Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

26.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň Baş direktorynyň

2016-njy ýylyň 29-njy sentýabryndaky çykaran 

137 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş

KADALARY

 

I. Umumy düzgünler

 

1. Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryşyň şu Kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň    1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlandy.

2. Şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy (mundan beýläk – Ätiýaçlandyryjy) fiziki we ýuridik şahslar (mundan beýläk – Ätiýaçlandyrýan) bilen Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýanyň öz peýdasyna ýa-da üçünji şahsyň peýdasyna (mundan beýläk - Ätiýaçlandyrylan şahs) baglaşylyp bilner.

3. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen wagtda tölemäge, Ätiýaçlandyryjy bolsa ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda, ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsa edilen saglygy goraýyş hyzmatlary (ýitgileri, harajatlary) üçin Bähbit görüjä, ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäginde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemäge borçlanýar.

4. Ätiýaçlandyryş şertnamasy, şertnama baglaşylan wagtynda ýaşy 65 ýaşa çenli bolan fiziki şahslaryň peýdasyna baglaşylýar. Ýaşy 65 ýaşdan geçen fiziki şahslar taraplaryň ylalaşmagy esasynda ýokarlandyrylan ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemek şerti bilen ätiýaçlandyrylyp bilner.

5. Şu Kadalaryň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

bähbit görüji –ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki ýa-da ýuridik şahs;

ätiýaçlandyryjy – ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçi ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) – ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenilýän pul möçberi;

ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;

ätiýaçlandyryş pul möçberi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

ätiýaçlandyrylan şahs – şahsy  bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylýan fiziki şahs;

franşiza– umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenilýär. Şertli franşiza bellenilende ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär;

ätiýaçlandyryş halaty – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;

tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegi – ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne ýa-da saglygyna wehim salýan saglygynyň ýiti ýagdaýda bozulan mahaly, şeýle hem ätiýaçlandyrylan şahs bilen hirurgiýanyň gyssagly gatyşmaklygy (betbagtçylykly hadysalarda, şikeslerde, zäherlenmelerde, beýleki ýiti agyr kesellemelerde) zerur ýagdaý ýüze çykan mahaly geçirilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň toplumy;

duýdansyz kesellemek – ätiýaçlandyrylan şahsyň beden ýagdaýynyň öňünden görülmedik islendik ýagdaýdaky üýtgemeginiň ýüze çykmagy, ätiýaçlandyryş çäginde bolup geçýän we saglygy goraýyş edarasynda ýa bolmasa oňa hususy lukmançylyk iş tejribesi bilen meşgullanmaga döwlet tarapyndan berlen rugsatnamanyň çäklerinde işleýän lukmandan gyssagly saglygy goraýyş kömegini almagyň zerurlygyny ýüze çykarýan ýagdaý;

lukmançylyk repatriasiýasy - ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde şikes alan ýa-da  kesellän halatynda, özbaşdak hereket etmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, hemişelik ýaşaýan ýerine gaýtarmak (alyp gitmek);

jesediň repatriasiýasy - ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde aradan çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrylan şahsyň jesedini (jesediň galyndylaryny) hemişelik ýaşaýan ýerine gaýtarmak (alyp gitmek).

6. Ätiýaçlandyryş şertnamalary şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy boýunça şertnamanyň aýry-aýry bölümlerinde, şu Kadalaryň talaplaryna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna çapraz gelmeýän başga şertler bolup biler.

 

II. Ätiýaçlandyryşyň obýekti

 

7. Türkmenistanyň çäklerinde bolýan wagty Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne ýa-da saglygyna zelel ýetirilmegi bilen baglanyşykly şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.

 

III. Ätiýaçlandyryş halaty

 

8. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ýüze çykan duýdansyz kesellemegiň ýa-da betbagtçylykly hadysanyň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygyna zelel ýetirilmegi ýa-da onuň aradan çykmagy ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.

9. Eger betbagtçylykly hadysa şular netijesinde bolup geçen bolsa, ol ätiýaçlandyryş halaty bolup durmaýar:

ýadro partlamasynyň, radiasiýanyň ýa-da radioaktiw zäherlenmäniň täsiri;

her hili harby we terrorçylyk hereketleri, şeýle hem köpçülikleýin bidüzgünçilikler we olaryň getirýän zyýanly netijeleri.

 

IV. Ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

10. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda taraplaryň özara ylalaşmagy boýunça her bir Ätiýaçlandyrylan şahs üçin aýratynlykda kesgitlenilýär.

11. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberi, her bir ätiýaçlandyryş halaty boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň ýokary çäk möçberi (jogapkärçiligiň çägi) bolup durýar.

12. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda şertli ýa-da şertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.

 

V. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

 

13. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) hasaplamagyň we tölemegiň tertibi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan bellenilýär.

Ýaşy 65 ýaşa çenli bolan Ätiýaçlandyrylan şahslar üçin bir ýyllyk nyrh möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 2 %-de bellenýär. Ýaşy 65 ýaşdan geçen Ätiýaçlandyrylan şahslar üçin taraplaryň ylalaşmagy bilen, bir ýyllyk nyrh möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 3 %-de bellenýär. Töwekgelçiligiň derejesinden ugur alyp ätiýaçlandyryş nyrhyna 1-den 0,2-ä çenli peselýän ýa-da 1-den 5-e çenli ýokarlanýan koeffisiýentleri ulanmak mumkindir.

Sport we aktiw dynçalyş bilen meşgullanýan şahslara bolsa töwekgelçiligiň derejesinden ugur alyp ätiýaçlandyryş nyrhyna 2-den 5-e çenli ýokarlanýan koeffisiýentleri ulanylýar.

Türkmenistana uzak möhletli gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan Ätiýaçlandyrylan şahslar üçin ätiýaçlandyryş nyrhyna peselýän koeffisiýentleri ulanmak mumkindir.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda ýyllyk ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi 365 güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyryşa alynýan günleriň sanyna köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) hasaplanyp çykarylýar.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa şu bölegiň 3-nji bendine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.

14. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň kesgitlenilen pulunda, ätiýaçlandyryşyň tutuş möhleti üçin bir wagtyň özünde tölenýär.

15. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşinde geçirilýär.

16. Bir gezekki ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.

17. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölenen pursaty diýip hasaplanýar:

nagt däl görnüşinde tölenende – bank edarasy tarapyndan Ätiýaçlandyrýanyň hasabyndan öçüren güni;

nagt görnüşinde tölenende – Ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenen güni.

Nagt däl görnüşinde tölenende ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenendigi baradaky bank edarasy tarapyndan berilýän tassyklaýjy resminamanyň nusgasyny Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja bermelidir.

18. Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan şertlerde geçirilýär. Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da ätiýaçlandyrylan şahslaryň talaplarynyň kadalaşdyrlmagynyň tertibi hakynda, bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.

Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyrylyşa berlen halatynda ätiýaçlandyryşyň nyrhynyň möçberi ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.

 

VI. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi

we onuň hereket edýän möhleti

 

19. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş boýunça Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasy esasynda (1-nji goşundy) taraplaryň ylalaşmagy bilen bir gije-gündizden bir ýyla çenli möhlete baglaşylýar we ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenen pursadyndan baglaşylan hasaplanylýar.

Arzada peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylýan şahsyň doly ady, onuň hemişelik ýaşaýan ýeri we Türkmenistanda bolýan döwri barada maglumat görkezilýär. Türkmenistana wekiliýetleriň ýa-da toparlaryň düzüminde gelýän raýatlaryň peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda arza Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan Ätiýaçlandyrylan şahslaryň sanawy goşulýar (2-nji goşundy).

20. Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýanyň arzasynda görkezilen maglumatlara esaslanyp, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan, Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (3-nji goşundy) resmileşdirýär.

21. Ätiýaçlandyrýan berlen maglumatlaryň ygtybarlylygy üçin jogapkärçilik çekýär.

22. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilse ýa-da ýok edilse Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasy esasynda ony bermek boýunça çykdajylary tölemegi borçlandyrmak bilen, Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň öwezligi berilýär. Öwezligi berlenden soň ozalky ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenmeýär.

23. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Türkmenistana wekiliýetleriň ýa-da toparlaryň düzüminde gelýän raýatlaryň peýdasyna baglaşylanda Ätiýaçlandyrylan şahslaryň her birine aýratynlykda ätiýaçlandyryş şahadatnamasy resmileşdirilýär.

24. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti (başlanýan senesi – şertnama baglaşylan güni sagat 24 – de we tamamlanýan senesi – möhletiniň iň soňky güni sagat 24 – de).

25. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda, Ätiýaçlandyrylan şahsa tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini bermek üçin Türkmenistanyň çäginde hereket edýän, ygtyýarly Saglygy goraýyş edarasy bilen Ätiýaçlandyryjynyň arasynda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň geçirilmegi hakynda şertnama (4-nji goşundy) baglaşylýar.

26. Şu aşakdaky adamlaryň peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamalary baglaşylmaýar:

I we II topardaky maýyp adamlaryň;

neşe, toksiki maddalary ulanýan, şeýle hem arakhorlukdan ejir çekýän adamlaryň;

durnukly nerw we psihiki bozulmalar sebäpli psihonewrologiýa edarasynyň dispanser gözegçiliginde hasapda durýan şahslar;

onkologik kessellerden, AIW ýokuşmasy kesselerinden ejir çekýan adamlaryň;

sportuň howply görnüşleri bilen meşgullanýan şahslaryň (paraşýutly bökmek, delta-planerizm, alpinizm, we beýleki ekstremal görnüşleri).

27. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şeýle adamlar bilen baglaşylandygy anyklansa, onda şeýle şertnama baglaşylan gününden başlap hakyky däl diýlip ykrar edilýär we tölän ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) iş alyp barmaklygyň çykdajylaryny aýyrmak bilen Ätiýaçlandyrýana  gaýtarylyp berilýär.

28. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýär.

 

VII. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi

 

29. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

hereket edýän möhleti geçende;

Ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;

şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;

Ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Kadalarda göz öňünde tutulan borçlary berjaý edilmedik ýagdaýynda.

30. Eger borçnamalaryň kem-käsleýin ýa-da doly berjaý edilmezligi taraplaryň öňünden görmedik we öňüni alyp bilmedik, şertnama baglaşylandan soň adatdan daşary häsiýetli ýagdaýlar netijesinde peýda bolan bolsa, şertnama togtadylyp bilner, Ätiýaçlandyryjy bolsa şol borçnamalar üçin şeýle jogapkärçilikden boşadylyp bilner.

31. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak töwekgelçiligi artan mahalynda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryşy togtatmaga ýa-da ony möhletinden öň bes etmäge haky bardyr.

32. Eger bu ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça möhletinden öň bes edilip bilner.

33. Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda Ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyrýanyň talaby Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna  gaýtaryp berýär.

34. Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol Ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyryjynyň talaby Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

35. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, taraplar ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes edýändikleri hakynda bir-birine, ony bes etmegi niýetlän wagtyndan, azyndan bir aý öň ýazmaça habar bermelidirler.

 

VIII. Taraplaryň hukuklary we borçlary

 

36. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:

ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň şu kadalary bilen tanyşmaga;

Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň düzgünleriniň berjaý edilşini barlamaga;

ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe taraplaryň ylalaşygy esasynda oňa üýtgetmeler girizmäge;

ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda, ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) almak üçin Bähbit görüjini bellemäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň, öz garaýşyna görä ony çalyşmaga;

ätiýaçlandyryş şertnamasyny möhletinden öň ýatyrmaga, şunda Ätiýaçlandyryjy öz çykdajylaryny tutup galmak bilen, şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) gaýtaryp berýär.

37. Ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:

ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen tertipde we möhletde tölemäge;

özüne mälim bolan we ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine baha bermekde düýpli ähmiýeti bolan ähli ýagdaýlar hakynda Ätiýaçlandyryja maglumat bermäge;

ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge;

ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da şu Kadalaryň düzgünlerinde göz öňünde tutulan möhletde Ätiýaçlandyryja habar bermäge;

ätiýaçlandyryş halatynyň sebäplerini we netijelerini anyklamak üçin ähli mümkin we maksadalaýyk bolan çäreleri görmäge;

Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň sebäpleri we netijeleri hakynda, ýetirilen zeleliň häsiýeti we möçberi hakynda netije çykarmaga gerek bolan ähli resminamalary bermäge;

ýetirilen zeleliň möçberini anyklamakda Ätiýaçlandyryjynyň gatnaşygyny üpjün etmäge.

Ätiýaçlandyrýana ýetirilen zelel üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary Ätiýaçlandyryja geçirmäge.

38. Ätiýaçlandyrylan şahsyň şulara hukugy bardyr:

ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerine laýyklykda tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömeginiň geçirilmegini talap etmäge;

tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömeginiň geçirilmändiginiň ýa-da doly däl ýa-da pes hilli kömegiň alnandygynyň halatlary hakynda Ätiýaçlandyryja habar bermäge.

39. Ätiýaçlandyrylan şahs şulara borçludyr:

ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň öz ýanynda bolmagyna we onuň abat saklanmagy üçin alada etmäge, ony beýleki şahslara bermezlige;

saglyk ýagdaýyna zelel ýeten halatynda degişli saglygy goraýyş edarasyna haýal etmän ýüz tutmaga we ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny bermäge ýa-da ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilen telefon belgisi boýunça özbaşdak ýagdaýda jaň edip Ätiýaçlandyryjyny ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy hakynda habardar etmäge;

bejeriji lukmanyň bejerginiň barşynda alnan görkezmelerini, saglygy goraýyş edarasy tarapyndan bellenilen gün tertibini we gündelik düzgüni berjaý etmäge.

40. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bardyr:

Ätiýaçlandyrýanyň habar beren maglumatlarynyň ygtybarlylygyny kanunçylyga ters gelmeýän, özüne elýeterli islendik usul bilen barlamaga, şeýle hem Ätiýaçlandyrýanyň (Bähbit görüjiniň) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişlerine gözegçilik etmäge;

ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň delillerine şübhe dörän halatynda ygtyýarly edaralardan goşmaça maglumatlar sorap almaga, bu şübheleriň tassyklanmasy ýa-da ýalana çykarylmasy anyklanýança onuň tölenmegini gaýra goýmaga;

Ätiýaçlandyrylan şahs ýa-da Bähbit görüji tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy hakynda gyssagly habar bermek borjy bozulan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmaga.

41. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:

Ätiýaçlandyrýany (Ätiýaçlandyrylan şahsy) ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň şu kadalary bilen tanyşdyrmaga;

Ätiýaçlandyrylan şahsa saglygy goraýyş hyzmatlaryny geçirmek barada Bähbit görüji bilen şertnama baglaşmaga;

Ätiýaçlandyrýanyň arzasy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny täzeden baglaşmaga ýa-da oňa ýütgetmeler girizmäge;

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada bellenilen möhletde Bähbit görüjä tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini geçirmek boýunça harajatlary, ýitgileri üçin ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;

ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan Ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda saglygy goraýyş kömegi üçin ýüz tutmaga hukugy bolan Ätiýaçlandyrylan şahslar hakynda Bähbit görüjä ýazmaça habar bermäge;

Ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygy goraýyş kömegi üçin ýüz tutmaga hukugy bolan Bähbit görüjiniň ýerleşýän ýeri hakynda Ätiýaçlandyrýana ýazmaça habar bermäge.

42. Bähbit görüjiniň şulara hukugy bardyr:

Ätiýaçlandyrylan şahslaryň saglygy bozulan halatynda zerur saglygy goraýyş hyzmatlaryny geçirmäge;

ätiýaçlandyryş halaty bolan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrylan şahslara geçirilen tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegi (harajatlary, ýitgileri) üçin ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga.

43. Bähbit görüji şulara borçludyr:

Ätiýaçlandyrylan şahslara saglygy goraýyş hyzmatlaryny geçirmek barada Ätiýaçlandyryjy bilen şertnama baglaşmaga;

Ätiýaçlandyrylan şahs bilen ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda zerur bolan ýokary hilli saglygy goraýyş kömegini geçirmäge;

Ätiýaçlandyrylan şahs getirilen ýagdaýynda saglygy goraýyş resminamalarynda ýazmaça resmileşdirmäge we oňa Ätiýaçlandyrylan şahs ýa-da onuň ýanynda bolýan adamlara gol çekdirmäge;

hasaplary aýyl-saýyl ýazmaga, ony Bähbit görüjiniň we tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini geçiren lukmanyň goly bilen tassyklamaga;

Ätiýaçlandyrylan şahsa edilen her bir tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini berk hasaba almaga;

şu Kadalaryň şertleriniň bozulandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekmäge.

 

IX. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)

tölemegiň tertibi

 

44. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda Ätiýaçlandyrýan (Bähbit görüji) haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galdyrman Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada arza (5-njy goşundy) bilen ýazmaça habar bermäge borçludyr.

Arza şu aşakdaky resminamalar goşulýar:

Ätiýaçlandyrylan şahsyň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;

ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;

ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen, betbagtçylyk hadysasynyň bolandygyny tassyklaýan resminama;

keseliniň anyklamasy barada saglygy goraýyş resminamasy;

alnan bejeriş barada saglygy goraýyş edarasynyň güwänamasy;

ölüm hakynda lukmançylyk şahadatnamasynyň nusgasy;

Ätiýaçlandyrylan şahsa tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini geçiren saglygy goraýyş edarasy tarapyndan edilen ähli hyzmatlaryň sanawy, bejerişiň möhleti, olaryň bahasy barada maglumatlar aýyl-saýyl doldurylan hasapnamalar.

45. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda bolup geçen hem-de şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda ätiýaçlandyryş halaty bolup durýan tötänden kesellemegiň ýa-da betbagtçylykly hadysanyň netijesinde zerurlygy ýüze çykan, Ätiýaçlandyrylan şahsa lukmanyň görkezmesi boýunça berlen ambulatoriýa bejergisi ýa-da hassahana ýerleşdirilmegi üçin edilen saglygy goraýyş çykdajylaryny tölemegi kepillendirýär.

46. Ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan halatynda Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrylan şahsyň jesedini ibermek we/ýa-da raýatlygy bolan ýa-da adaty ýaşaýan ýurdunda çak edilýän jaýlanylýan ýerine has ýakyn bolan aeroporta äkitmek boýunça maksadalaýyk çykdajylary tölemek üçin ähli zerur çäreleri görýär, munuň özi şol sanda jesedi kesip öwrenmek we oňa güwä geçmek, halkara gatnatmalary üçin talap edilýän tabyt hem-de jesediň galyndylaryny jaýlanylýan ýurdundaky aeroporta äkitmek üçin çykdajylary hem öz içine alýar.

47. Ätiýaçlandyryjy saglygy goraýyş kömeginiň şu aşakdaky görnüşleri boýunça edilen çykdajylaryň öwezini dolýar:

lukmançylyk gözden geçirmesi we bejerişi, şol sanda hassahanada ýatymlaýyn bejeriş (haçan-da näsagyň ýagdaýy ony raýatlygy bolan ýa-da adaty ýagdaýda ýaşaýan ýurduna ibermäge mümkinçilik berýänçä);

hirurgiýanyň gyssagly gatyşmaklygy we intensiw bejerişi;

göwreliligiň möhleti 28 hepdeden köp bolmadyk mahaly gyssagly ginekologiki we akuşerçilik kömegi;

tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömeginiň zerurlygy ýüze çykanda lukman tarapyndan ýazylyp berlen derman serişdelerini satyn almak;

ýiti diş agyrysy ýüze çykan mahaly gyssagly stomatologiki kömek.

48. Şu ýagdaýlar saglygy goraýyş çykdajylary üçin ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge degişli däldir:

ätiýaçlandyryş halaty bilen bagly bolmadyk lukmançylyk gözden geçirmesi we bejerişi;

hroniki kesel ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahsda ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan wagty bar bolan kesel sebäpli ýüze çykan islendik bejeriş ýa-da derman satyn almak, ýöne halas etmek ýa-da uzak wagtlaýyn işe ýarawsyzlygyň öňüni almak üçin hökmany hirurgiýanyň gyssagly gatyşmaklygy muňa girmeýär;

meýilnamalaşdyrylan operasiýalary we ýiti zerurlygy bolmadyk operasiýalary geçirmek;

lukmançylyk gözden geçirmesiniň netijenamasy boýunça şu keseller ýa-da olaryň bejerişini bellemek üçin saglygy goraýyş kömeginiň berilmegi ýa-da lukmanyň derman serişdelerini bellemegi zerur bolmasa;

kosmetiki, plastiki hirurgiýa işi, daş keşbiň kemçiligini ýa-da beden nädogrylygyny düzetmek bilen baglanyşykly bejerişiň beýleki görnüşleri, eger olaryň zerurlygy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda bolup geçen ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly bolmasa;

ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylmazdan öň başlanan we ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe dowam edýän bejeriş tapgyry bilen baglanyşykly saglygy goraýyş hyzmatlary üçin çykdajylar, şol sanda eger hünärli lukmanyň maslahatyna garamazdan daşary ýurda gitmek kabul edilen bolsa;

möhleti 28 hepdeden köp bolan göwrelilik bilen bagly, göwreliligiň patologiýasy we bes edilmek ýagdaýy, çaga aýyrtmak, göwreliligi saklap galmak boýunça geçirilýän ähli çäreler, çaga dogurma we onuň getirýän zyýanly netijeleri, şol sanda hroniki keselleriň ýüze çykmagynyň göwrelilik netijesinde ýitileşmegi bilen baglanyşykly saglygy goraýyş hyzmatlary, ýöne enäniň we/ýa-da çaganyň ömrüni halas etmek muňa girmeýär;

maşgala agzalary ýa-da ýakyn dogan-garyndaşlary tarapyndan ideg edilmegi we bejeriş geçirilmegi;

Ätiýaçlandyrylan şahsyň alkogolly içgileri, neşe ýa-da toksiki maddalary, şeýle hem düzüminde olary saklaýjylary ulanmagyň netijesinde serhoş bolan ýagdaýynda edilen saglygy goraýyş hyzmatlary;

Ätiýaçlandyrylan şahsyň alkogolly içgileri, neşe ýa-da toksiki maddalary, şeýle hem düzüminde olary saklaýjylary ulanmagyň netijesinde zäherlenmegi sebäpli işe ukyplylygyny kem-käsleýin ýa-da doly ýitirmegi bilen baglanyşykly saglygy goraýyş hyzmatlary;

öňüni alyş (profilaktiki) sanjymlar;

sözenek keseli bilen kesellemegiň bejergisi we onuň öňüni alyş çäreleri;

kontaktly linzalary ýa-da äýnekleri satyn almak, eger munuň özi bedene şikes ýetmegine getiren we saglygy goraýyş kömegini talap edýän ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde öň lukman tarapyndan ündelen äýnekleri/linzalary çalyşmak bilen baglanyşykly bolmasa;

Ätiýaçlandyrylan şahsyň uçýan enjamlary dolandyran mahaly bedenine ýeten zeperi bejermek;

hünär kesellerinden dörän betbagtçylykly hadysanyň netijesinde bejergi almak bilen bagly hyzmatlar;

eger munuň özi betbagtçylykly hadysanyň netijesi we ýiti agyrynyň emele gelmegi bilen baglanyşykly bolmasa, gözüň we dişleriň bejerişi, her hili protez oturtma, şol sanda gözüň we dişiň protezlemesi, ýörite diş bejergisi, äňiň ortopediýasy, ortodontozyň bejergisi, dişiň kanallaryny aýyrmak, dişe koronka geýdirmek we most goýmak;

Ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan ýagdaýynda ony jaýlamak bilen bagly edilen çykdajylar.

49. Lukmanyň hünär ýalňyşlygy ätiýaçlandyryşyň gerimine girmeýär.

50. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömeginiň edilmegi bilen baglanyşykly tölegler Bähbit görüjä tölenýär. Ätiýaçlandyryş pul möçberini tiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek Ätiýaçlandyrylan şahsa saglygy goraýyş kömegi edilen wagty ýörite hyzmatlary we çykdajylary nazara almak bilen, berlen hasapnamalar boýunça tölemek görnüşinde amala aşyrylýar.

51. Ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan ýagdaýynda ony äkitmek - jesedini (galyndylaryny) eltmek boýunça çykdajylaryň öwezini dolmak Ätiýaçlandyryjy tarapyndan şol çykdajylaryň esaslydygyny tassyklaýan resminamalaryň (saglygy goraýyş kartasy, daşamak we eltmek boýunça hasapnamalar, keseliň esaslandyrylan teswiri we gatnatmagyň-daşamagyň zerurlygy) esasynda şol işleri amala aşyran edara ýa-da ynanylan şahsa tölenýär.

52. Ätiýaçlandyryjy şu Kadalaryň 44-njy bölüminde görkezilen Ätiýaçlandyrýanyň arzasynyň we oňa goşulan resminamalaryň esasynda Ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhatyny (6-nji goşundy) düzýär.

53. Ätiýaçlandyryş halaty hakynda gerekli resminamalaryň doly bukjasy Ätiýaçlandyryja berlenden soň 15 (on bäş) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek amala aşyrylýar.

54. Bähbit görüji tarapyndan berlen, tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömeginiň geçirilendigi barada hasapnamalarynyň esaslydygyny barlamaga, şondan soň hasapnamalar boýunça çykdajylary üçin öwezini doluş tölegini tölemek hakynda çözgüdi kabul etmäge Ätiýaçlandyryjynyň hukugy bardyr.

55. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda Ätiýaçlandyrylan şahs bilen bolup geçen bir ýa-da birnäçe ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde, şu Ätiýaçlandyrylan şahsa tölenýän ähli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolmaly däldir.

Eger, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda bolup geçen ätiýaçlandyryş halaty üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenen bolsa, soňra şol ätiýaçlandyryş halatynyň netijesi Ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygyny has agyr ýagdaýa getirse, onda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) öň tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) aýyrmak bilen hasaplanýar.

56. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenenden soň ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberi bilen tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) arasyndaky tapawudyň çäginde güýjüni saklaýar.

57. Ätiýaçlandyrylan şahs Bähbit görüjä ýüz tutan mahaly ýa-da bu tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegi ulagynda saglygy goraýyş edarasyna eltilen halatynda saglygy goraýyş işgäri şulara borçludyr:

Ätiýaçlandyrylan şahsyň şahsyýetini anyklamaga;

raýatda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň barlygyny anyklamaga;

ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilen telefon boýunça ýa-da degişli Ätiýaçlandyryjynyň mälim bolan telefon belgisi boýunça Ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygy goraýyş edarasyna kabul edilendigi hakynda, şeýle hem ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň belgisini habar bermäge.

 

X. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden boýun gaçyrylmagy

 

58. Eger Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:

Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;

Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahs tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;

Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahs hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;

Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanyşykda durýan bolsa;

Ätiýaçlandyrylan şahs tarapyndan dolandyrmak üçin degişli hukugynyň bolmazlygyna garamazdan, ulag serişdesini dolandyrmagy, şeýle hem onuň görkezilen ulag serişdesini dolandyrmaga degişli hukugy bolmadyk adama geçirmekligi;

Ätiýaçlandyrylan şahs tarapyndan alkogolly içgilerden, neşe, toksiki maddalardan serhoş ýagdaýda ulag serişdesini dolandyrmagy, şeýle  hem onuň görkezilen ulag serişdesini dolandyrmaklygy alkogolly içgilerden, neşe, toksiki maddalardan serhoş ýagdaýda bolan adama geçirmekligi;

Ätiýaçlandyrylan şahsyň öz janyna kast etmegi (janyna kast etmäge synanyşmagy) netijesinde şikes almagy (ölmegi) ýa-da zäherlenmegi, ýöne üçünji taraplaryň kanuna garşy hereketleriniň netijesinde onuň bu ýagdaýa getirilen halaty bulara girmeýär.

59. Eger Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne ýa-da saglygyna zelel ýetirilmeginiň öňüni almak üçin Ätiýaçlandyrýan özüne elýeterli bolan çäreleri bilkastlaýyn geçirmänligi netijesinde zelel ýetirilen bolsa, Ätiýaçlandyryjy şu hereketleriň alyp baran zyýanyna deň derejede ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boýun gaçyrmaga haklydyr.

60. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş owezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrýanlygy barada, onuň sebäplerini görkezmek bilen Ätiýaçlandyrylan şahsa (Bähbit görüjä) ýazmaça görnüşde habar berýär.

 

XI. Repatriasiýa

 

61. Şu aşakdakylar ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri bolup biler:

lukmançylyk repatriasiýasy: Türkmenistanda ätiýaçlandyrylan şahsa talap edilýän lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçiligiň bolmadyk ýagdaýynda Ätiýaçlandyrylan şahsy hemişe ýaşaýan ýerine ýa-da ýaşaýan ýerine iň ýakyn lukmançylyk merkezine çenli, laýyk gelýän ulag serişdeleri bilen alyp gitmek.  Lukmançylyk repatriasiýasy lukmanlaryň netijenamasy esasynda hem-de lukmanlaryň garşygörkezmeler onuň bolmadyk ýagdaýynda amala aşyrylýar.

jesediniň repatriasiýasy, ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş halaty netijesinde ýogalan ýagdaýynda, hemişelik ýaşaýan ýeriniň iň ýakyn aeroportyna çenli alyp gitmek.

62. Ätiýaçlandyryş pul möçberi aşakdaky bellenilen jogapkärçiligiň çägi boýunça kesgitlenýär:

 

Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri

Ätiýaçlandyryş pul möçberleri, çäkler boýunça*

Ç-1

Ç-2

Ç-3

Lukmançylyk repatriasiýasy

30 000

50 000

70 000

Jesediň repatriasiýasy

15 000

25 000

35 000

Ätiýaçlandyryş gatanjy (hereket edýän ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň bir güni üçin we her bir töwekgelçilik boýunça)

USD 3,0

USD 5,0

USD 7,0

 

*ätiýaçlandyryş çägi:

Ç-1

Rossiýa we GDA ýurtlary;

Ç-2

Dünýäniň ahli ýurtlary; ABŞ, Kanada, Günorta Amerika, Ýaponiýa, Awstraliýa, Karib howuzynyň ýurtlaryndan daşary;

Ç-3

ABŞ, Kanada, Günorta Amerika, Ýaponiýa, Awstraliýa, Karib howuzy

 

Sport bilen meşgullanýan şahslara we aktiw dynçalyş bilen meşgullanýan şahslara, töwekgelçiligiň derejesinden ugur alyp ätiýaçlandyryş nyrhyna 2-den 5-e çenli ýokarlanýan koeffisiýentleri ätiýaçlandyryş gatançlaryna ulanylýar.

63. Şu aşakdaky fiziki şahslaryň peýdasyna medisina repatriasiýasy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamalary baglaşylmaýar:

I we II topardaky maýyplar;

sportuň howply görnüşleri bilen meşgullanýan şahs (paraşýutly bökmek, delta-planerizm, alpinizm we beýleki ekstremal görnüşleri);

ätiýaçlandyryş şertnamasy hereket edýän möhletinde 80 ýaşdan geçen fiziki şahslar bilen.

64. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň tertibi.

Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin Arza bilen şu aşakdaky resminamalar berilmeli:

Ätiýaçlandyrylan şahsyň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;

ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;

ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen, betbagtçylyk hadysasynyň bolandygyny tassyklaýan resminama;

keseliniň anyklamasy barada saglygy goraýyş resminamasy;

alnan bejeriş barada saglygy goraýyş edarasynyň güwänamasy;

ölüm hakynda lukmançylyk şahadatnamasynyň kepillendirilen nusgasy;

lukmançylyk repatriasiýasynyň zerurlygy bolanda lukmanlaryň delillendirilen netijenamasy;

lukmançylyk repatriasiýasyny amala aşyrmaga lukmanlaryň garşygörkezmeleriň ýoklugy barada güwanamasy;

65. Ätiýaçlandyryjy aşakdaky çykdaýjylaryň öwezini dolýar:

Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde şikes alan ýa-da kesellän Ätiýaçlandyrylan şahsyň lukmançylyk repatriasiýasy boýunça, şertnamada görkezilen jogapkärçiliginiň çäginde, Ätiýaçlandyrylan şahsyň öz ýurdynda hemişelik ýaşaýan ýerine mümkin bolan iň ýakyn aeropotyna çenli lukmançylyk görkezmeleri bilen şertleşdirilmegi degişli ulag serişdeleri bilen alynyp gidilmegi boýunça çykdajylar, şol sanda lukmanyň görkezmesi boýunça ýanynda adam gitmegi görkezilen bolsa, ýanynda gidýän adamyň çykdajylaryny goşmak bilen; 

Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde aradan çykan Ätiýaçlandyrylan şahsyň jesediniň repatriasiýasy boýunça, şertnamada görkezilen jogapkärçiliginiň çäginde, Ätiýaçlandyrylan şahsyň öz ýurdynda hemişelik ýaşaýan ýerine mümkin bolan iň ýakyn aeropotyna çenli, jesediň alnyp gidilmegi boýunça çykdajylary, jesedi taýýarlamagy we tabyty daşamak boýunça çykdajylary goşmak bilen. Hemişelik ýaşaýan ýerine jesedi jaýlamak we jynaza hyzmatlarynyň çykdajylary tölenilmeýär.

66. Repatriasiýany amala aşyrmak boýunça guramaçylyk we administratiw işlerini daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary (ätiýaçlandyrylany) kabul edýän tarap tarapyndan ýerine ýetirilýär we ätiýaçlandyryjy munuň üçin jogapkärçilik çekmeýär.

Repatriasiýa boýunça ätiýaçlandyryş tölegi ätiýaçlandyryş pul möçberiň çäginde tölenýär. Çykdaýjylaryň ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolan ýagdaýynda onuň galan bölegini daşary ýurtly raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlary (ätiýaçlandyrylany) kabul edýän tarap tarapyndan tölenýär.

 

XII. Jedelleri çözmekligiň tertibi

 

67. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

 


 

 

 

Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt

raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň

saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

1-nji goşundy

 

Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt

raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň

saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş boýunça

ARZA

 

Ätiýaçlandyrýan ______________________________________________________

(F.A.A.a. ýa-da kärhananyň ady, tel/faks)

Ätiýaçlandyrylan şahslar __________________________________________

(F.A.A.a., pasport maglumatlaryny, ýaşamagynyň bellige alynmagy hakyndaky maglumatlary we başgalary görkezmek bilen, Ätiýaçlandyrylan adamlaryň sanawyny goşmaly)

Ätiýaçlandyrylan adamlaryň umumy sany______________________________ adam

Ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi:

 tötänleýin keselleme ýa-da betbagtçylykly hadysa,  şeýle hem şol hadysanyň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň aradan çykmagy;

 lukmançylyk repatriasiýasy;

 jesediň repatriasiýasy.

Ätiýaçlandyryş pul möçberi töwekgelçilikler boýunça ____________________________________________________________________

(Ätiýaçlandyrylan şahsyň biri üçin)

____________________________________________________________________________

(Ätiýaçlandyrylan şahslaryň hemmesi üçin)

Ätiýaçlandyryş möhleti     20__ -njy(i) ýylyň «____»_____________ başlanýar.

20__ -njy(i) ýylyň «____»_____________ tamamlanýar.

Edara görnüşli Ätiýaçlandyrýanyň hukuk salgysy we bank maglumatlary ýa-da fiziki tarap bolan Ätiýaçlandyrýanyň pasport maglumatlary we öý salgysy

____________________________________________________________________

____________________________________________________________________

____________________________________________________________________

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 201__-njy(i) ýylyň «___»_________- daky _____ belgili buýrugy bilen tassyklanan Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary esasynda şertnama baglaşmagy haýyş edýäris.

Biziň şu Arzada habar beren maglumatlarymyzyň doludygyny we ygtybarlydygyny şunuň bilen tassyklaýarys.

Şu Arza Ätiýaçlandyrylan şahslaryň sanawy goşulýar

Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalarynyň düzgünleri we şertleri bilen tanyşdym we razy

 

Ätiýaçlandyrýan                                                    _____________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň goly)

201__ -njy(i) ýylyň «____»_______________.

 


 

 

 

Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt

raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň

saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

2-nji goşundy

 

Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan Ätiýaçlandyrylan şahslaryň

SANAWY

 

Ätiýaçlandyryşa degişli adamyň familiýasy, ady, atasynyň ady

Bir Ätiýaçlandyrylan şahs üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi

Ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi

(%-de)

Tölemäge degişli ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy)

Tölenilendigi hakynda bellik

Bellik üçin

1

2

3

4

5

6

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Jemi

x

x

 

x

 

 

201___-njy(i) ýylyň «____» _______________.

 

Ätiýaçlandyrýan                                            __________________

(goly)

Ätiýaçlandyryjy                                               __________________

(goly)

 

 

 

 

Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt

raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň

saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

3-nji goşundy

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY

 

TÜRKMENISTANA GELÝÄN ÝA-DA WAGTLAÝYN ÝAŞAÝAN DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNYŇ WE RAÝATLYGY BOLMADYK ADAMLARYŇ SAGLYGYNY MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY    belgisi _____ tapgyry _____

 

Ätiýaçlandyryjy        ____________________________________________________________

Salgysy/telefony         ______________________________________________________________

Bank maglumatlary    ______________________________________________________________

Ätiýaçlandyrýan       ____________________________________________________________

Salgysy/telefony         ____________________________________________________________

Bank maglumatlary    ______________________________________________________________

Ätiýaçlandyrylan şahs         ______________________________________________________

Doglan senesi             ____________________________________________________________

Salgysy/telefony         ____________________________________________________________

Pasport maglumatlary ______________________________________________________________

Bähbit görüji             ____________________________________________________________

Salgysy/telefony         ____________________________________________________________

Bank maglumatlary    ______________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi:

 tötänleýin keselleme ýa-da betbagtçylykly hadysa, şeýle hem şol hadysanyň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň aradan çykmagy;” sözlemden soňra:

 lukmançylyk repatriasiýasy;

 jesediň repatriasiýasy.” sözleri goşmaly.

Ätiýaçlandyryş pul möçberi töwekgelçilikler boýunça ___________________________________

Franşiza (şertli, şertsiz) __________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) töwekgelçilikler boýunça __________________

Ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemegiň tertibi ____________________

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň güýje girmeginiň senesi we şertleri: _________________________

________________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş möhleti                     201__-njy(i)  ýylyň «____» ___________ başlanýar.

201__-njy(i)  ýylyň «____» ___________ tamamlanýar.

Beýleki şertleri _________________________________________________________________

___________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryjy ______________________________                 _______________

(goly)

M.Ý.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy 201__-njy(i) ýylyň «_____» ____________ berildi.

Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalarynyň düzgünleri we şertleri bilen tanyşdym we razy __________________

(goly)

Bellik: Ätiýaçlandyryş halaty bolan ýagdaýynda, Ätiýaçlandyrýan haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman Ätiýaçlandyryja habar bermäge borçludyr. Bir gezeklik ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) wagtynda tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan erkindir. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi Bähbit görüji tarapyndan hemme zerur resminamalar berlenden soň 15 (on bäş) iş günüň dowamynda tölenýär.

 


 

 

 

Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt

raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň

saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

4-nji goşundy

 

 

Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň geçirilmegi hakynda

ŞERTNAMA

 

Aşgabat şäheri                                                                    201__-njy(i) ýylyň «___» ____________

 

Mundan beýläk „Ätiýaçlandyryjy” diýlip atlandyrylýan, Düzgünnamanyň esasynda hereket edýän ______________________________ üsti bilen Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we mundan beýläk «Bähbit görüji» diýlip atlandyrylýan, Tertipnamanyň esasynda hereket edýän ________________________________ Baş lukmany ________________ üsti bilen,

                       (saglygy goraýyş edarasynyň ady)

mundan beýläk «Taraplar» diýlip atlandyrylyp, aşakdakylar hakynda şu Şertnamany baglaşýarlar.

 

1. Şertnamanyň esasy

 

1.1. Bähbit görüji tarapyndan şu Şertnamanyň şertlerine laýyklykda Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrylan Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara (mundan beýläk – Ätiýaçlandyrylan şahslar) tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini etmek şu şertnamanyň esasy bolup durýar.

 

2. Bähbit görüjiniň hukuklary we borçlary

 

            2.1. Şu şertnamanyň şertlerini ýerine ýetirmek üçin Bähbit görüji aşakda sanalyp geçilen hyzmatlary etmäge borçlanýar:

            - saglygy goraýyş edarasynyň mümkinçilikleriniň çäklerinde Ätiýaçlandyrylan şahsa lukmançylyk gözden geçirmesi hem-de bejerişi boýunça hyzmatlary ýerine ýetrmäge (dermanlar we stomatologiki bejeriş muňa girmeýär);

            - Ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça Ätiýaçlandyrylan şahsyň bedeninde neşe serişdeleriniň ýa-da alkogolyň barlygyny anyklamaga we bu hakda dogry maglumat bermäge;

- Ätiýaçlandyrylan şahs bilen ätiýaçlandyryş halaty bolan ýagdaýynda zerur bolan ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmäge;

- Ätiýaçlandyrylan şahs bilen ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygy hakynda özüne mälim bolan dessine, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galdyrman Ätiýaçlandyryjyny habarly etmäge;

Ätiýaçlandyrylan şahs edilen her bir tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini berk hasaba almaga;

- eger Ätiýaçlandyrylan şahs gyssagly saglygy goraýyş kömegine mätäç bolsa, tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegi ulagyny bermäge we näsagy bejeriş üçin hassahana eltilmegini amala aşyrmaga.

2.2. Bähbit görüjiniň şulara hukugy bar:

- Ätiýaçlandyrylan şahslaryň saglygy bozulan halatynda zerur bolan saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmäge;

- ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrylan şahslara geçirilen tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegi (çykdajylary, harajatlary) üçin ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga.

            2.3. Bähbit görüji şu Şertnamanyň 2.1.-nji bölüminde görkezilen borçlary ýerine ýetirmek bilen, dünýä tejribesinden ugur alyp, öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalaryny peýdalanyp, ýokary hünärli lukmanlary hem-de kiçi lukmançylyk işgärlerini çekmek bilen hereket etmelidir. Şunda saglygy goraýyş işgäriniň günäsi bilen (lukmançylyk ýalňyşy) Ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygyna ýetirilen zyýan üçin Türkmenistanyň ulanylýan kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

 

3. Ätiýaçlandyryjynyň hukuklary we borçlary

 

            3.1. Şu şertnamanyň şertlerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Ätiýaçlandyryjy borçlanýar:

- Bähbit görüji we Ätiýaçlandyrylan şahs tarapyndan ähli borçnamalar ýerine ýetirilen şertinde, Bähbit görüji tarapyndan ähli zerur resminamalar berlenden soň 15 (on bäş) günüň içinde Bähbit görüjä Ätiýaçlandyrylan şahsa geçirilen saglygy goraýyş hyzmatlary üçin ätiýaçlandyryş pul möçberini (harajatlarynyň, ýitgileriniň öwezini dolmaga) tölemäge;

- Ätiýaçlandyrylan şahslaryň bedeninde neşe jisimleriniň ýa-da alkogolyň barlygyny barlamak üçin Bähbit görüjä ýüz tutup biljek ygtyýarly wekili kesgitläp, bu hakda Bähbit görüjini ýazmaça habardar etmäge;

 -Ätiýaçlandyryjy taraplaryň ylalaşan saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary üçin hasapnamalar boýunça Bähbit görüjä edilen hyzmatlary tölemäge borçlanýar.

3.2. Ätiýaçlandyryjynyň aşakdakylara hukugy bar:

- Bähbit görüjiniň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça borçlaryny ýerine ýetirişine gözegçilik etmäge;

- ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenýänçä, öz borçlaryndan erkin bolmaga;

- Ätiýaçlandyrylan şahs ýa-da Bähbit görüji tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygy hakyndaky üstüne ýüklenen gyssagly habar bermek borjy bozulan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (harajatlaryň, ýitgileriň öwezini dolmakdan) tölemekden boýun gaçyrmaga.

 

4. Ätiýaçlandyrylan şahsyň hukuklary we borçlary

 

4.1. Ätiýaçlandyrylan şahsyň şulara hukugy bardyr:

- ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerine laýyklykda tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömeginiň edilmegini talap etmäge;

- tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömeginiň edilmändiginiň ýa-da doly däl ýa-da pes hilli saglygy goraýyş kömegiň alnandygynyň halatlary hakynda Ätiýaçlandyryja habar bermäge.

4.2. Ätiýaçlandyrylan şahs şulara borçludyr:

- ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň öz ýanynda bolmagyna we onuň abat saklanylmagy üçin alada etmäge, ony beýleki adamlara bermezlige;

- saglyk ýagdaýy bozulan halatynda Bähbit görüjä haýal etmän ýüz tutmaga we ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny bermäge, ýa bolmasa ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilen telefon boýunça özbaşdak ýagdaýda jaň etmäge we Ätiýaçlandyryjyny ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy hakynda habardar etmäge;

- bejerişiň barşynda bejeriji lukmandan alnan görkezmeleri, saglygy goraýyş edarasy tarapyndan bellenilen gün tertibini we gündelik düzgüni berjaý etmäge.

 

5. Edilen hyzmatlar üçin tölegleriň şertleri

 

            5.1. Edilen saglygy goraýyş hyzmatlary üçin töleg ätiýaçlandyryş pul möçberiniň kesgitlenen pulunda geçirilýär.

            5.2. Hödürlenilýän saglygy goraýyş hyzmatlary üçin nyrh möçberleri taraplaryň ikitaraplaýyn ýazmaça razylygy boýunça üýtgedilip bilner.

            5.3. Hyzmatlar üçin töleg edilen hyzmatlar üçin hasapnamalar alnan pursatyndan başlap 15 (on bäş) günden gijä galynman geçiriler.

            5.4. Ätiýaçlandyryş Kadalarynda ýa-da şu Şertnamada göz öňünde tutulmadyk goşmaça edilen hyzmatlar üçin tölegler Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahs tarapyndan tölenilýär.

 

 

6. Jedelleri çözmek

 

  6.1. Şu şertnama boýunça ähli jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülýär.

 

7. Jemleýji düzgünler

 

            7.1. Şu Şertnama 201__-njy(i) ý. „____” ___________ çenli möhlet bilen baglaşylýar we oňa gol çekilen pursatyndan başlap hukuk güýjüne girýär.

            7.2. Eger taraplaryň biri şu Şertnamany bozmak hakynda isleg bildirse we beýleki tarapy Şertnama bozulýança azyndan bir aý öňünden ýazmaça habardar etse, şu Şertnama birtaraplaýyn tertipde bozulyp bilner.

            7.3. Şu Şertnamanyň hereket edýän möhleti tamamlanan mahaly taraplaryň ýazmaça ylalaşygy boýunça uzaldylmasa we taraplar şu Şertnamany ýerine ýetirmegi dowam etdiren halatynda şu Şertnama ýene öňki möhlete uzaldylan diýlip hasap ediler.

            7.4. Şertnamanyň hereket edýän möhletiniň dowamynda taraplar özara ýazmaça ylalaşygy boýunça şertnama üýtgetmeler we goşmaçalar girizip bilerler.

7.5. Şu Şertnama taraplaryň her biri üçin türkmen we rus dillerinde iki nusgada resmileşdirilidi we gol çekildi, olaryň her biriniň birmeňzeş hukuk güýji bardyr.

 

8. Salgylar, bank maglumatlary

 

________________________      ____________________

________________________      ____________________

________________________      ____________________

________________________      ____________________

________________________      ____________________

 

9. Gollar we möhürler

 

________________________      ____________________

________________________      ____________________

________________________      ____________________

 

 

 

 


 

 

 

Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt

raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň

saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

5-njy goşundy

 

 

____________________________________________________________________

(welaýat, şäher, etrap)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

Bähbit görüji _________________________________________________________

___________________________________________________________________

(Bähbit görüjiniň ady we salgysy)

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberini

(ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)

tölemek barada

ARZA

 

201__-njy(i) ýylyň __________ aýynyň «____» _______ belgili ätiýaçlandyryş şahadatnamasy esasynda ätiýaçlandyrylan __________________________________

                                                                       (Ätiýaçlandyrylan şahsyň ady)

duýdansyz kesellemegi (betbagtçylykly hadysa uçramagy) bilen bagly oňa edilen tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegi (ýitgileri, harajatlary) üçin degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiňizi haýyş edýärin.

 

Tiz we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini eden saglygy goraýyş edarasy:  

 

____________________________________________________________________

(ady we salgysy)

 

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy we degişli resminamalar goşulýar.

 

201__-njy(i) ýylyň «_____»______________

 

_______________________

(Bähbit görüjiniň goly)

 

 


 

 

 

Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt

raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň

saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

6-nji goşundy

 

Ätiýaçlandyryş halaty hakynda

YKRARHATY

 

Ätiýaçlandyrylan şahsyň F.A.A.a. ________________________________________

____________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ____________________________________________________________

(tapgyrynyň belgisi we berlen senesi)

Şu ýagdaýlarda şikes aldy (aradan çykdy) __________________________________

____________________________________________________________________

____________________________________________________________________

____________________________________________________________________

____________________________________________________________________

____________________________________________________________________

____________________________________________________________________

(betbagtçylykly hadysanyň ýagdaýlarynyň gysgaça teswiri)

 

Betbagtçylykly hadysanyň bolan ýeri, senesi we wagty ________________________

Edilen saglygy goraýyş hyzmatlarynyň sanawy ______________________________

__________________________________________________________________

Edilen saglygy goraýyş hyzmatlarynyň bahasy ______________________________

____________________________________________________________________

Çykdajylaryň umumy möçberi____________________________________________

____________________________________________________________________

Ilkinji saglygy goraýyş kömegi kim tarapyndan we haçan edildi, Ätiýaçlandyrylan şahs nirä iberildi ______________________________________________________

____________________________________________________________________

(saglygy goraýyş edarasynyň ady we onuň ýerleşýän ýeri)

 

Ykrarhaty 201__-njy(i) ýylyň «____» __________ sagat ____ düzüldi.

 

Ätiýaçlandyryjy ___________________

(goly)