Betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

26.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň baş direktorynyň

2017-nji  ýylyň 26-njy maýnda çykaran

42 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

Betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalary

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 128 belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda 16/21 belgi bilen ylalaşylyp tassyklanan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler bilen

 

I. Umumy düzgünler

 

1. Şu Betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryşyň Kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyr hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda» 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy (mundan beýläk - ätiýaçlandyryjy) şu Kadalaryň esasynda kämillik ukyply fiziki şahslar (mundan beýläk - ätiýaçlandyrýanlar)  bilen ätiýaçlandyryş möhletiniň tamamlanan gününde onuň ýaşy 75 ýaşdan geçmez ýaly hasaplap betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny (mundan beýläk - ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýar, şeýle-de ätiýaçlandyryş şertnamalary kämillik ukyplylygy bolmadyk şahsyň ata-enesi ýa-da onuň hossary (howandary),beýleki dogan-garyndaşlary bilen, ätiýaçlandyryş möhleti tamamlanan gününde bu şahsyň kämillik ukyplylygyna eýe bolmazlyk şerti bilen, 1 ýaşdan 18 ýaşyna çenli şahsyň peýdasyna baglaşyp biliner.

Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy, durmuş üpjünçiligi boýunça oňa (olara) degişli pul möçberlerine we zeleliň öwezini dolmak tertibinde degişli bolan pul möçberine garamazdan, şertleşilen pul möçberini ýa-da onuň degişli bölegini ätiýaçlandyrýana ýa-da onuň bellän adamsyna (adamlaryna) tölemäge borçludyr.

3. Şu Kadalarda ulanylýan esasy adalgalar:

bähbit görüji – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini dol tölegini almaga hukugy bolan fiziki we ýuridiki şahs;

ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki we ýuridiki şahs;

ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy)Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenilýän pul möçberi;

ätiýaçlandyryş halaty ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;

ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;

ätiýaçlandyryş pul möçberi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

ätiýaçlandyrylan şahs – emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylýan fiziki ýa-da ýuridiki şahs;

franşiza umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenilýär. Şertli franşiza bellenilende ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär;

ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi (jogapkärçiligi) - ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň ýüze çykma mümkinçiligi.

betbagtçylykly hadysa - dürli daşarky ýagdaýlaryň (fiziki, himiki, tehniki we başgalar) ätiýaçlandyrylan adamynyň erkine bagly bolmazdan ýüze çykan we ätiýaçlandyrylan adamynyň bedenine zeper ýetiren, synasynyň sagdyn işlemegini

bozan ýa-da onuň aradan çykmagyna getiren anyk kesgitlemegi mümkin bolan, bir pursatda ýüze çykýan duýdansyz täsiri.

4. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşmagy boýunça şertnamanyň aýry-aýry bölümlerinde, Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän başga şertler bellenilip biler.

 

II. Ätiýaçlandyryş obýekti

 

5. Ätiýaçlandyrýanyň ömri, saglygy we işe ukyplylygy ätiýaçlandyrmak bilen baglanyşykly bolan emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.

 

III. Ätiýaçlandyryş halatlary

 

6. Şular ätiýaçlandyryş halatlary bolup durýar:

betbagtçylykly hadysa netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň alan zeperi;

tötänleýin ýiti zäherlenme, asfiksiýa (demikme), sakyrtga ýa-da sanjymdan soňky ensefalit (ensefalomielit), elektrik togy arkaly (atmosfera elektrigi bilen) zeper ýetmegi, ýylan, awuly mör-möjekleriň çakmagy, bürmek keseli, botulizm;

adamynyň synasynyň bölekleriniň (ýatgynyň, iki ýa-da bir lüläniň, ýumurtgalyklaryň) aýrylmagyna getiren patologiki çaga dogrulmagy ýa-da ýatgydan daşardaky göwrelilik;

süňkleriň tötänleýin döwük-ýenjigi, çykmagy, dişleriň gaçmagy, ýanyklar, nädogry saglygy goraýyş çäreleriniň geçirilmegi netijesinde synalaryň ýarylmagy (ýaralanmagy) ýa-da olaryň aýrylmagy.

Ýokarda sanalyp geçilen wakalar, eger olar ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ýüze çykan bolsalar, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda çykaran 135 belgili buýrugy bilen tassyklanan görnüş 195/h Delilhaty bilen tassyklanylsa, ätiýaçlandyryş halatlary diýlip ykrar edilýär.

(Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň 10-njy bölüminiň 2-nji tesimi)

7. Şu Kadalaryň 6-njy bölüminde görkezilen, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ýa-da şol wakanyň ýüze çykan gününden başlap bir ýylyň dowamynda ýüze çykan haýsydyr bir waka sebäpli ätiýaçlandyrylanyň ýogalmagy, şeýle hem ätiýaçlandyrylanyň dem alyş ýoluna keseki zatlaryň tötänleýin aralaşmagyndan, gark bolmakdan, anafilaktiki şokdan, bedeniniň aşa sowamagyndan we gyzmagyndan (sowuklama kesellerinden aradan çykmagy muňa girmeýär) ýogalmagy.

8. Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da 18 ýaşa çenli ätiýaçlandyrylan şahsyň iş ukybynyň ýitirilmegine ýa-da ýogalmagyna getiren betbatçylykly hadysa ätiýaçlandyryş halatyna degişli däldir, eger betbagtçylykly hadysalaryň sebäpleri şular bolsa:

ätiýaçlandyrýanyň, ätiýaçlandyrylan çaganyň ýa-da bellenilen beýleki adamlaryň ätiýaçlandyrýan ýa ätiýaçlandyrylan çaga ölen halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberini almak üçin bet niýetli hereketleri;

ätiýaçlandyrylan şahsyň alkogoldan, neşeden ýa-da toksiki maddadan serhoş ýagdaýda ulag serişdesini dolandyrmagy bilen baglanyşykly, şeýle hem ulag serişdesini dolandyrmagy alkogoldan, neşeden ýa-da toksiki maddadan serhoş ýagdaýdaky, ulag serişdesini dolandyrmaga hukugy bolmadyk adama bermegi netijesinde olaryň bedenine zeper ýetmegi (ýogalmagy);

öz-özüňi öldürmek (öz janyna kast etmek) netijesinde bedene zeper ýetmegi (ölmegi) ýa-da zäherlenmek, ätiýaçlandyrýanyň üçünji şahslaryň bikanun hereketleri netijesinde şeýle ýagdaýa ýetirelen halatlary muňa girmeýär;

ätiýaçlandyrylan şahsyň öz bedenine bilkastlaýyn zeper ýetirmegi.

9. Eger waka şular netijesinde bolup geçen bolsa, ol ätiýaçlandyryş halaty bolup durmaýar:

ýadro partlamasynyň, radiasiýanyň ýa-da radioaktiw zäherlenmäniň täsiri;

dürli harby we terrorçylyk hereketleri, şeýle hem köpçülikleýin bidüzgünçilikler we olaryň getirýän zyýanly netijeleri.

 

IV. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak we onuň hereket edýän möhleti

 

10. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň dil üsti ýüztutmasy ýa-da ýazmaça arzasy esasynda ätiýaçlandyryş baýragyň (onuň birinji böleginiň) tölenen güni baglaşylýar, oňa ätiýaçlandyryş şahadatnamasy (Betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiiýaçlandyyş boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnama, 1-nji goşundy) berilýär.

11. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň ylalaşygy esasynda bellenilýär.

12. Ätiýaçlandyryş şertnama baglaşylan günde sagat 24-de başlanýar we şertnamada göz öňünde tutulan möhletiň soňky gününde sagat 24-de tamamlanýar.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri görkezilýär.

13. Ätiýaçlandyrýana (ätiýaçlandyrylan şahsa) ol aradan çykan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberini almak üçin islendik adamy (ýa-da birnäçe adamlary) bellemek hukugy berilýär.

Ätiýaçlandyrylan kämillik ýaşa ýetmedik şahs aradan çykan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyrýana tölenilýär, emma ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyrylan çagany bilkastlaýyn öldüren, onuň ölmegine sebäp bolan ýagdaýda bedenine zeper ýetiren  bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyrylanyň mirasdarlaryna tölenilýär we bu ýagdaý hereket edýän kanunçylyga laýyklykda düzgünleşdirilýär.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrýan bu barada ätiýaçlandyryja gönüden-göni ýazmaça arza bermek ýa-da bu barada aýratyn görkezme düzmek bilen üçünji tarapy bellemek hakyndaky özüniň öň beren görkezmesini üýtgedip biler.

14. Är-aýalyň biriniň adyndan beýlekisine, çagalaryň adyndan ata-enelere we ata-eneleriň adyndan çagalara ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmaga we ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemäge ýol berilýär, şeýle hem, eger öz adyndan ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşýan adam Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan bolsa, başga adamynyň peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylyp bilner. Şu halatda öz adyndan ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adam ätiýaçlandyrýan diýlip ykrar edilýär, hakykatda şol şertnamany baglaşan adam bolsa ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça hiç bir hukuga eýe bolmaýar. Şol adamyň diňe ätiýaçlandyrýan aradan çykan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberini alyjy hökmünde ätiýaçlandyryş şertnamasynda özüni görkezmäge hukugy bardyr.

Betbagtçylykly hadysalaryndan ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýan babatda hem, beýleki adam babatda hem baglaşylyp bilner.

15. Öňki ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti tamamlanýança täze möhlete ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly onuň güýje girýän senesi hereket edýän şertnamanyň möhleti tamamlanýan günden soňky gelýän günden başlanylyp görkezilýär.

16. Ätiýaçlandyryş şertnamalary baglaşylmaýar:

I we II topardaky maýyplar bilen;

Onkologik kesselleri, AIDS we infesirlenen AIW kesselerinden ejir çekýan adamlar;

Kämillik ukyby ýok (çäklendirilen) şahslar bilen:

Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlar bilen;

Durnukly nerw we psihiki bozulmalar sebäpli psihonewrologiýa dispanserinde hasapda durýan adamlar bilen.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şeýle adamlar bilen baglanyşylandygy anyklanylsa, şonda şeýle şertnama baglaşylan gününden başlap hakyky däl diýlip ykrar edilýär we ätiýaçlandyrýana öz tölän ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) iş alyp barmaklygyň çykdajylaryny aýyrmak bilen, gaýtarylyp berilýär.

 

V. Ätiýaçlandyryş pul möçberi, ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy)

 

17. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyrýanyň we ätiýaçlandyryjynyň arasyndaky ylalaşyk boýunça bellenilýär.

18. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyryş pul möçberine göterimlerde bir ýyl we ondan köp möhlet üçin nyrh möçberinden ybaratdyr we şu möçberde bellenilýär:

- 0,5%-den 2,0 %-e çenli - her bir anyk ýagdaýda töwekgelçilik derejesinden we hünärden ugur alyp, uly ýaşlylar üçin (Betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiiýaçlandyryş boýunça Nyrh möçberleri, 2-nji goşundy);

- 0,2%- çagalar üçin.

19. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda ýyllyk ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi 365 güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyryşa alynýan günleriň sanyna köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) hasaplanyp çykarylýar.

20. Bir ýyldan köp möhlete baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş nyrh möçberi ätiýaçlandyryş möhletine degişlilikde köpelýär.

21. Ätiýaçlandyryş şertnamalary baglaşylanda taraplaryň ylalaşygy boýunça franşiza (ýüze çykan zeleliň öwezini dolmakda ätiýaçlandyrýanyň öz paýy) bellenip bilner.

22. Töwekgelçilik gaýtadan ätiýaçlandyryşa berilen halatynda ätiýaçlandyryş nyrhlarynyň möçberleri halkara ätiýaçlandyryş bazaryndaky töwekgelçiligiň bahalanşyny we gaýtadan ätiýaçlandyryş şertlerini hasaba almak bilen taraplaryň ylalaşygy boýunça bellenilýar.

23. Ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemegiň anyk tertibi we möhletleri ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenýär.

24. Betbagtçylykly hadysalardan şertnamalar boýunça nagt däl hasaplaşyk arkaly ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) geçirmek üçin (Betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş boýunça edaranyň wekili sanawy №3 goşundy) iki nusgada düzýär we guramanyň hasaphanasyna berýär.

25. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) birwagtyň özünde hem, iki möhlete: 50%-i ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly we 50%-i ätiýaçlandyryş şertnamasy güýje girenden soň 3 (üç) aýdan gijä galynman tölenilip bilner.

26. Eger ätiýaçlandyrylan möhletlere bölüp bölekleýin ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) soňky bölegini tölemän aradan çykan bolsa, şonda ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyryş töleginden tutulyp alynýar.

27. Eger ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) wagtynda tölenilmedik bolsa, ätiýaçlandyryjy ony tölemek üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler.

Eger iki hepdelik möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykýan bolsa we şu wagta çenli ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölemegiň möhletini geçiren bolsa, ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

28. Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasyny 3 (üç) we ondan köp senenama ýylynyň dowamynda yzygider baglaşan bolsa we munuň özi degişli ätiýaçlandyryş resminamalary bilen tassyklanylan bolsa, şonda iň soňky ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwri tamamlanandan soň ätiýaçlandyrýana ýeňillikli aý berilýär. Şol döwürde ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly töleg iň soňky ätiýaçlandyryş şertnamasynyň ätiýaçlandyryş pul möçberinden hasaplanylyp geçirilýär. Emma iň soňky ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti tamamlanandan soň bir aý geçýänçä ätiýaçlandyrýan täze ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan bolsa we şol şertnamanyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş halaty bolup geçen bolsa, töleg soňky ätiýaçlandyryş şertnamasynyň ätiýaçlandyryş pul möçberinden hasaplanylyp geçirilýär.

Ýokarda görkezilen ýagdaýlarda ätiýaçlandyrýana, eger ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmasa, ätiýaçlandyryşyň 3 (üç) senenama ýyllyk möhletinde 5%, ätiýaçlandyryşyň 4 (dört) senanama ýyllyk möhletinde 10% we ätiýaçlandyryşyň 5 (bäş) we ondan köp senenama ýyllyk möhletinde 15% indirim berilýär.

29. Eger ätiýaçlandyrýan şu Kadalaryň 2-nji goşundysyna laýyklykda öz hünärini (wezipesini) nädogry görkezip we şunuň bilen baglanyşykda onuň şu hünärdäki (wezipedäki) adamlar üçin belläninden az ätiýaçlandyryş baýragyny töländigi anyklanylsa, şonda kem alnan gatanç (baýrak) ätiýaçlandyryş töleginiň möçberinden tutulyp alynýar.

30. Eger ätiýaçlandyryş baýragy ätiýaçlandyrýanyň hünäri (wezipesi) üçin bellenilenden köp möçberde ýalňyşlyk bilen alnan bolsa, şeýle halatda ätiýaçlandyryş töleginiň möçberinden artyk alnan ätiýaçlandyryş gatanjyň (ätiýaçlandyryş baýragyň) bölegi ätiýaçlandyrýana gaýtarylyp berilýär.

 

VI. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi

 

31. Şu halatlarda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi bes edilýär:

ätiýaçlandyryş möhletiniň tamamlanmagy boýunça;

ätiýaçlandyryş şahadatnamsynda görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberi doly tölenilen halatynda;

ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen möhletlerde ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilmedik halatynda;

ätiýaçlandyrylan şahs ýogalan halatynda;

ätiýaçlandyrylan şahs Türkmenistanyň çäklerinden daşary hemişelik ýaşamaga giden halatynda.

32. Ätiýaçlandyryş şertnamasy taraplaryň biriniň islegi boýunça ýatyrylyp bilner.

 Ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen ýagdaýynda, ätiýaçlandyryjy şertnamasynyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny), edilen çykdajylary aýryp, ätiýaçlandyrýana gaýtaryp berýär.

         Eger-de ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen, ätiýaçlandyryş öwezini doluş puly tölenen bolsa, şol şertnama wagtyndan öň bes edilip bilinmez.

 

VII. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň öwezligini bermek

 

33. Ätiýaçülandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen halatynda ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasynyň esasynda, ony bermegiň çykdajylaryny tölemegi borçlandyrmak bilen, ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň nusgasy berilýär. Nusgasy berilenden soň ýitirilen ätiýaçlandyryş şahadatnamsy hakyky däl diýlip hasap edilýär we şol ätiýaçlandyryş şahadatnamsy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär.

34. Ätiýaçlandyrylan şahsyň aradan çykan halatynda ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň öwezligi bähbit görüjä berilmeýär we ätiýaçlandyryş şertnamasyndan gelip çykýan ähli meseleler ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň ätiýaçlandyryş guramasynda bar bolan nusgasynyň esasynda çözülýär.

 

VIII. Ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň tertibi

 

35. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölenilmegi baradaky talap ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan ätiýaçlandyryş guramasyna berilýär. Şol ýagdaýda şu resminamalar berilmelidir:

ätiýaçlandyrylan şahs tarapyndan bedenine zeper ýetmegi ýa-da şu Kadalaryň 6-njy bölüminde göz öňünde tutulan beýleki ätiýaçlandyryş hadysasynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly bellenilen görnüşdäki arza (Betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyr boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini almak üçin arza  4-nji goşundy), ätiýaçlandyryş şahadatnamasy bejeriş edarasynyň delilhaty (Betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyrboýunça bejeriş edarasynyň delilhaty 5-nji goşundy);

Peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan Bähbit görüji tarapyndan bellenilen görnüşdäki arza, ätiýaçlandyryş şahadatnamasy, ätiýaçlandyrýanyň aradan çykandygy hakyndaky şahadatnamanyň kepillendiriş tertibinde güwä geçilen nusgasy, ätiýaçlandyrýanyň özi aradan çykan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberini almak üçin kimi belländigi hakyndaky görkezmesi.

Ätiýaçlandyrýanyň mirasdarlary tarapyndan bellenilen görnüşdäki arza, ätiýaçlandyryş şahadatnamasy, ölüm hakyndaky şahadatnamanyň kepillendiriş tertibinde güwä geçilen nusgasy, mirasa bolan hukugy hakyndaky kepillendiriş edarasy tarapyndan berlen şahadatnama.

Ätiýaçlandyrylan çaga aradan çykan halatynda ätiýaçlandyrýan tarapyndan bellenilen görnüşdäki arza, ätiýaçlandyryş şahadatnamasy, ätýaçlandyrylan çaganyň ölümi hakyndaky şahadatnamanyň kepillendiriş edarasynda güwä geçilen nusgasy.

Ätiýaçlandyrylanyň we onuň mirasdarynyň mirasa bolan hukugy barada şahadatnama almak üçin ätiýaçlandyryja ýüz tutan halatynda, oňa notarial edarasyna tabşyrmak üçin bellenen nusgadaky delilhaty berilýär (Betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyrboýunça  notarial edarasyna tabşyrmak üçin bellenen nusgadaky delilhaty 6-njy goşundy).

36. Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary zerur halatlarda degişli anyklaýyş, derňew ýa-da kazyýet edaralaryndan maglumatlary sorap alyp bilerler.

37. Ätiýaçlandyryş pul möçberi şu halatlarda ätiýaçlandyrylan şahsyň mirasdarlaryna tölenilýär:

ätiýaçlandyrýan we görkezmede görkezilen şahs bir wagtda (bir günde) aradan çykan halatynda;

eger görkezmede görkezilen şahs ätiýaçlandyrýandan öň aradan çyksa we ol görkezmäni üýtgetmese;

eger ätiýaçlandyryş hakynda arza berlen mahaly ätiýaçlandyrýan görkezme galdyrmadyk bolsa ýa-da şertnamanyň hereket edýän döwründe ol şol görkezmäni ýatyran bolsa;

eger ätiýaçlandyrýan görkezmede ätiýaçlandyryş pul möçberiniň olaryň familiýasy görkezilmezden mirasdarlara tölenilmelidigini görkezen bolsa.

Şu bölümiň 2-nji, 3-nji, 4-nji bentlerinde görkezilen halatlarda ätiýaçlandyrýanyň mirasdarlaryna ätiýaçlandyryş pul möçberi, eger görkezmede diňe bir şahs görkezilen bolsa tölenilýär. Eger şolar birnäçe şahs bolsa ätiýaçlandyryş pul möçberini mirasa bolan hukugy barada sahadatnamasy esasynda mirasdarlaryna bellenilýär.

38. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryş tölegleriniň möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 24-nji dekabrynda çykaran 1070-nji karary bilen tassyklanylan, «Howa, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil transportynyň ýolagçylarynyň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça öwezini doluş puluny tölemek üçin şikesiň agyrlygynyň derejesini kesgitlemegiň Kadalaryna» laýyklykda hem-de bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň delilhatlary hasaplanylýar. (Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň 10-njy bölüminiň 3-nji tesimi esasynda güýjini ýitirdi)

38. Eger ätiýaçlandyrylanyň ýumşak dokumalaryna, görüş, eşidiş ýa-da peşew-jynsy ulgamynyň synalaryna zeper ýeten bolsa, ol şeýle zeper ýetmeleriň zyýanly netijelerini kesgitlemek üçin hünärmen lukmana güwä geçilmäge ätiýaçlandyryjy tarapyndan iberilip bilner.

39. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrylan şahslara tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelindäki çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan “Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine” we onuň goşundysyna laýyklykda we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda çykaran 135 buýrugy bilen tassyklanylan görnüş 195/h Delilhaty esasynda kesgitlenilýär

(Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň 10-njy bölüminiň 5-nji tesimi)

40. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan şahs, ýa-da onuň mirasdarlary (bähbit görüji) haýal etmän ätiýaçlandyryja habar etmäge borçlydyrlar.

Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölenilmegi hakyndaky arza, bu halaty tassyklaýan ähli zerur resminamalary bermek bilen, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan gününden başlap 3 (üç) ýylyň dowamynda ýüz tutulyp bilner.

41. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe bolup geçen bir ýa-da birnäçe ätiýaçlandyryş halatalary üçin tölegleriň umumy möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberinden geçip bilmez.

42. Ätiýaçlandyryş pul möçberlerini tölemek ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli zerur resminamalar alnandan soň 7 (ýedi) günüň dowamynda geçirilýär. Kämillik ýaşyna ýetmedik şahslara töleg diňe şol birwagtyň özünde bu barada hossarlyk we howandarlyk edarasyny habardar etmek bilen, onuň adyna açylan goýum hasabyna pul geçirmek arkaly tölenilýär.

43. Eger ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna jenaýatçylyk hereketler sebäp bolan bolsa, töleg hakyndaky çözgüdi kabul etmek şol iş boýunça kazyýetiň degişli karary kanuny güýje girýänçä gaýra goýlup bilner.

44. Anyklaýyş, bejeriş we öňüni alyş çäreleriniň, şol sanda dermanlary sançmagyň getirýän zyýanly netijeleri üçin, eger şol çäreler şu Kadalaryň 6-njy bölüminde göz öňünde tutulan, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe bolup geçen ätiýaçlandyryş halaty boýunça geçirilen bejeriş bilen baglanyşykly bolmasa, ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenilmeýär.

45. Eger ätiýaçlandyrylan şahs ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryja ýüz tutsa we ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny, bejeriş - öňüni alyş edarasynyň delilhatyny berse, ýöne özüne degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini alman aradan çyksa, şol pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasy peýdasyna baglaşylan şahsa ýa-da onuň mirasdarlaryna tölenilýär.

46. Kazyýet tarapyndan ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan diýlip yglan edilen mahaly ätiýaçlandyryş pul möçberi şeýle şertde, eger çözgütde ätiýaçlandyrylan adama ölüm howpy salnan ýa-da ol belli bir betbagçylykly hadysadan ýaňa heläk bolan diýip çak etmäge esas berýän ýagdaýlar mahalynda ol nam-nyşansyz ýitendigi görkezilse hem-de onuň ýitirim bolan  ýa-da heläk bolandyr diýlip çak edilýän güni ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwrüne düşýän bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenilýär.

Kazyýet tarapyndan ätiýaçlandyrylan şahs nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen mahaly ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenilmeýär.

47. Ätiýaçlandyryş pul möçberini almak üçin ätiýaçlandyrylan şahs ýa-da ony almaga hukugy bolan şahs islendik adama ynanç hatyny berip biler. Fiziki şahslara berilýän ynanç haty kepillendiriş tertibinde resmileşdirilmelidir.

 

IХ. Taraplaryň hukuklary we borçlary

 

48. Ätiýaçlandyryjynyň borçlary:

ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertleri bilen tanyşdyrmaga;

ätiýaçlandyrýana (ätiýaçlandyrylan şahsa) ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny gowşurmaga;

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyrylan şahsa ätiýaçlandyryş pul möçberini ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen tertipde hem-de möhletlerde tölemäge;

öz hünär işi netijesinde ätiýaçlandyrýan (ätiýaçlandyrylan şahs) hakyndaky alan maglumatlaryny aýan etmezlige (muňa Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlar degişli däldir).

49. Ätiýaçlandyrýan borçlary:

bellenilen möçberde we tertipde ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) wagtynda tölemäge;

betbagtçylykly hadysa ýüze çykan mahaly şeýle halatyň ýüze çykandygy hakynda ätiýaçlandyryjyny ýazmaça görnüşde habardar etmäge.

 

 

Х. Jedelleri çözmegiň tertibi

 

50. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

 


 

 

 

Betbagtçylykly hadysalardan

 meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

1-nji goşundy

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY

 

Betbagytçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş boýunça

ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY № 000-000000

 

Ätiýaçlandyryjy ________________________________________________________________________

(welaýat, şäher, etrap)

Salgysy/telefony ________________________________________________________________________

 

Bank maglumatlary ____________________________________________________________________

Ätiýaçlandyrýan_________________________________________________________________________
(F., A., Aa.)

Salgysy/telefony _________________________________________________________________________
(ýaşaýan ýeri)

Ätiýaçlandyrylan şahs ___________________________________________________________________
(F., A., Aa..)

Ätiýaçlandyrylan şahsyň doly ýaşy _____;

 

Salgysy/telefony ________________________________________________________________________
(ýaşaýan ýeri)

Işleýän (okaýan) ýeri ________________________________________ töwekgelçiligiň derejesi«_____»

(edaranyň ady, wezipesi, okuw mekdebiniň ady)

Bähbit görüji___________________________________________________________________________
(F., A., Aa., salgysy)

 

Ätiýaçlandyryş obýekti ätiýaçlandyrýanyň ömri, saglygy we işe ukyplylygy ätiýaçlandyrmak bilen baglanyşykly bolan emläk bähbitleri

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberi _________________________________________________________ manat

 

Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) _______________________________________ manat

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasy  20___ ý._____________ aýynyň «_____»-dan

20___ ý. _____________ aýynyň «_____» na (ne) çenli hereket edýär.

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we şertleri__________________________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) ikinji tölegiň möhleti________________________________________________________________________________

 

Tölenendigi barada bellik_________________________________________________________________

(tölegiň görnüşi: (nagt,nagt däl), nagt däl bolsa töleg tabşyrygyň №,senesi)

 

Beýleki şertler __________________________________________________________________________

 

 

Ätiýaçlandyryjy:

 

_________________________

(welaýat, şäher, etrap)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy

 

M.Ýe.

________________________________

_________________________

(ätiýaçlandyryjynyň goly)

Ätiýaçlandyrýan:

 

 

_________________________

(F.A.A.a.)

 

 

________________________________

_________________________

(ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

 

 

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň arka tarapy

 

Betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 20__-nji ýylyň "____"__________ çykaran ____ buýrugy bilen tassyklanyldy

Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen “___” “_________ 20 ___ý. ylalaşyldy

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy 20___ ý. «_____»________________ berildi.

 

Ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldym _________________________

(ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

Bellik: Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan bu barada ätiýaçlandyryjyny haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habardar etmäge borçludyr. Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner. Ilkinji ýa-da bir gezeklik ätiýaçlandyryş gatanç (ätiýaçlandyryş baýrak) wagtynda tölenýänçä ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.

 

 


 

 

 

Betbagtçylykly hadysalardan

meýletin ätiiýaçlandyyş Kadalaryna

2-nji goşundy

 

Betbagtçylykly hadysalaryndan meýletin  ätiýaçlandyryş

boýunça nyrh möçberleri

(1 ýyllyk ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberine %)

Töwekgelçiligiň topary

Ätiýaçlandyrylanlaryň hünäri

Nyrh möçberi

I topar

Gullukçylar, injener-tehniki işgärler, edebiýat we sungat, lukmançylyk edaralarynyň işgärleri, şeýle hem öý hojalykçylar we gönimel önümçilik bilen meşgullanmaýan beýleki şahslar,  ýokary okuw we orta hünärment mekdeplerde okaýanlar;

0,5

II topar

Agaç işläp taýýarlamakda, ýeňil senagatda, gurluşykda, oba hojalykda, gönümel önümçilik bilen meşgullanýan işgärler demirýolçylar, slesarlar, tokarlar ;

0,7

III topar

Magdan gazyp alyjy senagatda, nebiti işläp çykarýan zawotda, gurluşykda gönümel önümçilik bilen meşgullanýan işgärler, deňizçiler, türgenler, awiasiýanyň uçuş-gonuş düzümi, inkassatorlar, atçylyk zawodlaryň çapyksuwarlary, ähli görnüş goşunlaryň harby gullukçylary, şol sanda ýangyn söndürüjiler, ähli görnüş ulaglaryň sürüjileri;

1,2

IV topar

Gönümel zyýanly we howply önümçilik bilen meşgullanýanlar - partlaýyş işleri taýýarlamakda we geçirmekde, suwa çümüjilik işlerde, işini ýeriň aşagyndaky şertlerde alyp barýanlar, nebit senagatynda partlaýjy, zäherli we zyýanly gazlar bilen işleýänler, energoaragatnaşygyň işgärleri.

2,0

 

Töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende 1-den 0,2 çenli peselýän ýa-da 1-den 3-e çenli ýokarlanýan koeffisiýentleri ulanmak mümkindir.

 


 

 

 

Betbagtçylykly hadysalardan

meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna

3-nji goşundy

 

BETBAGTÇYLYKLY HADYSALARDAN ÄTIÝAÇLANDYRYŞ

Şu sanaw boýunça ___________________________________                                                    

(welaýatynyň, şäheriniň, etrabynyň)                                                    Ätiýaçlandyryş wekili ___________________________

döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň bankyň                                                                                                                       (A.A.a.F.)

______________________________________________bölümindäki                  20__-njy(i) ýylyň __________________aýynyň «______»

                                                                                                                                              №________ töleg  tabşyrygy boýunça

№__________ hasabyna geçirilmeli gatançlaryň (baýraklaryň) umumy möçberi            ____________________________ manat gelip düşde

                                                                                                                                                                      (ýazmaça)

Aýlyk iş hakyny bermek üçin bellenen gün                                                             Ätiýaçlandyryş guramasynyň            

__________________________________________                                                          baş hasapçysy ____________________________ (goly)

 

_________________________________________ iş hakyndan şu sanawyň 9-njy

(guramanyň ady)

sütüninde görkezilen möçberlerde ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) ätiýaçlandyryş

guramalarynyň hasabyna geçirilmeli işçileriniň (gullukçylarynyň)

S A N A W Y

 

t/b

 

Ätiýaçlandyrýanyň

A.A.a.F.

 

 

Ätiýaçlandy-rylanyň A.A.a.F.

Wezipesi

(hünäri),

ýaşaýan

ýeri

 

Bähbit görüji

A.A.a.F.

Ätiýaçlandyryş

şahadatnamasynyň belgisi

Nyrh

(%)

 

Ätiýaçlan-

dyryş pul

möçberi

(mаnаt)

 

 

Geçirilmäge degişli ätiýaç-

landyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy)

(manat)

Guramanyň hasaphanasy-nyň belligi

 

Ätiýaç-landyr-

ýanyň

goly

1

2

3

4

5

6

7

8

9

10

11

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

t/b

 

Ätiýaçlandyrýanyň

A.A.a.F.

 

 

Ätiýaçlan-dyrylanyň A.A.a.F.

Wezipesi

(hünäri),

ýaşaýan

ýeri

 

 

Bähbit görüji

A.A.a.F.

Ätiýaçlandyryş

şahadatnama-synyň belgisi

 

Nyrh

möçberi

(%)

 

 

Ätiýaçlan-

dyryş pul

möçberi

(mаnаt)

 

Geçirilmäge degişli ätiýaç-landyryş

gatanjy  (ätiýaçlandyryşbaýragy)

(manat)

 

Guramanyň hasaphana-synyň belligi

 

Ätiýaç-landyr-

ýanyň

goly

1

2

3

4

5

6

7

8

9

10

11

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

х

Jemi:

х

х

х

х

х

 

х

 

 

 

20 __-njy(i) ýylyň _______________ aýynyň «_____»

 

Ätiýaçlandyryş wekili _________________

 

 


 

 

 

Betbagtçylykly hadysalardan

meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna

4-nji goşundy

 

__________________________________________________________
(welaýat, şäher, etrap)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

_____________________________
(F., A.,A.a.,) _____________________________

_____________________________
(öý salgysy, telefony)

 

Meniň (meniň çagamyň) ________________________________________________ (gerek däliniň üstüni çyzmaly)                                                (F., A., Aa.,)

20__-njy(i) ýylyň _______________ aýynyň «_____» bedenine zeper ýetmegi boýunça

 

A R Z A

Özüme degişli pul möçberini ____________________________________________ ____________________________________________________________________
( nagt pul bilen ýa-da goýum hasabyna geçirmek bilen,

____________________________________________________________________ şeýle halatda şol hasabyň nomerini, bank edarasynyň adyny görkezmeli)

tölenilmegini haýyş edýärin.

Bedenime zeper ýetmeginiň halaty __________________________________ ____________________________ tarapyndan berlen delil haty bilen tassyklanyldy.

(bejeriş edarasynyň ady)

Bedenime şu ýagdaýlarda zeper ýetdi:_____________________________ ______________________________________________________________________________________________________________________________

(derňew edarasynyň ady)

bedenime zeper ýetmeginiň ýagdaýy bilen meşgullandy.

Goşulýar:

         Betbagtçylykly hadysalardan ätiýaçlandyryş boýunça _______ ätiýaçlandyryş şertnamasy (şertnamalary)

№195 görnüşli delil haty (delil hatlary)________________________________ 

_________________________________________________________________________________________

(nomerini we berlen senesini görkezmeli)

 

20___-njy(i) ýylyň ______________aýynyň “___”        _______________________
(Ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

 


 

 

 

Betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna

5-nji goşundy (Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň 10-njy bölüminiň 4-nji tesimi)

 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Edaranyň ady

HSUK boýunça kody

Görnüş şertli belligi_________Edaranyň şerli belligi___________

Saglygy goraýyş resminamasy görnüş 195/h

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda çykaran 135 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

*№ ____________delilhatyna gözegçilik bölegi

Raýat _______________________________

_____________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

Doglan senesi: güni ____aýy _____ýyly _______

20___ý_____________“_____” –den 20____. ______________”____” çenli bejergide boldy.

Keseliň kesgitlemesi (doly)______________________

____________________________________________

Öý salgysy (pasportyndaky (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamadaky) ýaşaýan ýeri boýunça bellige alnan ýerine laýyklykda, eger-de ýazga ýa-da bellige alynmadyk bolsa hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýerini görkezmeli):___________ welaýaty ______ __________ etraby _________________ şäheri ___________________ köçesi ___jaýy ____öýi

Gatnaw bejergi alan näsagyň lukmançylyk kartasynyň (kesel taryhynyň) № __________

Bejeriji lukman _______________________________

_______________________________ _______ (familiýasy, ady, atasynyň ady)                         (goly)

20__ ý____.__________________

______________________________________

*Gözegçilik bölegine berlen delilhatlaryň hasabyny ýöretmek üçin hyzmat edýär

__________________________________________________________ bermek üçin

(degişli ätiýaçlandyryş guramasynyň doly ady)

Ätiýaçlandyrýanyň (ätiýaçlandyrylan şahsyň) şikes alandygy barada saglygy goraýyş edarasynyň DELILHATY №_________

Berildi ____________ _________________________________________________

(näsagyň familiýasy, ady, atasynyň ady)

Doglan senesi: güni _______aýy _____________ýyly ______________

ýagny ol 20__ý. _________“___”–den 20__. __________”____” çenli

______________________________________________________________________

(bejeriş – öňüni alyş edaranyň ady)

Keseliň kesgitlemesi (doly): ___________________________________________________________

___________________________________________________________ýatymlaýyn ýa-da gatnaw şertlerinde bejerişde boldy (degişlisiniň aşagyny çyzmaly)

_______________________ dil üsti arkaly beren maglumatyna görä______________

 (familiýasy, ady, atasynyň ady)

______________________________________________________________________

                  (haçan, nirede we nähili şertlerde şikes alnypdyr)

______________________________________________________________________

(haçan we nähili bejeriş çäreleriniň, beýleki amallaryň geçirilendigini görkezmeli)

_______________________________________________ lukmançylyk kömegi berildi

20__ý. “___”________Bejeriji lukman: _________________________  ___________

                                                          (familiýasy, ady, atasynyň ady)        (goly)

M.Ý. Saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysy:_______________________ _________

       (familiýasy, ady, atasynyň ady)               (goly)

 

 


 

 

Arka ýüzi

Rentgen barlagynyň netijesiniň beýany (eger-de berlen bolsa) ______________________ ________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

 

GARAŞSYZ BILERMEN-LUKMANYŇ

NETIJENAMASY

 

Duçar bolan şikeslenme ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek üçin

esas bolýar ________________________________________

esas bolmaýar _____________________________________

                                (gerek däliniň üstüni çyzmaly)

 

_________ maddasy boýunça ________% __________ maddasy boýunça ________%

_________ maddasy boýunça ________% __________ maddasy boýunça ________%

_________ maddasy boýunça ________% __________ maddasy boýunça ________%

_________ maddasyna № ___________ bellik boýunça ________________%

Netijenama:

Gutarnykly _____________________________________________________________

Deslapky _______________________________________________________________

(gerek däliniň üstüni çyzmaly)

20___ ý.__________________________

 Garaşsyz bilermen - lukman: ______________________________________________  ______________________________________________________________________

                               (familiýasy, ady, atasynyň ady)                                        (goly)

_________________________ boýunça

(welaýat, etrap, şäher)

Ätiýaçlandyryş guramasy

GÜWA GEÇMEGIŇ

YKRARNAMASY

(garaşsyz bilermen-lukman tarapyndan doldurylýar)

Ätiýaçlandyrylan şahs ______________

________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

Arzy: ___________________________

_________________________________

_________________________________

_________________________________

Aýdyň maglumatlary (ýara yzlarynyň we  pigment tegmilleriniň, alabeder tegmilleriň ýerleşişi we meýdany ýa-da santimetr ölçegi, daş keşbiň durky bozulan bolsa onuň derejesi teswirlenmeli)

_______________________________________

_______________________________________

_______________________________________

Ýara yzlarynyň we pigment tegmilleriniň __ ________________________ sм 2

Alabeder tegmilleriň __________________ sм 2

________________________________

Eliň we barmaklaryň penje tarapynyň meýdany __________________________ sм 2.

 

 

 


 

 

 

Betbagtçylykly hadysalardan

meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna

6-njy goşundy

 

 

 

 

 

 

D E L I L H A T

 

 

20___ ý.«__» __________ senesinde bolup geçen betbagtçylykly hadysasynda (ätiýaçlandyryş halatynda) aradan çykdy__________________________________________ we

                                                             (aradan çykanyň F.A.A.a.)

Betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş boýunça_____________________manat möçberinde ätiýaçlandyryş pul möçberi aradan çykanyň mirasdarlaryna tölenilmäge degişli.

Şu delilhat kanunçylyk tarapyndan bellenen tertipde miras hukugy hakyndaky şahadatnamasyny resmileşdirmek üçin, döwlet notarial edarasyna berildi.

 

 

 

 

 

M.Ý.                                         _______ Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň

                                                                       direktory ___________________________

                                                                                                          (familiýasy, goly)

                                                                       20___ýylyň “_____” _______________