Şahsy taraplaryň emlägini ýangyndan we beýleki howplardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

23.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň baş direktorynyň

2016-njy ýylyň 11-nji martynda çykaran

25 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

 

Şahsy taraplaryň emlägini ýangyndan we beýleki howplardan

meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

 

I. Umumy düzgünler

 

1. Şu şahsy taraplaryň emlägini ýangyndan we beýleki howplardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyr hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş komersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - Ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary bilen, Türkmenistanda hasaba alnan we onuň çäginde öz işini amala aşyrýan daşary ýurtlaryň ýuridik şahslary, olaryň şahamçalaryny we wekilhanalaryny goşmak bilen, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurtlaryň fiziki şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlary (mundan beýläk-Ätiýaçlandyrýan) bilen şahsy taraplaryň emlägini ýangyndan we beýleki howplardan meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny (mundan beýläk - ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar.

3. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş goragy ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) rkezilen çäklerde degişli edilýär.

4. Şu Kadalaryň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

 bähbit görüji - ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş  öwezini  doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;

ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;

 ätiýaçlandyryş pul möçberi - ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini dol töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça  pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

franşiza - umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy Ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenýär. Şertli franşiza bellenilende Ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär.

5. Ätiýaçlandyryş şertnamalary şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynyň aýry-aýry bölümlerinde, Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän başga şertler bolup biler.

 

II. Ätiýaçlandyryş obýekti

 

          6. Şu aşakdakylar ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar:

 ähli gurnama parçalary bolan jaýlar we öýler, şeýle hem timarlaýyş we enjamlaşdyryş parçalary: diwarlar we aralyk örtükler (oboý ýelmenen we beýleki örtükler), poly, potology, ýyladyş örtügi örtülen gapylar; penjire we gapy söýeleri we ramalary; aýnalar we witražlar; gapy tutawaçlary; gapy gulplary; elektrik jaňlar; elektrik simleri we elektrik hasaplaýjy gurallar; santehniki enjamlar, ýyladyş gurallary we başgalar;

         şahsy hojalykda ulanylýan, peýdalanylýan öý emläkleri, durmuşy goşlary, şol sanda mebel, radio-teleenjamlar, wideoenjamlar, surat-kinoenjamlar, saz merkezleri, elektron abzallary, howa sowadyjylar, elektrik gurallar we durmuş tehnikasy.

         7. Eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasynda aýratyn şertleşilende we goşmaça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenende, emlägiň sanawyny düzmek bilen, aşakdaky emläkler ätiýaçlandyryşa kabul edilip bilner:

               gymmat bahaly metallardan ýa-da gymmat bahaly daşlardan ýasalan önümler;

              şaýylyklar, çekmesuratlar, heýkeller we beýleki sungat eserleri.

         Ýokarda görkezilen emläkler diňe Ätiýaçlandyrýanyň ygtyýarlandyrylan bilermeniň asyl nusgadygy we emlägiň hakyky bahasy barada netijenamasyny bermegi bilen ätiýaçlandyryşa kabul edilýär.

 

 

 

         8. Şu aşakdakylar ätiýaçlandyryşyň obýektine degişli däldir:

 milli we daşary ýurt pul serişdeleri;

 paýnamalar, obligasiýalar we beýleki gymmatly kagyzlar;

 golýazmalar, meýilnamalar, çyzgylar we beýleki resminamalar, buhgalteriýa we işewür kitaplar;

 markalar, pul belgiler, bonlar, modeller, maketler, nusgalar, görnüşler we başgalar;

 guýma gymmat bahaly metallar we çarçuwasyz gymmat bahaly daşlar;

 kompýuter ulgamlaryň maglumatlarynyň tehnik göterijileri, hususan-da, magnit plýonkalar we kassetalar, magnit diskler, ýat bloklar we başgalar;

 partlaýjy we partlaýyş howply maddalar;

 ulag serişdeleri, göçme, gurluşyk, oba hojalyk ýa-da beýleki maşynlar;

 ätiýaçlandyrylan jaýda bolýan, ýöne Ätiýaçlandyrýana degişli bolmadyk emläkler;

 heläkçilikli ýagdaýdaky binalar we desgalar, gurnama parçalary we inženerçilik ulgamlary, şeýle hem olarda bolan emläkler;

 ýeriň süýşmegi, opurylmagy, suw joşmagy ýa-da tebigy heläkçilik wehim salýan zolakda, şeýle hem şolar ýaly wehim hakynda bellenilen tertipde degişli edaralar tarapyndan yglan edilen pursatdan başlap harby hereketleriň zolagynda bolan emläkler, eger şeýle yglan etmek ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşmazyndan öň geçirilen bolsa;

               dolanyşykdan yzyna alnan ýa-da dolanyşykda çäklendirilen beýleki emläkler.

 

III. Ätiýaçlandyryş halaty

 

           9. Şu Kadalar boýunça aşakdaky ätiýaçlandyryş halatlaryň ýüze çykmagy boýunça ätiýaçlandyrylan emlägiň ýitirilmegi, ýok bolmagy ýa-da zeper ýetmegi bilen baglanyşykly Ätiýaçlandyrýanyň emläk bähbitleri ätiýaçlandyrylyp biliner:

         ýangyn, ýyldyrym urmagy, gazyň partlamagy;

         tebigy betbagtçylyklar – ýer titremegi, suw joşmagy, gaý, harasat, wulkanyň atylmagy, güýçli ýel, tüweleý, süýşgün, opurulma, daşyň gaýtmagy, sil gelmegi, doly ýagmagy;

         suwdan zeper ýetmegi – suw basmagy, lagym, ýyladyş we ýangyn söndürýan ulgamlaryň sularyndan zaýlanmagy, şol sanda ätiýaçlandyrylmadyk jaýda ýüze çykmagy;

         döwlüp ogurlyk edilmegi we talanmagy – gapyny ýa-da penjiräni döwüp gulp açgyçlary ýa-da ýasama açarlary, ýa-da beýleki tehniki serişdeleri ulanyp girse. Ýasama açarlar diýip, hakyky açarlara degişli hiç bir hukugy bolmadyk tarapyň tabşyrygy bilen ýa-da onuň bilmeginde ýasalan açarlara aýdylýar;

         urgy – ulag serişdesiniň basmagy, agaçlaryň ýa-da beýleki zatlaryň gaçmagy, uçýan zatlaryň ýa-da olaryň bölekleriniň gaçmagy, ses tolkunyň urmagy;

         köýmegi - radio-teleenjamlar, wideoenjamlar, surat-kinoenjamlar, saz merkezleri, elektron abzallary, howa sowadyjylar, elektrik gurallar we durmuş tehnikasy.

         10. Şu Kadalar boýunça  aşakdakylaryň netijesinde ýüze çykan halatlar ätiýaçlandyryşa degişli edilmeýär:

             her hili harby hereketler ýykgynçylyklar, çäreler we olaryň zyýanly netijeleri, şeýle hem raýatlyk urşy, halk tolgunyşyklary, iş taşlaýyşlar;

             ýadro partlamalar, radiasiýalar we radioaktiw zäherlenmäniň täsirleri;

         ätiýaçlandyrylan emlägiň ajamagy, çüýremegi, tebigy könelmegi, şeýle hem ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylmazdan öňki bar bolan emlägiň kemçilikleri;

         jaýlaryň gurluşynyň ýa-da olaryň bölekleriniň ýykylmagy, opurylmagy, eger bular gös-göni ätiýaçlandyryş halatyndan bolmadyk bolsa.

 

IV. Ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

11. Emläk ätiýaçlandyrylanda Ätiýaçlandyrýanyň Ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşyp, şonuň ýaly emlägiň balans ýa-da bazar bahasyndan ýa-da bilermenleriň berýän bahasyndan ugur alnyp kesgitlenilýän ätiýaçlandyryş pul möçberi onuň şertnama baglaşylan pursatyndaky bahasyndan ýokary bolup bilmez.

Emläk (hakyky bahasyndan ýokary bolmadyk) islendik ätiýaçlandyryş pul möçberine, ýöne  hakyky bahasynyň näçe göterimini düzýän bolsa, ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberinden şol göterimde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini göz öňünde tutýan deň ölçegdäki jogapkärçiligi bellemek bilen ätiýaçlandyrylyp bilner.

12. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletinde emlägiň hakyky bahasy ýokarlansa, Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş pul möçberini ýokarlandyrmaga hukugy bardyr.

13. Ätiýaçlandyryş pul möçberi öý emlägi, jaýlar we öýler boýunça we her bir ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi boýunça aýratynlykda bellenilýär.

   14. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenilen ätiýaçlandyryş pul möçberi emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyndan ýokary geçýän bolsa, onda şertnamanyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň emlägiň şertnama baglaşylan pursatyndaky bahasyndan ýokary geçýän bölegi hakyky däl diýlip hasap edilýär.

 

V. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

 

15. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) hasaplamagyň we tölemegiň tertibi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan bellenilýär. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde  geçirilýär.

16. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş pul möçberine bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberlerini we ätiýaçlandryş möhletini özünde jemleýär, şahsy taraplaryň emlägini ýangyndan we beýleki howplardan meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberleri (1-nji goşundy).

 

 

17. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi 365 güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyrylan güne köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa şu bölümiň 1-nji bendine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.

18. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete we bir ýyla baglaşylýan bolsa ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryşyň hemme möhleti üçin bir gezekde tölenýär. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) bir gezekde ýa-da möhlete bölüp, ýöne iki möhletden köp bolmadyk möhletde tölenip bilner.

Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) iki möhletde tölenende birinji tölegi umumy ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) 50% möçberinde ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly tölenýär, galan 50%-ni bolsa ätiýaçlandyryş şertnamasy güýje gireninden soň 3 (üç) aýdan gijä galman tölenmelidir.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň kesgitlenilen pulunda tölenilýär.

19. Eger-de ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda geçirilmese, Ätiýaçlandyryjy şonuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir.

Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şu wagta çenli Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) geçirmegini gijikdirse, Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

 

VI. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi

 

20. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şahsy taraplaryň emlägini ýangyndan we beýleki howplardan meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça  arzasy (2-nji goşundy) esasynda bir ýyla çenli, bir ýyla we ondan köp möhlete baglaşylýar. Arzada emläk barada hemme zerur maglumatlaryň mazmuny bolmalydyr. Arza Ätiýaçlandyryja berlenden soň, ol ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bölegi bolup durýar.

21. Radio-teleenjamlar, wideoenjamlar, magnitofonlar, kompýuterler, surat we kinoenjamlar, elektrik gurallar, durmuş tehnikalaryň ätiýaçlandyryş şertnamasy gözden geçirmek bilen baglaşylýar.

22. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir anyk halatda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna peselýän ýa-da ýokarlanýan koeffisiýentleri ulanmak mümkindir.

 

 

 

23. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti (başlanýan senesi – şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi – möhletiň iň soňky güni sagat 24-de).

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda, (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri görkezilýär.

24. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilen pursatynda Ätiýaçlandyryjy  Ätiýaçlandyrýana öz aralarynda baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň nusgasyny ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşandygyny tassyklaýan şahsy taraplaryň emlägini ýangyndan we beýleki howplardan meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (3-nji goşundy) berýär.

Ätiýaçlandyryş ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:

nagt däl görnüşinde tölenilende – bank tarapyndan Ätiýaçlandyrýanyň hasabyndan öçüren güni;

nagt görnüşinde tölenilende – Ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.

Nagt däl görnüşinde tölenilende ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenendigi baradaky bank edarasy tarapyndan berilýän tassyklaýjy resminamanynyň nusgasyny Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja bermelidir. Bank edaralary tassyklaýjy resminamalary bermelidir.

25. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrylýan emlägi gözden geçirmegi talap etmäge hukugy bardyr. Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrylýan emlägi gözden geçirmäge rugsat etmese, Ätiýaçlandyryjynyň şertnama baglaşmakdan boýun gaçyrmaga hukugy bardyr.

26. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasy esasynda Ätiýaçlandyryjy ony bermek boýunça çykdajylary tölemegi borçlandyrmak bilen, nusgasyny berýär. Nusgasy berlenden soň ozalky ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy hakyky däl diýlip hasap edilýär we şol boýunça öwezini doluş tölegleri geçirilmeýär.

27. Ätiýaçlandyryş şertnamasyna üýtgetmeler iki tarapyň Ätiýaçlandyrýanyň we Ätiýaçlandyryjynyň ylalaşmagy boýunça bir tarapyň arzasy esasynda beýleki tarapdan arza alnan pursatyndan bir aýyň dowamynda taraplar goşmaça ylalaşyk resmileşdirmek bilen girizilýär.

28. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini almak üçin Bähbit görüjini bellemäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň, öz garaýşyna görä ony çalyşmaga haky bardyr.

29. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli we şertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.

30. Emläk Ätiýaçlandyrýanyň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça ähli ýaşaýyş we kömekçi jaýlarda ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilen salgy boýunça ätiýaçlandyrylan hasaplanylýar.

 

 

31. Ätiýaçlandyrýanyň Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan ýerini çalyşmagy bilen bagly bolan emläk demir ýol, awtoulaglar we ulaglaryň beýleki görnüşinde daşalan wagtyna hem, diňe kanunçylyk ýa-da daşama şertnamasy boýunça ulag guramasyna (daşaýja) daşalýan emlägiň bütewligi üçin jogapkärçilik bellenen ýagdaýlardan başga halatlarda, ätiýaçlandyrylan hasap edilýär.

32. Ätiýaçlandyrýanyň hemişelik ýaşaýan ýerini üýtgeden halatynda bu sebäpli göçürilen emläk hem Ätiýaçlandyrýanyň täze salgysy boýunça şertnamada göz öňünde tutulan möhletiň ahyryna çenli ätiýaçlandyrylan hasap edilýär (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny täzeden baglaşmazdan). Öňki ýaşaýan ýerinde wagtlaýynça galdyrylan emläk bolsa diňe Ätiýaçlandyrýanyň täze ýere göçen gününden başlap bir aýyň dowamynda ätiýaçlandyrylan hasap edilýär.

33. Eger ätiýaçlandyryş halaty Ätiýaçlandyrýanyň maşgala agzalarynyň täze hemişelik ýaşaýyş ýerine göçen wagtyndan bir aýyň dowamynda ýa-da göçmekleri sebäpli emlägini daşaýan wagtynda bolan bolsa, onda Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça görnüşindäki ylalaşygynyň esasynda, olar şertnamada görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäginde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak hukugyndan peýdalanyp bilerler we Ätiýaçlandyrýan bilen ätiýaçlandyryş şertnamasyndan ýüze çykýan borçnamalary bilelikde çekerler.

         34. Ýokary töwekgelçilik ýüze çykanyna ýa-da çykmanyna garamazdan Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň döwam edýän möhletinde ätiýaçlandyrylan emlägiň ýagdaýyny we bahasyny barlamaga, şeýle hem Ätiýaçlandyrýanyň habar beren maglumatlarynyň dogrulygyny barlamaga hukugy bardyr.

VII. Gaýtadan ätiýaçlandyr

 

35. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga Ätiýaçlandyryjyda (Gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.

Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän Ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan Ätiýaçlandyryjynyň (Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda Gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň  Ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.

Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak - Türkmenistanyň Gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da Ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde  ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.

Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda Ätiýaçlandyrýan bilen Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahsyň talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, Bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.

36. Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberleri ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.

 

VIII. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi

 

37. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

 hereket edýän möhleti geçende;

 Ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;

 şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;

 Ätiýaçlandyrýan ýuridiki şahsyň işi togtadylanda, bes edilende ýa-da ol ýatyrylanda;

 Ätiýaçlandyrýan fiziki şahs aradan çykanda;

 Ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Kadalarda göz öňünde tutulan borçlaryny ýerine ýetirmedik ýagdaýlarda.

38. Eger şertnamada bu göz öňünde tutulan bolsa, Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda Ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyrýanyň talaby Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna  gaýtaryp berýär.

Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol Ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna  gaýtaryp berýär. Şunda eger Ätiýaçlandyryjynyň talaby Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

Taraplar ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmeginiň bir aý öňünden, onuň bes edilmegi hakynda birek-birege habar bermelidir.

 

IX. Ätiýaçlandyryjynyň borçlary

 

39. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:

 

 

 Ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyş etmäge;

 Ätiýaçlandyrýan tarapyndan görlen çäreleriň netijesinde, şeýle hem Ätiýaçlandyrýanyň çalşyrylmagy bilen baglanyşykly, ätiýaçlandyrylan emlägiň bahasy ýokarlanan mahaly ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň peselmegi ýa-da onuň ýetirip biläýjek zyýanynyň möçberiniň üýtgemegi sebäpli, Ätiýaçlandyrýanyň arzasy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny täzeden baglaşmaga;

 ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada bellenilen möhletde Ätiýaçlandyrýana ýa-da Bähbit görüjä  ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;

 ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan Ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara garşy gelmeýän Ätiýaçlandyryjynyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

40. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) öz wagtynda tölenilmändigi üçin, şeýle hem Ätiýaçlandyryjynyň işgärleriniň günäsi bilen, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletinden öň bes edilenligi üçin Ätiýaçlandyrýana jerime tölemek arkaly emläk jogapkärçiligini çekýär, onuň möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynda taraplaryň ylalaşygy bilen kesgitlenýär.

 

X Ätiýaçlandyrýanyň borçlary

 

41. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:

 ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyrylan emläk boýunça borçnamalara baha kesmek üçin özüne mälim möhüm ähmiýeti bolan ýagdaýlaryň ählisi barada, şeýle hem ätiýaçlandyrylan emläk bilen bolup geçen islendik düýpli özgeriş (oňa bolan eýeçilik hukugyny hem goşmak bilen), şonuň ýaly-da onuň zaýalanmak ýa-da ýok bolmak howpunyň artýanlygy barada Ätiýaçlandyryja habar bermäge. Soňky ýagdaýda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberiniň köpeldilmegini talap etmäge ýa-da birtaraplaýyn tertipde ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes etmäge haky bardyr;

 ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) bellenilen tertipde tölemäge;

 Ätiýaçlandyryja Ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;

 ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri  görmäge;

 Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrylan emläk boýunça beýleki ätiýaçlandyryş guramalarynda baglaşan ätiýaçlandyryş şertnamalary barada ýazmaça habar bermäge;

 

 

 

 özüne belli bolan badyna kabul edilen ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginde bolan ähli düýpli üýtgetmeler barada, meselem: emläk kärendä ýa-da girewe goýulanda, başga tarapa geçende, onuň önümçiligi bes edilende ýa-da önümçiligiň häsiýeti düýpli özgerende, ýykylyp ýok edilende, üýtgedilip gurlanda ýa-da emläk ýok edilende, ýitgileriň öwezi dolunmaga degişlidigine garamazdan, ätiýaçlandyrylan emläk satylanda we ş.m. barada haýal etmän Ätiýaçlandyryja habar bermäge.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda Ätiýaçlandyrýanyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

42. Ätiýaçlandyryjynyň ýazmaça razylygyny alnandan  soň, Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş halatynyň netijelerini aýyrmaga (abatlaýyş, çalyşmaga) girişip biler.

 

XI. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)

tölemegiň tertibi

 

43. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda Ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:

 bu barada şobada, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada arza (4-nji goşundy) bilen Ätiýaçlandyryja habar bermäge;

 ýitginiň öňüni almak ýa-da azaltmak, ätiýaçlandyrylan emlägi halas etmek boýunça mümkin bolan ähli çareleri görmäge, eger mümkin bolsa, Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryjydan ýerine ýetirmäge degişli görkezmeleri soramaga;

 Ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline ýitgi çeken emläge  seretmäge ýa- da ony öwrenmäge, ýitginiň sebäbine we möçberine degişli derňew geçirmäge, ätiýaçlandyrylan emlägi halas etmek ýa-da ýitgileri azaltmak üçin geçirilýän çärelere gatnaşmaga mümkinçilik döretmäge;

 Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça oňa ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyrylan emlägiň zaýa bolmagynyň ýa-da ýok bolmagynyň sebäplerini we möçberini öwrenmek üçin gerekli ähli maglumatlary habar bermäge;

 zeper ýeten emlägi Ätiýaçlandyryjynyň wekili gözden geçirýänçä, ätiýaçlandyryş halatyndan soňky ýagdaýynda saklamaga.

Howpsuzlyk bilen, ýitginiň möçberini azaltmak bilen baglanşykly ýagdaýda diňe Ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşyp ýa-da Ätiýaçlandyryja ýitgi barada habar berlenden iki hepdeden soň Ätiýaçlandyrýanyň ýitgi bolan ýeriň ýagdaýyny üýtgetmäge hukugy bardyr.

44. Eger Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda borçnamalaryny ýerine ýetirmese, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmaga hukugy bardyr.

45. Ätiýaçlandyryjynyň we onuň wekiliniň gerekli çäreler we görkezmeler kabul edip, ätiýaçlandyrylan emlägi halas etmäge we gorap saklamaga gatnaşmaga hukugy bardyr. Ätiýaçlandyryjynyň we onuň wekilleriniň bu hereketi özünüň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek borjuny boýnuna alandygyny aňlatmaýar. Eger Ätiýaçlandyrýan  bu işleri etmäge päsgel berse, päsgel bermeginiň netijesinde ýitginiň köpelen ölçegine baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) azaldylýar.

46. Ätiýaçlandyryjynyň wekiliniň Ätiýaçlandyrýanyň ýitgi baradaky habaryna garaşmazdan zaýalanan emlägi gözden geçirmäge hukugy bardyr. Ätiýaçlandyrýanyň gözden geçirmäge päsgel bermäge haky ýokdur.

47. Zyýanyň (zeleliň) möçberi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan gözden geçirmegiň ykrarhatynyň maglumatlarynyň (№5 goşundy), zaýalanan emlägiň hakyky gymmatynyň, ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň we zyýanyň (zeleliň) möçberini tassyklaýan degişli edaralaryň resminamalarynyň esasynda kesgitlenilýär.

48. Zyýanyň (zeleliň) sebäbi we möçberi barada taraplaryň arasynda jedel ýüze çykanda, her bir tarapyň seljerme geçirmegi talap etmäge hukugy bardyr. Seljerme, onuň geçirilmegini talap eden tarapyň hasabyna geçirilýär. Eger seljermäniň netijesinde Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmagy esassyz bolup çyksa, onda Ätiýaçlandyryjy agzalan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemeli we bu ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) seljermeden öňki boýun gaçyrylan ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) bolan gatnaşygyna görä seljermäniň tölegini tölemelidir.

Seljerme geçirilmegi netijesinde öwrenilen halatlar ätiýaçlandyryşa degişli däl hasaplananda seljerme üçin töleg Ätiýaçlandyrýan tarapyndan tölenýär.

49. Zyýanyň (zeleliň) sebäbi we möçberi doly kesgitlenilenden soň ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenmäge degişlidir. Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja degişli guramalaryň ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyny tassyklaýan resminamasyny bermäge borçludyr. Resminamanyň berilmezligi Ätiýaçlandyryja zyýanyň (zeleliň) şeýle resminamalar bilen tassyklanylmadyk bölegi üçin ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmaga hukugy berýär.

Ätiýaçlandyryş pul möçberi tiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli resminamalar alnandan soň 15 (on bäş) günüň dowamynda tölenilýär ýa-da ätiýaçlandyryş pul möçberini tiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrylandygy barada ýazmaça habar berilýär.

50. Aşakdaky halatlarda Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi gaýra goýmaga hukugy bardyr:

Ätiýaçlandyrýanyň almaly ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almalydygyna hukuk ygtyýaryna esasly şübhe dörese - zerur subutnamalar alynýança;

eger Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da onuň ygtyýarly eden adamlarynyň garşysyna degişli edaralar tarapyndan jenaýat işi gozgalan bolsa we zyýanyň (zeleliň) emele gelmegine getiren halatlaryň derňewi geçirilýän bolsa, derňew gutarýança.

51. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş halatyndan  soň galan emlägine  zeper ýeten hem bolsa boýun gaçyrmaga hukugy ýokdyr, ýöne emlägiň ýitirilen ýa-da bejerişe degişli bolmadyk ýagdaýy muňa degişli däldir. Galan emlägiň bahasy ätiýaçlandyryş pul möçberinden (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden) aýrylmaga degişlidir.

52. Ätiýaçlandyryş pul möçberi tiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) aşakdaky şertlerde tölenýär:

emläk doly ýok bolanda - onuň hakyky gymmatyndan galyndylaryň bahasynyň aýrylan mukdarynda, ýöne ätiýaçlandyryş pul möçberinden köp bolmaly däl;

emläk bölekleýin zeper ýetende - dikeldiş çykdajylarynyň möçberinde, ýagny ätiýaçlandyrylan emläkleriň ätiýaçlandyryş halatynyň öň ýanyndaky ýagdaýyna dikeltmek üçin çykdajylaryň möçberinde.

Dikeldiş harajatlaryna ätiýaçlandyrylan emlägi özgertmek ýa-da gowlandyrmak üçin goşmaça harajatlar girmeýär.

53. Eger ätiýaçlandyrylan emlägi dikeltmek üçin harajatlar onuň galan bahasyny hasaba almak bilen emlägiň ätiýaçlandyryş halatynyň öň ýanyndaky hakyky bahasyndan geçýän bolsa, emlägiň doly ýok bolmagy diýilip hasap edilýär. Eger dikeldiş çykdajylary galyndy bahasy bilen bilelikde gönüden-göni ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyndan öňürti şol emlägiň hakyky bahasyndan geçmeýän bolsa,emläk bölekleýin zaýalanan ýa-da bölekleýin weýran bolan hasaplanylýar.

54. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ýetirilen zyýan ýa-da zeper üçin Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da üçünji bir şahsyň öňünde jogapkär adamdan gaýdymlaýyn (regres) tarap etmek hukugy şol pul möçberiniň çäginde ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölän  Ätiýaçlandyryja geçýär.

Eger Ätiýaçlandyrýan görkezilen şahsa talaplary bildirmekden ýa-da şol talaplaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän hukuklaryndan boýun gaçyrsa, onda Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň ol şahsdan tutup alynjak bölegini tölemekden boşadylýar.

Eger Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölän bolsa, Ätiýaçlandyrýan  bolsa gaýdymlaýyn (regres) tarap etmek hukukdan ýüz öwren bolsa ýa-da olaryň günäsi bilen Ätiýaçlandyryjy bu hukuklary amala aşyryp bilmeýän bolsa, onda Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) degişli bölegini gaýtaryp bermäge borçludyr.

55. Eger Ätiýaçlandyrýan zyýanyň (zeleliň) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) üçünji tarapdan alan bolsa, onda Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça tölemeli ätiýaçlandyryş pul möçberinden (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden) üçünji tarapyň tölän pul möçberini aýryp töleýär. Şeýle tölegleri alandygy barada Ätiýaçlandyrýan haýal etmän Ätiýaçlandyryja habar bermelidir.

56. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan hak isleýiş möhletiniň döwründe kanun boýunça ýa-da şu Kadalar boýunça Ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) töleme hukugyndan bölekleýin mahrum edýän ýagdaý ýüze çyksa, Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja alan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) ýa-da onuň degişli bölegini gaýtaryp bermäge borçludyr.

57. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi ýetirilen zyýanyň (zeleliň) ululygy bilen kesgitlenýär we  çäklendirilýär, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolup bilmez. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölegi ätiýaçlandyryş şertnamasynda şertlenen franşizany hasaba almak bilen tölenilýär.

 

XII. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden

 boýun gaçyrylmagy

 

58. Eger Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda Ätiýaçlandyryjynyň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:

 

 Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýat borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;

 Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;

 Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan adam hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;

 Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanyşykda durýan bolsa;

 zyýan (zelel) Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ýangyn howpsuzlygynyň kadalary berjaý edilmedik ýa-da bozulan ýagdaýynda ýüze çykan bolsa.

Bölekleýin boýun gaçyrmagyň möçberi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenýär we ätiýaçlandyryş şertnamasynda takyklanyp bilner.

 

XIII.  Jedelleri çözmek

 

     59. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ähli jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülýär.

 

 


 

 

 

Şahsy taraplaryň emlägini ýangyndan

we beýleki howplardan meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

1-nji goşundy

 

 

 

 

Şahsy taraplaryň emlägini ýangyndan

we beýleki howplardan meýletin ätiýaçlandyryş boýunça

bir ýyllyk nyrh möçberleri

 

 

t/b

 

Töwekgelçiligiň ady

 

 

 

 

Nyrh möçberleri

 

 

 

1

Ýangyn, ýyldyrym urmagy, gazyň partlamasy

0,15

2

Tebigy betbagtçylyklar

0,15

3

 

Suwdan zeper ýetmegi

 

0,10

 

4

Döwlüp ogurlyk edilmegi we talanmagy

0,10

5

Urgy  

0,10

6

köýmek

0,20

 

Hemme töwekgelçiliklerden

0,80

 

Töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende 1 -den 0,4 çenli peselýän ýa-da 1-den 3 çenli ýokarlanýan koeffisiýentleri ulanmak mümkindir.

 


 

 

 

 

Şahsy taraplaryň emlägini ýangyndan

we beýleki howplardan meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

2-nji goşundy

 

_______________________________________

ätiýaçlandyryş guramasynyň ady, onuň salgysy

 

Şahsy taraplaryň emlägini ýangyndan

we beýleki howplardan meýletin ätiýaçlandyrmak barada

Arza

Ätiýaçlandyrýan ____________________________________________________________

Salgysy/telefony/faksy ______________________________________________________________

şahsy taraplaryň emlägini ýangyndan we beýleki howplardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalarynda göz öňünde tutulan şertlerde ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagyňyzy haýyş edýärin.

 

Bähbit görüji ______________________________________________________________________

Salgysy/telefony/faksy ______________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryşyň obýekti ____________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryş möhleti 201__ý. «_____»_________________   201__ý. «___»____________

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi ______________________ ____________________________________________________________________________ manat

emläkler ____________________________________________________________________ manat

jaýlar/öýler __________________________________________________________________ manat

 

Ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi ________________________________________________________

 

Franşiza: şertli __________________ şertsiz ___________________

 

Geçen ýyllarda ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşdyňyzmy:       ýok____          hawa ________

 

Baglaşan bolsaňyz ýylyny görkeziň we ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň N ___________________

 

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykdymy: ýok___ hawa_____, eger ýüze çykan bolsa, haçan we sebäbini görkeziň __________________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberini tiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) aldyňyzmy: ýok_____ hawa_________, eger alan bolsaň haçan we näçe möçberdedigini görkeziň _____________________

 

Ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemegiň tertibi ____________________

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça Bähbit görüji _______________________________________

 

Ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdym we arzada görkezilen maglumatlar hakyky diýip tassyklaýaryn ________________________________________________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň familýasy, ady we goly)

 

M.Ý.               201_ ý. «____».__________________

 

 


 

 

 

Arza goşundy

 

 

 

 

Ätiýaçlandyrýan _____________________________

                                 (familiýasy we ady)

 

 

 

 

 

Ätiýaçlandyrylýan elmäk zatlarynyň sanawy

 

 

Emlägiň ady

Alnan ýyly

Hakyky bahasy

(manat)

Ätiýaçlandyryş pul möçberi (manat)

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

201___ý. «____»_________________         Ätiýaçlandyrýan _____________________________

                 (goly)

 

 

 

 


 

 

 

Şahsy taraplaryň emlägini ýangyndan we beýleki

howplardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

3-nji goşundy

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY

Şahsy taraplaryň emlägini ýangyndan we beýleki howplardan meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça

ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY №______

 

 

Ätiýaçlandyrýan ____________________________________________________________

Salgysy/telefony/faksy ______________________________________________________________

 

Bähbit görüji ______________________________________________________________________

Salgysy/telefony/faksy ______________________________________________________________

Ätiýaçlandyryjy ____________________________________________________________________

Salgysy/telefony/faksy ______________________________________________________________

Ätiýaçlandyryşyň obýekti ____________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi ________________________________________________________

Ätiýaçlandyryşyň çägi ______________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş möhleti 201__ý. «_____»_________________   201__ý. «___»____________

Emläkleriň we jaýlaryň/öýleriň hakyky bahasy ______________________________________ manat

Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi _______________________

___________________________________________________________________________ manat

(sanlar we ýazmaça)

emläkler boýunça _____________________________________________________________ manat

jaýlar/öýler boýunça ___________________________________________________________ manat

Franşiza (şertli, hökmany) ___________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça umumy ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)__

___________________________________________________________________________ manat

(sanlar we ýazmaça)

emläkler boýunça _____________________________________________________________ manat

jaýlar/öýler boýunça ___________________________________________________________ manat

 

Ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemegiň tertibi ______________________

Beýleki şertler _____________________________________________________________________

_________________________________________________________________________________

 

_________________ Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy            _______________________________

(Ätiýaçlandyryjynyň goly)

M.Ý.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy 201__ ý. «_____»________________ berildi.

Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldy___________________________

                                                                                                                      (Ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

Bellik: Şu şertnama boýunça ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýan bu barada Ätiýaçlandyryjyny haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habardar etmäge borçludyr. Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

 

 


 

 

 

Şahsy taraplaryň emlägini ýangyndan

we beýleki howplardan meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

4-nji goşundy

 

 

 

________________________ Döwlet

ätiýaçlandyryş guramasy

 

 

 

Ätiýaçlandyrýan _____________________________

                                 (familiýasy we ady)

_______________________________________

(salgysy)

 

 

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)

tölemek barada Arza

 

_____________________ bolup geçen ____________________________________________ bagly

(ýyly, güni, aýy)                                                            tiýaçlandyryş halaty häsýetini görkeziň)

ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiňizi Siden haýyş edýärin.

 

Arza şu aşakdaky resminamalary goşýaryn: ___________________________________________

________________________________________________________________________________

________________________________________________________________________________

________________________________________________________________________________

________________________________________________________________________________

________________________________________________________________________________

________________________________________________________________________________

 

 

 

 

201___ ý. «_______»_____________________              __________________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň familiýasy we goly)

 

 

 

 


 

 

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş

öwezini doluş tölegini) tölemek barada arza goşundy

 

______________________________ Döwlet

ätiýaçlandyryş guramasy

 

Ätiýaçlandyrýan _____________________________

                                 (familiýasy we ady)

_______________________________________

(salgysy)

 

 

Ýok bolan, zeper ýeten ýa-da ogurlanan elmäk

zatlarynyň sanawy

 

№ п/п

Emlägiň ady we sany(materialy, reňkini, möçberini we ş.m., görkezmek bilen)

Emlägiň satyn alnan ýyly

Emlägiň täze ýagdaýyndaky bahasy

Zeper ýeten ýazgysy (mysal: bozulan, döwülen)

1

2

3

4

5

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

           

 

 Düzen Ätiýaçlandyrýan ______________________________________

(familiýasy we goly)

 

 Barlan Ätiýaçlandyryjynyň wekili _______________________________

(familiýasy we goly)

 

 

201 ___ ý. «______»   _____________________

 


 


 

 

 

Şahsy taraplaryň  emlägini ýangyndan

we beýleki howplardan meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

5-nji goşundy

 

 

Gözden geçirmegiň ykrarhaty № ____

 

____________________________________________________________________,

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

degişli bolan we ___________________________________________________________________ salgysynda ýerleşen emlägiň ýok bolmagy, oňa zeper ýetmegi ýa-da onuň ogurlanmagy hakynda

 

Ätiýaçlandyrýanyň (onuň kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzasynyň) _________________________ _________________________________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

Çagyrylan hünärmeniň ______________________________________________________________

(guramanyň ady we familiýasy, ady, atasynyň ady)

gatnaşmaklarynda Ätiýaçlandyrýanyň 201__ý. «___»___________ arzasy esasynda 201__ý. «____» _______________ _________________________________________________________________

                           (welaýat, etrap, şäher)

______________________________________________________________ Döwlet ätiýaçlandyryş 

guramasynyň wekili ________________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

tarapyndan düzüldi.

Ýerinde barlanyp görülmegi bilen, şeýle hem degişli resminamalaryň esasynda şular anyklanyldy:

 

Ätiýaçlandyrylan emläk 201__ý. «_____»_______________ sagat____den 201_ý. «_____» _______________ sagat______aralygynda bolup geçen ____________________________________

(heläkçiligiň ady)

netijesinde ýok boldy (oňa zeper ýetdi) ýa-da ogurlandy.

Heläkçiligiň häsiýeti we sebäbi _______________________________________________________

__________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

_________________________________________________________________________________

 

Emlägi halas etmek we mundan beýläk oňa zeper ýetmeginiň öňüni almak üçin nähili çäreler görüldi _________________________________________________________________________________

_________________________________________________________________________________

_________________________________________________________________________________

 

Emlägi ogurlamaga synanyşyk edilen halatynda bu hakda polisiýanyň haýsy bölümlerine habar edilendigini görkezmeli _____________________________________________________________

_________________________________________________________________________________

_________________________________________________________________________________

 

Bu öý habar beriş serişdeleriniň kömegi bilen goralýardymy (diňe öý emlägi ogurlanan halatynda görkezilýär) ____________ hawa              _____________ ýok

 

 

 

 

Gözden geçirmegiň ykrarnamasynyň 2-nji sahypasy

Zyýanyň (zeleliň) möçberini kesgitlemek *

Zyýanyň (zeleliň) möçberini hasaplamak (manatda)

Zatlaryň ady we sany (ma-terialyny, reňkini, ölçegini we ş.m. görkez-mek bilen)*

 

 

Satyn alnan ýyly

Hereket edýän bahalara laýyklykda täze görnüşinde bahasy

Zyýanlaryň (zeleller) teswiri (meselem: ýandy, döwüldi, ýykyldy)

Galyndylaryň berilendigi hakynda bellik (berilendigi ýa-da berilmändigini görkezmeli)

Ätiýaçlandyryş halaty sebäpli arzanlamagyň göterimi

Hakyky bahasy

Nyrh kesiş bahasy ýa-da abatlamagyň bahasy (kö-nelişmäni hasaba almak bilen) 8m.x7m.:100

Zyýanyň (zeleliň)  möçberi:

8m. Ýok bolanda ýa-da ogurla-nanda, 9m. Zyýan (zelel) çekende

1

2

3

4

5

6

7

8

9

10

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

*) Eger ýok bolan, zeper ýeten ýa-da ogurlanan zatlary bir görnüşde sanap geçmek mümkin bolmasa, onda şu görnüş boýunça goşmaça sahypa doldurylýar

 

Ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygy sebäpli emlägi halas etmek ýa-da zyýany (zeleli) azaltmak, şeýle hem ätiýaçlandyrylan emlägi we ondan galanlary tertibe salmak boýunça edilen işleriň ady we möçberi

 

Işleriň ady

Ölçeg birligi

(kg., m., we ş.m.)

Işiň möçberi

Bahasy

birlikde

pulda

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hemmesi:_______________

 

M.Ý.                                       Ätiýaçlandyryjynwekili                             ______________________

(goly)

                                               Ätiýaçlandyrýanyň wekili                              ______________________

(goly)

                                               Çagyrylan hünärmen                                     ______________________

(goly)

201___ý. «______ »_____________________                                                                                     

Gözden geçirmegiň ykrarnamasynyň 3-nji sahypasy

 

 

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň

Delilhaty

 

1. Ätiýaçlandyrş şertnamasy boýunça maglumat

 

Raýatyň emlägi ____________________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň №_____ 201__ý. «_____»__________________ berlen

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberi _______________________________ manat

 

Ätiýaçlandyryş möhleti 201__ý. «_____»_________________   201__ý. «___»____________

 

Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ____________________________ manat möçberde Döwlet ätiýaçlandyryş  guramasynyň hasabyna 201__ý. «_____»__________________ gelip gowuşdy

 

2. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini

doluş tölegini) tölemäge rugsat berilýär

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberi ____________________________________________________ manat

 

Zyýanyň (zeleliň) pul möçberi _______________ манат ätiýaçlandyryş pul möçberitiýaçlandyryş

(sanda we ýazmaça)

öwezini doluş tölegi) tölenmäge degişli

 

_______________________Döwlet ätiýaçlandyryş  guramasynyň ýolbaşçysy ______________________

    (велаята, города, этрапа)                                                                                                                         (familiýasy we ady)

 

201__ý. «_____»____________________

 

 

3. Ätiýaçlandyryş pul möçberitiýaçlandyryş öwezini

doluş tölegi) barada maglumat

 

______________________________________ manat ätiýaçlandyryş pul möçberitiýaçlandyryş

(sanda we ýazmaça)

 öwezini doluş tölegi) 201__ý. «____»_________________ tölendi (geçirildi, poçta boýunça iberildi)

 

Memorial order  №_______________

 

_____________________Döwlet ätiýaçlandyryş  guramasynyň baş buhgalteri ______________________

 (welaýat, şäher, etrap)                                                                                                    (familiýasy we ady)

 

M.Ý. 201__ý. «_____»____________________