Ýörite bilim edaralarynda (internatlarda) terbiýelenýänleri meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

26.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň baş direktorynyň

2016-njy ýylyň 7-nji maýynda çykaran

91 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

Ýörite bilim edaralarynda (internatlarda) terbiýelenýänleri meýletin ätiýaçlandyrKadalary

 

 

I. Umumy düzgünler

 

1. Ýörite bilim edaralarynda (internatlarda) terbiýelenýänleri meýletin ätiýaçlandyryň şu Kadalary (mundan beýläk Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyr hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Kadalaryň şertlerinde Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk Ätiýaçlandyryjy) ýörite bilim edaralarynda (internatlarda) terbiýelenýän çagalaryň (ýetim çagalar we ata-eneleriň (olaryň ornuny tutýan adamlaryň) howandarlygyndan galan çagalar üçin ýörite bilim edaralarynda, çagalar öýlerinde, maşgala çagalar öýlerinde we mekdep – internatlarynda) peýdasyna (mundan beýläk – Ätiýaçlandyrylan şahs) Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary (mundan beýläk Ätiýaçlandyrýan) bilen ýörite bilim edaralarynda (internatlarda) terbiýelenýänleri meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar.

3. Şu Kadalaryň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

bähbit görüji – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;

ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan işe ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;

ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlanlyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek boýunça borçnamany çekýän tarap;

betbagtçylykly hadysa – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe Ätiýaçlandyrylan şahs bilen ýüze çykyp biljek islendik duýdansyz ýa-da çak edilmeýän waka, şonuň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygyna zelel ýetmegi ýa-da onuň ölmegi.

4. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşmagy boýunça şertnamanyň aýry-aýry bölümlerinde şu Kadalarda görkezilmedik, Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän beýleki şertler bolup biler.

 

II. Ätiýaçlandyryşyň obýekti

 

5. Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömri we saglygy bilen bagly bolan şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.

 

III. Ätiýaçlandyryş halaty

 

6. Şular ätiýaçlandyryş halatlary bolup durýar:

ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletiniň tamamlanmagy;

Ätiýaçlandyrylan şahsyň betbagtçylykly hadysalar netijesinde alan şikesi;

iýmit toksikoinfeksiýasyndan (salmonellezden, dizenteriýadan we ş.m.) başga, zäherli ösümliklerden, himiki maddalaryndan (önümçilik ýa-da durmuşy), ýaramaz hilli iýmit önümlerinden, dermanlardan duýdansyz ýiti zäherlenmegi, asfiksiýa (demikme), elektrik togy arkaly (atmosfera elektrigi bilen) zeper ýetmegi, ýylanyň, awuly mör-möjekleriň çakmagy, bürmek keseli, botulizm;

çakjagunduz ýa-da sanjymdan soňky ensefaliti (ensefalomiýelit), poliomelit, gematogen osteomiýeliti bilen kesellemegi;

süňkleriň tötänleýin döwülmegi, çykmagy, dişleriň gaçmagy, ýanyklar, nädogry lukmançylyk çäreleriniň geçirilmegi netijesinde synalaryň ýarylmagy (ýaralanmagy) ýa-da olaryň aýrylmagy.

Ýokarda sanalan halatlar diňe olaryň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe bolmagy we saglygy goraýyş edarasynyň güwänamasy bilen tassyklanan halatynda ätiýaçlandyryş halatlary diýlip hasap edilýär.

7. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy, durmuş üpjünçiligi boýunça oňa (olara) hasaplanylýan pul möçberlerine we zeleliň öwezini dolmak tertibinde hasaplanylýan pul möçberlerine garamazdan, şertlendirilen ätiýaçlandyryş pul möçberlerini ýa-da onuň degişli bölegini Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrylan şahsa tölemäge borçludyr.

8. Ätiýaçlandyrylan şahsyň şu Kadalaryň 6-njy bölüminde görkezilen, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ýa-da bu wakanyň ýüze çykan gününden başlap bir ýylyň dowamynda ýüze çykan haýsydyr bir wakadan ölmegi, şeýle hem Ätiýaçlandyrylan şahsyň dem alyş ýoluna del jisimiň tötänleýin düşmeginden, gark bolmagyndan, anafilaktiki şokdan, bedeniň has sowamagyndan we has gyzmagyndan ölmegi (sowuklama keselinden ölmegi muňa girmeýär) ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.

9. Şular netijesinde ýüze çykan şikes (ölüm) ätiýaçlandyryş halatyna degişli däldir:

howply (onkologiki) kesellerden ýa-da ýürek-gan damar ulgamynyň kesellerinden;

öz-özüni öldürmegi (özüni öldürmek üçin janyna kast etmegi) we Ätiýaçlandyrylan şahsyň öz bedenine zeper ýetirmeginiň netijeleri, üçünji taraplaryň hukuga ters hereketleri netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň şeýle ýagdaýa ýetirilen halatlary muňa girmeýär.

şikes alan (ölen) ätiýaçlandyrylan bilkastlaýyn jenaýaty edilmeginde kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen günäli bilnen halatyndan;

olar tarapyndan alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda islendik awtoulag serişdelerini dolandyrmagy, şeýle hem olaryň alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda bolan adama dodandyrmaga bermegi bilen baglanyşykly bolsa.

Ýokarda görekezilen esaslar boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrylan halatynda Ätiýaçlandyrýana iş ýöretmek üçin çykdajylary aýyrmak bilen tölenen ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) gaýtarylyp berilýär.

 

IV. Ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

10. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilýän Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy, şondan ugur alnyp ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi bellenilýär.

11. Ätiýaçlandyryş pul möçberi Ätiýaçlandyrýanyň we Ätiýaçlandyryjynyň  arasyndaky ylalaşyk boýunça bellenilýär.

 

V. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

 

12. Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi Ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyr hakynda arza beren gününde ýaşyna we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglydyr. Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi bir wagtlaýyn tölenýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi (1-nji goşundy) boýunça kesgitlenilýär.

13. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda tölemäge borçludyr.

14. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde geçirilýär.

 

 

nagt däl hasaplaşyk arkaly kärhananyň, edaranyň, guramanyň buhgalteriýasynyň üsti bilen;

nagt pul serişdeleri bilen Ätiýaçlandyryja (gönüden-göni pulhana ýa-da ätiýaçlandyryş wekiline) tölenýär we ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) kabul edilendigi barada töleg hatyny bermäge borçludyr.

Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) bölekleýin kabul edilmeýär.

 

 

VI. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi

 

 

15. Ätiýaçlandyryş şertnamasy 1 ýaşdan 16 ýaş aralygynda bolan, çagalaryň peýdasyna baglaşylýar.

Şular ätiýaçlandyra degişlidir:

ýetim çagalar we ata-eneleriniň hossarlygyndan aýyrylan çagalar;

ata-eneleri ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen çagalar;

ata-eneleri bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen çagalar;

ata-eneleri bellenilen tertipde dereksiz ýiten diýlip ykrar edilen çagalar.

Çaganyň ýaşy doly ýyllarda kesgitlenilýär (aýlar doly ýyla çenli tegelenýär).

16. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrylan şahs 18 ýaşa ýetýänçä bolan möhlete baglaşylýar.

17. Ätiýaçlandyryş şertnamasy çagalar internat edaralarynda terbiýelenýänleri ätiýaçlandyryşy barada çagany ätiýaçlandyrmak hakynda çözgüdi kabul eden Ätiýaçlandyrýan tarapyndan gol çekilen ýazmaça ýörite bilim edaralarynda (internatlarda) terbiýelenýänleri meýletin ätiýaçlandyryşy barada arzanyň (2-nji goşundy) esasynda baglaşylýar.

18. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilen pursatynda Ätiýaçlandyrylan şahsyň adyna ýörite bilim edaralarynda (internatlarda) terbiýelenýänleri meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasy (3-nji goşundy) ýazylyp berilýär, ol Ätiýaçlandyrylan şahsyň terbiýelenýän ýörite bilim edaralarynyň (internatlaryň) ýolbaşçysyna berilýär.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy çaganyň şahsy iş kitabynda saklanylýar, çagalar ýörite bilim edaralaryndan (internatlardan) çykarylandan soň bolsa Ätiýaçlandyrylan şahsa berilýär.

Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) bu ýagdaýlarda tölenilen diýip hasaplanýar:

nagt däl görnüşinde tölenilende – bank tarapyndan Ätiýaçlandyrýanyň hasabyndan öçüren güni;

nagt görnüşinde tölenilende – Ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.

 

 

 

 

Nagt däl görnüşinde tölenilende ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenendigi baradaky bank edarasy tarapyndan berilýän tassyklaýjy resminamanyň göçürmesini Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja bermelidir. Bank edaralary tassyklaýjy resminamalary bermelidir.

19. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasy esasynda Ätiýaçlandyryjy ony bermek boýunça çykdajylary tölemegi borçlandyrmak bilen, nusgasyny berýär. Nusgasy berlenden soň ozalky ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy hakyky däl diýlip hasap edilýär we şol boýunça öwezini doluş tölegleri geçirilmeýär.

20. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylmaýar:

I we  II topardaky maýyplar bilen;

durnukly ruhy we akyl bozulmalary bolan, durnukly nerw we psihiki bozulmalar sebäpli psihonewrologiýa edarasynyň dispanser gözegçiliginde hasapda durýan şahslar.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şeýle şahslaryň peýdasyna baglaşylandygy ýüze çykarylsa, şonda resmileşdirilen gününden başlap şeýle ätiýaçlandyryş şertnamasy hakyky däl diýlip ykrar edilýär we Ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) gaýtarylyp berilýär.

21. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti (başlanýan senesi – şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi – möhletiň iň soňky güni sagat 24-de).

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda, (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri görkezilýär.

22. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini almak üçin Bähbit görüjini bellemäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň, öz garaýşyna görä, ony çalyşmaga hukugy bardyr.

 

VII. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi

 

23. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

hereket edýän möhleti geçende;

Ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;

şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş  baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;

kazyýetiň çözgüdi boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy bes edilende.

24. Eger şertnamada bu göz öňüne tutulan bolsa, Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda Ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyrýanyň talaby Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.

Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol Ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyryjynyň talaby Ätiýaçlandyrýan tarapynda ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklayny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

 

VIII. Ätiýaçlandyryş pul möçberlerinitiýaçlandyryş öwezini

doluş tölegini) tölemegiň tertibi we şertleri

 

25. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy hakynda ýörite bilim edarasynyň (internadyň) ýolbaşçylary Ätiýaçlandyryjyny şobada, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habar bermäge borçludyr.

26. Ätiýaçlandyryş pul möçberini tiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek hakyndaky talap Ätiýaçlandyryja  ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan gününden başlap üç ýylyň dowamynda bildirilýär.

Ätiýaçlandyryş pul möçberini tiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin şu aşakdaky resminamalar Ätiýaçlandyryja berilmelidir:

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti tamamlananda:

ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletiniň tamamlanmagy sebäpli ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemek barada arzasyny (4-nji goşundy);

ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny;

ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) tölenendigi barada töleg hatyny;

Ätiýaçlandyrylan şahsyň şahsyýetine güwä geçýän resminamasyny.

Ätiýaçlandyrylan şahs ölen halatynda:

Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Bähbit görüjiniň Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada arzasyny (5-nji goşundy);

ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny;

ölüm hakyndaky şahadatnamanyň bellenilen tertibinde güwä geçilen göçürme nusgasyny;

ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) tölenendigi barada töleg hatyny.

 

 

Ätiýaçlandyrylan şahs şikes alanda ýa-da şu Kadalaryň 6-njy bölümde göz öňünde tutulan beýleki ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda:

ätiýaçlandyryş pul möçberinitiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada arzasyny (5-nji goşundy);

ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny;

şikes alandygy barada saglygy goraýyş edarasynyň delilhatyny;

ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) tölenendigi barada töleg hatyny;

Ätiýaçlandyrylan şahsyň şahsyýetine güwä geçýän resminamasyny.

Ätiýaçlandyrylan şahsa maýyplyk bellenilen halatynda:

ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada arzasyny (5-nji goşundy);

ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny;

hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň maýyplygy bellemek baradaky bellenilen tertibinde güwä geçilen delilhatynyň göçürme nusgasyny;

ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) tölenendigi barada töleg hatyny;

Ätiýaçlandyrylan şahsyň şahsyýetine güwä geçýän resminamasyny.

Eger Ätiýaçlandyrylan şahs öleninden soň, Bähbit görüji hem ölse we degişli bolan ätiýaçlandyryş pul möçberini tiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) alyp ýetişmedik bolsa, onda bu pul möçberi Ätiýaçlandyrylan şahsyň bolan ýörite bilim edarasyna (internada) tölenilýär.

27. Ätiýaçlandyryjy özüne ähli zerur resminamalar berlen gününden başlap 7 (ýedi) günüň dowamynda ätiýaçlandyryş pul möçberini tiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçludyr.

28. Ätiýaçlandyryş pul möçberini tiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäginde alyjynyň bankdaky atly hasabyna geçirmek arkaly, alyjynyň hasabyna poçtanyň üsti bilen geçirmek arkaly ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň pulhanasyndan nagt pulda tölemek arkaly amala aşyrylýar.

 

IX. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tiýaçlandyryş öwezini doluş

töleginiň) möçberleri

 

29. Ätiýaçlandyryş möhletiniň tamamlanmagy (18 ýaşa ýetilmegi) boýunça Ätiýaçlandyrylan şahsa ätiýaçlandyryş şertnamasynda şertlenilen ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenýär.

Ätiýaçlandyrylan şahs ätiýaçlandyryş möhleti tamamlanandan soň üç ýylyň dowamynda, ýöne ol ätiýaçlandyryş pul möçberini (ýa-da eger ol oňa hasaplanylýan bolsa, maýyplygyň bellenilmegi bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryş kömek puluny) alýança ölen halatynda bu pul möçberi deň paýlarda Ätiýaçlandyrylan şahsyň mirasdarlaryna tölenýän:

 

 

birinji nobatda – çagalaryna (şol sanda ogullyga alnanlara), är – aýalyna we öleniň ene – atasyna (ogullyga alyjylara), şeýle hem ölenden soň onuň doglan çagasyna;

ikinji nobatda – öleniň doganlaryna we uýalaryna, onuň atasyna we enesine, babasyna we mamasyna.

Olar bolmadyk halatynda ol Ätiýaçlandyryjy tarapyndan Ätiýaçlandyrylan şahsyň bolan ýörite bilim edarasyna (internada) tölenilýär.

30. Ätiýaçlandyrylan şahslara tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelindäki çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine we onuň goşundysyna laýyklykda we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda çykaran 135 belgili buýrugy bilen tassyklanylan görnüş 195/h Delilhaty esasynda kesgitlenilýär.

(Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 128 belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 16/21 belgi bilen ylalaşylyp tassyklanan)

 

31. Ätiýaçlandyrylan şahsa maýyplyk topary bellenilende ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe soňra maýyplyk topary üýtgedilende Ätiýaçlandyryjy aşakdakylardan ugur almak bilen, Ätiýaçlandyrylan şahsa degişli bolan maýyplyk boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi hakynda çözgüt kabul edýär:

I topar bellenilen halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 80 göteriminden;

II topar bellenilen halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 60 göteriminden;

III topar bellenilen halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 40 göteriminden.

32. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy ýuridik şahs bilen baglaşylan bolsa, şonda Ätiýaçlandyrylan şahs ölen halatynda tölenilen ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) Ätiýaçlandyryjy tarapyndan Ätiýaçlandyrylan şahsyň bolan ýörite bilim edarasyna (internada) tölenilýär.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy fiziki şahs bilen baglaşylan bolsa, şonda Ätiýaçlandyrylan şahs ölen halatynda, onda fiziki şahs üç ýylyň dowamynda şulara hukugy bardyr:

 

özüniň tölän ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) almaga;

eger täze Ätiýaçlandyrylan şahsyň ýaşy şertnama baglaşylan günde ölen Ätiýaçlandyrylan şahsyň ýaşyndan degişlilikde az ýa-da köp bolsa, artyk ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) Ätiýaçlandyrýana gaýtaryp bermek ýa-da ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) bir bölegini Ätiýaçlandyrýan tölemegi bilen, ýörite bilim edarasynda (internatda) terbiýelenýän başga çaga ätiýaçlandyryş şertnamasyny gaýtadan resmileşdirmäge.

Görkezilen möhletiniň tamamlanmagy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) Ätiýaçlandyrylan şahsyň bolan ýörite bilim edarasyna (internada) tölenilýär.

33. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe bolup geçen bir ýa-da birnäçe ätiýaçlandyryş halatlary üçin ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň tiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň) umumy möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberinden geçmeli däldir.

 

X. Taraplaryň hukuklary we borçlary

 

34. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bardyr:

Ätiýaçlandyrýan tarapyndan habar berlen maglumatlary, şeýle hem onuň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişini barlamaga;

zerurlyk ýüze çykanda Ätiýaçlandyrylan şahs ölmeginiň ýa-da maýyplygyň bellenilmeginiň ýagdaýlary barada ygtyýarly edaralara, saglygy goraýyş we beýleki guramalara ýüztutmalary ibermäge;

eger degişli hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna getiren ýagdaýlar babatda Ätiýaçlandyrýan, Ätiýaçlandyrylan şahs ýa-da Bähbit görüji barasynda jenaýat işi gozgalan bolsa, derňew we/ýa-da kazyýet seljermesi tamamlanýança ätiýaçlandyryş pul möçberlerini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) gaýra goýmaga.

35. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:

Ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyş etmäge;

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada bellenilen möhletde Ätiýaçlandyrýana, Ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da Bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;

ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan Ätiýaçlandyrýanyň, gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

36. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:

ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyşmaga;

ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini almak üçin Bähbit görüjini bellemäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň, öz garaýşyna görä ony çalyşmaga.

 

37. Ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:

ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) bellenilen tertipde tölemäge;

ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habar bermäge;

Ätiýaçlandyryja Ätiýaçlandyrylan şahsa ýetirilen zyýan üçin jogapkär adamadan gaýdymlaýyn (regres) talap etmek hukugyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;

ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge.

38. Bähbit görüjiniň şulara hukugy bardyr:

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga.

39. Bähbit görüji şulara borçludyr:

Ätiýaçlandyrylan şahs ölen halatynda Ätiýaçlandyryja Ätiýaçlandyrylan şahsa ýetirilen zelel üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge.

 

XI. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden

boýun gaçyrylmagy

 

40. Eger Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:

Ätiýaçlandyrýanyň, Ätiýaçlandyrylan şahsyň ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;

Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahs tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;

Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahs hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;

Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykda durýan bolsa;

 

 

ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygynyň degişli ygtyýarly edaralar tarapyndan tassyklanmasy bolmasa.

41. Şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şular netijesinde ýüze çykan bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden Ätiýaçlandyryjy boşadylýar:

ýadro partlamasynyň täsiri, radiasiýa ýa-da radioaktiw zäherlenme;

harby hereketler, şeýle hem ýörişler ýa-da beýleki harby çäreler.

42. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmak baradaky çözgüt ýazmaça görnüşde Ätiýaçlandyrýana Ätiýaçlandyryjy tarapyndan şu çözgüdiň kabul edilen pursatyndan başlap 5 (bäş) iş günüň dowamynda boýun gaçyrmagyň sebäplerini delillendirip esaslandyrmak bilen, ýazmaça görnüşde habar berilýär.

 

XII. Jedelleri çözmekligiň tertibi

 

43. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

44. Nägilelikler Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen hak isleg bildirmek dowamlylygynyň möhletiniň çäklerinde bildirilip bilner.

 

 


 

 

 

Ýörite bilim edaralarynda (internatlarda)

terbiýelenýänleri meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalaryna

1-nji goşundy

 

 

Birwagtlaýyn ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň)

möçberi

 

Ätiýaçlandyrylan şahsyň ýaşy

(ýyl)

Ýörite bilim edaralarynda (internatlarda) terbiýelenýänleri ätiýaçlandyr pul möçberiniň 200 manadyndan ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi (manatlarda)

1

146 (73%)

2

150 (75%)

3

154 (77%)

4

158 (79%)

5

162 (81%)

6

166 (83%)

7

170 (85%)

8

176 (88%)

9

180 (90%)

10

184 (92%)

11

186 (93%)

12

190 (95%)

13

192 (96%)

14

194 (97%)

15

196 (98%)

16

198 (99%)

 

Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi 400, 600, 800 we başgalar ýaly bellenilen bolsa, ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi degişlilikde 2-ä, 3-e, 4-e we başgalara köpeldilýär.

 

 


 

 

 

Ýörite bilim edaralarynda (internatlarda)

terbiýelenýänleri meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

2-nji goşundy

 

 

Ýörite bilim edaralarynda (internatlarda) terbiýelenýänleri meýletin ätiýaçlandyryşy barada

A R Z A

 

Ätiýaçlandyrýan ____________________________________________________

(famiýasy, ady, atasynyň ady we ýaşaýan ýeri ýa-da kärhananyň ady,

_________________________________________________________________

salgysy)

telefon___________________________________ faks_____________________

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 201_ ýyly “____” _________ daky №___ buýrugy bilen tassyklanylan ýörite bilim edaralarynda (internatlarda) terbiýelenýänleri meýletin ätiýaçlandyr Kadalaryna laýyklykda _______________ýörite bilim edaralarynda (internatlarda) terbiýelenýänleriň meýletin ätiýaçlandyr şertnamasyny baglaşmagy haýyş edýärin.

 

№ t/b

Ätiýaçlandyrylan şahs

(F.,A.,Aa.)

Ätiýaçlandyrylan şahsyň ýaşy

Ätiýaçlandyryş pul möçberi (manat)

Buhgalteriýanyň belligi

1

2

3

4

5

1

 

 

 

 

2.

 

 

 

 

3.

 

 

 

 

4.

 

 

 

 

5.

 

 

 

 

6.

 

 

 

 

7.

 

 

 

 

8/

 

 

 

 

9.

 

 

 

 

10

 

 

 

 

 

Ätiýaçlandyryň şertleri bilen tanyşdym we razy ______________________

(Ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

 


 

 

 

Ýörite bilim edaralarynda (internatlarlda)

terbiýelenýänleri meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

3-nji goşundy

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy

 

Ýörite bilim edaralarynda (internatlarda) terbiýelenýänleri meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasy

Tapgyry __  № 000 000

 

Ätiýaçlandyrýan _______________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

Salgysy/telefony _______________________________________________________________

Işleýän ýeri ___________________________________________________________________

Ätiýaçlandyrylan şahs __________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

Salgysy/telefony________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryjy _______________________________________________________________

(welaýat, şäher, etrap)

Salgysy/telefony _______________________________________________________________

 

Bähbit görüji _________________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady) Salgysy/telefony________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryşyň obýekti   Äiýaçlandyrylan şahsyň ömri we saglygy

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberi ________________________________________________ manat

(san bilen we ýazmaça)

Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ______________________________ ________________________________________________________________________manat

(san bilen we ýazmaça)

Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) 20__ ýylyň “____”____________ tölendi

_____________________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryşyň möhleti __________________ ýyl

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi: 20_____ ýylyň “_____”__________dan 20____ýylyň “_____”_________________ aralygy

 

Beýleki şertler__________________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

_________________ Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy           __________________________

(Ätiýaçlandyryjynyň goly)

M.Ý.    Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy 20___ýylyň “__”_______ berildi

 

Ätiýaçlandyrmagyň kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldym ___________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

Bellik: Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly Ätiýaçlandyrýan haýal etmän, ýöne üç iş gününden gijä galman Ätiýaçlandyryja habar bermelidir. Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

 

 


 

 

 

Ýörite bilim edaralarynda (internatlarda)

terbiýelenýänleri meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalaryna

4-nji goşundy

 

 

 

_________________________________

(welaýat, şäher, etrap)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy

 

 

___________________________________

(öý salgysy, telefony)

___________________________________

(F.,A.,Aa.)

____________________ tarapyndan

 

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemek barada

A R Z A

 

 

Maňa ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiňizi Sizden haýyş edýärin.

 

Arza goşýaryn:

ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny;

ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) tölenendigi barada töleg haty.

 

 

20____ ýylyň “___”_______                  ________________________

(Ätiýaçlandyrylan şahsyň goly)

 

 

 


 

 

 

Ýörite bilim edaralarynda (internatlarda)

terbiýelenýänleri meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalaryna

5-nji goşundy

 

_________________________________

(welaýat, şäher, etrap)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy

 

___________________________________

(öý salgysy, telefony)

___________________________________

(F.,A.,Aa.)

____________________ tarapyndan

 

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberinitiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)

tölemek barada

A R Z A

 

Men_____________________tarapyndan 20____ ýylyň “____”________ alnan şikes bilen baglanyşykly maňa hasaplanylan pul möçberini ___________________

__________________________________________________________________

(nagt pul serişdeleri bilen ýa-da bank hasapdaky goýuma geçirmek bilen berilmelidigini görkezmeli, goýuma getirilende onuň belgisini, bank edarasynyň adyny görkezmeli)

 

Şikes alynmagy _________________________________ __________ tarapyndan

(bejeriş edarasynyň ady)

berlen delilhaty bilen tassyklanyldy.

Şikes şu ýagdaýlarda_________________________________________________

____________________________________________________________ alyndy.

Şikes alynmak ýagdaýyny derňemek bilen________________________________

_______________________________________________________ meşgullandy.

(derňew edarasynyň ady)

 

Arza goşýaryn:

ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;

saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty;

ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) tölenendigi barada töleg haty.

 

20____ ýylyň “___”_______                  ________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň goly)