+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Ätiýaçlandyryş-bähbitli hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda ätiýaçlandyryş işi hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Ätiýaçlandyryşyň hut özi ätiýaçlandyrýanlary maliýe we durmuş babatynda düýpli özgermelerden, dürli tebigy hadysalardan we betbagtçylyklardan, ekologiki taýdan zyýanly önümçiliklerden goramaga ukyply serişdeleriň birine öwrülýär.

Ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaklygyň, girdejileriň durnuklylygyny üpjün etmekligiň netijeli guraly hökmünde ätiýaçlandyryşa bolan isleg gün-günden artýar. Döwlet bazar gatnaşyklarynyň töwekgelçilikli häsiýetini, kuwwatly ätiýaçlandyryjyny   gözden geçirýär, şol  sanda, adamlary gyzyklandyrýan ätiýaçlandyryş işiniň özleşdirilmegine we ösmegine ýardam berýär, täze ätiýaçlandyryş şertleriniň we önümleriniň emele getirilmegine höwes döredýär.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy emläk, şahsy, jogapkärçiligi ätiýaçlandyrmak işlerini amala aşyrmak bilen, ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmek barada kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, ätiýaçlandyryşyň ähli görnüşleri boýunça ulanylýan nyrh möçberleriniň seljerilişini ýola goýýar, ätiýaçlandyryşyň täze görnüşleriniň düzgünnamalaryny, usulyýet görkezmelerini döwrebaplaşdyrmak üçin ony täzeden işläp gözden geçir‎ýär, ätiýaçlandyryşy mahabatlandyrmak babatda mahabatlandyryş önümini  taýýarlaýar.

Häzirki wagtda Diýarymyzda Aziada uly taýýarlyk görülmegi gaýragoýulmasyz çäreleriň biridir. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlary alysdaky döwletleri ýakynlaşdyrýar, adamlary dostlaşdyrýar. Diýmek, Aziadanyň geçirilmegi ýurdumyzyň syýasaty, medeniýeti, hatda ykdysadyýeti bilen hem aýrylmaz baglanyşykdadyr.

Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda gözel paýtagtymyzda ýokary derejede geçiriljek Aziadanyň başlanjak günleri barha golaýlaşýar. Munuň şeýledigine guramamyzyň ätiýaçlandyryşyň “Köpçülikleýin çäreleri guramaçylaryň jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadasyny”, “Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadasyny”, “Türgenleri, tälimçileri we sport eminlerini betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden meýletin ätiýaçlandyryş Kadasyny”  ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolmak üçin hödürleýändigi şaýatlyk edýär.

Ätiýaçlandyryşyň hereket edýän düzgünleri elmydama kämilleşdirilýär we ätiýaçlandyryşyň täze önümleri işlenip düzülýär, ätiýaçlandyryşyň önümleriniň gymmatynyň elýeterli bolmagy üçin degişli çäreler amala aşyrylýar.