+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Iri töwekgelçilikleri ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň düzüminde iri töwekgelçilikleri ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş bölümi hereket edýär, bu bölümiň işi iri töwekgelçilikleri ygtybarly ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmeklige gönükdirlendir. Şol maksat üçin iň ýokary mümkinçilikleri ulanmak bilen iri daşary ýurt ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Iri töwekgelçilikleri ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş bölümiň esasy maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetine gönükdirilýän ýerli we daşary ýurt maýa goýumlaryny ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek, şeýle hem ätiýaçlandyryşa bolan islegleri doly kanagatlandyrmak bolup durýar.

Iri töwekgelçilikleri ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş bölümi iri maýa goýum taslamalaryny Türkmenistanyň “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Kanunynyň we “Önümi paýlaşmak hakynda” Ylalaşygyň şertleriniň talaplaryna laýyklykda Türkmenistanyň çäginde öz işlerini alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynyň desgalaryny ätiýaçlandyrmak işlerini amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy nebit-gaz pudagynda iş alyp barýan, durmuş ähmiýetli gurluşyk desgalaryny alyp barýan, howa uçarlarynyň, suw ulag serişdeleriniň we beýleki emlägini ätiýaçlandyrmakda we şahsy bähbidini goramakda ýokary halkara derejesinde ätiýaçlandyryş bazarynyň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen öz müşderlerine ätiýaçlandyryş hyzmatyny hödürleýär.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy bütin dünýä tejribesini hasaba almak bilen, emlägi we beýleki töwekgelçilikleri ätiýaçlandyrmakda we gaýtadan ätiýaçlandyrmakda ykdysady taýdan ýokary reýtinge eýe bolan  öňdebaryjy halkara ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny ýokary derejede hödürlemek üçin Biziň ätiýaçlandyryş guramalarmyzyň hünärmenlerine bütindünýä ätiýaçlandyryş tejribesini öwretmek üçin daşary ýurt ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň we ätiýaçlandyryş delallarynyň Ätiýaçlandyryjy-hünärmenlerini çekmek bilen yzygiderli seminarlar geçirilýär we daşary ýurtlarda okuwlar gurnalýar.

Hormatly müşderiler. Hormatly kompaniýalaryň we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri!

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy Size işleriňizde üstünlik arzuw edýär we Türkmenistana maýa goýum goýýan maýa goýumçylaryň bähbitlerini ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda töwekgelçilikleriň hemme görnüşinden goramaga taýýardyr. Ätiýaçlandyryşyň islendik görnüşleri boýunça giňişleýin maglumaty Siz şu saýtdan ýa-da bölümden alyp bilersiňiz.