Karz alyjylaryň karzlarynyň üzülmändigi üçin jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

26.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň Baş direktorynyň

2020-nji ýylyň 20-nji noýabryndaky çykaran

136 buýrugy bilen tassyklanyldy

 

Karz alyjylaryň karzlarynyň üzülmändigi üçin jogapkärçiliginiň

meýletin ätiýaçlandyr Kadalary

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2022-nji ýylyň 31-nji awgustyndaky 74-e belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2022-nji ýylyň 31-nji awgustynda 16/30 belgi bilen ylalaşylyp tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler bilen

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Karz alyjylaryň karzlarynyň üzülmändigi üçin jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyrKadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyr hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1684-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar bilen (mundan beýläk - ätiýaçlandyrýan) karz alyjylaryň karzlarynyň üzülmändigi üçin jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyr şertnamalaryny (mundan beýläk - ätiýaçlandyryş şertnama) baglaşýarlar.

3. Şu Kadalaryň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçi ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

2) ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki ýa-da ýuridik şahs;

3) bähbit görüji - ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

4) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi - ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana ýa-da bähbit görüjä töleýän pul öwezini dolmasy;

5) ätiýaçlandyryş pul möçberi - ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini dol töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

6) franşiza - umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenýär. Şertli franşiza bellenilende ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär.

4. Ätiýaçlandyryş şertnamalary şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy boýunça şertnamanyň aýry-aýry bölümlerinde, şu Kadalaryň talaplaryna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna çapraz gelmeýän başga şertler bolup biler.

 

II bap. Ätiýaçlandyryş obýekti

 

5. Karz alyjylaryň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerine görä karz edarasynyň öňündäki karzlarynyň öz wagtynda üzülmändigi üçin jogapkärçiligi ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.

 

III bap. Ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi we

ätiýaçlandyryş halaty

 

6. Şu Kadalara laýyklykda karzyň üzülmändigi üçin jogapkärçiligi ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi bolup, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyr geçirilýän waka.

7. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasynda şertlendirilen ätiýaçlandyryş pul möçberini ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti tamamlanýan senesinde karz edarasyna doly gaýtaryp bermedik ýagdaýlary ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.

8. Karz alyjynyň karz şertnamasy boýunça tölemeli jerimesi ätiýaçlandyryş halatyna degişli däldir.

9. Şu aşakdaky ýagdaýlaryň netijesinde ýüze çykan halatlar ätiýaçlandyryş halatyna degişli däldir:

1) her hili harby hereketler ýa-da harby çäreler, olardan gelip çykan hadysalaryň, köpçülikleýin tolgunyşyklaryň, ýadro partlamalaryň, radioaktiw zäherlenmeleriň täsir etmegi;

2) karz alnan pul serişdesiniň ýa-da karz alnan pul serişdesine alnan emlägiň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan tussag edilmegi, emläkden mahrum edilmegi;

3) karz alnan pul serişdesi niýetlenilenden başga maksatlar üçin ulanylmagy.

 

IV bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

10. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çägini kesgitleýän pul möçberidir. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda taraplaryň ylalaşmagy boýunça kesgitlenilýär. Ýöne karz şertnamasynda görkezilen karz pul serişdesiniň möçberinden ýokary bolup bilmez.

 

V bap. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny)

hasaplamagyň we tölemegiň tertibi

 

11. Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberine we ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletine baglylykda ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerinden hasaplanyp çykarylýar.

12. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyla çenli ýa-da bir ýyl möhlete baglaşylanda, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) bir wagtyň özünde tölenýär.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylanda ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) bir wagtyň özünde ýa-da her ýyl üçin tölenilýär. Ýöne ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň möhletleri ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilýär.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda bir ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi 365 güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyrylan güne köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa şu bölegiň 3-nji tesmine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.

13. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde geçirilýär.

14. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bellenilen pulunda tölenilýär.

15. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda möhlete bölünen ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

Eger ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda geçirilmese, ätiýaçlandyryjy şonuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir, şeýle bu barada hat üsti bilen bähbit görijä habar bermelidir.

Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şu wagta çenli ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegini gijikdirse, ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

 

VI bap. Ätiýaçlandyryş nyrhyny kesgitlemegiň tertibi we ätiýaçlandyryş

nyrhynyň möçberi

 

16. Ätiýaçlandyryjy tarapyndan, karz alyjylaryň karzlarynyň üzülmändigi üçin jogapkärçiligi meýletin ätiýaçlandyrylanda nyrh möçberine  (şu Kadalara    1-nji goşundy) laýyklykda kesitlenilýär.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy tiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna 1-den 6-a çenli ýokarlandyryjy koeffisiýentler ulanylyp bilner.

Ýokarlandyryjy koeffisiýent ulanylan mahaly, ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilmeli.

(Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň 2-nji bölegi)

 

VII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi

 

17. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça düzülen, karz alyjylaryň karzlarynyň üzülmändigi üçin jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy barada arzasy (şu Kadalara  2-nji goşundy) esasynda baglaşylýar.

Berilmeli karzyň üpjünçiligi 50 (elli) göterimden ýokary bolan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň islegine görä berilmeli karzyň möçberinde ýa-da onuň bir böleginiň möçberinde  baglaşylyp bilner.

Ätiýaçlandyryş pul möçberi, ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi we olaryň tölenmeli möhletleri görkezilen arza ätiýaçlandyryjyda galdyrylýar.

Arza bilen ýuridik şahs şu aşakdaky resminamalary bermeli:

1) karz serişdesini ulanmak baradaky täjirçilik meýilnamasynyň nusgasy;

2) kärhananyň esaslandyryş resminamalary we soňky maliýe hasabaty;

3) karz şertnamasynyň nusgasy, şoňa degişli ähli resminamalary;

4) karz almaklyga mümkinçiligini tassyklaýan resminamalary;

5) karz doly ýa-da bölekleýin girew bilen üpjün edilen halatynda girew şertnamasynyň nusgasy (eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasy karz şertnamasynda görkezilen karz pul serişdesiniň möçberinde baglaşylan bolsa).

Arza bilen fiziki şahs şu aşakdaky resminamalary bermeli:

1) karz şertnamasynyň nusgasy, şoňa degişli ähli resminamalary;

2) karz almaklyga mümkinçiligini tassyklaýan resminamalary;

3) karz doly ýa-da bölekleýin girew bilen üpjün edilen halatynda girew şertnamasynyň nusgasy (eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasy karz şertnamasynda görkezilen karz pul serişdesiniň möçberinde baglaşylan bolsa).

18. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda özüne mälim bolan, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň ähtimallygyny we onuň ýüze çykmagynyň ýetirip biljek zeleliniň möçberini kesgitlemek üçin möhüm ähmiýeti bolan ähli ýagdaýlary ätiýaçlandyryja habar bermelidir.

Eger ätiýaçlandyryja düýpli ýagdaýlar hakynda habar berilmese, ol şertnamadan ýüz öwrüp biler. Ätiýaçlandyrýanyň düýpli ýagdaý hakynda habar bermekden öňünden niýet edip boýun gaçyrmagy hem şeýle mana eýedir.

Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýandan ýazmaça aýdyň we düşnükli ýagdaýdaky talaby hem düýpli ýagdaý hasap edilýär.

19. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş işiniň maliýe ýagdaýynyň durnuklylygyny üpjün etmek we karz alan serişdesini yzyna gaýtaryp bermek mümkinçiliginiň barlygyny aýdyňlaşdyrmak maksady bilen ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyrýanyň beren resminamalaryny, şeýle hem esaslandyryş resminamalaryny, buhgalteriýa hasabatlaryny dykgat bilen öwrenmäge borçludyr.

Eger-de ätiýaçlandyrýanyň beren buhgalteriýa hasabatlarynda öň karzy ýa-da ýitgililigi barada görkezijileri bar bolsa onda ätiýaçlandyryş şertnamalary baglaşylmaga degişli däldir.

(Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň 2-nji bölegi)

20. Berilmeli karzyň üpjünçiligi 50 (elli) göterimden az bolsa ýa-da girewe goýulýan zadyň hili pes bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşylmaga degişli däldir.

Eger-de berlen karzyň karz şertnamasynda göz öňünde tutulan karzyň üzülmeginiň tertibi boýunça möhleti geçirilen bergileri bar bolan karzlar boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylmaýar.

21. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilen pursatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana Karz alyjylaryň karzlarynyň üzülmändigi üçin jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (şu Kadalara  3-nji goşundy) berýär.

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:

1) nagt däl görnüşinde tölenilende – ätiýaçlandyryjynyň hasaplaşyk hasabyna gelip gowşan güni;

2) nagt görnüşinde tölenilende – ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.

22. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjydan öwezligini talap edip biler. Öwezlik bermek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyrýan çekýär.

23. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli ýa-da şertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.

 

VIII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti

 

24. Ätiýaçlandyryş şertnamasy karz şertnamasynyň hereket edýän möhletine laýyklykda baglaşylýar.

25. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti (başlanýan senesi-şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi-möhletiniňsoňky güni sagat 24-de).

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri görkezilýär.

 

IX bap. Gaýtadan ätiýaçlandyr

 

26. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga ätiýaçlandyryjyda (gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.

Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda ätiýaçlandyryjynyň (sedentiň) ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.

27. Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak-Türkmenistanyň gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.

Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da ätiýaçlandyrylan tarapyň talaplarynyň kadalaşdyrylmagynyň tertibi hakynda, bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.

Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyrylyşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş şertiniň we nyrhynyň möçberi ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.

 

X bap. Taraplaryň hukuklary we borçlary

 

28. Ätiýaçlandyryjynyň hukuklary:

1) ätiýaçlandyrýanyň beren maglumatlarynyň takykdygyny hem-de girewe goýulýan zadyň bahasynyň hakykylygyny kanunçylyga ters gelmeýän, özüne elýeterli islendik usul bilen barlamaga we şol barlagyň netijesine laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmaga ýa-da baglaşmazlyga, şeýle hem olaryň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişlerine gözegçilik etmäge;

2) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň delillerine şübhe dörän halatynda ygtyýarly edaralardan goşmaça maglumatlar sorap almaga, bu şübheleriň tassyklanmasy ýa-da ýalana çykarylmasy anyklanýança onuň tölenmegini gaýra goýmaga;

3) ätiýaçlandyrýanyň buhgalteriýa we beýleki resminamalaryny, karzyň üzülmändigi üçin jogapkärçiligine degişli bölegini barlamaga;

4) karz alyjy tarapyndan karzy üzmegiň tertibine laýyklykda esasy tölegleriň öz wagtynda gaýtarylýandygy barada karz edarasyndan maglumat almaga;

5) karz alnan serişdesi doly möçberinde ätiýaçlandyrlanda girewe goýlan emlägi gözden geçirmäge.

29. Ätiýaçlandyryjynyň borçlary:

1) ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyş etmäge;

2) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen möhletde bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;

3) ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan, ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir;

4) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýanyň özüne degişli emläk hukuklaryny ätiýaçlandyryja geçiren ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) karz edarasyna tölemäge;

5) ätiýaçlandyryjylar «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda degişli çäreleri amala aşyrmalydyrlar, şeýle hem ygtyýarly döwlet edarasyna degişli maglumatlary bermelidirler.

(Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň 2-nji bölegi)

30. Ätiýaçlandyrýanyň hukuklary:

1) ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň  kadalary we şertleri bilen tanyşmaga;

2) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe taraplaryň we bähbit görüjiniň ylalaşygy esasynda oňa üýtgetmeler girizmäge;

3) ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda, ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) almak üçin bähbit görüjini bellemäge.

31. Ätiýaçlandyrýanyň borçlary:

1) ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) bellenilen tertipde tölemäge;

2) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda haýal etmän, ýöne 30 (otuz) iş gününden gijä galdyrman ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada arzany bermek bilen, ätiýaçlandyryja ýazmaça habar bermäge;

3) ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkär tarapa regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary ätiýaçlandyryja geçirmäge;

4) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge;

5) karz alnan serişdäni diňe ätiýaçlandyryş barada arzada, karz şertnamasynda, ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilen maksatlara laýyklykda ulanmaga, ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça onuň maksadalaýyk ulanylyşyny we üzülişini tassyklaýan ähli gerek resminamalary bermäge;

6) karz alnan serişdäni ulanmaga niýetlenilen maksadynda dörän ähli üýtgeşmeler we öz wagtynda hasaplaşmazlyk barada ätiýaçlandyryja ýazmaça habar bermäge;

7) karz üzmegiň tertibine laýyklykda tölegleri öz wagtynda tölemäge;

8) üçünji taraplara bolan pul we emläk talap etmek hukugyny we karz we girew şertnamalaryny baglanşylandan soň edinilen emläge bolan hukuklaryny tassyklaýan resminamalary ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) çäklerinde ätiýaçlandyryja bermäge;

9) karzyň esasy bergisi we oňa hasaplanan göterimler ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti tamamlananda gaýtarylmadyk möçberine laýyklykda, emläge bolan hukugyny ätiýaçlandyryş guramasyna bermäge.

(Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň 2-nji bölegi)

32. Ätiýaçlandyrýan ýuridik şahsyň hukuk ukybyny ýitiren ýagdaýynda, bu barada haýal etmän ätiýaçlandyryja habar bermäge, ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça hukuk oruntutaryna geçirmek barada arza bermelidir.

 

XI bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyrýanyň

çalşyrylmagy

 

33. Karz üpjünçiligi üçin girewe goýlan emläk satylan, çalşylan, sowgat edilen, kärendesine berlen ýa-da başga aýrybaşgalanan halatynda bu barada 7 (ýedi) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja habar bermelidir.

 

XII bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini

doluş tölegini) kesgitlemegiň we tölemegiň tertibi

 

34. Ätiýaçlandyryş pul möçberini tiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi üçin ätiýaçlandyrýan şu aşakdaky resminamalary bermelidir:

1) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada arzasy (şu Kadalara 4-nji goşundy);

2) ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň asyl nusgasyny;

3) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan senesinde üzülmän galan karz pul serişdesininiň möçberini tassyklaýan karz edarasynyň resminamasy;

4) karz edarasynyň girewe bolan hukugynyň ätiýaçlandyryja geçirýändigi baradaky resminamasy (eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasy karz şertnamasynda görkezilen karz pul serişdesiniň möçberinde baglaşylan bolsa);

5) bilelikde düzülýän ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky ykrarhaty (şu Kadalara 5-nji goşundy).

Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölenmegi üçin zerur bolan goşmaça resminamalary we maglumatlary sorap almaga hukugy bardyr.

35. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryjy karz edarasyna karz alyjy tarapyndan üzülmedik karzyň möçberinden ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan franşizany hasaba almak bilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberini kesgitleýär.

36. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberiniňtiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenmegi üçin ähli zerur bolan resminamalar alnandan soň 15 (on bäş) günüň içinde karz edarasyna tölemäge borçludyr.

37. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) nagt däl görnüşinde tölenenden soň, karz we girew şertnamalarynda göz öňünde tutulan, karz edarasynyň ätiýaçlandyrýanyň ýa-da başga şahslara degişli girewe goýlan emläge bildirilýän ähli hukuklary tölegiň möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryja geçýär (eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasy karz şertnamasynda görkezilen karz pul serişdesiniň möçberinde baglaşylan bolsa).

38. Ätiýaçlandyrjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilen mahalynda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň azaldylmagynyň üpjün edilmegi hökmünde kabul edilen, girewine alnan emlägi kazyýete ýüz tutmazdan satmaga haky bardyr.

39. Ätiýaçlandyryjy tarapyndan nagt däl görnüşinde tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryş şertnamada bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolup bilmez.

40. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda karz edarasy tarapyndan ätiýaçlandyryş pul möçberini ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşylman özbaşdak ätiýaçlandyryjynyň hasaplaşyk hasabyndan almaga haky  ýokdur.

 

XIII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi

 

41. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

1) hereket edýän möhleti geçende;

2) ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalar doly möçberde ýerine ýetirilende;

3) şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;

4) ätiýaçlandyrýan ýuridik şahsyň işi togtadylanda, bes edilende ýa-da ol ýatyrylanda, onuň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça hukuklarynyň we borçlarynyň hukuk oruntutaryna geçmegi muňa degişli däl;

5) ätiýaçlandyryş şertnamasy kazyýetiň çözgüdi bilen bes edilende;

6) ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Kadalarda göz öňünde tutulan borçlary berjaý edilmedik ýagdaýynda.

42. Eger bu şertnamada göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyryjynyň ýa-da ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça bähbit görüjiniň razylyk bermegi bilen ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça bähbit görüjiniň razylyk bermegi bilen ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyrýanyň talaby ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.

Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilende, ol ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

43. Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda, ýöne ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen bolsa, onda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjydan öwezligini talap edip biler. Öwezlik berlenden soň ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

Ähli ýagdaýlarda öwezlik bermek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyrýan çekýär. Öwezlik berlenden soň ýitirilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ätiýaçlandyryjynyň buýrugy bilen hakyky däl diýlip hasap edilýär we ýitirilen    ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy boýunça hiç bir ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär diýip görkezilýär. Bu barada ätiýaçlandyryjy degişli guramalara habar edip biler.

 

XIV bap. Ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkär adam babatda ätiýaçlandyrýanyň hukuklarynyň ätiýaçlandyryja geçmegi

 

44. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ýetirilen zyýan (zelel) üçin ätiýaçlandyrýanyň ýa-da üçünji bir şahsyň öňünde jogapkär adamdan regres talabynyň hukugy şol pul möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölän ätiýaçlandyryja geçýär.

Eger ätiýaçlandyrýan görkezilen şol şahsa talap bildirmekden ýa-da şol talaplary ýerine ýetirmegi üpjün edýän hukuklardan boýun gaçyrsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň üçünji bir şahsdan tutulyp alynjak bölegini tölemekden boşadylýar.

45. Ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň peýdasyna ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi geçirilýän şahs ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkär şahsdan zyýanyň (zeleliň) öwezini doluş tölegini doly alan bolsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boşadylýar. Günäkär tarapyndan zyýanyň (zeleliň) öwezi bölekleýin dolunan ýagdaýynda ätiýaçlandyryjy, olaryň günäkärden alan pul möçberini hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryş tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) töleýär.

 

XV bap. Jedelleriň çözülişi

 

46. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

47. Regres talabynyň arzalaryna seredilen mahalynda Türkmenistanyň ätiýaçlandyryjylary döwlet paçlaryny tölemekden boşadylýar.

 


 

 

 

Şu Kadalara

1-nji goşundy

 

Karz alyjylaryň karzlarynyň üzülmändigi üçin

jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş boýunça

ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri

(ätiýaçlandyryş pul möçberine göterimlerde)

 

T/b

Möhleti

Nyrh möçberi

(%-de)

1

Ätiýaçlandyryşyň bir ýyly üçin

2,8

 

 

 

 

Bellik: Töwekgelçiligiň derejesinden we ätiýaçlandyryş pul möçberinden ugur almak bilen her bir anyk halatda ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberleri bellenilende 1-den 6-a çenli ýokarlandyryjy koeffisiýentleri ulanmak mümkindir.

 

 


 

 

 

Şu Kadalara

2-nji goşundy

__________________________________

(Ätiýaçlandyryş guramasynyň  ady we salgysy)

__________________________________

 

__________________________________

 

Karz alyjylaryň karzlarynyň üzülmändigi üçin

jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy barada

ARZA

 

________________________________________________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň ady, salgysy, bank maglumatlary, tel./faksy)

 

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2020-nji ýylyň “___”_________ №________ Kadalaryna laýyklykda ________________________________________________

                                              (Karz edarasynyň ady, salgysy, bank maglumatlary, tel./faksy)

tarapyndan berlen karz serişdesine, Karz alyjylaryň karzlarynyň üzülmändigi üçin jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagy haýyş edýär.

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberi ____________________________________________________

________________________________________________________________ (karz alnan pul serişdesiniň esasy möçberinde san bilen we ýazmaça)

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti ___________________________________________

___________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyrýanyň alyp barýan işleriniň görnüşleri __________________________________

___________________________________________________________________________

Karz serişdesiniň ulanmaga niýetlenilen maksady___________________________________

________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň tertibi we möhleti ___________________________________________________________________________

Şertnamanynyň goşmaça şertleri we bellikleri:______________________________________

________________________________________________________________

________________________________________________________________

________________________________________________________________

Karz alyjylaryň karzlarynyň üzülmändigi üçin jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary bilen tanyşdym:

 

Ätiýaçlandyrýan:                                                                               _______________

(goly)

20____ ýylyň “___”______________

 

 

________________________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň ady)

___________________________________________________________________________

(Ätiýaçlandyryş guramasynyň ady)

20____ ýylyň “_____”__________ Karz alyjylaryň karzlarynyň üzülmändigi üçin jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy hakynda arzaňyzyň nusgasyny gaýtaryp bermek bilen, biziň ________________ bankyndaky № ______________________ belgili hasaplaşyk hasabymyza ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) birinji ýa-da bir gezeklik bölegini _____________________ manat gelip gowşandan soň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň güýje girýändigini size duýdurýar.

Hasaplanylan ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) umumy möçberi ______________________________________________manat.

Ätiýaçlandyryş guramasynyň ýolbaşçysy                                                    ________________

(goly)

Baş hasapçy                                                                                                  ________________

(goly)

 

Ätiýaçlandyryş baradaky arzanyň ikinji nusgasyny aldym 20___ ýylyň “____”____________

________________________________________________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň wezipesi, F.A.A.a we goly)

Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) ikinji bölegi _______________________ manat 20___ ýylyň “____”_______________gijä galdyrylman tölenilmelidir.

Eger ikinji bölegi bellenilen möhletde tölenmese ýa-da az mukdarda tölenilse, onda bu barada karz edarasyna ýazmaça habar bermek bilen ätiýaçlandyryş şertnamasy güýjüni ýitiren hasap edilýär. Az mukdarda tölenen ýagdaýynda bolsa tölenen ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) gaýtarylyp berilýär.

 

Ätiýaçlandyryjynyň wekili _____________________________________________________

(wezipesi, F.A.A.a., we goly)

20____ ýylyň “____”__________

 

 

Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) ikinji böleginiň bellenilen

möhletinde doly tölenilmänligi üçin ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň “____”_________20____ ýylda bes edilýändigi _____________________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň ady)

“____”_________20____ ýylda habar berildi.

Ätiýaçlandyryş guramasynyň ýolbaşçysy                              ______________________

(goly)

Baş hasapçy                                                                           ______________________

(goly)