Hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda DÜZGÜNNAMA
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
K A R A R Y
«08» fewral 2013 ý. № 12832 Aşgabat ş.
Hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013 ý., № 2, 2426-njy madda)
(Türkmenistanyň Prezidentiniň 23.08.2016 ý. №14938 karary esasynda girizilen üýtgetmelr bilen alyndy)
«Tebigaty goramak hakyndaky» we «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» we «Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagy, ekologiýa howpsuzlygyny, Türkmenistanyň çäklerinde daşky gurşawy we üçünji taraplaryň ömrüni, saglygyny, emlägini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:
1. 2013-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, Türkmenistanda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, işiň ekologiýa taýdan howply görnüşlerini amala aşyrýan edaralar, kärhanalar, guramalar (Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän edaralar muňa girmeýär), şol sanda daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary, olaryň şahamçalary, wekillikleri, şeýle hem edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplar üçin (mundan beýläk - şahsy we edara görnüşli taraplar) hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasyny girizmeli.
Şahsy we edara görnüşli taraplar 2013-nji ýyl üçin hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyryş şertnamalaryny 2013-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli baglaşmaly.
2. Hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasyny amala aşyrmagy Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň üstüne ýüklemeli.
3. Hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnamany;
Hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan howply işiň görnüşleriniň we desgalaryň sanawyny tassyklamaly (goşulýar).
4. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti şahsy we edara görnüşli taraplaryň hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmagyna gözegçilik etmeli.
5. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen ylalaşyp:
Hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça özara hasaplaşyklaryň Tertibini;
Hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyryş gorlaryny emele getirmegiň we sarp etmegiň Tertibini işläp taýýarlamaly we bellenen tertipde tassyklamaly.
6. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Maliýe ministri D.Sadykow, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministri B.Annabaýramow, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory A.Amanmedowa we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2013-nji ýylyň 08-nji fewralynda
çykaran 12832-nji karary bilen tassyklandy
Hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda
DÜZGÜNNAMA
1. Umumy düzgünler
1. Şu Düzgünnama eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, işiň ekologiýa taýdan howply görnüşlerini amala aşyrýan hem-de hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň (Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän edaralar muňa girmeýär), şol sanda daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplarynyň, olaryň şahamçalarynyň, wekillikleriniň, şeýle hem edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplaryň (mundan beýläk-Ätiýaçlandyrýanlar) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi boýunça hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasy bilen bagly ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
2. Işiň ekologiýa taýdan howply görnüşlerini amala aşyrýan Ätiýaçlandyrýanlar özleriniň üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi boýunça hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasyny amala aşyrmaga borçludyrlar.
3. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy (mundan beýläk - Ätiýaçlandyryjy) Ätiýaçlandyrýanlar bilen hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşýar.
4. Ätiýaçlandyryjy hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça iri töwekgelçilikleri daşary ýurt ätiýaçlandyryş guramalarynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrýar.
5. Şu Düzgünnamada ulanylýan esasy düşünjeler:
daşky gurşawyň heläkçilikli ýagdaýda hapalanmagy – Ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan işiň ekologiýa taýdan howply görnüşleri amala aşyrylan mahaly bolup geçýän, zyýanly maddalaryň atmosfera çykmagyna we (ýa-da) suwa düşmegine, ýeriň üst tarapyndaky zolaklarynda, ýerasty ýataklarda gaty, suwuk ýa-da gaz görnüşli hapalaýjy maddalaryň toplanmagyna ýa-da şol wagt üçin ýol berilýän derejeden geçýän yslaryň, güwwildileriň, sarsgynlaryň, radiasiýanyň ýa-da elektromagnit, temperatura ýa-da beýleki fiziki, himiki, biologiki taýdan zyýanly täsiriň emele gelmegine getiren daşky gurşawyň duýdansyz ýagdaýda seresapsyzlyk bilen hapalanmagy;
hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasy (mundan beýläk - hökmany ätiýaçlandyryş) - daşky gurşawyň heläkçilikli ýagdaýda hapalanmagy netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna, emlägine we (ýa-da) daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetmegi bilen bagly ýüze çykýan borçnamalar boýunça raýat-hukuk jogapkärçiligi ýüze çykan mahaly Ätiýaçlandyrýanlaryň kanuny bähbitlerini emläk taýdan goramak boýunça gatnaşyklaryň jemi;
hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyryş şertnamasy (mundan beýläk - ätiýaçlandyryş şertnamasy) - Ätiýaçlandyryjy bilen Ätiýaçlandyrýanyň arasynda şu Düzgünnama laýyklykda baglaşylýan şertnama;
ätiýaçlandyryş halaty - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;
ätiýaçlandyryş pul möçberi - ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;
ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) - Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde Ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenilýän pul möçberi;
ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi - ätiýaçlandyryş şertnamasyna we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda Ätiýaçlandyryjynyň töleýän pul öwezini dolmasy;
Ätiýaçlandyrýanlar - Ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan, işiň ekologiýa taýdan howply görnüşlerini amala aşyrýan hem-de hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan edaralar, kärhanalar we guramalar (Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän edaralar muňa girmeýär), şol sanda daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary, olaryň şahamçalary, wekillikleri, şeýle hem edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplar;
Ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa- da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek boýunça borçnamany çekýän tarap;
üçünji taraplar - hökmany ätiýaçlandyryşdan gelip çykýan amallara çekilen hem-de ömrüne, saglygyna zelel we (ýa-da) emläk bähbitlerine daşky gurşawyň heläkçilikli ýagdaýda hapalanmagy bilen bagly zyýan ýetirilen, şu Düzgünnama laýyklykda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini alyjy bolup durýan, hukuk gatnaşyklarynyň subýektleri;
ygtyýarly edara - Ätiýaçlandyrýanlaryň ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmagyna gözegçiligi amala aşyrýan edara;
Ätiýaçlandyrýanyň raýat-hukuk jogapkärçiligi - Ätiýaçlandyrýanlaryň ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna, emlägine we (ýa-da) daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen borçlary;
işiň ekologiýa taýdan howply görnüşi - onuň netijesinde heläkçilikli ýagdaýda daşky gurşawyň hapalanmagy bolup geçýän ýa-da bolup geçip biljek Ätiýaçlandyrýanlaryň işi;
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy - ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan resminama.
II. Hökmany ätiýaçlandyryşyň obýekti
6. Daşky gurşawyň heläkçilikli ýagdaýda hapalanmagy bilen bagly üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna, emlägine we (ýa-da) daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen borçlary bilen baglanyşykly bolan, işiň ekologiýa taýdan howply görnüşlerini amala aşyrýan Ätiýaçlandyrýanlaryň raýat-hukuk jogapkärçiligi hökmany ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.
7. Daşky gurşawyň heläkçilikli ýagdaýda hapalanmagy netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna, emlägine we (ýa-da) daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak hökmany ätiýaçlandyryşyň maksady bolup durýar.
8. Şu aşakdakylar hökmany ätiýaçlandyryşyň esasy ýörelgeleri bolup durýar:
ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmagy kepillendirmek;
taraplaryň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek;
daşky gurşawyň heläkçilikli ýagdaýda hapalanmagynyň öňüni almagy ykdysady taýdan höweslendirmek.
IV. Ätiýaçlandyryş şertnamasy we ony baglaşmagyň tertibi
9. Hökmany ätiýaçlandyryş ömrüne, saglygyna, emlägine we (ýa-da) daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirilip bilinjek üçünji taraplaryň peýdasyna Ätiýaçlandyryjy bilen Ätiýaçlandyrýanyň arasynda baglaşylýan şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar.
Işiň ekologiýa taýdan howply görnüşi amala aşyrylýan obýektiň birden köp eýesi bolan mahaly, ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) Ätiýaçlandyrýan hökmünde obýektiň ähli eýelerini hökman görkezip, ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylýar.
10. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen Ätiýaçlandyrýanyň işiň ekologiýa taýdan howply görnüşlerini amala aşyran mahaly üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna, emlägine we (ýa-da) daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirilmegi bilen bagly ýüze çykýan borçnamalar boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek göz öňünde tutulýar.
11. Eger boýun gaçyrmak üçin düýpli esaslar bolmasa Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýan bilen ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmakdan boýun gaçyrmaga haky ýokdur.
12. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak üçin Ätiýaçlandyrýan bellenen görnüşdäki ýazmaça arzany öz adyny, salgysyny, bank maglumatlaryny we telefon belgisini, şeýle hem şu maglumatlary bermelidir:
ekologiýa töwekgelçiliginiň görnüşi baradaky maglumatlary;
pul möçberinde ýyllyk dolanyşygy baradaky maglumatlary;
Ätiýaçlandyrýanyň önümçilik işi hakyndaky maglumatlary (işlemeginiň umumy möhleti, onuň işiniň kysymy, daşky gurşawyň hapalanmak meselesi boýunça geçirilen barlaglar hakyndaky maglumatlary);
daşky gurşaw baradaky maglumatlary - ilatyň sany we gürlügi, meýdançalary peýdalanmagyň häsiýeti (ýaşaýyş jaýy, oba hojalygy, tokaýlar, jemgyýetçilik ulaglary we başgalar üçin), topragyň düzümi, ýerüsti we ýerasty suwlar, tebigy çeşmelerden suw alynýanlygy baradaky maglumatlary;
önümçilik işiniň görnüşi hakyndaky, peýdalanylýan jaýlaryň we materiallaryň görnüşleri, öndürilýän önümler baradaky maglumatlary;
esasy zyňyndylar we galyndylar (olaryň kysymy, möçberi, olary aýyrmagyň usullary, haýsy möhletleriň dowamynda amala aşyrylýandygy), daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçilik etmegiň usullary, ýol berilýän hapalanmagyň kadalaşdyrylyşy baradaky maglumatlar;
gysga wagtlaýyn we uzak möhletli zyňyndylaryň töwekgelçiligine sezewar bolmagyň derejesi, olaryň öňüni almak boýunça görülýän çäreler, olaryň zyýanly netijelerini kadalaşdyrmak hem-de azaltmak üçin mümkinçilikler, zeleliň çak edilýän möçberleri baradaky maglumatlary;
Ätiýaçlandyrýan tarapyndan daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly talaplaryň bozulmagy hakyndaky maglumatlary (hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň ýol berilýän kadalaşdyrylyşynyň bozulmagy).
13. Arza Ätiýaçlandyryjy tarapyndan bellenen görnüşdäki žurnalda bellige alynýar.
14. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak ähtimallygyna baha bermek we üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna, emlägine mümkin bolan zyýan (zelel) ýetirilmeginiň möçberine baha bermek üçin Ätiýaçlandyryjynyň ygtyýarly edarany çekmek bilen, ätiýaçlandyryş obýektiniň (howply obýektiň) seljermesini geçirmäge haky bardyr.
15. Eger ätiýaçlandyrmak borjy öz üstüne ýüklenen Ätiýaçlandyrýan ony amala aşyrmadyk bolsa ýa-da üçünji taraplaryň ýagdaýyny şu Düzgünnama bilen göz öňünde tutulana garanda ýaramazlaşdyrýan şertlerde ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan bolsa, şol tarap ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda talaba laýyk ätiýaçlandyrylan mahaly ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek ýaly şertlerde üçünji taraplaryň öňünde jogapkärçilik çekýär.
16. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja özüne mälim bolan, ätiýaçlandyryşa kabul edilen obýekt barada töwekgelçiligiň derejesini kesgitlemek üçin düýpli ähmiýeti bolan ýagdaýlar hakynda habar bermäge boçludyr. Ätiýaçlandyrýan, Ätiýaçlandyryja töwekgelçiligiň derejesini kesgitlemek maksady bilen ätiýaçlandyrylýan obýekti gözden geçirmäge mümkinçilik bermäge, şeýle hem ätiýaçlandyrylýan obýekt boýunça Ätiýaçlandyryjy tarapyndan berlen ähli sowallara jogap bermäge borçludyr.
17. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýandan öň baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamalary hakyndaky doly maglumatlaryň berilmegini talap etmäge hukugy bardyr, Ätiýaçlandyrýan bolsa soralýan maglumatlary bermäge borçludyr.
18. Ätiýaçlandyryş şertnamasy her ýylyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji dekabry aralygynda bir senenama ýyl üçin baglaşylýar.
1-nji ýanwardan soň döredilen Ätiýaçlandyrýanlar kanunçylyga laýyklykda bellige alnan gününden başlap degişli ýylyň 31-nji dekabry aralygynda ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy), hasaplanan ýyllyk ätiýaçlandyryş gatanjyndan (ätiýaçlandyryş baýragyndan) şu göterimlerde birwagtyň özünde tölenilýär:
1 aý üçin-20%,
2 aý üçin-30%,
3 aý üçin-40%,
4 aý üçin-50%,
5 aý üçin-60%,
6 aý üçin-70%,
7 aý üçin-75%,
8 aý üçin-80%,
9 aý üçin-85%,
10 aý üçin-90%,
11 aý üçin-95%.
Geljek ýyl üçin ätiýaçlandyryş şertnamasy dowam edýän ýylyň 1-nji oktýabryndan 31-nji dekabry aralygyndaky döwürde baglaşylýar.
19. Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana bellenen tertipde resmileşdirilen we gol çekilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny gowşurýar.
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy Ätiýaçlandyryjy tarapyndan bellenen görnüşdäki žurnalda bellige alynýar.
20. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi tölenenden soň ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen möhletiň ahyryna çenli ätiýaçlandyryş şertnamasy, şol şertnamada görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberi bilen tölenen ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň arasyndaky tapawuda barabar pul möçberi doly tölenýänçä öz güýjüni saklap galýar. Eger ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi doly ätiýaçlandyryş pul möçberine barabar möçberde tölenen bolsa, onda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi öz-özünden bes edilýär.
21. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok bolan halatynda Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýanyň arzasy esasynda onuň berilmegi boýunça çykdajylary tölemek borjy bilen onuň öwezligini berýär.
V. Ätiýaçlandyrýanyň hukuklary we borçlary
22. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:
Ätiýaçlandyryjydan hökmany ätiýaçlandyryşyň şertlerini, ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça öz hukuklaryny we borçlaryny düşündirmegi talap etmäge;
daşky gurşawyň heläkçilikli ýagdaýda hapalanmagy netijesinde, üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna, emlägine we (ýa-da) daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberine baha bermek üçin garaşsyz bilermeni çekmäge;
ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberine baha bermegiň netijeleri we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi boýunça Ätiýaçlandyryjy ýa-da garaşsyz bilermen tarapyndan geçirilen hasaplamalar bilen tanyşmaga;
ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boýun gaçyrmak ýa-da onuň möçberini azaltmak barada Ätiýaçlandyryjynyň çözgüdi babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenen tertipde şikaýat etmäge.
23. Ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:
ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bellenen möçberde, tertipde we möhletlerde ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemäge;
ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň ýagdaýy hakynda Ätiýaçlandyryja habar bermäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy hakynda haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman Ätiýaçlandyryja habar bermäge;
daşky gurşawyň heläkçilikli ýagdaýda hapalanan mahaly mümkin bolan ýitgileriň öňüni almak ýa-da olary azaltmak üçin akylly-başly we emele gelen ýagdaýda elýeterli çäreleri, şol sanda emlägi halas etmek hem-de ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy netijesinde ejir çeken üçünji taraplara kömek bermek boýunça çäreleri görmäge;
daşky gurşawyň heläkçilikli ýagdaýda hapalanmagy barada we ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen bagly ejir çeken üçünji taraplar hakynda degişli edaralara (ýangyna garşy göreş gullugyna, tiz lukmançylyk kömegi gullugyna we beýleki degişli edaralara) olaryň ygtyýarlyklaryndan ugur alyp, habar bermäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy üçin jogapkär tarapa regres (gaýdymlaýyn) talabyny bildirmek hukugynyň Ätiýaçlandyryja geçmegini hem-de degişli maglumatlaryň we resminamalaryň berilmegini üpjün etmäge.
24. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda Ätiýaçlandyrýanyň Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän beýleki hukuklary we borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
VI. Ätiýaçlandyryjynyň hukuklary we borçlary
25. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bardyr:
ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly Ätiýaçlandyrýandan şu Düzgünnama laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak üçin zerur bolan maglumatlaryň, şol sanda öňki baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamalary, ätiýaçlandyryş halatlary we ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri hakyndaky maglumatlaryň berilmegini talap etmäge;
degişli döwlet edaralaryndan we guramalaryndan olaryň ygtyýarlyklaryndan ugur alyp ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyny we üçünji taraplara ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberini tassyklaýan resminamalary sorap almaga;
Ätiýaçlandyrýandan bolup geçen ätiýaçlandyryş halatynyň sebäpleri, möçberleri we ýetiren zyýanly netijeleri hakynda daşky gurşawyň hapalanmagynyň töwekgelçiligine baha bermek üçin zerur bolan doly hem-de ygtybarly maglumatlary almaga;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäplerini we beýleki ýagdaýlaryny bellemek üçin daşky gurşawa ýetirilen, zyýana (zelele) üçünji taraplaryň zyýan ýeten (ýok edilen) emlägine baha bermegi geçirmäge;
zerurlyk ýüze çykan mahaly daşky gurşawyň heläkçilik ýagdaýynda hapalanmagy bilen bagly üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna, emlägine we (ýa-da) daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberine baha bermek hem-de ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberini kesgitlemek üçin garaşsyz bilermeni çekmäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna çenli we şondan soň daşky gurşawyň ýagdaýynyň hem-de Ätiýaçlandyrýan tarapyndan amala aşyrylýan işiň ekologiýa taýdan howply görnüşleriniň we desgalaryň ýagdaýynyň barlagyny geçirmäge;
ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkär tarapa regres talabyny bildirmäge.
26. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:
Ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyş etmäge, onuň ätiýaçlandyryş şertnamasyndan ýüze çykýan hukuklaryny we borçlaryny düşündirmäge;
berlen resminamalaryň doly sanawyny we olary kabul etmegiň senesini görkezmek bilen, arza berijä delilhaty bermäge;
ätiýaçlandyryş gatançy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilenden soň, Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny bermäge;
Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da onuň kanuny wekiliniň ýazmaça arzasy boýunça daşky gurşawyň heläkçilikli ýagdaýda hapalanmagy netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna, emlägine we (ýa-da) daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberine baha bermäge, ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberiniň hasaplamasyny görkezmek bilen ätiýaçlandyryş güwänamasyny düzmäge;
ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen tertipde we möhletde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemäge;
ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda zyýanyň (zeleliň) öňüni almak ýa-da ony azaltmak maksady bilen Ätiýaçlandyrýanyň çeken çykdajylarynyň, şeýle hem hapalanan çäkleri arassalamak we ony kadalaşdyryjylara laýyk gelýän ýagdaýa getirmek boýunça çykdajylarynyň öwezini dolmaga;
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok bolan halatynda Ätiýaçlandyrýanyň arzasy esasynda şu Düzgünnamanyň 21-nji bölüminde kesgitlenen şertlere laýyklykda, oňa onuň öwezligini bermäge;
ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boýun gaçyrmak baradaky çözgüt kabul edilen halatynda şol çözgüt kabul edilen gününden başlap üç iş günüň dowamynda boýun gaçyrmagyň sebäpleriniň ýazmaça esasyny Ätiýaçlandyrýana ibermäge.
27. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda Ätiýaçlandyryjynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän beýleki hukuklary we borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
VII. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda üçünji tarapyň hukuklary
28. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda üçünji tarapyň şulara hukugy bardyr:
ömrüne, saglygyna, emlägine we (ýa-da) daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine talap bildirmäge;
Ätiýaçlandyrýanyň işiň ekologiýa taýdan howply görnüşlerini amala aşyrmagy bilen bagly bolup geçen ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy barada Ätiýaçlandyryja habar bermäge;
Ätiýaçlandyrýan bilen bilelikde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin zerur bolan resminamalary toplamaga we olary Ätiýaçlandyryja bermäge;
ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberine baha kesmek üçin garaşsyz bilermeni çekmäge;
ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberine Ätiýaçlandyryjy ýa-da garaşsyz bilermen tarapyndan baha kesmegiň netijeleri we ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň möçberiniň hasaplamalary bilen tanyşmaga;
ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen tertipde we möhletlerde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga;
ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boýun gaçyrmak ýa-da onuň möçberini azaltmak barada Ätiýaçlandyryjynyň çözgüdi babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde şikaýat etmäge;
ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberinde alnan ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden artýan möçberde ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak barada Ätiýaçlandyrýana talap bildirmäge.
VIII. Ätiýaçlandyryş pul möçberi
29. Ätiýaçlandyryş pul möçberi taraplaryň ylalaşmagy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenýär, ýöne şunda ätiýaçlandyryş pul möçberi aşakdakylardan az bolmaly däldir:
üçünji taraplar aradan çykan halatynda ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan senesinde bir adam üçin Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 100 essesi möçberinde bolmalydyr;
üçünji taraplaryň emlägine we (ýa-da) daşky gurşawa zyýan (zelel) ýeten halatynda ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan senesinde Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 4000 essesi möçberinden az bolmaly däldir.
IX. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň öwezi dolunmaýan bölegi (franşiza)
30. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bir böleginiň (franşizanyň) öwezini dolmaýar, ony Ätiýaçlandyrýan töleýär. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň öwezi dolunmaýan bölegi ätiýaçlandyryşyň anyk şertlerine baglydyr we ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 0,1%-den 1,0%-ne çenli möçberde bellenýär. Ol her bir hak isleg (ýa-da her bir ätiýaçlandyryş halaty) boýunça ähli ýitgiler (zeleller) üçin hem, zyýanlaryň (zelelleriň) aýry-aýry görnüşleri üçin hem bellenilip bilner. Şunda hökmany ätiýaçlandyryş pul möçberiniň öwezi dolunmaýan bölegi ulanylýar, şonda ähli halatlarda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberi bilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň öwezi dolunmaýan böleginiň arasyndaky tapawuda barabar möçberde amala aşyrylýar.
X. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)
we ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri
31. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş pul möçberini şu Düzgünnamanyň 32-nji bölümine laýyklykda önümçiligiň görnüşi boýunça ätiýaçlandyryş nyrh möçberine göterimlerde köpeltmek arkaly hasaplanylýar.
32. Ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri önümçiligiň görnüşine baglylykda (pudaklar boýunça) şu aşakdaky görnüşde bölünýär:
nebitgaz senagaty (nebiti we gazy çykarmak, gaýtadan işlemek, saklamak we himiýa, nebithimiýa önümlerini daşamak)-3,0;
howply galyndylary gaýtadan işleýän, daşaýan, gömýän önümçilikler, zil-zibilleri we durmuş galyndylary gaýtadan işlemek, ulanmak-3,0 %;
himiýa we nebithimiýa önümçilikleri (mineral dökünleri we awuly himikatlary saklamak we ulanmak, mikrobiologiýa we biotehnologiýa önümçilikler)-2,8%;
zyýanly maddalar bilen bagly senagat we gurluşyk önümçiligi, metallurgiýa, maşyngurluşyk önümçiligi we magdanlary gazyp almak-2,3%;
energetika senagaty (ýylylyk, gazturbina we suw elektrik stansiýalaryny gurmak we ulanmak-1,8%;
deňiz we söwda menzilleri, gämi gurluşygy we abatlamak, gidrotehniki we lagym suwlaryny arassalaýjy desgalar, süzüji meýdanlary, suwaryş, bugardyjy, biologiki howdanlary ulanmak we dokma senagat önümçilikler-1,0%.
33. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) Ätiýaçlandyrýan tarapyndan karz edaralarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde ýa-da nagt görnüşinde tölenilip bilner. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) bir wagtyň özünde doly möçberde tölenýär.
34. Üç ýyl yzygider we ondan hem köp möhlete ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşan we şol möhletiň dowamynda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almadyk Ätiýaçlandyrýanlaryň indiki möhlete täze ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşylanda hasaplanan ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) ýyllyk möçberinden üç ýyldan soň 10%, dört ýyldan soň 15%, bäş ýyldan we şondan-da köp möhletde 20% indirim almaga hukuklary bardyr.
35. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) geçirmegiň şu möçberlerini bellenýär:
- zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak üçin ätiýaçlandyryş goruny üpjün etmek - 75%;
- daşky gurşawy hapalamagyň öňüni almak boýunça duýduryş çärelerini maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş goruny üpjün etmek - 10%;
- işi alyp barmak boýunça çykdajylar - 15 %.
XI. Ätiýaçlandyryş halaty
36. Daşky gurşawyň heläkçilikli ýagdaýda hapalanmagy netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna, emlägine we (ýa-da) daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak boýunça Ätiýaçlandyrýanyň raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýüze çykmagy ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.
37. Ätiýaçlandyryş halatynyň, şeýle hem şonuň netijesinde ýetirilen zyýanyň (zeleleriň) ýüze çykmagyny Ätiýaçlandyrýan subut etmelidir.
38. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi şu Düzgünnamanyň 10-njy bölümini nazara almak bilen, üçünji tarapyň talaplarynyň möçberinden ýa-da kazyýetiň ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak hakyndaky kanuny güýje giren çözgüdinden ugur almak bilen, Ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenilýär.
XII. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini amala aşyrmagyň şertleri
39. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri işlere kazyýet tarapyndan ýa-da kanunçylykda göz öňünde tutulan beýleki tertipde garalmagy netijesinde kesgitlenilýän möhletlerde we bellenen görnüşdäki Ätiýaçlandyrýanyň arzasy we Ätiýaçlandyryjy tarapyndan kanunçylykda göz öňünde tutulan möçberlerde düzülýän ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky bellenen görnüşdäki güwänama esasynda tölenilýär.
40. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi hakyndaky arza şu resminamalar goşulýar:
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;
ygtyýarly edara tarapyndan bellenen tertipde döredilýän ygtyýarly toparyň ýetirilen zyýanyň (zeleliň) sebäpleri, möçberi hem-de heläkçilikli ýagdaýda daşky gurşawyň hapalanmagyna getiren ätiýaçlandyryş halatynyň ýetiren zyýanly netijeleri hakyndaky güwänamasy;
şikes alnan mahaly - bejeriş edarasynyň saglyk delilhaty ýa-da maýyplyk bellenen halatynda hemaýata mätäçligi anyklaýyş toparynyň delilnamasynyň kepillendiriş edara tarapyndan tassyklanan göçürme nusgasy;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy netijesinde üçünji tarap aradan çykan ýagdaýynda - aradan çykandygy hakyndaky şahadatnamanyň kepillendiriş edara tarapyndan tassyklanan göçürme nusgasy, üçünji tarapyň mirasdüşerleriniň hakyndaky şahadatnamasy;
ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda zyýanyň (zeleliň) öňüni almak ýa-da ony azaltmak maksady bilen Ätiýaçlandyrýanyň çeken çykdajylaryny tassyklaýan resminamalar;
41. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi daşky gurşawyň heläkçilikli ýagdaýda hapalanmagy bilen bagly üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna, emlägine we (ýa-da) daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) (hakyky zyýanyň (zeleliň)) möçberinden ýokary geçip bilmez.
42. Üçünji tarapyň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine ýetirilen zyýan (zeleliň) üçin ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan durmuş üpjünçiligi boýunça, şeýle hem ätiýaçlandyrmagyň beýleki görnüşleri boýunça hasaplanylýan pul möçberlerine garamazdan amala aşyrylýar.
43. Üçünji tarapyň ýazmaça arzasy ýa-da kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan ynanç haty boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi daşky gurşawyň heläkçilikli ýagdaýda hapalanmagy bilen bagly saglyga we (ýa-da) emläge ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak boýunça gönüden-göni oňa hyzmatlary eden (ýerine ýetiren) tarapa amala aşyrylyp bilner.
XIII. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini amala aşyrmagyň tertibi
44. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan şu Düzgünnamanyň XII babynda göz öňünde tutulan resminamalary alan gününden başlap otuz senenama gününiň dowamynda amala aşyrylýar.
45. Daşky gurşawyň heläkçilikli ýagdaýda hapalanmagy bilen bagly üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna ýetirilen, beden taýdan şikes ýetmegi bilen baglanyşykly bolan zyýan (zelel) üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi “Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini dolş tölegini) kesgitlemegiň Tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine we saglygy goraýyş edarasynyň delilhatyna laýyklykda ýetirilen şikesiň derejesine baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberinden ugur alnyp tölenilýär.
(Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2020-nji ýylyň 01-nji aprelinde çykaran 1732-nji karary bilen üýtgemeler we goşmaçalar girizildi)
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan birnäçe adam aradan çykan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberi olaryň her biri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 100 essesi möçberinde tölenilýär.
Eger ätiýaçlandyryş halaty ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilenden köp adamyň aradan çykmagyna getiren bolsa, şonda umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi olaryň her birine paýlanýar.
Eger ätiýaçlandyryş halaty birnäçe adamyň maýyp bolmagyna ýa-da saglygyna başga hili zeper ýetmegine getirse, şonda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi bedene zeper ýetmeginiň derejesine baglylykda, olaryň her birine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 100 esse möçberiniň çäklerinde geçirilýär.
46. Maýyplyk bellenen halatynda ejir çekene ätiýaçlandyryş pul möçberi şu möçberlerde tölenilýär:
maýyplygyň I toparyna - Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 80 essesi;
maýyplygyň II toparyna - Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 60 essesi;
maýyplygyň III toparyna - Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 40 essesi.
47. Öň ätiýaçlandyryş pul möçberini alan üçünji tarapyň ätiýaçlandyryş möhleti tamamlanmaka saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy (maýyplyk ýa-da saglyk derejesiniň agyrlygy boýunça maýyplygyň beýleki derejesine geçirilende) ýa-da ol aradan çykan halatynda Ätiýaçlandyryjy degişli resminamalaryň esasynda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň gaýtadan hasaplamasyny geçirmäge borçludyr. Şunda öň tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberleri soňky hasaplanan möçbere goşulýar.
XIV. Zyýan (zelel) ýetiren tarapa regres (gaýdymlaýyn)
talabyny bildirmek hukugy
48. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini amala aşyran Ätiýaçlandyryjynyň aşakda görkezilen halatlarda, amala aşyrylan ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň çäklerinde Ätiýaçlandyrýana regres talabyny bildirmäge hukugy bardyr:
ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly bolan Ätiýaçlandyrýanyň bilkastlaýyn jenaýatlar ýa-da administratiw hukuk tertibiniň bozulmagy bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde hereketleri etmegi;
Ätiýaçlandyrýan tarapyndan Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş obýekti, ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi, ätiýaçlandyryş halaty we onuň ýetiren zyýanly netijeleri hakynda bilkastlaýyn galp maglumatlaryň berilmegi;
Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy üçin jogapkär tarapa özüniň talap bildirmek hukugyndan boýun gaçyrmagy, şeýle hem Ätiýaçlandyryja talap bildirmek hukugyny geçirmek üçin zerur bolan resminamalary bermekden boýun gaçyrmagy.
49. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini amala aşyran Ätiýaçlandyryja özüniň tölän pul möçberiniň çäklerinde, ätiýaçlandyryşyň netijesinde Ätiýaçlandyryjy tarapyndan öwezi dolunan zyýan (zelel) üçin jogapkär tarapa Ätiýaçlandyrýanda bar bolan regres talabyny bildirmek hukugy geçýär.
XV. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden boýun gaçyrylmagy
50. Eger ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:
1) üçünji taraplaryň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Bu kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;
2) üçünji taraplar bilkastlaýyn jenaýat edip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;
3) üçünji taraplar hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;
4) Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, ýagdaýlaryň gizlenmegi bilen ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy sebäpli bagly bolsa.
51. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy hakynda habardar edilmezligi ýa-da wagtynda habardar edilmezligi, eger munuň özi Ätiýaçlandyrýanyň erkine bagly bolmadyk sebäpler bilen şertlenen we bu halaty tassyklaýan degişli resminamalar berlen bolsa, ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden boýun gaçyrmak üçin esas bolup bilmez.
XVI. Halkara şertnamalary
52. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Düzgünnamada bellenen kadalardan başgaça bellenen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.
XVII. Jogapkärçilik
53. Şu Düzgünnamanyň kadalarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilige eltýär.
XVIII. Jedellere garamagyň tertibi
54. Hökmany ätiýaçlandyryş boýunça taraplaryň gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedellere Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde garalýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2013-nji ýylyň 08-nji fewralynda
çykaran 12832-nji karary bilen tassyklandy
Hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasyna degişli
bolan howply işiň görnüşleriniň we desgalaryň
SANAWY
Nebiti we gazy çykarmak;
Nebiti we gazy gaýtadan işlemek;
Himiýa we nebithimiýa önümçilikleri;
Nebit önümleriniň saklanýan ammarlary (nebit bazalary, terminallar, ýangyç guýujy beketler);
Nebithimiýa we himiýa önümlerini, nebiti we gazy daşamak üçin esasy (magistral) turbageçirijileri hem-de gaz gysyjy beketleri gurmak we ulanmak, ulaglaryň ähli görnüşleri bilen suwuklandyrylan gazy daşamak;
Ýylylyk, gazturbina we suw elektrik stansiýalaryny gurmak we ulanmak;
Metallurgiýa, maşyngurluşyk önümçiligi;
Magdanlary (demir, ýarym metallar, gurşun, fosforitler, apatitler, gymmat bahaly metallar, dag magdanlary) gazyp almak;
Zyýanly maddalar bilen baglanyşykly senagat we gurluşyk önümçiligi (sement, sellýuloza we kagyz, pagtany ilkinji gezek gaýtadan işlemek);
Zyýanly maddalar bilen baglanşykly dokma senagat önümçilikleri (boýag we himiki serişdeler bilen bagly işler);
Deňiz we söwda menzilleri, gämi gurluşygy we abatlamak;
Zir-zibilleri gaýtadan işlemek, galyndylary ýakmak (sterilizasiýa) arkaly aýyrmak, himiki taýdan işlemek;
Howply galyndylary (simap saklaýjy çyralar, öň ulanylan awtoulag tekerleri, akkumulýatorlar, çalgy ýaglary we beýlekiler) gaýtadan işlemek;
Durmuş galyndylarynyň we zäherli, awuly senagat, radioaktiw we radioaktiw däl önümçilikleriniň gömülýän ýerlerini (poligonlar we beýleki ýöriteleşdirilen ýerler) gurmak we ulanmak;
Howply galyndylary, radioaktiw we himiki serişdeleri serhetara daşamak;
Godrotehniki desgalary (iri bentler we howdanlar) gurmak we ulanmak;
Mikrobiologiýa we biotehnologiýa önümçiligi;
Süzüji meýdanlary, suwaryş, bugardyjy, biologiki howdanlary ulanmak;
Lagym suwlaryny arassalaýjy desgalary ulanmak (ilaty 50 000 adamdan köp bolan ilatly ýerler üçin);
Mineral dökünleriň we awuly himikatlaryň saklanýan ýöriteleşdirilen uly ammarlaryny ulanmak.