Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

28.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň baş direktorynyň

2017-njy ýylyň 26-njy maýyndaky çykaran

43 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri

betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 128 belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda 16/21 belgi bilen ylalaşylyp tassyklanan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler bilen

 

I. Umumy düzgünler

 

1. Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin meýletin ätiýaçlandyryş şu Kadalary (mundan beýläk - Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyr hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Kadalaryň şertlerinde Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - ätiýaçlandyryjy) edara-kärhanalar we guramalar bilen (mundan beýläk - ätiýaçlandyrýan) öz serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşýarlar (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy). Ätiýaçlandyryş şertnamalary diňe edara görnüşli taraplar bilen baglaşylýar.

3. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň işgärleriniň (mundan beýläk – ätiýaçlandyrylan şahslar) gulluk wezipelerini ýerine ýetirýän wagtyna degişlidir.

4. Şu Kadalaryň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

bähbit görüji - ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini almaga hukugy bolan fiziki şahs;

ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan ýuridik şahs;

ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) – ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenilýän pul möçberi;

ätiýaçlandyryş halaty ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;

ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;

ätiýaçlandyryş pul möçberi - ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini dol töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça  pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

ätiýaçlandyryş şahadatnamasy – ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana we (ýa-da) ätiýaçlandyrylan şahsa berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan resminama;

ätiýaçlandyrylan şahs - şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylýan fiziki şahs;

ätiýaçlandyryş şertnamasy – ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasynda baglaşylan şertnama, oňa laýyklykda belli bir wakalar (ätiýaçlandyryş halatlary) ýüze çykanda ätiýaçlandyryjylar tarapyndan ätiýaçlandyrylan pul möçberleriniň we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenilmeginiň ýa-da şertnamada görkezilen başga bir hereketiň ýerine ýetirilmeginiň maksady bilen, ätiýaçlandyrylanlara töleýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasabyna fiziki we ýuridik şahslaryň emläk we beýleki bähbitleriniň goralmagynyň terrtibi we şertleri bellenilýär;

ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi - ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň ýüze çykma mümkinçiligi;

betbagtçylykly hadysa belli bir işgäriň ýa-da işgärler toparlarynyň anyk iş wezipeleri bilen bagly bolan, saglyga zeper ýetmeleriň netijesinde işgäri başga bir işe geçirmek zerurlygyna, onuň zähmet çekmek ukubynyň wagtlaýyn ýa-da durnukly ýitirilmegine ýa-da ölmegine sebäp bolan hadysa.

5. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş  şertnamasynyň aýry

 

 

aýry bölümlerinde, Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän başga şertler bolup biler.

 

II. Ätiýaçlandyryş obýekti

 

6. Gulluk wezipelerini ýerine ýetirýän wagtynda betbatgçylykly hadysanyň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahslaryň ömri, saglygy we iş ukyby bilen baglanyşykly bolan bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.

 

III. Ätiýaçlandyryş halatlary

 

7. Ätiýaçlandyryş şertnamanyň hereket edýän döwründe we ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligini göz öňünde tutýän şu aşakdaky halatlar bolup biler:

a) ätiýaçlandyrylan şahsyň önümçilikde öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirilen wagty betbagtçylykly hadysasy netijesinde ýogalmagy;

b) ätiýaçlandyrylan şahsyň önümçilikde öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirilen wagty betbagtçylykly hadysasy netijesinde ýogalmagy ýa-da şikes almagy;

ç) ätiýaçlandyrylan şahsyň önümçilikde öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirilen wagty betbagtçylykly hadysasy netijesinde alan şikesiniň maýyplyga getirmegi ýa-da ýogalmaga;

d) ätiýaçlandyrylan şahsyň önümçilikde öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirilen wagty betbagtçylykly hadysasy netijesinde ýogalmagy ýa-da şikes almagy şol sanda işe gelýän we işden gaýdyp barýan wagtynda.

 

IV. Ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

8. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryjynyň çekýän jogapkärçiliginiň çägi ätiýaçlandyryş pul möçberi bolup durýar.

9. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyrýanyň we ätiýaçlandyryjynyň arasyndaky ylalaşyk boýunça bellenilýär.

10. Ätiýaçlandyrylan işgäre (ätiýaçlandyrylan işgäriň mirasdüşerlerine) ölüm ýa-da şikes sebäpli tölenilmeli ätiýaçlandyryş pul möçberi durmuş üpjünçiligi boýunça degişli bolan pul möçberlerine garamazdan tölenilýär.

 

V. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

 

11. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryjynyň ýerine ýetirýän ätiýaçlandyryş hyzmatlary üçin tölegdir. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşanda ätiýaçlandyryjynyň hasabyna ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) geçirýär.

12. Ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberine, ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine bagly bolup durýar we edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin meýletin ätiýaçlandyryş boýunça ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberine laýyklykda bellenilýar (1-nji goşundy).

Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda ýyllyk ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi 365 güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyryşa alynýan günleriň sanyna köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) hasaplanyp çykarylýar.

13. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) birwagtda ýa-da iki möhletde: 50%-i ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly we 50%-i ätiýaçlandyryş şertnamasy güýje girenden soň 3 (üç) aýdan gijä galynman tölenilip bilner.

14. Eger ätiýaçlandyryş şertleri bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bellenen walýutada tölenilýär.

15. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda tölenýänçä ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan erkindir.

Eger ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda geçirilmese, ätiýaçlandyryjy şonuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir.

Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şu wagta çenli ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatanj (ätiýaçlandyryş baýrak) geçirmegini ýa-da göterimler tölemegini gijikdirse, ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

Eger ätiýaçlandyrýan möhletlere bölüp bölekleýin ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) soňky bölegini tölemän aradan çykan bolsa, şonda ätiýaçlandyryş gatanjyň (ätiýaçlandyryş baýragyň galan böleginden) ätiýaçlandyryş töleginden tutulyp alanýar.

 

VI. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmaklygyň tertibi

we onuň hereket edýän möhleti

 

16. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az, 1 ýyla baglaşylýar. Ätiýaçlandyryş şertnamasy äiýaçlandyrýanyň iki nusgada doldurylan bellenen görnüşdäki ýazmaça arzasynyň esasynda baglaşylýar. Arza guramanyň ýolbaşçysy (onuň orunbasary) tarapyndan gol çekilýär we möhür goýulýar (2-nji goşundy).

Arza ätiýaçlandyrýanyň ýolbaşçysynyň we baş hasapçysynyň gol çeken ätiýaçlandyryşa degişli bolan işgärleriniň sanawy goşulýar (3-nji goşundy). Sanawyň biri ätiýaçlandyrýanyň buhgalteriýasynda galdyrylýar we ätiýaçlandyryş hakyndaky arzanyň nusgasy bilen saklanylýar.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenen pursatyndan baglaşylan hasap edilýär.

17. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ýa-da onuň birinji bölegi tölenilende ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana öz aralarynda baglaşylan ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny baglaşylandygyny tassyklaýan ätiýaçlandyryş şahadatnama berýär (4-nji goşundy).

Ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemegiň anyk tertibi we möhletleri ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenýär.

18. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilende ýa-da ýok edilende ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjydan öwezligi talap edip biler. Öwezligi bermek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyrýan çekýär.

Öwezligi resmileşdirilip we berlenden soň ýitirilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy hakyky däl diýlip hasap edilýär.

19. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe işgär işden boşadylsa we olaryň ýerine täze işgär alynsa, boşan işgärleriň ätiýaçlandyryşy boşadylan gününden ýatyrylýar, olaryň ýerine täze işe gelenleriňki bolsa işe kabul edilen gününden başlanýar.

Bu ýagdaýda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja sanawdan aýrylmaly we sanawa girizilmeli işgärleriň familiýasyny, adyny we atasynyň adyny ýazmaça habar bermäge borçludyr. Ätiýaçlandyrýan tarapyndan bu işgärler üçin ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) goşmaça tölenilmeýär. Emma sanawa täze girizilen işgärler boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň tölegleri ätiýaçlandyryjy tarapyndan olardan öň işlän işgärlere tölenen tölegleri hasaba almak bilen tölenilýär. Munda ätiýaçlandyryş möhleti öňküligine galýar.

Işgärleriň sanynyň üýtgemekligi sebäpli geçen ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragyň) gaýtadan hasaplamasy geçirilmeýär.

20. 3 (üç) we ondan köp senenama ýylynyň dowamynda ätiýaçlandyryş şertnamalaryny yzygider baglaşan we bu möhletiň dowamynda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almadyk ätiýaçlandyrýanlara indiki möhlete täze ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşanlarynda hasaplanan ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragyň) möçberinden ätiýaçlandyryşyň üç ýyllyk möhletinde 5%, ätiýaçlandyryşyň dört ýyllyk möhletinde 10% we ätiýaçlandyryşyň bäş ýyllyk we ondan ýokary möhletinde 15% indirim almaklyga hukuklary bar.

21. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan gününde sagat 24-de başlanýar we şertnamada göz öňünde tutulan möhletiň soňky gününde sagat 24-de gutarýar.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri görkezilýär.

 

VII. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi

 

22. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

hereket edýän möhleti geçende;

ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;

şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;

ätiýaçlandyrýan ýuridik şahsyň işi togtadylanda, bes edilende ýa-da ol ýatyrylanda;

ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Kadalarda göz öňünde tutulan borçlary berjaý edilmedik ýagdaýynda.

23. Eger şertnamada bu göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyrýanyň talaby ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna  gaýtaryp berýär.

Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda eger ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

 

VIII. Gaýtadan ätiýaçlandyr

 

24. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga Ätiýaçlandyryjyda (Gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.

Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän Ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan Ätiýaçlandyryjynyň (Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda Gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň  Ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.

Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak - Türkmenistanyň Gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da Ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde  ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.

Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda Ätiýaçlandyrýan bilen Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahsyň talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, Bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.

Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyrylyşa berlen halatynda ätiýaçlandyryşyň nyrhynyň möçberi ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.

 

IX. Taraplaryň borçlary

 

25. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:

ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyş etmäge;

ätiýaçlandyrýan tarapyndan görlen çäreleriň netijesinde, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň peselmegi ýa-da ýokarlanmagy onuň ýetirip biläýjek zyýanynyň möçberiniň üýtgemegi sebäpli, şeýle hem ätiýaçlandyrýanyň çalşyrylmagy bilen baglanyşykly, ätiýaçlandyrýanyň arzasy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny täzeden baglaşmaga;

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada bellenilen möhletde ätiýaçlandyrýana ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;

ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan Ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyryjynyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) öz wagtynda tölenilmändigi üçin, şeýle hem ätiýaçlandyryjynyň işgärleriniň günäsi bilen, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletinden öň bes edilenligi üçin ätiýaçlandyrýana jerime tölemek arkaly maddy jogapkärçiligini çekýär, onuň möçberi her bir anyk ýagdaýda ätiýaçlandyryşyň şertleri ýa-da düzgünleri esasynda ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda taraplaryň ylalaşygy bilen kesgitlenýär.

26. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:

ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyrylan obýekt boýunça borçnamalara baha kesmek üçin özüne mälim möhüm ähmiýeti bolan ýagdaýlaryň ählisi barada, şonuň ýaly-da ätiýaçlandyryş halatyň ýüze çykma töwekgelçiligi artýanlygy barada ätiýaçlandyryja habar bermäge. Soňky ýagdaýda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberiniň köpeldilmegini talap etmäge ýa-da birtaraplaýyn tertipde ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes etmäge haky bardyr;

ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) bellenilen tertipde tölemäge;

ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regress talabyny bildirmek üçin ätiýaçlandyryja bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;

ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri  görmäge.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyrýanyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

X. Ätiýaçlandyryş pul möçberlerini tiýaçlandyryş öwezini

doluş tölegi) tölemekligiň tertibi

 

27. Ätiýaçlandyryş pul möçberini tiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak barasyndaky talap ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan ätiýaçlandyryja bellenen görnüşdäki arzany bermek arkaly bildirilýär (5-nji goşundy).

28. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda äiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan şahs haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada ätiýaçlandyryja habar bermäge we aşakdaky resminamalary bermäge borçludyr:

ätiýaçlandyrylan şikes alanda - ätiýaçlandyryş pul möçberini almak hakyndaky arza (5-nji goşundy), ätiýaçlandyrýan tarapyndan düzülen betbagtçylykly hadysa hakyndaky ykrarnama (B-1 görnüş), Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda çykaran 135 belgili buýrugy bilen tassyklanylan görnüş 195/h Delilhaty;

ätiýaçlandyrylan şahsyň maýyplyk almagy - ätiýaçlandyryş pul möçberini almak hakyndaky arzany (5-nji goşundy), ätiýaçlandyrýan tarapyndan düzülen betbagtçylykly hadysa hakyndaky ykrarnamany (B-1 görnüş), HMAT (hemaýata mätäçligi anyklaýan topar) beren maýyplygyň toparynyň delilhatynyň nusgasy;

ätiýaçlandyrylan aradan çykanda ätiýaçlandyryş pul möçberini almak hakyndaky arzany (5-nji goşundy), ätiýaçlandyrýan tarapyndan düzülen betbagtçylykly hadysa hakyndaky ykrarnamany (B-1 görnüşde), ölüm hakyndaky şahadatnamanyň kepillendiriş edarasynda güwä geçilen nusgasyny, mirasa bolan hukugy hakyndaky notarial edarasy tarapyndan berlen şahadatnamany.

Ätiýaçlandyrylan şahsyň ölümi halatynda bähbit görüjä (mirasdarlaryna) öň tölenen ätiýaçlandyryş üpçünçiligini aýyrmak bilen ätiýaçlandyryş pul möçberi doly tölenilýär.

Eger ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş halatyň bolup geçmegi bilen ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny görkezip ýüz tutandan soň degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini alman ýogalan bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberini bähbit görüja ýa-da mirasdarlaryna tölenilýär.

Ätiýaçlandyrylanyň mirasdarlaryna mirasa bolan hukugy barada şahadatnama almak üçin ätiýaçlandyryja ýüz tutan halatynda, oňa notarial edarasyna tabşyrmak üçin bellenen nusgadaky delilhaty berilýär (6-njy goşundy).

Ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemekligiň meselesini çözmeklik üçin ätiýaçlandyryjy zerur halatlarda ätiýaçlandyrýandan beýleki resmi namalary, şol sanda derňew ýa-da kazyýet edaralarynyň maglumatlaryny sorap alyp biler.

29. Şu Kadalaryň 7-nji bölüminde göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrylan şahslara tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelindäki çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine we onuň goşundysyna laýyklykda we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda çykaran 135 belgili buýrugy bilen tassyklanylan görnüş 195/h Delilhaty esasynda kesgitlenilýär.

(Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 128 belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 16/21 belgi bilen ylalaşylyp tassyklanan)

30. Eger ätiýaçlandyrylana ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe betbagtçylykly hadysanyň netijesinde maýyplygyň topary bellenen bolsa, onda ätiýaçlandyryş pul möçberi aşakdaky ýaly tölenilýär:

I topardaky maýyplara – ätiýaçlandyryş pul möçberiniň   80%-i möçberinde;

II topardaky maýyplara – ätiýaçlandyryş pul möçberiniň  60%-i möçberinde;

III topardaky maýyplara – ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 40%-i möçberinde.

Ätiýaçlandyrylan işgär işden çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryja işden çykanyndan soň 1 (bir) ýyl geçmänkä, maýyplyk boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini almak hakyndaky arza bilen ýüz tutup biler, eger maýyplyk ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän we ätiýaçlandyrýanda işleýän döwründe bolan bolsa.

31. Eger bejeriş döwürde şikesiň ahyrky agyrlyk derejesini kesgitlemek mümkin bolmasa, onda ätiýaçlandyrylanyň islegi boýunça ol deslapdan kesgitlenip, oňa hakujy hökmünde tölenilip bilner. Bu hakujy ahyrky anyklamanyň netijesi boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenende ondan tutulyp alynýar.

32. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrylanyň alan bir ýa-da birnäçe şikesleri boýunça tölenilmeli tölegleriň umumy möçberi ouň ätiýaçlandyrylan pul möçberinden ýokary bolup bilmeýär.

33. Ätiýaçlandyryş pul möçberi betbagtçylykly hadysanyň bolandygyny tassyklaýan ähli zerur resminamalar alnandan soň ätiýaçlandyryjy tarapyndan 7 (ýedi) günüň dowamynda tölenilýär.

Ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemekden ýüz döndirse ätiýaçlandyryjy 7 (ýedi) gün möhletde ýüz döndermegiň sebäbini görkezmek bilen ätiýaçlandyrýany bu hakda habardar edýär.

34. Ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan ätiýaçlandyryş pul möçberini almak üçin arza bilen ýüz tutanda ätiýaçlandyryjy arzany işgärleri betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin meýletin ätiýaçlandyryş boýunça pul möçberlerini tölemek we arzalary hasaba almak žurnalynda hasaba almaga (7-nji goşundy), şu Kadalaryň 16-njy bölüminde görkezilen resminamalaryň doldurylyşynyň dogrulygyny we dolulygyny barlamaga borçlydyr.

35. Işgärleri edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin meýletin ätiýaçlandyryş şertnama boýunça talaplar ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy degişli resminamalar bilen tassyklanýan ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan gününden başlap 3 (üç) ýylyň dowamynda ätiýaçlandyryja bildirilip bilner.

 

XI. Ätiýaçlandyryş öwezini dolmakdan ýüz dönderilmegi

 

36. Eger ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:

ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;

ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan şahs tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;

ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan adam hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;

öz-özini öldürmek (janyna kast etmek), ätiýaçlandyrylan üçünji taraplaryň bikanun hereketleri netijesinde şeýle ýagdaýa ýetirilen halatlary muňa girmeýär;

ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanşykda durýan bolsa.

Bölekleýin ýüz döndirmegiň möçberi ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenýär we ätiýaçlandyryş kadalarynda ýa-da şertlerinde takyklanyp bilner.

 

XII. Jedelleri çözmekligiň tertibi

 

37. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 


 

 

 

Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri

betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin

meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna

1-nji goşundy

 

Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin meýletin ätiýaçlandyryş boýunça

ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri

(1 ýyllyk ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberine %)

 

Ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi

 

Nyrh möçberleri

%-de

1) ätiýaçlandyrylan şahsyň önümçilikde öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirilen wagty betbagtçylykly hadysasy netijesinde ýogalmagy

 

 

0,5

2) ätiýaçlandyrylan şahsyň önümçilikde öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirilen wagty betbagtçylykly hadysasy netijesinde ýogalmagy ýa-da şikes almagy

 

 

0,7

3) ätiýaçlandyrylan şahsyň önümçilikde öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirilen wagty betbagtçylykly hadysasy netijesinde alan şikesiniň maýyplyga getirmegi ýa-da ýogalmaga

 

 

0,9

4) ätiýaçlandyrylan şahsyň önümçilikde öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirilen wagty betbagtçylykly hadysasy netijesinde ýogalmagy ýa-da şikes almagy şol sanda işe gelýän we işden gaýdyp barýan wagtynda

 

 

1,2

 

 

Töwekgelçiligiň derejesinden we ätiýaçlandyryş pul möçberinden ugur almak bilen her bir anyk halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende peselýan (0.5-den 1-e çenli) we ýokarlanýan (1-den 5-e çenli) koeffisiýentleri ulanylmagy mümkindir.

 

 


 

 

 

Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri

betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin

meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna

2-nji goşundy

________________________________

(welaýat, şäher, etrap)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

 

Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri

betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin meýletin ätiýaçlandyryş boýunça

ARZA

 

Ätiýaçlandyrýan _________________________________________________________________

(edaranyň, guramanyň we kärhananyň ady)

Salgysy/Telefony _________________________________________________________________

 

Bank maglumatlary ______________________________________________________________

 

20__ ýylyň ______________ „ _____”-dan 20__ ýylyň________________ „_______” aralygyna

edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagy haýyş edýär.

 

Töwekgelçiliginiň atlary:

q ätiýaçlandyrylan şahsyň önümçilikde öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirilen wagty betbagtçylykly hadysasy netijesinde ýogalmagy;

q ätiýaçlandyrylan şahsyň önümçilikde öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirilen wagty betbagtçylykly hadysasy netijesinde ýogalmagy ýa-da şikes almagy;

q ätiýaçlandyrylan şahsyň önümçilikde öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirilen wagty betbagtçylykly hadysasy netijesinde alan şikesiniň maýyplyga getirmegi ýa-da ýogalmaga;

q ätiýaçlandyrylan şahsyň önümçilikde öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirilen wagty betbagtçylykly hadysasy netijesinde ýogalmagy ýa-da şikes almagy şol sanda işe gelýän we işden gaýdyp barýan wagtynda.

 

Ätiýaçlandyryşa degişli bolan işgärler                                                                      Adam sany

______________________________________                                                      _______________

______________________________________                                                      _______________

______________________________________                                                      _______________

 

1. Ätiýaçlandyryşa degişli bolan ätiýaçlandyrylan şahslar sany ________________________ adam*

 

2. Bir ätiýaçlandyrylan şahsa düşýän ätiýaçlandyryş pul möçberi ___________________________

(walýutanyň görnüşi)

3. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň jemi ________________________________________________

(walýutanyň görnüşi)

4. Geçirilmeli ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) _____________________________

(walýutanyň görnüşi)

Beýleki zerur maglumatlar __________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryşa degişli bolan işgärleriniň düzümi we sany üýtgän ýagdaýynda degişli üýtgeşmeleri girizmäge borçlanýar. Arza ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

 

Ätiýaçlandyrýan                                                                                _____________________

(ýolbaşçynyň goly)

M.Ý.                                                                                           _____________________

20__ ýylyň ______________ „_____”                                                              (baş hasapçynyň goly)

 

*Işgärleriň sanawy goşulýar.

 


 

 

 

Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri

betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin

meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna

3-nji goşundy

 

Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin meýletin ätiýaçlandyryşa degişli bolan

 

ÄTIÝAÇLANDYRYLAN IŞGÄRLERIŇ SANAWY

 

________________________________________________________________________________

(edaranyň, guramanyň we kärhananyň doly ady)

 

 

Ätiýaçlandyryşa degişli bolan işgäriň

F.A.A.a.

 

Wezipesi

(käri)

Ätiýaçlandyryş pul möçberi

Nyrh möçberi

Geçirilmäge degişli ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy)

Tölenen-digi hakynda bellik

1

2

3

4

5

6

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Jemi:

x

x

x

 

x

 

20__ ýylyň ______________ aýynyň „_____”

 

Edaranyň, guramanyň, kärhananyň

ýolbaşçysy                                                                                         _____________________

(goly)

Baş hasapçy                                                                                                  _____________________

(goly)

 


 

 

 

Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri

betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin

meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna

4-nji goşundy

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY

EDARA-KÄRHANALARYŇ SERIŞDELERINIŇ HASABYNA IŞGÄRLERI

BETBAGTÇYLYKLY HADYSALARDAN KÖPÇÜLIKLEÝIN MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞ BOÝUNÇA ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY №000-0000000

 

Ätiýaçlandyryjy _________________________________________________________________________

(welaýat, şäher, etrap)

Salgysy/Telefony ________________________________________________________________________

 

Bank maglumatlary _____________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyrýan ________________________________________________________________________ (edaranyň, guramanyň we kärhananyň ady)

______________________________________________________________                ________________

(salgysy)                                                                                                       (telefony, faksy)

Bank maglumatlary _____________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyrylan işgärleriň sany ______________________________________________________ adam

 

Bähbit görüji __________________________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady we salgysy)

 

Ätiýaçlandyryş obýekti                      Ätiýaçlandyrylan işgärleriň ömri, saglygy we işe ukyplylygy

 

Umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi ____________________________________________________

(walýutanyň görnüşi)

Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ____________________________________________

(walýutanyň görnüşi)

Ätiýaçlandyryş şertnamasy 20___ ý._____________ aýynyň «_____»-dan

20___ ý. _____________ aýynyň «_____» na (ne) çenli hereket edýär.

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we şertleri

_______________________________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) ikinji ýarymyny tölemeg möhleti ________________________________________________________________________

 

Tölenendigi barada bellik _________________________________________________________________

(tölegiň görnüşi: (nagt,nagt däl), nagt däl bolsa töleg tabşyrygyň №,senesi)

 

Beýleki şertler __________________________________________________________________________

 

 

Ätiýaçlandyryjy:

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy

 

_________________________

(welaýat, şäher, etrap)

 

M.Ýe.

________________________________

_________________________

(ätiýaçlandyryjynyň goly)

Ätiýaçlandyrýan:

 

 

_________________________

(F.A.A.a. ýa-da kärhananyň ady)

 

M.Ýe.

________________________________

_________________________

(ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň arka tarapy

 

Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 20__-nji ýylyň "____"__________ çykaran ____ buýrugy bilen tassyklanyldy

Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen “___” “_________ 20 ___ý. ylalaşyldy

 

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy 20___ ý. «_____»________________ berildi.

 

Ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldym        _______________________

(ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

Bellik: Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan bu barada ätiýaçlandyryjyny haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habardar etmäge borçludyr. Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner. Ilkinji ýa-da bir gezeklik ätiýaçlandyryş gatanç (ätiýaçlandyryş baýrak) wagtynda tölenýänçä ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.

 

 


 

 

 

Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri

betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin

meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna

5-nji goşundy

 

 

________________________________________________________________________
(welaýat, şäher, etrap)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

_______________________________________ 

_______________________________________

_____________________________________________________________________________

(ätiýaçlandyrýanyň/ätiýaçlandyrylanyň şahs)

 

A R Z A

 

Bedene zeper ýetmegi sebäpli ____________________________________________

(ätiýaçlandyrylanyň şahsyň F. A. Aa.)

20__ýylyň _______________ aýynyň «_____» maňa degişli pul möçberini ________

____________________________________________________________________

(şulary görkezmeli: goýum hasaba, hasabyň nomeri, bank edarasynyň ady)

____________________________________________________________________

tölemegiňizi haýyş edýärin.

Bedene zeper ýetmeginiň halaty ________________________________________

(bejeriş edarasynyň ady)

_____________________________ tarapyndan berlen delil haty bilen tassyklanyldy.

Bedene zeper aşakdaky ýagdaýlarda ýetdi _____________________________________ ________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

________________________________________________________________________________

(derňew edarasynyň ady)

bedenime zeper ýetmegi boýunça derňew:_____________________________ geçirdi

 

Goşulýar:

_______ ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (şahadatnamalaryny)

delil haty (delil hatlary) _________________________________________________

(belgisini we berlen senesini görkezmeli)

Öň ätiýaçlandyryş pul möçberini ___________________________________________________________

(ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýeti we ätiýaçlandyryş pul möçberi görkezilýär)

_____________________________________________________________  alypdym _____ (howwa, ýok)

 

20__ ýylyň ______________ aýynyň «_____»          _________________________
(ätiýaçlandyrýantiýaçlandyrylanyň şahs goly)

 

 

 


 

 

 

Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri

betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin

meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna

6-njy goşundy

 

 

 

D E L I L H A T

 

 

20___ ý.«__» __________ senesinde bolup geçen betbagtçylykly hadysasynda (ätiýaçlandyryş halatynda) ____________________________________________ aradan çykdy we

(aradan çykanyň F.A.A.a.)

Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin meýletin ätiýaçlandyryş boýunça _____________________ manat möçberinde ätiýaçlandyryş pul möçberi aradan çykanyň mirasdüşerlerine tölenilmäge degişli.

Şu delilhat kanun tarapyndan bellenen tertipde miras bolan hukugy hakyndaky şahadatnamasyny resmileşdirmek üçin, döwlet notarial edarasyna berildi.

 

 

 

 

 

M.Ý.                               _____________ Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň

direktory ___________________________

(familiýasy, goly)

                                                                       20___ ýylyň “_____” _______________

 

 

 


 

 

 

Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri

betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin

meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna

7-nji goşundy

 

Arzalary we tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberlerini bellige almaklygyň

ŽURNALY

 

t.b.

Guramanyň ady

Ätiýaçlandyryla-nyň F.A.A.a.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-nyň we senesi

Ätiýaçlandyryş halatynyň bolan senesi

Ätiýaçlandyryş tölegleri

Tölenilmeli pul möçberi

Şikes boýunça

Ölüm sebäpli

1

2

3

4

5

6

7

8