+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Şahsy taraplaryň emlägini ýangyndan we beýleki howplardan ätiýaçlandyryşy emläk ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir. Şahsy taraplaryň eýeçiligine degişli jaýlar, öýler we öý goşlary ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

Eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasynda aýratyn şertleşilende we goşmaça ätiýaçlandyryş gatançlary tölenende, emlägiň sanawyny düzmek bilen, aşakdaky emläkler ätiýaçlandyryşa kabul edilip bilner:

gymmat bahaly metallardan ýa-da gymmat bahaly daşlardan ýasalan önümler, şaýlyklar, çekme suratlar, heýkeller we beýleki sungat eserleri.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

ýangyndan, ýyldyrym urmagyndan, gazyň partlamagyndan, tebigy betbagtçylyklardan, suwdan zeper ýetmeginden, döwlüp ogurlyk edilmegiden we talanmagyndan, şeýle hem radio-teleenjamlaryň, wideoenjamlaryň, surat-kinoenjamlaryň, saz merkezleriň, howa sowadyjylaryň we durmuş tehnikasynyň köýmeginden.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin näme etmeli?

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza bermeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenmegi hakyndaky arza;

  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;

  • degişli edaralaryň düzen hasaplamasy;

  • emlägiň sanawy.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: