Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy

05.03.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 2021-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda çykaran 394-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan we Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň 2021-nji ýylyň 18-nji dekabrynda 1539 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alynan “Esasy serişdelere hasaplanylýan ulanyş tutumlarynyň aňryçäk möçberini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 10-njy fewralyndaky 12053-nji karary bilen tassyklanan, esasy serişdeleriň toparlara bölünen görnüşlerine hasaplanýan ulanyş tutumlarynyň aňryçäk möçberinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 11-nji noýabrynda çykaran 14993-nji karary bilen tassyklanan Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça fiziki we ýuridik taraplaryň ulanyş möhleti 10 ýyl bolmadyk awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň ählisi bilen ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylýandygyny habar berýär.

Ätiýaçlandyryşyň usulyýeti we ätiýaçlandyryş amallary bölümi