ýerleşýän ýeri)

 

8. Kim tarapyndan we haýsy ilkinji lukmançylyk kömegi edildi, ejir çeken ýolagçy (ekipažyň agzasy) nirä iberildi _____________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

(saglygy goraýyş edarasynyň ady we ýerleşýän ýeri)

 

Ykrarhaty ____________________________________________________________________

(ulag guramasynyň ady)

201___ ýylyň «___» ________  düzüldi.

 

M.Ý.                                                   Familiýasy, ady we goly:__________________________

              ____________________________

           ________________________