Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

28.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň baş direktory

2021-nji ýylyň 29-njy iýunyndaky çykaran

72 belgili buýrugy bilen tassyklandy

 

Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalary

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda», «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1684-nji karary bilen tassyklanan, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama» we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary bilen şol sanda ýuridik şahslary döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary we Türkmenistanda hasaba alnan ýa-da onuň çäginde öz işini amala aşyrýan daşary ýurtlaryň ýuridik şahslary, olaryň şahamçalaryny we wekilhanalaryny goşmak bilen, Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurtly fiziki şahslar we raýatlygy bolmadyk adamlar (mundan beýläk – ätiýaçlandyrýan) bilen Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar.

3. Şu Kadalaryň maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) bähbit görüji-ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

2) ätiýaçlandyrýan-ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki ýa-da ýuridik şahs;

3) ätiýaçlandyryjy-ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan döwlet ätiýaçlandyryş guramalary, ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

4) ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy)-ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenilýän pul möçberi;

5) ätiýaçlandyryş halaty-ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;

6) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi-ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;

7) ätiýaçlandyryş pul möçberi-ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini dol töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça  pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

8) ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylanlygyny tassyklaýan resminama;

9) ätiýaçlandyryş şertnamasy-ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasynda baglaşylan şertnama, oňa laýyklykda belli bir wakalar (ätiýaçlandyryş halatlary) ýüze çykanda ätiýaçlandyryjylar tarapyndan ätiýaçlandyrylan pul möçberleriniň we ätiýaçandyryş öwezini doluş töleginiň tölenmeginiň ýa-da şertnamada görkezilen başga bir hereketiň ýerine ýetirilmeginiň maksady bilen, ätiýaçlandyryjylara töleýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasabyna fiziki we ýuridik şahslaryň  emläk we beýleki bähbitleriniň goramagynyň tertibi we şertleri bellenilýär;

10) haýwanlar-hereket etmek, taýýar organiki birleşmelerinden iýmitlenmek başarnygyna eýe bolan, organiki dünýäniň ýokary toparlarynyň birini düzýän organizmler (ýönekeýler, gurçuklar, bognaýaklylar, mollýusklar, balyklar, ýerde-suwda ýaşaýanlar, süýrenijiler, guşlar, süýdemdirijiler);

11) üçünji taraplar-haýwanyň hereketleri netijesinde ömrüne, saglygyna ýa-da emlägine zyýan (zyýan) ýeten fiziki ýa-da ýuridik şahslar, haýwanyň eýesinden ýa-da jogapkär adamdan başga;

12) sanly hyzmatlar-elektron maglumat ulgamlaryndan, maglumat- telekommunikasiýa torlaryndan we elektron amallardan peýdalanmak arkaly edilýän hyzmat.

4. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasytiýaçlandyryş şahadatnamasy)) şu Kadalaryň talaplaryna hem-de  Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylýar.

 

II bap. Ätiýaçlandyryş obýekti

 

5. Ätiýaçlandyrýanyň kanunçylykda göz öňünde tutulan esasda eýeçilik hukugyna degişli bolan haýwanlara eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýarlyk etmek bilen bagly raýat-hukuk jogapkärçilik bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

6. Talaba laýyk doldurylan weterinar pasporty bolan haýwanlar ätiýaçlandyryşa degişlidir.

 

III bap. Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri we ätiýaçlandyryş

halatlary

 

7. Ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň ýüze çykma mümkinçiligi ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi bolup durýar.

8. Aşakdakylar ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar:

1) haýwanyň üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna zyýan ýetirmegi;

2) haýwanyň üçünji taraplaryň emlägine zyýan ýetirmegi;

3) üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine haýwanyň ýetiren zyýany bilen baglylykda ätiýaçlandyrýanyň (jogapkär tarapyň) kazyýet çykdajylary.

 

IV bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberi.  

 

9. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çägini kesgitleýän pul möçberidir. Ätiýaçlandyryş pul möçberi boýunça ätiýaçlandyrýan bilen ätiýaçlandyryjynyň arasynda ylalaşylyp kesgitlenýär.

10. Ätiýaçlandyryş şertnamada (ätiýaçlandyryş şahadatnamada) ätiýaçlandyryş pul möçberi töwekgelçiligiň her bir görnüşi boýunça aýratynlykda bellenilýär:

1) üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça bir adam üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi;

2) üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi;

3) üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine haýwanyň ýetiren zyýany bilen baglylykda ätiýaçlandyrýanyň (jogapkär tarapyň) kazyýet çykdajylarynyň pul möçberi.

Eger-de üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine ýetirilen zyýanyň ätiýaçlandyryş öwezini dolmak üçin jogapkärçiligiň çägi bellenilmedik bolsa kazyýet çykdajylaryň öwezini dolmak üçin jogapkärçiligiň çägi bellenilmeýär.

11. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş pul möçberini ýokarlandyrmak babatynda isleg bildirse şertnamanyň möhletiniň ahyryna çenli galan döwre goşmaça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölemegi bilen goşmaça şertnama baglaşylyp bilner.

 

V bap. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) hasaplamagyň we tölemegiň tertibi

 

12. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryjy tarapyndan hasaplanylýar we ätiýaçlandyryş pul möçberlerine, ätiýaçlandyryş möhletine, ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň häsiýetine, ätiýaçlandyrýan tarapyndan saýlanyp alnan töwekgelçilik toparlaryna, nyrh möçberlerine laýyklykda hasaplanylýar.

13. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda bir ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi 365 (üç ýüz altmyş bäş) güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyrylan güne köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy tiýaçlandyryş şahadatnamasy) 1 (bir) ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda 1 (bir) ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa şu Kadalaryň on üçünji böleginiň birinji tesimine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.

Hasaplamagyň şolar ýaly usuly goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda hem ulanyp ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.

14. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bir ýyl möhletde baglaşylan mahaly ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) möhletlere bölüp tölemäge hukugy bardyr: 50 (elli) göterimi şertnama baglaşylanda, 50 (elli) göterimi şertnamanyň hereketi başlandan soň üç aýdan gijä galman tölenýär.

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň möhletleri ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilýär.

15. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bellenen pul birliginde tölenilýär.

16 Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) möhlete bölünen ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

17. Eger ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen möçberde we möhletlerde geçirilmese, ätiýaçlandyryjy şonuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir.

Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şu wagta çenli ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemegini gijikdirse, ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

Ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemegiň anyk tertibi we möhletleri ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilýar.

18. Ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) düzüminde onuň gaýtarylyp berilýän bölegi göz öňünde tutulyp bilner, ol ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmadyk ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhleti tamamlanandan soň ätiýaçlandyrýana tölenilýär. Ätiýaçlandyryş gatanjyndan (ätiýaçlandyryş baýragyndan) gaýtarylyp berilmeli möçberi 5 (bäş) göterime çenli ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilip bilner.

 

VI bap. Ätiýaçlandyryş nyrhyny kesgitlemegiň tertibi we ätiýaçlandyryş

nyrhynyň möçberi

 

19. Ätiýaçlandyryş nyrhy ätiýaçlandyryş gatanjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň birliginden ýa-da ätiýaçlandyryş obýektinden alynýan, ätiýaçlandyryjylarda ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) töleglerini geçirmek, ätiýaçlandyryş gorlaryny, öňüni alyş çäreleriniň gorlaryny we beýleki gaznalary döretmek üçin¸ şeýle hem ätiýaçlandyryjylaryň ösdürilmegi boýunça çykdajylaryň ödelmegi üçin ýeterlik maliýe serişdeleriniň emele gelmegini üpjün edýän möçberlerden ugur alnyp kesgitlenýär.

20. Ätiýaçlandyryş nyrhy bir ýyldan ugur alnyp kesgitlenen we bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerine (Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalara 1-nji goşundy) laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşanda ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenilýär.

21. Töwekgelçiligiň derejesine, haýwanyň görnüşine, ätiýaçlandyryş pul möçberine we ätiýaçlandyryşyň möhletine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna peseldiji ýa-da ýokarlandyryjy koeffisiýentler ulanylyp bilner.

Peseldiji ýa-da ýokarlandyryjy koeffisiýent ulanylan mahaly, ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilmeli.

 

VII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) baglaşylmagynyň tertibi we hereket edýän möhleti

 

22. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmak barada ýazan arzasy (Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalara 2-nji goşundy) ýa-da elektron görnüşinde ýüz tutmasy esasynda ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylýar.

23. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşylanda howpuň döremegi ýa-da ätiýaçlandyryş halaty üçin düýpli ähmiýeti bolan, özüne mälim bolan ähli ýagdaýlary ätiýaçlandyryja habar bermelidir. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertnamasyndan (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyndan) ýüz öwürmegine ýa-da ony üýtgedilen mazmun bilen baglaşmagyna täsir edip biljek ýagdaýlar düýpli ýagdaýlar bolup durýar.

24. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrýana töwekgelçilik derejesindäki haýsydyr bir düýpli üýtgetmeler hakynda ýa-da öz netijeleri boýunça ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň möçberini artdyryp biljek üýtgetmeler barada mälim bolsa, ätiýaçlandyryja mümkin bolan gysga möhletlerde ähli üýtgetmeler barada ýazmaça görnüşinde habar etmelidir.

25. Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanyndan soň ýüze çykan howpuň artmagy hakynda habary bir aýyň dowamynda habar bermese, ätiýaçlandyryjynyň bir aýlyk möhleti berjaý etmek bilen şertnamany bozup ýa-da degişlilikde ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) artdyryp biler.

Eger ätiýaçlandyrýan howpuň artmagyny bilkastlaýyn döretse, ätiýaçlandyryjy bir aýlyk möhleti berjaý etmezden şertnamany bozup biler. Bir aýlyk möhleti habar bermek borjunyň bozulandygy hakynda ätiýaçlandyryja mälim bolan pursatyndan başlanýar.

26. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ýa-da onuň birinji bölegi tölenilen pursatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana öz aralarynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) baglaşylandygyny tassyklaýan Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) (Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalara 3-nji goşundy) gowşurýar.

Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:

1) nagt däl görnüşinde tölenilende, ätiýaçlandyryjynyň hasaplaşyk hasabyna gelip gowşan güni;

2) nagt görnüşinde tölenilende, ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.

27. Öňki ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhleti tamamlanýança täze möhlete ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylan mahaly onuň güýje girýän senesi hereket edýän şertnamanyň möhleti tamamlanýan günden soňky gelýän günden başlanylyp görkezilýär.  

28. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenenden soň, ätiýaçlandyryş şertnamada (ätiýaçlandyryş şahadatnamada) görkezilen möhletiň ahyryna çenli ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ylalaşylan ätiýaçlandyryş pul möçberi bilen tölenen ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň arasyndaky tapawudyň möçberinde güýjüni saklaýar. Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) doly tölenen bolsa, onda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereketi bes edilýär.

29. Ätiýaçlandyryş şertnamasy tiýaçlandyryş şahadatnamasy) taraplaryň ylalaşmagy boýunça 1 (bir) ýyldan az möhlete, 1 (bir) ýyla we ondan köp möhlete baglaşylýar.

30. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylan gününde sagat 24-de başlanýar we şertnamada göz öňünde tutulan möhletiň soňky gününde sagat 24-de gutarýar.

31. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we şertleri görkezilýär.

32. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýär.

 

VIII bap. Gaýtadan ätiýaçlandyryş

 

33. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga ätiýaçlandyryjyda (gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.

Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.

Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak – Türkmenistanyň gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.

Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da ätiýaçlandyrýanyň talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.

Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş şertleri we nyrhynyň möçberleri ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.

 

IX bap. Taraplaryň hukuklary we borçlary

 

34. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:

1) ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyşmaga;

2) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwründe taraplaryň ylalaşygy esasynda oňa üýtgetmeler girizmäge;

3) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga;

4) ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly onuň öwezligini almaga.

35. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:

1) ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) bellenilen tertipde tölemäge;

2) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada ätiýaçlandyryşyň kadalarynda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan möhletde habar bermäge;

3) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdaýjylary azaltmak boýunça  özüne bagly çäreleri görmäge;

4) haýwanlar zyýan ýetiren ýagdaýynda şobada degişli ygtyýarly edaralara ýetirilen zyýan hakynda habar bermäge;

5) ýetirilen zyýanyň öňüni almak we ony azaltmak boýunça hem-de üçünji taraplaryň ömrüni ýa-da emlägini halas etmek boýunça mümkin bolan hem-de maksadalaýyk ähli çäreleri görmäge;

6) ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň sebäpleri we getiren netijeleri, ýetirilen zyýanyň häsiýeti hem-de möçberi hakynda netije çykarmaga mümkinçilik berýän ähli maglumatlary we resminamalary bermäge;

7) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin ätiýaçlandyryja şu Kadalaryň kyrkynjy böleginde görkezilen resminamalary goşmak bilen ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek üçin ýazmaça arzany bermäge;

8) ätiýaçlandyryjynyň ýazmaça ýa-da elektron razylygy bolmazdan zyýan ýetirilmegi bilen baglanyşykly bildirilen talaby ykrar etmezlige, şeýle talaplary düzgünleşdirmek boýunça öz üstüne haýsydyr bir borçnamalary kabul etmezlige, şeýle hem ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly üçünji taraplara haýsydyr bir tölegleri tölemezlige;

9) ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça kazyýet çykdajylary ätiýaçlandyrylan ýagdaýynda ätiýaçlandyryja öňünden işiň kazyýete geçendigi barada habar etmäge, şeýle hem (jogapkär tarapyň) hat üsti bilen ätiýaçlandyrýanyň kazyýet çykdajylarynyň möçberini ylalaşmaga.

36. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bardyr:

1) ätiýaçlandyryş şertnama (ätiýaçlandyryş şahadatnama) baglaşylan mahaly we onuň hereket edýän döwründe haýwanlary gözden geçirmäge, olaryň saklanylýan şertlerini barlamaga;

2) ätiýaçlandyryş halatyna degişli zerur resminamalary ätiýaçlandyrýandan almaga;

3) ätiýaçlandyrýanyň habar beren maglumatlarynyň ygtybarlylygyny kanunçylyga ters gelmeýän, özüne elýeterli islendik usul bilen barlamaga, şeýle hem olaryň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişlerine gözegçilik etmäge;

4) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň delillerine şübhe dörän halatynda ygtyýarly edaralardan goşmaça maglumatlar sorap almaga, bu şübheleriň tassyklanmasy ýa-da ýalana çykarylmasy anyklanýança onuň tölenmegini gaýra goýmaga;

5) öz serişdeleriniň hasabyna ätiýaçlandyryş halatynyň sebäbini we ýetirilen zyýanyň möçberini anyklamak üçin garaşsyz bilermenleri çagyrmaga.

37. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:

1) ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyş etmäge;

2) ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş halaty bilen bagly üçünji taraplaryň öňünde ýüze çykýan jogapkärçilik boýunça ätiýaçlandyrýanyň üstüne ýüklenilýän borçnamalardan boşatmaga;

3) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bellenilen möhletde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;

4) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek hakynda netijenamany çykarmak üçin degişli bolan resminamalary jemlemäge we zerurlyga görä degişli edarlardan almaga;

5 ) ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

6) üçünji taraplaryň saglygyna, ömrüne we (ýa-da) emlägine ýetirilen zyýan üçin ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy hakyndaky habary alanyndan soň ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:

a) 3 (üç) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryş halaty bolan ýerine gitmäge we wakanyň bolup geçen ýerini, zyýan ýeten emlägi gözden geçirmäge we gözden geçirişi resmileşdirmäge. Şol sanda eger ätiýaçlandyryş halaty barada habar dilden alnan bolsa, habar eden şahsdan ätiýaçlandyryş halaty barada ýazmaça arzany almaga;

b) ähli degişli resminamalary alnan wakany ätiýaçlandyryş halaty diýip ykrar edilen ýagdaýynda 7 (ýedi) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge. Eger-de waka ätiýaçlandyryş halaty däl diýip ykrar edilen ýagdaýynda 7 (ýedi) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyrýana sebäbini düşündirmek bilen ýazmaça habar bermäge.

 

X bap. Ätiýaçlandyryjynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak boýunça borçlary

 

38. Ätiýaçlandyryjylar «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda degişli çäreleri amala aşyrmalydyrlar, şeýle hem ygtyýarly döwlet edarasyna degişli maglumatlary bermelidirler.

 

XI bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň we tölemegiň tertibi

 

39. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek hakynda çözgüdiň kabul edilmegi üçin ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş halaty barada arzasy (Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalara 4-nji goşundy), ätiýaçlandyryş halaty barada Ykrarhaty (Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalara 5-nji goşundy) we (ýa-da) ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny tassyklaýan beýleki resminamalar düzülenden soň amala aşyrylýar.

40. Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin aşakdaky taraplar ýüz tutup bilýärler:

1) zyýan çeken ýa-da zyýan çeken ölen ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga hukugy bolan şahs;

2) kazyýet çykdajylar ätiýaçlandyryşa kabul edilen bolsa we ol kazyýet çykdajylaryny töländigi baradaky tassyklaýan resminamalary bar bolsa ätiýaçlandyrýan.

41. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin arza bilen aşakdaky resminamalar berilýär:

1) arza berijiniň şahsyýetini tassyklaýan resminama;

2) zyýanyň möçberini we göwrümini tassyklaýan resminamalar, ygtyýarly edaralaryň netijenamalary;

3) zyýan çekeniň saglygyna zyýan ýeten ýagdaýynda-zyýan çekene ýetirilen zyýanyň hakykylygyny tassyklaýan saglygy goraýyş we beýleki ygtyýarly edaralaryň resminamalary, şeýle hem zyýan çekeniň saglygyny bejermek üçin edilen çykdajylarynyň möçberini tassyklaýan resminamalar (saglygy goraýyş edarasynyň bejeriji lukmanyň netijenamasy, hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň şypahana edaralarynda bejergi almaklygyň zerurlygy barada netijenamasy, maýyplyk bellenilen ýagdaýynda hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň maýyplygy bellemek barada güwänamasy) ýa-da saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty;

4) zyýan çeken ölen ýagdaýynda-ölüm hakynda şahadatnamanyň nusgasy mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamanyň nusgasy.

42. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde zyýan çekenlere zyýan ýeten möçberinde we kazyýet çykdajylarynyň möçberinde (eger olar ätiýaçlandyryşa kabul edilen bolsa) kesgitlenilýär, ýöne ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätýaçlandyryş şahadatnamasynda) kesgitlenen ätiýaçlandyryş pul möçberinden geçmeli däl.

43. Ýetirilen zyýanyň möçberi ätiýaçlandyryjy tarapyndan aşakdaky tertipde kesgitlenilýär:

1) zyýan çekeniň emlägi ýok bolan ýagdaýynda-bar bolan galyndylaryň bahasyny tutup galmak bilen, ätiýaçlandyryş halaty bolan gününde onuň hakyky bahasyna barabar möçberde, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bellenilen jogapkärçiliginiň çäklerinden köp bolmadyk möçberde;

Ätiýaçlandyryş halaty netijesinde emlägiň ýok bolmagy bu abatlamak işleriniň bahasynyň ätiýaçlandyryş halatynyň bolan günündäki emlägiň hakyky bahasyna deň bolmagy ýa-da geçmegi.

2) zyýan çekeniň emlägine zyýan ýeten ýagdaýynda:

a) emlägi zyýan ýetmänkä bolan ýagdaýyna getirmek üçin edilen dikeldiş çykdajylaryň bahasynda (abatlamak, himiki usul bilen arassalamak, ýuwmak we başgalar) ýöne ätiýaçlandyryş halaty bolan gününde emlägiň hakyky bahasyndan köp bolmadyk möçberde;

3) zyýan çekeniň saglygyna (ömrüne) zyýan ýetirilen ýagdaýynda öwezini dolmaga degişli çykdajylar:

a) zyýan çeken şikes alan ýagdaýynda-Türkmenistanyň çäklerinde saglygyny dikeltmek üçin edilen çykdajylar;

b) zyýan çekene maýyplyk topar bellenilen ýagdaýynda:

I maýyplyk toparyna-ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 80 (segsen) göterimi;

II maýyplyk toparyna-ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 60 (altmyş) göterimi;

III maýyplyk toparyna-ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 40 (kyrk) göterimi.

ç) zyýan çeken ölen ýagdaýynda-ätiýaçlandyryş pul möçberinde.

Eger bir ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde birnäçe adamlaryň janyna, saglygyna we (ýa-da) emlägine ýetirilen zyýanyň möçberi ätiýaçlandyryjynyň bellenilen jogapkärçiliginiň çäginden ýokary bolsa we şol zyýan birwagtda arza edilen bolsa, onda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) her bir zyýan çekene zyýan ýetmeginiň derejesine deňeçerlikde ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäginde tölenilýär.

44. Kazyýet çykdajylary bu ätiýaçlandyrýanyň (jogapkär tarapyň) kazyýet çykdajylary (döwlet pajy we kazyýetde iş seredilmegi bilen bagly iş ýörediş kanunçylygynda bellenilen harajatlar).

45. Zyýan ýetmeginiň sebäpleri we onuň möçberi hakynda talaplaryň arasynda jedeller ýüze çykan halatynda taraplaryň her biriniň seljermeleri geçirmegi talap etmäge hukugy bardyr. Seljerme ony geçirmegi talap eden tarapyň hasabyna geçirilýär.

46. Haçanda waka ätiýaçlandyryş halaty diýip ykrar edilende ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) hasaplamasyny amala aşyrýar. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) möhlete bölüp tölemek bilen baglaşylan bolsa, degişli ýyl üçin soňky tölenmeli ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilmedik bolsa, onda tölenmeli ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden tutulyp alnyp galynýar.

47. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölenilýänçä tölenilmäge degişli ähli resminamalaryň dogry resmileşdirilendigini barlamaga borçludyr. Olary beren guramalaryň möhüri ýa-da gollar bolmadyk güwänamalary, hasaplamalary, delil hatlaryny we beýleki resminamalary kabul etmek we olar esasynda tölegi geçirmek gadagan edilýär.

48. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) zyýanyň möçberinde we kazyýet çykdajylaryň möçberinde (kazyýet çykdajylary ätiýaçlandyrylan ýagdaýynda), ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bellenilen ätiýaçlandyryş jogapkärçiliginiň çäklerinden geçmeli däl.

49. Ätiýaçlandyryş halaty barada ykrarhaty düzülenden soň 7 (ýedi) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilýär.

Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) gös-göni zyýan çekene, ýa-da zyýan çeken ölen ýagdaýynda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan şahslara, emma kazyýet çykdajylar ätiýaçlandyrylan ýagdaýynda şol çykdajylary amala aşyran ätiýaçlandyrýana (jogapkär tarapa) nagt ýa-da nagt däl görnüşinde tölenilýär.

Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjynyň razylygy bilen zyýan çekene zyýanyň öwezini dolan bolsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) ätiýaçlandyrýana, onuň öwezini dolan pul möçberlerinde, emma ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bellenilen ätiýaçlandyryş jogapkärçiliginiň çäklerinden geçmeýän möçberinde töleýär.

50. Ätiýaçlandyryş ruhy zyýanyň öwezini dolmak boýunça talaplara degişli däl.

 

XII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi

 

51. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

1) hereket edýän möhleti geçende;

2) ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;

3) şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;

4) ätiýaçlandyrýan şahsy tarap aradan çykanda, (ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça onuň hukuklarynyň we borçlarynyň kanun esasynda mirasdaryna ýa-da başga şahslara geçen ýagdaýy muňa degişli däldir);

5) ätiýaçlandyrýan ýuridik şahsyň işi togtadylanda, bes edilende ýa-da ol ýatyrylanda, onuň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça hukuklarynyň we borçlarynyň hukuk oruntutaryna geçmegi muňa degişli däl;

6) ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Kadalarda göz öňünde tutulan borçlary berjaý edilmedik ýagdaýynda.

Eger şertnamada bu göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyrýanyň talaby ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.

Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

52. Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ýitirilen ýa-da ýok edilen bolsa, onda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjydan öwezligini talap edip biler. Öwezlik berlenden soň ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

Ähli ýagdaýlarda öwezlik bermek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyrýan çekýär. Öwezlik berlenden soň ýitirilen ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ätiýaçlandyryjynyň buýrugy bilen hakyky däl diýlip hasap edilýär we ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça hiç bir ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär diýip görkezilýär. Bu barada ätiýaçlandyryjy degişli guramalara habar edip biler.

 

XIII bap. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden

boýun gaçyrylmagy

 

53. Ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda, ätiýaçlandyrjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden ýüz döndermäge haklydyr:

1) ätiýaçlandyrýanyň ýa-da zyýan çeken tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;

2) haýwan degişli ideg bilen üpjün edilmedik ýagdaýynda;

3) haýwanyň eýesine ýa-da onuň maşgala agzalaryna zyýan ýetirilmeginde;

4) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanşykda durýan bolsa;

5) ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada öz wagtynda (üç iş günüň dowamynda) habar bermese we şonuň netijesinde ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy saglygy goraýyş, derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň resminamalary bilen tassyklanmasa ýa-da zyýanyň möçberini, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäbini anyklamak mümkin bolmasa.

 

 

XIV bap. Jedelleriň çözülişi

 

54. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

 


 

 

 

Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini

meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

1-nji goşundy

 

Bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri

(ätiýaçlandyryş pul möçberine %-de)

 

T/b

Töwekgelçiligiň görnüşleri

Nyrh möçberi

1

üçünji taraplaryň saglygyna, ömrüne ýetirilen zyýan

0,6

2

üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan

0,4

3

üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine haýwanyň ýetiren zyýany bilen baglylykda ätiýaçlandyrýanyň (jogapkär tarapyň) kazyýet çykdajylary

1,5

4

Ähli töwekgelçiliklerden

2,5

 

Bellik: Her bir anyk halatda töwekgelçiligiň derejesine, haýwanyň görnüşine, ätiýaçlandyryş pul möçberine we ätiýaçlandyryşyň möhletine baglylykda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna peseldiji (1,0-den 0,5 çenli) ýa-da ýokarlandyryjy (1,0-den 5,0-e çenli) koeffisiýentler ulanylyp bilner.

 


 

 

 

Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini

meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

2-nji goşundy

 

___________________________________________________

(welaýat, şäher, etrap)

döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ___________________________________________________

(ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady we salgysy)

__________________________________________________

_________________________________________tarapyndan

 

Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça

Arza

 

Ätiýaçlandyrýan

(guramanyň ady, fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

 

 

Salgysy, telefon

(ýuridik salgysy, fiziki şahsyň ýaşaýan ýeri)

 

 

Bank maglumatlary

 

Haýwanyň eýesi

(guramanyň ady, fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady, salgysy, telefon belgisi)

 

 

 

Töwekgelçilikleriň görnüşleri

a) üçünji taraplaryň saglygyna, ömrüne ýetirilen zyýan;

b) üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan;

ç) üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine haýwanyň ýetiren zyýany bilen baglylykda ätiýaçlandyrýanyň (jogapkär tarapyň) kazyýet çykdajylary

d) ähli töwekgelçiliklerden.

haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmagy haýyş edýär.

Haýwanlar barada maglumat*

Haýwanyň ady

 

Haýwanyň niýetlenilişi

 

Jynsy

 

Tohumy

 

Reňki

 

Ady

 

Doglan ýeri

 

Doglan ýyly

 

Pasport, berlen senesi

 

Haýwanyň tagmasynyň görnüşi

(pasport boýunça bellikler: tagma, klipsler we beýlekiler)

Inwentar belgisi

 

Haýwanyň saklanylýan ýeriniň salgysy

 

Haýwanyň saklanylşynyň usuly

 

(wolýer, döle, atýatak we başgalar)

Haýwanyň saklanylyşynyň şertleri

 

Haýwanlaryň sany (bir görnüşli, bir tohumly we bir ýaş toparly haýwanlar üçin)

 

Öňüni alyş sanjymlaryň barlygy (hawa/ýok)

 

Umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi:

 

Üçünji taraplaryň saglygyna, ömrüne zyýan üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

Şol sanda üçünji taraplaryň saglygyna, ömrüne zyýanyň öwezini dolmak boýunça bir adam üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

Üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine haýwanyň ýetiren zyýany bilen baglylykda ätiýaçlandyrýanyň (jogapkär tarapyň) kazyýet çykdajylary

 

Ätiýaçlandyryş möhleti

 

Geçen 3 (üç) ýylyň dowamynda haýwanlaryň eýelerine bildirilen talaplar barada maglumat

 

Beýleki maglumatlar

 

         

* Haýwanlaryň sany we görnüşleri köp bolan ýagdaýynda haýwanlaryň maglumaty her görnüş boýunça aýratynlykda doldurylýar.

 

____________________
(Ätiýaçlandyrýanyň goly)

20__ ý._________________ «___».

M.Ý.

 

 


 

 

 

Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini

meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

 3-nji goşundy

 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy

Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) 

görnüş  000 № 0000000

 

Ätiýaçlandyryjy

(welaýat, şäher, etrap)

 

Salgysy/telefony

 

Bank maglumatlary

 

Ätiýaçlandyrýan

(guramanyň ady, fiziki şahsyň familiýasy,

ady, atasynyň ady)

 

Salgysy/telefony

 

Bank maglumatlary

 

Bähbit görüji

(kazyýet çykdajylar ätiýaçlandylan ýagdaýynda familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

Salgysy/telefony

(kazyýet çykdajylar ätiýaçlandylan ýagdaýynda)

 

Ätiýaçlandyryş obýekti

 

Haýwanyň görnüşi

(birden köp bolan ýagdaýynda sanaw goşulýar)

 

Umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi:

(san bilen we ýazmaça)

 

Üçünji taraplaryň saglygyna, ömrüne zyýan üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

Şol sanda üçünji taraplaryň saglygyna, ömrüne zyýanyň öwezini dolmak boýunça bir adam üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi (san bilen we ýazmaça)

 

Üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi (san bilen we ýazmaça)

 

üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine haýwanyň ýetiren zyýany bilen baglylykda ätiýaçlandyrýanyň (jogapkär tarapyň) kazyýet çykdajylary (san bilen we ýazmaça)

 

 

Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri we ätiýaçlandyryş nyrh möçberi

(Eger koeffisiýent ulanylýan bolsa, onda onuň möçberi anyk görkezilmeli)

 

Umumy ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) (san bilen we ýazmaça)

 

Üçünji taraplaryň saglygyna, ömrüne zyýan üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

(san bilen we ýazmaça)

 

Üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

(san bilen we ýazmaça)

 

Üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine haýwanyň ýetiren zyýany bilen baglylykda ätiýaçlandyrýanyň (jogapkär tarapyň) kazyýet çykdajylary boýunça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

(san bilen we ýazmaça)

 

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň tertibi we möhletleri

 

Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenendigi barada bellik

(tölegiň görnüşi (nagt, nagt däl) töleg tabşyrygyň №, senesi)

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhleti

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we şertleri

 

Beýleki şertler

 

M.Ýe.   Ätiýaçlandyryjy

(familiýasy, ady, atasynyň ady, wezipesi we goly)

 

Ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldym

(ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly)

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) berlen senesi

 

 

 Bellik: Şu ätiýaçlandyryş şertnamasy tiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyrýan bu barada haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habar bermäge borçludyr. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda tiýaçlandyryş şahadatnamasynda) möhlete bölünen ätiýaçlandyryş gatançlar (ätiýaçlandyryş baýraklar) öz wagtynda tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar. Ätiýaçlandyryş şertnamasy tiýaçlandyryş şahadatnamasyätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça möhletinden öň bes edilip bilner.

 


 

 

 

Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini

meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

 4-nji goşundy

______________________________________
(welaýat, şäher, etrap)

döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna _______________________________________
     (ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady we salgysy)

_________________________________________

________________________________tarapyndan

 

Ätiýaçlandyryş halaty barada

Arza

____________________________________________________________________

(ýyly, aýy, güni)

________________________________________________ ätiýaçlandyryş halatynyň bolup geçendigini Size habar berýärin we soňra ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça zyýan çekenlere (maňa zyýan çekene öz hasabyma töländigim sebäpli)  ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Arza şu resminamalar goşulýar:__________________________________________

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

 

20__ý.____________aýynyň «___»

______________________
(Ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

 


 

 

 

Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini

meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

5-nji goşundy

 

Ätiýaçlandyryş halaty barada

Ykrarhaty №_____

 

1.Ätiýaçlandyryjynyň                                                                                                                  

                          (guramanyň ady, gatnaşan hünärmeniň wezipesi we f.a.)

2.Ätiýaçlandyrýanyň                                                                                                                    

                               (guramanyň ady, fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady)

3.Degişli edaranyň hünärmeniniň                                                                                              

 (edaranyň ady we hünärmeniň f.a.)

                                                                                                                                                         

gatnaşmagynda 20_-nji(y) ýyly “___” ______________ zyýan çekeniň 20_-nji(y) ýyly “___” ______________ nägileligi barada şu ykrarhaty düzüldi we şu aşakdakylar anyklandy.

4. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) belgisi, berlen senesi we möhleti                                                                                                                                             

5.Ätiýaçlandyryş halatynyň bolan senesi                                                                                              

6. Nägilelik bildirmegiň senesi                                                                                                   

7. Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ýetirilen zyýanyň teswiri:

a) üçünji taraplaryň janyna we saglygyna ýetirilen zyýan barada                                                                                                                                                                                                   

                                                                                                                                                         

b) üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan barada                                                             

                                                                                                                                                         

                                                                                                                                                         

ç) üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine haýwanyň ýetiren zyýany bilen baglylykda ätiýaçlandyrýanyň (jogapkär tarapyň) kazyýet çykdajylary

                                                                                                                                                                                                                                                                                                                  

8. Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ýetirilen zyýana baha bermek                                                          

                                                                                                                                                                                                                                                                                                                  

9. Abatlamak/çalyşmak talap edilýär                                                                                        

                                                                                                                                                         

10. Bellik                                                                                                                                       

                                                                                                                                                         

Ätiýaçlandyryjynyň ____________________________________________

(gatnaşan hünärmeniň f.a., we goly)

M.Ý.   Ätiýaçlandyrýanyň _____________________________________________

(f.a., we goly)

Degişli edaranyň hünärmeniň ____________________________________

                                    (gatnaşan hünärmeniň f.a., we goly)