+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Karz alyjylaryň karzlaryň üzülmändigi üçin jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryşy jogapkärçilik ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir. Karz alyjylaryň karz şertnamasynyň şertlerine görä karz beren karz edarasynyň öňündäki karzyny öz wagtynda we doly üzmeginiň jogapkärçiligi ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň şahadatnamasy Sizi karz şertnamasynda göz öňünde tutulan möhletde karzyňyzy üzüp bilmedik ýagdaýňyzda maliýe taýdan gorar.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

Ätiýaçlandyrýan tarapyndan karz edarasynyň beren karzyny öz wagtynda we doly üzülmändiginden.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin näme etmeli?

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza bermeli:

  • ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmaga ygtyýarly wekil baradaky maglumaty;

  • kärhananyň esaslandyryş resminamalary we balansy;

  • karz şertnamasynyň nusgasy;

  • karz almaklyga mümkinçiligini, ýagny karz alnan serişdäniň maddy üpjünçiligini tassyklaýan resminamalary;

  • girew şertnamasynyň nusgasy.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

haýal etmän ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenmegi hakyndaky arza;

  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;

  • ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky ykrarhaty;

  • ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny tassyklaýan beýleki resminamalar.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: