Öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin jogapkärçiligi meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň Baş direktorynyň
2016 - njy ýylyň 11-nji martyndaky çykaran
26 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy
Öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin
jogapkärçiligi meýletin ätiýaçlandyryş
K A D A L A R Y
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 128 belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda 16/21 belgi bilen ylalaşylyp tassyklanan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler bilen
I. Umumy düzgünler
1. Öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin jogapkärçiligi meýletin ätiýaçlandyryşyň şu Kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda» we «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
2. Şu Kadalaryň şertlerinde Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - Ätiýaçlandyryjy) harytlary (işleri, hyzmatlary) öndüriji, satyjy we ýerine ýetiriji bolup durýan Türkmenistanyň ýuridik şahslary we ýuridik şahsy döretmezden telekeçileri bilen, Türkmenistanda hasaba alnan ýa-da onuň çäginde öz işini amala aşyrýan daşary ýurtlaryň ýuridik şahslary, olaryň şahamçalaryny we wekilliklerini goşmak bilen (mundan beýläk - Ätiýaçlandyrýan) öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin jogapkärçiligi meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalaryny (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar, şoňa laýyklykda Ätiýaçlandyryjy sarp edijä (mundan beýläk – Bähbit görüji) onuň ömrüne, saglygyna zelel we (ýa-da) emlägine zyýan ýetmegi netijesinde ýüze çykan maddy zyýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen kesgitlenilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde öwezini dolmaga borçlanýar.
3. Şu Kadalaryň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
bähbit görüji - ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki şahs;
ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;
ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;
ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;
ätiýaçlandyryş pul möçberi - ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;
franşiza - umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy Ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenýär. Şertli franşiza bellenilende Ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär.
düýpli kemçiligi bolan haryt (iş¸ hyzmat) – kemçilikli haryt bolup ol:
a) harydy maksatlaýyn wezipesine görä ulanylmaz ýaly edýän ýa-da oňa ýol bermeýän (iş¸ hyzmat);
b) düzedilenden soň gaýtadan ýüze çykýan ýa-da düzedilmegine ýigrimi senenama gününden köp wagt talap edilýän, ýa-da asla düzedip bolmaýan;
ç) umuman alanyňda kepillik möhletiniň we her ýylyň dowamynda otuz senenama gününden köp wagtlap abatlaýyşda bolan;
kemçiligi bolan haryt (iş¸ hyzmat) – kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna ýa-da şertnamanyň şertlerine, ýa-da şeýle harydyň (işiň¸ hyzmatyň) adatça ulanylýan maksatlaryna laýyk gelmeýän haryt (iş¸ hyzmat);
öndüriji – sarp edijä satmaga niýetlenen senagat harytlaryny taýýarlaýan ýa-da öndürýän hususy telekeçi, ýuridik şahs (onuň aýrybaşga düzüm birligi);
sarp ediji – girdeji almak bilen bagly bolmadyk şahsy (durmuş) hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin harydy (iş¸ hyzmat) satyn almakçy (buýurmakçy) bolýan, satyn alýan (buýurýan) ýa-da satyn alnan harydy (iş¸ hyzmat) ulanýan fiziki şahs;
satyjy – harydy bölekleýin satyn almak – satmak şertnamasy boýunça sarp edijä harytlary satmagy amala aşyrýan hususy telekeçi, ýuridik şahs (onuň aýrybaşga düzüm birligi), şeýle hem fiziki şahs;
ýerine ýetiriji –işi ýerine ýetirmek, hyzmaty etmek barada şertnamalar boýunça sarp ediji üçin işleri ýerine ýetirýän ýa-da oňa hyzmat edýän hususy telekeçi, ýuridik şahs (onuň aýrybaşga düzüm birligi);
sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalar - işiň anyk görnüşlerine ýa-da olaryň netijelerine degişli düzgünleri, talaplary, umumy ýörelgeleri, häsiýetnamalary özünde jemleýän we “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan bellige alnan kadalaşdyryjy resminamalar;
sertifikatlaşdyrmak - netijesi sertifikatlaşdyrmagyň obýektiniň sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalarda bellenen talaplara laýyk gelşiniň resminamalaýyn tassyk edilmegi bolup durýan iş.
4. Ätiýaçlandyryş şertnamalary şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşmagy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynyň aýry-aýry bölümlerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän başga şertler bolup biler.
5. Şu Kadalaryň esasynda baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi Türkmenistanyň çäklerinde degişli edilýär.
II. Ätiýaçlandyryşyň obýekti
6. Borçnamalar boýunça jogapkärçiligiň töwekgelçiligi bilen bagly bolan, harytlary (işleri, hyzmatlary) sarp etmegi (peýdalanmagy) netijesinde Bähbit görüjileriň ömrüne, saglygyna zelel ýetmegi we (ýa-da) emlägine zyýan ýetmegi netijesinde, Ätiýaçlandyrýanyň ýaramaz hilde ýerine ýetiren, öndüren we ýerlän işleriniň netijeleri, şeýle hem satyjy, öndüriji (ýerine ýetiriji) hakynda, haryt (iş, hyzmat) hakynda anyklanmadyk ýa-da ýeterlik bolmadyk maglumat berilmändigi bilen ýüze çykyp biljek Ätiýaçlandyrýanyň emläk bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.
III. Ätiýaçlandyryş halaty
7. Şu Kadalara laýyklykda öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin Ätiýaçlandyrýanyň jogapkärçiliginiň töwekgelçiligi ätiýaçlandyrylyp bilner.
8. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan wakalaryň netijesinde Bähbit görüjileriň ömrüne, saglygyna zelel ýetmegi we (ýa-da) emlägine zyýan ýetmegi bilen ýüze çykýan borçnamalar boýunça Ätiýaçlandyrýanyň özi tarapyndan Ätiýaçlandyryjynyň razylygy bilen meýletin ykrar edilen ýa-da kazyýetiň çözgüdi bilen bellenilen jogapkärçiliginiň ýüze çykmagy ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.
9. Şu Kadalar boýunça aşakdaky görkezilen ýagdaýlaryň netijesinde jogapkärçiligiň ýüze çykmagy ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilýär:
a) şular netijesinde Bähbit görüjileriň emlägine zyýan ýetirilmegi:
harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) kemçilikleri;
haryt (iş, hyzmat) hakyndaky ýa-da olary satyjylar, öndürijiler (ýerine ýetirijiler) baradaky, olaryň iş düzgüni, laýyklyk sertifikaty, önümleri saklamagyň, daşamagyň we howpsuz ulanmagyň şertleri hakyndaky anyklanmadyk ýa-da ýeterlik bolmadyk maglumatlaryň berilmegi.
b) şular netijesinde Bähbit görüjileriň ömrüne we saglygyna zelel ýetirilmegi (aradan çykmagy, şikes almagy, maýyp bolmagy):
harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) kemçilikleri;
haryt (iş, hyzmat) hakyndaky ýa-da olary satyjylar, öndürijiler, (ýerine ýetirijiler) baradaky, olaryň iş düzgüni, sertifikatlaşdyrmaga degişlidigi, önümleri saklamagyň, daşamagyň we howpsuz peýdalanmagyň şertleri hakyndaky anyklanmadyk ýa-da ýeterlik bolmadyk maglumatlaryň berilmegi.
10. Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligiň möçberi, ätiýaçlandyryş halatlary boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilýär.
11. Harytlarda (işlerde, hyzmatlarda) olaryň hiline bildirilýän talaplaryň bozulmagynyň netijesinde önümçilik we beýleki kemçilikler bolan mahaly, şeýle hem satyjylar, öndürijiler (ýerine ýetirijiler) hakynda, harytlar (işler, hyzmatlar) hakynda anyklanmadyk ýa-da ýeterlik bolmadyk maglumatlaryň berilmegi bilen, Bähbit görüjiniň emlägine zyýan ýetirmegine (ýok bolmagyna, zaýalanmagyna) we (ýa-da) ömrüne, saglygyna zelel ýetirmegine getirse ýetirilen zyýan (zelel) üçin Ätiýaçlandyrýanyň jogapkärçiligi ýüze çykýar.
12. Şu Kadalara laýyklykda baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly Ätiýaçlandyryjy şularyň öwezini dolýar:
Bähbit görüjileriň emlägine ýetirilen zyýanyň;
Bähbit görüjileriň ömrüne we saglygyna ýetirilen zeleliň;
göwnejaý hilli bolmadyk harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) sarp edilmegi (peýdalanmagy) netijesinde özüne ýetirilen zyýany (zeleli) azaltmak boýunça Bähbit görüjileriň çykdajylarynyň.
13. Ätiýaçlandyryş diňe ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ätiýaçlandyryş halatlaryna degişli edilýär.
Şunda ätiýaçlandyryş halaty bilen ýetirilen zyýany (zeleli) ykrar etmek üçin şularyň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň çäklerine düşmekleri zerurdyr:
Ätiýaçlandyrýanlaryň jogapkärçiligi ätiýaçlandyrylanda - harytlary satyjylaryň ýa-da öndürijileriň – sarp edijilere ýerlenen senesiniň;
Ätiýaçlandyrýanlaryň jogapkärçiligi ätiýaçlandyrylanda - (işleri, hyzmatlary) ýerine ýetirijileriň - (işleriň, hyzmatlaryň) netijeleriniň kabul edilen senesiniň.
Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň başlanmazyndan öň ýerlenilen harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) sarp edilmegi bilen dörän zyýan (zelel) ýetirilmegi netijesinde ýüze çykýan borçnamalar boýunça jogapkärçilik çekmeýär.
14. Şu Kadalar boýunça aşakdakylaryň netijesinde ýüze çykan halatlar ätiýaçlandyryşa degişli edilmeýär:
her hili harby hereketleriň, ýörişleriň, harby çäreleriň we raýat uruşlarynyň, halk tolgunyşyklarynyň, terrorçylyk hereketleriniň, haýsydyr bir syýasy guramalaryň we şolar bilen baglanyşykly hereket edýän adamlaryň täsiriniň;
ýadro partlanmasynyň täsiriniň, radiasiýanyň ýa-da radioaktiw zäherlenmäniň;
Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyrýanyň işgärleriniň (wekilleriniň) kanunlaryň, kararlaryň, düzgünnamalaryň, pudaklaýyn kadalaşdyryjy hukuk namalaryň, kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý etmezliginiň ýa-da düzgün bozmagyň betbagtçylykly hadysa getirmeginiň;
Bähbit görüjiniň harytlardan (işlerden, hyzmatlardan) sarp edilmegiň ýa-da olary saklamagyň we gaýtadan sarp edilmegiň, kadalaryny bozmagy boýunça niýetlenilişinden başgaça sarp edilmeginiň;
harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) olar ýerlenilýänçä (ýerine ýetirilýänçä) we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan pursatyndan başlap Ätiýaçlandyrýana ýa-da onuň işgärlerine (wekillerine) mälim bolan kemçilikleriň;
Ätiýaçlandyrýanyň harytlary yzyna almak ýa-da harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) ätiýaçlandyryş halatyna çenli özüne mälim bolan howply häsiýetleri barada Bähbit görüjä habar bermek boýunça borçlaryny ýerine ýetirmezliginiň;
Ätiýaçlandyrýanyň ammarlarynda harytlary nädogry saklamagynyň;
Bähbit görüji tarapyndan harytlary (işleri, hyzmatlary) sarp edilmegi bilen geçirýän tejribe we barlag işleriniň;
degişli ygtyýarly edaralaryň beren görkezmeleriniň Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ýerine ýetirilmezliginiň;
daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň);
Bähbit görüji tarapyndan ýerlemek üçin niýetlenmedik harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) sarp edilmegi netijesinde ýüze çykyp ýetirilen zyýanyň (zeleliň).
15. Hakykatda şol bir düýp mazmuny boýunça zyýanly häsiýetlerden we şertlerden dowam edýän, döwürleýin ýa-da gaýtalanýan, goragsyzlyk netijesinde Bähbit görüjilere zyýan (zelel) ýetirilen halatynda we (ýa-da) görkezilen, Ätiýaçlandyrýan hem-de Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş halatynyň bolan wagtyny kesgitlemek boýunça ylalaşyga gelip bilmedik halatynda, şonda:
Bähbit görüjileriň emlägine zyýan, haçan-da ol oňa aýdyň bolan pursatynda hasap edilýär;
Bähbit görüjileriň ömrüne we saglygyna zelel, haçan-da ol saglygy goraýyş kömegi üçin ilkinji gezek ýüz tutan pursatynda ýetirilen hasap edilýär.
IV. Ätiýaçlandyryş pul möçberi
16. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi Ätiýaçlandyrýanyň we Ätiýaçlandyryjynyň ylalaşmagy boýunça bellenilýär. Ätiýaçlandyryş pul möçberi töwekgelçiligiň görnüşleri boýunça aýratynlykda bellenip bilner.
17. Bähbit görüjileriň ömrüne, salgygyna zelel we (ýa-da) emlägine zyýan ýetirilendigi üçin ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň) möçberi hiç bir şertlerde tutuşlygyna alnanda ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bellenilen pul möçberinden ýokary geçip bilmez.
18. Ätiýaçlandyryş halaty boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilenden soň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberine azaldylýar. Şu halatda Ätiýaçlandyrýan şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) degişli bölegini tölemek bilen, ätiýaçlandyryşyň galan möhletine goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak arkaly ätiýaçlandyryş pul möçberini dikeldip biler.
V. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)
19. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) hasaplamagyň we tölemegiň tertibi Ätiýaçlandyryjyda ulanylýan ätiýaçlandyryş nyrhlaryna baglylykda ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň derejesini nazara almak bilen, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri bilen öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin jogapkärçiligi meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça bir ýyllyk nyrh möçberleri arkaly kesgitlenilýär (1-nji goşundy).
20. Ätiýaçlandyrýan tarapyndan öndürilýän ýerine ýetirlen ýa-da ýerlenen harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) möhüm häsiýetleri hem-de tehniki ölçegleri düýpli üýtgän halatynda, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň töwekgelçiliginiň ýokarlanan mahalynda Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýan bilen ylalaşyk boýunça ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberini ýokarlandyrmaga haky bardyr.
21. Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleriniň sanyna we görnüşine, şolar boýunça bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberlerine, ätiýaçlandyryş möhletlerine we Ätiýaçlandyryjyda hereket edýän ätiýaçlandyryş nyrhlaryna baglylykda ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça umumy ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) bellenilýär.
22. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) Ätiýaçlandyrýan tarapyndan hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşlarinde bir wagtyň özünde ýa-da möhlete bölüp geçirilip bilner.
Gysga möhletli (bir ýyldan az) ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryşyň tutuş möhleti üçin bir wagtyň özünde tölenýär.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyl we ondan köp möhletde baglaşylan mahaly Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) möhletlere bölüp tölemäge hukugy bardyr: 50%-i şertnama baglaşylanda, 50%-i şertnamanyň hereketi başlandan soň üç aýdan gijä galman tölenýär.
23. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi 365 güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyrylan güne köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa şu bölümiň 1-nji bendine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.
24. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.
25. Eger ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen möçberde we möhletlerde geçirilmese, Ätiýaçlandyryjy şonuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir.
Eger şol möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şu wagta çenli Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegini gijikdirse, Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.
26. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary), ätiýaçlandyryş pul möçberiniň kesgitlenilen pulunda tölenýär.
27. Ätiýaçlandyrýan azyndan iki ýyl üznüksiz ýagdaýda şu Kadalaryň şertlerinde öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin jogapkärçiligiň ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan bolsa we oňa şol şertnama boýunça ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak hakynda talap bildirilmedik bolsa, Ätiýaçlandyryjy tarapyndan bellenen peselýän koeffisiýetleri ulanmak bilen şertnama baglaşmaga mümkinçilik berilýär.
28. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň köpelen ýagdaýynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tamamlanmagyna çenli galan doly aýlar boýunça hasaplanylan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek bilen, goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylýar. Goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasaplamasy şu Kadalaryň 23-nji bölümine laýyklykda amala aşyrylýar.
VI. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi
29. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýanyň öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin jogapkärçiligi meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ýazmaça arzasy (2-nji goşundy) esasynda bir ýyla çenli we ondan hem köp möhlete baglaşylýar. Şol bir wagtyň özünde Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak üçin Ätiýaçlandyryja zerur bolan şu resminamalary bermäge borçludyr:
harytlaryň (işiň, hyzmatyň) sanawyny;
hile we howpsuzlyga, şeýle hem ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykma töwekgelçiliginiň ýokarlanmagyna täsir edýän esasy sarp ediş häsiýetleriniň we harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) tehniki häsiýetnamalarynyň sanawyny;
Ätiýaçlandyrýan tarapyndan öndürilýän harytlary, ýerine ýetirilýän (işleri, hyzmatlary) sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň göçürme nusgasyny;
harytlary ibermek (işleri, hyzmatlary) ýerine ýetirmek üçin baglaşylýan (geleşikleri) şertnamalary;
öndürilýän ýa-da ýerlenýän harydyň çak edilýän möçberleri we olary çykarmagyň, ibermegiň möhletleri, şertnamanyň hereket edýän döwründe işleriň, hyzmatlaryň ýerine ýetirilýän möhletleri hakyndaky delilhatyny;
kepillendiriş borçnamalary (ýaramlylyk möhleti), ýerlemek möhletleri, saklamak möhletleri hem-de harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili we olary öndürijiler, satyjylar hakyndaky maglumatlary;
ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleriniň derejesine baha bermek üçin Ätiýaçlandyryja zerur bolan beýleki maglumatlary.
30. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan mahaly howpuň ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy üçin düýpli ähmiýeti bolan özüne belli ähli ýagdaýlary habar bermelidir. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertnamasyndan boýun gaçyrmak ýa-da ony üýtgän mazmuny bilen baglaşmak baradaky çözgüdine täsir edip biljek ýagdaýlar düýpli bolup durýar.
Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýandan ýazmaça aýdyň we düşnükli ýagdaýda talaby hem düýpli ýagdaý hasap edilýär.
31. Eger Ätiýaçlandyryja düýpli ýagdaýlar hakynda habar berilmese, ol şertnamadan ýüz öwrüp biler. Ätiýaçlandyryjynyň düýpli ýagdaýlar hakynda habar bermekden öňünden niýet edip boýun gaçyrmagy hem şeýle mana eýedir.
32. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti (başlanýan senesi – şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi - möhletiniň iň soňky güni sagat 24-de).
33. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilen pursatynda Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin jogapkärçiligi meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (3-nji goşundy) berýär.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda, (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri görkezilýär.
Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:
nagt däl görnüşinde tölenilende – bank edarasy tarapyndan Ätiýaçlandyrýanyň hasabyndan öçüren güni;
nagt görnüşinde tölenilende – Ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.
Nagt däl görnüşinde tölenilende ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenendigi baradaky bank edarasy tarapyndan berilýän tassyklaýjy resminamany Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryjyna bermelidir. Bank edaralary tassyklaýjy resminamalary bermelidir.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylandan soň girizilen üýtgetmeler Ätiýaçlandyryjynyň we Ätiýaçlandyrýanyň gollary çekilen goşmaçalar bilen resmileşdirilýär, olar bolsa ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) bir bölegi bolup durýar.
34. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilende ýa-da ýok edilende Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasy esasynda Ätiýaçlandyryjy ony bermek boýunça çykdajylary tölemegi borçlandyrmak bilen, öwezligini berýär. Öwezligi berlenden soň ozalky ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) geçirilmeýär.
35. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli we sertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.
VII. Gaýtadan ätiýaçlandyryş
36. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga Ätiýaçlandyryjyda (Gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.
Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän Ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan Ätiýaçlandyryjynyň (Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda Gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň Ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.
Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak - Türkmenistanyň Gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da Ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.
Gaýtadýan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda Ätiýaçlandyrýan bilen Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahslaryň talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, Bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.
Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.
VIII. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi
37. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:
hereket edýän möhleti geçende;
Ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;
şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;
Ätiýaçlandyrýan ýuridik şahsyň işi togtadylanda, bes edilende ýa-da ol ýatyrylanda;
Ätiýaçlandyrýan fiziki şahs aradan çykanda;
kazyýetiň çözgüdi boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi bes edilende.
38. Eger şertnamada bu göz öňünde tutulan bolsa, Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.
Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda Ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyrýanyň talaby Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.
Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol Ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda eger Ätiýaçlandyryjynyň talaby Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.
Taraplar ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmeginiň bir aý öňünden, onuň bes edilmegi hakynda birek-birege habar bermelidir.
IX. Töwekgelçiligiň derejesiniň üýtgedilmeginiň
netijeleri
39. Eger bu ätiýaçlandyryş şertnamasyna düýpli täsir edýän bolsa, Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşylandan soň ýüze çykan howpuň ýokarlanmagy hakynda Ätiýaçlandyryja haýal etmän habar bermäge borçludyr.
40. Ätiýaçlandyryş wakasynyň ýüze çykmak töwekgelçiligi artan mahalynda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryşy togtatmaga ýa-da ony möhletinden öň bes etmäge haky bardyr.
Ätiýaçlandyryş obýekt boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykma töwekgelçiligi ýokarlanan mahalynda Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýan bilen ylalaşyk boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberini ýokarlandyrmaga haky bardyr.
X. Taraplaryň hukuklary we borçlary
41. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:
Ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyş etmäge;
Ätiýaçlandyrýan tarapyndan görlen çäreleriň netijesinde, şeýle hem Ätiýaçlandyrýanyň çalşylmagy bilen baglanyşykly, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň peselmegi ýa-da onuň ýetirip biläýjek zeleliniň (zyýanynyň) möçberiniň üýtgemegi sebäpli, Ätiýaçlandyrýanyň arzasy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny täzeden baglaşmaga;
ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada ýa-da şu Kadalarda bellenilen möhletde Ätiýaçlandyrýana ýa-da Bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;
ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan Ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
42. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bardyr:
ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak üçin degişli resminamalary Ätiýaçlandyrýandan talap etmäge;
ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly gönüden-göni harytlar (işler, hyzmatlar) we önümçiligiň ýagdaýy, daşamagyň, saklamagyň hem-de ýerlemegiň şertleri bilen tanyşmaga;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň ýagdaýlarynyň derňelmegine gatnaşmaga;
maglumatlaryň we buhgalter maglumatlarynyň ýa-da beýleki resminamalaryň dogrylygyny barlamaga.
43. Ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:
ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyrylan obýekt boýunça borçnamalara baha kesmek üçin özüne mälim möhüm ähmiýeti bolan ýagdaýlaryň ählisi barada, şeýle hem ätiýaçlandyrylan emläk bilen bolup geçen islendik düýpli özgeriş (oňa bolan eýeçilik hukugyny hem goşmak bilen), şonuň ýaly-da onuň zaýalanmak ýa-da ýok bolmak howpunyň artýanlygy barada Ätiýaçlandyryja habar bermäge. Soňky ýagdaýda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberiniň köpeldilmegini talap etmäge ýa-da birtaraplaýyn tertipde ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes etmäge haky bardyr;
ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) bellenilen tertipde tölemäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habar bermäge;
Ätiýaçlandyryja Ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda Ätiýaçlandyrýanyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
44. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:
ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyşmaga;
öz bähbitlerini goramak üçin şu Kadalaryň düzgünlerine salgylanmaga;
özi üçin islendik amatly möhlete ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmaga;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň ýagdaýlarynyň derňelmegine gatnaşmaga;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak töwekgelçiligini azaldýan çäreler geçirilen halatynda ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň bellenilen möçberleri üýtgedilen halatynda ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberine gaýtadan seretmek bilen, ätiýaçlandyryş şertnamasyny gaýtadan baglaşmaga.
XI. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)
kesgitlemegiň we tölemegiň tertibi
45. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan mahaly Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja şeýle halatyň ýüze çykmagynyň sebäpleriniň we ýagdaýlarynyň, ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberini görkezip ätiýaçlandyryş halaty barada arza (4-nji goşundy) berýär.
Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýandan bolup geçen ätiýaçlandyryş halaty barada arzany alandan soň şu hereketleri amala aşyrýar:
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň hakykylygyny we sebäplerini şonuň netijesinde ýetirilen zyýany (zeleli) kesgitleýär (degişli ygtyýarly guramalardan alnan resminamalarynyň esasynda) we Ätiýaçlandyrýanyň arzasynda getirilen maglumatlaryň dogrulygyny barlaýar;
ýüze çykan ätiýaçlandyryş halatynyň ýa-da ýetirilen zyýanyň (zeleliň) ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilendigini barlaýar;
bilermenleri bu işe çekmegiň zerurdygyny kesgitleýär;
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň hakykatdygyny bellemäge gönükdirilen beýleki hereketleri amala aşyrýar.
46. Ýüze çykan betbegtçylykly hadysalaryň ätiýaçlandyryş halaty diýip ykrar edilen mahaly Ätiýaçlandyryjy:
ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberini we ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberini kesgitleýär;
öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin jogapkärçiligi meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky ykrarhatyny (5-nji goşundy) düzýär, oňa Ätiýaçlandyrýan tarapyndan berlen, Bähbit görüjileriň saglygyna, ömrüne zeleliň we (ýa-da) emlägine zyýanyň ýetirilmegini, onuň bolup geçmeginiň sebäbini, şeýle hem Ätiýaçlandyrýana bildirilýän maddy talabyň möçberini tassyklaýan resminamalar oňa goşulýar.
47. Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek boýunça bildirilýän talaplar şu resminamalar bilen tassyklanýar:
ätiýaçlandyryş halaty barada arza bilen;
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy bilen;
saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty bilen (saglygyna, ömrüne zelel ýetirilende);
degişli ygtyýarly edaralaryň delilhatyny (emlägine zyýan ýetirilende);
Bähbit görüjiniň şahsyýetini tassyklaýan resminama bilen;
harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hiline gözegçilik edýän Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy we öndürilýän önümleriň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet gözegçiligi we barlagy ygtyýarlylandyrylan döwlet gözegçilik we barlag edaralary tarapyndan harytlara (işlere, hyzmatlara) berlen seljermeleriň netijenamasy bilen;
haryt çekleri we harytlaryň satyn alnandygynyň (işleriň hyzmatlaryň) ýerine ýetirilendiginiň, halatyny tassyklaýan beýleki töleg resminamalary bilen;
ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak hakynda kazyýet edaralarynyň çözgütleri bilen, eger işe kazyýet tertibinde garalsa;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna we ýetirilen zyýanyň (zeleliň) hakykatdaky möçberine degişli Ätiýaçlandyryjy tarapyndan soralýan beýleki resminamalar, şol sanda degişli ygtyýarly edaralaryň ätiýaçlandyryş halatynyň bellige alnandygy hakyndaky resminamalar, harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili barada bilermenleriň netijenamasy boýunça ýörite toparyň hasabaty bilen.
Zerurlyk ýüze çykan mahaly ýüze çykan halatyň sebäplerini we ýitgileriň möçberini kesgitlemek baradaky işe garaşsyz bilermenler çekilip bilner, olara çagyrýan tarapyň hasabyna hak tölenýär.
48. Ýüze çykan ätiýaçlandyryş halaty boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek saglygy goraýyş, derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň hökmany tertipde berýän resminamalarynyň hem-de netijenamalarynyň esasynda amala aşyrylýar.
49. Ätiýaçlandyryş halaty barada ykararhaty Ätiýaçlandyryjy tarapyndan 47-nji bölüminde görkezilen resminamalar Ätiýaçlandyryja gelip gowşandan soň ýedi gün möhletde düzülýär hem-de tassyklanylýar.
50. Bähbit görüjilere zyýan (zelel) ýetirilmegine getiren jogapkärçiligi ätiýaçlandyrylan mahaly emlägine ýetirilen hakyky zyýandan ugur almak bilen, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş pul möçberinden (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň ) bellenilen çäginden köp bolmazdan ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) hasaplanylýar.
51. Bähbit görüjiniň ömrüne we saglygyna zelel ýetirilmegi netijesinde ätiýaçlandyrylan şahslara tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelindäki çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan “Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine” we onuň goşundysyna laýyklykda we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda çykaran 135 belgili buýrugy bilen tassyklanylan görnüş 195/h Delilhaty esasynda kesgitlenilýär.
(Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň 9-njy bölümi)
52. Bähbit görüji aradan çykan halatynda bir adama tölenilmeli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 100 essesinden köp bolmaly däldir.
Ätiýaçlandyryş halaty netijesinde birnäçe Bähbit görüjiler aradan çykan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberi aradan çykanlaryň her birine deňeçerlikde paýlanylýar. Eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberi aradan çykanlaryň hemmesine şu Kadalaryň 52-nji bölümde görkezilen möçber ýetmedik ýagdaýynda, onda ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberi aradan çykanlaryň hemmesine deň möçberde paýlanyp berilýär.
53. Bähbit görüjileriň emlägine zyýan ýetirilmegi netijesinde tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şular ýaly kesgitlenilýär:
emläk doly ýok bolan mahaly – ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan pursatyndaky onuň hakyky bahasyna barabar möçberde;
emläge zeper ýeten mahaly – onyň zyýan ýeten pursatyna çenli bolan ýagdaýyna getirmek üçin zerur bolan çykdajylaryň möçberinde.
54. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberinden ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen göz öňünde tutulan franşiza we ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) Ätiýaçlandyrýan tarapyndan tölenilmedik bölegi tutulyp alynýar, eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) möhlete bölüp tölemek göz öňünde tutulan bolsa.
55. Şular ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) goşulmaýar:
Ätiýaçlandyrýanyň we Bähbit görüjileriň gytaklaýyn çeken çykdajylary (duşdan geçirilen peýda, jerimeler, puşmana puly, ýitgiler ýa-da gijä galmak, önümçilikde boş durmak, bozulmalar, şertnamalaryň ýatyrylmagy netijesinde çekilen ýitgiler, şertnamalaýyn we kanuny jerimeler hem-de başgalar);
Ätiýaçlandyrýan we Bähbit görüjiler tarapyndan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) öňünden niýet edip zaýalamagy netijesinde ýüze çykan zyýan (zelel).
56. Eger zyýan (zelel) Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Bähbit görüjileriň hödürlän resminamalary boýunça anyklamak mümkin bolmadyk ýagdaýlarynda ýetirilen bolsa, Ätiýaçlandyryjynyň onuň sebäplerini we möçberini bellemek maksady bilen seljermäni geçirmäge hukugy bardyr. Seljerme tamamlanmagy boýunça ätiýaçlandyryş halaty barada ykararnama Ätiýaçlandyryjy, Ätiýaçlandyrýan we oňa gatnaşan hünärmenler gol çekýär.
57. Şu Kadalara laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi şu tertipde göz öňünde tutulýar:
Ätiýaçlandyrýan bilen ylalaşylyp ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) gönüden-göni Bähbit görüjä tölenip bilner, eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça bellenmedik bolsa;
eger Ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşylyp Ätiýaçlandyrýan Bähbit görüjä ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öz hasabyna öwezini dolan halatynda Ätiýaçlandyryjy ýetirilen zyýanyň (zeleliň) (öwezini dolmak tertibinde ol öz tölän töleglerini tassyklaýan resminamalary berenden soň Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) töleýär.
58. Bähbit görüjilere ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezi zyýan (zelel) ýetiren şahslar tarapyndan öwezi dolunan halatynda Ätiýaçlandyryjy diňe ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça öwezi dolunmaga degişli pul möçberiniň we zyýan (zelel) ýetiren şahslar tarapyndan öwezi dolunan pul möçberiniň arasyndaky tapawudy töleýär.
Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja şeýle öwezini dolmalar hakynda, şol sanda eger öwezini dolmalary ol Ätiýaçlandyryjydan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) alandan soň we/ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti geçenden soň alynjak halatlarynda habar bermäge borçludyr.
59. Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek boýunça talaplary bildirmek hukugy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen hak isleýiş bildirmek möhletiniň dowamynda saklanyp galýar.
60. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek Ätiýaçlandyryjy tarapyndan bank edarasynda alyjynyň adyna bolan goýuma pul serişdelerini geçirmek, banka çek bermek ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň pulhanasyndan nagt pul serişdeleri bilen Ätiýaçlandyrýan tarapyndan hemme zerur resminamalar berlenden soň 15 (on bäş) günüň dowamynda amala aşyrylýar.
61. Eger ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan pursatynda Ätiýaçlandyrýanyň şu Kadalar bilen göz öňünde tutulan jogapkärçiliginiň töwekgelçiligi beýleki Ätiýaçlandyryjylarda ätiýaçlandyrylan bolsa (goşa ätiýaçlandyryş), şonda zyýan (zelel) ýetirilmegi netijesinde ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) her bir Ätiýaçlandyryjy bilen Ätiýaçlandyrýanyň baglaşylan ähli ätiýaçlandyryş şertnamalar boýunça amala aşyrylan ätiýaçlandyrmanyň çäklerinde ätiýaçlandyryş pul möçberi barasynda deňeçerlikde paýlanylýar, Ätiýaçlandyryjy bolsa diňe öz paýyna düşýän bölekde emläk babatynda zeleliň (zyýanyň) öwezini dolýar.
XII. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden
boýun gaçyrylmagy
62. Eger Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:
Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýat borjuny ýerine ýetirmek ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatynda ulanylmaýar;
Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;
Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan adam hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;
Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlary habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanyşykda durýan bolsa;
şu Kadalaryň 43-nji bölüminde görkezilen öz borçnamalaryny berjaý etmedik bolsa.
Bölekleýin boýun gaçyrmagyň möçberi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenilýär.
Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana boýun gaçyrmagyň sebäplerini esaslandyrmak bilen, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrylmagy barada Ätiýaçlandyrýan tarapyndan hemme zerur resminamalar berlenden soň 15 (on bäş) günüň dowamynda ýazmaça habar bermäge borçludyr.
63. Ätiýaçlandyrýan ýa-da Bähbit görüji Ätiýaçlandyryja alnan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) ýa-da onuň degişli bölegini gaýtaryp bermäge borçludyr, eger Türkmenistanyň kanunçylygy bilen göz öňünde tutulan hak isleýiş möhletleriniň dowamynda kanun ýa-da şu Kadalar boýunça Ätiýaçlandyrýany ýa-da Bähbit görüjini ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga bolan hukukdan doly ýa-da bölekleýin mahrum edýän ýagdaýlar ýüze çykarylsa.
XIV Jedelleri çözmegiň tertibi
64. Şu Kadalaryň şertlerinde baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasyndan gelip çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde çözülýär.
Öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin
jogapkärçiligi meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
1-nji goşundy
Öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin
jogapkärçiligi meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça
bir ýyllyk nyrh möçberleri
Töwekgelçilik |
|
Göterimlerde
|
Şular netijesinde Bähbit görüjileriň emlägine zyýan ýetirilmegi |
Harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) kemçilikleri |
0,30 |
|
Haryt (iş, hyzmat) hakyndaky anyklanmadyk ýa-da ýeterlik bolmadyk maglumatlaryň berilmegi
|
0,18 |
Şular netijesinde Bähbit görüjileriň ömrüne, saglygyna zelel ýetirilmegi |
Harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) kemçilikleri |
0,12 |
|
Haryt (iş, hyzmat) hakyndaky anyklanmadyk ýa-da ýeterlik bolmadyk maglumatlaryň berilmegi
|
0,12 |
Hemme töwekgelçiliklerden |
|
0,72 |
Töwekgelçiligiň derejesinden we ätiýaçlandyryş pul möçberinden ugur almak bilen, her bir anyk ýagdaýda ätiýaçlandyryş gatanjynyň ( ätiýaçlandyryş baýragynyň) bellenilen möçberleri bellenilende peselýän (1,0-den 0,5-e çenli) we ýokarlanýan (1,0-dan 5,0-a çenli) koeffisiýentleri ulanmak mümkindir.
Öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin
jogapkärçiligi meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
2-nji goşundy
ÖNDÜRILÝÄN HARYTLARYŇ (IŞLERIŇ, HYZMATLARYŇ) HILI ÜÇIN
JOGAPKÄRÇILIGI MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞY BOÝUNÇA ARZA
1. Ätiýaçlandyrýan______________________________________________________________
2. Ätiýaçlandyrýanyň ýuridik salgysy _______________________________________________
3. Bank maglumatlary:___________________________________________________________
_____________________________________________________________________________
4. Telefon:_________________ Faks:_________________ E-mail:_______________________
5. Gatnaşyk edýän tarap__________________________________________________________
6. Ätiýaçlandyrýanyň işiniň başlanýan senesi_________________________________________
7. Haýsy haryt barasynda Siz haryt öndürijileriň jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak isleýärsiňiz (harydyň kysymyny, adyny, kadalaşdyryjy resminamany goşmaça görkezmegiňizi haýyş edýäris)_______________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________
8. Ätiýaçlandyrýan şol harydy (işi, hyzmaty) öndüriji satyjy bolup durýarmy
9. Şol harydy (işi, hyzmaty) öndürmek/satmak üçin ähli zerur ygtyýarnamalar we rugsatnamalar alyndymy? hawa ýok
10. Şol harydyň (işi, hyzmaty) öndürilip/satylyp başlanan senesi__________________________
11. Eger Ätiýaçlandyrýan şol harydy (işi, hyzmaty) satyjy bolsa, regres mümkinmi?
hawa ýok
12. Ätiýaçlandyrýanyň şu haryt (iş, hyzmat) boýunça söwda dolanyşygyny görkeziň:
a) geçen ýyl üçin dolanyşygy _________________________________________________
b) şu ýyl üçin meýilleşdirilýän dolanyşygy______________________________________
ç) geljek ýylda garaşylýany__________________________________________________
13. Ätiýaçlandyrýanyň söwda dolanyşygynda şol haryda (işe, hyzmata) degişli paýy __________
_____________________________________________________________________________
14. Türkmenistanyň çäklerinde harydy ýerlemek şunuň ýaly geçirilýär:
Ýerlenýän ugurlary |
% |
Göni satuw |
|
Diler ulgamy |
|
Söwda wekilleri |
|
Araçylar |
|
Beýlekiler |
|
15 TÖWEKGELÇILIK BOÝUNÇA ÄTIÝAÇLANDYRYŞ PUL MÖÇBERI
Ätiýaçlandyryş görnüşi |
Töwekgelçilik |
Ätiýaçlandyryş pul möçberi |
Şular netijesinde Bähbit görüjileriň emlägine zyýan ýetirilmegi: |
Harytlaryň, (işleriň hyzmatlaryň) kemçilikleri |
|
|
Haryt (iş, hyzmat) hakyndaky anyklanmadyk ýa-da ýeterlik bolmadyk maglumatlaryň berilmegi |
|
Şular netijesinde Bähbit görüjileriň ömrüne, saglygyna zelel ýetirilmegi: |
Harytlaryň, işleriň (hyzmatlaryň) kemçilikleri |
|
|
Haryt (iş, hyzmat) hakyndaky anyklanmadyk ýa-da ýeterlik bolmadyk maglumatlaryň berilmegi |
|
16. Türkmenistanyň çäklerinde şol harydy (işi, hyzmaty) satmagyň geografiýasy ____________
_____________________________________________________________________________
17. Türkmenistanda şu amallar geçirilýärmi?
17.1. Gaplamak, belgilemek? hawa ýok
Eger Siz “Hawa” diýip jogap berseňiz, kim tarapyndan geçirilendigini görkezmegiňizi haýyş edýäris_______________________________________________________________________
17.2. Gurnaýyş, toplaýyş işleri? hawa ýok
Eger Siz “Hawa” diýip jogap berseňiz, kim tarapyndan geçirilendigini görkezmegiňizi haýyş edýäris_______________________________________________________________________
17.3. Kepillendirilen hyzmat etmek, gündelik abatlamak hawa ýok
Eger Siz “Hawa” diýip jogap berseňiz, kim tarapyndan geçirilendigini görkezmegiňizi haýyş edýäris________________________________________________________________________
17.4. Abatlaýyş işleri, kepillendirmeden soňky hyzmat etmek hawa ýok
Eger Siz “Hawa” diýip jogap berseňiz, kim tarapyndan geçirilendigini görkezmegiňizi haýyş edýäris________________________________________________________________________
18. Şol harydyň eksporty/importy amala aşyryldymy? hawa ýok
Eger Siz “Hawa” diýip jogap berseňiz, onuň geografiýasyny takyklamagy Sizden haýyş edýäris________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________
19. Harytda haýsydyr bir mümkin bolan howp barmy? hawa ýok
Eger Siz “Hawa” diýip jogap berseňiz, jikme-jik takyklamagy haýyş edýäris________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________
20. Haryt (iş, hyzmat) şular ýaly bolup durýarmy
Partlaýyş howply hawa ýok
Ot babatda howply hawa ýok
Zäherli hawa ýok
Daşky gurşaw üçin zyýanly hawa ýok
Eger Siz ýokarda görkezilen sowallaryň haýsy hem bolsa birine “Hawa” diýip jogap berse, jikme-jik takyklamagy haýyş edýäris _______________________________________________
_____________________________________________________________________________
21. Haryt (iş, hyzmat) degişli gollanma bilen üpjün edilenmi? hawa ýok
22. Haryt öndürijiniň jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak
a) ätiýaçlandyryş şertnamanyň hereket etmeginiň talap edilýän döwrüni görkeziň 201___-nji ýylyň “___”___________dan 201____-nji ýylyň “_____” ______________aralygynda
b) jogapkärçiligiň talap edilýän bellenilen möçberlerini görkeziň:
- her bir ätiýaçlandyryş halaty boýunça________________________________________
- bir ýylyň dowamynda ähli ätiýaçlandyryş halatlary boýunça______________________
23. Harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) haýsy görnüşleri soňky 5 ýylyň dowamynda dolanyşykdan yzyna çagyryldy/yzyna alyndy (sebäplerini görkezmegi haýyş edýäris)__________ _____________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________
24. Soňky bäş ýylyň dowamynda üçünji taraplara zelel ýetirilenmi we şonuň bilen baglanyşykly nägilelikler barmy?
Eger bar bolsa, jikme-jik görkezmegi haýyş edýäris:
a) nägileligiň häsiýeti ____________________________________________________________
b) nägileligiň möçberi ___________________________________________________________
Arzada görkezilen maglumatlaryň hemmesi dogry. Ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdym we ylalaşýaryn
Ätiýaçlandyrýan__________________ _____________________
(goly) (A.A.a. F, wezipesi)
M.Ý. 201__-nji ýylyň “___”____________
Öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin
jogapkärçiligi meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
3-nji goşundy
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY ÖNDÜRILÝÄN HARYTLARYŇ (IŞLERIŇ, HYZMATLARYŇ) HILI ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIGI MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞY BOÝUNÇA ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY №___
Ätiýaçlandyrýan________________________________________________________________
Ýuridik salgysy ________________________________________________________________
Bank maglumatlary______________________________________________________________
Telefon/faks___________________________________________________________________
Bähbit görüji _________________________________________________________________
Ýuridik salgysy ________________________________________________________________
Bank maglumatlary______________________________________________________________
Telefon/faks___________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryjy________________________________________________________________
Ýuridik salgysy ________________________________________________________________
Bank maglumatlary______________________________________________________________
Telefon/faks___________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş obýekti___________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş çägi_____________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş möhleti 201_ -nji ýylyň «__» ________ 201__ -nji ýylyň «__» _______ aralygy
Ätiýaçlandyryş pul möçberi _______________________________________________________
(möçberi san bilen we ýazmaça)
Bähbit görüjiniň emlägine zyýan ýetirilmegi üçin______________________________________
Bähbit görüjiniň ömrüne, saglygyna zelel ýetirilmegi üçin_______________________________
Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary):
emläk ätiýaçlandyryş boýunça _____________________________________________________
ömür we saglyk boýunça _________________________________________________________
Franşiza_______________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň tertibi we möhletleri ____
_____________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň möhleti ______
Beýleki şertler _________________________________________________________________
_______________ Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy ________________________
(welaýat, şäher, etrap) (Ätiýaçlandyrýanyň goly)
M.Ý.
Ätiýaçlandyryş-şahadatnamasy 201__-nji ýylyň «___» _________ berildi.
Ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldym ___________________
(Ätiýaçlandyrýanyň goly)
Bellik. Şu şertnama boýunça ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly Ätiýaçlandyrýan bu barada Ätiýaçlandyryjyny haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habar bermäge borçlydyr. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik mahaly Ätiýaçlandyryjy öz borçnamalaryndan erkindir. Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner
Öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin
jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
4-nji goşundy
_______________________________
(welaýat, şäher, etrap)
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna
_______________________________
(Ätiýaçlandyrýanyň ady we salgysy)
___________________________tarapyndan
Ätiýaçlandyryş halaty barada
A R Z A
_____________________________________________________________ bilen baglanyşykly
(ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli)
____________________________ bolup geçen _____________________________________
(güni, aýy, ýyly)
_____________________________________________________________________________
_____________________________ Öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi Sizden haýyş edýärin.
Arza şu resminamalar goşulýar ___________________________________________________
_____________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________
201__-nji ýylyň «___» _____________
_____________________________
(Ätiýaçlandyrýanyň goly)
Öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin
jogapkärçiligi meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
5-nji goşundy
Öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin
jogapkärçiligi meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça
ätiýaçlandyryş halaty hakynda
YKRARHATY
№_______ nägileliklere
Ätiýaçlandyryjy ________________________________________________________________
Ätiýaçlandyrýan________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň №____
Ätiýaçlandyryş halatynyň senesi we sebäbi ___________________________________________
_____________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________
Nägilelikleri bildirmegiň senesi ___________________________________________________
Gözden geçirmegiň senesi _______________________________________________________
Zeleliň (zyýanyň) teswiri:
a) Bähbit görüjiniň emlägine ýetirilen zyýan üçin _____________________________________
b) Bähbit görüjiniň ömrüne, saglygyna ýetirilen zelel üçin ______________________________
_____________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyrýan tarapyndan zelele (zyýana) baha bermek_______________________________
Abatlamak/çalyşmak talap edilýär__________________________________________________
Bellikler ______________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýan
__________________ ___________________
(goly) (goly)