Betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

26.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň baş direktorynyň

2016-njy ýylyň 7-nji maý çykaran

93 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

Betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş

KADALARY

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 128 belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda 16/21 belgi bilen ylalaşylyp tassyklanan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler bilen

 

I. Umumy düzgünler

 

1. Betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryşyň şu Kadalary (mundan beýläk Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, “Ätiýaçlandyr hakynda Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakyndaTürkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary, (mundan beýläk Ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary bilen (mundan beýläk – Ätiýaçlandyrýan) betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalaryny (mundan beýläk ätiýaçlandyryş şertnamasy) 1 ýaşdan 62 ýaş aralaryndaky fiziki şahslaryň peýdasyna (mundan beýläk Ätiýaçlandyrylan şahs) baglaşýarlar.

3. Şu Kadalaryň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

bähbit görüji ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;

ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlanlyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek boýunça borçnamany çekýän tarap;

 

 

ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;

ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

ätiýaçlandyrylan şahs emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylýan fiziki şahs;

franşiza umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy Ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenilýär. Şertli franşiza bellenilende Ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär;

betbagtçylykly hadysa ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe Ätiýaçlandyrylan şahs bilen ýüze çykyp biljek islendik duýdansyz ýa-da çak edilmeýän waka, şonuň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygyna zelel ýetmegi ýa-da onuň aradan çykmagy;

duýdansyz kesellemek Ätiýaçlandyrylan şahsyň beden ýagdaýynyň öňünden görülmedik islendik ýagdaýdaky üýtgemeginiň ýüze çykmagy, ätiýaçlandyryş çäginde bolup geçýän we saglygy goraýyş edarasynda ýa bolmasa oňa hususy lukmançylyk iş tejribesi bilen meşgullanmaga döwlet tarapyndan berlen rugsatnamanyň çäklerinde işleýän lukmandan gyssagly saglygy goraýyş kömegini almagyň zerurlygyny ýüze çykarýan ýagdaý.

4. Ätiýaçlandyryş şertnamalary şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy boýunça şertnamanyň aýry-aýry bölümlerinde, Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän başga şertleri bolup biler.

 

II. Ätiýaçlandyryş obýekti

 

5. Ätiýaçlandyrylan şahsyň betbagtçylykly hadysanyň ýa-da keselleriň netijesinde saglygyna zyýan (zelel) ýetirilmegi, şeýle hem onuň aradan çykmagy bilen baglanyşykly şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

 

III. Ätiýaçlandyryş halatlary

 

6. Şu aşakdakylar ätiýaçlandyryş halatlary bolup durýar:

betbagtçylykly hadysanyň netijesinden Ätiýaçlandyrylan şahsyň şikes almagy;

zäherli ösümlikler, himiki maddalar (senagat ýa-da durmuş), hili ýaramaz iýmit önümleri bilen, iýmit toksini bilen zäherlenmekden başga (salmonelleza, ganly içgeçme we başgalar), derman serişdeleri bilen tötänleýin ýiti zäherlenmek, bogulma (demikme), sakyrtga ýa-da sanjymdan soňky beýni çişmesi (ensefalomielit), elektrik togunyň (atmosfera elektrigi) urmasy, ýylan, awuly mör-möjekleriň çakmagy, bürmek keseli, botulizm;

adam synasynyň bölekleriniň (ýatgynyň, iki ýa-da bir tarap ýatgy turbasynyň, ýumurtgalyk mäziniň) aýrylmagyna getiren patologiki çaga dogurmasy ýa-da ýatgydan daşky göwrelilik;

nädogry saglygy goraýyş çäreleriniň geçirilmegi netijesinde süňkleriň tötänleýin döwük-ýenjigi, çykygy, dişleriň gaçmagy, ýanyklar, synalaryň ýarylmagy (ýaralanmagy) ýa-da olaryň aýrylmagy.

betbagtçylykly hadysanyň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň şikes almagy we onuň I, II, III topar maýyplyk toparynyň bellenmegine getirmegi;

Ätiýaçlandyrylan şahsyň duýdansyz kesellemegi we onuň keselhana ýerleşdirilip ýa-da ambulatoriýada kesel bejertmelere getirmegi;

betbagtçylykly hadysanyň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň ölmegi.

7. Şu Kadalaryň 6-njy bölüminde görkezilen hadysalar, eger olar ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda betbagtçylykly hadysanyň netijesinde dörän bolsa, şeýle hem keseliň netijesinde dörän hadysalar, eger bu kesel ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ilkinji diagnoz goýlan ýa-da kesellemegiň özboluşly alamatlary ilkinji gezek ýüze çykan bolsa we saglygy goraýyş edarasynyň delilnamasy ýa-da beýleki ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen resminamalar bilen tassyklanylan bolsa ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilýär.

Şu Kadalaryň 6-njy bölüminde görkezilen, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan haýsydyr bir waka sebäpli, şeýle hem dem alyş ýoluna keseki zatlaryň tötänleýin aralaşmagyndan, gark bolmakdan, anafilaktiki şokdan, bedeniň aşa sowamagyndan we gyzmagyndan (sowuklama kesellerinden ölmegi muňa girmeýär) Ätiýaçlandyrylan şahsyň ölmegi ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.

8. Birsyhly gaýtalanyp duran keseller we olaryň gaýra üzülmegi (öňden diagnoz goýlan şeýle hem ilkinji ýüze çykarylan), şol sanda daşky faktorlaryň täsiri bilen öjükdirilen, hususan hem miokard infarkty, insult, anewrizm, çişler, syna agzalarynyň funksional ýetmezçilikleri, syna agzalarynyň dogabitdi nädogrylygy ätiýaçlandyryş halatyna degişli däldir.

9. Şu aşakdakylaryň netijesinde ýüze çykan halatlar ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilmeýär:

ýadro partlamasynyň, radiasiýanyň ýa-da radioaktiw zäherlenmäniň her hili harby hereketleriň täsiriniň;

Ätiýaçlandyrylan şahsyň sportuň görnüşleri bilen meşgullanmagy (awto we motosport, paraşýutly bökmek, delta-planerizm, başa-baş söweş, alpinizm, dag we suw syýahatçylygy, suw astynda ýüzme we ş.m.).

 

IV. Ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

10. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly ätiýaçlandyryşyň her bir töwekgelçiligi boýunça aýratynlykda Ätiýaçlandyryjynyň we Ätiýaçlandyrýanyň arasyndaky ylalaşyk boýunça bellenilýär.

 

V. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

 

11. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş töwekgelçiligiň görnüşine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş boýunça ýyllyk nyrh möçberlerinden (1-nji goşundy) ugur alnyp bellenýär.

12. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) hasaplamagyň we tölemegiň tertibi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan bellenilýär. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde geçirilýär.

13. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda bir ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi 365 güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyrylan güne köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa şu bölümiň 1-nji bendine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.

14. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylsa, onda ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryşyň ähli möhleti üçin bir wagtyň özünde tölenýär. Bir ýyldan köp möhlet bilen ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly, onda ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) bir wagtyň özünde ýa-da möhletlere bölüp, ýöne iki möhletden köp bolmazdan tölenýär.

Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möhletlere bölüp tölemegiň tertibi ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilýär.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary), ätiýaçlandyryş pul möçberiniň kesgitlenilen pulunda tölenilýär.

15. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.

16. Eger ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda geçirilmese, Ätiýaçlandyryjy şonuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir.

Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şu wagta çenli Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) geçirmegini gijikdirse, Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

 

VI. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi

 

17. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýanyň betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak boýunça ýazmaça arzasy esasynda (2-nji goşundy) bir ýyldan az, bir ýyl, bir ýyldan köp möhletlere baglaşylýar.

18. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilen pursatynda Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (3-nji goşundy) gowşurýar.

Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) bu ýagdaýlarda tölenilen diýip hasaplanýar:

nagt däl görnüşinde tölenilende – bank edarasy tarapyndan Ätiýaçlandyrýanyň hasabyndan öçüren güni;

nagt görnüşinde tölenilende – Ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.

Nagt däl görnüşinde tölenilende ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenendigi baradaky bank edarasy tarapyndan berilýän tassyklaýjy resminamany Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja bermelidir. Bank edaralary tassyklaýjy resminamalary bermelidir.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilende Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasynyň esasynda, ony bermegiň çykdajylaryny tölemegi borçlandyrmak bilen, ätiýaçlandyrşahadatnamasynyň öwezligi berilýär. Öwezligi berilenden soň ozalky ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy hakyky däl diýlip hasap edilýär we şol ätiýaçlandyryş şahadatnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär.

19. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti (başlanýan senesi – şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi – möhletiniň soňky güni sagat 24-de).

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda), ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri görkezilýär.

20. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda, ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) almak üçin Bähbit görüjini bellemäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň, öz garaýşyna görä ony çalyşmaga haky bardyr.

Şu kadalaryň şertlerinde Bähbit görüji hökmünde saglygy goraýyş edarasy, şeýle hem şol bir wagtda başga şahs bolup biler.

21. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrylan şahsyň peýdasyna baglaşylýar, şonda Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen möçberde we möhletde tölemäge borçlanýar, Ätiýaçlandyryjy bolsa ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda, Ätiýaçlandyrylan şahs bilen bolup geçen ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde oňa edilen lukmançylyk hyzmatlary üçin Ätiýaçlandyrylan şahsa (Bähbit görüjä), ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi özüne borç edinýär.

22. Şu aşakdaky adamlaryň peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamalary baglaşylmaýar:

I we II topardaky maýyp adamlaryň;

neşe, toksiki maddalary ulanýan, şeýle hem arakhorlukdan ejir çekýän adamlaryň;

durnukly nerw we psihiki bozulmalar sebäpli psihonewrologiýa edarasynyň dispanser gözegçiliginde hasapda durýan şahslar;

onkologik kesselleri, AIW ýokuşmasy kesselerinden ejir çekýan adamlar.

23. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şeýle adamlar bilen baglaşylandygy anyklanylsa, şonda şeýle şertnama baglaşylan gününden başlap hakyky däl diýlip ykrar edilýär we Ätiýaçlandyrýana öz tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) gaýtarylyp berilýär.

24. Ätiýaçlandyryjy zerur bolan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrylan şahsdan saglygynyň anyklamasyny talap etmäge hukugy bardyr.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli we şertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.

 

VII. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi

 

25. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

hereket edýän möhleti geçende;

Ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;

şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;

Ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykanda;

Ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Kadalarda göz öňünde tutulan borçlary berjaý edilmedik ýagdaýynda.

26. Eger borçnamalaryň kem-käsleýin ýa-da doly berjaý edilmezligi taraplaryň öňünden görmedik we öňüni alyp bilmedik, şertnama baglaşylandan soň adatdan daşary häsiýetli ýagdaýlar netijesinde peýda bolan bolsa, şertnama togtadylyp bilner, Ätiýaçlandyryjy bolsa şol borçnamalar üçin şeýle jogapkärçilikden boşadylyp bilner.

27. Ätiýaçlandyryş wakasynyň ýüze çykmak töwekgelçiligi artan mahalynda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryşy togtatmaga ýa-da ony möhletinden öň bes etmäge haky bardyr.

28. Eger bu ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça möhletinden öň bes edilip bilner.

29. Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol Ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyryjynyň talaby Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

30. Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda Ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklary), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyrýanyň talaby Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.

31. Taraplar ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes edýändikleri hakynda biri-birine, ony bes etmegi niýetlän wagtyndan, azyndan bir aý öň ýazmaça habar bermelidirler.

 

VIII. Gaýtadan ätiýaçlandyr

 

32. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga Ätiýaçlandyryjyda (Gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjin etmäge haky bardyr.

33. Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän Ätiýaçlandyryjy (sedent) bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan Ätiýaçlandyryjynyň (Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda Ätiýaçlandyryjynyň (sedentiň) Ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.

34. Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak – Türkmenistanyň Gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da Ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.

35. Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda Ätiýaçlandyrýan bilen Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da Ätiýaçlandyrylan tarapyň talaplarynyň kadalaşdyrylmagynyň tertibi hakynda, Bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.

36. Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyrylyşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.

 

IX. Taraplaryň borçlary we hukuklary

 

37. Ätiýaçlandyryjy şulara borçly:

Ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyş etmäge;

Ätiýaçlandyrýan tarapyndan görlen çäreleriň netijesinde, şeýle hem Ätiýaçlandyrýanyň çalşyrylmagy bilen baglanyşykly, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň peselmegi ýa-da onuň ýetirip biläýjek zyýanynyň möçberiniň üýtgemegi sebäpli, Ätiýaçlandyrýanyň arzasy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny täzeden baglaşmaga;

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada bellenilen möhletde Ätiýaçlandyrýana, Ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da Bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;

ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan Ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir;

38. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda Ätiýaçlandyryjyn başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

39. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bardyr:

Ätiýaçlandyrýanyň habar beren maglumatlarynyň ygtybarlylygyny kanunçylyga ters gelmeýän, özüne elýeterli islendik usul bilen barlamaga, şeýle hem olaryň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişlerine gözegçilik etmäge;

ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň delillerine şübhe dörän halatynda ygtyýarly edaralardan goşmaça maglumatlar sorap almaga, bu şübheleriň tassyklanmasy ýa-da ýalana çykarylmasy anyklanýança onuň tölenmegini gaýra goýmaga

Ätiýaçlandyrýanyň şu Kadalarda görkezilen borçlarynyň haýsy-da bolsa birini ýerine ýetirmeýän bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmaga;

Ätiýaçlandyrylan şahs ätiýaçlandyryşa arza beren gününde birsyhly gaýtalanyp duran kesellerden (onkologik, ýürek-damar dowamly kesellerinden, süýjikeselden) şeýle hem ölüm howply kesellerden ejir çekýan bolsa ýa-da wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy bolsa (wagtlaýyn saglygyň bozulmasy) Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmakdan boýun gaçyrmaga ýa-da ony baglaşmagy gaýra goýmaga;

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly Ätiýaçlandyrýandan, ätiýaçlandyryş halatyny sebäbini kesgitlemek üçin zerur bolan maglumatlary talap etmäge.

40. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:

Ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) bellenilen tertipde tölemäge;

Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada ätiýaçlandyryş düzgünlerinde ýa-da şertnamasynda göz öňünde tutulan möhletde habar bermäge;

Ätiýaçlandyryja Ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;

Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge.

41. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda Ätiýaçlandyrýan başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

42. Ätiýaçlandyrýanşulara hukugy bardyr:

ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyşmaga;

ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe taraplaryň ylalaşygy esasynda oňa üýtgeşmeler girizmäge;

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberlerini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) almaga;

ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok bolan mahaly öwezligini almaga.

 

IX. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň tertibi

 

43. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahs haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada arza (4-nji goşundy) bilen ýazmaça habar bermäge borçlydyrlar.

44. Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada arza bilen birlikde ätiýaçlandyryş şahadatnamasy, töleg alyjynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, betbagtçylykly halatyň bolandygyny tassyklaýan resminamalar berilýär, şol sanda:

Betbagtçylykly halatyň netijesinde şikes almak bilen bagly:

stasionarda ýatyp, özüni bejerdýän syrkawyň kesel taryhynyň ýazgysyndan göçürme, ambulatoriýada keselini bejerdýän syrkawyň bolsa saglygy goraýyş güwänamasynyň asyl nusgasy ýa-da kesel bejeriş edarasynyň möhüri bilen tassyklanan saglygy goraýyş kartasynyň nusgasy;

ygtyýarly edaralar tarapyndan betbagtçylykly halatyň bolandygyny tassyklaýan resminamalar (zerur bolanda).

Betbagtçylykly hadysanyň netijesinde şikes almak we onuň I, II, III maýyplyk toparynyň bellenmegine getirmegi bilen bagly:

Saglygy goraýyş edarasynyň möhüri bilen tassyklanan Ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygy goraýyş kartasynyň nusgasy;

maýyplygyň bellenendigi baradaky güwänamanyň bellenilen tertipde tassyklanan nusgasy;

ygtyýarly edaralar tarapyndan betbagtçylykly hadysanyň bolandygyny tassyklaýan resminamalar (zerur bolanda).

Duýdansyz kesellemek we keselhana ýerleşdirmek ýa-da ambulatoriýada kesel bejertmeler bilen bagly:

stasionarda ýatyp, özüni bejerdýän syrkawyň kesel taryhynyň ýazgysyndan göçürme, ambulatoriýada keselini bejerdýän syrkawyň bolsa saglygy goraýyş güwänamasynyň asyl nusgasy ýa-da kesel bejeriş edarasynyň möhüri bilen tassyklanan saglygy goraýyş kartasynyň nusgasy.

Betbagtçylykly hadysanyň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň ölümi bilen bagly:

ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan göçürme nusgasy;

ygtyýarly edaralar tarapyndan betbagtçylykly halatyň bolandygyny tassyklaýan resminamalar (zerur bolanda);

mirasa bolan hukugy barada döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan resminama.

45. Ätiýaçlandyryjy, duýdansyz ýa-da garaşylmadyk keselleriň netijesinde ýüze çykan, şu Kadalara laýyklykda ätiýaçlandyryş halaty bolup durýan betbagtçylykly hadysalaryň ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda zerurlygy dörän, Ätiýaçlandyrylan şahsa lukmanyň görkezmesi boýunça berlen ambulatoriýa bejergisi ýa-da keselhana ýerleşdirilmegi üçin edilen çykdajylary tölemegi kepillendirýär.

46. Ätiýaçlandyryjy lukmançylyk kömeginiň şu aşakdaky görnüşleri boýunça edilen çykdajylaryň öwezini dolýar:

lukmanyň seretmesi we kesel bejermesi, şol sanda stasionarda ýatyp keseliňi bejertmegiň;

hirurgiýanyň gyssagly gatyşmaklygy we intensiw kesel bejermegiň;

göwreliligiň möhleti 28 hepdeden köp bolmadyk mahaly, gyssagly ginekologik we akuşerlik kömeginiň;

lukmanyň görkezmesi boýunça satyn alnan derman serişdeleriniň;

ýiti diş agyrysynda gyssagly diş lukmanynyň kömeginiň.

47. Betbagtçylykly hadysanyň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň şikes alan we onuň maýyplyk toparynyň bellenmegine getiren halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberi şu möçberlerde tölenýär:

I-maýyplyk toparyna – ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 80 göterimi;

II-maýyplyk toparyna – ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 60 göterimi;

III-maýyplyk toparyna – ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 40 göterimi.

48. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrylan şahslara tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelindäki çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan “Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine” we onuň goşundysyna laýyklykda we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda çykaran 135 belgili buýrugy bilen tassyklanylan görnüş 195/h Delilhaty esasynda kesgitlenilýär.

(Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň 8-nji bölümi)

49. Eger ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna sebäp bolan ýagdaýlar boýunça jenaýat işi gozgalan ýa-da kazyýetde şol işe seredilip başlanan bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek hakyndaky çözgüdi kabul etmek derňew ýa-da kazyýetde seljerme tamamlanýança gaýra goýlup bilner.

50. Kazyýet tarapyndan Ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan diýlip yglan edilen mahaly ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şeýle şertde, eger çözgütde Ätiýaçlandyrylan şahsyň ölümine wehim salýan ýa-da belli bir betbagtçylykly hadysadan ol heläk bolandyr diýip çak etmäge esas berýän ýagdaýlarda dereksiz ýitendigi görkezilse hem-de onuň ýitirim bolan ýa-da heläk bolandyr diýlip çak edilýän güni ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda bolsa tölenýär.

Kazyýet tarapyndan Ätiýaçlandyrylan şahs dereksiz ýiten diýlip ykrar edilen mahaly ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenilmeýär.

51. Eger Ätiýaçlandyrylan şahs ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly Ätiýaçlandyryja ýüz tutsa we ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny, kesel bejeriş edarasynyň delilnamasyny berse, ýöne özüne degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almanka ölen ýagdaýynda, ol pul möçberi Bähbit görüjä ýa-da onuň mirasdarlaryna tölenýär.

52. Barlag, kesel bejeriş we öňüni alyş çäreleriniň (derman sançmagy-da goşmak bilen) ýaramaz netijeleri üçin, eger ol ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda bolup geçen, şu Kadalaryň 6-njy bölüminde göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş halatlarynyň getiren kesel bejergisi bilen bagly bolmasa ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenilmeýär.

53. Ätiýaçlandyryş pul möçberini almak üçin Ätiýaçlandyrylan şahs, ony almaga hukugy bolan adam islendik adama ynanç hatyny berip biler. Şunda şahsy adamlara berilýän ynanç haty kepillendiriş edarasynda resmileşdirilmelidir.

54. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) alýan Ätiýaçlandyrylan şahs ölen ýagdaýynda, oňa edilen lukmançylyk kömeginiň çykdajylarynyň möçberi saglygy goraýyş edarasyna tölenýär, galan bölegi Bähbit görüjä, eger ol bellenmedik bolsa, onda Ätiýaçlandyrylan şahsyň mirasdarlaryna tölenýär.

55. Ätiýaçlandyryjy lukmançylyk kömeginiň esaslylygyny barlamaga, şondan soň Bähbit görüjiniň görkezen hasaby boýunça edilen harajatlary tölemek barada karar kabul etmäge haklydyr.

56. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe bolup geçen bir ýa-da birnäçe ätiýaçlandyryş halatlary üçin ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş owezini doluş töleginiň) umumy möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberinden geçmeli däldir.

57. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş owezini doluş tölegi) tölenenden soň, ätiýaçlandyryş şertnamasy, onda şertlendirilen ätiýaçlandyryş pul möçberi bilen tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş owezini doluş töleginiň) tapawudynyň möçberinde, onda görkezilen möhletiň soňuna çenli güýjüni saklaýar. Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş owezini doluş tölegi) doly tölenen bolsa, onda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi bes edilýär.

58. Ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemek Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli zerur resminamalar alnandan soň 7 (ýedi) iş günüň dowamynda geçirilýär. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar bolsa kanuny hossarlaryna tölenilýär.

59. Lukmançylyk kömeginiň şu aşakdaky görnüşleri boýunça edilen çykdajylaryň öwezi dolunmaýar:

Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylmazdan öň Ätiýaçlandyrylan şahsda barlygy belli bolan, birsyhly gaýtalanyp duran keselleri bejermek üçin satyn alnan derman serişdelerine we berlen bejergilere, ýöne halas etmek ýa-da uzak wagtlyk zähmete ukypsyzlyk almagynyň öňüni almak üçin hökmany lukmançylyk gatyşmaklygyndan başga;

ýiti zerurlygy bolmadyk meýilleşdirilen operasiýalar we operasiýalar;

plastiki we kosmetiki hirurgiýa, daş keşbiň kemçiliklerini ýa-da beden nädogrulygyny ýok etmek bilen bagly bejerginiň beýleki görnüşleri, eger olaryň zerurlygy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda bolup geçen betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden döremedik bolsa;

öň başlap we ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletinde dowam edýän kesel bejeriş kursy bilen bagly ýa-da eger daşary ýurda syýahata gitmek tejribeli lukmanyň maslahatyna garamazdan kabul edilendäki çykdajylar lukmançylyk hyzmatlaryny-da goşmak bilen;

möhleti 28 hepdeden köp bolan göwrelilik, şikeslilik ýagdaýy we çaga aýyrtmaklyk, göwreliligi saklamak boýunça ähli çäreler, çaga dogurma we onuň netijeleri, göwrelilik sebäpli ýüze çykan birsyhly gaýtalanyp duran keseliň ýitileşmegi bilen bagly lukmançylyk hyzmatlary, enäniň we/ýa-da çaganyň ömrüni halas etmekden başga;

ruhy keselleri bejerme;

öňüni alyş (profilaktiki) sanjymlar;

sözenek keseli bilen kesellemegiň bejergisi we öňüni almak bilen bagly bolsa;

kontaktly linza ýa-da äýnek satyn almak, eger ol fiziki taýdan şikes ýetmegine getiren we lukmançylyk kömegini talap edýän betbagtçylykly hadysa bolanda lukmanyň maslahat beren linzasyny, äýnegini çalyşmak bilen bagly bolmasa;

professional işden ýüze çykan betbagtçylykly hadysanyň netijesinde bejergi almak bilen bagly hyzmatlar;

her hili protez oturtma, şol sanda gözüň we dişiň protezlemesi, ýörite diş bejergisi, äňiň ortopediýasy, ortodontozyň bejergisi, dişiň kanallaryny aýyrmak, dişe koronka geýdirmek we most goýmak.

60. Lukmanyň hünär ýalňyşlygy ätiýaçlandyryşyň gerimine girmeýär.

 

XI. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden boýun gaçyrylmagy

 

61. Eger Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda Ätiýaçlandyryjynyň, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:

Ätiýaçlandyrýanyň, Ätiýaçlandyrylan şahsyň ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;

Ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;

Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan adam hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;

Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanşykda durýan bolsa;

Ätiýaçlandyrylan şahs tarapyndan dolandyrmak üçin degişli hukugynyň bolmazlygyna garamazdan, ulag serişdesini dolandyrmagy şeýle hem onuň görkezilen ulag serişdesini dolandyrmaga degişli hukugy bolmadyk adama geçirmekligi;

Ätiýaçlandyrylan şahsyň öz janyna kast etmegi (janyna kast etmäge synanyşmagy) netijesinde şikes almagy (ölmegi) ýa-da zäherlenmegi, üçünji taraplaryň kanuna garşy hereketleriniň netijesinde onuň bu ýagdaýa getirilen halaty bulara girmeýär;

Ätiýaçlandyrýan ýa-da Bähbit görüji zyýanyň öňüni almak ýa-da möçberini azaltmak üçin göwnejaý we özüne elýeterli bolan çareleri bilkastlaýyn görmänligi netijesinde zyýan (zelel) ýetirilen bolsa, Ätiýaçlandyryjy, Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Bähbit görüjiniň hereketleriniň alyp baran zyýanyna (zeleline) deň derejede ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmaga.

62. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş owezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrýanlygy barada, Ätiýaçlandyrýana ýa-da Bähbit görüjä şeýle karary kabul eden gününden soň 5 (bäş) günüň dowamynda, onuň sebäplerini görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde habar bermeli.

 

XII. Jedelleri çözmekligiň tertibi

 

63. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

64. Nägilelikler Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen hak isleg bildirmek dowamlylygynyň möhletiniň çäklerinde bildirilip bilner.

 

 


 

 

 

Betbagtçylykly hadysalardan we

kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalaryna 1-nji goşundy

 

 

Betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş boýunça

bir ýyllyk nyrh möçberleri

 

 

T/b

Ätiýaçlandyryş töwekgelçiligiň görnüşleri

 

Nyrh möçberleri

%-de

1.

 

Betbagtçylykly hadysanyň netijesinde şikes almagy

 

0,5

2.

 

Betbagtçylykly hadysanyň netijesinde şikes almagy we a I, II, III topar maýyplyk bellenmegi

 

0,45

3.

 

Duýdansyz kesellemegi we keselhana ýerleşdirilmegi ýa-da ambulatoriýada kesel bejerilmegi

 

0,7

4.

 

Betbagtçylykly hadysanyň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň ölmegi

 

0,35

5.

 

Ähli töwekgelçiliklerden

 

2,0

 

Töwekgelçiligiň derejesinden we ätiýaçlandyryş pul möçberinden ugur almak bilen her bir anyk halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende peselýan (0.5-den 1-e çenli) we ýokarlanýan (1-den 5-e çenli) koeffisiýentleri ulanylmagy mümkindir.

 


 

 

 

Betbagtçylykly hadysalardan we

kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalaryna 2-nji goşundy

 

 

_________________________

 (welaýat, şäher, etrap)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

 

 

Betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça

ARZA

 

 

1. Ätiýaçlandyrýan

 

 

Familiýasy we ady

 

 

Salgysy

 

 

Işleýän (okaýan) ýeri

käri

 

 

 

Betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny

baglaşmagy haýyş edýär

2. Ätiýaçlandyrylan şahs

 

 

Familiýasy we ady

 

 

Dogulan ýyly we ýaşy

 

 

Salgysy

 

 

Işleýän (okaýan) ýeri

käri

 

 

 

3. Bähbit görüji

 

 

Familiýasy we ady

 

 

 

4. Ätiýaçlandyryşyň şertleri

 

 

Ätiýaçlandyryşyň möhleti

 

 

 

Ätiýaçlandyryş

töwekgelçiligi

 

Betbagtçylykly hadysanyň netijesinde şikes almagy

 

 

 

 

Betbagtçylykly hadysanyň netijesinde şikes almagy we a I, II, III topar maýyplyk bellenmegi

 

 

 

 

 

Duýdansyz kesellemegi we keselhana ýerleşdirilmegi ýa-da ambulatoriýada kesel bejerilmegi

 

 

 

 

 

Betbagtçylykly hadysanyň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň ölmegi

 

 

 

 

Ätiýaçlandyryş pul

möçberi

 

 

Ätiýaçlandyryşyň

hereket edýän çägi

 

 

 

5. Umumy saglygy goraýyş ähmiýetli soraglar

 

 

 

Soraglar

 

 

Kanagatlanarly jogap berlende soragyň belgisini we jogaby doly beýan ediň

 

1. Ätiýaçlandyrylan şahsyň işi saglyga zyýanly (howply) önümçilik ýagdaýlary (partlaýjy, radioaktiw, himiki maddalar we/ýa-da belentlikde, deňizde, ýeriň astynda işlemek bilen we ş.m.) baglanyşyklymy?

 

 

 

hawa

 

 

 

 

ýok

 

 

2. Ätiýaçlandyrylan şahs sport bilen höwesjeňlik ýa-da professional görnüşde meşgullanýarmy? Sportuň görnüşini we meşgullanmagyň döwürleýinligini görkeziň.

 

 

 

hawa

 

 

 

ýok

 

 

3. Ätiýaçlandyrylan şahs başga ýurda gitmegi meýilleşdirýärmi? Çak edilýän syýahatyň ýurdyny, maksadyny, wagtyny görkeziň.

 

 

 

hawa

 

 

 

ýok

 

 

4. Ätiýaçlandyrylan şahs:

I ýa-da II topar maýyp;

toksiki serhoş bolmak üçin neşe, toksiki maddalary ulanýan, arakhorlukdan ejir çekýän we görkezilen islendik sebäbe görä dispanser hasabynda durýan;

durnukly nerw we psihiki bozulmalar sebäpli psihonewrologiýa edarasynyň dispanser gözegçiliginde hasapda durýan;

AIW ýokuşmasy kesselerinden ejir çekýan bolup durýarmy?

 

 

 

hawa

 

 

 

ýok

 

 

                 

 

 

______________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady we goly)

 

20___ýylyň “___”________________

 

 

 


 

 

 

Betbagtçylykly hadysalardan we

kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalaryna 3-nji goşundy

 

 

 

Betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY №_____

Tapgyry BHK******

Ätiýaçlandyryjy ________________________________________________________________

(guramanyň ady)

Salgysy/telefony/faksy _________________________________________________________________

Ätiýaçlandyrýan__________________________________________________________________

(familiýasy we ady)

Salgysy/telefony/faksy___________________________________________________________________

Işleýän (okaýan) ýeri ______________________________________________________________

(guramanyň ady, wezipesi, ýokary okuw mekdebiniň ady)

Ätiýaçlandyrylan şahs _____________________________________________________________

(familiýasy we ady)

Salgysy/telefony/faksy___________________________________________________________________

Ätiýaçlandyrylan şahsyň dogulan ýyly we ýaşy _____________________________________________________

Işleýän ýeri _____________________________________________________________________

(guramanyň ady)

Bähbit görüji _________________________________________________________________________________

Salgysy/telefony/faksy ________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti 20___ ýylyň «____»__________________dan 20____ ýylyň «_____» ______________ aralygy

Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri:

Betbagtçylykly hadysanyň netijesinde şikes almagy

Betbagtçylykly hadysanyň netijesinde şikes almagy we a I, II, III topar maýyplyk bellenmegi

Duýdansyz kesellemegi we keselhana ýerleşdirilmegi ýa-da ambulatoriýada kesel bejerilmegi

Betbagtçylykly hadysanyň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň ölmegi

Ätiýaçlandyryş nyrhy __________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş pul möçberi:

Betbagtçylykly hadysanyň netijesinde şikes almagy üçin _______________________________________ manat

Betbagtçylykly hadysanyň netijesinde şikes almagy we a I, II, III topar maýyplyk bellenmegi ________________________________________________________________________________________manat

Duýdansyz kesellemegi we keselhana ýerleşdirilmegi ýa-da ambulatoriýada kesel bejerilmegi ________________________________________________________________________________________manat

Betbagtçylykly hadysanyň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň ölmegi____________________________manat

Umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi____________________________________________________________

______________________________________________________________________________________manat

Umumy ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) _____________________________________

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň tertibi we möhleti _______________

___________________________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň güýje girmeginiň senesi we şertleri_____________________________________

Beýleki şertler ________________________________________________________________________________

_________________ Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy         ________________________________

(Ätiýaçlandyryjynyň familiýasy, ady we goly)

M.Ý.

 

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy 20___ ý. «_____»________________ berildi.

 

Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldy________________________

                                                                                                         (Ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady we goly)

 

Bellik: Şu şertnama boýunça ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýan bu barada Ätiýaçlandyryjyny haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habardar etmäge borçludyr. Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner. Ilkinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.

 


 

 

 

Betbagtçylykly hadysalardan we

kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalaryna 4-nji goşundy

 

 

 

_______________________________________________________________________

  (Welaýat, şäher, etrap)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

_________________________________________

(Öý salgysy, telefony)

________________________________________

(Familiýasy ady)

tarapyndan

 

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)

tölemek barada

ARZA

 

Meniň (çaganyň) 20__ýylyň «_____» _______________ (maýyplyk, kesel, ölüm) bilen bagly beden şikesini alanlygym sebäpli maňa degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiňizi haýyş edýärin.

Özüme degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)__________ __________________________________________________________________________

(şulary görkezmeli: nagt pul bilen ýa-da hasapdaky goýuma geçirmek bilen şeýle halatda şol hasabyň nomerini,

____________________________________________________tölenilmegini haýyş edýärin.

bank edarasynyň adyny görkezmeli)

 

Beden şikesiniň ýagdaýy ____________________________________________________

      (keseli bejeren edaranyň ady)

_____________________________________ tarapyndan berlen delilnama bilen tassyklanylýar.

 

Beden şikesi şeýle ýagdaýda alnan _________________________________________________ _____________________________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

 

Beden şikesini alan ýagdaýym bilen ______________________________________________

(derňew edaranyň ady)

__________________________________________________________________ meşgullandy.

 

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy goşulýar, belgisi ________________________________

 

 

20____ýylyň ______________aýynyň «_____».              _______________________