Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň baş direktory
2021-nji ýylyň 25-nji iýunyndaky çykaran
69 belgili buýrugy bilen tassyklandy
Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan meýletin
ätiýaçlandyryş Kadalary
I bap. Umumy düzgünler
1. Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda», «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna we «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1684-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
2. Kadalaryň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk – ätiýaçlandyryjy) syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan Türkmenistanyň ýuridik we syýahatçylyk hyzmatlaryny edýän (hususy telekeçiler hökmünde bellige alnan) fiziki şahslar, şeýle hem syýahatçylar bilen (mundan beýläk – ätiýaçlandyrýan) syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy)).
3.Şu Kadalaryň maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin ulanylýan esasy düşünjeler:
1) bähbit görüji – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan ätiýaçlandyrylan şahs;
2) ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs we ýa-da ýuridik şahs;
3) ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan döwlet ätiýaçlandyryş guramalary, ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;
4) ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) – ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenilýän pul möçberi;
5) ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi (jogapkärçiligi) – ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň ýüze çykma mümkinçiligi;
6) ätiýaçlandyryş halaty – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;
7) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;
8) ätiýaçlandyryş pul möçberi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;
9) ätiýaçlandyryş şahadatnamasy – ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsa berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan resminama;
10) ätiýaçlandyryş şertnamasy – ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasynda baglaşylan şertnama, oňa laýyklykda belli bir wakalar (ätiýaçlandyryş halatlary) ýüze çykanda ätiýaçlandyryjylar tarapyndan ätiýaçlandyrylan pul möçberleriniň we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenilmeginiň ýa-da şertnamada görkezilen başga bir hereketiň ýerine ýetirilmeginiň maksady bilen, ätiýaçlandyryjylara töleýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasabyna fiziki şahslaryň şahsy bähbitleriniň goralmagynyň tertibi we şertleri bellenilýär;
11) franşiza – umumy zyýanyň bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenýär. Şertli franşiza bellenilende ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zyýanyň öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zyýany doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär;
12) ätiýaçlandyrylan şahs – şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylýan fiziki şahs;
13) syýahatçylyk – fiziki şahslaryň hemişelik ýaşaýan ýerinden tölegli iş bilen meşgul bolmazdan dynç almak üçin, sagaldyş, öwreniş, professional-işewürlik, bilim, sport, dini we beýleki maksatlar bilen wagtlaýyn bolunýan ýurda (ýere) gezelenji;
14) syýahatçylyk işi – gezelençleri we olar bilen baglanyşykly syýahatçylyk hyzmatlaryny guramak boýunça ýuridik şahslaryň we syýahatçylyk hyzmatlaryny edýän (hususy telekeçiler hökmünde bellige alnan) fiziki şahslaryň işi;
15) syýahat – belli bir ugur boýunça takyk möhletlerde toplumlaýyn syýahatçylyk hyzmatlary bilen üpjün edilen gezelenç;
16) syýahatçy – tölenilýän iş bilen meşgul bolmazdan sagaldyş, öwreniş, professional-işewür, bilim, sport, dini we başga maksatlar bilen Türkmenistanyň çäklerinde ýa-da ondan daşarda ýigrimi dört sagatdan alty aýa çenli ýa-da ýigrimi dört sagatdan az, ýöne dynç almak üçin bir gije ýatmak bilen gezelenç edýän fiziki şahs;
17) betbagtçylykly hadysa – dürli daşarky ýagdaýlaryň (fiziki, himiki, tehniki we başgalar) ätiýaçlandyrylan adamynyň erkine bagly bolmazdan ýüze çykan we ätiýaçlandyrylan adamynyň bedenine zeper ýetiren, synasynyň sagdyn işlemegini bozan ýa-da onuň aradan çykmagyna getiren anyk kesgitlemegi mümkin bolan, bir pursatda ýüze çykýan duýdansyz täsiri;
18) sanly hyzmatlar - elektron maglumat ulgamlaryndan, maglumat- telekommunikasiýa torlaryndan we elektron amallardan peýdalanmak arkaly edilýän hyzmat;
4. Halkara we içerki syýahatçylyk syýahatçylygyň kysymlarydyr.
Halkara syýahatçylyk şu aşakdakylary öz içine alýar:
1) giriş syýahatçylygy – Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan adamlary hasap etmezden, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäklerindäki syýahaty;
2) çykyş syýahatçylygy - Türkmenistanyň raýatlarynyň, şeýle hem Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäklerinden daşardaky syýahaty.
Içerki syýahatçylyk – Türkmenistanyň raýatlarynyň, şeýle hem Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäklerindäki syýahaty.
5. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy (ätiýaçlandyryş şertnamasy) şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşmagy boýunça şertnamanyň aýry-aýry bölümlerinde, Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän başga şertler bellenilip biler.
II bap. Ätiýaçlandyryş obýekti
6. Syýahat döwründe ätiýaçlandyrylan şahsyň ömri, saglygy we işe ukyplylygyny ätiýaçlandyrmak bilen baglanyşykly bolan şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.
III bap. Ätiýaçlandyryş halaty
7 Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwründe betbagtçylykly hadysa netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň şikes almagy, şeýle hem ätiýaçlandyrylan şahsyň aradan çykmagy ýa-da şol wakanyň ýüze çykan gününden başlap bir ýylyň dowamynda ýüze çykan haýsydyr bir waka sebäpli aradan çykmagy ätiýaçlandyryş halatlary bolup durýar.
IV bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberi
8. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyrýanyň we ätiýaçlandyryjynyň arasyndaky ylalaşyk boýunça baglaşylýan ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) her bir ätiýaçlandyrylan şahs üçin aýratynlykda bellenilýär.
Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çägini kesgitleýän pul möçberidir. Şondan ugur alnyp ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) kesgitlenýär.
V bap. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny)
hasaplamagyň we tölemegiň tertibi
9. Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberine, syýahatçylygyň kysymyna, ätiýaçlandyryşyň möhletine bagly bolup durýar.
10. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda bir ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi 365 (üç ýüz altmyş bäş) güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyrylan güne köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa şu bölegiň birinji tesimine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.
Hasaplaşygyň şolar ýaly usuly goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda hem ulanyp ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.
11. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyl we ondan köp möhletde baglaşylan mahaly ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) iki möhlete bölüp tölemäge hukugy bardyr: 50 (elli) göterimini şertnama baglaşylanda, 50 (elli) göterimi şertnamanyň hereketi başlandan soň bäş aýdan gijä galman tölenýär.
Eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasy birnäçe ýyla baglaşylanda, onda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) her ýyl üçin möhletlere bölüp töläp bilýär.
Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň anyk tertibi we möhletleri ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenip görkezilýär.
12. Eger ätiýaçlandyryş şertleri bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bellenen pul birliginde tölenilýär.
Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde geçirilýär.
13. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda möhlete bölünen ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.
14. Eger ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen möçberde we möhletlerde geçirilmese, ätiýaçlandyryjy şonuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir.
Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty ýüze çyksa we şu wagta çenli ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegini gijikdirse, ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.
Eger ätiýaçlandyrýan bölekleýin tölemek barada karara gelen bolsa we ikinji tölegini tölemedik döwründe ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan bolsa, onda ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) ikinji bölegi tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberinden (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden) tutup alynýar.
15. Ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) düzüminde onuň gaýtarylyp berilýän bölegi göz öňünde tutulyp bilner, ol ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmadyk ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti tamamlanandan soň ätiýaçlandyrýana tölenilýär. Ätiýaçlandyryş gatanjyndan (ätiýaçlandyryş baýragyndan) gaýtarylyp berilmeli möçberi 5 (bäş) göterime çenli ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilip bilner.
VI bap. Ätiýaçlandyryş nyrhyny kesgitlemegiň tertibi we ätiýaçlandyryş
nyrhynyň möçberi
16. Ätiýaçlandyryş nyrhy ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň birliginden alynýan, ätiýaçlandyryjylarda ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) töleglerini geçirmek, ätiýaçlandyryş gorlaryny, öňüni alyş çäreleriniň gorlaryny we beýleki gorlary toplamak üçin, şeýle hem ätiýaçlandyryjylaryň ösdürilmegi boýunça çykdajylaryň ödelmegi üçin ýeterlik maliýe serişdeleriniň emele gelmegini üpjün edýän möçberlerden ugur alnyp kesgitlenýär.
17. Ätiýaçlandyryş nyrhy Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş boýunça bir ýyllyk nyrh möçberlerinden (Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna 1-nji goşundy) ugur alnyp hasaplanyp çykarylýar.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda töwekgelçiligiň derejesine, ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna peseldiji 1-den 0,5-e çenli we ýokarlandyryjy 1-den 5-e çenli koeffisiýentler ulanylyp bilner.
VII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň
tertibi
18. Ätiýaçlandyryş şertnamasy syýahatçylyk möhletine baglaşylýar. Ätiýaçlandyryş şertnamasy äiýaçlandyrýanyň bellenen görnüşdäki ýazmaça arzasynyň (Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna 2-nji goşundy) ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde ýüz tutmasy esasynda baglaşylýar.
Arza ätiýaçlandyrýanyň ýolbaşçysynyň we baş hasapçysynyň gol çeken Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyrylan şahslaryň sanawy (Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna 3-nji goşundy) goşulýar.
19. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenilen pursatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) (Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna 4-nji goşundy) gowşurýar.
Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:
1) nagt däl görnüşinde tölenilende – ätiýaçlandyryjynyň hasaplaşyk hasabyna gelip gowşan güni;
2) nagt görnüşinde tölenilende - ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.
20. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjydan öwezligini talap edip biler. Öwezlik bermek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyrýan çekýär.
21. Üç we ondan köp senenama ýylynyň dowamynda ätiýaçlandyryş şertnamasyny yzygider baglaşan we bu möhletiň dowamynda ätiýaçlandyrylan şahslar bilen ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmadyk bolsa, onda ätiýaçlandyrýanlara indiki möhlete täze ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşanlarynda hasaplanan ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberinden ätiýaçlandyryşyň üç ýyly üçin 5 (bäş) göterim, ätiýaçlandyryşyň dört ýyly üçin 10 (on) göterim we ätiýaçlandyryşyň bäş ýyly üçin we ondan ýokary möhletler üçin 15 (on bäş) göterim indirim almaga hukuk berilýär.
22. Ätiýaçlandyryş şertnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar ätiýaçlandyrýanyň we ätiýaçlandyryjynyň özara ylalaşygy bilen, taraplaryň haýsynyň hem bolsa biriniň arzasy esasynda, arzany beýleki tarapyň alan pursatyndan başlap bir aý dowamynda goşmaça ylalaşygy bilen resmileşdirilýar.
23. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş pul möçberini ýokarlandyrmak islese, onuň bilen esasy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletiniň ahyryna çenli galan döwre goşmaça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölemegi bilen goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylyp bilner.
VIII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhleti
24. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň ylalaşygy esasynda bellenilýär.
25. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhleti (başlanýan senesi-ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi-möhletiniň iň soňky güni sagat 24-de).
26. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri we ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän ýeri görkezilýär.
IX bap. Gaýtadan ätiýaçlandyryş
27. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga ätiýaçlandyryjyda (gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.
Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. şunda ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.
Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak - Türkmenistanyň ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp tassyklanan tertibe laýyklykda ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.
Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsyň talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.
28. Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş şertleri we ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberleri ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.
X bap. Taraplaryň hukuklary we borçlary
29. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:
1) ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyş etmäge;
2) ätiýaçlandyrýanyň habar beren maglumatlarynyň ygtybarlylygyny kanunçylyga ters gelmeýän, özüne elýeterli islendik usul bilen barlamaga, şeýle hem olaryň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişlerine gözegçilik etmäge;
3) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen möhletde ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;
4) ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýykykda ätiýaçlandyryjynyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
30. Ätiýaçlandyryjynyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň delillerine şübhe dörän halatynda ygtyýarly edaralardan goşmaça maglumatlar sorap almaga, bu şübheleriň tassyklanmasy ýa-da ýalana çykarylmasy anyklanýança onuň tölenmegini gaýra goýmaga;
2) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe, aýratyn halatlar ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan bilen ylalaşmak arkaly ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna (ätiýaçlandyryş şertnamasyna) üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizmäge;
3) ätiýaçlandyrýandan, ygtyýarly edara-kärhanalardan ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ýeten zyýanyň (zezeliň) sebäbini kesgitlemek üçin zerur bolan islendik maglumatlary almaga.
31. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:
1) ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyşmaga;
2) ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) bellenilen tertipde tölemäge;
3) syýahatçynyň ömrüniň, saglygynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge;
4) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) göz öňünde tutulan möhletde habar bermäge;
5) ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylandan soň töwekgelçiligiň derejesini ýokarlandyryp biljek ýagdaýlar aýan bolsa, haýal etmän bu barada ätiýaçlandyryja habar bermäge;
6) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde zyýanyň möçberini azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyrýanyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
32. Ätiýaçlandyrýanyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe taraplaryň ylalaşygy esasynda oňa üýtgetmeler girizmäge;
2) ätiýaçlandyryş şertnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly onuň öwezligini almaga;
3) ätiýaçlndyryş şertnamasy baglanşylanda bähbit görüjini bellemäge.
XI bap. Ätiýaçlandyryjynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak boýunça borçlary
33. Ätiýaçlandyryjylar «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda degişli çäreleri amala aşyrmalydyrlar, şeýle hem ygtyýarly döwlet edarasyna degişli maglumatlary bermelidirler.
XII bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini
doluş tölegini) kesgitlemegiň we tölemegiň tertibi
34. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan şahs haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölenmegi barada arzany (Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna 5-nji goşundy) ýa-da elektron görnüşinde ätiýaçlandyryja habar bermäge we soňra bolsa aşakdaky resminamalary bermäge borçludyr:
1) ätiýaçlandyrylan şahs şikes alanda - ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölenmegi barada arzany, pasportyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasyny, ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny, (elektron görnüşinde baglaşylan ýagdaýynda talap edilmeýär) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda çykaran 135 belgili buýrugy bilen tassyklanan görnüş 195/h Delilhatyny;
2) ätiýaçlandyrylan şahs maýyplyk alanda - ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölenmegi barada arzany, pasportyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasyny, ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny, (elektron görnüşinde baglaşylan ýagdaýynda talap edilmeýär) hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň ätiýaçlandyrylan şahsyň maýyplygyny kesgitlän kepilnamasynyň nusgasyny (HMAT);
3) ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykanda – ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölenmegi barada arzany, pasportyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasyny ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny, (elektron görnüşinde baglaşylan ýagdaýynda talap edilmeýär) ölüm hakyndaky şahadatnamanyň nusgasyny, ätiýaçlandyrylan şahsyň mirasdarynyň mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamasynyň nusgasyny.
Eger-de ätiýaçlandyrylan şahs bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryş halaty daşary ýurtda ýüze çykan ýagdaýynda äiýaçlandyrýan ol barada habar alan gününden soň 3 (üç) iş gününden gijä galman, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölenmegi barada arzany, soňra bolsa ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenmegi baradaky meseläniň çözülmegi üçin ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny, şeýle hem daşary ýurtdaky saglygy goraýyş edaralarynyň şikesiň derejesini we görnüşini tassyklaýan resminamasyny ätiýaçlandyryja bermelidir.
Eger-de ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) öň tölenen bolsa, onda öň tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) aýyrmak bilen ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) bähbit görüjä ol bolmadyk ýagdaýynda mirasdarlara doly tölenilýär.
Eger ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş halatyň bolup geçmegi bilen ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş şertnamasyny görkezip ýüz tutandan soň degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) alman aradan çykan bolsa, onda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) bähbit görüja ol bolmadyk ýagdaýynda mirasdarlaryna tölenilýär.
Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölemekligiň meselesini çözmeklik üçin ätiýaçlandyryjy zerur halatlarda ätiýaçlandyrýandan beýleki resminamalary, şol sanda derňew ýa-da kazyýet edaralarynyň maglumatlaryny sorap alyp biler.
35. Şu Kadalaryň ýedinji böleginde göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrylan şahslara tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelindäki çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan “Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine” we onuň goşundysyna laýyklykda hem-de bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň delilhatlary esasynda kesgitlenilýär.
36. Eger ätiýaçlandyrylan şahsa ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe betbagtçylykly hadysanyň netijesinde maýyplygyň topary bellenen bolsa, onda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) aşakdaky ýaly tölenilýär:
1) I topar maýyplyga – ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 80 (segsen) göterimi;
2) II topar maýyplyga – ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 60 (altmyş) göterimi;
3) III topar maýyplyga – ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 40 (kyrk) göterimi.
Ätiýaçlandyrylan şahs maýyplyk alandan soň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe maýyplyk topary üýtgedilse onda öň tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) aýyrmak bilen ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyrylan şahsa, ätiýaçlandyrylan şahs aradan çyksa ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) mirasdarlara doly tölenilýär.
37. Eger bejeriş döwürde şikesiň ahyrky agyrlyk derejesini kesgitlemek mümkin bolmasa, onda ätiýaçlandyrylan şahsyň islegi boýunça ol deslapdan kesgitlenip, oňa hakujy hökmünde tölenilip bilner. Bu hakujy ahyrky anyklamanyň netijesi boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenende ondan tutulyp alynýar.
38. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrylan şahslaryň alan bir ýa-da birnäçe şikesleri boýunça tölenilmeli ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) umumy möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) kesgitlenen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolup bilmeýär.
Kämillik ýaşa ýetmedik ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) bähbit görüjä ol bolmadyk ýagdaýynda mirasdarlara tölenilýär.
39. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) betbagtçylykly hadysanyň bolandygyny tassyklaýan ähli degişli resminamalar alnandan soň ätiýaçlandyryjy tarapyndan 15 (on bäş) iş günüň dowamynda tölenilýär.
40. Ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan şahs ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin arza bilen ýüz tutanda ätiýaçlandyryjy arzany bellenilen tertipde hasaba alýar we ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek üçin resminamalaryň doldurylyşynyň dogrulygyny we dolulygyny barlamaga borçludyr.
XIII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi
41. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:
1) hereket edýän möhleti geçende;
2) ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;
3) ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;
42. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça möhletinden öň bes edilip bilner.
43. Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyrýanyň talaby ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) dolulygyna gaýtaryp berýär.
44. Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny möhletinden öň bes edilende, ol ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklarny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda eger ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.
45. Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen bolsa, onda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjydan öwezligini talap edip biler. Öwezlik berlenden soň ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.
Ähli ýagdaýlarda öwezlik bermek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyrýan çekýär. Öwezlik berlenden soň ýitirilen ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyryjynyň buýrugy bilen hakyky däl diýlip hasap edilýär we ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça hiç bir ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär diýip görkezilýär. Bu barada ätiýaçlandyryjy degişli guramalara habar edip biler.
XIV bap. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden
boýun gaçyrylmagy
46. Ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden ýüz döndermäge haklydyr:
1) ätiýaçlandyrýanyň, ätiýaçlandyrylan şahs ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;
2) ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan şahs hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;
3) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanyşykda durýan bolsa;
4) ätiýaçlandyrýan (ätiýaçlandyrylan şahs, ätiýaçlandyrylan şahsyň mirasdarlary) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada öz wagtynda habar bermese we şonuň netijesinde ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy saglygy goraýyş, derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň resminamalary bilen tassyklanmasa ýa-da zyýanyň möçberini, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäbini anyklamak mümkin bolmasa.
Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrylan halatynda ätiýaçlandyryjy bu barada ätiýaçlandyrýana 3 (üç) iş gün möhletde sebäbini ýazmaça habar bermäge borçludyr.
XV bap. Jedelleriň çözülişi
47. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan
meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
1-nji goşundy
Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş boýunça
bir ýyllyk nyrh möçberleri
T/b |
Syýahatçylygyň kysymy
|
Nyrh möçberleri %-de |
1. |
Giriş syýahatçylygy
|
0,4 |
2. |
Çykyş syýahatçylygy
|
0,5 |
3. |
Içerki syýahatçylyk
|
0,3 |
Töwekgelçiligiň derejesinden we ätiýaçlandyryş pul möçberinden ugur almak bilen her bir anyk halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende peseldiji (1-den 0,5-e çenli) we ýokarlandyryjy (1-den 5-e çenli) koeffisiýentleri ulanylmagy mümkindir.
Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan
meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
2-nji goşundy
_____________________________
(welaýat, şäher, etrap)
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna
Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş boýunça
Arza
Ätiýaçlandyrýan |
|
|
||||
Salgysy |
|
|
||||
Telefony |
|
|
||||
Ätiýaçlandyrylan şahs |
|
|||||
Familiýasy we ady |
|
|
||||
Doglan ýyly we ýaşy |
|
|
||||
Salgysy/ Telefony |
|
|
||||
Işleýän (okaýan) ýeri, käri |
|
|
||||
Bähbit görüji |
|
|||||
Familiýasy we ady |
|
|
||||
Salgysy/ Telefony |
|
|
||||
Ätiýaçlandyryşyň şertleri |
|
|||||
Ätiýaçlandyryşyň obýekti syýahat döwründe ätiýaçlandyrylan şahsyň ömri, saglygy we işe ukyplylygy |
|
|||||
Ätiýaçlandyryşyň möhleti |
|
|
||||
Syýahatçylygyň kysymy
|
Giriş syýahatçylygy |
|
|
|
|
|
|||
Çykyş syýahatçylygy
|
|
|
|
|||
Içerki syýahatçylyk
|
|
|
|
|
|
|||||
Ätiýaçlandyryş pul möçberi |
|
|
||||
Ätiýaçlandyryşyň hereket edýän çägi |
|
|
||||
Umumy saglygy goraýyş ähmiýetli soraglar
|
|
|||||
Ätiýaçlandyrylan şahs: I ýa-da II topar maýypmy? onkologik keselleri, AIDS we infesirlenen AIW kesellerinden ejir çekýän bolup durýarmy? arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän bolup durýarmy? durnukly nerw we psihiki bozulmalar sebäpli psihonewrologiýa dispanserinde hasapda durýarmy? |
|
Hawa
|
|
ýok |
|
|
||||
Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdym.
M.Ý.
______________________________
(Ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady we goly)
20___ýylyň “___”________________
Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan
meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
3-nji goşundy
Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş boýunça
ätiýaçlandyrylan şahslaryň Sanawy
T/b |
Ätiýaçlandyrylan şahslaryň familiýasy we ady
|
Syýahatçylygyň kysymy
|
Ýollamanyň belgisi |
Syýahatyň möhleti |
Ätiýaçlandyryş pul möçberi |
Bähbit görüjiniň familiýasy, ady we salgysy |
Ätiýaçlandyrylan şahslaryň goly |
1 |
|
|
|
|
|
|
|
2 |
|
|
|
|
|
|
|
3 |
|
|
|
|
|
|
|
4 |
|
|
|
|
|
|
|
M.Ý. Ätiýaçlandyrýan __________________________________________________
(familiýasy, ady we goly)
Baş hasapçy_____________________________________________________
(familiýasy, ady we goly)
Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan
meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
4-nji goşundy
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy
Syýahatçyny betbagytçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş boýunça
ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy)
görnüş 000 № 000000
Ätiýaçlandyryjy (welaýat, şäher, etrap)
|
|
Salgysy/telefony
|
|
Bank maglumatlary
|
|
Ätiýaçlandyrýan
|
|
Salgysy/telefony
|
|
Bank maglumatlary
|
|
Ätiýaçlandyrylan şahs (familiýasy we ady) (bir adamdan köp bolsa sanaw düzülýär)
|
|
Doglan ýyly we ýaşy
|
|
Salgysy/telefony
|
|
Bähbit görüji (familiýasy we ady)
|
|
Ätiýaçlandyryş obýekti
|
|
Syýahatçylygyň kysymy
|
|
Ätiýaçlandyryş pul möçberi
|
|
Ätiýaçlandyryş nyrhy
|
|
Ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi, ony tölemegiň tertibi we möhleti |
|
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti
|
|
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň güýje girmeginiň şertleri
|
|
Beýleki şertler
|
|
Ätiýaçlandyryjy: _________________________ (welaýat, şäher, etrap) Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy M.Ýe._________________________ (ätiýaçlandyryjynyň F.A.A.a. we goly)
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy 20___ ý. «_____»________________ berildi. |
Ätiýaçlandyrýan: _________________________ (F.A.A.a.) Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldym M.Ýe _________________________ (ätiýaçlandyrýanyň goly)
|
Bellik: Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan şahs bu barada ätiýaçlandyryjyny haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habardar etmäge borçludyr. Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) möhlete bölünip tölenilende ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilen möhletde tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.
Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan
meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
5-nji goşundy
________________________________________
(welaýat, şäher, etrap)
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna
________________________________________
(Ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady we salgysy)
_______________________________ tarapyndan
Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş
öwezini doluş töleginiň) tölenilmegi barada
Arza
____________________________________________________________bolup geçen
(güni, aýy, ýyly)
______________________________________________________ bilen baglanyşykly
(ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli)
______________________________________________________________________
Syýahatçyny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi Sizden haýyş edýärin.
Arza şu resminamalar goşulýar ____________________________________________ __________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
20___ ýylyň "____" ____________
________________________________
(Arza berijiniň F. A. Aa. we goly)