Karzlaryň üzülmezlik töwekgelçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

26.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň Baş direktorynyň

2020-nji ýylyň 20-nji noýabryndaky  çykaran

137 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

Karzlaryň üzülmezlik töwekgelçiligini meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalary

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2022-nji ýylyň 31-nji awgustyndaky 74-e belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2022-nji ýylyň 31-nji awgustynda 16/30 belgi bilen ylalaşylyp tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler bilen

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Karzlaryň üzülmezlik töwekgelçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyr hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1684-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu kadalaryň şertlerinde Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläktiýaçlandyryjy) karz edaralary (mundan beýläk - ätiýaçlandyrýan) bilen karzlaryň üzülmezlik töwekgelçiligini meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalaryny (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnama) baglaşýarlar.

3. Şu kadalaryň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ätiýaçlandyryjy – ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

2) ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan ýuridik şahs;

3) bähbit görüji – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan ýuridik şahs;

4) ätiýaçlandyryş halaty-ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;

5) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana ýa-da bähbit görüjä töleýän pul öwezini dolmasy;

6) ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

7) franşiza – umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenilýär. Şertli franşiza bellenilende ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär.

4. Ätiýaçlandyryş şertnamalary şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşmagy boýunça onuň aýry-aýry bölümlerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän beýleki şertler bolup biler.

 

II bap. Ätiýaçlandyryş obýekti

 

5. Karz alyjylaryň ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrýanyň öňündäki karzlarynyň üzülmezlik töwekgelçiligi ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.

 

III bap. Ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi we

ätiýaçlandyryş halaty

 

6. Şu Kadalara laýyklykda karzyň üzülmändigi üçin karz alyjylaryň karz edarasynyň öňündäki, ähtimal alamata eýe bolan, jogapkärçiliginiň ýüze çykmagy babatynda ätiýaçlandyryşyň geçirilmegi ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi bolup durýar.

(Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň 1-nji bölegi)

 

7. Karz alyjy tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti tamamlanýan senesinde ätiýaçlandyrýana bergisini doly gaýtaryp bermedik ýagdaýlary ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.

8. Karz alyjynyň karz şertnamasy boýunça tölemeli jerimesi ätiýaçlandyryş halatyna degişli däldir.

9. Şu aşakdaky ýagdaýlaryň netijesinde ýüze çykan halatlar ätiýaçlandyryş halatyna degişli däldir:

1) her hili harby hereketler ýa-da harby çäreler, olardan gelip çykan hadysalaryň, köpçülikleýin tolgunyşyklaryň, ýadro partlamalaryň, radioaktiw zäherlenmeleriň täsir etmegi;

2) karz berlen pul serişdesi niýetlenilenden başga maksatlar üçin ulanylmagy.

IV bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

10. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çägini kesgitleýän pul möçberidir. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda taraplaryň ylalaşmagy boýunça kesgitlenilýär. Ýöne karz şertnamasynda görkezilen karz pul serişdesiniň möçberinden ýokary bolup bilmez.

 

V bap. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny)

hasaplamagyň we tölemegiň tertibi

 

11. Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş pul möçberinden we nyrh möçberlerinden ugur alnyp hasaplanylýar.

12. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyla çenli ýa-da bir ýyl möhlete baglaşylanda, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) bir wagtyň özünde tölenýär.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylanda ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) bir wagtyň özünde ýa-da her ýyl üçin tölenilýär. Ýöne ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň möhletleri ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilýär.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda bir ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi 365 güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyrylan güne köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa şu bölegiň 3-nji tesimine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.

13. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek hasaplaşygyň nagt däl görnüşlerinde geçirilýär.

14. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bellenilen pulunda tölenilýär.

15. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda möhlete bölünen ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

16. Eger ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda geçirilmese, ätiýaçlandyryjy şonuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir, şeýle bu barada hat üsti bilen bähbit görijä habar bermelidir.

Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şu wagta çenli ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) geçirmegini gijikdirse, ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

 

VI bap. Ätiýaçlandyryş nyrhyny kesgitlemegiň tertibi we ätiýaçlandyryş

nyrhynyň möçberi

 

17. Ätiýaçlandyryjy tarapyndan, karzlaryň üzülmezlik töwekgelçiligini meýletin ätiýaçlandyryş boýunça nyrh möçberleri (şu Kadalara 1-nji goşundy) laýyklykda kesitlenilýär.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy tiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna 1-den 6-a çenli ýokarlandyryjy koeffisiýentleri ulanmak mümkindir.

Ýokarlandyryjy koeffisiýent ulanylan mahaly, ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilmeli.

(Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň 1-nji bölegi)

 

VII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi

 

18. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça düzülen, karz edarasynyň karzlaryň üzülmezlik töwekgelçiligini meýletin ätiýaçlandyryşy barada arzasy (şu Kadalara 2-nji goşundy) esasynda baglaşylýar.

Berilmeli karzyň üpjünçiligi 50 (elli) göterimden ýokary bolan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň islegine görä berilmeli karzyň möçberinde ýa-da onuň bir boleginiň möçberinde  baglaşylyp bilner.

Ätiýaçlandyryş pul möçberi, ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi we olaryň tölenmeli möhletleri görkezilen arza ätiýaçlandyryjyda galdyrylýar.

Arza bilen birlikde ätiýaçlandyrýan şu aşakdaky resminamalary bermeli:

1) karz alyjynyň karz serişdesini ulanmak baradaky täjirçilik meýilnamasynyň nusgasy;

2) karz alyjynyň esaslandyryş resminamalary we soňky maliýe hasabaty;

3) karz şertnamasynyň nusgasy, şoňa degişli ähli resminamalary;

4) karz alyjynyň karz almaklyga mümkinçiligini tassyklaýan resminamalary;

5) karz doly ýa-da bölekleýin girew bilen üpjün edilen halatynda girew şertnamasynyň nusgasy (eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasy karz şertnamasynda görkezilen karz pul serişdesiniň möçberinde baglaşylan bolsa).

19. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş işiniň maliýe ýagdaýynyň durnuklylygyny üpjün etmek we karz alyjynyň karz alnan serişdesini yzyna gaýtaryp bermek mümkinçiliginiň barlygyny aýdyňlaşdyrmak maksady bilen ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyrýanyň beren resminamalaryny, şeýle hem karz alyjynyň esaslandyryş resminamalaryny, buhgalter hasabatlaryny dykgat bilen öwrenmäge borçludyr.

Eger-de karz alyjynyň beren buhgalteriýa hasabatlarynda öň karzy ýa-da ýitgililigi barada görkezijileri bar bolsa onda ätiýaçlandyryş şertnamalary baglaşylmaga degişli däldir.

(Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň 1-nji bölegi)

 

20. Berilmeli karzyň üpjünçiligi 50 (elli) göterimden az bolsa ýa-da girewe goýulýan zadyň hili pes bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylmaga degişli däldir.

Eger-de berlen karzyň karz şertnamasynda göz öňünde tutulan karzyň üzülmeginiň tertibi boýunça möhleti geçirilen bergileri bar bolan karzlar boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylmaýar.

21. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilen pursatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana karzlaryň üzülmezlik töwekgelçiligini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (şu Kadalara 3-nji goşundy) berýär.

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:

1) nagt däl görnüşinde tölenilende – ätiýaçlandyryjynyň hasaplaşyk hasabyna gelip gowşan güni.

22. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjydan öwezligini talap edip biler. Öwezlik bermek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyrýan çekýär.

23. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli ýa-da şertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.

 

VIII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti

 

24. Ätiýaçlandyryş şertnamasy karz şertnamasynyň hereket edýän möhletine laýyklykda baglaşylýar.

25. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti (başlanýan senesi-şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi-möhletiniňsoňky güni sagat 24-de).

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri görkezilýär.

 

IX bap. Gaýtadan ätiýaçlandyryş

 

26. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga ätiýaçlandyryjyda (gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.

Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän ätiýaçlandyryjy (sedent) bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda ätiýaçlandyryjynyň (sedentiň) ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.

27. Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak – Türkmenistanyň gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.

Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da ätiýaçlandyrylan tarapyň talaplarynyň kadalaşdyrylmagynyň tertibi hakynda, bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.

Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyrylyşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş şertiniň we nyrhynyň möçberi ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşygy boýunça bellenilýär.

 

X bap. Taraplaryň hukuklary we borçlary

 

28. Ätiýaçlandyryjynyň hukuklary:

1) ätiýaçlandyrýanyň beren maglumatlarynyň takykdygyny hem-de girewe goýulýan zadyň bahasynyň hakykydygyny kanunçylyga ters gelmeýän, özüne elýeterli islendik usul bilen barlamaga we şol barlagyň netijesine laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmaga ýa-da baglaşmazlyga, şeýle hem olaryň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişlerine gözegçilik etmäge;

2) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň delillerine şübhe dörän halatynda ygtyýarly edaralardan goşmaça maglumatlar sorap almaga, bu şübheleriň tassyklanmasy ýa-da ýalana çykarylmasy anyklanýança onuň tölenmegini gaýra goýmaga;

3) karz alyjy tarapyndan karzy üzmegiň tertibine laýyklykda esasy tölegleriň öz wagtynda gaýtarylýandygy barada ätiýaçlandyrýandan maglumat almaga;

4) girewe goýlan emlägi gözden geçirmäge (karz alnan serişdesiniň möçberinde ätiýaçlandyrlanda).

29. Ätiýaçlandyryjynyň borçlary:

1) ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyş etmäge;

2) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen möhletde ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;

3) ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan, ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir;

4) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda karz alyjynyň özüne degişli emläk hukuklaryny ätiýaçlandyryja geçiren ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) ätiýaçlandyrýana tölemäge;

5) ätiýaçlandyryjylar «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda degişli çäreleri amala aşyrmalydyrlar, şeýle hem ygtyýarly döwlet edarasyna degişli maglumatlary bermelidirler.

(Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň 1-nji bölegi)

 

30. Ätiýaçlandyrýanyň hukuklary:

1) ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyşmaga;

2) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe taraplaryň ylalaşygy esasynda oňa üýtgetmeler girizmäge.

31. Ätiýaçlandyrýanyň borçlary:

1) ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bellenilen möhletlerde geçirmäge;

2) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge;

3) karzyň esasy bergisi we oňa hasaplanan göterimler ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti tamamlananda gaýtarylmadyk möçberine laýyklykda, karz alyjynyň girew goýan emlägine bolan hukugyny ätiýaçlandyryş guramasyna bermäge.

(Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň 1-nji bölegi)

 

 

 

 

 

 

 

XI bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyrýanyň

çalşyrylmagy

 

32. Karz üpjünçiligi üçin girewe goýlan emläk satylan, çalşylan, sowgat edilen, kärendesine berlen ýa-da başga aýrybaşgalanan halatynda bu barada 7 (ýedi) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja habar bermelidir.

 

XII bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň tertibi we şertleri

 

33. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan (ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti tamamlanýan senesinde ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberi doly gaýtarylmadyk) ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan haýal etmän, ýöne 30 (otuz) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada arzany (şu Kadalara 4-nji goşundy) bermelidir. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýanyň arzasy esasynda ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky ykrarhatyny bilelikde (şu Kadalara 5-nji goşundy) düzýär.

34. Ätiýaçlandyryş pul möçberini tiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi şu aşakdaky resminamalaryň esasynda amala aşyrylýar:

1) ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň asyl nusgasynyň;

2) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan senesinde üzülmän galan karz pul serişdesininiň möçberini tassyklaýan karz edarasynyň resminamasynyň;

3) ätiýaçlandyrýanyň girewe bolan hukugynyň ätiýaçlandyryja geçirýändigi baradaky resminamasynyň (eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasy karz şertnamasynda görkezilen karz pul serişdesiniň möçberinde baglaşylan bolsa);

4) bilelikde düzülýän ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky ykrarhatynyň.

Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölenmegi üçin zerur bolan goşmaça resminamalary we maglumatlary sorap almaga hukugy bardyr.

35. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryjy karz edarasyna karz alyjy tarapyndan üzülmedik karzyň möçberinden ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan franşizany hasaba almak bilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberini kesgitleýär.

36. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykandygy hakyndaky ähli zerur bolan resminamalary we maglumatlary alanyndan soňra 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemeklik ýa-da ondan boýun gaçyrmaklyk barada netije çykarýar.

37. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) nagt däl görnüşinde tölenenden soň, karz we girew şertnamalarynda göz öňünde tutulan, girewe goýulan emläge ätiýaçlandyrýanyň ýa-da başga şahslara degişli ähli hukuklary tölegiň möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryja geçýär (eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasy karz şertnamasynda görkezilen karz pul serişdesiniň möçberinde baglaşylan bolsa).

38. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilen mahalynda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň azaldylmagynyň üpjün edilmegi hökmünde kabul edilen, girewine alnan emlägi kazyýete ýüz tutmazdan satmaga haky bardyr.

39. Ätiýaçlandyryjy tarapyndan tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryş şertnamada bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolup bilmez.

40. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyrýanyň karz alyjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberini ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşylman özbaşdak ätiýaçlandyryjynyň hasaplaşyk hasabyndan almaga haky ýokdur.

 

XIII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi

 

41. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

1) hereket edýän möhleti geçende;

2) ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalar doly möçberde ýerine ýetirilende;

3) şertnamada bellenilen möçberde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;

4) ýuridik şahsyň işi togtadylanda, bes edilende ýa-da ol ýatyrylanda;

5) ätiýaçlandyryş şertnamasy kazyýetiň çözgüdi bilen bes edilende;

6) ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu kadalarda göz öňünde tutulan borçlary berjaý edilmedik ýagdaýynda.

42. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyryjynyň ýa-da ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip biliner.

Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyrýanyň talaby ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.

Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilende, ol ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

43. Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda, ýöne ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen bolsa, onda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjydan öwezligini talap edip biler. Öwezlik berlenden soň ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

Ähli ýagdaýlarda öwezlik bermek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyrýan çekýär. Öwezlik berlenden soň ýitirilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ätiýaçlandyryjynyň buýrugy bilen hakyky däl diýlip hasap edilýär we ýitirilen    ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy boýunça hiç bir ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär diýip görkezilýär. Bu barada ätiýaçlandyryjy degişli guramalara habar edip biler.

 

XIV bap. Ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkär adam babatda ätiýaçlandyrýanyň hukuklarynyň ätiýaçlandyryja geçmegi

 

44. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ýetirilen zyýan (zelel) üçin ätiýaçlandyrýanyň ýa-da üçünji şahsyň öňünde jogapkär adamdan regres talabyň hukugy şol pul möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölän ätiýaçlandyryja geçýär.

Eger ätiýaçlandyrýan görkezilen şol şahsa talap bildirmekden ýa-da şol talaplary ýerine ýetirmegi üpjün edýän hukuklardan boýun gaçyrsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň üçünji bir şahsdan tutulyp alynjak bölegini tölemekden boşadylýar.

45. Ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň peýdasyna ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi geçirilýän şahs ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkär şahsdan zyýanyň (zeleliň) öwezini doluş tölegini doly alan bolsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boşadylýar. Günäkär tarapyndan zyýanyň (zeleliň) öwezi bölekleýin dolunan ýagdaýynda ätiýaçlandyryjy, olaryň günäkär tarapdan alan pul möçberini hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryş tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) töleýär.

XV bap. Jedelleri çözmegiň tertibi

 

46. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ähli jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülýär.

47. Regres talabynyň arzalaryna seredilen mahalynda Türkmenistanyň ätiýaçlandyryjylary döwlet paçlaryny tölemekden boşadylýar.

 


 

 

 

Şu Kadalara

1-nji goşundy

 

Кarzlaryň üzülmezlik töwekgelçiligini meýletin ätiýaçlandyryş boýunça

Nyrh möçberleri

(ätiýaçlandyryş pul möçberine göterimlerde)

 

T/b

Möhleti

Nyrh möçberi

(%-de)

1

Ätiýaçlandyryşyň bir ýyly üçin

2,1

 

 

 

 

Bellik: Töwekgelçiligiň derejesinden we ätiýaçlandyryş pul möçberinden ugur almak bilen her bir anyk halatda ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberleri bellenilende 1-den 6-a çenli ýokarlandyryjy koeffisiýentleri ulanmak mümkindir.

 

 


 

 

 

Şu Kadalara

2-nji goşundy

__________________________________

           (Ätiýaçlandyryş guramasynyň  ady we salgysy)

__________________________________

 

__________________________________

 

 

Karzlaryň üzülmezlik töwekgelçiligini

meýletin ätiýaçlandyr boýunça

ARZA

__________________________________________________________________

(Ätiýaçlandyrýan bankyň ady, salgysy, bank maglumatlary, tel./faksy)

 

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 20___ ýylyň “___”__________№_____ Karzlaryň üzülmezlik töwekgelçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna laýyklykda ____________________________________________________________________ berlen karz

(Karz alyjynyň ady, salgysy, bank maglumatlary, tel./faksy)

boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagyny haýyş edýär.

 

Karz alyjynyň üzmedik karzynyň öwezini dolmakda biziň öz gatnaşygymyzyň ölçegi we göterimi ____________%

 

20____ ýylyň “___”_______________ boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi  ________________manatdan ybarat.

 

Şertnamany baglaşmagyň aýratyn şertleri:

____________________________________________________________________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

 

 

Karzlaryň üzülmezlik töwekgelçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary bilen tanyşdym:

 

 

 

Bankyň müdirýetiniň başlygy                                                             _______________________

(goly)

 

 

M.Ý.    Baş hasapçy                                                            ____________________

(goly)

20____ ýylyň “___”_______________

 

 

Ätiýaçlandyrýanyň salgysy: _____________________________________________________

 

 

 

 

 

 

 

 

(arka tarapy)

_________________________

(bankyň ady)

_____________________________________________________________________________

(Ätiýaçlandyryş guramasynyň ady)

20___ ýylyň “___”___________ karzlaryň üzülmezlik töwekgelçiligini meýletin ätiýaçlandyryşy hakynda arzaňyzyň nusgasyny gaýtaryp bermek bilen, biziň ________bankyndaky № ________ belgili hasaplaşyk hasabymyza ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) birinji ýa-da bir gezeklik bölegini ______________ manat töläniňizden soň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň güýje girýändigini size duýdurýar.

Hasaplanylan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ______________manat.

Birinji ___________________ manat ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) arzanyň ikinji nusgasyny alanyňyzdan soňra tölenmeli, galan bölegi. Eger bellenilen birinji möhletine çenli_____________ manatdan az mukdarda tölenilse, onda şertnama baglaşylmadyk hasap ediler, tölenen ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) gaýtarylyp beriler.

 

Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasabynyň – güwanamasynyň ikinji nusgasy goşulýar.

 

Ätiýaçlandyryş guramasynyň ýolbaşçysy                                                    ___________________

(goly)

Baş hasapçy                                                                                                  __________________

(goly)

Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasabynyň – güwanamasynyň ikinji nusgasyny 20___ ýylyň “_____”_______________aldym.

_____________________________________________________________________________

(arzany alanyň wezipesi, F.A.A.a we goly)

 

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölenmegi

 

 

Ätiýaçlandyryş pul

möçberi

 

Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) ikinji bölegi 20____ ýylyň “_____”______________________ _________________ manat gijä galdyrylman tölenilmelidir.

 

Tölenen

senesi

Töleg

tabşyrygyň belgisi

Mukdary

 

 

 

 

 

Hasaplaşyk tamamlandy 20____ ýylyň “_____”_________________

 

Baş hasapçy ____________________

(goly)

Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) ikinji böleginiň bellenilen möhletinde doly tölenilmänligi üçin ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň bes edilýändigi  __________________________ 20____ ýylyň “___”____________habar berildi.

(Ätiýaçlandyrýanyň ady)

 

Ätiýaçlandyryş guramasynyň ýolbaşçysy                                                 ______________________

(goly)

Baş hasapçy                                                                                              _____________________

(goly)

20____ ýylyň “___”___________________

 


 

 

 

Şu Kadalara

3-nji goşundy

 

 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy

Karzlaryň üzülmezlik töwekgelçiligini

meýletin ätiýaçlandyr boýunça

ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY №000-0000000

 

Ätiýaçlandyryjy

(welaýat, şäher, etrap)

 

Salgysy/telefony

 

Bank maglumatlary

 

 

Ätiýaçlandyrýan

 

Salgysy/telefony

 

Bank maglumatlary

 

 

Bähbit görüji

 

Salgysy/telefony

 

Ätiýaçlandyryş obýekti

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberi:

(san bilen we ýazmaça)

 

Ätiýaçlandyryş nyrhy

 

Ätiýaçlandyryş gatançlarjy (ätiýaçlandyryş baýraklary):

(san bilen we ýazmaça)

 

 

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň tertibi we möhletleri

 

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti

 

 

Şertli ýa-da şertsiz franşiza

(möçberi)

 

 

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we şertleri

 

 

 

Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenendigi barada bellik

(tölegiň görnüşi (nagt, nag däl), nag däl töleg tabşyrygyň №, senesi)

 

Beýleki şertler

 

M.Ýe.   Ätiýaçlandyryjy

(F.A.A a., wezipesi we goly)

 

 

M.Ýe.   Ätiýaçlandyrýan

(ätiýaçlandyrýanyň f.a.a.a, we goly)

 

 

Ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldym

(ätiýaçlandyrýanyň f.a.a.a, we goly)

 

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň berlen senesi

 

 

Bellik: Şu şertnama boýunça ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja haýal etmän, ýöne 30 (otuz) iş gününden gijä galman habar bermäge borçludyr. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenilmedik ýagdaýynda ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi bilen möhletinden öň bes edilip bilner.

Karzyň esasy bergisi we oňa hasaplanan göterimler ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti tamamlananda gaýtarylmadyk möçberine laýyklykda, ätiýaçlandyrýan karz alyjynyň girew goýan emlägine bolan hukugyny ätiýaçlandyryş guramasyna bermäge borçludyr.

 

 


 

 

 

Şu Kadalara

4-nji goşundy

 

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy

      ________________________________

     (welaýat, şäher, etrap)

      ________________________________

 

      _______________________ tarapyndan

 

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)

tölemek barada

ARZA

 

___________________________________________________________________ bolup geçen

(ýyly, aýy, güni)

______________________________________________________________bilen baglanyşykly

(ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli)

 

Karzlaryň üzülmezlik töwekgelçiligini meýletin ätiýaçlandyr şertnamasy boýunça ätiýaçlandyr pul möçberini (ätiýaçlandyr öwezini doluş tölegini) tölemegiňizi Sizden haýyş edýärin.

 

Arza şu resminamalar goşulýar:____________________________________________________

_____________________________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

 

 

20___ ýylyň «___»__________________

                     ______________________

                      (Ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

 

 

 


 

 

 

Şu Kadalara

5-nji goşundy

Ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky

YKRARHATY

 

20___ ý.”_____”_____________

 

Ätiýaçlandyryjy ________________________________________________________ wekili

(Ätiýaçlandyryjynyň ady, wekiliniň wezipesi, F.A.A.a)

____________________________________________________ tarapyndan  ätiýaçlandyrýan

(wezipesi, F.A.A.a)

______________________________________________________________ we karz edarasy

(Ätiýaçlandyrýanyň ady, wekiliniň wezipesi, F.A.A.a)

______________________________________________________________ gatnaşmagynda

(Karz alyjynyň ady, wekiliniň wezipesi, F.A.A.a)

Ätiýaçlandyrýanyň 20____ ýylyň “___”__________ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada arzasy esasynda şu ykrarhaty düzüldi.

 

Degişli resminamalary barlap, Äätiýaçlandyrýan __________________________________ karz edarasy _________________________________________ bilen 20____ ýylyň “____” ___________ baglaşylan ________belgili karz şertnamasy boýunça alan karz pul serişdesini şertnamada bellenilen möhletde üzmändigi anyklanyldy.

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti:

20___ ýylyň. ____________ dan (den) 20____ ýylyň ___ _________ çenli.

Ätiýaçlandyryş pul möçberi ______________________________________________ manat.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy_______ 20___ ýylyň “___”_____________

Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan senesi _______________________________________

Talap bildirilen senesi _______________________________________________________

Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan senesinde üzülmän galan karz pul serişdesininiň möçberi ___________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäpleri _______________________________

___________________________________________________________________________

___________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmazlygy üçin görlen çäreler:

___________________________________________________________________________

___________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak mümkinçiligi hakynda ätiýaçlandyryja duýduryldymy? Eger duýdurylan bolsa, bu barada kim tarapyndan, haçan habar berlen, nähili resminama bar: _____________________________________________________________________________ _____________________________________________________________________________

Bellikler:_____________________________________________________________________

____________________________________________________________________________

____________________________________________________________________________

____________________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryjy                           Ätiýaçlandyrýan                              Karz alyjy

 

    _________________                      ________________                     _______________