+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Hormatly raýatlar we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary!

 Hormatly raýatlar we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary!

 Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyryş polislary resmileşdirmegiňizi Size ýatladýarys.

Häzirki wagtda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 11-nji noýabrynda çykaran 14993 belgili Karary bilen «Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň» şertleri halkara standartlaryna laýyk getirildi.

Awtomobil ulag serişdesiniň eýesi (gatnadyjy) Türkmenistanyň çäklerinde ulanylýan ähli awtomobil ulag serişdeleri boýunça öz rayat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmaga borçludyr. Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleri (gatnadyjylar) diýilende awtomobil ulag serişdelerini özlerine degişli bolan eýeçilik hukugy, hojalygy ýöretmek hukugy, operatiw dolandyryş hukugy boýunça ýa bolmasa beýleki esaslar boýunça ulanýan edara görnüşli taraplar we şahsy adamlar göz öňünde tutulýar. Hökmany ätiýaçlandyrmasynyň maksady ýol-ulag hadysalary wagtynda ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýol – ulag hadysasy netijesinde ejir çeken, hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça tarap bolup durmaýan, şeýle hem zyýanyň ýetirilmegi netijesinde döreýän borçnamalar hakynda Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda kazyýet tarapyndan üçünji taraplar diýilip ykrar edilen ähli edara görnüşli taraplar we şahsy adamlar, olaryň mirasdarlary (hukuk orun tutarlary) üçünji taraplar diýlip ykrar edilýär.

Awtomobil ulag serişdeleri diýlip Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy we awtomobil ulag serişdelerini bellige almagy amala aşyrýan beýleki döwlet edaralar tarapyndan bellige we hasaba alynmaga degişli bolan awtomobil ulaglara (relssiz, ýerüsti, maşyn kysymly dwigatelli awtomobil ulag serişdeleri), tirkeglere we motosikllere düşünilýär.

Awtomobil ulag serişdesiniň eýesi (gatnadyjy) özüniň üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmasa, awtomobil ulag serişdesiniň ulanylmagyna ýol berilmeýär. Awtomobil ulag serişdesiniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän edaralar we umumylykda peýdalanylýan ulaglaryň hyzmatlary üçin nyrhlar döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän kärhanalar we amortizasiýa möhleti geçen awtomobil ulag serişdeleri degişli däldir. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir senenama ýyla, ýagny 1-nji ýanwardan 31-nji dekabra çenli möhlete, 1-nji ýanwardan soň Türkmenistanyň çägine täze getirilen awtomobil ulag serişdeleri barada bolsa, olar satyn alnan pursatdan başlap degişli ýylyň 31-nji dekabryna çenli möhlete baglaşylýar.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly jogapkärçilik möçberiniň 10 göterimi möçberinde franşiza bellenilýär. Şunda, Ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçýän zyýan üçin jogapkärçilik çekýär.

Ýol-ulag hadysasy üçünji adamlaryň ölmegine, maýyp bolmagyna ýa-da olaryň saglygyna başga bir görnüşde şikes ýetmegine, şeýle hem olaryň emläginiň zaýalanmagyna ýa bolmasa ýok edilmegine elten halatynda Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini töleýär.

Kazyýetiň Ätiýaçlandyrýanyň jogapkärçiligini belleýän çözgüdi güýje girenden ýa-da Ätiýaçlandyrýanyň üçünji tarapyň öňündäki jogapkärçiligini Ätiýaçlandyryjy bilen deslapdan ylalaşyp boýun alandan soň, hökmany ätiýaçlandyrmasynyň şertleri bilen göz öňünde tutulan ähli gerekli resminamalar toplanandan soň, 7 (ýedi) bank gününden gijä galman ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri tölenilýär.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy Sizi ätiýaçlandyryş polisini resmileşdirmäge çagyrýar!