+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Hormatly ene-atalar!

 Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy Siziň okuwçy çagalaryňyzy betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak üçin çagyrýar

 Mekdep okuwçylary — ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda ömrüne we saglygyna howpsuzlyk babatda iň bir mähnete ýakyny bolup durýar. Hut mekdep ýaşyndaky çagalar beýlekilere garanyňyzda mekdepde we onuň daşynda  özlerine dürli hili şikes algyç bolýarlar.

Şol sebäpli, Sizi çagalaryň öňünden aladasyny etmek bilen ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagyna çagyrýarys.  Çagalar üçin ätiýaçlandyryş şertnamasy olaryň şikes almagyna sebäp bolup biljek dürli hili betbagtçylykly hadysalardan Sizi ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýär, ýaramaz ýagdaýlar ýüze çykanda olaryň saglygyny dikeltmek boýunça çykdajylaryňyzyň öwezini dolup berýär. Şonuň üçin ätiýaçlandyryş şertnamasyny almaga Howlugyň! Ol Siziň bähbidiňizi gorar.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy Siziň dil we erkin hat üsti bilen ýüz tutmagyňyz esasynda baglaşylýar. Ýöne ätiýaçlandyryş şertnamany baglaşmak üçin arzany islendik wagta tabşyryp bilersiňiz.

Başlanan okuw ýyly üçin ätiýaçlandyryş şertnamsynyň baglaşylmagy 1-nji sentýabrdan 30-njy noýabra çenli dowam edýär.

            Baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen pul möçberiniň çäklerinde Ätýaçlandyrylan okuwçynyň betbagtçylykly hadysalar netijesinde şikest almagy, zäherli ösümliklerden, himiki maddalardan (senagat ýa-da durmuş), hili pes önümlerden (iýmit toksikoinfeksiýasyndan, salmonellezden, dizenteriýadan ş.m.den başga), dermanlardan tötänleýin ýiti zäherlenmegi, elektrik togy arkaly (atmosfera elektrigi bilen) zeper ýetmeginiň, ýylanyň ýa-da beýleki awuly mör-möjekleriň çakmagynyň, bürmek keseli, botulizm, sakyrtga ýa-da sanjymdan soňky ensefalit (ensefalomielit), poliomiýelit, gematogen osteomiýelit bilen kesellemegi, tötänlikde süňkleriň döwülmegi ýa-da olaryň ýerinden çykmagynyň, şikesiň ýetmegi netijesinde dişleriň gaçmagynyň, ýangyn bilen baglanyşykly hadysalara uçramagynyň, kesellemeginiň öwezini dolunýar.

Taraplaryň özara ylalaşygy esasynda ätiýaçlandyryş pul möçberi aşakdaky  görnüşlerde bellenilýär:

T/b

Ätiýaçlandyryş pul möçberi (manat)

Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) bir ýyl üçin (manat)

1

250-00

0-50

2

500-00

1-00

3

1 000-00

2-00

4

1 500 00

3-00

5

2 000-00

4-00

6

2 500-00

5-00

7

3 000-00

6-00

8

3 500-00

7-00

9

4 000-00

8-00

10

4 500-00

9-00

11

5 000-00

10-00