Demir ýol ulaglaryny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň baş direktorynyň
2016-njy ýylyň 24-nji fewralynda çykaran
20 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy
Demir ýol ulaglaryny meýletin ätiýaçlandyryş
Kadalary
I. Umumy düzgünler
1. Şu demir ýol ulaglaryny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary (mundan beýläk - Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
2. Şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - Ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň ýuridik şahslary bilen (mundan beýläk-Ätiýaçlandyrýan) demir ýol ulaglarynyň meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny (mundan beýläk - ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar.
3. Şu Kadalaryň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
bähbit görüji - ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan ýuridik şahs;
ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;
ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;
ätiýaçlandyryş pul möçberi - ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;
franşiza - umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy Ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenýär. Şertli franşiza bellenilende Ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Sertsiz franşiza bellenilen mahalynda Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär.
4. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynyň aýry - aýry bölümlerinde, Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän başga şertler bolup biler.
II. Ätiýaçlandyryşyň obýekti
5. Ätiýaçlandyrýanyň demir ýol ulaglaryna eýelik etmegi, peýdalanmagy, dolandyrmagy bilen baglanyşykly emläk bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.
6. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça lokomotiwler, lokomotiwiň çekip äkitmegindäki ýük wagonlary, ýolagçy wagonlary we hereketlendiriji-wagonly otlynyň düzümi, şeýle hem demir ýol otlusynyň daşamagyň amala aşyrylmagynyň we demir ýol ulagynyň infrastrukturasynyň hereket etmeginiň üpjün edilmegi üçin niýetlenilen başga düzümi ätiýaçlandyryşa kabul edilýär.
7. Ätiýaçlandyryşa şu aşakdaky demir ýol ulaglary kabul edilmeýär:
olaryň işleýänligine ýa-da işlemeýänligine garamazdan muzeý eksponatyndaky demir ýol ulaglary;
işläp taýýarlaýjy – zawodyň ulanmak boýunça göz öňünde tutulmadyk maksatlara peýdalanylýan demir ýol ulaglary;
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen hökmany talaplara laýyk gelmedik demir ýol ulaglary.
III. Ätiýaçlandyryş halaty
8. Şu kadalar boýunça şu aşakdaky töwekgelçilikler boýunça ätiýaçlandyryş halatlary ýüze çykanda ätiýaçlandyrylan demir ýol ulaglaryna zeper ýetmegi ýa-da ýok bolmagy bilen baglanyşykly, Ätiýaçlandyrýanyň emläk bähbitleri ätiýaçlandyrylyp bilner:
heläkçilik ýa-da relsden çykmagy ;
demir ýol ulaglarynyň ýanmagy, ýarylmagy;
tebigi betbagtçylyklar: suw almagy, tupan, çabga, doly, opurylma, süýşgün, ýer astyndaky suwyň çykmagy, ol ýerler üçin adaty bolmadyk dowamly ýagyşyň we köp garyň ýagmagy, siliň gelmegi, ýyldyrym urmagy, ýer titremegi;
üçünji taraplaryň bikanun hereketleri netijesinde demir ýol ulagyna bilkastlaýyn zeper ýetirilmegi ýa-da ýok edilmegi, ogurlanmagy.
9. Aşakdakylaryň ýüze çykmagynda demir ýol ulaglarynyň ýitirilmegi, ýok bolmagy we zeper ýetmegi ätiýaçlandyryş halatlary bolup durmaýar:
otlyny düzýän wagonlaryň elektroenjamlarynyň elektrogeçirijileriniň gysga utgaşmagy, apparatyň, enjamyň, mehanizimiň daşyna ýangynyň ýaýramagyna getirmedik bolsa;
ýadro partlamalar, radiasiýalar we radioaktiw zäherlenmäniň täsirleri;
harby hereketler we beýleki harby çäreler, şeýle hem iş taşlaýyşlar, ýygnaklar, ýygnanyşyklar, ýörişler.
10. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmaga we şunuň bilen baglanyşykly Ätiýaçlandyryjynyň görkezmelerini ýerine ýetirmäge borçludyr.
Ätiýaçlandyryjy onuň görkezmelerini ýerine ýetirmegi netijesinde edilen çykdajylaryny tölemäge borçludyr.
IV. Ätiýaçlandyryş pul möçberi
11. Demir ýol ulaglary ätiýaçlandyrylanda Ätiýaçlandyrýanyň Ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşygy boýunça, şonuň ýaly demir ýol ulaglarynyň balans ýa-da bazar bahasyndan ýa-da bilermenleriň berýän bahasyndan ugur alnyp kesgitlenilýän ätiýaçlandyryş pul möçberi onuň şertnama baglaşylan pursatyndaky bahasyndan ýokary bolup bilmez.
Demir ýol ulaglary (hakyky bahasyndan ýokary bolmadyk) islendik ätiýaçlandyryş pul möçberine, ýöne hakyky bahasynyň näçe göterimini düzýän bolsa, ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberinden şol göterimde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) göz öňünde tutýan deň ölçegdäki jogapkärçiligi bellemek bilen ätiýaçlandyrylyp bilner.
12. Ätiýaçlandyryş pul möçberi otlyny düzýän wagonlaryň biri boýunça aýratyn ýa-da jemi boýunça (demir ýol ulaglarynyň toparyna) ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezmek bilen, olaryň bahasyny tassyklaýan berlen resminamalaryň esasynda bellenilýär.
13. Eger ätiýaçlandyryş şertanamasynda kesgitlenilen ätiýaçlandyryş pul möçberi emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyndan ýokary geçýän bolsa, onda şertnamanyň, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň emlägiň şertnama baglaşylan pursatyndaky bahasyndan ýokary geçýän bölegi hakyky däl diýlip hasap edilýär. Taraplar ätiýaçlandyryş pul möçberiniň ätiýaçlandyrylan emlägiň bahasyndan ýokary geçýändigi ýüze çykarylan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberini we degişlilikde, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) azaldyp bilerler.
V. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)
14. Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi demir ýol ulaglarynyň töwekgelçiliginiň görnüşine, ätiýaçlandyryş pul möçberine, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletine bagly we demir ýol ulaglaryny meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberlerine (1-nji goşundy) laýyklykda kesgitlenilýär.
15. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) bir gezekde ýa-da möhlete bölüp töläp biler, ýöne iki möhletden köp bolmadyk möhletde. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) iki möhletde tölenende 50%-ni ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly, galan 50%-ni bolsa ätiýaçlandyryş şertnamasy güýje gireninden soň 3 (üç) aýdan gijä galman tölenmelidir.
16. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylanda ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryşyň hemme möhleti üçin bir gezekde tölenmelidir.
17. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi 365 güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyrylan güne köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda 1 ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa şu bölümiň 1-nji bendine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.
18. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.
19. Eger-de ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda geçirilmese, Ätiýaçlandyryjy şonuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir.
Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şu wagta çenli Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) geçirmegini gijikdirse, Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.
20. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň kesgitlenilen pulunda tölenilýär.
Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde geçirilýär.
21. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň köpelen ýagdaýynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tamamlanmagyna çenli galan doly aýlar boýunça hasaplanylan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek bilen, goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylýar. Goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasaplamasy şu Kadalaryň 17-nji bölümine laýyklykda amala aşyrylýar.
VI. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi
22. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça demir ýol ulaglaryny meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça arzasy (2-nji goşundy) esasynda 1 ýyla çenli we ondan köp möhlete we ätiýaçlandyryşa kabul edilýän demir ýol ulaglaryny gözden geçirmek bilen baglaşylýar.
23. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir anyk halatda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna peselýän ýa-da ýokarlanýan koeffisiýentleri ulanmak mümkindir.
24. Ätiýaçlandyrýan şertnama baglaşylanda howpuň döremegi ýa-da ätiýaçlandyryş halaty üçin düýpli ähmiýeti bolan, özüne mälim bolan ähli ýagdaýlary Ätiýaçlandyryja habar bermelidir. Ätiýaçlandyryjynyň şertnamadan ýüz öwürmegine ýa-da ony üýtgedilen mazmun bilen baglaşmagyna täsir edip biljek ýagdaýlar düýpli ýagdaýlar bolup durýar.
Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýandan ýazmaça aýdyň we düşnükli ýagdaýda talaby hem düýpli ýagdaý hasap edilýär.
25. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilen pursatynda ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan hasap edilýär hem-de Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşylandygyny tassyklaýan demir ýol ulaglaryny meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny berýär (3-nji goşundy).
Ätiýaçlandyryş ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:
nagt däl görnüşinde tölenilende – bank tarapyndan Ätiýaçlandyrýanyň hasabyndan öçüren güni;
nagt görnüşinde tölenilende – Ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.
Nagt däl görnüşinde tölenilende ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenendigi baradaky bank edarasy tarapyndan berilýän tassyklaýjy resminamany Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja bermelidir. Bank edaralary tassyklaýjy resminamalary bermelidir.
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasy esasynda Ätiýaçlandyryjy ony bermek boýunça çykdajylary tölemegi borçlandyrmak bilen, nusgasyny berýär. Nusgasy berlenden soň ozalky ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy hakyky däl diýlip hasap edilýär we şol boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberleri (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri) geçirilmeýär.
26. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberlerini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) almak üçin Bähbit görüjini bellemäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň, öz garaýşyna görä ony çalyşmaga haky bardyr.
Eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasynda Bähbit görüji bellenilen bolsa, onda şu kadalardan gelip çykýan Ätiýaçlandyrýanyň borçnamalary Bähbit görüjä hem degişlidir.
27. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli we sertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.
28. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti (başlanýan senesi - şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi - möhletiň iň soňky güni sagat 24-de).
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda, (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri görkezilýär.
Öňki ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti tamamlanýança täze möhlete ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan (täzeden dikeldilen) mahaly täze ätiýaçlandyryş şertnamasy öňki ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketiniň tamamlanan pursatyndan başlap güýje girýär.
29. Eger bu şertnamanyň baglaşylmagyna düýpli täsir etse, Ätiýaçlandyrýan şertnama baglaşylandan soň dörän howpuň ýokarydygy hakynda Ätiýaçlandyryja şobada habar bermäge borçludyr.
30. Ätiýaçlandyryjy islendik wagtda ätiýaçlandyrylan demir ýol ulaglarynyň tehniki ýagdaýyny barlamaga hukugy bardyr.
31. Ätiýaçlandyryş şertnamasyna goşmaçalar we üýtgetmeler taraplaryň ylalaşygy boýunça girizilýär.
32. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilen çäklerde hereket edýär.
VII. Gaýtadan ätiýaçlandyryş
33. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga Ätiýaçlandyryjyda (Gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.
Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän Ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan Ätiýaçlandyryjynyň (Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda Gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň Ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.
Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak - Türkmenistanyň Gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da Ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.
Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda Ätiýaçlandyrýan bilen Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahsyň talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, Bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.
34. Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberleri ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.
VIII. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi
35. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:
hereket edýän möhleti geçende;
Ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;
şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;
Ätiýaçlandyrýan ýuridik şahsyň işi togtadylanda, bes edilende ýa-da ol ýatyrylanda;
Ätiýaçlandyrýan fiziki şahs aradan çykanda;
Ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Kadalarda göz öňünde tutulan borçlary berjaý edilmedik ýagdaýynda.
36. Eger şertnamada bu göz öňünde tutulan bolsa, Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.
Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda Ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyrýanyň talaby Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.
Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol Ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda eger Ätiýaçlandyryjynyň talaby Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.
IX. Taraplaryň borçlary
37. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:
Ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyş etmäge;
Ätiýaçlandyrýan tarapyndan görlen çäreleriň netijesinde, şeýle hem Ätiýaçlandyrýanyň çalşyrylmagy bilen baglanyşykly, ätiýaçlandyrylan emlägiň bahasy ýokarlanan mahaly ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň peselmegi ýa-da onuň ýetirip biläýjek zyýanynyň möçberiniň üýtgemegi sebäpli, Ätiýaçlandyrýanyň arzasy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny täzeden baglaşmaga;
ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada bellenilen möhletde Ätiýaçlandyrýana ýa-da Bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;
ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan Ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda Ätiýaçlandyryjynyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) öz wagtynda tölenilmändigi üçin, şeýle hem Ätiýaçlandyryjynyň işgärleriniň günäsi bilen, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletinden öň bes edilenligi üçin Ätiýaçlandyrýana jerime tölemek arkaly emläk jogapkärçiligini çekýär, onuň möçberi her bir anyk ýagdaýda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertleri ýa-da düzgünleri esasynda ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda taraplaryň ylalaşygy bilen kesgitlenýär.
38. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:
ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyrylan obýekt boýunça borçnamalara baha kesmek üçin özüne mälim möhüm ähmiýeti bolan ýagdaýlaryň ählisi barada, şeýle hem ätiýaçlandyrylan emläk bilen bolup geçen islendik düýpli özgeriş (oňa bolan eýeçilik hukugyny hem goşmak bilen), şonuň ýaly-da onuň zaýalanmak ýa-da ýok bolmak howpunyň artýanlygy barada Ätiýaçlandyryja habar bermäge. Soňky ýagdaýda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberiniň köpeldilmegini talap etmäge ýa-da birtaraplaýyn tertipde ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes etmäge haky bardyr;
ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) bellenilen tertipde tölemäge;
Ätiýaçlandyryja Ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda Ätiýaçlandyrýanyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
X. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň tertibi
39. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:
islendik ýitgi barada soňra anyk hasaplamany we zyýanyň (zeleliň) ýazgysyny bermek bilen, şobada, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada arza (4-nji goşundy) bilen Ätiýaçlandyryja habar bermäge;
zyýanyň (zeleliň) öňüni almak we azaltmak, ätiýaçlandyrylan demir ýol ulaglarynyň halas etmek boýunça mümkin bolan ähli çareleri görmäge, eger mümkin bolsa, Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryjydan ýerine ýetirmäge degişli görkezmeleri soramaga;
Ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline zeper ýeten demir ýol ulaglaryny görmäge ýa-da ony öwrenmäge, ätiýaçlandyryş halatynyň sebäbini we ýitginiň möçberine degişli derňew geçirmäge, ätiýaçlandyrylan demir ýol ulaglaryny halas etmek we zyýany (zeleli) azaltmak üçin geçirilýän çärelere gatnaşmaga mümkinçilik döretmäge;
zeper ýeten demir ýol ulaglaryny Ätiýaçlandyryjynyň wekili gözden geçirýänçä, ätiýaçlandyryş halatyndan soňky ýagdaýynda saklamaga.
40. Ätiýaçlandyrýanyň diňe şu halatda, eger munuň özi howpsuzlyk, ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberlerini azaltmak zerurlyk garaýyşlaryndan ýüze çykýan bolsa, Ätiýaçlandyryjynyň razylygy bilen ýa-da ätiýaçlandyryş halaty hakynda Ätiýaçlandyryjy habardar edilenden soň ätiýaçlandyryş halatynyň ýagdaýyny üýtgetmäge hukugy bardyr. Eger Ätiýaçlandyrýan ýokarda görkezilen sebäpler boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň ýagdaýyny üýtgetmek isleýän bolsa, ol fotosurata, wideosurata düşürmegiň kömegi bilen ýa-da şonuň ýaly beýleki ýagdaýda ätiýaçlandyryş halatynyň ýagdaýyny has doly belläp almaga borçludyr.
41. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş halatynyň netijesini düzetmäge Ätiýaçlandyryjynyň ýazmaça razylygyny alandan soňra girişip biler.
42. Ätiýaçlandyryjy degişli guramalardan alnan maglumatlaryň esasynda ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky ykrarhatyny düzýär (5-nji goşundy) we ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitleýär.
43. Zeper ýeten demir ýol ulaglarynyň zyýanynyň (zeleliniň) möçberini ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky ykrarnamanyň, şeýle hem degişli edaralaryň düzen hasaplamasy we zyýanyň (zeleliň) möçberini tassyklaýan beýleki resminamalaryň esasynda Ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenilýär
Eger-de zeper ýeten demir ýol ulaglarynyň şaýlarynyň ulanylmagyna howp salmaýan ýagdaýynda abatlamak mümkin bolmagyna garamazdan çalşylýan bolsa, Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana şol şaýlaryny abatlamak üçin bahasynyň öwezini dolýar.
44. Doly ýok bolmak diýlip, demir ýol ulaglarynyň abatlamak işleriniň bahasynyň demir ýol ulaglarynyň ätiýaçlandyrylan pursatyndaky hakyky bahasyna deň bolmagyna ýa-da geçmegine düşünilýär. Galan ýagdaýlarda zeper ýeten hasaplanýar.
45. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilýär:
ätiýaçlandyrylan demir ýol ulaglary ýok bolan ýagdaýynda - Ätiýaçlandyryş pul möçberi we ýerlemäge ýaramly galyndy şaýlarynyň bahasynyň arasyndaky kesgitlenen tapawudynyň möçberinde;
ätiýaçlandyrylan demir ýol ulaglaryna zeper ýeten ýagdaýynda - zeper ýeten demir ýol ulaglarynyň dikeldiş çykdaýjylarynyň hakyky möçberinde.
46. Abatlamak işleriniň çykdaýjylary şulary öz içine alýar:
abatlamak (dikeltmek) üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň çykdajylaryny;
abatlamak boýunça işiň töleginiň çykdajylaryny;
ätiýaçlandyrylan demir ýol ulaglarynyň ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmazyndan öňki ýagdaýyna getirmek üçin ätiýaçlyk şaýlaryny abatlaýyş işlerini geçirilýän ýere eltmek boýunça çykdajylaryny we beýleki zerur bolan çykdaýjylaryny.
46. Abatlamak işleriniň çykdajylaryna aşakdakylar goşulmaýar:
ätiýaçlandyryş halatyndan ýetirilmedik demir ýol ulaglarynyň abatlanmagy;
demir ýol ulaglarynyň kepillendiriş möhletindäki abatlamak işleri we tehniki hyzmatlary;
demir ýol ulaglaryny täzeden enjamlaşdyrmak ýa-da durkuny täzelemek, onuň bölekleriniň we adaty könelmegi, haryt görnüşiniň ýitmegi, tehniki kemçiligi, döwülmegi abatlamak ýa-da şaýlaryň çalşylmagy bilen baglanşykly işleri we ş.m.;
demir ýol ulaglaryna tehniki hyzmat edýän merkezde enjamlary bejermek üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň we bölekleriniň ýoklygy sebäpli abatlamak işleriniň deregine şaýlaryň çalşylmagy.
47. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasynda şertleşilen franşizanyň pul möçberini ýa-da göterimini aýyrmak bilen tölenilýär.
48. Eger ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan pursatynda ätiýaçlandyrylan töwekgelçilik boýunça başga ätiýaçlandyryş şertnamasy hereket edýän bolsa, onda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) töwekgelçilik ätiýaçlandyrylan her bir Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş pul möçberiniň deň ölçeginde paýlanýar.
49. Ätiýaçlandyryjynyň talap edýän resminamalaryny degişli sebäbi bolmazdan getirmedik ýagdaýynda oňa ýitginiň resminama bilen tassyklanmadyk böleginiň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmaga hukuk berýär
50. Zyýanyň (zeleliň) sebäbi we möçberi barada taraplaryň arasynda jedel ýüze çykanda her bir tarapyň seljerme geçirmegi talap etmäge hukugy bardyr. Seljerme, onuň geçirmegini talap eden tarapyň hasabyna geçirilýär. Eger seljermäniň netijesinde Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmagy esassyz bolsa, onda Ätiýaçlandyryjy tölenilmegi ilki başda boýun gaçyrylan pul möçberleriniň we seljerme geçirilenden soň tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) degişli gatnaşygynda seljerme boýunça çykdajylaryň paýyny öz üstüne alýar. Seljerme geçirilenden soň ätiýaçlandyryş halatyna degişli däl diýlip ykrar edilen ýagdaýlarynda seljerme geçirmek boýunça çykdajylar Ätiýaçlandyrýanyň hasabyna degişli edilýär.
51. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ýetirilen zyýan ýa-da zeper üçin ätiýaçlandyrýanyň ýa-da üçünji bir şahsyň öňünde jogapkär adamdan gaýdymlaýyn (regres) talap etmek hukugy şol pul möçberiniň çäginde ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölän ätiýaçlandyryja geçýär.
Eger Ätiýaçlandyrýan görkezilen şahsa talaplary bildirmekden ýa-da şol talaplaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän hukuklaryndan boýun gaçyrsa, onda Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň ol şahsdan tutulyp alynjak bölegini tölemekden boşadylýar.
Eger Ätiýaçlandyryjy eýýam ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölän bolsa, Ätiýaçlandyrýan bolsa regres hukugyndan boýun gaçyran bolsa ýa-da olaryň günäsi bilen Ätiýaçlandyryjy şol hukuklary amala aşyryp bilmese, şonda Ätiýaçlandyrýan (Bähbit görüji) tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) degişli bölegini gaýtaryp bermäge borçludyr.
52. Eger Ätiýaçlandyrýan zyýan (zelel) ýetirmekde günäkär şahsdan zyýanyň (zeleliň) öwezini doluş tölegini alan bolsa, Ätiýaçlandyryjy diňe ätiýaçlandyryş şertleri boýunça tölenilmäge degişli pul möçberiniň we günäkär şahsdan alnan pul möçberiniň arasyndaky tapawudy töleýär. Ätiýaçlandyrýan şeýle pul möçberini alandygy hakynda Ätiýaçlandyryjyny haýal etmän habardar etmäge borçludyr.
53. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan hak isleýiş möhletiniň döwründe kanun boýunça ýa-da şu Kadalar boýunça Ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) bolan hukukdan dolulygyna ýa-da bölekleýin mahrum edýändigi ýüze çykarylsa, Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja alnan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) ýa-da onuň degişli bölegini gaýtaryp bermäge borçludyr.
54. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli zerur resminamalar alnandan soň, 15 (on bäş) iş günüň dowamynda tölenýär.
55. Ätiýaçlandyryjynyň şu halatlarda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi gaýra goýmaga hukugy bardyr:
eger Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almalydygyna ygtyýarlyklaryna şübhe bar bolsa, onda zerur subutnamalar berilýänçä;
eger Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da onuň ygtyýarly wekiliniň garşysyna degişli edaralar tarapyndan jenaýat işi gozgalan bolsa we zyýanyň (zeleliň) ýüze çykmagyna getiren ýagdaýlaryň derňewi alnyp barylýan bolsa derňew tamamlanýança.
X. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden
boýun gaçyrylmagy
56. Eger Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda Ätiýaçlandyryjynyň, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:
Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;
Ätiýaçlandyrýan tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;
Ätiýaçlandyrýan hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;
Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanşykda durýan bolsa.
Bölekleýin boýun gaçyrmagyň möçberi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenýär.
Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana boýun gaçyrmagyň sebäplerini esaslandyrmak bilen, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrylmagy barada çözgüt çykarandan soň 5 (bäş) günüň dowamynda ýazmaça habar bermäge borçludyr.
57. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilmegi hakynda Ätiýaçlandyryja talap bildirmek hukugy ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan gününden başlap hak isleýiş möhletiniň dowamlylygynyň möhleti bilen dolunýar.
XV. Jedelleri çözmek
58. Ätiýaçlandyryjynyň we Ätiýaçlandyrýanyň arasynda ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde çözülýär.
Demir ýol ulaglaryny meýletin
ätiýaçlandyryş Kadalaryna
1-nji goşundy
Demir ýol ulaglaryny meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça bir ýyllyk
ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri
(ätiýaçlandyryş pul möçberine göterimlerde)
t/b |
Töwekgelçilikleriň ady |
Nyrh möçberleri |
1 |
Heläkçilik ýa-da relsden çykmagy |
0,22 |
2 |
Ýangyn, partlama |
0,29 |
3 |
Tebigy betbagtçylyklar |
0,19 |
4 |
Üçinji taraplaryň hukuga garşy hereketler |
0,12 |
|
Hemme töwekgelçiliklerden |
0,82 |
Töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende 1 -den 0,2-ä çenli peselýän ýa-da 1-den 3-e çenli ýokarlanýan koeffisiýentleri ulanmak mümkindir.
Demir ýol ulaglaryny meýletin
ätiýaçlandyryş Kadalaryna
2-nji goşundy
____________________________
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna
Demir ýol ulaglaryny meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça
ARZA
Ätiýaçlandyrýan _________________________________________________________________
(kärhananyň ady)
Salgysy/telefony/faks_____________________________________________________________
Demir ýol ulaglaryna bolan gatnaşyk 1 hususy 1 kärende, beýlekiller ________________ Bähbit görüji ___________________________________________________________________
Salgysy/telefony/faks _____________________________________________________________
1. Demir ýol ulaglary barada maglumatlar:
Lokomotiwler, lokomotiwiň çekip äkitmegindäki ýük wagonlary, ýolagçy wagonlary we hereketlendiriji-wagonly otlynyň düzümi
Lokomotiwiň görnüşi ____________________________________________________________
Lokomotiwiň tapgyry we belgisi ____________________________________________________
Lokomotiwiň gurlan wagty ________________________________________________________
(Lokomotiwiň goýberilen aýy, ýyly)
Taýýarlaýjy - zawod _____________________________________________________________
Sertifikat _______________________________________________________________________
(berlen wagty, kim tarapyndan berlen)
Lokomotiwleri ýola taýýarlama ____________________________________________________
_____________________________________________________________________________
Soňky abatlaýyş geçirilen ýyly we görnüşi ____________________________________________
(abatlamagyň görnüşi: meýilnama, durkuny täzeleme we başgalar)
Tehniki hyzmatlary amala aşyrýan __________________________________________________
______________________________________________________________________________
(Lokomotiwlere tehniki hyzmatlary amala aşyrýan kärhana)
Lokomotiwiň hakyky bahasy _______________________________________________________
(pul möçber sanlarda we ýazmaça)
_________________________________________________________________________ manat
2. Lokomotiwiň çekip äkitmegindäki ýük wagonlary, ýolagçy wagonlary we hereketlendiriji-wagonly otlynyň düzümi:
Wagonlaryň görnüşi ______________________________________________________________
Wagonlaryň modeli ______________________________________________________________
Wagonlaryň gurlan wagty _________________________________________________________
(wagonlaryň goýberilen aýy, ýyly)
Taýýarlaýjy - zawod _____________________________________________________________
Sertifikat _______________________________________________________________________
(berlen wagty, kim tarapyndan berlen)
Soňky abatlaýyş geçirilen ýyly we görnüşi ____________________________________________
(abatlamagyň görnüşi: meýilnama, durkuny täzeleme we başgalar)
Tehniki hyzmatlary amala aşyrýan __________________________________________________
______________________________________________________________________________
(lokomotiwlere tehniki hyzmatlary amala aşyrýan kärhana)
Wagonlaryň hyzmaty _____________________________________________________________
(ýük wagonlary, ýolagçy wagonlary)
Gap (tonna) _____________________________________________________________________
Ýük göterijiligi (tonna) ___________________________________________________________
Tirkegiň okunyň uzynlygy (mm) ____________________________________________________
Göwrümi ______________________________________________________________________
Kuzowyň örtüginiň materialy ______________________________________________________
Tirkegiň görnüşi _________________________________________________________________
3. Demir ýol ulaglaryny ulanmagyň şertleri:
Ulanmagyň häsiýeti 1 ýolagçy gatnatmak, 1 ýük daşamak, 1 başgalar ___________________
Daşalýan ýükleriň häsiýeti _________________________________________________________
_______________________________________________________________________________
(ýüküň ady, ony daşamagyň aýratynlyklary)
4. Ätiýaçlandyryş şerti
Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri: 1 heläkçilik ýa-da relsden çykmagy;
1 ýangyn, partlama;
1 tebigy betbagtçylyklar;
1 üçinji taraplaryň hukuga garşy hereketler.
Demir ýol ulaglarynyň hakyky bahasy __________________________________________ manat
Ätiýaçlandyryş pul möçberi __________________________________________________ manat
Ätiýaçlandyryş döwri 201__ý. “___”_____________ 201__ý. “___”_______________
Franşiza ____________________________________________________________________
(şertli, şertsiz)
4. Soňky 3 ýylda bolan ulag hadysasy barada maglumat __________________________________
_______________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdym we arzada görkezlenler hakyky ____________ _______________________________________________________________________________
(Ätiýaçlandyrýanyň ady, familiýasy we goly)
M.Ý. «_____»_________________ 201__ г.
Demir ýol ulaglaryny meýletin
ätiýaçlandyryş Kadalaryna
3-nji goşundy
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy
Demir ýol ulaglaryny meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ____ №______
Ätiýaçlandyrýan __________________________________________________________________
Salgysy/telefony/faks ____________________________________________________________
Ätiýaçlandyryjy _________________________________________________________________
Salgysy/telefony/faks _____________________________________________________________
Bähbit görüji ____________________________________________________________________
Salgysy/telefony/faks _____________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş döwri 201__ý. “___”_____________ 201__ý. “___”_____________
Demir ýol ulaglary barada maglumat:
Ätiýaçlandyryşyň obýekti ______________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
Görnüşi _______________, Goýberlen ýyly ___________, Resmileşdiriliş belliklergi ______, Ýolagçylaryň/ýükleriň sany ________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri ____________________________________________________
Ulanmagyň häsiýeti __________________________________________________________________________
Demir ýol ulaglarynyň hakyky bahasy __________________________________________ manat
Ätiýaçlandyryş pul möçberi __________________________________________________ manat
(pul möçber sanlarda we ýazmaça)
Nyrh möçberi ___________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ______________________________________
Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň tertibi we möhleti _______
______________________________________________________________________________________________
Franşiza (şertli ýa-da şertsiz) _____________________________________________________
Beýleki şertler _______________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________________
M.Ý. __________________Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy _________________________________
(Ätiýaçlandyryjynyň familiýasy we goly)
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy berildi 201__ý. “___”_____________
Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldy ______________________ _______________________________________________________________________________
(Ätiýaçlandyrýanyň ady, familiýasy we goly)
Bellik: Şu şertnama boýunça ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýan bu barada Ätiýaçlandyryjyny haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman habardar etmäge borçludyr. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenilmedik ýagdaýynda Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr. Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.
Demir ýol ulaglaryny meýletin
ätiýaçlandyryş Kadalaryna
4-nji goşundy
_________________________________
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna
_________________________________
_________________________________
(Ätiýaçlandyrýanyň ady we salgysy)
Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň)
tölenmegi barada ARZA
__________________________________________________________ ätiýaçlandyryşy boýunça
(ätiýaçlandyryş görnüşi)
_______________________________ bolup geçen _____________________________________
(ýyly, güni, aýy) (ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli)
bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiňizi Sizden haýyş edýärin.
Arza şu aşakdaky resminamalary goşýaryn:
_______________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
201__ý. “___”_____________ ____________________________
(Ätiýaçlandyrýanyň familiýasy we goly)
Demir ýol ulaglaryny meýletin
ätiýaçlandyryş Kadalaryna
4-nji goşundy
Ätiýaçlandyryş halaty barada
Ykrarhaty
Ätiýaçlandyrýan __________________________________________________________________
Salgysy/telefony/faks ____________________________________________________________
Demir ýol ulaglary ______________________________________________________________
(resmileşdirilen № we görnüşi)
________________________________________________________________ ätiýaçlandyrylan
(haýsy guramada)
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň № ___ ätiýaçlandyryş pul möçberi _____________________ Ätiýaçlandyryş döwri 201__ý. “___”_____________ 201__ý. “___”_____________
Men, aşakda gol çeken, ___________________ Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň wekili _______________________________________________________________________________
(F.A.A.a.)
Ätiýaçlandyrýanyň wekiliniň çagyran hünärmeniň gatnaşmagynda:
1. _____________________________________________________________________________
(F.A.A.a. we wezipesi)
2. _____________________________________________________________________________
(F.A.A.a.we wezipesi)
_______________________________________________________________________________
(hadysanyň bolan wagty görkezmeli)
_______________________________________________________________________________
(hadysanyň sebäbini görkezmeli) _______________________________________________________________________________
sebäpli zyýan (zelel) ýeten demir ýol ulaglaryny gözden geçirildi we aşakdaklar ýüze çykaryldy:
____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
_______________________________________________________________________________
Bu ykrarhaty zyýanyň (zeleliň) möçberiniň subutnamasy bolup, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri bilen kesgitlenilýän Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň subutnamasy bolup çykyş edip bilmeýär.
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň wekili ________________________
(F.A.A.a. we wezipesi)
M.Ý.
Gatnaşanlaryň gollary: 1. ____________________________
(F.A.A.a. we wezipesi)
2. ____________________________
(F.A.A.a. we wezipesi)
201__ ý. «_____ _______________ ___________________________________
(Ätiýaçlandyrýanyň wezipesi we goly)