+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Ýolagçylary we ekipažlaryň agzalarynyätiýaçlandyryşy şahsy görnüşleriň biri bolup durýar, betbagtçylykly hadysa netijesinde ýolagçylaryň we ekipažlaryň agzalarynyň ömri we saglygy bilen baglanyşykly şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň şahadatnamasynyň satyn alynmagy bilen, Siz özüňizi  halkara, şäherara we şäherýaka gatnawlarynda, ekskursiýa, syýahat edilende we gezelenç ugurlarynda we suw giňişliklerinde ulag serişdelerinde ýolagçy ýa-da ekipaž agzalary hökmünde garaşylmadyk ýagdaýlardan we harajatlardan gorarsyňyz.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

Ulag serişdelerinde,şeýle hem oňa münende we/ýa-da ondan düşende.bolup geçenbetbagtçylykly hadysalardan

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin näme etmeli?

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza bermeli;

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

haýal etmän ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galmanýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölenmegi hakyndaky arza;

  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;

  • Ätiýaçlandyrýan ýa-da ulag kärhanasy tarapyndan ulag serişdesinde bolup geçen betbagtçylykly hadysa hakynda düzülen ykrarhatyny;

  • Ätiýaçlandyrylan şahsyň şikes almagy boýunça bejeriş hakynda saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty;

  • Ätiýaçlandyrylan şahs bolup durýandygyny tassyklaýan petek (ýol resminamasy) ýa-da başga bir resminama;

  • ätiýaçlandyryş pul möçberini almaga hukugy bolan şahsyň şahsyýetine güwä geçýän resminama.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: