Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

28.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň baş direktory

2021-nji ýylyň 12-nji noýabryndaky çykaran

118 belgili buýrugy bilen tassyklandy

 

Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalary

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary (mundan beýläk-Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1684-nji karary bilen tassyklanan, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama» we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň ýuridik şahslary we ýuridik şahslary döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary we Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän we öz işini amala aşyrýan daşary ýurt ýuridik şahslarynyň, olaryň şahamçalaryny we wekilliklerini goşmak bilen (mundan beýläk - ätiýaçlandyrýan) iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar.

3. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça şertnamada şertleşilen ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) üçin ätiýaçlandyrýanyň işgärine (mundan beýläk - ätiýaçlandyrylan şahs) şertnamada göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýan onuň zähmet (gulluk) borçnamalaryny ýerine ýetirýän wagtynda bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen kesgitlenilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek borçnamasyny öz üstüne alýar.

4. Şu Kadalaryň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) bähbit görüji - ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

 

2) ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki we ýuridik şahs;

3) ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan döwlet ätiýaçlandyryş guramalary, ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

4) ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) – ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenilýän pul möçberi;

5) ätiýaçlandyryş halaty – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;

6) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;

7) ätiýaçlandyryş pul möçberi - ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça  pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

8) ätiýaçlandyryş şahadatnamasy – ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana we (ýa-da) ätiýaçlandyrylan şahsa berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan resminama;

9) ätiýaçlandyryş şertnamasy – ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasynda baglaşylan şertnama, oňa laýyklykda belli bir wakalar (ätiýaçlandyryş halatlary) ýüze çykanda ätiýaçlandyryjylar tarapyndan ätiýaçlandyrylan pul möçberleriniň we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenilmeginiň ýa-da şertnamada görkezilen başga bir hereketiň ýerine ýetirilmeginiň maksady bilen, ätiýaçlandyrylanlara töleýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasabyna fiziki we ýuridik şahslaryň emläk we beýleki bähbitleriniň goralmagynyň tertibi we şertleri bellenilýär;

10) ätiýaçlandyrylan şahs - şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylýan fiziki şahs;

11) önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysa – belli bir işgäriň ýa-da işgärler toparlarynyň anyk iş wezipeleri bilen bagly bolan, saglyga zyýan ýetmeleriň netijesinde işgäri başga bir işe geçirmek zerurlygyna, onuň zähmet çekmek ukybynyň wagtlaýyn ýa-da durnukly ýitirilmegine ýa-da ölmegine sebäp bolan hadysa;

12) hünär keseli – önümçiligiň zyýanly şertleriniň täsiriniň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň dowamly ýa-da ýiti kesellemegi we onuň hünär zähmet çekmek ukybynyň wagtlaýyn ýa-da durnukly ýitirilmegine alyp barmagy;

13) sanly hyzmatlar - elektron maglumat ulgamlaryndan, maglumat- telekommunikasiýa torlaryndan we elektron amallardan peýdalanmak arkaly edilýän hyzmat;

14) ätiýaçlandyrýanyň raýat-hukuk jogapkärçiligi – ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahslaryň ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen borçlary;

15) işgär - iş beriji bilen zähmet gatnaşyklaryna giren fiziki şahs işgär bolup durýar. Işgär işini zähmet şertnamasynyň esasynda anyk kär, hünär derejesi, razrýad, zähmet derejesi ýa-da wezipesi boýunça amala aşyrýar (işini, gullugyny ýerine ýetirýär);

16) iş beriji - guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahsdyr ýa-da hakyna tutma zähmeti ulanýan we işgär bilen zähmet gatnaşyklaryna girýän fiziki şahsdyr.

5. Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalary (mundan beýläk - ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy)) şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar hem-de ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) aýry-aýry bölümlerinde, taraplaryň ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän başga şertler hem bolup biler.

 

II bap. Ätiýaçlandyryş obýekti

 

6. Önümçilikde betbagtçylykly hadysalar we (ýa-da) hünär keselleri netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne, saglygyna we zähmete ukyplylygyna (maýyplyk almagyna) ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça ýüze çykýan borçnamalary bilen baglanyşykly Ätiýaçlandyrýanyň bähbitleri ätiýaçlandyryş obýektleri bolup durýar.

 

III bap. Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri we ätiýaçlandyryş

halatlary

 

7. Ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň ýüze çykma mümkinçiligi ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi bolup durýar.

8. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhletiniň dowamynda önümçilikde bolup geçen betbagtçylykly hadysa we(ýa-da) hünär keseliniň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne, saglygyna we zähmete ukyplylygyna (maýyplyk almagyna) zyýan ýetmegi ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.

9. Şu aşakdaky görkezilen betbagtçylykly hadysalar ätiýaçlandyryş halatyna degişli däl:

1) iş berijiniň bähbitleri we tabşyryklary bolmazdan, sport we beýleki oýunlaryň netijesinde bolup geçende;

2) pyýada, jemgyýetçilik ýa-da şahsy ulag serişdelerinde işe barýan ýa-da işden soň gaýdyp gelýän mahaly (Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 20-nji maýynda çykaran 14780-nji karary bilen tassyklanan Önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalary derňemegiň we hasaba almagyň Tertibiniň on ikinji böleginde görkezilen ýagdaýlar muňa girmeýär);

3) edaranyň ýolbaşçylaryndan rugsatsyz işgär öz şahsy bähbidi üçin bellenen tertipde berkidilen gulluk awtoulaglary, enjamlary, abzallary, gurallary we serişdeleri peýdalanyp özüne bilkastlaýyn zyýan ýetiren halatynda;

4) ätiýaçlandyrylan şahsyň iş berijiniň tabşyrygy ýa-da nobatçylyk bilen baglanyşykly bolmasa kärhananyň çäginde dynç alyş, işlenilmeýän baýramçylyk ýa-da hatyra günlerinde bolmagy.

 

IV bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

10. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çägi bolup durýar.

11. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyrýanyň we ätiýaçlandyryjynyň arasyndaky ylalaşyk boýunça bellenilýär.

12. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş pul möçberi bir ätiýaçlandyrylan şahs üçin bellenilýär.

 

V bap. Ätiýaçlandyryş gatançlarynytiýaçlandyryş baýraklaryny) hasaplamagyň we tölemegiň tertibi

 

13. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryşyň möhletine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerinden ugur alnyp ätiýaçlandyryjy tarapyndan bellenilýär.

14. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda ýyllyk ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi 365 (üç ýüz altmyş bäş)  güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyryşa alynýan günleriň sanyna köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) hasaplanyp çykarylýar.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar şu bölegiň birinji tesimine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.

Hasaplamagyň şolar ýaly usuly goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda hem ulanyp ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.

15. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bir ýyldan az möhlete baglaşylanda ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryşyň ähli möhleti üçin bir wagtda tölenýär.

16. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bir ýyl we ondan köp möhlete baglaşylan mahaly ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) 2 (iki) möhlete bölüp tölemäge hukugy bardyr 50 (elli) göterimi ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda, 50 (elli) göterimi ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi başlandan soň üç aýdan gijä galman tölenýär.

Eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) birnäçe ýyla baglaşylanda, onda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) her ýyl üçin möhletlere bölüp töläp bilýär. Tölemegiň möhletleri ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilýär.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda)  başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bellenilen pulunda tölenilýär.

17. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) möhlete bölünen ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

18. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplaşygyň nagt ýa-da nagt däl görnüşlerinde geçirilýär.

19. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölemegiň anyk tertibi we möhletleri ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilýar.

20. Ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) düzüminde onuň gaýtarylyp berilýän bölegi göz öňünde tutulyp bilner, ol ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmadyk ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhleti tamamlanandan soň ätiýaçlandyrylýana gaýtarylyp berilýär. Ätiýaçlandyryş gatanjyndan (ätiýaçlandyryş baýragyndan) gaýtarylyp berilmeli möçberi 5 (bäş) göterime çenli ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkeziliýär.

 

VI.bap Ätiýaçlandyryş nyrhyny kesgitlemegiň tertibi we ätiýaçlandyryş

nyrhynyň möçberi

 

21. Ätiýaçlandyryş nyrhy bir ýyldan ugur alnyp kesgetlenen we bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerine (Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna 1-nji goşundy) laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenilýär.

22. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna peseldiji ýa-da ýokarlandyryjy koeffisiýentler ulanylyp bilner.

Peseldiji ýa-da ýokarlandyryjy koeffisiýent ulanylan mahaly, ätiýaçlandyryş şertnamasynyda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilmeli.

 

VII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmaklygyň tertibi we hereket edýän möhleti

 

23. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ätiýaçlandyrýanyň öz işiniň häsiýeti we ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň derejesini bellemek üçin düýpli ähmiýeti bolan, özüne mälim bolan ähli ýagdaýlar hakyndaky maglumatlardan ybarat bolan ýazmaça arzasynyň (Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna 2-nji goşundy) ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde ýüz tutmasy esasynda baglaşylýar. Eger-de ätiýaçlandyrylan şahslaryň sany 2 (ikiden) köp bolsa iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyrylan şahslaryň sanawy arza goşulýar.

24. Arza ätiýaçlandyrýanyň we baş hasapçysynyň gol çeken ätiýaçlandyryşa degişli bolan ätiýaçlandyrylan işgärleriň sanawy (Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna 2-nji goşundysynyň arza goşundysy) goşulýar.

25. Ätiýaçlandyrýan öz habar berýän maglumatlarynyň ygtybarlylygy we dolulygy üçin jogapkärçilik çekýär.

26. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ýa-da onuň birinji bölegi tölenilen pursatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana öz aralarynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) baglaşylandygyny tassyklaýan iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) gowşurýar (Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna 3-nji goşundy). Eger-de ätiýaçlandyrylan şahslaryň sany 2 (ikiden) köp bolsa ätiýaçlandyryş şertnamasyna (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna) ätiýaçndyrylan şahslaryň sanawy goşulýar.

27. Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:

1) nagt däl görnüşinde tölenilende – ätiýaçlandyryjynyň hasaplaşyk hasabyna gelip gowşan güni;

2) nagt görnüşinde tölenilende – ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.

28. Hereket edýän ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) möhleti tamamlanýança, täze möhlete ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylan mahaly onuň güýje girýän senesi hereket edýän ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) möhleti tamamlanýan günden, soňky gelýän günden güýje girýär.

29. Ätiýaçlandyrylan şahs işden boşadylan ýa-da işden giden gününden başlap ol babatda ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bes edilýär. Öňki ätiýaçlandyrylan şahsyň ornuna işe täze kabul edilen işgäriň ätiýaçlandyrşy bolsa ol işe kabul edilen gününden başlanýar.

Bu ýagdaýda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja sanawdan aýrylmaly we sanawa girizilmeli ätiýaçlandyrylan şahslaryň familiýasyny, adyny we atasynyň adyny ýazmaça ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde berýär. Ätiýaçlandyrýan tarapyndan bu ätiýaçlandyrylan şahslar üçin ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) goşmaça tölenilmeýär. Emma sanawa täze girizilen işgärler boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň tölegleri ätiýaçlandyryjy tarapyndan olardan öň işlän işgärlere tölenen tölegleri hasaba almak bilen tölenilýär we ätiýaçlandyryş möhleti öňküligine galýar.

30. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy)  taraplaryň ylalaşmagy boýunça bir ýyldan az möhlete, bir ýyla we ondan köp möhletlere baglaşylyp bilner.

31. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň)  hereket edýän möhleti (başlanýan senesi-şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi-möhletiniň iň soňky güni sagat 24-de).

32. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda), ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we şertleri görkezilýär.

 

VIII bap. Gaýtadan ätiýaçlandyryş

 

33. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga ätiýaçlandyryjyda (gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.

Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bilen düzgünleşdirilýär. Şunda gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.

Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak - Türkmenistanyň gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.

Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsyň talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.

Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş şertleri we nyrhynyň möçberleri ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.

 

IX bap. Taraplaryň hukuklary we borçlary

 

34. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bardyr:

1) ätiýaçlandyrýanyň habar beren maglumatlarynyň ygtybarlylygyny kanunçylyga ters gelmeýän, özüne elýeterli islendik usul bilen barlamaga;

2) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň)  talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişlerine gözegçilik etmäge;

3) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň delillerine şübhe dörän halatynda ygtyýarly edaralardan goşmaça maglumatlar sorap almaga, bu şübheleriň tassyklanmasy ýa-da ýalana çykarylmasy anyklanýança onuň tölenmegini gaýra goýmaga;

4) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň ýagdaýlaryny hem-de sebäplerini we (ýa-da) ýetirilen zyýanyň möçberini anyklamak boýunça çäreleri görmäge;

5) Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş halaty barada Ykrarhaty düzülende degişli hünärmenleri çagyrmaga;

6) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyrýandan ätiýaçlandyryş halatynyň sebäbini kesgitlemek üçin zerur bolan islendik maglumatlary talap etmäge.

35. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:

1) ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny)   baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň  kadalary we şertleri bilen tanyş etmäge;

2) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bellenilen möhletde ätiýaçlandyrýana ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;

3) ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.

36. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:

1) ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny)   baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyşmaga;

2) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň)   hereket edýän döwründe taraplaryň ylalaşygy esasynda oňa üýtgetmeler girizmäge;

3) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga;

4) ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly onuň öwezligini almaga.

37. Ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:

1) ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen tertipde we möhletde tölemäge;

2) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen möhletde habar bermäge;

3) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri  görmäge;

4) özüne mälim bolan, ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine baha bermek üçin düýpli ähmiýeti bolan ähli ýagdaýlar barada maglumatlary ätiýaçlandyryja bermäge we ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylandan soň ätiýaçlandyryş töwekgelçiligindäki islendik üýtgeşmeler hakynda ätiýaçlandyryja habar bermäge;

5) ätiýaçlandyryja onuň talap etmegi boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň sebäpleri we getirýän netijeleri, ýetirilen zyýanyň häsiýeti hem-de möçberi hakynda netije çykarmaga mümkinçilik berýän ähli maglumatlary we resminamalary bermäge;

6) ýetirilen zyýanyň möçberini kesgitlemäge ätiýaçlandyryjynyň gatnaşmagyny üpjün etmäge;

7) bolup geçen ätiýaçlandyryş halaty barada «Önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalary derňemegiň we hasaba almagyň Tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 20-nji maýynda çykaran 14780-nji karary bilen tassyklanylan Önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalary derňemegiň we hasaba almagyň Tertibinde kesgitlenen tertipde we möhletde B-1 görnüşdäki ykrarnamany düzmäge we onuň nusgasyny degişli ätiýaçlandyryş guramalaryna bermäge.

 

X bap. Ätiýaçlandyryjynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň

öňüni almak

 

38. Ätiýaçlandyryjylar “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda degişli çäreleri amala aşyrmalydyrlar, şeýle hem ygtyýarly döwlet edarasyna degişli maglumatlary bermelidirler.

 

 

XI bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň we tölemegiň tertibi

 

39. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda äiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan şahs haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş halaty barada arza (Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna 4-nji goşundy) ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde habar bermelidir, şeýle hem degişli edaralara şobada habardar etmäge borçludyr.

Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş halaty barada habar alandan soň 3 (üç) iş gününden gijä galman Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş halaty barada Ykrarhatyny (Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna 5-nji goşundy) düzmelidir.

Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş halaty barada Ykrarhatyny ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölenmegi baradaky resminamalara goşulýar.

Ätiýaçlandyrylan şahsa ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenmegi baradaky meseläniň çözülmegi üçin ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan şahs ätiýaçlandyryş halatynyň häsýetine baglylykda aşakdaky degişli resminamalary ätiýaçlandyryja berýär:

1) ätiýaçlandyryş halaty barada arzany;

2) saglygy goraýyş edarasynyň Delilhatyny;

3) B-1 görnüşdäki ykrarnamany;

4) hemaýata mätäçligi anyklaýan toparyň beren maýyplygyň bellenilendigi barada delilhatynyň nusgasyny;

5) şahsyýetine güwä geçýän resminamasynyň nusgasyny;

6) ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) nusgasyny;

7) döwlet notarial edarasy tarapyndan berlen mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamanyň nusgasyny (ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan ýagdaýynda);

8) ätiýaçlandyrylan şahsyň ölümi hakynda şahadatnamanyň nusgasyny.

40. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi)  ätiýaçlandyrylan şahsa tölenýär. Eger ätiýaçlandyryş halaty netijesinde ätiýaçlandyrylan şahs işde aradan çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) bähbit görüjä tölenýär, eger-de bähbit görüji bellenmedik bolsa onda mirasdarlaryna tölenýär.

41. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýan bilen baglanyşykly zyýanyň möçberini we ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberini kesgitlemek ätiýaçlandyryjy tarapyndan ýetirilen zyýanyň halatlary we getiren zyýan bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrylan şahslara tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelindäki çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan “Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine” we onuň goşundysyna laýyklykda hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň Delilhaty esasynda kesgitlenilýär.

42. Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň hünär keseli bilen kesellemegini, zähmete ukyplylygynyň ýitirilmeginiň derejesi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Hemaýata mätäçligi anyklaýjy topary tarapyndan kesgitlenilýär we degişli maýyplyk topary bellenilýär.

Ätiýaçlandyrylan şahsa maýyplyk topary bellenilende ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu aşakdaky möçberlerde tölenilýär:

I topar maýyplygy bolan şahslara - ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 80 göterimi;

II topar maýyplygy bolan şahslara - ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 60 göterimi;

III topar maýyplygy bolan şahslara - ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 40 göterimi.

Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň hünär keseli bilen kesellän, emma maýyplyk topary bellenilmedik ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 20 göterimi möçberinde ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilýär.

43. Ätiýaçlandyrylan şahsa ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenmegi baradaky mesele çözülenden soň 7 (ýedi) iş günüň dowamynda tölenilýär.

44. Eger ätiýaçlandyryş halaty boýunça derňew geçirilýän bolsa, onda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek ýa-da tölemekden boýun gaçyrmak hakyndaky mesele derňew edaralaryndan işiň bes edilendigi ýa-da togtadylandygy hakyndaky karary alanyndan soň, iş kazyýete berlen halatynda kazyýetiň kanuny güýje giren degişli çözgüdi alnandan soň 7 (ýedi) iş günüň dowamynda çözülýär.

45. Ätiýaçlandyrylan şahsalara ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) hasaplaşygyň nagt ýa-da nagt däl görnüşde tölenýär.

46. Ýetirilen zyýanyň sebäpleri we möçberi hakynda taraplaryň arasynda jedeller ýüze çykan halatynda taraplaryň her biriniň seljerme geçirmegi talap etmäge hukugy bardyr. Seljerme ony geçirmegi talap edýän tarapyň hasabyna geçirilýär.

 

XII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň

(ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) bes edilmegi

 

 

47. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

1) hereket edýän möhleti geçende;

2) ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça borçnamalar doly möçberinde ýerine ýetirilende;

3) ätiýaçlandyryş şertnamada (ätiýaçlandyryş şahadatnamada) bellenen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;

4) ätiýaçlandyrýan ýuridik şahsyň işi togtadylanda, bes edilende ýa-da ol ýatyrylanda;

5) ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu kadalarda göz öňünde tutulan borçlaryny berjaý edilmedik ýagdaýynda.

48. Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilip bilner.

Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilen halatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamanyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamanyň) tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Eger-de ätiýaçlandyrýanyň talaby ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.

Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Eger-de ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamanyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamanyň) tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

49. Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilen halatynda, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ýitirilen ýa-da ýok edilen bolsa, onda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjydan öwezligini talap edip biler. Öwezlik berlenden soň ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilip bilner.

Ähli ýagdaýlarda öwezlik bermek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyrýan çekýär. Öwezlik berlenden soň ýitirilen ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ätiýaçlandyryjynyň buýrugy bilen hakyky däl diýlip hasap edilýär we ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça hiç bir ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär diýip görkezilýär. Bu barada ätiýaçlandyryjy degişli guramalara habar edip biler.

 

XIII bap. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden

boýun gaçyrylmagy

 

50. Ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden ýüz döndermäge haklydyr:

1) ätiýaçlandyrýanyň ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylan şahasyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;

2) ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan şahs tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;

3) ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan şahs hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;

4) öz saglygyna bilkastlaýyn zyýan ýetirmek, öz-özini öldürmek (janyna kast etmek), ätiýaçlandyrylan üçünji taraplaryň bikanun hereketleri netijesinde şeýle ýagdaýa ýetirilen halatlary muňa girmeýär;

5) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanşykda durýan bolsa;

6) ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada öz wagtynda habar bermese we şonuň netijesinde ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy saglygy goraýyş, derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň resminamalary bilen tassyklanmasa ýa-da zyýanyň möçberi, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäbini anyklamak mümkin bolmasa.

51 Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrylan halatynda ätiýaçlandyryjy bu barada ätiýaçlandyrýana 3 (üç) iş günüň dowamynda sebäbini ýazmaça habar bermäge borçludyr.

 

XIV bap. Jedelleriň çözülişi

 

52. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 


 

 

 

Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini

meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

1-nji goşundy

 

 

 

Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryşy

boýunça bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri

 

 

 

Töwekgelçiligiň ady

Nyrh möçberleri

(ätiýaçlandyryş pul möçberine %)

 

Önümçilikde betbagtçylykly hadysa we(ýa-da) hünär keseli

 

 

0,8

 

         Bellik: Töwekgelçiligiň derejesine, ätiýaçlandyryş pul möçberine we ätiýaçlandyryşyň möhletine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna peseldiji (1,0-den 0,4-e çenli) ýa-da ýokarlandyryjy (1,0-den 3-e çenli) koeffisiýentler ulanmak mümkindir.

 

 


 

 

 

Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini

meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

2-nji goşundy

________________________________

(welaýat, şäher, etrap)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

 

 

Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin

ätiýaçlandyryşy boýunça ARZA

 

Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) 20__ýylyň “_____”____________-dan 20___ ýylyň “_____”_____________ aralygyna baglaşmagyňyzy sizden haýyş edýäris.

 

Ätiýaçlandyrýan _____________________________________________________

__________________________________________________________________

(kärhananyň doly ady)

Salgysy/telefony ____________________________________________________

__________________________________________________________________

Bank maglumatlary __________________________________________________

__________________________________________________________________

Esasy işi___________________________________________________________

__________________________________________________________________

Goşmaça şertler _____________________________________________________

__________________________________________________________________

Kärhanada işleýän işegärleriň sany_______________________________________

Bir ätiýaçlandyrylan şahs üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi____________________

(san we ýazmaça)

______________________________________________________________manat

Ähli ätiýaçlandyrylan şahslar üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi_________________

______________________________________________________________________________________ manat (san we ýazmaça)

 

Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryşynyň Kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldym.

______________________
 (Ätiýaçlandyrýanyň goly)

Bellik: eger-de ätiýaçlandyrylan şahslaryň sany 2 (ikiden) köp bolsa Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyrylan şahslaryň sanawy goşulýar.

 


 

 

 

Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini

meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça

 arza goşundy

 

Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryşy

boýunça ätiýaçlandyrylan şahslaryň sanawy

 

(kärhananyň doly ady)

 

T/b

Ätiýaçlandyrylan şahslaryň ady, atasynyň ady, familiýasy

Ätiýaçlandyrylan şahsyň wezipesi

Ätiýaçlandyryş pul möçberi

(manatda)

Bähbit görüjiniň ady, atasynyň ady, familiýasy

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi: _____________________________________

Ätiýaçlandyrýan                                                                                                

(wezipesi, ady, atasynyň ady, familiýasy)                                 (goly)

Baş hasapçy          ______________________________                                    

                                      (ady, atasynyň ady, familiýasy)                                 (goly)

M.Ýe.

20___-nji ýylyň “___” _______________

 


 

 

 

Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini

meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

3-nji goşundy

 

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy

Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) 

görnüş ____ № _______

Ätiýaçlandyryjy

(welaýat, şäher, etrap)

 

Salgysy/telefony

 

Bank maglumatlary

 

Ätiýaçlandyrýan

 (kärhananyň ady)

 

Salgysy/telefony

 

Bank maglumatlary

 

Bähbit görüji

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

Salgysy/telefony

 

Ätiýaçlandyryş obýekti

 

Bir ätiýaçlandyrylan şahs üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

Ähli ätiýaçlandyrylan şahslar üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

Ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi

 

Ätiýaçlandyryş nyrh möçberi

 

Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

(san bilen we ýazmaça)

 

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň tertibi we möhletleri

 

Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenendigi barada bellik

(tölegiň görnüşi (nagt, nagt däl), nagt däl töleg tabşyrygyň №, senesi)

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhleti

 

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we şertleri

 

Franşiza

(şertli, şertsiz)

 

Beýleki şertler

 

M.Ýe.   Ätiýaçlandyryjy

(familiýasy, ady, atasynyň ady, wezipesi we goly)

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) berlen senesi

 

Ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdym

(ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady we goly)

 

 

Bellik: Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan şahs ätiýaçlandyryjyny haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman, şeýle hem degişli edaralara şobada habardar etmäge borçludyr.

Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilip bilner.

Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) möhlete bölünip tölenilende ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen möhletde tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli degişli resminamalar alnandan soň 7 (ýedi) iş günüň dowamynda tölenilýär.

Eger-de ätiýaçlandyrylan şahslaryň sany 2 (ikiden) köp bolsa Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyrylan şahslaryň sanawy goşulýar.

 


 

 

 

Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin

ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyna (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna) goşundy

 

Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça

ätiýaçlandyrylan şahslaryň sanawy

 

(kärhananyň doly ady)

 

T/b

Ätiýaçlandyrylan şahslaryň ady, atasynyň ady, familiýasy

Ätiýaçlandyrylan şahsyň wezipesi

Ätiýaçlandyryş pul möçberi

Bähbit görüji ady, atasynyň ady, familiýasy

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi ____________________________

Ätiýaçlandyryjy                                                                                        

(wezipesi, ady, atasynyň ady, familiýasy)                (goly)

M.Ýe.

 

20____-nji ýylyň “___” _______________

 


 

 

 

Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini

meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

4-njy goşundy

 

 

   (welaýat, şäher, etrap)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

 

 

 

(kärhananyň ady we salgysy)

 

Ätiýaçlandyryş halaty barada

A r z a

 

20__ýylyň “_____”____________ betbagtçylykly hadysanyň netijesinde ätiýaçlandyryş halatynyň _____________________________________________

                                    (ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli)

______________________________________________________________________________

ýüze çykandygy barada Size habar berýärin we soňra Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary boýunça degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş pul möçberini) ätiýaçlandyrylan şahslara tölemegiňizi Sizden haýyş edýärin.

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) belgisi _______

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) möhleti 20__ýylyň “_____”____________-dan 20___ ýylyň “_____”_____________ aralygy.

 

Arza şu aşakdaky resminamalar goşulýar: _________________________________ __________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

Ätiýaçlandyrýanyň

M.Ý.

20____ýylyň “____”___________

 

_______________________________
(wezipesi familiýasy, ady, )

_______________________________
(goly)

 

 


 

 

 

Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini

meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

5-nji goşundy

 

Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin

ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş halaty barada

Ykrarhaty

 

Ätiýaçlandyrýan _________________________________________________________

(kärhananyň ady)

Ätiýaçlandyrylan şahsyň ___________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

Ätiýaçlandyryjy__________________________________________________________

(welaýat, şäher, etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasy,

________________________________________________________________________________________________

(wezipesi, familiýasy, ady, atasynyň ady)

Gatnaşýan hünärmenler _______________________________________________________________________

(kärhananyň ady)

__________________________________________________________________________________________________

(wezipesi, familiýasy, ady, atasynyň ady)

Ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli_________________________________

______________________________________________________________________

Aşakdaky ýagdaýlarda oňa şikes ýetdi, ol heläk boldy___________________________

______________________________________________________________________

(betbagtçylykly hadysanyň gysgaça teswiri)

______________________________________________________________________

Betbagtçylykly hadysanyň bolan ýeri, senesi we wagty__________________________

______________________________________________________________________

Betbagtçylykly hadysanyň_________________________________________________

_____________________________________________________tarapyndan derňeldi

(derňew geçiren edaranyň ady we ýerleşýän ýeri)

Ilkinji saglygy goraýyş kömegi  kim tarapyndan we nähili kömek berildi hem ejir çeken ätiýaçlandyrylan şahslar nirä ugradyldy______________________________________

______________________________________________________________________

(saglygy goraýyş edarasynyň ady we onuň ýerleşýän ýeri)

 

Ykrarhaty  20___-nji ýylyň “____”___________ düzüldi.

 

         M.Ý.                                                   M.Ý

 

Ätiýaçlandyrýan_____________________________________

(F.A.we  goly)

Ätiýaçlandyryjy______________________________________

(F.A.we goly)

Gatnaşýan hünärmenler________________________________

(F.A.we goly)