+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Maglumat

Gysgaça ätiýaçlandyryş barada

Ätiýaçlandyryş – bu ätiýaçlandyryş halaty diýlip atlandyrylýan anyk ýagdaý ýüze çykanda fiziki we ýuridiki şahslaryň emläk bähbitleriniň goragydyr. Ýagny ätiýaçlandyryş – bu azyndan iki tarapyň gatnaşýan ykdysady gatnaşygydyr.

Bir tarapy – Ätiýaçlandyryjy diýlip atlandyrylýan ätiýaçlandyryş guramasydyr. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertlerini işläp taýýarlaýar (hususan-da, ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýanyň ýitgisiniň öwezini dolmaga borçlanýar) we olary öz müşderlerine – ýuridiki şahslara (kärhanalara, guramalara, edaralara) we fiziki şahslara (raýatlara) hödürleýär.

Ätiýaçlandyryş ykdysady gatnaşygyň beýleki tarapy – Ätiýaçlandyrýan diýlip atlandyrylýan hususy we döwlet kärhanalary, guramalary ýa-da aýratyn alnan raýatlar bolup durýarlar. Ýagny ol ýa-da başga bir töwekgelçilikden özüni howpsuzlandyrmak isleýän adamlardyr. Ätiýaçlandyryş guramasy bilen ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan ýuridiki şahslar we işe ukyply fiziki şahslar ätiýaçlandyrýan diýlip ykrar edilýär, çünki ol kanuny güýje girende (mysal üçin, haçan-da, uçara bilet satyn alanyňyzda siz eýýäm anyk pul möçberinde ätiýaçlandyrylan bolup durýarsyňyz) Ätiýaçlandyrýan hasap edilýär.

Eger-de Ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertleri kanagatlandyrýan bolsa, onda iki tarap hem ätiýaçlandyryş şertnamasyna (polis) gol çekýär we Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda bir gezekde ýa-da ylalaşylan möhletiň dowamynda ätiýaçlandyryş baýragyny (tölegler, gatançlar) töleýär.

Ätiýaçlandyryş halaty (tebigy betbagtçylyklar, adam ýykylyp, şikest alanda we ş.m.) ýüze çykan ýagdaýynda we şonuň netijesinde Ätiýaçlandyrýan zelel (ykdysady ýa-da saglyk ýagdaýyna) görende Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerine laýyklykda Ätiýaçlandyrýana öwezini doluş töleglerini töleýär we ýitginiň öwezini dolýar.

Ýöne bu meseleden gowy baş çykarmak üçin ätiýaçlandyryş hakyndaky esasy düşünjeleri gowy özleşdirmeli. Siz olary biziň saýtymyzdan tapyp, olar bilen tanşyp bilersiňiz ýa-da biziň ätiýaçlandyryş guramamyza ýüz tutmagyňyz ýeterlik.

Ätiýaçlandyryşyň taryhyndan

Ätiýaçlandyryşyň nämedigini biziň hemmämiz gowy bilýäris. Ýöne onuň haçan dörändigi baradaky soraga welin, her kim jogap berip bilmez. Zamanabap görünýändigine garamazdan, ätiýaçlandyryş gullugy gadym döwürlerde hem bolupdyr we ol beýleki islendik maliýe guraly hökmünde döwür bilen birdeň ösüpdir we kämilleşipdir.

Ätiýaçlandyryşyň haçan ýüze çykandygynyň anyk wagtyny aýtmak mümkin däldir, çünki ol gaty irki döwürler hem bar eken. Ýöne ol döwürlerde ätiýaçlandyryşyň esasynda hemmeleşip birek-biregi goldamak düşünjesi ýanandyr. Ätiýaçlandyryşyň iň gadymy görnüşi emlägiň ätiýaçlandyrylyşydyr. Baryp şol döwürlerde ätiýaçlandyryşyň esasyny düzýän: ätiýaçlandyryş – bu dürli görnüşli töwekgelçiliklerden goranmak usulydyr, baýamak usuly däldir diýen garaýyş ornapdyr.

Angliýada deňiz ätiýaçlandyryşyň taryhy ünsi aýratyn özüne çekýär. Onuň ösmeginde “Iňlis Lloýd” ady bilen meşhur bolan özboluşly bir gurama uly rol oýnapdyr. Ol gurama häzirki döwre çenli ätiýaçlandyryjylaryň we ätiýaçlandyryş dellallarynyň iri korporasiýasy hökmünde tanalýar. “Lloýdyň” döreýiş taryhy hem diýseň özboluşlydyr. Deňiz söwdasynyň merkeziniň Italiýadan Londana geçmegi bilen lombardly täjirler demirgazyk paýtagta olar üçin endik bolan deňiz we söwda şertnamalaryny köçe garbanyşhanalarynda baglaşmak dessuryny hem alyp gelýärler. Eduard Lloýd diýen birine degişli bolan şeýle garbanyşhanalaryň biri Londonda Tauera diýen ýere golaý ýerleşipdir, oňa, esasan hem, deňizçiler gelipdirler. Lloýd 1696-njy ýylda garbanyşhana gelýänlerden alan maglumatlaryndan peýdalanyp, “Lloýdyň täzelikleri” ady bilen hepdede üç gezek ýörite gazet çykaryp başlapdyr. Onda deňiz gämileriň haýsysynyň gelýändigi we gidýändigi hakyndaky maglumatlar, kolonial harytlaryň bahalary, ätiýaçlandyryş goýumlaryna baha kesmek we deňizçiler hem-de ätiýaçlandyryjylar üçin peýdaly bolan beýleki maglumatlar ýerleşdirilipdir. “Lloýd’s List” ady bilen şol neşir 1734-nji ýyldan şu güne çenli her gün çap edilip gelinýär.

Wagtyň geçmegi bilen şeýle garbanyşhanalar özboluşly gurama birleşip, olaryň her biri belli bir möçberdäki pula jogapkärçilik çekýändigi görkezilen polise gol çekmek bilen deňiz töwekgelçiliginiň öwezini dolmaga bilelikde gatnaşyp başlapdyrlar.  Lloýdyň aradan çykmagy bilen bu gurama Ýuluis Angerşteýn ýolbaşçylyk edipdir, ol häzirki “Lloýdyň” we  “Lloýdyň kakasy” ady bilen meşhur  kompaniýalaryň hakyky esaslandyryjysy boldy.

Ätiýaçlandyryşyň iňlis şertleri soňra dünýäniň beýleki ätiýaçlandyryş kompaniýalary tarapyndan işlenilip taýýarlanan düzgünlere esas edilip alyndy.

Şeýlelikde, Ätiýaçlandyryş anyk ýagdaý (ätiýaçlandyryş halaty) ýüze çykanda fiziki we ýuridiki şahslaryň emläk bähbitlerini olaryň özleriniň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryndan (ätiýaçlandyryş baýragyndan) emele gelen pul gaznalarynyň hasabyna  goramak boýunça gatnaşygy göz öňünde tutýar.

Ätiýaçlandyryş – bu maddy bähbitleri goramagyň ulgamydyr. Maddy bähbitler olaryň bolmagyna howp ähtimallygy bilen baglanyşykda goraglylygy talap edýär. Ol (howp) aýratyn alnan maddy bähbit eýesi üçin uly bolmasa-da, uly sanlar boýunça umumylykda alanyňda ýeterlik hakykatdyr. Şu ýerdenem maddy töwekgelçilikleriň ätiýaçlygynyň hökmanylygy gelip çykýar. Şonuň bilen baglanyşykda hem maliýe bazarynda mydama bolmagy gerek bolan ätiýaçlandyryş onüm düşünjesi ýüze çykýar. Her bir ätiýaçlandyryş önüm anyk alnan ätiýaçlandyryş obýektine (näme ätiýaçlandyrylýan bolsa) laýyk gelýän bolmak bilen, ätiýaçlandyryş amala aşyrylýan halatlary göz öňünde tutup, ätiýaçlandyryşyň sebäplerini (ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi), onuň gymmatyny (ätiýaçlandyryş pul möçberi), bahasyny (ätiýaçlandyryş nyrhy), pul geçirişiň şertlerini (ätiýaçlandyryş boýunça hasaplar) kesgitleýär. Ätiýaçlandyryş şertnamasy diýlip atlandyrylýan resminama ätiýaçlandyryş önümiň şahadatnamasy (sertifikaty) bolup hyzmat edýär. Ätiýaçlandyryş şertmanasy hemişe ätiýaçlandyryşa gatnaşyjylara tutaryk we olara niýetlenen, şertleşigiň esasy san parametrlerini özünde saklaýan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş önümiň alnyp-satylyşy) baglaşylandygy hakyndaky maglumaty tassyklamak bilen, ol ýuridiki resminama hasap edilýär.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy – ol ätiýaçlandyryş onüminiň alnyp-satylyşy baradaky şertnamadyr.

Hormatly müşderiler!

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy Sizi ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmaga çagyrýar.