+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Şahsy bähbidi (raýatlaryň ömrüni we saglygyny) toplanyş ätiýaçlandyryşy şahsy we toplanyş ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir. Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömri, saglygy we ätiýaçlandyryş möhletiniň tamamlanmagy we möhletiň ahyryna çenli ýaşamak bilen bagly bolan şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň şahadatnamasynyň hereket edýän döwründe betbagtçylykly hadysanyň netijesinde ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaýlardan we harajatlardan gorar şeýle hem ätiýaçlandyryş möhletiniň tamamlanmagy bilen, Size şertnamada göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) töleniler.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

  • ätiýaçlandyryş möhletiniň tamamlanmagy (möhletiň ahyryna çenli ýaşamak);

  • betbagtçylykly hadysanyň netijesinde şikes almagy.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin näme etmeli?

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza bermeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenmegi hakyndaky arza;

  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;

  • eger ätiýaçlandyryş gatançlary nagt pul serişdesinde tölenen bolsa soňky ätiýaçlandyryş gatançlarynyň tölenendigi hakyndaky töleg haty;

  • saglygy goraýyş edaranyň delilnamasy (betbagtçylykly hadysa ýüze çykanda).

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: