Kosmos işini meýletin ätiýaçlandyrmagyň Kadalary
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň baş direktorynyň
2017 ýylyň 26-njy maýyndaky çykaran
44 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy
Kosmos işini meýletin ätiýaçlandyrmagyň Kadalary
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 128 belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda 16/21 belgi bilen ylalaşylyp tassyklanan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler bilen
1. Umumy düzgünler
1. Kosmos işini meýletin ätiýaçlandyrmagyň şu Kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, “Ätiýaçlandyryş hakynda”, “Kosmos işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, “Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
2. Şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk – Ätiýaçlandyryjy), Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslar bilen (mundan beýläk – Ätiýaçlandyrýan) kosmos işini meýletin ätiýaçlandyrmagyň şertnamalaryny (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar.
3. Şu Kadalaryň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
bähbit görüji – Türkmenistanyň kanunçylygyna ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;
ätiýaçlandyryjy – ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;
ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) – Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenilýän pul möçberi;
ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;
ätiýaçlandyryş pul möçberi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;
franşiza – umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenilýär. Şertli franşiza bellenilende ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär;
üçünji taraplar – ätiýaçlandyryşdan gelip çykýan amallara çekilen hem-de ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ömrüne, saglygyna zelel we emlägine zyýan ýetirilen, şu Kadalara laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) alyjy bolup durýan, hukuk gatnaşyklarynyň taraplary;
raýat-hukuk jogapkärçiligi ätiýaçlandyrmasy – ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýany jogapkärçilikden boşatmaga borçludyr, bu borçnama ätiýaçlandyryş döwründe dörän jogapkärçilik babatda onuň üstüne üçünji şahsyň öňünde jogapkärçilik ýükleýär.
kosmos işi – ylmy, ykdysady, ekologiýa, maglumat we täjirçilik maksatlaryna ýetmek üçin, şeýle hem Türkmenistanyň goranmagyny we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin kosmos giňişligini barlamaga we peýdalanmaga gönükdirilen iş;
kosmos giňişligi – deňiz derejesinden ýüz kilometrden ýokary belentlikde howa giňişliginiň çäklerinden daşyna uzalýan giňişlik;
kosmos işiniň subýektleri – Türkmenistanyň çäginde kosmos işini amala aşyrýan Türkmenistanyň ýuridik we (ýa-da) fiziki şahslary, şol sanda daşary ýurtly, şeýle hem halkara guramalary;
kosmos işiniň obýektleri (kosmos tehnikasy) – kosmos ulgamynyň elementleri, kosmos giňişligini barlamak we peýdalanmak maksady bilen, hem kosmos giňişliginde, hem Ýeriň üstünde taslanylýan, taýýarlanylýan we ulanylýan emeli gelip çykyşly maddy närseler;
kosmos obýekti – kosmos apparaty we (ýa-da) ony kosmos giňişligine çykarýan serişde we olaryň düzüm bölekleri;
kosmos apparaty – kosmos giňişligini barlamak we (ýa-da) peýdalanmak bilen kosmos giňişligine çykarmak üçin niýetlenen uçujy tehniki gurluş;
ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýekti – kosmos işi amala aşyrylanda ulanylýan ýerüsti desgalar we tehnika;
kosmos hyzmatlary – kosmos işiniň obýektlerini we kosmos tehnologiýalary peýdalanmak bilen edilýän hyzmatlar;
hemra nawigasiýasy – global nawigasiýa hemra ulgamyny peýdalanmak bilen nawigasiýanyň wezipelerini çözmek işi;
global nawigasiýa hemra ulgamy – ýerüsti, suw we howa obýektleriniň koordinata-wagtlaýyn parametrlerini (geografik koordinatalar we deňiz derejesinden ýokary belentlik, hereketiň tizligi, ugry we wagty) kesgitlemek üçin niýetlenen kosmos ulgamy;
ýokary takyklykdaky hemra nawigasiýasynyň ulgamy – ýeriň üstünde we (ýa-da) kosmos giňişliginde ýerleşdirilen tehniki serişdelerini öz içine alýan global nawigasiýa hemra ulgamynyň ýerine ýetirýän işine goşmaçalar;
hemra nawigasiýa hyzmatlary – ýerüsti, suw we howa obýektleriniň koordinata-wagtlaýyn parametrlerini kesgitlemek boýunça goşmaça (standart berilýän global nawigasiýa hemra ulgamlaryna degişlilikde) hyzmatlara bolan islegleri kanagatlandyrmaga gönükdirilen iş;
Ýeriň uzak aralykdan zondirlenmegi – gury ýeriň, suw üstiniň we atmosferanyň elementleriniň öz hususy we serpikme şöhlelenmesine kosmos giňişliginden syn etmek we ölçemek arkaly Ýeriň üsti hakynda maglumaty almak işi;
kosmos apparatynyň transponderi – kosmos apparatynda oturdylan we Ýer – kosmos – Ýer signallaryny alyp eşitdirmek üçin niýetlenen radio kabul ediji geçiriji enjamlaryň jemi.
4. Kosmos işini amala aşyrýan, kosmos tehnikasyndan peýdalanýan ýa-da olaryň buýurmasy boýunça kosmos tehnikasyny döretmegi we peýdalanmagy amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar kosmos tehnikasyny (kosmos tehnikasynyň ýitmeginiň ýa-da oňa zyýan (zelel) ýetmeginiň töwekgelçiligini) meýletin ätiýaçlandyryşy, ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleriniň işgärlerini şahsy ätiýaçlandyryşy, şeýle hem üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna ýa-da emlägine ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkärçiligi ätiýaçlandyryşy geçirýärler.
5. Şu Kadalara laýyklykda aşakdakylar ätiýaçlandyrylyp bilner:
a) Kosmos işi amala aşyrylanda peýdalanylýan emläk.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy kanunyň, beýleki kadalaşdyryjy namanyň ýa-da şertnamanyň esasynda ätiýaçlandyrylan emlägi gorap saklamakda bähbidi bolan şahsyň (ätiýaçlandyrýanyň ýa-da bähbit görüjiniň) peýdasyna baglaşylýar.
Ätiýaçlandyrýanyň (bähbit görüjiniň) eýeçilik, hojalygy ýöretmek, dessin dolandyrmak hukugynyň esasynda, kärende şertnamasy ýa-da beýleki kanuny esaslar boýunça eýelik edýän, peýdalanýan, ygtyýar edýän emlägi ätiýaçlandyrmak üçin kabul edilýär.
b) Ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleriniň işgärleri.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýan tarapyndan betbagtçylykly wakanyň netijesinde zyýan ýetirilip bilinjek özüniň ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleriniň işgärleriniň (mundan beýläk ätiýaçlandyrylanlar) peýdasyna baglaşylýar.
ç) Kosmos işi amala aşyrylanda üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna ýa-da emlägine ýetirilen zyýan (zelel) üçin raýat-hukuk jogapkärçiligi.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyrýanyň özüniň ýa-da şunuň ýaly jogapkärçilik üstüne ýüklenip bilinjek başga bir tarapyň (şahsyň) raýat-hukuk jogapkärçiligi ätiýaçlandyrylyp bilner. Raýat-hukuk jogapkärçiligi töwekgelçiligi ätiýaçlandyrylan tarapyň (şahsyň) ady ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilmelidir. Eger bu tarapyň (şahsyň) ady ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilmese ätiýaçlandyrýanyň özüniň raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrandygy hasap edilýär.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy zyýan ýetirilip bilinjek şahslaryň (Bähbit görüjiler – üçünji taraplar) peýdasyna baglaşylýar, şular şeýle şahslar bolup durýarlar:
raýatlaryň ömrüne we saglygyna zyýan ýetirilen halatynda – zyýan çeken şahslar, şeýle hem hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, heläkçilik çeken fiziki şahsyň aradan çykmagy bilen bagly zyýanyň öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan şahslar;
emläge zelel ýetirilen halatynda – zelel ýetirilen emlägiň ýok bolmagy we ýa-da oňa zeper ýetmegi töwekgçiligini çekýän şahslar.
6. Şu Kadalar boýunça ätiýaçlandyryş kosmos işiniň şu tapgyrlarynda (döwürlerde) amala aşyrylyp bilner:
kosmos obýektiniň gurnalýan, integrirlenýän, synag edilýän tapgyry /döwri/ (olar bilen baglanyşykly saklamagy, daşamagy, startyň öň ýanyndaky taýýarlyk amallaryny we ş.m. goşmak bilen);
kosmos obýektiniň uçurylýan we orbita çykarylýan tapgyry /döwri/, onuň ulanylmaga berilýän döwrüni goşmak bilen;
kosmos obýektiniň bellenen maksady boýunça ulanylýan tapgyry /döwri/;
kosmos obýektiniň ýa-da onuň böleklerini orbitada uçuşlar tamamlanandan soň Ýere düşürmek tapgyry /döwri/.
7. Ätiýaçlandyryş şertnamalary şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy bilen şertnamanyň käbir bölümleri Türkmenistanyň kanunlaryna we şu Kadalara çapraz gelmeýän, şu Kadalaryň şertlerinden tapawutly şertleri öz içine alyp biler.
II. Ätiýaçlandyryş obýekti.
8. Emlägi ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyrýanyň (bähbit görüjiniň) ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyrylan emläge eýelik etmek, peýdalanmak, ygtyýar etmek bilen bagly emläk bähbitleri kosmos işiniň ätiýaçlandyrylýan obýekti bolup durýar.
9. Şu Kadalar boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Kosmos işiniň obýektlerini döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibine ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslaryna degişli bolan, kosmos işiniň bellige alnan obýektler ätiýaçlandyrşa kabul edilýär.
10. Şu Kadalaryň 8-nji bendine laýyklykda, kosmos işiniň şu obýektleri ätiýaçlandyrylyp bilner:
- kosmos tehnikasy;
- kosmos obýekti;
- kosmos apparaty;
- ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleri.
11. Şahsy ätiýaçlandyryş boýunça ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleriniň ýokary töwekgelçilikli şertlerde işleýän işgärleriniň ömri, saglygy we zähmete ukyplylygy bilen bagly bähbitlerini maýyplyga ýa-da ölüme getiren betbagtçylykly ýagdaýlardan ätiýaçlandyrmak ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.
Ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleriniň işgärlerine kosmos tehnikasynyň synaglary, saklanylmagy we ulanylmagy boýunça borçlary, şonuň ýaly-da ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleriniň işleýşiniň tehnologik düzgünini üpjün etmek boýunça gaýry borçlary ýerine ýetirýän hünärmenler degişli.
12. Raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyrýanyň (bähbit görüjiniň) ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen kosmos işi amala aşyrylýan mahalynda üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna, emlägine ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak borjy bilen bagly emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.
III. Ätiýaçlandyryş halatlary
13. Emlägi ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen kosmos işiniň islendik tapgyrynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda bolup geçen wakanyň netijesinde ätiýaçlandyrylan emlägiň bölekleýin ýok bolmagy (zeper ýetmegi) we/ýa-da ýitirilmegi (doly ýok bolmagy) ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda kosmos obýektiniň gurnalýan, integrirlenýän, synag edilýän tapgyrynda we/ýa-da kosmos obýektiniň uçurylýan tapgyrynda ätiýaçlandyryş halaty mahalynda hadysanyň bolan ýerini zyýan çeken ätiýaçlandyryş obýektiniň böleklerinden (galyndylaryndan) arassalamak boýunça çykdajylaryň öwezini dolmak hem göz öňünde tutulyp bilner.
14. Hadysa diýip kosmos işi amala aşyrylýan mahalynda ýüze çykan, ätiýaçlandyrylan emlägiň ýitirilmegine (doly ýok bolmagyna) ýa-da bölekleýin ýok bolmagyna (zeper ýetmegine) getiren duýdansyz, öňünden görülmedik waka (wakalaryň jemine ýa-da olaryň yzygiderliligine) düşünilýär.
15. Doly ýok bolmagy diýip hadysanyň netijesinde ätiýaçlandyrylan emlägiň ýitirilmegine, harap bolmagyna ýa-da ätiýaçlandyrýan (bähbit görüji) tarapyndan görlen ähli zerur çärelere garamazdan, ony bellenen maksady boýunça mundan beýläk we/ýa-da soňundan peýdalanmak doly mümkin bolmadyk ýa-da ykdysady taýdan maksadalaýyk bolmadyk ýa-da maksatlaýyn wezipäniň ýerine ýetirilmezligine getirjek ýagdaýyna düşünilýär.
16. Zeper ýetmegi diýip ätiýaçlandyrylan emlägiň wakanyň netijesinde ýüze çykan, doly ýok bolmak hökmünde kesgitlenip bilinmejek ýagdaýyna (hususan-da, emlägi maksatlaýyn wezipesi boýunça bölekleýin ulanmaga ýol berýän ýagdaýa) düşünilýär. Bölekleýin ýok bolmagyň (zeper ýetmegiň) kesgitlemeleri (kriteriý) ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylýan mahalynda taraplaryň ylalaşygy boýunça, ätiýaçlandyrylan emlägiň hereket etmeginiň anyk şertlerinden ugur alnyp kesgitlenýär.
17. Şahsy ätiýaçlandyryş boýunça ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektinde hünär borçlary ýerine ýetirilýän mahalynda işgäriň (ätiýaçlandyrylan) alan şikesi, maýyplygy ýa-da aradan çykmagy ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.
Betbagtçylykly hadysa diýip onuň netijesinde şikes alnan, maýyplyk bellenen ýa-da ölüm ýagdaýynyň ýüze çykan, işgär tarapyndan zähmet borçlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen bagly hakyky hadysa, duýdansyz, öňünden görülmedik waka düşünilýär.
18. Raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen kosmos işi amala aşyrylýan mahalynda, ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen döwrüň dowamynda bolup geçen wakanyň netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna, emlägine zyýan (zelel) ýetirilmegi ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.
Hadysa diýip kosmos işi amala aşyrylýan mahalynda ýüze çykan, üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna, emlägine zyýan (zelel) ýetirilmegine getiren duýdansyz, öňünden görülmedik waka (wakalaryň jemine ýa-da olaryň yzygiderliligine) düşünilýär.
Kosmos işi amala aşyrylýan mahalynda bir hadysanyň netijesinde heläkçilik çeken birnäçe şahslara zyýan ýetirilen ýagdaýlara bir ätiýaçlandyryş halaty hökmünde seredilýär.
19. Şu Kadalaryň 18-nji bendinde görkezilen ýagdaý şu şertlerde ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar:
a) Ätiýaçlandyrýan (özüniň raýat-hukuk jogapkärçiligi töwekgelçiligi ätiýaçlandyrylan şahs) hereket edýän kanunçylyga laýyklykda şu zyýanyň öwezini dolmaga borçly bolsa;
b) Zyýan ýetirilendigi we onuň möçberi bähbit görüjiler bolup durýan üçünji taraplaryň hereket edýän kanunçylyga laýyklykda bildirilen resmi we delillendirilen emläk talaplary, şeýle hem ygtyýarly edaralardan we guramalardan alnan degişli resminamalar we/ýa-da kazyýetiň zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky çözgüdi bilen esaslandyrylan bolsa.
Bähbit görüjiler bolup durýan üçünji taraplaryň emläk talaplary olaryň alnandygynyň ätiýaçlandyrýan (özüniň raýat-hukuk jogapkärçiligi töwekgelçiligi ätiýaçlandyrylan şahs) tarapyndan resminamalaýyn görnüşde tassyklanan pursatyndan bildirilen hasap edilýär.
20. Mundan başga-da, ätiýaçlandyryş şertnamasynda raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyryş halaty bilen şertlendirilen, Ätiýaçlandyrýanyň (raýat-hukuk jogapkärçiliginiň töwekgelçiligi ätiýaçlandyrylan şahsyň) ätiýaçlandyryş halatynyň ýagdaýlaryny, ýetirilen zyýanyň möçberini we Ätiýaçlandyrýanyň (özüni raýat-hukuk jogapkärçiligi töwekgelçiligi ätiýaçlandyrylan şahsyň) günälilik derejesini deslapdan aýdyňlaşdyrmak boýunça zerur we maksadalaýyk goşmaça çykdajylary, şeýle hem çaklanylýan ätiýaçlandyryş halaty boýunça kazyýetde işleri alyp barmak boýunça çykdajylary göz öňünde tutulyp bilner, eger bu çykdajylar ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bilen bilelikde ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen jogapkärçiligiň degişli çäginden geçmeýän bolsa, şol sanda:
ýetirilen zyýanyň möçberini we ýagaýlaryny anyklamak maksady bilen garaşsyz seljeriş geçirmek üçin çykdajylar;
ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa kazyýet çykdajylary, muňa wekillere (şol sanda adwokatlara) töleg üçin çykdajylar girmeýär.
21. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda, ätiýaçlandyrýan (özüniň raýat-hukuk jogapkärçiligi töwekgelçiligi ätiýaçlandyrylan şahs) tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça öwezini dolunýan ýitgini azaltmak maksady bilen çekilen çykdajylaryň hem öwezi dolunmaga degişlidir, eger şunuň ýaly çykdajylar zerur ýa-da ätiýaçlandyryjynyň ýazmaça görkezmelerini ýerine ýetirmek üçin geçirilen bolsa.
22. Şu Kadalar boýunça aşakdakylaryň netijesinde ýüze çykan wakalar ätiýaçlandyryş halatlary bolup durmaýar:
islendik himiki, biologiki, biohimiýa, elektromagnit, ýadro, lazer we ş.m. hemra garşy ýaragyň täsiri;
ýadro partlamasynyň, radiasiýanyň ýa-da radioaktiw zäherlenmäniň täsiri. Tölegden boşatmak üçin şu esas kosmos giňişliginde tebigy radiasiýanyň täsiri sebäpli ýüze çykan ätiýaçlandyryş halatlary üçin ulanylmaýar.
eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşarky elektromagnit we radioýygylyk çeşmesiniň täsiri, eger şeýle täsir tebigy hadysalaryň netijesi bolup durmaýan we ätiýaçlandyrylan emlägiň fiziki bozulmagyna getirmedik bolsa;
terrorçylykly işiň, diwersiýanyň täsiri;
ätiýaçlandyrylan emlägiň tebigy könelmegi, ätiýaçlandyrylan emläge ulanyş faktorlarynyň yzygider täsiri (korroziýa, eroziýa, kesmek emele gelme, kawitasiýa, poslama we beýlekiler).
23. Şu Kadalar boýunça kosmos işiniň haýsydyr bir tapgyrynda maliýe serişdeleriniň bolmazlygy ýa-da ýeterlik maliýeleşdirmändigi üçin işleriň doly ýa-da bölekleýin bes edilendigi sebäpli ýitgileriň, kosmos tehnikasyny uçurmak boýunça işleriň geçirilmeli möhletleriniň ýerine ýetirilmändigi üçin çekilen ýitgileriň, elden giderilen bähbidiň, jerimeleriň (puşmana tölegleriň) öwezi dolunmaýar;
Ätiýaçlandyrýan (özüniň raýat-hukuk jogapkärçiligi töwekgelçiligi ätiýaçlandyrylan şahs, bähbit görüji – üçünji şahs) tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy netijesinde çekilen beýleki gytaklaýyn ýitgileriň öwezi dolunmaýar (eger olar ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan bolsa, şu Kadalaryň 21-nji bendine laýyklykda ýitgileri azaltmak üçin çykdajylar we şu Kadalaryň 13-nji bendiniň ikinji tesimi, 20-nji bendi boýunça çykdajylar muňa girmeýär).
24. Raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak boýunça şu Kadalaryň 22-nji, 23-nji bentleri boýunça kadadan çykmalara goşmaça, aşakdaky ýagdaýlar ätiýaçlandyryş halatlary bolup durmaýar:
ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen kosmos işi amala aşyrylýan kosmos obýektine zyýan ýetirilmegi;
ätiýaçlandyrýanyň kosmos obýektlerini öndürüji hökmünde jogapkärçiliginiň ýüze çykmagy;
ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilmedik iş amala aşyrylanda üçünji taraplara zyýanyň (zeleliň) ýetirilmegi;
kosmos işi amala aşyrylýan mahalynda bolup geçen hadysanyň netijesinde hapalanan ýa-da zäherlenen çäkde ýaşaýan adamlar üçin moral zyýanyň emele gelmegi, genetiki netijeleriň ýüze çykmagy;
ätiýaçlandyrýanyň emlägine zyýan ýetirilmegi, şol sanda onuň eýeçiliginde, ygtyýarynda, dolandyrmagynda, jogapkär saklamagynda bolýan emläge, kärendä alnan ýa-da kärendä tabşyrylan emläge ýetirilen zyýan. Eger ätiýaçlandyrýan bolup ýerine ýetiriji häkimiýet edarasy çykyş edýän bolsa, şu kadadan çykma ätiýaçlandyrýanyň döwlet eýeçiliginde bolan emlägine ýetirilen zyýana degişli bolmaýar, eger şunuň ýaly emlägiň kosmos obýektiniň uçurylmagyna gatnaşygy ýok bolsa ýa-da kosmos obýektiniň (kosmos niýetli raketanyň) bölünip aýrylýan bölekleriniň gaçmagy göz öňünde tutulan etraplarynyň çäginden daşarda ýerleşen bolsa;
zenzeläniň, wibrasiýanyň, urgy tolkunyň ýa-da olar bilen baglanyşykly beýleki hadysalaryň, elektrik we magnit päsgelçilikleriniň netijesinde üçünji taraplara zyýan ýetirilmegi;
eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, kosmos obýektiniň (kosmos niýetli raketanyň) bölünip aýrylýan bölekleriniň gaçmagy göz öňünde tutulan etraplarynda üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna, emlägine zyýan (zelel) ýetirilmegi.
IV. Ätiýaçlandyryş pul möçberi we jogapkärçiligiň çäkleri
25. Ätiýaçlandyryş pul möçberi – ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikler (jogapkärçilik) boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen pul möçberinde görkezilen borçnamasy, ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberleri şondan ugur alnyp bellenýär.
26. Emlägi ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi şoňa meňzeş emlägiň balans ýa-da bazar bahasyndan ýa-da bilermenleriň berýän bahasyndan ugur alnyp taraplaryň ylalaşygy boýunça kesgitlenýär we onuň şertnama baglaşylan pursatyndaky bahasyndan ýokary bolup bilmez.
Ätiýaçlandyryş bahasy buhgalterçilik maglumatlaryň, bilermenleriň netijenamalarynyň, ätiýaçlandyrylan emlägiň gymmatyny tassyklaýan beýleki resminamalaryň esasynda kesgitlenip bilner.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberi emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyndan ýokary bolsa, onda şertnama ätiýaçlandyryş pul möçberiniň ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan pursatynda emlägiň ätiýaçlandyryş bahasyndan ýokary gelýän bölegi babatynda hakyky däl bolup durýar.
Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi emlägiň ätiýaçlanlandyryş bahasyndan pes bolsa we, eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerinde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberiniň emlägiň ätiýaçlandyryş bahasyna bolan gatnaşyga barabarlykda, degişlilikde azaldylýar.
27. Emlägi ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyrylan emlägiň ýitirilmegi (doly ýok bolmagy) we bölekleýin ýok bolmagy (zeper ýetmegi) töwekgelçilikleri boýunça ýeke-täk ätiýaçlandyryş pul möçberi ýa-da bu töwekgelçilikleriň her biri boýunça aýratyn ätiýaçlandyryş pul möçberleri bellenip bilner.
Ýeke-täk ätiýaçlandyryş pul möçberi bellenende ätiýaçlandyrylan emlägiň bölekleýin ýok bolmagy (zeper ýetmegi), doly ýok bolmagy babatynda ähli ätiýaçlandyryş halatlary boýunça ätiýaçlandyryş tölegleriniň umumy pul möçberi şol ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolup bilmez.
Aýratyn ätiýaçlandyryş pul möçberleri bellenende ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ätiýaçlandyryş emlägi bilen bagly bolup geçen bölekleýin ýok bolmagy (zeper ýetmegi) babatynda ähli ätiýaçlandyryş halatlary boýunça ätiýaçlandyryş tölegleriniň umumy pul möçberi bölekleýin ýok bolmagy (zeper ýetmegi) töwekgelçiligi boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolup bilmez, doly ýok bolmak töwekgelçiligi boýunça ätiýaçlandyryş tölegi bolsa, bölekleýin ýok bolmagy (zeper ýetmegi) töwekgelçiligi boýunça ozalky tölegleri hasaba almazdan, şu töwekgelçilik boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberinden ugur alnyp hasaplanýar.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyryş pul möçberini bellemegiň görnüşi görkezilmedik bolsa, onda ätiýaçlandyrylan emlägiň doly ýok bolmagy ýa-da bölekleýin ýok bolmagy (zeper ýetmegi) töwekgelçilikleri boýunça ýeke-täk ätiýaçlandyryş pul möçberi bellendi hasap edilýär.
28. Şahsy ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi Ätiýaçlandyryjy bilen Ätiýaçlandyrýanyň arasyndaky ylalaşyk boýunça bellenilýär.
29. Raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandymak boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi taraplaryň ylalaşygy boýunça bellenilýär.
30. Taraplaryň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde jogapkärçilik çäkleri – tutuş ätiýaçlandyryş emlägine ýa-da onuň bir bölegine degişlilikde, jogapkärçiligi ätiýaçlandyrmak boýunça – zyýanyň görnüşleri boýunça bir ätiýaçlandyryş halatyna ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň bütin dowamyna, şeýle hem goşmaça çykdajylaryň öwezini doluş töleglerine we beýlekilere, tölegleriň aňryçäk pul möçberi bellenip bilner.
31. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyrýanyň (bähbit görüjiniň) özüniň ýitgileriň öwezini dolmaga gatnaşmagy – franşiza göz öňünde tutulyp bilner.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli we şertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.
V. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy)
32. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyryş boýunça esasy nyrh möçberleriniň esasynda (1-nji goşundy) ätiýaçlandyrmagyň anyk şertini hasaba alyp, töwekgelçilik derejesine täsir edýän ýagdaýlary nazara alýan peseldiji we ýokarlandyryjy koeffisientleri ulanmak bilen, Ätiýaçlandyryjy tarapyndan belleniýän nyrh möçberlerine laýyklykda bellenilýär.
33. Ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemegiň anyk tertibi we möhletleri ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenýär.
34. Ätiýaçlandyryş şertnamasy birinji ýa-da birwagtlaýyn ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) tölenen pursatyndan başlap baglaşylan diýip hasap edilýär. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenen pursatyndan ätiýaçlandyryş goragy (üpjünçiligi) başlanýar.
35. Eger ätiýaçlandyryş gatanjy öz wagtynda tölenilmese, Ätiýaçlandyryjy ony geçirmek üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Bu ýagdaýda tölegiň möhletiniň gijikdirilmeginiň netijeleri görkezilmelidir.
Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty ýüze çyksa we şol wagta çenli ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatanjyny geçirmegiň möhletlerini geçiren bolsa, ätiýaçlandyryjy öz borçnamalaryndan boşadylýar.
VI. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagyň tertibi
36. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasynyň esasynda baglaşylýar (2-nji goşundy), ol şertnamanyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça onuň soraýan, ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň derejesine baha bermäge mümkinçilik berýän ähli resminamalary bermäge borçludyr.
37. Arza bilen bilelikde ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça şu resminamalary (ýa-da olaryň nusgalaryny) bermäge borçludyr:
- kosmos işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama;
- kosmos tehnikasynyň laýyklyk sertifikaty;
- kosmos işiniň obýektiniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy hakynda şahadatnama;
- ätiýaçlandyrmak üçin hödürlenen kosmos obýektleriniň sanawy;
- kosmos obýektiniň degişliligine (eýeçilik, hojalygy ýöretmek, dessin dolandyryş hukugy) we onuň hakyky bahasyna güwä geçýän resminamalar.
38. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenen mahalynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana ätýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polisi) berýär (3-nji goşundy).
39. Ätiýaçlandyryş şertnamasyna girizilýän ähli üýtgetmeler we goşmaçalar ýazmaça görnüşde, taraplar tarapyndan goşmaça ylalaşyklara gol çekmek arkaly bilen resmileşdirilýär.
40. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilende ýa-da ýok edilende ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjydan öwezlik berilmegini talap edip biler. Öwezligiň berlendigi üçin çykdajylary ätiýaçlandyrýan çekýär.
41. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti taraplaryň ylalaşygy boýunça bir ýyla çenli we ondan köp möhletde bellenip bilner.
Ätiýaçlandyryş şertnamanyň baglaşylan güni sagat 24-de başlanýar we şertnamada görkezilen möhletiň iň soňky güni sagat 24-de tamamlanýar.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda, (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri görkezilýär.
42. Ätiýaçlandyryş şertnama güýje girenden soň bolup geçýän ätiýaçlandyryş halatlary ätiýaçlandyryşa degişlidir.
43. Ätiýaçlandyryş şertnamasy onda görkezilen ätiýaçlandyryş çägiň çäklerinde hereket edýär.
VII. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi
44. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:
hereket edýän möhleti geçende;
ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalar doly möçberde ýerine ýetirilende;
şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilmedik ýagdaýynda;
ätiýaçlandyryş şertnamasy kazyýetiň çözgüdi boýunça bes edilen ýagdaýynda;
köpçülikleýin gyryş ýaragynyň orbita çykarylmagy, kosmos giňişliginde ýerleşdirilmegi ýa-da şeýle ýaragyň synag edilmegi;
daşky gurşawa ýaramaz täsir edýän kosmos tehnikasynyň peýdalanylmagy;
kosmos giňişliginiň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça halkara ölçegleriniň (kadalaryň) we standartlarynyň bozulmagy;
kosmos işiniň obýektini döwlet tarapyndan hasaba almak hakynda şahadatnama güýjüni ýitirende;
kosmos işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň hereketi bes edilen (ýatyrylan) halatynda.
45. Eger şertnamada bu göz öňünde tutulan bolsa, Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.
Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda Ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklary), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyrýanyň talaby Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.
Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol Ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyryjynyň talaby Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.
VIII. Gaýtadan ätiýaçlandyryş
46. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga ätiýaçlandyryjyda (gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.
47. Gaýtadan ätiýaçlandyryş deň ölçegli, deň ölçegsiz we başga görnüşlere bölünýär. Gaýtadan ätiýaçlandyryş boýunça ygtyýarnamanyň bolmagy onuň eýesine deň ölçegli we deň ölçegsiz gaýtadan ätiýaçlandyryş boýunça işi amala aşyrmaga hukuk berýär.
48. Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň degişli ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan şertler ýüze çykanda gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça gaýtadan ätiýaçlandyrýandan öz üstüne kabul eden ätiýaçlandyryş borçnamalarynyň paýyna deň ölçegli möçberde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini geçirmegi borçnama alan mahalyndaky gaýtadan ätiýaçlandyryş deň ölçegli gaýtadan ätiýaçlandyryş bolup durýar.
49. Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň degişli ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan şertler ýüze çykanda öz üstüne ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine degişli ýitgileriň doly möçberiniň gaýtadan ätiýaçlandyryş sertnamasy boýunça gaýtadan ätiýaçlandyrýandan özüniň tutup galmaly möçberinden ýokary bolan möçberde amala aşyrmak borjuny almagy deň ölçegsiz gaýtadan ätiýaçlandyryş bolup durýar.
50. Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.
51.Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça töleg tölemek töwekgelçiliginiň bir böleginiň soňra gaýtadan ätiýaçlandyryjydan gaýtadan ätiýaçlandyrýanlara geçirilmegine ýol berilýär.
52.Kabul eden ätiýaçlandyryş borçnamalarynyň üstüni öz serişdeleriniň hasabyna dolup bilmeýän ätiýaçlandyryjylar üçin gaýtadan ätiýaçlandyryş hökmany bolup durýar.
53.Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak - Türkmenistanyň gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.
54. Türkmenistanda hereket edýän ätiýaçlandyryjylaryň ätiýaçlandyryşyň özleri tarapyndan ygtyýarnama alnan görnüşleri boýunça gaýtadan ätiýaçlandyrylmak üçin töwekgelçilikleri kabul etmäge hukugy bardyr.
55.Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da ätiýaçlandyrylan şahslaryň talaplarynyň kadalaşdyrlmagynyň tertibi hakynda, bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.
56.Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyrylyşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.
IX. Taraplaryň hukuklary we borçlary
57. Ätiýaçlandyryjy şulara borçly:
ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyş etmäge;
Döwlet bilermen seljerişiniň netijenamasyny talap etmäge;
ätiýaçlandyrýan tarapyndan görlen çäreleriň netijesinde, şeýle hem ätiýaçlandyrýanyň çalşyrylmagy bilen baglanyşykly, ätiýaçlandyrylan emlägiň bahasy ýokarlanan mahaly ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň peselmegi ýa-da onuň ýetirip biläýjek zyýanynyň möçberiniň üýtgemegi sebäpli, ätiýaçlandyrýanyň arzasy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny täzeden baglaşmaga;
ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada bellenilen möhletde ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;
ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyryjynyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
58. Ätiýaçlandyryjynyň şu hukuklary bardyr:
ätiýaçlandyrmak üçin kabul edilýän emlägi gözden geçirmäge (şol sanda degişli hünärmenleri çekmek bilen), ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylýan mahalynda we ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda töwekgelçiligiň derejesine baha bermek üçin zerur bolan maglumatlaryň berilmegini talap etmäge;
zerur bolşuna görä, ol boýunça raýat jogapkärçiligi baglaşylan kosmos işi babatynda ätiýaçlandyrylan emläk boýunça zerur bolan tehniki resminamalary ätiýaçlandyrýandan soramaga we almaga;
ýagdaýlaryň ätiýaçlandyryş şertnamasynda şertleşilendäki bilen deňeşdirilende degerli üýtgän halatynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerini üýtgetmegi we/ýa-da töwekgelçiligiň ýokarlanan derejesine deň ölçegde goşmaça ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemegi talap etmäge, ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerini üýtgetmäge we/ýa-da goşmaça ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemäge razy bolmadyk mahalynda töwekgelçilik derejesinde üýtgemeleriň ýüze çykan senesinden ätiýaçlandyryş şertnamasyny ýatyrmagy talap etmäge;
Ätiýaçlandyrýandan ol boýunça raýat jogapkärçiligi baglaşylan kosmos işiniň ätiýaçlandyrylan emläginiň ýagdaýy barada hasabatlary sorap almaga, şeýle hem ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda onuň şertleriniň ýerine ýetirilişini barlamaga, bu ýagdaýda ýüze çykarylan düzgün bozulmalar we olary düzetmek boýunça teklip edilýän çäreler barada Ätiýaçlandyrýana ýazmaça habar berilýär.
59. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:
- ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyrylan obýekt boýunça borçnamalara baha kesmek üçin özüne mälim möhüm ähmiýeti bolan ýagdaýlaryň ählisi barada, şeýle hem ätiýaçlandyrylan emläk bilen bolup geçen islendik düýpli özgeriş (oňa bolan eýeçilik hukugyny hem goşmak bilen), şonuň ýaly-da onuň zaýalanmak ýa-da ýok bolmak howpunyň artýanlygy barada Ätiýaçlandyryja habar bermäge. Soňky ýagdaýda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberiniň köpeldilmegini talap etmäge ýa-da bir taraplaýyn tertipde ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes etmäge haky bardyr;
- ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) bellenilen tertipde tölemäge;
- ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan möhletlerde ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada, şeýle hem töwekgelçiligiň derejesine täsir edip biljek ýagdaýlardaky degerli üýtgemeler barada habar bermäge;
Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlanlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda), ätiýaçlandyrmak üçin arzada ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talap hatynda kesgitli görkezilen ýagdaýlardaky üýtgemeler degerli üýtgemeler diýip ykrar edilýär. Şeýle üýtgemelere, hususan-da, şular degişlidir:
gurnalýan, integrirlenýän we synag edilýän tapgyrynda tehnologik ulgamdaky üýtgemeler, kosmos obýektiniň konstruksiýasynyň üýtgemegi;
kosmos obýektini uçurmak serişdeleriniň çalşylmagy;
kosmos obýektiniň orbitadaky ornunyň üýtgemegi we beýlekiler.
Töwekgelçilik derejesi ýokarlananda Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça goşmaça ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýär we/ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerini üýtgetmek hakynda goşmaça ylalaşyga gol çekýär ýa-da Ätiýaçlandyryja goşmaça ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemekden we/ýada şertnamaynyň şertlerini üýtgetmekden ýüz dönderýändigini ýazmaça habar berýär;
- ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan üçin jogapkär şahsa regress talaby bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary ätiýaçlandyryja bermäge;
- ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak we şonuň netijesinde ýüze çykan ýitgileri azaltmak boýunça özüne bagly ähli çäreleri görmäge;
- ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak we hereket edýän möhletiniň dowamynda ony ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ähli çäreleri geçirmek (ätiýaçlandyrylan emlägi gözden geçirmek, seljermek, oňa tehniki taýdan hyzmat etmegiň we ulanmagyň şertlerini barlamak, kosmos işi amala aşyrylanda bolan hadysalary derňemek) üçin oňa zerur bolan şertleri döredýär;
- bähbit görüjini onuň peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygy barada ýazmaça habardar etmäge, ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyryjy bilen özara hereket etmegiň we ätiýaçlandyryş tölegi üçin ýüz tutmagyň tertibini habar bermäge, şeýle hem şu Kadalaryň we ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri bilen tanyşdyrmaga;
- şu Kadalarda we/ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan beýleki hereketleri amala aşyrmaga.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda Ätiýaçlandyrýanyň beýleki borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
60. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:
- ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyşmaga;
- ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini almak üçin Bähbit görüjini bellemäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň, öz garaýşyna görä ony çalyşmaga.
Bähbit görüji, eger ol ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça haýsydyr bir borçlary ýerine ýetiren ýa-da Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş tölegi barada talap bildiren bolsa, beýleki şahsa çalşylyp bilinmez;
- ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerini üýtgetmek (ätiýaçlandyryş pul möçberini, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletini üýtgetmek we ş.m.) barada haýyş bilen ýüz tutmaga;
- ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ýitirilen halatynda Ätiýaçlandyryja ýazmaça ýüz tutmak bilen, onuň öwezligini almaga.
61. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda taraplaryň beýleki hukuklary we borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
X. Ätiýaçlandyryň halaty ýüze çykanda taraplaryň hereketleri
62. Ätiýaçlandyrylan emläk babatynda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda Ätiýaçlandyrýan (Bähbit görüji) şulara borçludyr:
ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri boýunça öwezi dolunmaga degişli bolan ýitgileri azaltmak boýunça, şol sanda ätiýaçlandyrylan emlägi halas etmek, onuň mundan beýläk hem zaýalanmagynyň öňüni almak, mundan beýläk ýitginiň ýüze çykmagyna ýardam edýän sebäpleri aradan aýyrmak boýunça oýlanyşykly we emele gelen ýagdaýlarda elýeter bolan çäreleri görmäge;
bolup geçen wakanyň (wakanyň ýüze çykan ýagdaýynyň, onuň sebäpleriniň we netijeleriniň, çekilen zyýanyň möçberiniň) resmileşdirilmegini üpjün etmäge, eger ony hadysany resmileşdirmegiň we derňemegiň bellenen tertibi talap edýän bolsa, ygtyýarly edaralara we guramalara ýüz tutmaga;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada (ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna getirip biljek waka barada) özüne mälim bolan dessine haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman Ätiýaçlandyryja habaryň tekstini (iberijini görkezmek bilen) we senesini dogry anyklamaga mümkinçilik berýän usul bilen habar bermäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada arza bermäge (4-nji goşundy);
öwezini doluş çykdajylaryny ylalaşmak maksady bilen, ýitgileri azaltmak maksatlarynda geçirilýän ähli çäreler barada Ätiýaçlandyryjyny habardar etmäge;
zeper ýeten obýekt we hadysanyň bolup geçen ýeri barada maglumatlary, şol sanda foto- we wideomateriallary we beýleki resminamalary toplamak we saklamak boýunça ähli elýeter çäreleri görmäge, Ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşyp – zeper ýeten ätiýaçlandyrylan emlägi Ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşylan möhletde Ätiýaçlandyryjynyň wekiliniň gözden geçirmegi üçin saklamaga, oňa ýitginiň sebäplerini we möçberini anyklamak maksady bilen zeper ýeten emlägi we/ýa-da hadysanyň bolup geçen ýerini gözden geçirmek mümkinçiligini bermäge;
ätiýaçlandyryja ýazmaça arzany we bolup geçen wakanyň sebäplerini we ýitginiň möçberini kesgitlemek üçin zerur bolan, degişli görnüşde resmileşdirilen resminamalary, şol sanda Ätiýaçlandyryjy tarapyndan soralan resminamalary bermäge;
ähli ýagdaýlarda ätiýaçlandyryja ýa-da onuň ygtyýarly wekillerine özbaşdak hem-de Ätiýaçlandyrýan (bähbit görüji) bilen bilelikde ýitgileri seljermäge we baha bermäge gatnaşmak mümkinçiligini üpjün etmäge;
ätiýaçlandyrýan (bähbit görüji) bolup geçen hadysa we zyýan çeken ätiýaçlandyrylan emläge gatnaşygy bolan islendik resminamalaryň asyl nusgalarynyň ätiýaçlandyryja ýa-da onuň ygtyýarly wekillerine elýeter bolmagyny üpjün etmäge;
ýagdaýlary, ýetirilen ýitgileriň häsiýetini we möçberini kesgitlemekde ätiýaçlandyryja ýa-da onuň ygtyýarly wekillerine päsgel bermezlige;
ätiýaçlandyrylan emläge ýetirilen zyýan üçin jogapkär üçünji şahslar bar bolanda bu barada Ätiýaçlandyryja habar etmäge we oňa ähli resminamalary bermäge, günäkär şahsa bildirilýän talap hukugyny amala aşyrmak üçin zerur bolan ähli maglumatlary habar bermäge.
63. Ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleriniň işgärlerini şahsy ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyryş halatlary ýüze çykanda ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:
ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri boýunça öwezi dolunmaga degişli bolan zyýany azaltmak boýunça, şeýle hem goşmaça ýitgileriň ýüze çykmagyna ýardam edýän sebäpleri aradan aýyrmak boýunça oýlanyşykly we emele gelen ýagdaýlarda elýeter bolan çäreler görmäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada (ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna getirip biljek waka barada) özüne mälim bolan dessine haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman Ätiýaçlandyryja habar bermäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada arza bermäge (4-nji goşundy);
Ätiýaçlandyrylan işgäre kömek etmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri görmäge;
Ätiýaçlandyryja zerur bolan maglumatlaryň ählisini (gerek bolanda ýazmaça görnüşde) habar bermäge, şeýle hem ýüze çykan ätiýaçlandyryş halatynyň ýagdaýlaryny we ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölenmeli möçberini aýdyňlaşdyrmak üçin zerur, bar bolan resminamalary bermäge;
Ätiýaçlandyryjynyň wekiline hadysanyň bolup geçen ýerini päsgelçiliksiz gözden geçirmek, şeýle hem betbagtçylykly hadysanyň sebäplerini anyklamak mümkinçiligini üpjün etmäge;
ätiýaçlandyryş tölegini almak üçin ýüz tutulan mahalynda Ätiýaçlandyryja ýazmaça arza we ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygyny, sebäplerini we netijelerini, şeýle hem Ätiýaçlandyrylan şahsa ýetirilen zyýanyň häsiýetini we möçberini tassyklaýan, degişli görnüşde resmileşdirilen resminamalary, şol sanda Ätiýaçlandyryjy tarapyndan soralan resminamalary bermäge.
64. Raýat-hukuk jogapkärçiligi ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyryş halatlary ýüze çykanda Ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:
ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri boýunça öwezi dolunmaga degişli bolan zyýany azaltmak boýunça, şeýle hem goşmaça ýitgileriň ýüze çykmagyna ýardam edýän sebäpleri aradan aýyrmak boýunça oýlanyşykly we emele gelen ýagdaýlarda elýeter bolan çäreleri görmäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada (ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna getirip biljek waka barada) özüne mälim bolan dessine haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman Ätiýaçlandyryja habaryň tekstini (iberijini görkezmek bilen) we senesini dogry anyklamaga mümkinçilik berýän usul bilen habar bermäge;
Bähbit görüjiden – üçünji tarapdan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak barada resmi talap alnandan soň haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden (dynç günlerini we baýramçylyk günlerini aýyrmak bilen) gijä galman Ätiýaçlandyryja bu barada habar bermäge, şeýle hem zyýan ýetirilen ýagdaý boýunça ygtyýarly edaralaryň hereketleri barada (derňew, kazyýete talap arzasynyň berilmegi, kazyýete çakylyk we ş.m.) Ätiýaçlandyryja öz wagtynda habar bermäge, derňewiň, kazyýet seljerişiniň barşy barada ony habarly etmäge we ş.m.;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada arza bermäge (4-nji goşundy);
Ätiýaçlandyryjyny üçünji şahs hökmünde işe gatnaşdyrmak hakynda Kazyýetde towakga etmäge;
eger Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýanyň razylygy bilen özüniň adwokatyny ýa-da başga bir ygtyýarly wekilini çekmegi zerur hasap etse, Ätiýaçlandyryjy tarapyndan görkezilen şahslara ynanç hatyny ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň hem, Ätiýaçlandyrýanyň hem bähbitlerini goramak üçin zerur bolan resminamalary bermäge. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş halaty bilen bagly kazyýetde Ätiýaçlandyrýanyň bähbitlerine wekilçilik etmäge ýa-da başga bir görnüşde Ätiýaçlandyrýanyň hukuk goragyny amala aşyrmaga hukugy bardyr, ýöne muňa borçly däldir;
Ätiýaçlandyryja ýetirilen zyýan bilen baglanyşykly islendik resminamalary öwrenmek, nusgasyny almak, surata düşürmek, şeýle hem işiň ýagdaýlaryny bilýän islendik adamdan sorap görmek mümkinçiligini bermäge;
ätiýaçlandyryş tölegini almak üçin ýüz tutulan mahalynda Ätiýaçlandyryja ýazmaça arza we ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygyny, sebäplerini we netijelerini, şeýle hem Bähbit görüjä – üçünji şahsa ýetirilen zyýanyň häsiýetini we möçberini tassyklaýan, degişli görnüşde resmileşdirilen resminamalary, şol sanda Ätiýaçlandyryjy tarapyndan soralan resminamalary bermäge;
Bähbit görüjileriň – üçünji şahslaryň bildirilýän talaplary barada haýal etmän Ätiýaçlandyryjyny habarly etmäge we eger Ätiýaçlandyrýanda munuň üçin esas bar bolsa, olaryň möçberini azaltmak boýunça ähli elýeter çäreleri görmäge;
bolup geçen hadysa we Bähbit görüjilere – üçünji taraplara zyýan ýetirilmegine gatnaşygy bolan islendik resminamalaryň asyl nusgalarynyň Ätiýaçlandyryjynyň ygtyýarly wekillerine elýeter bolmagyny üpjün etmäge;
ýagdaýlary, ýetirilen zyýanyň häsiýetini we möçberini kesgitlemekde Ätiýaçlandyryja ýa-da onuň ygtyýarly wekillerine päsgel bermezlige;
Ätiýaçlandyrylan emläge ýetirilen zelel üçin jogapkär şahslar (Ätiýaçlandyrýandan başga) bar bolanda bu barada Ätiýaçlandyryja habar etmäge we oňa ähli resminamalary bermäge, günäkär şahsa bildirilýän talap hukugyny amala aşyrmak üçin zerur bolan ähli maglumatlary habar bermäge.
65. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş halaty barada habar alan mahalynda şulara borçludyr:
hadysanyň bolup geçen ýerini we zeper ýeten ätiýaçlandyrylan emlägi gözden geçirmek zerurlygy bolanda - Ätiýaçlandyrýan (Bähbit görüji) bilen ylalaşylan möhletiň dowamynda gözden geçirişi baradaky ykrarhatyny düzmek üçin öz wekilini ibermäge;
Ätiýaçlandyrýandan (Bähbit görüjiden, jögapkärçilik töwekgelçiligi ätiýaçlandyrylan şahsdan) ýitgileriň sebäplerini, ýagdaýlaryny we möçberini tassyklaýan resminamalary sorap almaga;
zerur bolan ähli resminamalar alnandan soň şu ýagdaýy ätiýaçlandyryş halaty diýip ykrar etmek ýa-da ykrar etmezlik hakynda çözgüt kabul etmäge ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynyň we şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda ätiýaçlandyryş tölegini tölemekden ýüz döndermäge;
ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilen ýagdaýda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerine laýyklykda ätiýaçlandyryş tölegini geçirmäge.
66. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukuklary bardyr:
ýitgileriň ýagdaýlaryny, häsiýetini we möçberini kesgitlemek üçin öz wekilleriniň hadysanyň bolan ýerine baryp görmeklerine (mümkin bolan ýerinde) we Ätiýaçlandyrýanyň (Bähbit görüjiniň) degişli maglumatlaryny we resminamalaryny almaga;
Ätiýaçlandyrýana (Bähbit görüjä) ätiýaçlandyryş bilen ýapylýan ýitgileri azaltmak boýunça maslahatlary bermäge;
ýitgileriň sebäplerine, ýagdaýlaryna, häsiýetine we möçberine degişli meseleler boýunça ygtyýarly edaralara haýyş (talap) hatlaryny ibermäge;
Ätiýaçlandyrýandan (Bähbit görüjiden) ýagdaýy ätiýaçlandyryş halaty diýip ykrar etmek ýa-da ykrar etmezlik hakynda çözgüt kabul etmek we ýitgileriň möçberini kesgitlemek üçin zerur bolan maglumatlary, şol sanda şahsy maglumatlary we täjirçilik syry bolup duran maglumatlary talap etmäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň alamatlary bolan wakanyň sebäplerini we ýagdaýlaryny özbaşdak aýdyňlaşdyrmaga;
raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak boýunça:
a) ätiýaçlandyryş halatyny anyklamak, Bähbit görüjileriň – üçünji taraplaryň ätiýaçlandyryş tölegleri boýunça talaplary bilen baglanyşykly işleriň kazyýetde seljerilişine gatnaşmaga;
b) Ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşyp, Bähbit görüjileriň – üçünji taraplaryň talaplary düzgünleşdirilende onuň bähbitlerine wekilçilik etmäge, onuň adyndan gepleşikleri alyp barmaga, çykyş etmäge, ylalaşyklary baglaşmaga, Ätiýaçlandyrýanyň adyndan we onuň tabşyrygy boýunça bildirilen talaplar boýunça kazyýetde we beýleki ygtyýarly edaralarda işi alyp barmagy öz üstüne almaga we amala aşyrmaga;
ç) ýetirilen zyýan boýunça Ätiýaçlandyrýana bildirilen talaplaryň möçberini kanunçylykda bellenen tertipde jedelleşmäge;
ätiýaçlandyryş töleginiň tölenmegini yza süýşürmäge:
ätiýaçlandyrylan emläge ýetirilen ýitgi boýunça ýa-da heläkçilik çeken adamlara ýetirilen zyýan boýunça jenaýat işi gozgalan ýa-da kazyýetde seljeriş bellenen mahalynda (işe seretmegiň barşynda) – kazyýetiň çözgüdi kabul edilýänçä ýa-da derňewçi/sülçi tarapyndan iş boýunça önümçilik bes edilýänçä;
eger Ätiýaçlandyrýan (Bähbit görüji), Bähbit görüji – üçünji tarap degişli görnüşde bolmadyk we resmileşdirilmedik resminamalary beren bolsa (hususan-da, resminamalaryň tassyklanmadyk nusgalaryny, gol çekmek ygtyýary bolmadyk adam tarapyndan gol çekilen resminamalary we ş.m.) – degişli görnüşde resmileşdirilen resminamalar berilýänçä.
67. Ätiýaçlandyryjynyň şu Kadalaryň 57-nji bendinde görkezilen hereketleri onuň ätiýaçlandyryş tölegini geçirmek borjunyň ykrar edilmegi üçin esas bolup durmaýar.
68. Ätiýaçlandyryş halatynyň sebäpleri ýa-da zyýanyň möçberi barada taraplaryň arasynda jedelleriň ýüze çykan halatynda taraplaryň her biriniň seljeriş geçirmegi talap etmäge haky bardyr. Seljeriş onuň geçirilmegini talap eden tarapyň hasabyna geçirilýär. Seljerişiň netijeleri boýunça Ätiýaçlandyryjynyň öwezini doluş tölegini tölemekden ýüz döndermeginiň esassyzdygy anyklanan halatynda, Ätiýaçlandyryjy seljeriş boýunça çykdajylaryň ilkibaşda tölemekden ýüz dönderilen pul möçberiniň we seljeriş geçirilenden soň tölenen öwezini doluş töleginiň pul möçberine bolan gatnaşygyna deň bölegini öz üstüne alýar. Seljeriş geçirilenden soň ätiýaçlandyryş halaty däl diýlip ykrar edilen halatlar boýunça şol seljerişi geçirmek üçin çykdajylar Ätiýaçlandyrýanyň hasabyna degişli edilýär.
XI. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden boýun gaçyrylmagy
69. Eger Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda Ätiýaçlandyryjynyň, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:
Ätiýaçlandyrýanyň, Ätiýaçlandyrylan şahs ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;
Ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;
Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan adam hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;
Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanşykda durýan bolsa;
harby hereketleriň, şeýle hem manýowrlaryň ýa-da beýleki harby çäreleriň;
raýat urşunyň, dürli görnüşdäki halk tolgunyşyklarynyň ýa-da iş taşlaýyşlaryň;
döwlet edaralarynyň görkezmesi boýunça ätiýaçlandyrylan emlägiň bahasy tölenmän elinden alynmagynyň, rekwizisiýanyň, tussag edilmeginiň ýa-da ýok edilmeginiň netijesinde. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boşatmak üçin şu esas döwlet edaralarynyň görkezmesi boýunça ätiýaçlandyrylan emlägi uçurmagyň barşynda ýok etmek hadysa ýüze çykanda üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine zyýan (zelel) ýetmeginiň öňüni almak maksady bilen, geçirilen halatynda ulanylmaýar.
Bölekleýin boýun gaçyrmagyň möçberi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenilýär we ätiýaçlandyryş kadalarynda ýa-da şertlerinde takyklanyp bilner.
70. Eger Ätiýaçlandyrýan (Bähbit görüji) Ätiýaçlandyryjy tarapyndan öwezi dolunýan ýitgiler üçin jogapkär şahsa özüniň talap bildirmek hukugyndan ýüz dönderse ýa-da şol hukugy amala aşyrmak Ätiýaçlandyrýanyň (Bähbit görüjiniň) günäsi bilen mümkin bolmasa, Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boşadylýar. Şu ýagdaýda Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da degişli bölegini tölemekden boşadylýar we onuň artyk tölenen pul möçberiniň gaýtarylmagyny talap etmäge haky bardyr.
71. Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýanyň (Bähbit görüjiniň) mümkin bolan ýitgileri azaltmak üçin oýlanyşykly we özüne elýeter bolan çäreleri bilkastlaýyn görmändigi sebäpli ýüze çykan ýitgileriň öwezini dolmakdan boşadylýar.
72. Ätiýaçlandyrýanyň (Bähbit görüjiniň) ätiýaçlandyryş halatynyň alamatlary bolan wakanyň ýüze çykandygy barada Ätiýaçlandyryja (ýa-da onuň wekiline) habar bermedik ýagdaýynda, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygyny öz wagtynda bilendigi ýa-da Ätiýaçlandyryjyda şeýle maglumatlaryň bolmazlygynyň onuň ätiýaçlandyryş tölegini geçirmek borjuna täsir edip bilmejekdigi subut edilmese, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr.
73. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden ýüz döndermegi Ätiýaçlandyrýan (Bähbit görüji) tarapyndan Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynda göz öňünde tutulan kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.
XII. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň tertibi we şertleri
74. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin Ätiýaçlandyryja şu resminamalar berilmelidir:
a) emläge zelel ýetirilen halatynda:
arza (5-nji goşundy);
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;
zelel çeken ätiýaçlandyrylan emlägiň sanawy, ýetirilen zeleliň häsiýetini görkezmek bilen;
ätiýaçlandyryş halatynyň alamatlary bolan wakanyň ýüze çykan pursatynda Ätiýaçlandyrýanyň (Bähbit görüjiniň) ätiýaçlandyrylan emläge bolan emläk bähbidiniň bardygyny tassyklaýan (onuň eýeçilik, ýagny eýelik etmek, peýdalanmak hukugyny tassyklaýan) resminamalaryň degişli görnüşde tassyklanan nusgalary;
bilermenler guramalary, ygtyýarly edaralar we beýleki guramalar tarapyndan berlen, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy, onuň sebäpleri we ýagdaýlary barada we ýetirilen zyýanyň möçberleri barada netije çykarmaga mümkinçilik berýän resminamalar (ýa-da olaryň tassyklanan nusgalary), şol sanda hadysanyň bellige alnandygy hakynda resminamalar;
ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça öwezi dolunýan, ýitgileri azaltmak boýunça çykdajylaryň möçberini tassyklaýan resminamalar (hasaplar, kwitansiýalar, ýanhatlary, beýleki töleg resminamalary);
hadysanyň bolup geçen ýerini ätiýaçlandyryş halatynda zyýan çeken ätiýaçlandyrylan emlägiň döwülen böleklerinden (galyndylaryndan) arassalamak boýunça çykdajylaryň möçberini tassyklaýan resminamalar (hasaplar, kwitansiýalar, ýanhatlary, beýleki töleg resminamalary), eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri boýunça şu çykdajylaryň öwezi dolunýan bolsa;
b) ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleriniň işgärlerini şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça:
şikes alan ýagdaýynda:
arza;
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;
önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysa hakyndaky ykrarnama (B-1 görnuş);
saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berlen görnüş 195/h boýunça şikesiň bejerilmegi hakynda delilhat (Goşundy 6);
şahsyýetini tassyklaýan resminama;
maýyplygyň toparynyň kesgitlenen ýagdaýynda:
arza;
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;
önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysa hakyndaky ykrarnama (B-1 görnuş);
maýyplyk toparyny görkezmek bilen, hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň maýyplygy bellemek baradaky delilhatynyň döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan nusgasy;
şahsyýetini tassyklaýan resminama;
ölüm halatynda:
arza;
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;
önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysa hakyndaky ykrarnama (B-1 görnuş);
ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan nusgasy;
döwlet notarial edarasy tarapyndan berlen mirasa bolan hukugy hakyndaky şahadatnamasy;
şahsyýetini tassyklaýan resminama.
ç) raýat-hukuk jogapkärçiligiň ätiýaçlandyryşy boýunça:
üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna zyýan ýetirilmegi
arza;
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;
saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berlen görnüş 195/h boýunça şikesiň bejerilmegi hakynda delilhat;
üçünji tarapyň ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan nusgasy;
Ätiýaçlandyryja zyýanyň öwezini dolmak barada bildirilen talabyň, eger jedele kazyýet tertibinde seredilen bolsa, kazyýetiň degişli çözgüdiniň nusgasy;
şahsyýetini tassyklaýan resminama.
üçünji taraplaryň emlägine zelel ýetirilmegi:
arza;
ätiýaçlandyryş şahadatnamsy;
ygtyýarly edaralaryň emlägiň zaýalanandygy ýa-da ýok bolandygy, abatlaýyş-dikeldiş işleriniň gymmaty baradaky resminamalary we beýlekiler;
Ätiýaçlandyryja zyýanyň öwezini dolmak barada bildirilen talabyň, eger jedele kazyýet tertibinde seredilen bolsa, kazyýetiň degişli çözgüdiniň nusgasy;
zyýanyň ýetirilendigini we onuň möçberini tasssyklaýan, bolup geçen waka boýunça Ätiýaçlandyrýan tarapyndan düzülen bar bolan resminamalar;
ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy, onuň sebäpleri we ýagdaýlary we ýetirilen zyýanyň möçberleri baradaky resminamalar;
eger ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça olaryň öwezi dolunýan bolsa, çykdajylaryň möçberini tassyklaýan resminamalar (hasaplar, kwitansiýalar, ýanhatlary, beýleki töleg resminamalary).
(Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 128 belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 16/21 belgi bilen ylalaşylyp tassyklanan)
75. Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýandan (Bähbit görüjiden) we/ýa-da ygtyýarly edaralardan we guramalardan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy, onuň sebäpleri we ýagdaýlary barada we ýetirilen zyýanyň möçberleri barada maglumat almaga mümkinçilik berýän goşmaça resminamalary sorap almaga, şeýle hem çekilen ýitgileriň sebäplerini, ýagdaýlaryny we möçberini özbaşdak anyklamaga haky bardyr.
76. Zerur bolan ähli resminamalar we maglumatlar alnandan soň Ätiýaçlandyryjy olara alnan senesinden başlap 45 (kyrk bäş) iş günüň dowamynda seredýär. Görkezilen möhletiň dowamynda Ätiýaçlandyryjy:
eger waka ätiýaçlandyryş halaty diýlip hasap edilen bolsa – ätiýaçlandyryş halaty barada ykrarnama düzýär (7-nji goşundy) we ätiýaçlandyryş tölegini töleýär;
eger waka ätiýaçlandyryş halaty däl diýlip hasap edilen bolsa ýa-da ätiýaçlandyryş tölegini tölemekden ýüz döndermek barada karara gelnen bolsa – Ätiýaçlandyrýanyň (Bähbit görüjiniň - jogapkärçilik töwekgelçiligi ätiýaçlandyrylan şahsyň, Bähbit görüjiniň – üçünji şahsyň) salgysyna hat arkaly kabul edilen çözgüdiň esaslandyrmasyny ýollaýar.
77. Emläk ätiýaçlandyrylanda ätiýaçlandyryş töleginiň möçberi şu tertipde kesgitlenýär:
a) Emläk doly ýok bolan halatynda (konstruktiw ýok bolmagyny goşmak bilen) – ätiýaçlandyryş pul möçberini bellemegiň usulyna baglylykda, şu Kadalaryň 27-nji bendiniň 2-nji we 3-nji tesimleriniň düzgünlerini hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryş pul möçberinden ugur alyp kesgitlenýär.
Konstruktiw ýok bolmagy diýip ätiýaçlandyrylan emlägiň ony mundan beýläk maksatlaýyn wezipesi boýunça peýdalanmagyň Ätiýaçlandyrýan (Bähbit görüji) üçin ykdysady taýdan maksadalaýyk däl bolýan ýagdaýy hasap edilýär.
b) Ätiýaçlandyrylan emlägiň bölekleýin ýok bolan (zeper ýeten) halatynda:
1. kosmos obýektiniň gurnalýan, integrirlenýän, synag edilýän tapgyrynda (onuň bilen baglanyşykly saklamak, daşamak, startyň öň ýanyndaky taýýarlyk amallaryny we ş.m. goşmak bilen) – dikeltmek (abatlamak, çalyşmak) boýunça çykdajylaryň möçberinden ugur alnyp kesgitlenýär.
Ätiýaçlandyryş halaty bilen şertlendirilen, zerur bolan konstruktiw üýtgetmeleri girizmek boýunça işleriň gymmatynyň, şeýle hem diňe zeper ýeten bölekleriniň goşmaça synaglarynyň we kwalifikasiýalarynyň gymmatynyň öwezi diňe onuň ätiýaçlandyryş şertnamasynda aýratyn görkezilen halatynda dolunýar.
Eger ätiýaçlandyrylan emlägi abatlanmaly ýerine getirmegiň barşynda ýa-da onuň abatlanylýan wagtynda şol emläk ýok bolan bolsa ýa-da oňa goşmaça zeper ýetirilen bolsa, şol zyýanyň öwezi diňe onuň ätiýaçlandyryş şertnamasynda aýratyn görkezilen halatynda dolunýar.
2. kosmos obýektiniň uçurylýan we orbita çykarylýan tapgyry, onuň ulanylmaga berilýän döwrüni goşmak bilen, şeýle hem kosmos obýektiniň maksatlaýyn wezipesi boýunça ulanylýan tapgyrynda – ätiýaçlandyryş pul möçberiniň onuň hereket etmek ukubynyň ýitirilen bölegine laýyk gelýän böleginiň möçberinde;
ç) Ätiýaçlandyrýanyň (Bähbit görüjiniň) hadysanyň bolup geçen ýerini ätiýaçlandyryş halatynda zyýan çeken ätiýäçlandyrylan emlägiň döwülen böleklerinden (galyndylaryndan) arassalamak boýunça çykdajylarynyň öwezi diňe onuň ätiýaçlandyryş şertnamasynda aýratyn görkezilen halatynda dolunýar.
d) Ätiýaçlandyryş töleginiň möçberi onuň bilen ätiýaçlandyryş halaty bolup geçen emläk üçin bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary geçmeli däldir.
78. Şahsy ätiýaçlandyryş boýunça Ätiýaçlandyryjy eger kosmos işiniň obýektinde bolup geçen betbagtçylykly ýagdaý işgäriň zähmet borçlaryny ýerine ýetirýän mahalynda onuň ölümine, şikes almagyna ýa-da maýyplygynyň bellenmegine getiren bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) töleýär (alnan şikesiň maýyplygy netijesinde işgäriň bir ýyl dowamynda ýogalmagy hem şuňa girýär).
Ätiýaçlandyrylan şahslara tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelindäki çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan “Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine” we onuň goşundysyna laýyklykda we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda çykaran 135 belgili buýrugy bilen tassyklanylan görnüş 195/h Delilhaty esasynda kesgitlenilýär.
(Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 128 belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 16/21 belgi bilen ylalaşylyp tassyklanan)
Ätiýaçlandyrylan şahsyň şikes almagyň netijesinde maýyplyk toparynyň bellenmegine getirende, ätiýaçlandyryş pul möçberi şu aşakdaky möçberlerde tölenýär (alnan şikesiň netijesinde bir ýylyň dowamynda maýyplygy bellenilmegi hem şu halatlara girýär) :
I-nji maýyplyk toparyna – ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 80 göterimi;
II-nji maýyplyk toparyna – ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 60 göterimi;
III-nji maýyplyk toparyna – ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 40 göterimi.
79. Raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyryş töleginiň möçberi şu tertipde kesgitlenýär:
a) Bähbit görüjileriň – üçünji taraplaryň talaplaryny düzgünleşdirmek kazyýet tertibinde geçirilýär, ätiýaçlandyryş töleginiň möçberi kazyýetiň degişli çözgüdiniň we ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleriniň esasynda kesgitlenýär.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda Ätiýaçlandyryjy bilen Ätiýaçlandyrýanyň we Bähbit görüji – üçünji şahsyň arasynda ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygy ýa-da bolmandygy, Bähbit görüjiniň – üçünji şahsyň ätiýaçlandyryş tölegini almaga hukugynyň bardygy ýa-da ýokdugy, Ätiýaçlandyrýanyň ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak borjy we ätiýaçlandyryş töleginiň möçberi barada jedel ýok wagtynda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş töleginiň möçberini üç taraplaýyn ylalaşyk baglaşmak bilen, kazyýet däl (kazyýetden öň) düzgünleşdirmek tertibinde kesgitlemäge hakynyň bardygy baradaky şert göz öňünde tutulyp bilner.
Şu ýagdaýda Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş töleginiň möçberini kesgitlemek Ätiýaçlandyrýandan (Bähbit görüji – üçünji şahsdan, ygtyýarly edaralardan we guramalardan) alnan, zyýan ýetirilen ýagdaýlary we onuň möçberini tassyklaýan resminamalaryň esasynda, zerur bolan halatynda garaşsyz bilermenleri çekmek bilen geçirilýär.
b) Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek şu görnüşdäki zyýanyň ýetirilendigi üçin öwezini dolmagyň hereket edýän kanunçylykda göz öňünde tutulan möçberinden ýokary bolmadyk möçberde geçirilýär we ätiýaçlandyryş pul möçberinden we jogapkärçilik çäklerinden (eger olar ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen bolsa) ýokary geçmeli däldir.
Heläkçilik çeken birnäçe şahslara ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolan zyýan ýetirilende, Ätiýaçlandyrylýan bilen ylalaşylyp, ätiýaçlandyryş tölegi heläkçilik çeken şahslaryň her birine (zyýanyň öwezini dolmak baradaky talaplaryň olar tarapyndan bir wagtda berlen halatynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen çäklerde, şol şahslaryň her birine ýetirilen zyýanyň möçberine barabar möçberde geçirilip bilner.
Ätiýaçlandyrýan (jogapkärçilik töwekgelçiligi ätiýaçlandyrylan şahs) tarapyndan ýetirilen zyýanyň öweziniň beýleki şahslar tarapyndan dolunýan halatlarynda Ätiýaçlandyryjy diňe ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça tölenmäge degişli öwezini doluş töleginiň pul möçberi bilen beýleki şahslar tarapyndan öwezi dolunýan pul möçberiniň arasyndaky tapawudy töleýär. Ätiýaçlandyrýan (jogapkärçilik töwekgelçiligi ätiýaçlandyrylan şahs) Bähbit görüjilere – üçünji şahslara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň hasabyna beýleki şahslar tarapyndan geçirilýän, özüne mälim bolan tölegler barada Ätiýaçlandyryja habar bermäge borçludyr.
80. Ätiýaçlandyryş töleginiň möçberini kesgitlemek, eger olar ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen bolsa, jogapkärçilik çäklerini we franşizany hasaba almak bilen geçirilýär.
81. Ätiýaçlandyrýana (Bähbit görüjä) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek olar tarapyndan görkezilen bank hasabyna geçirmek ýoly bilen geçirilýär.
82. Kazyýetiň çözgüdini ýerine ýetirmegiň esasynda ýa-da Ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşyk boýunça Ätiýaçlandyrýanyň zyýanyň öwezini özbaşdak dolan halatynda Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş tölegini onuň geçiren öwezini doluş töleginiň çäklerinde, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça bellenen jogapkärçilik çäklerinden ýokary bolmadyk möçberde we ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde geçirmäge haky bardyr.
83. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini geçiren Ätiýaçlandyryja ýetirilen zyýan üçin Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da üçünji tarapyň öňünde jogapkär şahsa regress talaby bildirmek hukugy geçýär.
84. Eger ätiýaçlandyryş tölegi tölenenden soň Ätiýaçlandyrýany (Bähbit görüjini) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga bolan hukugyndan doly ýa-da bölekleýin mahrum edýän ýagdaý ýüze çykarylsa, görkezilen şahslar alnan tölegi (ýa-da onuň degişli bölegini) 7 (ýedi) bank gününiň dowamynda (eger talaplaryň ýazmaça ylalaşygynda başga möhlet görkezilmedik bolsa) Ätiýaçlandyryja gaýtarmaga borçludyrlar.
XIII. Jedelleri çözmegiň tertibi
85. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ähli jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülýär.
86. Türkmenistanyň çäginde ýa-da Türkmenistanyň ýurisdiksiýasy bilen onuň çäginden daşarda amala aşyrylýan kosmos işi babatda halkara hyzmatdaşlygynyň barşynda ýüze çykýan jedellere, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça kesgitlenmedik bolsa, Türkmenistanyň kazyýetlerinde seredilmäge degişlidir.
Kosmos işini meýletin
ätiýaçlandyrmagyň Kadalaryna
1-nji goşundy
Kosmos işini meýletin
ätiýaçlandyryşy boýunça bir ýyllyk esasy
NYRH MÖÇBERLERI
Emläk ätiýaçlandyryşy 1-nji jetwel
Emlägiň görnüşi |
Tapgyrlar |
Ätiýaçlandyryş halaty |
Ätiýaçlandyryş nyrhy, ätiýaçlandyryş pul möçberinden %-de |
Kosmos obýekti |
Kosmos obýektiniň ýa-da onuň bölekleriniň gurnalýan, integrirlenýän, synag edilýän tapgyry |
Bölekleýin ýok bolmagy (zeper ýetmegi) |
0,5 |
Doly ýok bolmagy |
0,2 |
||
Doly ýok bolmagy we bölekleýin ýok bolmagy (zeper ýetmegi) |
1,8 |
||
Kosmos obýektiniň uçurylýan we orbita çykarylýan tapgyry |
Bölekleýin ýok bolmagy (zeper ýetmegi) |
10,0 |
|
Doly ýok bolmagy |
24,0 |
||
Doly ýok bolmagy we bölekleýin ýok bolmagy (zeper ýetmegi) |
22,0 |
||
Kosmos obýektiniň uçurylýan we orbita çykarylýan tapgyry, onuň ulanyşa girizmek döwrüni goşmak bilen |
Bölekleýin ýok bolmagy (zeper ýetmegi) |
11,0 |
|
Doly ýok bolmagy |
25,0 |
||
Doly ýok bolmagy we bölekleýin ýok bolmagy (zeper ýetmegi) |
23,0 |
||
Ulanmaklyk |
Bölekleýin ýok bolmagy (zeper ýetmegi) |
3,0 |
|
Doly ýok bolmagy |
8,0 |
||
Doly ýok bolmagy we bölekleýin ýok bolmagy (zeper ýetmegi) |
10,0 |
||
Kosmos obýektiniň ýa-da onuň bölekleriniň orbita uçuşyny tamamlanandan soň Ýere düşürilýän tapgyry |
Bölekleýin ýok bolmagy (zeper ýetmegi) |
2,10 |
|
Doly ýok bolmagy |
1,07 |
||
Doly ýok bolmagy we bölekleýin ýok bolmagy (zeper ýetmegi) |
3,05 |
Kosmos obýektiniň gurnamasy, birikdirilmegi (integrasiýasy), synagy döwri we/ýa-da onuň goýberilen döwri ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde wakanyň bolan ýerini zyýan çeken ätiýaçlandyrylan emlägiň böleklerinden (galyndylaryndan) arassalamak boýunça çykdajylarynyň ätiýaçlandyryş şertnamasyna goşulan mahaly umumy ätiýaçlandyryş gatanjyndan goşmaça 10% alynýar.
Şahsy ätiýaçlandyryş 2-nji jetwel
Ätiýaçlandyryş halaty |
Ätiýaçlandyryş nyrhy, ätiýaçlandyryş pul möçberinden %-de |
Işgärleriň ömrüne we saglygyna zyýan ýetmegi |
2 |
1-nji goşundynyň dowamy
Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryşy 3-nji jetwel
Tapgyrlar |
Ätiýaçlandyryş halaty (ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi) |
Ätiýaçlandyryş nyrhy, ätiýaçlandyryş pul möçberinden %-de |
Kosmos obýektiniň ýa-da onuň bölekleriniň gurnalýan, integrirlenýän, synag edilýän tapgyry |
Üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna zyýan ýetirilmegi |
0,11 |
Üçünji taraplaryň emlägine zelel ýetirilmegi |
0,16 |
|
Kosmos obýektiniň uçurylýan we orbita çykarylýan tapgyry, onuň ulanyşa girizmek döwrüni goşmak bilen |
Üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna zyýan ýetirilmegi |
0,02 |
Üçünji taraplaryň emlägine zelel ýetirilmegi |
0,04 |
|
Ulanmaklyk |
Üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna zyýan ýetirilmegi |
0,02 |
Üçünji taraplaryň emlägine zelel ýetirilmegi |
0,04 |
|
Kosmos obýektiniň ýa-da onuň bölekleriniň orbita uçuşyny tamamlanandan soň Ýere düşürilýän tapgyry |
Üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna zyýan ýetirilmegi |
0,09 |
Üçünji taraplaryň emlägine zelel ýetirilmegi |
0,14 |
Ätiýaçlandyryşyň ähli görnüşi boýunça düzediş koeffisiýentleri
1. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş töwekgelçiligiň derejesini anyklamak üçin möhüm ähmiýeti bolan dürli ýagdaýlary nazara alyp, esasy ätiýaçlandyryş nyrh möçberine goşmaça ýokarlandyryjy koeffisiýentler ulanmaga hukugy bar:
ätiýaçlandyryş gatanjynyň töleniş usuly (birwagtlaýyn, möhletlere bölüp bölekleýin) (1,0 – 1,2).
ätiýaçlandyryş döwri (jogapkärçiligiň döwri) (0,5 – 5,0).
ätiýaçlandyryşa kabul edilýän emlägiň ulanylyş häsiýeti we şertleri (0,3 – 5,0)
ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň beýleki ýagdaýlary (0,2 – 5,0)
Kosmos işiniň meýletin
ätiýaçlandyryşy Kadalaryna
2-nji goşundy
Kosmos işiniň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça
ARZA
Türkmenistanyň Döwlet Ätiýaçlandyryş guramasyndan ätiýaçlandyryşa kabul etmegini haýyş edýärin:
- şu arzada görkezilen, kosmos işiniň obýekti bolan emläkleri