+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde çykaran 1190-njy Karary bilen “Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibi” tassyklanyldy.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýan ätiýaçlandyryşyň hökmany, şeýle hem, meýletin görnüşleriniň şahsy ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly alan şikesiniň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Tertibe goşulýan Ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tablisasynyň esasynda kesgitlenilýär we tölenilýär.