Türgenleri, tälimçileri we sport eminlerini betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň baş direktorynyň
2016 ýylyň 7-nji iýunynda çykaran
106 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy
Türgenleri, tälimçileri we sport eminlerini betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş KADALARY
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 128 belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda 16/21 belgi bilen ylalaşylyp tassyklanan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler bilen
I. Umumy düzgünler
1. Türgenleri, tälimçileri we sport eminlerini betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryşyň şu Kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, “Ätiýaçlandyryş hakynda”, “Professional sport hakynda” we “Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, “Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
2. Şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk – Ätiýaçlandyryjy), Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslar we Türkmenistanyň çäginden daşyna gidýän fiziki we ýuridik şahslar, şeýle hem Türkmenistanyň çägine gelýän daşary ýurt fiziki we ýuridik şahslar bilen (mundan beýläk – Ätiýaçlandyrýan) türgenleri, tälimçileri we sport eminlerini betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalaryny (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar.
Ätiýaçlandyryş professional, köpçülikleýin, mekdep, talyp we ýokary üstünlikler sportlaryna gatnaşýan şahslara (professional türgenlere, professional tälimçilere, professional sport eminlerine, şeýle hem türgenlere, tälimçilere, sport eminlerine) degişlidir.
3. Şu Kadalaryň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
bähbit görüji – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;
ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlanlyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;
ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;
ätiýaçlandyryş pul möçberi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;
ätiýaçlandyrylan şahs – emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylýan fiziki şahs;
franşiza – umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy Ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenilýär. Şertli franşiza bellenilende Ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär;
betbagtçylykly hadysa – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe sport ýaryşlary ýa-da bedenterbiýe we sport gurmalarynda olara taýýarlyk wagtynda Ätiýaçlandyrylan şahs bilen ýüze çykyp biljek islendik duýdansyz ýa-da çak edilmeýän waka, şonuň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň şikes, maýyplyk almagy we aradan çykmagy;
professional sport – sportuň düzüm bölegi, ýokary sport netijelerini gazanmak we girdeji almak maksady bilen sport ýaryşlaryny guramaga we geçirmäge gönükdirilen, esasy gatnaşyjylary professional türgenler, professional tälimçiler we professional sport eminleri bolup durýan professional sport işi;
professional türgen – işiniň esasy görnüşi professional sport bilen meşgullanmak bolup durýan, professional sport kluby bilen professional sport babatda zähmet şertnamasyny baglaşan (hereket edýän zähmet şertnamasy bolan) we sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek, olara gatnaşmak we görkezen netijeleri üçin bellenilen tertipde hak-heşdek (iş hakyny goşup) alýan fiziki şahs;
professional tälimçi – ýörite taýýarlygy geçen we degişli hünär derejesi bolan, ýerine ýetirilmegi sport netijesini gazanmak üçin professional türgenler bilen okuw – türgenleşik dersleriniň geçirilmegini, olara türgenleşikleriň howpsuz we netijeli tärlerini we usullaryny öwretmegi, professional türgeniň sport taýýarlygynyň geljekki, häzirki we hususy meýilnamalaryny işläp taýýarlamaklygy we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi göz öňünde tutýan professional klub bilen professional sport babatda zähmet şertnamasynyň ýa-da raýat – hukuk şertnamasynyň esasynda işlemek hukugyna degişli tassyknamasy bolan, şeýle de görkezilen işi ýerine ýetirendigi üçin bellenilen tertipde hak – heşdek (iş hakyny goşup) alýan fiziki şahs;
professional sport emini – sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça halkara sport federasiýasy ýa-da degişli milli federasiýa ýa-da sport ýaryşlarynyň guramaçysy tarapyndan sport ýaryşlaryny geçirmegiň degişli kadalaryny we şertlerini üpjün etmäge ygtyýarly edilen, şeýle hem görkezilen işiň amala aşyrylmagy üçin bellenilen tertipde hak-heşdek alýan, ýörite hünäri bolan fiziki şahs;
bedenterbiýe – medeniýetiň düzüm bölegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini durmuşa geçirmek, onuň hereket işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen jemgyýet tarapyndan döredilýän we ulanylýan, şeýle hem adamyň saglygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen we şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine ýardam edýän ruhy we maddy gymmatlyklaryň jemini özünde saklaýan işiň çygry;
sport – bedenterbiýäniň organiki bölegi, sportda netijeler gazanmak maksady bilen adamyň ýaryşlara we ýaryşyjylyk işine taýýarlygynyň ýörite tejribe görnüşinde emele gelen sportuň görnüşlerinde adamlaryň gazananlaryny ýüze çykarmagyň we deň şertlerde deňeşdirmegiň aýratyn çygry;
köpçülikleýin sport – ilatyň bedenterbiýe bilen guramaçylykly meşgullanmagyna, şeýle hem olaryň köpçülikleýin sport çärelerine we bedenterbiýa - sagaldyş çärelerine gatnaşmaklaryna gönükdirilen sportuň bir bölegi;
mekdep sporty – umumybilim edaralarynda okuwçylaryň bedenterbiýesine, olaryň sport çärelerine gatnaşmak üçin taýýarlygyna gönükdirilen sportuň bir bölegi;
talyp sporty – başlangyç hünär, orta hünär we ýokary hünär bilim edaralarynda talyplaryň bedenterbiýesine, olaryň sport çärelerine gatnaşmak üçin taýýarlygyna gönükdirilen sportuň bir bölegi;
ýokary üstünlikler sporty – ýurdyň içinde hem-de halkara derejesinde geçirilýän resmi sport ýaryşlarynda türgenler tarapyndan ýokary sport netijelerini gazanmaga gönükdirilen sportuň bir bölegi;
türgen – sportuň saýlap alnan görnüşi (görnüşleri) bilen yzygiderli meşgullanýan we sport ýaryşlarynda çykyş edýän fiziki şahs;
sport emini – ýörite taýýarlygy geçen we degişli hünär derejesini alan, sportuň görnüşiniň düzgünlerini we ýaryş hakyndaky düzgünnamanyň (dessuryň) berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga sport ýaryşynyň guramaçysy tarapyndan ygtyýarlandyrylan fiziki şahs;
tälimçi – bedenterbiýe we sport babatynda taýýarlygyň ugurlary (kärleri) boýunça degişli orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi bolan ýa-da bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tälimçilik işi bilen meşgullanmaga ygtyýar berlen we okuw – türgenleşik çäreleriniň türgenler bilen geçirilmegini amala aşyrýan we sport netijelerini gazanmak üçin olaryň ýaryşyjylyk işine ýolbaşçylyk edýän fiziki şahs;
duýdansyz kesellemek – Ätiýaçlandyrylan şahsyň beden ýagdaýynyň öňünden görülmedik islendik ýagdaýdaky üýtgemeginiň ýüze çykmagy, ätiýaçlandyryş çäginde bolup geçýän we saglygy goraýyş edarasynda ýa bolmasa oňa hususy lukmançylyk iş tejribesi bilen meşgullanmaga döwlet tarapyndan berlen rugsatnamanyň çäklerinde işleýän lukmandan gyssagly saglygy goraýyş kömegini almagyň zerurlygyny ýüze çykarýan ýagdaý.
4. Ätiýaçlandyryş şertnamalary şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy boýunça şertnamanyň aýry-aýry bölümlerinde, Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän başga şertleri bolup biler.
II. Ätiýaçlandyryşyň obýekti
5. Ätiýaçlandyrylan şahsyň betbagtçylykly hadysalaryň we keselleriň netijesinde saglygyna zyýan (zelel) ýetirilmegi, şeýle hem onuň aradan çykmagy bilen baglanyşykly şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.
III. Ätiýaçlandyryş halatlary we ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri
6. Ätiýaçlandyrylan şahsyň betbagtçylykly hadysa uçramagy, duýdansyz kesellemegi, maýyplyk toparynyň almagyny, şeýle hem aradan çykmagy ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhletinde, türgenleşik wagtynda, sport ýaryşy geçýän wagtynda, sport ýaryşlaryň geçirilýän ýerine barýan we yzyna gaýdyp barýan wagtynda bolup geçen şertlerinde, ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilýär.
7. Şu aşakdakylar ätiýaçlandyryş halatlary bolup durýar:
betbagtçylykly hadysanyň netijesinde sport ýaryşlara taýýarlanýan wagtynda, gös-göni olara gatnaşanda, şeýle hem sport ýaryşlaryň geçirilýän ýerine barýan we yzyna gaýdyp barýan wagty Ätiýaçlandyrylan şahsyň şikes almagy;
müçükdirmeler, süňkleriň döwük-ýenjigi, çykygy, dişleriň gaçmagy, ýanyklar, siňir damarlarynyň ýarylmagy (ýaralanmagy);
zäherli ösümlikler, himiki maddalar (senagat ýa-da durmuş), hili ýaramaz iýmit önümleri bilen, iýmit toksini bilen zäherlenmekden başga (salmonelleza, ganly içgeçme we başgalar), derman serişdeleri bilen tötänleýin ýiti zäherlenmek, bogulma (demikme), sakyrtga ýa-da sanjymdan soňky beýni çişmesi (ensefalomielit), elektrik togunyň (atmosfera elektrigi) urmasy, ýylanyň, awuly mör-möjekleriň çakmagy, bürmek keseli, botulizm;
tebigy betbagtçylyklar netijesinde şikes almagy;
adam synasynyň bölekleriniň (ýatgynyň, iki ýa-da bir tarap ýatgy turbasynyň, ýumurtgalyk mäziniň) aýrylmagyna getiren patologiki çaga dogurmasy ýa-da ýatgydan daşky göwrelilik;
nädogry saglygy goraýyş çäreleriniň geçirilmegi netijesinde süňkleriň tötänleýin döwük-ýenjigi, çykygy, dişleriň gaçmagy, ýanyklar, synalaryň ýarylmagy (ýaralanmagy) ýa-da olaryň aýrylmagy;
I, II, III maýyplyk toparynyň bellenmegine getirmegi;
duýdansyz kesellemegi we onuň keselhana ýerleşdirilip ýa-da ambulatoriýada kesel bejergilerini almagyna getirmegi;
betbagtçylykly hadysanyň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň aradan çykmagygi.
8. Şu Kadalaryň 7-nji bölüminde görkezilen, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan haýsydyr bir waka sebäpli, şeýle hem dem alyş ýoluna keseki zatlaryň tötänleýin aralaşmagyndan, gark bolmakdan, anafilaktiki şokdan, bedeniň aşa sowamagyndan we gyzmagyndan (sowuklama kesellerinden aradan çykmagygi muňa girmeýär) Ätiýaçlandyrylan şahsyň aradan çykmagygi ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.
9. Şu aşakdakylar ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilmeýär:
ýadro partlamasynyň, radiasiýanyň ýa-da radioaktiw zäherlenmäniň täsiriniň;
her hili harby we terrorçylyk hereketler, şeýle hem köpçülikleýin tolgunyşyklarynyň we olaryň netijeleri;
möhleti 28 hepdeden köp bolan göwrelilik, şikeslilik ýagdaýy we çaga aýyrtmaklyk, göwreliligi saklamak boýunça ähli çäreler, çaga dogurma we onuň netijeleri, göwrelilik sebäpli ýüze çykan birsyhly gaýtalanyp duran keseliň ýitileşmegi bilen bagly lukmançylyk hyzmatlary, enäniň we/ýa-da çaganyň ömrüni halas etmekden başga.
10. Şu aşakdakylar sportuň görnüşleriniň howplylyk derejeleri bolup durýar:
1-nji topary – pes howply sportuň görnüşleri:
armresling, aerobika, badminton, yglaşyk we sagaldyş ýöreýiş, bilýard sporty, suwda pökgi oýnamak, çeperçilik gimnastika, darts, suwda ýüzmek, ok atyşygy, sinhron ýüzme, ýaýdan atmak, sport bal tansy, tennis (şeýle hem stoluň üstünde oýnalýan), fitnes-aerobika, gylyçlaşma, küşt, şaşkalar.
2-nji topary – orta howply sportuň görnüşleri:
akademik küreklemesi, akrobatik rok-n-roly, basketbol, welosiped sporty (şosse, trek), woleýbol, gandbol, girýa götermek sporty, baýdarkalarda we kanoe kürekleme, karting, ýeňil atletika, ýelkenli gaýykçylar sporty, batutda bökme, häzirki döwür bäş görnüşli ýaryş, agyr atletika.
3-nji topary – ýokary howply sportuň görnüşleri:
awia sporty, awtomobil sporty, alpinizm, akrobatika we sport gimnastikasy, welosiped sporty (welosiped motokrossy), boks, guşakda göreş, erkin göreş, grek-rim göreşi, dzýudo, karate, atçylyk sporty, pauerlifting, garpyşyk söweş, sambo, taekwondo, köp taraply göreş, uşu, konkide figuraly typma, suwa bökme, futbol, hokkeý.
IV. Ätiýaçlandyryş pul möçberi
11. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly Ätiýaçlandyryjynyň we Ätiýaçlandyrýanyň arasyndaky ylalaşyk boýunça bellenilýär.
V.Ätiýaçlandyryş gatançlary(ätiýaçlandyryş baýraklary)
12.Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) – ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýerine tölenilýän pul möçberi.
13. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş pul möçberine, ätiýaçlandyryş möhletine, ätiýaçlandyryş töwekgelçiligiň görnüşine we sport görnüşiniň howplylyk derejesine baglylykda kesgitlenýär (1-nji goşundy).
Töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende peselýän ýa-da ýokarlanýan koeffisiýentleri ulanmak mümkindir.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda ýyllyk ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi 365 güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyryşa alynýan günleriň sanyna köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) hasaplanyp çykarylýar.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa şu bölümiň üçünji bendine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.
Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bellenilen pulunda tölenýär.
14. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda bir wagtda tölenýär. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde geçirilýär.
15. Eger ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda geçirilmese, Ätiýaçlandyryjy şonuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir.
Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şu wagta çenli Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) geçirmegini gijikdirse, Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.
VI. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi
we hereket edýän möhleti
16. Ätiýaçlandyryş şertnamasy türgenleri we tälimçileri we sport eminlerini betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak boýunça ýazmaça arzasy esasynda (2-nji goşundy) bir günden bir ýyla we bir ýyldan köp möhlete baglaşylýar.
Arza, sport guramasynyň başlygy we baş hasapçy tarapyndan gol çekilen, ätiýaçlandyryşa degişli Ätiýaçlandyrylan şahslaryň sanawy arza goşulýar.
17. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletinde sport ýaryşlara taýýarlanýan wagtyna, gös-göni olara gatnaşylanda, şeýle hem sport ýaryşlaryň geçirilýän ýerine barýan we yzyna gaýdýan ýolda bolan wagtynda ýüze çykan wakalar boýunça Ätiýaçlandyryjy jogapkärçilik çekýär.
18. Bir wagtda tölenilýän ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilen pursatynda Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan türgenleri, tälimçileri we sport eminlerini betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (3-nji goşundy) berýär.
Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:
nagt däl görnüşinde tölenilende – bank tarapyndan Ätiýaçlandyrýanyň hasabyndan öçüren güni;
nagt görnüşinde tölenilende – Ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.
Nagt däl görnüşinde tölenilende ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenendigi baradaky bank edarasy tarapyndan berilýän tassyklaýjy resminamany Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja bermelidir. Bank edaralary tassyklaýjy resminamalary bermelidir.
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilende ýa-da ýok edilende Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasy esasynda Ätiýaçlandyryjy ony bermek boýunça çykdajylary tölemegi borçlandyrmak bilen, öwezligini berýär. Öwezligi berlenden soň ozalky ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) geçirilmeýär.
19. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň Ätiýaçlandyrylan şahs bilen bolup geçen halat üçin jogapkärçilik çekmeýär.
20. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti (başlanýan senesi – şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi – möhletiniň iň soňky güni sagat 24-de).
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda), ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri görkezilýär.
21. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda, ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) almak üçin Bähbit görüjini bellemäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň, öz garaýşyna görä ony çalyşmaga haky bardyr.
VII.Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi
22. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:
hereket edýän möhleti geçende;
Ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;
şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda.
23. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça möhletinden öň bes edilip bilner.
Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda Ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklary), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyrýanyň talaby Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.
Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol Ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyryjynyň talaby Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.
VIII. Gaýtadan ätiýaçlandyryş
24. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga Ätiýaçlandyryjyda (Gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjin etmäge haky bardyr.
25. Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän Ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan Ätiýaçlandyryjynyň (Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda Gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň Ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.
26. Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak – Türkmenistanyň Gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da Ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.
27. Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda Ätiýaçlandyrýan bilen Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahslaryň talaplarynyň kadalaşdyrylmagynyň tertibi hakynda, Bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.
28. Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyrylyşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.
IX. Ätiýaçlandyryjynyň borçlary
29. Ätiýaçlandyryjy şulara borçly:
Ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyş etmäge;
Ätiýaçlandyrýanyň arzasy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny täzeden baglaşmaga;
ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada bellenilen möhletde Ätiýaçlandyrýana, Ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da Bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;
ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan Ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir;
Ätiýaçlandyrýany şu Kadalar bilen tanyşdyrmaga.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda Ätiýaçlandyryjynyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
X. Ätiýaçlandyrýanyň borçlary
30. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:
Ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) bellenilen tertipde tölemäge;
Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada ätiýaçlandyryşyň düzgünlerinde ýa-da şertnamasynda göz öňünde tutulan möhletde habar bermäge;
Ätiýaçlandyryja Ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda Ätiýaçlandyrýanyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
XI. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş
tölegini) tölemegiň tertibi
31. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahs haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada arza (4-nji goşundy) bilen ýazmaça habar bermäge borçludyrlar.
32. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge talaby bildirilýär. Şonda aşakdaky resminalamalar berilmeli:
şikes almak bilen bagly:
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;
saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty;
maýyplyk almagy bilen bagly:
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;
hemaýata mätaçligi anyklaýyş toparynyň maýyklygyň bellenilendigi baradaky delilhatynyň döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan göçürme nusgasy;
Ätiýaçlandyrylan şahsyň ölümi bilen bagly (Bähbit görüji bellenilen ýagdaýynda):
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;
Ätiýaçlandyrylan şahsyň ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan nusgasy.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda Bähbit görüji bellenilmedik bolsa, onda Ätiýaçlandyrylan şahsyň mirasdarlary şu aşakdaky resminamalary berýärler:
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;
Ätiýaçlandyrylan şahsyň ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan nusgasy;
döwlet notarial edarasy tarapyndan berlen mirasa bolan hukugy hakyndaky şahadatnamasy.
33. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrylan şahslara tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelindäki çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan “Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine” we onuň goşundysyna laýyklykda, we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda çykaran 135 belgili buýrugy bilen tassyklanylan görnüş 195/h Delilhaty esasynda kesgitlenilýär.
(Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 128 belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 16/21 belgi bilen ylalaşylyp tassyklanan)
Ätiýaçlandyrylan şahsyň sport ýaryşlara taýýarlanýan wagtynda, gös-göni olara gatnaşanda, şeýle hem türgenleşige barýan, sport ýaryşa barýan we yzyna gaýdyp barýan wagtynda şikes almagyň netijesinde maýyplyk toparynyň bellenmegine getirende, ätiýaçlandyryş pul möçberi şu aşakdaky möçberlerde tölenýär:
I-maýyplyk toparyna – ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 80 göterimi;
II-maýyplyk toparyna – ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 60 göterimi;
III-maýyplyk toparyna – ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 40 göterimi.
34. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletinde bolan bir ýa-da birnäçe ätiýaçlandyryş halatlary boýunça tölenilýän ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) umumy möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden köp bolmaly däldir.
35. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli zerur resminamalar alnandan soň 7 (ýedi) iş günüň dowamynda tölenýär.
Kämillik ýaşyna ýetmedik alyja ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) notarial edarasy tarapyndan, onuň hossary diýip berilýän kanuny hossaryna tölenýär.
36. Eger Ätiýaçlandyrylan şahs ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly Ätiýaçlandyryja ýüz tutsa we ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny, saglygy goraýyş edarasynyň delilhatyny berse, ýöne özüne degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almanka ölen ýagdaýynda, ol pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen Bähbit görüjä, eger-de ol bellenilmedik bolsa, onda onuň mirasdarlaryna tölenýär.
37. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin, ony almaga hukugy bolan Ätiýaçlandyrylan şahs, başga şahsa ynanç haty berip bilýär. Şonda fiziki şahs tarapyndan berilýän ynanç haty notarial edarasy tarapyndan taýýarlanmaly.
XII. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden boýun gaçyrylmagy
38. Eger Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda Ätiýaçlandyryjynyň, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:
Ätiýaçlandyrýanyň, Ätiýaçlandyrylan şahs ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;
Ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;
Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan adam hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;
Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanşykda durýan bolsa.
39. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş owezini doluş tölegini) doly ýa-da bolekleýin tölemekden boýun gaçyrylan ýagdaýynda Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana, Ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da Bähbit görüjä boýun gaçyrmagyň sebäplerini görkezmek bilen 7 (ýedi) iş günüň dowamynda ýazmaça görnüşde habar bermelidir.
XIII. Jedelleriň çözülişi
40. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ähli jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülýär.
Türgenleri, tälimçileri we sport eminlerini betbagtçylykly
hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 1-nji goşundy
Türgenleri, tälimçileri we sport eminlerini betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş boýunça bir ýyllyk nyrh möçberleri
Sport hünäriniň görnüşi |
Jogapkärçiligiň çägi |
Toparlar boýunça sportuň görnüşleriniň howplylyk derejeleri we nyrh möçberleri |
||
I |
II |
III |
||
Türgenler |
Türgenleşik wagtynda (türgenleşige barýan we yzyna gaýdyp barýan wagty girýär)
|
1,0 |
1,1 |
1,2 |
Sport ýaryşa geçýän wagtynda (sport ýaryşa barýan we yzyna gaýdyp barýan wagty girýär)
|
1,2 |
1,3 |
1,4 |
|
Tälimçiler we sport eminleri
|
Türgenleşik wagtynda (türgenleşige barýan we yzyna gaýdyp barýan wagty girýär)
|
0,5 |
0,6 |
0,7 |
Sport ýaryşa geçýän wagtynda (sport ýaryşa barýan we yzyna gaýdyp barýan wagty girýär)
|
0,7 |
0,8 |
0,9 |
Töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende 1-den 0,2-ä çenli peselýän ýa-da 1-den 3-e çenli ýokarlanýan koeffisiýentleri ulanmak mümkindir.
Türgenleri,tälimçileri we sport eminlerini betbagtçylykly
hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 2-nji goşundy
_________________________
(welaýat, şäher, etrap)
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna
Türgenleri, tälimçileri we sport eminlerini betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça
ARZA
Ätiýaçlandyrýan________________________________________________________________
(F. A. A.a., guramanyň, kärhananyň, edaranyň ady)
Salgysy/telefon_________________________________________________________________
Ätiýaçlandyrylan şahs barada maglumat arza goşulýan sanawynda görkezilmeli.
Bir Ätiýaçlandyrylan şahs üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi_________________________ manat
Umumy Ätiýaçlandyryş pul möçberi__________________________________________ manat
Sport ýaryşyň geçirilýän ýurdy____________________________________________________
_____________________________________________________________________________
Başga görüji __________________________________________________________________
(F. A. A.a.)
Salgysy/telefon_________________________________________________________________
Başga zerur maglumatlar ________________________________________________________
_____________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________
Türgenleri, tälimçileri we sport eminlerini betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny 20____ýylyň «____»______________dan 20____ýylyň «_____» ______________çenli baglaşmagy haýyş edýär.
Ätiýaçlandyryşa degişli Ätiýaçlandyrylan şahslaryň hakyky sany üýtgän ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýan degişli üýtgeşmeleri girizmäge borçlanýar.
Arza ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Ätiýaçlandyrýan ____________________________________
(familiýasy we goly)
M.Ý. 20____ ýylyň “___”________________
*Türgenleriň sanawy goşulýar
Arza goşundy
Betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryşa degişli türgenleriň, tälimçileriň we sport eminleriniň sanawy
______________________________________________________________________________________________________
(guramanyň, kärhananyň, edaranynyň doly ady)
T/b |
Türgenleriň, tälimçileriň we sport eminleriniň F. A. A.a. |
Türgenleriň, tälimçileriň we sport eminleriniň salgysy |
Doglan ýyly |
Sportuň görnüşi (toparlar boýunça sportuň görnüşleriniň howplylyk derejeleri) |
Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň möçberi (manat) |
Ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberi |
Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) (manat) |
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
7 |
8 |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
Jemi: |
|
|
|
|
|
|
Ätiýaçlandyrýan ___________________________
(başlygyň goly)
M.Ý. 20___ ýylyň “_____” _______________
______________________________
(welaýat, şäher, etrap)
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy _______________________________
M.Ý. (Ätiýaçlandyryjynyň wekiliniň goly)
Türgenleri,tälimçileri we sport eminlerini betbagtçylykly
hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 3-nji goşundy
Türgenleri,tälimçileri we sport eminlerini betbagtçylykly hadysalardan
we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça
ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY№_____
Tapgyry NS******
Ätiýaçlandyryjy ______________________________________________________________
(guramanyň ady)
Salgysy/telefony______________________________________________________________
Ätiýaçlandyrýan_______________________________________________________________
(F. A. A.a., ýa-da guramanyň, kärhananyň, edaranyň ady)
Salgysy/telefon _______________________________________________________________
Ätiýaçlandyryşyň obýekti: Ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygy we ömri
Ätiýaçlandyryş şertnamasy 20____ ýylyň «____»______________dan 20____ ýylyň «_____» ________________çenli hereket edýär _____ gün.
Bir Ätiýaçlandyrylan şahs üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi ________________________manat
Umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi __________________________________________manat
Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy)________________________________manat
Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň tertibi we möhleti _____
_____________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) «___»_____________20____ý. nagt pul serişdesi bilen tölendi «___»_____________20____ý. № ___töleg tabşyrygy bilen geçirildi.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň güýje girmeginiň senesi we şertleri _______________________
Franşiza_______________________________________________________________________
Bähbit görüji _________________________________________________________________
(F. A. A.a.)
Salgysy/telefony______________________________________________________________
Beýleki şertler _________________________________________________________________
___________________________________________________________________________
_______________________
(welaýat, şäher, etrap)
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy _____________________________
(Ätiýaçlandyryjynyň wekiliniň goly)
M.Ý.
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy 20____ ý. «_____»________________ berildi.
Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldy________________________
(Ätiýaçlandyrýanyň goly)
Bellik: Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan bu barada Ätiýaçlandyryjyny haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habardar etmäge borçludyr. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr. Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.
Türgenleri, tälimçileri we sport eminlerini betbagtçylykly
hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 4-nji goşundy
_____________________________________ (welaýat, şäher, etrap) _____________________________________ Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna |
________________________________________ (Öý salgysy, telefony) ________________________________________ ________________________________________ (F. A. A.a.) tarapyndan |
|
|
Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)
tölemek barada ARZA
Meniň 20___ýylyň «_____» ______________________________________________________
beden şikesini alandygym/keselemegim sebäpli maňa _______________________________________________________________________ degişli
(F. A. A.a.)
ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiňizi haýyş edýärin.
Özüme degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)__________ _____________________________________________________________________________
(şulary görkezmeli: nagt pul bilen ýa-da hasapdaky goýuma geçirmek bilen şeýle halatda şol hasabyň nomerini,
______________________________________________________tölenilmegini haýyş edýärin.
bank edarasynyň adyny görkezmeli)
Beden şikesiniň/keseliň ýagdaýy __________________________________________________
(kesel bejeriş edaranyň ady)
_____________________________________ tarapyndan berlen delilnama bilen tassyklanylýar.
Beden şikesi/kesel şeýle ýagdaýda alnan ____________________________________________ _____________________________________________________________________________
__________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
Beden şikesini alan/kesel ýagdaýym bilen ___________________________________________
(derňew edaranyň ady)
__________________________________________________________________ meşgullandy.
Arza şu resminamalar goşulýar __________________________________________________
___________________________________________________________________________
___________________________________________________________________________
20_____ýylyň ______________aýynyň «_____». _______________________
(Ätiýaçlandyrýanyň goly)